06:54 Garawulhanadaky gürrüñçilikler -7: Bagdagül | |
7. BAGDAGÜL
Hekaýalar
Ýaňy bir otuz bäş ýaşy arka atandygyna garamazdan, Bagdagül institutyň iň baýry işgärleriniň biri. Sebäbi, institutyň özüniňem ýaşy gaty bir köp däl. O-da oňa ilkinjileriň biri bolup gelen. Okadýan ugry aýdym-saz. Üstesine şol ugruň kafedra müdirem. Göwresi daýaw. Göwüslek. Ýüzi dolmuş. Duluklary ýumryk. Ýaňaklary enar ýaly gülgün öwsüp dur. Eňegi goşa. Burny jaýtyja. Goňrumtyl saçlary gerdenine dökülip dur. Aşak bakyp, az-kemem egilibräk ýörände edil ýer süsýän buldozer gidip barýan ýaly. Şol bolşy bilenem inçejik, uzyn ökjeli köwüş geýýär welin, tä gözden ýitýänça häli ýykylar, şindi ýykylar, ine büdrär, ine düňderiler, diýip, gara janyň galanok. Sähelçe gögüräk görünýän gözleri şakäse ýaly. Şöhlesi ýiti. Edil içiňden geçip barýar. Düýbüne gögümtil-gara reňk çalnan kelte kirpikleriniň uçlary jaýtarylyşypjyk dur. Üstünden elmydama haýsydyr bir gymmat bahaly gül suwunyň ýakymly ysy kökaýar. Ýöne, golaýragyna gelende şol ysyň aňyrsyndan başga bir ysam burnuň ujuny çalajadan sypalap geçýär. Ana, şol ys hasam gowy. Hasam ýakymly. Sebäbi, ol onuň öz ysy. Men onuň adamsynyň golaýda, telim ýyla çeken agyr keselden soň ýogalandygyny, başynyň boşdugyny bilýärdim. Muny maňa öň bir gezek çaý başynda gürleşip otyrkak özi gürrüň beripdi. Umuman ol alçak, degişgen, göwniaçyk gelin. Baýramçylyk günleri o-da edil beýleki gelin-gyzlar ýaly öz gezeginde, gündizine nobatçylyk çekýär. Öňem telim gezek nobatçylygymyz gabat gelipdi. Ýöne, näme üçindir içginden-içgin gürrüňçilikler bolmandy. Gürrüňçiligimiz mesaýy hal-ahwal soralşygyň çäginden çykmandy. Bu gezek welin ikimiziňem dilimiz birden açyldy. Aýlanyp-öwrülibem ýene-de şol ýitip barýan türkmençilik, ar-namys, aýal-gyz ahlagy ýaly döwrüň wawwaly meselelerine syrykdy. ― Sowet döwri şol zatlaryň ýitip barýandygyny kommunistlerden görerdiler, aýallara uly rol berdiler, azdyrdylar, erkeklerde san galmady diýerdiler... ― diýip, Bagdagül garşymdaky stolda oturan ýerinden eglibräge-de, saçlaryny titredip ýüzüme jüýjerildi. Şonda onuň gözleriniň şöhlesi gelip kükregime sanjylaga-da, ýagyrnymdan parrap geçen ýaly boldy. ― A indi näme? Ine, indi özbaşdak bolduk, üstümizden agalyk edýän ýok, din atlygy berildi, ahlak bolsa pese düşdi. Näme üçin? Seň ýeri gürrüňçileriň hemmesi, hamala, men kazy ýaly, şol zatlaryň sebäbini menden soraýardylar, şeýdibem meni kyn güne goýýardylar. Bu gezegem şol «kesel» gaýtalandy. Şeýle-de bolsa, öz düşünjäme görä bu gezek men bu meselede ilk-ä aýal-gyzlary günäkärlejek boldum. Soňam: «Aý, elbetde, olaram gün-güzerenlaryň kynlygy üçin şol güne mejbury düşýändirler-dä» diýip, bar zady jemgyýetiň, döwlet gurlyşynyň üstüne atmaga synanyşdym. ― Goýsaňyzlaň! ― diýip, Bagdagül gazap bilen ýüzüme gyýalap seretdi. Çep aýagynyň burny bilen çalarak ýer depdi. ― Bu wagt-a Hudaýa şükür, uruş ýok, gowga ýok, hernäçe kynçylyk, işsizlik diýselerem alyp barýan açlyk ýok, horluk ýok, ýöne, mundan bäş beter gytçylyk döwürlerindedenm-ä aýal-gyzlar öz mertebelerini saklap bilipdirler. Özleri aç ölselerem, çagalary açlyklaryndan gyrylsalaram köçä-hä çykmandyrlar, namyslaryny-ha satmandyrlar. ― Bagdagül sag eliniň süýem barmagyny çommaltdy. ― Büý-ä bir! Onsoňam azgynçylygyň köpelmegini men-ä horlukdan däl-de, meslikden, pulmesi ýigitleriň, köpelendiginden görýän. ― Gahardan ýaňa bu gezek Bagdagüliň ýeke bir saçlary däl-de, tutuş göwresi titräp gitdi. ― Erkek ýaly eşek bolmaz! Elbetde, göwnünde ýok bolsa, hiç bir erkek aýal-gyzy azdyrybam bilmez, zor bilen düşegine-de çekip bilmez. Ýöne, türkmençilikde her bir erkek her bir gyza öz mähriban uýasy, her bir gelne öz gelni ýa gelnejesi hökmünde garamaly ahyry. Olar azgynçylyk etjek bolsalaram, dogry ýola salmaly, ody öňürti özlerine basyp görmeli. Bu wagtyň erkekleri welin, başarsalar ýakyn-garyndaşlarynyň dost-ýarlarynyň maşgalalaryna el urmakdanam gaýtjak däller. Özem şu mesele-de ýeke bir baýlar däl, erkekleriň hemmesem bir hörpden gopýarlar. Garyp diýeniňem baýadygy derrew telim ýerden jaý edinjek, hersinde bir heleý saklajak, başarsalar olaryň daşyndanam oýnaş tutunjak. Şuňň-a eteginde namaz okabermeli-ow, diýeniňem çemini tapdygy üstüňe çökäýjek bolup durandyr. Sähelçe gülüp bakdygyň ýa ýüz berdigiň: şuňň-a mende göwni bar-ow, diýip ýalmanyşyp ugraýarlar... ― Meniň ýylgyrýanymy görüp Bagdagül «jak-jak» güldi. ― Näme, ýakmadymy? Ýa ynanmazçylyk edýäňizmi? Onda ine, men size häziriň özünde bir tymsyljak getirip beräýerin. Ýok, birem däl-de, ikisini. ― Onuň gopup-gopup, tolgunyp oturşyndan haýsydyr bir ýakymsyz wakany göz öňüne getirip gyjanýandygyny aňdym. Ine-de ol dymdy. Damagy dolan ýaly yzly-yzyna ýuwdundy. Aşak bakdy. Kirpikleriniň düýbüniň gök reňke boýalandygynam men şonda bilip galdym. Birdenem nazarym onuň «müňk-müňk» edip duran pökgüje, elwan reňklije dodajyklaryna düşdi. Edil şol wagtam, dodaklarynyň arasy Badhyzyň pissesi ýaly çalaja çyzyldy. Aňyrsyndan ap-akja, nepis dişleri göründi. Megerem, tolgunmakdan ýaňa agzy kepän bolsa gerek, diljagazyny çykardy-da, uçjagazy bilen ilki titräp duran aşaky dodagyny, soňam ýokarkysyny ýalady. Şondan soň dodaklar herekete geldi. ― Ýa keýpiňizi almaýynmy? Tutan guşum elimden uçup barýan ýaly men oturan ýerimden oňa tarap gollarymy galkyjaklatdym. ― Ýok, ýok! Aýt. Näçesini aýtsaňam men diňlemäne taýýar. ― Ýatan ýeri ýagty bolsun adamym pahyr ökde sazandady ― diýip, Bagdagül öňkülerine görä has pessaý ses bilen söze başlady. ― Toýlarda, gijeki meýhanalarda çalardy. Şeýdibem gazanç ederdi. Gündizine welin ýatardy. Onuň Magsym atly dosty bardy. Haýsy kanaldadygy ýadyma düşenok, telewideniýe üçin aýdym-sazly, şowhunly gepleşikleri taýýarlaýardy. Daşyndanam adamym bilen toýlara gatnap gazanç edýärdi. Ol biziňkä köp gelerdi. Öz öýi Aşgabadyň daşyndaky obalaryň birinde bolansoň toýdan gijiräk çykan günleri biziňkide ýatyp giderdi. Ýöne, näme üçindir maňa adamymyň ýanynda-ha «gelneje» diýip ýüzlenerdi onuň ýok wagty bolsa «Bagdagül» diýerdi. Şonda onuň ýüzi-gözi üýtgärdi, gyzarardy, sesi sandyrardy. Süňünde galpyldy peýda bolardy. Öňüne çaý goýmak üçin aşak egilenimde öýde geýýän haladymyň giň ýakasyna tarap nebsewürlik bilen serederdi. Ýuwdunardy. Soňam gyzaryp aşak bakardy. Men muny öz ýanymdan: myhmany gelşiksiz güne salýan bolaýmaýyn, diýip oýlandym-da, şonuň bar wagty halat geýmedim. Ýakasyz ýa-da dar köýnek geýdim. Ýöne, göwnüme hiç zat getirmedim. Edil öňkülerim ýaly ak ýürekden hyzmat ediberdim. Adamym inisi hökmünde görüp ýörensoň, menem ony öz ýüwürjim hasap etdim. Her gezekki degişmesine-degişme, oýnuna-oýun, çynyna-çyn bilen jogap berdim. Bir günem ol hemişekisi ýaly adamym bilen şäher meýhanalarynyň birine toýa diýip gitdi-de, sähelçe wagtdan soň ýeke özi dolanyp geläýdi. Keýpi kök, ýöne, özüni bilmez ýaly serhoş däl. Şeýle-de bolsa men ony şondan öň beýle halda görmändim. Bir oturýa, bir turýa, bir çilim otlajak bolýa-da, ýene-de yzyna salýa. Bir maňa tarap owsun atyp bir zatlar diýjek bolýa, birdenem «o-uwf» etdirip aňyrsyna öwrülýä. «Näme üçin ir geldiň, ýa ýaraňokmy, hany ýoldaşyň?» diýen soraglaryma-da oňly jogap berenok. Şondan soň men ol adamym bilen sögüşip gaýdandyr, indem meniň ýanymda onuň üstünden şikaýat etjek bolýandyr-da, ebeteýini tapýan däldir öýtdüm. Birazajyk demini dürsänsoň aýdar-da, diýip oýlandym. Sypaýyçylyk üçin: «Magsym, çaý içjekmi» diýip soradym. Ol ortarada yranjyrap, iki elinem jübsine sokup durşuna diline agram saldy: «Bir käsejik a-ajyja gök çaý berseň-ä kemem däl, Bagdagül». Ol soňky sözüne hasam agram salyp, aýdym aýdýan ýaly süýndirip aýtdy. Soňam yzly-yzyna iki gezek, içigip-içigip synçgyrdy. Birdenem boýnuny gyşartdy-da, bulançak gözlerini süzüp ýüzüme seretdi. Syrtaryldy. Men birhili boldum. Çünki, birinjiden-ä ol hiç wagt beýdip gönüden-göni ýüzüme jiňkerilmeýärdi, ikinjidenem hiç haçan beýle gelşiksiz ýylgyrmaýardy. Ýylgyrsa-da aşak bakyp mylaýym ýylgyrýardy. Umumanam «gelneje» diýse-de «Bagdagül» diýse-de meniň bilen gürleşende uly gyz ýaly uýaljyrap, edep bilen gepleşýärdi. Şol wagt welin ol düýbünden başga adamdy. Her niçik hem bolsa ol üýtgeşik bir zat diýmedi-de, tä çaý demläp bolýançam, aşhanadaky stoluň başynda başyny aşak sallap oturdy. Käte bir gabaklaryny galdyryp meniň hereketlerime assyryplyk bilen syn etdi. Men demli çäýnegi öňünde goýdum-da: «Magsym, naharam iýjekmi» diýdim. Ol: «Ýok, Bagdagül, men naharam iýjek-gä, çaýam içjek-gä, seň bilen gürleşjek» diýdi. Diwara golaý duran kiçijik, ak oturgyjy golaýyna süýşürdi. ― Otur! Ine, şujagaz ýerde otur. ― Men stoluň aňry çetindäki oturgyja çökdüm. Ol jübüsinden ýüz dollar çykaryp stoluň üstünde goýdy. Usyllyk bilen öňüme süýşürdi. Men: «Bu näme» diýip soradym. Ol: «Al! Şu seňki. Gerek bor. Kynçylyk çekýäniňi bilýän» diýdi. Men näme diýjegimi bilmedim. Gözlerim welin hanasyndan çykara geldimikä diýýän. Elbetde, öýçülikde puluň ýetmezçilik edýän wagty bolýardy. Adamym ikimiziň aramyzda pul zerarly dawa-jenjelem turaýýardy. Şolar ýaly ýagdaýa Magsymyňam şaýat bolan gezekleri bolupdy. Şonuň üçinem ýa adamym karz pul dagy soraýdymyka, ýa özünden bilip karz berip oturşymyka, kömek etjek bolşumyka, diýip oýlandym. Ýöne, näme üçin adamyma däl-de, maňa berýä? Oňa çenlem ol yranjyrap ýerinden turdy. Birdenem agzynyň ýetişdiginden gepläp başlady. «Bagdagül! Men seni gowy görýän. Söýýän. Seni görmesem oňup bilemok. Köňlüm hiç ýerde karar tapanok. Şu ýere-de hut seniň üçin gelýän. Äriň bilen toýa-da pul üçin däl-de, seniň üçin, käte bir seni görüp durmak üçin gatnaýan. Meniň gazanjym onsuzam özüme ýetik. Toýa gatnap ýören kelpeň aýdymçylaryň birini bir gezek efire çykarsam azyndan üç ýüz dollar berýärler. Men bilýän, sen pulsuz kösenýäň. Äriň seň islegiňi kanagatlandyryp bilenok. Şoň üçinem, şol özüme mugt düşýän pullary seň bilen bölüşip biljek. Isleseň gyzyl-kümüş al, isleseň öýüňe siňdir. Ol öz işiň. Sen ýöne maňa ýok diýme. Kowma. Ýör, o jaýa geçeli. Äriň entek-entekler gelmez. Soňam ine, şeýdip her gezek äriň ýokka geleýin duraýyn, maňa başga zat gerek-gä». Şondan soň ol stoluň bäri ýüzüne geçdi-de, gollaryny boýnumdan aýlamana synanyşdy. Men onuň elinden suwulyp sypdym. Çep elimi oňa tarap daldalap, sag elimiň süýem barmagyny iki gözüniň ortarasyna diredim. «Dur! Butnama! Butnadygyň garagyňy köwlärin!» diýip gygyrdym. Ol saklandy. Men stoluň üstünde ýatan ýüzlük dollary garbap aldym-da, onuň jübüsine dykdym. «Puly gowy görmeýän ýokdur, Magsym. Ondan doýanam ýokdur. Çünki, pulsyz zat berlenok. Şonsuz güzeran ýok. Ýöne, kimdir biriniň pulsuzlygy namysyny itiň oslugyna taýlamana taýýardygyny aňladýan däldir. Aýal maşgalanyň pul üstünde käte bir dawalaşmasy onuň ärine: sen getirmeseň özüm başga ýol bilen gazanaryn diýdigi däldir. Eliňe aňsat ýol bilen düşýän şojagaz pullara pulsyz adamlaryň namysyny satyn alyp bolýandyr öýdýän bolsaň ýalňyşýaň. Onsoňam sen meniň adamym bilen düz-emek bolşup ýörsüň-ä! Onuň bilen käse çakyşdyryp, şu öýüň agzybirligine şerap içip ýörsüň-ä! Edil öz dogany ýaly öýüne girip-çykyp, ýatyp-turup ýörsüň-ä! Seýregrägem bolsa maňa «gelneje» diýip ýörsüň-ä! Öz gezegimde menem özümi saňa ene, gelneje, uýa saýyp, çagalarym bilen deň-derejede iýdirip-içirip hyzmat edip ýörün-ä! Günde bolmasa-da günaşadan öýümiň töründen öz elim bilen düşegiňi ýazyp, ir bilenem gaşymy çytman ýygnaşdyryp ýörün-ä! Ýa şo zatlary seň puluňa göz gyzdyryp edýändirin öýtdüňmi? Ýa boýuňa-syratyňa aşyk bolup edýändirin öýtdüňmi? Neneň edip diliň bardy bu sözleri aýtmana? Ýa göwnüňde ýok zatlary aýtmana arak mejbur etdimi? Şeýtan böwrüňe dürtdümi? Şeýle bolsa bar, törki jaýa geç, öňküje ýatýan ýeriňden düşegiňi ýazyp bereýin, ýat, dynjyňy al, açyl, ertir irdenem şu wagtky aýdan sözleriňi ýatlap gör, şondan soň akylyňa aýlansaňam men bagyşlaýyn, diýdim. Şol sözlerimden soň ol birhili aýňalan ýaly boldy. Sesini çykarman aýalary bilen ýüzüni tutup aşak oturdy. Ol indi eden işine, aýdan sözlerine puşman edýän ýalydy. Göwnüme bolmasa aglaýardam. Dogrusyny aýtsam şol wagt meniň oňa nebsim agyrdy. Esasanam ertir, arakdan açylansoň çekjek ruhy yzasy üçin nebsim agyrdy. Çünki, meniň pikirimçe ol beýle ahlaksyz adam bolmaly däldi. Ol diňe wagtlaýynça şeýtanyň ugruna gidipdi. Hudaýyň beren ryskyny haram iş üçin ulanjak bolupdy. Bagdagül sözüne dyngy berdi-de, uludan dem aldy. Hamala ähli aýtjaklaryny aýdyp gutaran ýaly bir gyra bakyp dymdy. Esli wagta çeken dymyşlygy men bozdum. ― Nätdi onsoň ol oglan, şol gije galdymy ýa gitdimi? ― Galdy-y... ― diýip, Bagdagül aşaklyk bilen ýüzüme seretdi. ― Asyl gidere ýagdaýy bolmasa näme. Meniň otlukly sözlerimden soň-a hasam lagşady. Wagtam giç bolansoň... Sagat on iki boluberende adamym geldi. Gapydan girişi ýalam Magsymyň köwşüne gözi düşdi. «Bu näme, bärdemidi ― diýip, meniň ýüzüme geňgalyjylyk bilen seretdi. ― Bir wagtlar gaýtd-a bi ýaramok, öýe gitjek diýip». Men ýuwmarlamaly boldum: Gidibilmändir. Awtobusdan gijä galypdyr. Ýaňyja seň öň ýanyň geldi. Gelşi ýalam ýatdy, diýdim. Ertesi ir bilen turup görsem Magsymyň düşegi boş ekeni. Girelgä seretsem köwşem ýok. Gidipdir. ― Soň gelmedimi ― diýip, tylla halkaly gulajyklarynyň saç astyndan görnüp duran aşaky ýarysyna seredip oturşyma Bagdagüle sorag berdim. ― Ýok, gelmedi. Şondan soň ol adamymyň ýanyndanam aýryldy. O görgüli bolsa onuň bet pygylandan bihabar: «Häý, gowy ýoldaşymdan aýryldym. Öýe gelmesinem kesdi. Sen bir zat diýäýen-ä dälsiň-dä, hern-ä» diýip, soň-soňlaram gynandy ýördi. ― Soň hiç ýerde gabat gelmediňizmi? ― Gabat geldik. Bir ýyla golaý wagt geçenden soň şäher bazarynda gabat geldik. Ol ilk-ä gyra sowlup gaçmana hyýallandy, soňam bozarylyp ýanyma geldi-de, ýüzüni iki baka sypajakladyp durşuna: «Gelneje bagyşla, şol gezek aragyň ugruna gidip gödek ýalňyşydyryn» diýdi. Menem gaýra gaýşyp durmazdym. «Aý, bolýa-la, ýalňyşyňa düşünen bolsaň» diýdim. Şonuň bilenem gürrüň gutardy. Ikimizem biri-birimizden daşlaşýanymyzy kem görmedik. ― Bagdagül çygjaran gözlerini maňa dikdi. ― Nähili pikir edýäňiz, öz aýdyşy ýaly şol gezek dogrudanam arak günäkärmi ýa onuň özünde-de gep barmy? ― Elbetde, arak erbet zat. Ol aýtmajak zadynam aýtdyrýa, etmejek hereketlerinem etdirýär. Ýöne, göwnüň bir ýerinde bar zatlary aýtdyrýa, küýüň bir ýerinde bar zady etdirýä. Gaý turan wagty deňziň düýbündäki zir-zebilleriň ýüze çykyşy ýaly. Näçe içgili bolaýanynda-da adam etmesiz zady etmez. Men içgili-ow diýip, mal ýaly enesiniň üstüne towsubermez. Sebäbi aň tarapdan onuň haýwandan az-owlak tapawudy bar. Şol hem ony köp belalardan goraýar. Ýaňky ýaly hereketler bolsa ony haýwana golaýlaşdyrýar. Adamçylykdan daşlaşdyrýar. Kalbynyň töründe ol saňa «aw» hökmünde däl-de, uýasy, gelnejesi ýa enesi hökmünde garan bolsady, onda ýene on çüýşe arak içenem bolsa şolar ýaly hereketleri etmezdi, şolar ýaly aýtmasyz zatlary aýtmazdy. ― Diýmek, günä özünde-dä. ― Elbetde! Onsoňam başda özüň aýtdyň-a, her bir erkek, her bir aýala öz uýasy, öz maşgalasy hökmünde garamaly, diýip. Seň maňa beren sowalyňa şondan gowy jogap ýok. Erkek öz iliniň, ýurdunyň namys çopanydyr. Daşardan duşman gelen güni goraýşy ýaly, ýurdunyň gelin-gyzlarynyň namysynam bet niýetlerden goramalydyr. Oňa öz-ä bir tokunmaly däldir, tokunjagam tokundyrmaly däldir. Bardy-geldi aýal ýeňlesräk çykaýanda-da,erkek onuň üstüne bökmeli däl-de, halkyň namys çopany hökmünde şahyna kakmalydyr. Kömek etjegi çyn bolsa, onuň namysyna göz dikmän, ak ýürekden etmelidir. Aşak bakyp oturan Bagdagül razylyk hökmünde başyny atdy. ― Jogabyňyz dogry. Men siziň bilen ylalaşýan. Siz maňa dogry düşündiňiz. Tymsalymdan dogry many çykardyňyz. ― Ol başyny galdyrdy. Gulagyndaky altyn halkanyň zümerret gaşyna çalymdaş gözlerini güldürip gözlerimiň içine seretdi. Çalaja ýylgyrdy. ― Ikinjisinem aýdaýynmy? ― Aýt, aýt... Ikinjisini diňlemäne maý bolmady. Bagdagüliň nobatçylyk wagty gutardy. Ýerine başga biri geldi. Bagdagül gürrüňiň yzyny ýene bir gezekde dowam etdirmekligi wada berip, howlukmaç çykyp gitdi. 2006 ýyl. Aşgabat. Juma HUDAÝGULY. | |
|
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Jynlaryň meýlisi / hekaýa - 22.07.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |