06:22 Garrylygyñ ilkinji güni / hekaýa | |
GARRYLYGYŇ ILKINJI GÜNI
Hekaýalar
Kertik aga: «Iňirdärsiň-ow» diýen äheňde ogluna äňetdi-de, öwhüldäp, başyny aşak saldy. Atda kakasyna iňirdejegem bolanok. Ol öňem kakasyna iňirdäp ýören ogul däl. Asyl, kakaňa iňirdemelem däl. Iňirdese, goý, kakaň özi iňirdesin! Bu mahal Kertik aga iňirdidenem, gepden-gürrüňdenem ellibizar. Şu jelegaýdan tanyş kişä sataşman, tizräk garasyny saýlap bilse, başga armany ýok onuň. Ýöne nämeden heder etseň, şol hem hekgerip öňünden çykjak eken. Kertik aganyň gorkusy hem derwezäniň öňündäki sak sakça öwrülip öňünden çykdy. Hasanaklap gelşini görüp, sak sakçynyň böwrejigi böküberdi. Bir zad-a diýmekçi boldy ol. Onuň gowy söz diýmejegini ýüzünden – şelaýyn ýylgyryşyndan aňan Kertik aga gorkan öňürder etdi: – Ýaşuly adamyň üstünden güljek bolmaga utanaňokmy, inim? Aýyp bor, aýyp! – Aýyp bor ýaly, hiç kimiň üstünden gülmek pikirimde ýokdy. «Öýüňize sag-aman baryň» diýjekdim. «Indikile, bu ýaşda melisä düşmäň» diýjekdim. – Toýa çagyrmajagyny aňýan. Onsoňam milisä düşenim-düşmänim bilen seniň işiň bolmasyn! Ahyr ýaşda gözenegiň aňyrsynam göreýin diýen pikir bilen düşen bolsam nätjek? Şu güne çenli gözenegiň aňyrsyndan başga ähli zady gördüm. Hudaýa şükür, nesibäm çekip, gözenegiň aňyrsynda-da oturyp gördüm. Allanäme, indi ölsemem armanym ýok. Ýöne sen edepsiz ýigit ekeniň, melise bolsaňam. Bir ýaşuly adamyň üstünden güljek bolmazlar. Salyhatly bolarlar. Bir zat soralmasa, ýyrş-ýyrş edip durmazlar. Diňe öz işiň bilen bolarlar. Aýyp bor, aýyp. Gülesi gelip duran sakçy milisioneriň girre gahary geldi: – Aýyp bolýandygyny ilki özüňize öwrediň, ýaşuly. Aýyby-beýlekini bilýän bolsaňyz, bu ýere düşmezdiňiz, bir hepdeläp ýatmazdyňyz. – Bir hepde däl, bäş gün – diýip, Kertik aga sakça düzediş girizdi. – Goýsaňyzlaň – diýip, Atda ara düşdi. – Kaka, ýör gideli. Hiç kime üns berme. – Geplemänem günäkär bolup bolýan eken-ow. – Gözüň gepledi seniň, gözüň – diýip, Kertik aga janykdy. – Näme, men bir iş edip jenaýatkär bolandyr öýdýäňmi? Düşünýäňmi, hiç zat edemok men. – Size ynanýan-la – diýip, sakçy ýylgyranyna müňdebir puşeýman edip, Kertik agany köşeşdirmäge çalyşdy. Ýöne Kertik aga köşeşmedi. Oglunyň maşynyna münensoňam özüni dürsäp bilmedi: – Il bilen näme işiň bar seniň diýsene?! Ähli zada haram burnuňy sokuberseň, bir gün burunsyz galarsyň. Sakçymyň – sakçylygyňy et-de otur. Ýok, girene-çykana bir teýenelije sözüni atjak bolup dur. Adam diýeniň agrasrak bolar, onça-munça zada üns bermez. Geçirimli bolar. Özüne degişli däl zada sokulmaz. Atda bu uzyn nutugy kakasynyň ýönelige aýtmaýandygyna – «Menden hiç zat sorama» diýýändigine, eger nädip bu ýerik düşendigini sorasa, özüniň hem hälki sakçynyň eşiden sözlerine meňzeş sözleri eşitmeli boljakdygyna hakyt düşündi, ýalňyşmazlyga çalşyp, barybir, ýalňyşdy: – Nirä süreýin, kaka? Oglunyň bu sözüne Kertik aganyň dyzmaç gany depesine urdy: – Meniň depämden sür, depämden! Indi senem meni oýnajak bolýaňmy? Atda düşünişjek boldy: – Maňa düşünmän, nähak gaharlanma, kaka! Sen kurorta gaýdan adam. Häzir öýe eltsem, goňşy-golamlar geň galar. «Kurort» diýip giden ýeriňem melisemi?» diýerler. «Kurorta gitjek» diýip öýden gaýdanyňa görä, men seni Arçmana eltip gaýdybereýin? Öňem kän aýtdym: «Özüm eltip gaýdybereýin» diýip. Eltip gaýdan bolsam, beýle-beýle zatlar bolmazdy. – Eýle-beýle zatlar diýýäniň näme? Näme bolupdyr? Ä? Hany, aýt! Bolan zat ýok diýdim-ä men saňa. Ýa maňa ynanmajak bolýaňmy? – Wah, ynanýan-la, kaka – diýip, Atda biygtyýar «ýyrş» etdi. – Nähak kösenendigiňi aýtjak bolýan. – Näme aýtjak bolýandygyňy men ýyrşaryşyňdan bilýän. Näme, kakam içimi bilýän däldir öýdýäňmi?! Reňňiň ýaly, içiňi görüp durun men seniň. – Men-ä hiç zadam aýtjak bolamok. – Hiç zat aýtmajak bolýan adam seň ýaly ýyrşarmaz. – Ýyrşarýanmy? – Atda ýylgyryp goýberdi. – Utanaňokmy meniň üstümden gülmäge? – Üstüňden güler ýaly, üýtgeşik bir zat edensiň öýdemok. – Göwnüýetmezçilik edýäňmi? – Saňa göwnüm ýetýär, kaka. Näme iş edenem bolsaň, oňarypsyň. Özüň diýýädiň-ä: «Ata-ene bilen patyşanyň edeni mydama dogrudyr» diýip! Senem näme eden bolsaň, dogry. Dogry iş edipsiň. «Nädogry iş edipsiň» diýmäge meniň hakym ýok. – Hiç zadam edemok men. Eşidýäňmi, hiç zat edemok. – Bilýän hiç zat etmändigiňi. – Nireden bilýäň? – diýip, Kertik aga ters dawa tutdy. – «Garrapsyň. Hiç zadam oňarmansyň» diýjek bolýaňmy? – Kakasyny tanamaýandanam bir ogul bolarmy? Men saňa ynanýan – diýip, Atda nähili söz aýdaňda kakasyna ýarajakdygyny bilmän kösendi. – Seniň niýetiň gowy. Oglunyň soňky sözi Kertik agany hasam kejikdirdi: – Üstümden gülýäňmi, berebekgeý? Ekläp-saklap, adam edip ýetişdirip, iň soňundan eşitjek sözümem şumy meniň? – Kertik aga maşyndan atylyp çykdy. Atda kakasynyň yzyndan ylgady: – Kaka, seniň häzir janyň ýanyp dur. Saňa iki söz kän, bir sözem az. Näme diýsem, kesä çekýändir öýdýäň. Gel, gepleşmän, göni öýe gaýdaly. Atda töwella edip bolaýjak sözleriň baryny bir demde diýdi. Şonda-da o sözler bilen Kertik aga köşeşmedi. Ony köşeşdiren howludan dört-bäş sany milisioneriň çykyp, göni özüne bakan gaýtmasy boldy. Milisionerleriň «Näme dawaňyz bolsa, çözüp bereli» diýen terzde göni gelmegi Kertik aganyň közäp duran gaharynyň üstüne buzly suw sepen dek etdi. Ýene yzyma äkiderler öýdendir-dä, ylgap baryp maşyna mündi, gapysyny berk ýapdy: – Sür, sür! Basymrak sür! Içinde janyň ýokmy? – Nirä? – Jähennemiň dik düýbüne sür! Sür diýýän men saňa. Gaharymy getirme! Gaharymy getirme diýýän! Atda sürdi. Ine, indi ýarym sagat wagt çemesi maşyn oba bakan wazlap barýar. Ataly-ogul dymyşyp otyr. Ýöne bir ebeteýini tapyp bilseler, olaryň ikisem gürlejek. Kertik aga-ha: «Hälki aýdylan zatlary hiç kimiň ýanynda aýtma, meni masgara etme» diýmekçi, Atda hem: «Pensiýa çykyp, şeýle günlere düşüp ýörmäň näme, kaka?» diýip, kakasyndan soramakçy. Käte iň ýakyn adamyňa-da ýüregiňdäkini açyk aýdyp bolmajak eken. Kyn eken. Kynam bolsa, öz-ä aýtmaly. Ýogsam soňky kynçylyk masgaraçylyga elter. Başga-başga zatlaryň üstündenem elter. Her kimden bir zada garaşyp bolýar. Altmyş ýaşan kakasyndan Atdanyň garaşýan, garaşmaýan zatlary bar. Ýöne bu bolup ýören zatlar-a ol asla garaşmandy. Şonuň üçin ol milisioneriň tekrarlamasyna: «Mümkin däl, mümkin däl» diýip, şeýle bir garşy çykypdy, üç-dört minutdanam gözenegiň aňyrsynda gözlerini petredip oturan kakasyny görende dili tutuldy. Türkmen diliniň sözlük düzüminden «mümkin däl» diýen sözi aýyrmaly. Asyl, şol sözi ulanmaly däl. Çünki dünýäde mümkin däl zat ýok. Ine, gözenegiň aňyrsynda delminip oturan kakasyny görende Atdanyň serinde peýda bolan ilkinji pikir şu. Atda gözüniň gytagyny kakasyna aýlap goýberdi: oglunyň pikirini kakasy duýan bolaýmasyn?! Aý, ýok, onuň çugutdyryp, doňan ýaly bolup oturşy oglunyň pikirini duýana meňzänok. Ýöne kakasy horlanypdyr. Gözenegiň aňyrsynda islän mahalyň çaý-nahar berip oturan barmy näme?! Öýde bolsa, uzynly gün çäýneginiň çaýy sowanok, sowasa, Aýjan eje ony täzeläp dur. Nähili nahar iýjek diýse, iki kempir bir şalgam iýýänçä Aýjan eje taýynlaýar. Kertik aga öýünde han ýaly ýaşaýar. Ýok, han ýaly däl, han bolup ýaşaýar. Hanlaryňam iýjegi-içjegi öýüne eltilýändir-dä. Başga näme artykmaçlygy bolsun? Elini sowuk suwa uranok. Diňe öz hajaty üçin daş çykýar. Ol pensiýa çykmazdan öňem öýde ýatan çöpi galdyran adam däl. Hojalygyň ähli endişesi Aýjan ejäniň gerdeninde. Goşa perýassyk, ýumşak düşekçe. Kertik aganyň ýüzi agraslanypdyr. Hyrsyzlanypdyr. Şonda-da, kakasyna nebsi agyrmaga derek, Atdanyň gülküsi tutdy. Tas pyňkyrypdy. Ýylgyrmasyny welin ýaşyryp bilmedi. Ýylgyrýandygyny kakasyna bildirmezlik üçin Atda ýüzüni kese-kese sowdy. Kertik aga, hernä, duýmady. Ogluň ýüzüne dikanlap bakmak üçin hiç hili müýnüň bolmaly däl. Ata mydama oglundan müýn tapýandyr welin, bu gezeg-ä tersine boldy. Müýni özünde. Wah, şeýle boljagyny bilse, ol öýünden çykjakmy näme?! Hemme zat gowulyk bilen gutarar öýdüp-dä ol. Indi bu masgaraçylyk, hawa, masgaraçylyk oba ýaýrasa, köçä çykyp bolmaz. Diliniň awusyny pürkjek kändir. Ýaňsa aljak kändir. Baý, kändir-ä! Gülki ýassygy, gep ýassygy bolmaly däl. Indi bar zat Atda bagly. Eý, Hudaý, seniň abraýyň ogluň dymmagyna bagly bolsa, günüň kyn eken. Şeýle täleý başga bir işigaýdan garrynyň maňlaýyna gelmesin! Atda oba baryp: «Şeýle-şeýle ýagdaý bolupdyr» diýdigi – gutardygy. Eger diline gulp salyp bilse, onda hiç kim hem bilmän galar. Obada bolýan ähli zady bilip ýörlermi näme?! Bilenoklar. Ýöne Atda – meniň oglum bolsa-ha, diliniň eýesi bolmaly däl. Meniňem içimde gepiň porsap ýatany ýadyma düşenok. Ýöne Atda ejesine çekipdir. Aňsat-aňsat geplemez. Deňi-duşlary muňa «dymma» diýýän ekenler. Ine, Atdanyň dymmalyk edip, dymmaly ýeri geldi. «Häsiýetiň ejeňkä meňzeýä» diýip, men muňa kän gezekler iňirdäpdim. Nähak iňirdän ekenim. Hudaýjan muny meniň şu güne düşjegimi bilip dymma eden bolsa näbilýäň! Şeýledir! Ynha, gör, şäherden çykanymyzdan bäri ýeke gezegem gürlänok. Gör, munuň akyllydygyny! Bir samsyk ogul bolanlygynda dünýäniň soragyny berip, bizar-peteňimi çykarardy! Ogul-a ýetişdirip bilipdirin. Herhal, munuň taryna kakyp göreýin. Haýsy perdeden gopýar? Äheňinden içindäki güjügini sanaryn munuň. – Oglum, sen meni nädip tapdyň? Ýa oba «Kertik bir bolgusyz iş edipdir» diýip habar bardymy? Sen çekinme-de aýt, men ähli masgaraçylyga kaýyl. – Hiç hili masgaraçylyk ýok, kaka. Oba hiç hili habaram baranok. – Onda sen meni nädip tapdyň? – Men tapak ahyryn, kaka! – Men barada obada bolgusyzja bir gürrüň ýaýran bolaýmasyn? – Nähili bolgusyz gürrüň bolup biler? – Sen indi meni gürletjek bolýaňmy? Mekirlik etjek bolýaňmy? – Näme diýjek bolýanyňa men-ä düşünemok, kaka. – Onda sen melisä nädip bardyň? – Naçalnik çagyrypdyr. Howla giribem siziň ysyňyzy aldym. «Kakamy goýberiň» diýsem: «Seniň ýaly hormatly tapagyň kakasyny saklap bolmaz» diýdiler. – Ýörite çagyran bolsalar, bir zat diýendirler-ä men hakda. – Hiç zat diýmediler. – Ynanasym-a gelýä welin, hiç ynanyp bilemok gürrüňiňe. Sebäbi milisäň naçalnigi kilim kakdyrmak üçin seni çagyrmaz. Hökman men hakda aýtmak üçin çagyrandyr. – Men naçalnigiň ýanyna girmedim. – Sen maňa erteki otarma. – Hakykatdanam, men onuň ýanyna barmadym. Barmakçydym. Ýörite barypdym. Ýöne, seniň bardygyňy bilenimden soň, barmadym. – Ýöntem gürleme. Meni aldajak bolýan, onam oňaranok. Naçalnigiň rugsady bolmasa, meni sakçyň goýbermäge haky ýok ahyryn. Sen şunam bilenok. – Kaka, kimiň rugsady bilen goýberilendigiňi bilemok. «Kakamy goýberiň!» diýemsoň, on minutda ýetirmän seni goýberdiler. – «Meniň kakamy näme üçin sakladyňyz?» diýip soramadyňmy? – Soradym. – Näme diýdiler? Aýdyber ahyryn, her bir sözi men seniň diliňden çekip almalymy indi?! – Aý, üýtgeşik diýen sözleri ýok. – Sen at oýnatma. Sakla maşynyňy. Ikimiz gowuja düşünişeli. – Sakladyp nätjek? Näme gürrüňiň bolsa, aýdyber, kaka. Men maşyn gidip barýarka-da gürleşip bilýän. – «Maşyn gidip barýarka-da gürleşip bilýän» diýsene asyl! Bä, bilmändirin men seniň beýle ökdeligiňi! Şonda-da saklaýsana, balam, maşynyny. Düşünişmesek boljak däl. – Bilýän, näme gürrüň etjek bolýandygyňy. Men saňa açyk aýdaýyn, kaka. Sen ogluňdan hatyrjem bolgun. Men hiç zat diýip gürlemerin. Men erkek kişi. Dilime bek. Seniň ogluň-a men! – Wah, meniň oglumlygyň üçin diline bek boljakdgyna ynanamok-da. – Ynanaý, kaka, ynanaý. Hiç kime hiç zat aýtmaryn. – Haý, diýsenem-ä... – Men kakasyny satyp geroý bolýan Pawlik Morozlardan däl. Seniň masgaraçylygyň – meniň masgaraçylygym. Şonuň üçinem özüňem unut bolan zatlary. – Özüň-ä düşbüje ýaly. Tüweleme, men ogul ýetişdirip bilipdirin – diýip, Kertik aga ilkinji gezek ýazylyp-ýaýrap ýylgyrdy. Biraz gaýşarybrak oturdy. Öwhüldäp demini aldy. – Ýöne sen olara ynanmagyn. Olaryň men hakdaky aýdanlary toslama. – Beý diýmesene, kaka! Men-ä olaryň aýdanlarynyň toslama bolmagyny islämok. Çyn bolmagyny isleýän. Şoňa-da begenýän, buýsanýan. – Ýok, ýok, ynanma! Men perişde ýaly adam. Heý, seniň kakaň şonuň ýaly iş edermi? – Näme üçin etmeli dälmiş? Goý, etsin! Men-ä dogrymy aýdaýyn, ynandym. «Kakam entek garramandyr-ow!» diýip, guwandym. Kertik aga ogluna müňkür nazaryny dikdi. «Aldap, meni gepletjek bolýan bolaýmasyn» diýen howatyr bilen oglunyň ýüzünden many agtardy. – Ýok, ýok, ynanma. Kakaň garrady seniň. Garramadyk bolsa, ony pensiýa çykarmazdylar-a. Rast, pensiýa çykarýan bolsalar, diýmek, sen hyry giden, eňki agan garry bolmaly. Onsoňam men, oglum, bütin ömrüme halal ýaşadym. Sizi hor-homsy etmejek, halal çörek iýdirjek bolup, gije-gündiz depämden gum sowurdym. Size-de nesihatym – haramlygyň gyrasynda görünmezligiňiz. Adam halal ýaşamalydyr. Harama göz gyzdyrmaly däldir. Halal ýaşan adamy hudaý ýalkar. Hemme zady Allatagala görüp durandyr. Magtymguly aýdypdyr-a: «Haramylyk goç ýigidi har eýlär» diýip... Atda gulagyny eşidýän sözlerine ynanmajak boldy. Dokuz günüň içinde tanalmaz ýaly üýtgäpdir kakasy. Öň ol hiç hili maslahat berenokdy ahyryn. Öň käýýärdi, sögerdi, urardy, ýöne maslahat bermezdi. Atda öýe baryp, kakasynyň sözüni soňlaryna garaşman, maşyndan düşdi. – Bu näme etdigiň boldy seniň? Özüňi kakaňdan akyllydyryn öýdýäňmi? Men-ä saňa janymdan syzdyryp öwüt berýän. Senem meniň sözüme pitiwa etmän, maşyndan düşüp barýaň. – Öýe geldig-ä, kaka. – Gelseň, meni diňlemeli dälmi? Kakaň ömürlikdir öýdýäňmi? Hemişe akyl berer oturar öýdýänsiň. Ýok, kakaň ömürlik däldir. Kakaň bişen adam indi. Onuň pendini köpräk diňlejek boluň. Geleňsizlik etmäň, soňky gün giç bolar... Atda maşyna mündi, jaýlaşykly oturdy-da, kakasyna bakdy: – Nähili maslahatyň bolsa, aýdyber, kaka! Meniň howlugýan ýerim ýok. Şeýdip, käte maslahatam ber-ä! * * * Kertik aga öňem-soňam öýünde ýatan çöpi galdyran adam däldi. Pensiýa çykansoň-a öňki edýäninem goýdy. Ol öýüne myhman. Wah, myhmanam oňa köp bolýar. Çünki myhman baran öýüni synlaýar. Kertik aga ömür ýaşap ýören öýüniň niresinde nämäniň bardygyny bilýän adam däl. Diş synçgara çöp geregem bolsa, aýalyna ýüzlenýär. Aýjan ejä hojalygyň işi bir ýaňa, adamsynyň: «Ony getir, muny getiri» bir ýaňa. Kertik aga käbir kişi deýin, öýündenem judabir çykybermez. Haçan görseň, içini hümledip çaý içip oturandyr. Aýjan eje adamsyna gaty belet. Onuň çala gozganmasyndan näme gerekdigini, agzyny çala gymyldatmasyndan näme diýjek bolýandygyny bilipjik dur. Geplemänkä Aýjan eje onuň islän zadyny öňünde goýar. Ejeleriniň şeýle ökdedigine ogullary haýranlar galýar. «Ejemiz kakamyň içi boýunça akademik» diýýärler. Atda bolsa ejesine: «Eje, sen Juna» diýýär. Wah, Aýjan Junany näbilsin?! O görgüli adamsynyň iňirdisini eşitmejek bolýar. Sebäp – adamsy bir bahanajyk tapsa, eger-eger iňirdisini gutaranok. Iňňe ýalyjak zat üçinem birki hepdeläp iňirdäp ýörendir. Iňňe ýalyjak zat ähli kişiniň ýadyndan çykar, Kertik aganyň welin, eger-eger ýadyndan çykmaz. Şonuň üçin Aýjan eje hiç bir işi kyn görenok. Iňirdisiz ýaşaýşyň höziri bir başga. Muny kim bilmese-de Aýjan eje biçak gowy bilýär. Adam görgüli hemme zada öwrenişjek eken. Kertik aganyň bolşuna-da öýde şeýle bir öwrenilişipdir welin, soň ol wagtal-wagtal bir bahanajyk tapyp iňirdäp durmasa, öýde nämedir bir zat ýetmeýän ýaly bolar durar eken. Ömrüni kolhoz işinde geçiren Kertik aganyň uly bir arzuwy bardy. Pensiýa çykyp, üstüne Gün düşürip, hiç bir iş etmän ýatmakçydy. Goja, ana, şol arzuwyna-da ýetdi, üç-dört aýlap öýden çykman dynç almak, uklamak keýpinden çykdy. Ýöne soňky üç-dört gün Kertik aganyň bolşy üýtgedi. Onuň ertirden ýarygijä çenli sesini-üýnüni çykarman, daşaryk çykman, ullakan güpjegi bagrynyň aşagyna alyp, içini hümledip oturmasy Ajan ejäni iňkise saldy: – Çal, bir derde-hä ýolukdyň sen?! Näme boldy saňa? – diýip, ol adamsynyň gaşynda oturdy. – Hiç zat iýeňok, hiç zat içeňok. Janyň beri sagmy seniň? Kertik aga başyny galdyryp aýalyna biparh garady. – Kaka, ejem dogry aýdýar. Seniň öňküligiň ýok. Bizem duýup ýörüs. Nähili derdiň bolsa aýt – diýip, Mämmet kakasynyň jogabyna garaşdy. – Kakamyň işdäsi tutulypdyr. Arçmanyň suwy gerek kakama – diýip, Atda tapak diagnoz goýdy. – Isleseň, men seni Arçmana alyp gideýin, kaka. Men Arçmana belet. Tanşym hem bar. Ýigrimi dört gün kurs leçeniýesini alsaň, ýigdelen ýaly bolarsyň. – Gerek däl. Kertik aga başda gerek däl diýenem bolsa, soň ýatyp-turup Atdanyň pikirini unady. Dynç almaly, dynç almaly. Altmyş ýyllap dynçsyz-beýlekisiz işledik, hökümet dynç al diýip pensiýa berip durka, näme üçin dynç almaly dälmiş? Hökümet bilmän altmyş ýaşda pensiýa çykarýan däldir. – «Dynç almaly» diýip, Atda gowy pikir tapdy. Şu tapan pikiri-hä ýüregime jüňk boldy meniň. Ömrüme dynç alyp gören adam däl-ä men – diýip, Kertik aga gygyrybrak gürledi. Onuň bolşuny saçagyň başyny dolduryp oturanlar geňlediler. Öýde ker adam ýog-a. Ker adamyň barlygy-ýoklugy bilen kertik aganyň işi ýok, ol ýene gygyrybrak gürledi: – «Dynç almaly» diýip Atda gowy pikir tapdy. Şu tapan pikiri-hä ýüregime jüňk boldy meniň... * * * Kertik aga ir bilen köne hemşerileriniň yzyndan on ýaşlaryndaky agtygyndan habar iberdi: «Haýdan-haý bize gaýtsynlar, gyssagly geňeş bar». Imisalalykda ýaşap ýören gojalar üçünji aýaklaryna – hasalaryna agram salyp, Kertik agalaryňka howlukdylar. Olaryň agtaryp tapyp bilmän ýören zatlary çakylyk ahyryn. Ölümiňe garaşýan dek, içiňi hümledip oturmakdan ne peýda? Kertikde-de gürrüň bardyr, ýogsam çagyrmazdy. Näme gürrüňi barka onuň? Gelenler – Hemra aga, Şanazar aga, Mergen aga bilesigelijiligini ýaşyrjak bolup durmadylar: – Kertik han, gaty ýeňil gopýaň-la? Nämäniň kül-külüne düşdüň? Öýlenmek hyýalynda ýokdur-da seniň? – diýip, Hemra Illew gözlerini güldürdi. – Biz-ä düşünýän däldiris, bu çalyň bolşuna – diýip, Aýjan eje düşekçe ýazyşdyrdy. – Içine bir tüweleý-ä düşüpdir. – Ýa tüweleý, ýa şeýtan – diýip, Kertik aga boýun aldy. – Çalymyzda bir ýeňillig-ä bar. Gazanyň ýanyna gelýän adam däldir welin: «Sakgaldaşlarymy çagyrdym. Nahar bişir!» diýip gazana ot salyp berdi – diýip, Aýjan eje nahar çekmäge durdy. Kertik aga üç sakgaldaşy üçin nahar baryny taýýarlapdyr. Ilki çorba, soň manty, mantydan soň palaw. Bu ýaşdan soň ol tagamlaryň diňe duzuny datmagam aşgazanlaryna agram olaryň. – Beýle eçilýän bolsaň, munuň hökman bir çöpi bolmaly. Hany, aýt, Kertik, munça eçilip, bize nähiliräk ýük urmakçy bolýaň? Naharyňyzy iýenimizden soň, bitirmesek bolmaz. Başlyklaryň ýanyna ýa haýyş bilen gitmelimi? Ýa kimdir birine töwella etmäge gitmelimi? Ýa bir maslahat bermelimi? Ýaşula brak adam hökmünde seredilen döwrem bolupdy . Toý-tomgy ediljek bolnanda ýaşula sala salynmaýan döwrünem başdan geçirdik. Ýaşula seňrigini ýygryp seredilýän, adam hatarynda görülmeýän döwrünem gördük... – Maslahatyňyzy öýüňize barybam alyp bilýän. – Onda näme üçin çagyrdyň? – Aý, «Oglanlar bilen gümür-ýamyr edişip, bir käse çaý içeýin» diýdim. Içigar galmyş, ýeke otursaň, wagtyň geçenok. Iýildi, içildi. Ajyja çaýyň başynda giň dünýäniň sag başy telim gezek agyrdyldy. Dünýäde gutarmaýan zat ýok diýýärler. Şeý diýip ýalňyşýarlar. Dünýäde gutarmaýan ýekeje bir zat bar – gürrüň. Iýip-içip mes bolaňsoň-a ol hijem gutarmaz eken. Gürrüňler näme hakda bolsa-da, şolbir soragyň üstünden baryldy durdy. Kertik aganyň bu günki zyýapaty nämäniň alamaty? – Biz indi garran adamlar. Birmahal dört bolup şähere giderdik. Birki gün dynç alyp gaýdybererdik. Indi ol zatlar-a galdy öýdýän, içigar galmyş. Öňki ýaly gujuram ýok, höwesem. Şeýle dälmi? – diýip, Kertik aga Hemra Illewe gözüni gypyp goýberdi. – Ýa şähere gidäýerismi? «Garry oýnasa – gaý turar» diýýändirler öz-ä. Gaý turuzaýmagymyzam mümkin. – Türkmeniň ähli nakyly gowy. Ýöne «Garry oýnasa – gaý turar» diýen nakylyna dawam bar. Ilki bilen-ä garrynyň oýny bolmaz. Bardy-geldi bolaýanda-da, ol-a gaý eken, aý, bolýa-da... Men gürlemäýin. Garra öýden çykyp, aýakýoluna baryp gelmek görgi. Mellegiň aýagujyna gidenden, tamyň ýeňsesine aýlananyny kem görenok. – Bilýän-le, ýöne degişäýdim – diýip, Kertik aga gyzardy. – Hany, iýseňizläň! – Näme üçin çagyranyňy aýtjak däl-dä onda? – Aýtjak. Pensiýa çykanyma şu gün hasaplap gördüm – dört aý boldy. Ýöne hiç günüm geçenok. Öwrenişip bilemok. Mende entek gujur-gaýrat kän. Işe çykaýsam diýýän. Nähili görýäňiz? – Gör, sen bizi näme üçin çagyran ekeniň?! – diýip, Mergen aga ýeňil dem aldy. – Geregiň iş bolsun, öýde size ýeter ýaly iş bar. Mallara ot bermeli, suw bermeli, mallaryň aşagyny arassalamaly. Ýöne siz ömrüňize agyla boýnuňyzy uzadyp gören adam däl-ä – diýip, Aýjan eje janykdy. – Men seniň ol işleriňi halamok, Aýjan... * * * – Kaka, men seni şähere maşynlyja özüm eltip gaýdaýyn, getir goş-golamyňy. Otla-da mündürip goýbereýin. Kertik aganyň bu söze, aýylganç bir habar eşiden dek, hakyt zähresi ýaryldy: – Ýok, ýok, pikirem etme! Meniň howlugýan ýerim ýok. Sen arkaýynja gidiber işiňe. Nirä gitsem, ýeke özüm gitjek. Hiç kime azar boljak däl, ýola çyksam, awtobus gatnap dur. – Gitmän goýmajak bolsaň, ogluň äkitsin, çal. Mämmediň maşynyň gapysyny açyp: «Özüm äkitjek» diýip durmasy, öýdäkileriň hem Mämmediň pikirini goldamaklary Kertik aganyň gasyn-gasyn giň maňlaýyna şagga sowuk der inderdi. Maňlaýyna sowuk der inmez ýalymy, öýdäkiler gojanyň haýyna-waýyna bakman, goşhaltasyny Mämmediň maşynyna atdylar. Olaryň bu bolşy düşen çykgynsyz ýagdaýyndan çykmak üçin Kertik aga kemsiz bahana boldy. «Altmyş ýaşap, şeýle çykgynsyz görünýän ýagdaýdan çykalga tapmasa, ondanam bir Kertik bolarmy?» diýip, goja özüni köşeşdirmäge çalyşdy. Ýöne abyr-zabyr etmek üçin bu gyssagarada Kertik aganyň pişmepisint kellesine ne ýagşydan, ne ýamandan pikir gelmese nätjek? Aý, ýok, gijrägem bolsa geldi bir hürri pikir: – Şu öýde diňe siziň aýdanyňyz bolmalymy? Ýa käte meniňem sözüme az-maz pitiwa edilmelimi? Mämmet, meniň sumkamy derrew maşynyňdan düşür. Gaharymy getirmän meniň. Eşidýäňizmi? Menden başga işiňiz tükendimi indi siziň? Işli-işiňiz bilen boluň. Öz günümi özüm görerin. Islesem – giderin, islemesem – gitmerin. Haçan siz meni äkidip-getirdiňiz? Şu ýaşa çenli nirä gitsem özüm gidip, özüm gelendirin. Mämmet, nä söm-saýak bolup dursun? Ber sumkamy! – Aljyrandygyny, derländigini duýdurmazlyk üçin, Kertik aga möhüm bir zadyny galdyran dek ugralla içerik girdi. Gaýdybam çykmady. Nädip ogly bilen gitsin ol? Mämmet ony otla mündürip, niredesiň Arçman diýip uradaýjag-a! Gara çyny onuň. Wah, onda sähelçe-de üşük ýok. Ýogsam: «Taýýar maşyna münüp gitjek däl, meniň özüm ýeke gitjek, awtobusly gitjek» diýse, yzynyň bir çöpjagazynyň bardygyny, ýönelige kejirlik edilmeýändigini aňaýmaly ahyryn. Mämmediň gara çyny. Entegem maşynyny gür-gürledip dur... – Çal, gitmäni goýbolsun etdiňmi? – diýip, Aýjan eje içeri girdi: – Oňarýan, bu ýaşdan soň hiç ýeriňem gitjek bolma! Seniň üçin Arçman indi şu ýeri. Arçmanyň dugtarlaryndan gowy serederin men saňa. Onsoňam, öýden çyksaň, hiç kimem saňa Aýjança seretmez. – Bar, ogullaryny işli-işine ugrat! «Kakaňyz gitmesini goýbolsun etdi» diý – diýip, Kertik aga tirsek urdy. Bir sagat çemesi gozganman oturdy. Bar ünsi daşarda. Daşarda imi-salalyk aralaşandan soň, Kertik aga penjireden daşara seretdi. Hiç kime gözi kaklyşmansoň, goşhaltasyny göterip daş çykdy. Görse, daşarda kiçi ogly Atda dur ýylgyrjaklap. – Näme ýylgyrýaň? Seniň işiň-beýlekiň bolmazmy? Men häli aýtdym-a: «Işe gidiň!» diýip. Iş ýaly peýdaly zat bolmaz. – Äl, işi gowy görýän kişem-ä gürledi – diýip, Aýjan eje eşidiler-eşidilmez hüňürdedi. – Men saňa aýdamok, çagalaryma aýdýan. Atda, oglum, derrew işe ugra. Aýjan eje adamsynyň sumka göterip durşuny esli synlady: – Gaty seretdiň-le, özüňi tamožnydyryn öýdýäňmi? – Haý, ýaşyň soňunda müňkür bolmak gowy-ha däl welin, «Dynç almaga gitjek» diýip dyzap durşuňa hiç synym oturmady. – Onda «Ärim gaýratly, ýaşy altmyşdan geçensoň gyzyl-çyzyl üçin şähere gitdi» diýip pikir edäý! – Aý, on-a diýjek däl. – Diýip goýber. «Adamym meni aldap, şäherde bir jelebiňkide keýp çekmäge gitdi» diýip pikir et! – Jelep başyna ýapsynmy seni?! – Menimi? Mende gaýrat kändir entek. Gyz-gelinler meni görseler, süňňüni saklap bilmän, ýalym-ýulym edibiýrler. – Haý, näme diýseňem, şu gidişiňi halamajak bolup durun. Ogullaryň ugratjak bolsa, ur-tut garşy çykdyň. Göwnüme birhili güman gitdi, çal. – Meniň howlugýan ýerim ýok. Azarsyz-beýlekisiz dynç aljak bolýan men. Gabanjak bolsaň, ýigrimide-otuzda wagt tapmadyňmy? – Göwnüme, sen bir belanyň üstünden barjak ýaly bolup dursun. Şu gün irden Mergen ýalaňajyň ors iti jabjynyp-jabjynyp üýrdi. Hemralaryň deňinde bir guş gaty kän jakyrdady. Saňa gyzdyryp beren naharyma-da siňek gaçdy. Bu zatlaryň bary bir erbetligiň alamaty bolaýmasyn? Meniň diýenimi etseň-ä, hiç ýerigem gitme. – Özüňi näme boljagyny öňünden bilip duran Agaýunusdyryn öýdýäňmi? Meniň kurortda näçe gün boljagym belli däl. Halasam, ýigrimi dört gün doly bolaryn. Içim gyssa-da gaýdybirin... * * * Ine, Kertik aganyň arzyly ýaşyl derwezesi. Gijelerine çirim etmän, göz öňüne getirip, arzuwlap ýatan derwezesi. Aýagyň aşagyndan ot syçraýan ýyllary ol bu derwezäni ençe gezek açyp-ýapypdy, ençeme gezek gijesini bu derrwezäniň aňyrsynda geçiripdi. Aýjan eje üçin niýetlenilip alnan zatlaryň köpüsi, ine, şu öýe getirilipdi. Wah, Aýjanyň bukjasyndanam kän-kän mata-marlygy çilip, şu öýe getiripdi. «Öýümize ogry giripdir» diýip, Aýjan görgüliniň aglan gezekleri az bolmandy. Bir gezek aýalyna eltip beren aýlygyny Kertik aga tutuşlygyna şu öýe gelmek üçin almaly bolupdy. Bir gije elkin ýatyp gelse, Aýjan Mämmediň üstünde taýak galgadyp dur: «Ogluň o günki getiren aýlygyň hemmejesini alaýypdyr, naýynsap. Munuň dişinde et galdyrmak bolmaz! Eger alan puluny gaýtaryp getirmese, ölýänçä urjak» diýip, aýaly bigünä Mämmedi, baý, urupdy. Mämmediň şol gezekki: «Men alamok!» diýip janykmasy her gezek şu ýere gelende Kertik aganyň ýadyna düşýär. «Öýüniň zadyna el uran çagadan adam bolmaz. Diňe ynsaby ýok adam öýüniň zadyny ogurlap biler» diýip, Aýjan eje köşeşerli däl. Kertik aga bolsa bu sözler ylla özüne aýdylýan ýaly, oglunyň gapdalynda saňňyldap dur. Onuň sesini çykarman durmasy aýalynyň hasam gaharyny getiripdi. «Sen nä keseki ýaly bolup dursuň? Ber almytyny! Ikinji gezek öýüň zadyna el uzatmaz ýaly et!». Kertik näme etjegini bilenok. «Belki, Mämmet alan däldir?» diýip, Kertik ikirjeňlenýär. «Dogry, dogry, men alamok». «Mämmet almadyk bolsa, onda kim alsyn? Gundogdaky çagadan, Mämmetden başga diňe ikimiz bar». Dogry, Kertik öz etmişiniň üstüni örtmek üçin söwer ogluna on-on bäş çybyk urmaly bolupdy. Şonda, nähak urandygy üçin, Kertik Mämmede köp gezekler eçilipdi. Ýöne iň uly eçilmeleri Kertik diňe şu öý üçin edipdi. Eh, ýatlap otursaň, ýatlara zat kän-le bu mysapyr görünýän gojada. Körpe ogly Atageldi jan dünýä inende-de, Kertik pälwan: «Moskwa gitjek» diýip, Patma gelniň öýünde ýatyrdy. Çaga dogrulýan öýde medsestra bolup işleýän Patma gelin buşlapdy oňa oglunyň bolanyny. Aýjan gelin bolsa: «Adamymy tapyp berdiň» diýip, ondan minnetdar bolupdy. Ogluna at dakmagy hem Patma gelne ynanypdy. Patma medsestra bolsa: «Çagajygyň ýiten kakasy aman-esen Moskwadan geldi. Şonuň üçinem adyny Atageldi dakaýyn» diýipdi. Şol medsetranyň diýşi ýaly hem etdiler. Muňa Kertik hem garşy bolup durmady. «Siziň üçin yhlas eden şol, siziň diýýän medsestraňyzyň – adyny näme diýdiňiz? – Aý, şonuň halan adyny dakaýalyň» diýip makullapdy. Soňam: «Şol medsestrany närazy etme» diýip, Aýjanyň göwün edip ýören bir geýimlik matasynam keselhana eltäýipdir. Aýjanyň oňa bir geýimlik matany-da niçezar beresi gelmedi. Adamsy «Ber!» diýip duransoň, alajy ýokdy. Soň bir görse, Kertigiň özem ol medsetranyň jübüsine pul dykyp dur eken. Iň gowusy, könäni ýatlamazlyk – köne samany suwarmazlyk. Sebäp – köne samanyň aşagynda tüweleý bar. Şu günden habar ber. Kertik aga köne endigi boýunça derwezäni üç gezek ynamly kakdy. Derweze açylmady. Ýene kakdy. – Kim bar? – Ysgynsyz ses çykdy. – Keşa, men Keşa! – diýip, Kertik aga çalaja gyzardy. Göwnüne, aýaly keseden seredip duran dek, töweregine garanjaklap galpyldady. – Kim diýdiň? – Derwezäniň gapysy açyldy. – Keşa-how men, Keşa! – Keşa ýylgyrdy. – Şeýlemi, asyl, entegem dirimi sen? – Diri, öläýendir öýtdüňmi? – Bireýýäm ölensiň öýdüpdim. Topuň oky ýalyjak bolaýypsyň sen-ä. Näme gerek saňa, Keşa? – Maňamy? Öň näme gerek bolup gelýärdim? Ä? Ýadyňa düşenokmy? Şu gapa mydama diňe sen diýip gelendirin. Maňa sen gerek, sen! – Menmi? Meni başyňa ýapjakmy? – Başyma ýapjak, Patma jan. Başyma ýapjak, başyma teperrik etjek. Başyma täç etjek! – Aýalyň görgüli öläýdimi? Ölendir-le. Aýaly ölensoň, erkek –erkegem däldir. Saňa ýaranjak bolup ölendir görgüli?! Barybir, saňa ýaranyp bilen däldir. Durşuň bilen iňirdä sen. – Ölmedigiň jynazasyny okajak bolup durma! Meniň aşymy-suwumy bermän öläýer ýaly däl. Sen onuň adyny tutma. Özüň hakda gürrüň ber. – Erkekleriň henmmesiniň heni bir. Dulunda oturanyň adyny ýagşydan-ýamandan tutmaly däl. Ony ata-enesi oglunyň razylygyny soraman alyp berendir. Erkek kişi dulunda oturan aýalyny söýýän däldir. Senem şeý diýýärdiň. Diňe meni söýýärsiň. – Seni söýmez ýaly däl-ä?! Perileriň perisi, ýüregimiň ýylysy. Ynanaý, sen garramansyň. Şol öňki owadanlygyň. Şol öňki päkizeligiň. Seniň jadylaýjy gözleriň-dä meni dälilik hetdine eltýän. Seniň mähir-muhabbetli gözleriň öňünde men ejiz. Walla, ejiz. Ýogsam men, heý, heleýimiň bukjasyndan zat ogurlap saňa getirerinmi?! Seniň üçin etdim men ol ogurlyklary! Bu günem bar zadymy taşlap, öýde müň bahana tapyp, ýigrimi dört günläp sen bilen aýşy-eşretde bolmak üçin geldim. – Ýigrimi dört gün?! – Arçmanyň bir kurs leçennisi-dä – diýip, Keşa gözlerini güldürdi. Erinleri dagy çekildi gitdi. Ömründe şeýle ýyrşaranyny Aýjan eje gören däldir. Indem görmez görgüli. Adamym ýylgyrýandyram öýdenok ol görgüli. Ol-a ýylgyrmak eken, iňirdemän-gaharlanman otursa, öýdäkileriň hemmesem ondan müň-de bir razy. – Ýigrimi dört sagat bolaýmasyn?! Ýog-eý, men saňa ýigrimi dört günläp çydap bilmerin. Ýigrimi dört gün seniň bilen bolamsoň, meni Arçmanam, Soçem bejerip bilmez. Meni öldürjek bolýaňmy?! Keşanyň süňňi ýeňledi: – Seniň öýüň – meniň üçin Arçman. Sen meniň kurortymsyň, Arçmanymsyň, Patma jan! – Diliň-ä süýji. – Özümem süýjüjedirin, Patma jan! Ýigrimi dört gün dünýäni unudyp ýaşaly. Goý, dünýä hem bizi ýigrimi dört günläp unutsyn. «Arçmana baryp, biriniň öýünde kireýine ýaşa» diýip pul berdiler. Men seniň kurortynda mugtuna dynç aljak däl. Hyzmatyňa görä tölejek. – Diliň süýji – puluň azdyr, näme, puluň azlygyny süýji söz bilen dolduraýjak bolýaňmy? – Pulum kän! Sen puluň gürrüňini etme! Diňe aýalynyň beren puly bilen gaýdyberendir öýtme. «Aýalyndan ogryn pul saklamaýan erkek erkegem däldir» diýýärdiň-ä birmahal. Onsoňam men puly özüm saklaýan. Kempirime pul sakladamok men. Kempirim öýde näçe puluň bardygynam bilýän däldir. Ýöne seniň ýanyňa gaýtmak üçin gaty köp wagtdan bäri pul ýygnap ýördüm. – Öň geleninde bazaryň üstünden gelýärdiň. Bu gün-ä iki eliňi burnuňa sokup gelipsiň... – Men saňa pul bereýin. Özüň şäheriň ýagdaýyny menden gowy bilýänsiň. Bazara git-de iýeris öýden zadyňy getir. Mes ýaşaly. Näme alsaň, bir aýa ýeter ýaly edip al. Şu gün agşam bolsa, öňkiň ýaly, maňa towukly, kişmişli palaw bişirip berersiň. – Kömekleşermiň? – Käşirini dograp bereýin – diýip, Keşa ilgeziksiredi. * * * Keşa ýeňil basyp içeri girdi. Eşiklerini çykaryp, özüni krowatyň üstüne bir halta deýin zyňyp goýberdi. Şol öňki krowat! Heziller etdi. Ol mundan otuz-kyr ýyl öňem şeýderdi: içeri girerdi-de, eşiklerini çykaryp, özüni krowatyň üstüne oklap goýbererdi. Gerilip, nazaryny petige dikip ýatardy. Patma gelerdi-de, onuň gapdalynda gyşarardy. Ýadap gelen ýarynyň aýaklaryny owkalap bererdi. Elinden, ýüzünden sypardy, öperdi. Hernäçe ýadap gelenem bolsa, köp salym geçmänkä Kertigiň ýadawlygy zym uçan dek bolardy. Öýde türsüli-maýkaly gezerdi. Çaýam türsülije içerdi, naharam türsülije, goşa per ýassygy ýassanyp içerdi. Bir aýagyny Patmanyň üstüne atardy. Degişerdi, gülüşerdi. Keşanyň göwni ýene şo geçen günleri küýseýärdi. Ol öýde oňytly pul goýman, ogryn ýygnanjasynam alyp gaýdyp, bar niýeti şol geçen günlerini täzeden gaýtalap, lezzet almakdy, dynç almakdy. Keşa krowatyň üstünde gerilip ýatyşyna içerini synlady. Patma, hana, öňki işlerine girişdi: birmahalkysy ýaly, Keşa üçin törden düşek taýýarlady. Sebäp, Keşa stolda naharlanmagy halamaýar, ol ýumşajyk düşekde iki-üç ýassygy ýassanyp naharlanmagy halaýar. «Menden sowremenni ýasajak bolma» diýip, Keşa iňirdäberýär. Onsoň Patma gelin Keşanyň isleýşi ýaly edýär. Garasaý, Keşanyň islegi şu ýerde kanun. Öň-ä kanundy. Ýene kanun bor-la! Näme üçin kanun bolmasyn?! Onuň puly bar-a! Patma şo-ol göwşül iki ýassygy Keşanyň tirsek urjak ýerinde goýdy. Soňam Keşanyň birmahal öýünden ogryn alyp getiren hum çäýnegini ajyja demläp, üstüni basyrdy. Bu öýüň köp zatlary Keşanyň öýünden getiren zatlary. Eger Aýjan ejäni bu öýe goýberseň, ol köne ýitgileriniň hemmejesini tanar. Öýüň içi bolsa boşap galar. Şeýle bolmasyn-da hernä! Patma gelin Keşanyň eçilen bir petde puluny ullakan gapjyga salyp, eline birki sany sumka alyp, ugralla bazara ugrady. Keşa bolsa özi üçin ýörite taýýarlanan düşege geçip, käte bir çaý owurtlap, söýgüli ýaryna garaşmaga başlady. Bir ýarym sagadyň içinde Keşanyň söýgüli ýary ýörite maşyn tutup bazaryň ýarpy zadyny öýüne getirdi. Patma bazarda gören-u-görmedik zatlarynyň baryndan göterip bilenini alyp gaýdyberipdir. Sähel salymdan Patma gelin – Keşa söwer ýaryny şeýle atlandyrýar – saçagyň üstüni dürli-dümen ir-iýmişden, nogul-nabatdan doldurdy. – Munça-da bir zat almak bolarmy? Eý, sen meniň beren pulumyň baryny gurt edäýdiňmi? – Wiý, bu oglanyň iňirdisini?! Seniň puluň hiç zada-da ýetmedi. Alan zatlarymyň ýarpysynyň puluny özümden töledim. Men özümden çykaran pulumyň gürrüňinem edemok. – Eý, Patma gelin, meniň hälki beren puluma galyňyny töläp, iki sany gül ýalak gyz satyn alyp bolýar. – Alyp bolýan bolsa, meniň ýanyma gelmelem däl ekeniň. – Beýle köp zady başyňa ýapjakmy? Ol-a ýigrimi dört gün eken, ýigrimi dört ýyla-da ýetjek getiren zatlaryň. – «Ýigrimi dört gün» diýip, sen meniň başyma musallat boljak bolma. Eger hälki beren pullaryňy minnet etjek bolsaň, ine, getiren zatlarym. Şularyň baryny al-da göteril. Maňa seniň zadyňam gerek däl, iňirdiňem. – Haý, ýalňyşdym-ow, pulumyň baryny öňünden bermeli däldim. Pulumyň gutaranyny bilip, eýýäm bujurygyňy artdyryp ugradyň. – Şu getiren zatlarym iki gün iýmegimize ýeter. Iki günden soňam gidersiň. – Sen meniň aşyma awy gatjak bolýaňmy? – Ýok, öňünden düşünişjek bolýan. – Sen, ilki bilen, meniň ýadap gelendigime düşün. Aýaklarymy owkalap ber. Patma gelin sesiz-üýnsüz Keşanyň aýaklaryny owkalamaga girişdi. * * * – Keşa, Keşa, hany, indi tur! Doly ukusyny almansoň, gözleri towşanyňky deý gyzaryp duran Keşa oýaly-ukuly başyny galdyrdy. Patma gelin onuň başujunda otyr. – Näme, beýle howlukmaçlyk bar? Öz işiň bilen bolubersene. Men ukudan bir doýaýyn. – Turmasaň boljak däl. Men oýlandym, anyk bir pikire-de geldim. – Pikire gelseň gel, ýöne meniň ýanyma gelme häzir. – Turmasaň bolanok, Keşa. – Onuň ýaly bolsa turmaly bolar, Patma gelin. – Hany, eşikleriňi geý. – Eşiksiz bolsam, menden gorkýaňmy? – Aýnamasana, Keşa. Seniň meni gorkuzan ýeriň ýokdur. Men saňa dört günläp hyzmat etdim. Başda iki gün diýipdim. Meniň hyzmatymdan närazy ýeriň barmy? – Senden närazy däl-le. Gurşup giden aýaklarymy owkalap berdiň. Arçmanda-da şeýdip owkalamajaklaryny bilýän. Gowy-gowy naharlar iýdirmejeklerinem bilýän. Geçmişi ýatlaşdyk. Ynansaň, dünýä täzeden gelen dek boldum. Aý, men seni bilip saýlapdyryn-la. – Ähli zady iň gowy ýerinde süýjüligi bilen gutarmaly. Ikimizem dynç almamyzy gowulyk bilen, dawa-jenjelsiz gutaraly. Sen indi öýüňe gaýt. – Nätdiň-aý, Patma gelin?! Meni kowjak bolýaňmy? «Ýigrimi dört günläp boljak» diýdim-ä. – Diýdiň. Ýöne şu gün Kiýewden oglumyň gelmegi mümkin. Onuň öňünden şu ýaşda oýnaşly çyksam, gelşiksiz bolar. Meni masgara etme-de, goşuňy ýygna. – Mende üýtgeşik goş ýok – diýip, ýarym-ýalaňaç ýatan Keşa oýkanjyrady. – Patma gelin, keýpimi uçurmasana meniň. Ýa göwnüňe degdimmi? Gödek söz diýdimmi? Men bar pulumy dessine saňa berdim. Indi men nirä gideýin?! Ogluň gelse, goý, gelsin! Özüm gürleşeriňem, düşünişeriňem. Ýadyndamy, ogluň meni nähili gowy görýärdi?! Ol meni görse, begener. «Kaka jan!» diýip gujaklar. Ol maňa «Kaka jan!» diýerdi hemişe. Gelse, ynha, görersiň, ýene şeýle bolar. Ýöne «Oglum gelýär» diýmäň bahana bolaýmsyn? Ol geljek bolsa, dört günüň içinde bir gezek dagy aýdardyň-a. – Nähili düşünesiň gelse, şo hili düşün! Ýöne, git! Özem derrew git. Bazardan getiren zatlarymdan galanynam çöpleşdir-de öýüňe äkit. Agtyklaryň hezil edip iýer. Maňa seniň zadyň gerek däl. Gorbaçýowyň berýän pensiýasy maňa ýetýär. – Men saňa zady öýüme äkitmek üçin getirtmedim. Iýip-içip, dynç almak üçin getirtdim. – Keşa ýerinden galdy. Ol Patma gelniň ýüzünden many agtardy. Belki, degişýändir? Aý, ýok, ýüzünde-hä mähir-şepagat ýok. Gaty hyrsyz. – Maňa: «Öýüňe gaýt!» diýjek bolýaňmy? – Zatlaryňy gapynyň ýanynda taýýarlap goýdum. – Beý diýmesene, Patma gelin. – Keşanyň sesi naýynjar çykdy. – Arçmana diýip öýden çykdym. Dört günden soňam öýe barsam, öýdäkilerem, goňşy-golamlaram üstümden gülerler. Seniň Arçmana gidip gelşiň ýaly diýerler. – Sen «Arçmana gitjek!» diýip çagalaryňy aldandyryn öýdýäňmi? Sen olary aldamarsyň. Olar seniň egreniňi bireýýäm dokap goýanlar. – Olaryň meniň bilen işleri bolmasyn. Olary ekläp-saklap, adam etdim. Besdir-dä indi. Ýaşymyň soňunda meniňem dynç almaga hakym bardyr-a?! – Dynjyňy çagalaryň arasynda al. – Patma gelin Keşanyň eşiklerini öňüne zyňyp goýberdi. – Alan ýeriňde goý, bolmasa, urlarsyň. – Keşa, gel, gowulyk bilen aýrylyşaly. Mütürik ýaly, ýapyşyp oturma. – Sen buýtar-suýtar etmän, «Oglum Kiýewden gelýärem» diýmän, «Öýüňde garaşýandyrlaram» diýmän, gönüjäňi aýt. Näme üçin maňa «Git!» diýýäň? Menden göwnüň galdymy? – Göwnüm galanok. Seni gowy görýän, ýöne, sen meni tanaňok, Keşa. Ärsizligimiň düýp sebäbi meniň ýeksurunlygym, ýeköýlüdigim. Ýadyňdamy, sen: «Moskwa dynç almaga gitjek» diýip öýe geleňde, men, gör, seni näçe gün myhman aldym. Onuň iki sany sebäbi bar. Birinjiden-ä, men o wagt ýaşdym, azda-kände nerwime buýrup, çydap bilýärdim. Ikinjidenem, men o wagt günuzyn işleýärdim. Seni diňe işden soň görýärdim. Häzir pensiýada, günuzyn ýüzüňe bakyp, iňirdiňi çekip, iýdirip-içirip oturyp biljek däl. Seni görsem, erkekleriň myrryhdygy ýadyma düşüp, gaharym geliberýär. Men bütin ömrüme ýeke ýaşap, ýekelige halys öwrenişipdirin. Bilýäň-ä, ýeke oglumy hem ýanymda ýaşatmadym. Görgüliniň görmedigi görde galdy. Indi ol öýli-işikli. Iki sany çagasy bar. Şolaram men öýde iki günden artyk saklamok. Olar maňa belet. Birki gün bolup, dessine yzlaryna gaýdýarlar. Besdir, aýnap bildik. Indi men özümi tertibe saljak. Içerini syryp-süpürjek. – Patma gelin, men saňa kömekleşeýin. Men öýi tertibe salmaga, nahar bişirmäge gaty ökde. Näme et diýseň edeýin, «Öýüňe gaýt» diýmeseň bolýar. Wanna düşseň, arkaňy ýuwup bereýin. Edil meni ýuwundyryşyň ýaly edeýin. Ynanaý, içeriňi özüm ýuwup bereýin. Egin-eşikleriňem ýuwup bereýin. Naharam sen bişirme. Özüm bişireýin. Nähili nahar iýesiň gelýän bolsa, maňa göni aýt. Men islän naharyňy bişirip bereýin. Gara çynym! – Men saňa düşünýän, Keşa. «Adam ömründe bir gezek çaga bolýar» diýýärler. Nädogry şol. Adam ömründe iki gezek çaga bolýar. Bir-ä dünýä inende, ikinji gezegem garranda. Garrynyň göwnem, pikirem çaganyňky ýalydyr. Seniň: «Arçmana gitjek» diýip, meniňkä gelmegiňem ýaşy birçene baran adamyň etjek işi däl. Seniň geçmişiňe dolanasyň gelýär. Rugsatsyz gelen garrylygyňy boýun almak islemeýärsiň. Dünýäni unudyp, keýp çekesiň gelýär. Şeýdip, geçen günleriň bilen hoşlaşýansyň. Seniň çaganyňky deýin ynjyk göwnüňe degesim gelenok. Ýöne men dört günüň içinde lütüm çykyp ýadadym. Indi çydap bilemok. Ynan, düşün! Meniň ýeke bolasym gelýär. Ýeke galyp, etjek işlerim bar. – Şu gürrüňini goýsana indi. Men hiç ýerigem gitjek däl. Ýadan bolsaň, meniň otagyma gelme. Şu otagdan başga-da ýene iki otag bar. Saňa şol iki otag ýeterlik. Men bolsa şu otagdan çykjagam däl. Sen öýde hiç kim ýok diýip hasap et. Ir bilen kellämi agyrtdyň. Içigar galmyş, indi kelläm agyrýar. Başarsaň, maňa ajyja çaý ber. Kyn görseň, çaýam özüm demlärin – diýip, Keşa garysyna galdy, içini hümledip esli salym oturdy. – Öň bir gezek şähere gelemde: «Kurorta gaýtjak» diýip geliber» diýen kim? Meniň-ä kellämde-de ýokdy seniňkä gelmek. Menem seniň sözüňe ynanyp geldim. – Geldiň, dört günläp hyzmatyny etdim-ä. – Ýene ýigrimi günüň galdy. – Keşa, maňa bir sözi köp gaýtalatdyrma. Gitjekmi ýa ýok, sen maňa şony aýt! – diýip, Patma kesgitli gürledi. Sesi gahardan ýaňa sandyrap çykdy. – Anyk jogap isleýän bolsaň, aýdaýyn. Men kurortda! Kurortyň möhleti gutarmasa, gitjek däl. Men saňa şu güne çenli minnet eden däldirin, ýene edemok, ýöne ýatlatmak isleýän: men seniň üçin, başga biriniň däl, diňe seniň üçin sekiz ýyl ömrümi türmede geçirdim. Sen türmäniň nämedigini bileňok. Men bilýän, meniň çeken horluklarymy sen bir günem çekip bilmersiň. Seniň günäňi öz üstüme alyp, türmede bitimi şänik ýaly edip ýörkäm, seniň guran jaýymda, meniň alan krowatymda, meniň alan per ýassygymda meýmiräpjik ýatdyň. Horlugyň nämedigini bilmediň. Türmedekäm hem aladaňy etdim. – Namart gürrüň edýäň, meniň gözümiň alnynda mundan artyk kiçelme, Keşa! – Bilýän namart gürrüň edýänimi, ýöne ýatladaýaýyn diýdim. – Türmeden çykyp geleniňde men seni bir aýlap bakyp-bejermedimmi? Şonda näme diýipdiň? «Şu hyzmatyň üçin men ýene sekiz ýyl türmede ýatmaga taýýar. Men saňa ömürboýy minnetdardyryn. Aýagyňdan ogşajak!» diýip, aýagymy şapyrdadyp ogşap ýatan kimdi? – Men ýalňyşypdyryn şonda. – Aýagymy ogşap otursaň, men samsyk güp ynanypdyryn saňa. Heý, sendenem bir türkmen bolarmy! Türkmende erkek galmandyr. – Türkmeniň-ä gül ýalak ýigididirin men. – Seniň maňa sekiz ýyl türme bergiň bar. – Bergiň? – «Ýene sekiz ýyl türmede oturmaga taýýar» diýdiň-ä. – O sözüme ynanma. Ol bugaryp, meýmiräp ýatan wagtym dilimiň samyrdamasydyr. Bugaryp ýatyrkaň nämeler diýilmeýär?! Men degişendirin. Degişegen men. – Wsýo! Gürrüň gutardy! Eger gowulyk bilen aýdanymda diýenimi etmeseň, men seni ýene gözenegiň aňyrsyna geçer ýalak ederin. Seni öýden çykarar ýaly adam hem taparyn. – Ol-a adam eken, traktor tapsaňam getiriber. Aýalymyň hut özi gelse-de turmaryn. Sözüm sözdür. Sözüm Kertik baýyň sözüdir. – Äl, seniň baý bolaýşyňy?! Bir gezek bazara gidip geldim welin, on üç köpügiň galdy. Munyň marşrut, awtobus münmäge-de ýetmeýär. Şonuň üçin, meniň diýenim bilen bol. «Meni zorlajak boldy» diýsem nätjek? Häzir erkege däl-de, aýala köp ynanylýar. Aýagyňy göre sallap oturan halyňa türmä düşjek bolup dyzap durma. – Gözümi Sibirde açdyrsana, Patma gelin! Men Sibirde bolup göremok... * * * – Wiý, çal, eýýäm kurortdan geläýdiňmi? – diýip, Aýjan eje maşyndan düşen adamsyny görüp geňirgendi. Aýalynyň bu sözleri Kertik aganyň kejebesini daraltdy. Üstümden gülýän bolaýmasyn diýen howatyr onuň on iki süňňüni lagşatdy. – Näme diýjek bolýaň? Kim diýdi şony? Ynanma sen, ynanma! Heý, şu ýaşdan soňam men şeýle işler ederinmi? Men – pensiýa çykan adam. Ýaşy altmyşdan geçen adam. – «Ýigrimi dört günlük» diýip gidip, on gün bolmanka geläýdiň. Howasy ýaramadymy, suwy ýaramadymy? – Heleý, meni ýaňsa alan bolýaňmy? «Howasy ýaramadymy, suwy ýaramadymy» diýen bolup, näme diýjek bolýanyňa gaty gowy düşünýän. Kim aýdanam bolsa, töhmet! Töhmet! – Kaka, sen ejeme nädogrurak düşünýäň. Oňa hiç kim zat aýdanok. Ýöne «Ýigrimi dört günlük» diýip gideniňden soň, dokuz günde gelmäňi geň görýär. Ejem saňa gitmäňkäň aýtdy: «Mensiz günüň geçmez Arçmanda» diýip. Öýe gaýdasyň gelen durandyr görseň. – Sen gürleme. Köpbilmişsirejek bolýaňmy, jikjiki?! – Kakam indi sensiz oňup bilmeýär, eje. Otludan düşenden: «Ejeň jany sagmy?» diýip sorady. – O nämäniň otlusy? – Kertik aga gaharyna gaýnaýar. – Eje, kakama çaý bermeseň boljak däl. Ol uzak ýoldan aryp gelen adam. Çaý içsin. Gürrüňi soň edibiýris. Häzir ýeke agzam gürleşmäliň. Kaka, sen düşege geç. Men derrew içerden düşekçe bilen ýassyk getireýin. Eje, onda çaýy özüň goý. Çaý goýmak hakda gürrüň bolandan Kertik aga üýtgedi, agraslandy. Asyl, gaharlanmadyk ýaly, mylaýymdan mylaýym gürledi: – Ejeňi azara goýmaly, oglum! Çaýy özümizem goýup bileris ahyryn. Sen içerden ýassyk getirýänçäň, çaýy özümjik goýaýaryn. – Ýok, ýok, saňa çaý goýduryp bolmaz, kakasy! Aýjan eje haýdan-haý çaýyň ugruna çykdy. Atda düşek bilen ýassyk getirmek üçin içeri girdi. Kertik aga oglunyň yzyndan seredip, biraz köşeşdi. Aý, ol judabir bihal adam däl. Şeýleräk ogul ýetişdiren adam döşüni gaýşardyp pensiýa çykyp biler. «Men dynç almaga, hökümetiň pensiýasyny almaga mynasyp» diýip aýdyp biler. Tüweleme, men ogul ýetişdirip bilipdirin. Beýle goç ogla bil baglasa bolar. – Berekela, ogul, berekella! Kakaň terbiýesini alanyň bildirýär. Düşegi, ine, şu ýerräkden ýazaý. Ata-eneňizi hormatlasaňyz, bereket taparsyňyz. Aýjan, görýäňmi, biziň körpe oglumyz gaty akylly ýigit bolupdyr. Meniň-ä göwnüm ýetýär muňa. Kertik aga ýumşajyk düşekçäniň üstüne agraslyk bilen özüni goýberdi. Özüniň juda ýadandygyny düşege geçensoň duýup galdy. Asyl, garrandygyny duýdy. Aýalynyň bir çäýnek çaýyny içen Kertik aganyň kalby rahatlyk tapdy. – Hemmeler saglykmy, Aýjan? Özüň salamatmyň? Goňşy-golamlar saglykmy? Aýjan eje adamsyny geňirgenme bilen synlady: – Şükür... – Saglyk bolsun hernä! Saglygyň gadyryny bilmelidir, Aýjan. Allatagalanyň her dem bererine şükür etmelidir. – Kurortda Aýjan ýokdur saňa, çal. Görseň, uzak durup bilen dälsiň! – diýip, Aýjan eje ýeňiji hökmünde ýylgyrjaklap gürledi. – Men näme diýdim saňa?! «Gitme, kurortyň etjek zatlaryny özüm edip bereýin» diýdim. «Aýaklaryňy owkalap bereýin» diýdim. Etmediň, gitdiň. Menden başga keşigiňi çekjek ýokdur, görseň. Men seni edil çaga saklan ýaly apalap saklaýaryn... – «Adam ömründe bir gezek çaga bolýar» diýýärler. Aýjan, şol nädogry. Meniň başgarak pikirim bar: adam ömründe iki gezek çaga bolýar. Bir-ä dünýä inende, birem – garranda. Garrynyň göwnem, pikirem çaganyňky ýalydyr. Oňa ýaranmak görgüdir. Onuň göwni geçen günlerini küýsär. Ol günleriň dolanmajakdygyny boýun almajak bolup her iş eder. Sen nä öň görmedik ýaly, maňa beýle tiňkäňi dikýäň? Näme diýjek bolýaň? – Kakasy, sen dokuz günüň içinde, göwnüme bolmasa, üýtgäpsiň. – Nähili üýtgäpdirin? – Birhili öz-ä, garra meňzeýäň... Aýjan eje duýan eken: Kertik aganyň garrylygy, hakykatdanam, şol günden başlandy. Osman ÖDÄÝEW. | |
|
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |