01:12 Geçmişiñ gözli şaýatlary | |
GEÇMIŞIÑ GÖZLI ŞAÝATLARY
Taryhy makalalar
Gözbaşyny has irki döwürlerden alyp gaýdýan biziň türkmen topragymyzyň, ata-babalarymyzdan bize miras galan şöhratly taryhy bilen bu günki gün dünýä ýüzüni haýrana goýýar. Şeýle taryhymyzyň janly şaýatlary bolan milli gymmatlyklarymyzyň naýbaşysy medeni mirasymyz bolsa türkmen halkynyň egsilmez baýlygydyr. Magtymguly etrabynyň çäkleri diňe bir tebigy gözelliklere baý bolman, keramatly ýerlere, taryhy ýadygärliklere juda baýdyr. Etrapda ösümlik we haýwanat dünýäsine baý, gözel tebigaty bolan, Köpetdagy gujaklap oturan Sünt-Hasar dagy, Ekiz dagy, Tokmak dagy, Gozly dagy, Garaoglan dagy, Serharmanyň dagy ýaly birnäçe dagy, Gitdimhoz deresi, Ýoldere, Aýdere, Pordere, Bagandyr, uly we kiçi Gökdere ýaly dereleri, Margyz, Bulguzara, Garabugra, Jümeý, Güwen, Çendir ýaly jülgeleri we Gozaty çeşmesi, Tokly çeşme ýaly birnäçe her bir derde melhem tenekar çeşmeleri bardyr. Bu ýerlerde bitýän ösümlikler tutuş ýylyň dowamynda öz tebigy gözelligini saklaýar. Etrabyň içinden geçip gidýän Sumbar, Çendir derýalary ýokarky agzalan gözelliklere has-da gözellik goşýar. Etrabyň çäklerinde tebigy gözellikleri goramak we öwrenmek maksady bilen 1979-njy ýylda Sünt-Hasardag döwlet goraghanasy döredildi. Goraghanada tebigaty goramak, sebitiň dürli görnüşli ösümlik örtügini, haýwanat dünýäsini goramak we öwrenmek barada uly, giň göwrümli işler alnyp barylýar. Sebitde we goraghananyň çäklerinde duşýan endemik görnüşli ösümlikleriň hem sany juda köpdür. Sumbar jülgesi diňe bir özüniň baý tebigatly gözel ýerleriniň bolmagy bilen tapawutlanman, eýsem, taryhy ýadygärliklere-de juda baýdyr. Jülgede adamlar gaty ir döwürlerden bäri bu ýerlerde ýaşap gelipdirler. Munuň şeýledigini subut edýän gymmatly maglumatlar, halk rowaýatlary-da köpdür. Sumbar jülgesinde geçirilen arheologik gazuw-agtaryşlaryň netijesinde, bu ýerlerde yslamyň aralaşmagyndan hem gaty kän ozal ýaşaýyň bolanlygy ýüze çykaryldy. Bu maglumaty Sumbar derýasynyň iň uly goşandy bolan Çendir jülgesiniň Bezeglidere diýen ýerindäki gadymy döwrüň adamlarynyň daşyň ýüzüne çekip goýan şekilleriniň, adamlaryň, haýwanlaryň suratlary-da subut edýär. Gazuw-agtaryşlaryň netijesinde yslamdan öňki hasaplanýan onlarça mazaryň üsti açyldy. Etraba degişli bolan daglarda gezip ýörkäň, köp ýerlerde dürli küýze döwükleri, gap-gaç bölekleri, ir döwürlerden galan bişen kerpiçler gabat gelýär. Hasar dagynyň üstünde haýsy döwürde, kimler tarapyndan gazylanlygy belli bolmadyk, içi bişen kerpiç bilen örülen, içi suwly guýular häzirem bar. Ýaşulularyň gürrüň bermegine görä, Hasar dagynyň üstünde uly galanyň yzlary hem barmyş. Ol gala barmasy iňňän çetin bolan dagyň üstünde ýerleşipdir. Ol galany syndyrmak duşmanlara aňsat bolmandyr. Bu barada halk arasynda birnäçe maglumatlar, rowaýatlar saklanyp galypdyr. Sünt-Hasar dagynyň hem täsin syrlary we gadymylygy barada halk arasynda dürli rowaýatlar bar: Ir döwürlerde bu ýerdäki obada Sünt we Hasar atly iki erkek dogan bolup, olar diýseň agzybir we arkalaşykly ýaşapdyrlar. Doganlar köplenç aw awlap gün görüpdirler. Bu agzybir doganlara ilçilikde bahylçylyk edýänler hem bolupdyr. Bir gezek doganlaryň ulusy Hasar näsaglap, awa gidip bilmän öýde galýar. Sünt gidip, dagdan bir keýigi awlap gelip, gapysynda agaçdan asyp, soýup ugraýar. Şonda keýigiň bir böwregini alyp, ony ikä bölýär we onuň birini öz ogluna, bir bölegini bolsa, agasynyň ogluna berýär. Hasaryň öýünde oturan obanyň bir gepçi aýaly, bu wakany görüp hezil edýär. Hasaryň ogly eli ýarty böwrekli öýlerine gelenden, ol aýal: «Siz Sünti gowy oglan diýip öwýärdiňiz. Gowy bolsa, öz ogluna bitin, siziň ogluňyza bolsa, ýarty böwrek bermezdi» diýip, olaryň agzyny alardýar. Ilkibada iki gelin, soňra bolsa, doganlar gyzyl ýumruga girişýärler. Netijede doganlar heläk bolýarlar. Oba adamlary üýşüp gelse, boljak iş bolupdyr. Anyklansa, bu wakanyň arkasynda bir bahyl-gybatçynyň bardygy ýüze çykýar. Ol gybatçy aýaly obaň ortasyna çykaryp, ýeten bir kesek atyp öldürýärler. Ölen oglanlaryň hersini bir dagyň üstünde jaýlaýarlar. Şondan soň, ol daglara Sünt we Hasar dagy diýen at galypmyşyn. Sünt dagynyň Günorta eňňidinde ýurdumyzda keramatly öwlüýäleriň biri hasaplanýan Şyblan baba öwlüýäsi ýerleşýär. Bu ýerde zyýaratçylar, myhmanlar üçin gowy şertler döredilipdir. Bu ýere 3-4 ýerde uly çynarlar ösüp otyrlar, 3-4 ýerden dag göwsüni ýaryp, çeşmeler akyp dur. Bu ýere zyýarata gelen adamlar salkyn saýada, çeşme suwundan çaý gaýnadyp içýärler. Şiblan (Şibli) babanyň zyýaratgähinden günbatarlygyna dag ýodajygy bilen bir kilometre golaý geçseň, Bagandyr diýen derä düşýärsiň. Bu jülgä öwrülen dere hem gözel ýerleriň biri bolup, aralykda ir döwürlerden galan galanyň harabalygy bar. Deräniň içinden iki ýerden süýji suwly çeşme akýar. Çeşmeleriň suwy Magtymguly etrabynyň ilatyna agyz suwy hökmünde hyzmat edýär. Deräniň ýokarsynda «On iki aýlaw» diýen taryhy ýadygärlik bar. Patyşa rus goşunlary XIX asyryň ahyrynda Türkmenistana gelenlerinden soň, Magtymguly etrabyndan Serdar şäherine demir ýoluň geçýän ýerine göni ýol çekmek zerurlygyny duýýarlar. Ýerli halkyň gatnaşmagynda Sünt dagynyň Günbatar egninden dagyň üsti bilen ýol çekmekligi göz öňünde tutýarlar. Netijede, dagyň üstüne çykýan on iki sany öwrümli, daşdan salnan ýol çekilýär. Oňa ummasyz ýerli ilat, goňşy obalardanam adamlar çekilýär. Ol ýoldan gabat gelýän iki paýtun bir-birine galtaşman geçip bilýän eken. Näme sebäbe görädigi mälim bolmadyk bu ýol soň ulanylmandyr. Emma şol ýoluň harabalygynyň yzlary häzirem dur. Ýoluň başlanýan ýerinde bu ýoluň rus we türkmen dillerinde haçan we kimler tarapyndan gurlanlygy barada ýazgy bar. Magtymguly etrabynyň her obasynyň, her dagynyň, deresiniň, täsin jülgeleriniň we çeşmeleriniň özboluşly taryhy bardyr. Köp obanyň töwereginde gadym döwürlerden galan ýadygärlikler, galalaryň harabalyklary henizlerem bardyr. Magtymguly etrabynyň özünde hem 2-3 ýerinde galanyň aýdyň yzlary bardyr. Ol galalaryň birnäçe ýerleri ýykylyp, olaryň ýerine şol daşlardan peýdalanyp, ýaşaýyş jaýlary salnypdyr. Magtymguly şäherçesiniň özi-de ýylyň bütin dowamynda gök öwsüp oturan, saýaly, miwe berýän baglary bilen juda gözeldir. Şäherçede ülkäni öwreniş muzeýi, öz akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň uly ýadygärligi bar. Güýz aýlary köçeleriň ugrunda hasyl berip oturan nar, injir agaçlary, dik asmana galyp oturan kiparisler kalbyňda dürli duýgulary oýarýar. Gerkez obasyna, keramatly Şiblan, Akderek, Şyh Attar ýaly öwlüýälere ýurdumyzyň çäklerinden, daşary ýurtlardanam myhmanlar zyýarata gelýärler. Şäherçeden 7-8 kilometr daşlykda Parhaý jülgesi ýerleşýär. Ol ýerde jana şypa beriji, täsin çeşme çykýar. Bu ýere adamlar dynç we şypa tapmak üçin, häli-şindi, ýylyň her paslynda-da gelip durýarlar. Gerkez obasynyň ortasynda geçen asyryň 50-nji ýyllarynyň ahyryna çenli «Ýuwangala» diýen galanyň sudury bardy. Obanyň içinden geçýän çeşme suwuna häzirem «Ýuwançeşme» diýýärler. Şol döwürlerde ol gala ýykylyp, tekizlenip, onuň ýerine mekdep salnypdyr. Bu obada häzirem Türkmenistanyň akyldar şahyry Magtymgulynyň nebereleri ýaşaýarlar. Obanyň 2-3 ýerinde ilat arasynda henize bu güne çenli keramatly hasap edilýän öwlüýäler bar. Obanyň Gündogar çetinde XIV asyrda salnan, keramatly Öwezberdi şyhyň aramgähi seleňläp dur. Öwlüýäniň töwereginde Magtymguly Pyraga bagyşlanyp, kinofilm surata düşürildi. Gerkez obasynyň gözelligi göreni haýrana goýýar. Obanyň juda amatly, gök öwsüp oturan, özboluşly täsin ýerde ýerleşendigine göz ýetirýärsiň. Obanyň ortasynda Gerkeziň akyldar ogly beýik Magtymguly Pyraga bagyşlanan muzeý işleýär. Muzeýdäki dürli eksponatlar ýylyň bütin dowamynda bu ýere gelýän myhmanlaryň ünsüni özüne çekýär. Gerkez obasynda, 10 kilometr Gündogarda Magtymgala obasy ýerleşýär. Obada XIV asyrdan galan ýadygärlik Magtym Mäzemiň aramgähi seleňläp dur. Rowaýatlara görä, bu mawzoleý ozallar türkmeniň magtymlar tiresiniň keramatly şyhynyň aramgähimiş. Aramgähde 3-4 sany mazar bar. Geçen asyryň ortalaryna çenli aramgähiň içinde arça agajyndan ýasalan uly sandyk bardy. Şol sandyk kitapdan doly eken. Ol kitaplar soň ýok edilipdir. Aramgähiň çep tarapyndaky uly gaýanyň üstünde ir döwürlerden galan galanyň sudurlary bar. Şol obaly ýaşuly Öwezberdi aganyň aýtmagyna görä, bu gala hem berk goralýan, barmasy aňsat bolmadyk bir dagyň üstünde ýerleşipdir. Muny basybalyjylar şunça synanyşsalar-da, alyp bilmändirler. Her çozuşa galanyň ilaty berk gaýtawul bermegi başarypdyr. Galanyň töwereklerinde, Sumbar jülgesiniň ugurlaryna ekin ekipdirler, mal bakypdyrlar.Ýagy çozan mahalynda bolsa, hemmesi gala ýygnanar ekenler. Galada juda köp adam bolupdyr. Ätiýaçlyk suwlary gutaranda olar Sumbardan dürli suw gaplarda suw alyp, hatara durup, bir-biriniň eline berip, galadaky daşdan howza guýar ekenler. Gaýra ýurtly bir kerwen mydama şu gala gelip, söwda-satyk edip, iküç gün dynç alar eken. Şeýdip, ol kerwen galanyň hanynyň, ilatynyň ynamyna girýär. Olar gije gelse-de, eglenmän, dogry gala goýberer ekenler. Bir gezek ol söwda etmäge gaýdanynda, ýurt görer diýip, öz oglunam ýany bilen alyp gaýdýar. Gelşine-de eglenmän, gala girýär. Dynç alanyndan soňra geçip gidýär. Onuň ogluny alyp gelendigini bilen duşmanlar oglanjygy alyp, söwdagäriň öňünde: «Bize şol gala girmek üçin ýol tapyp ber, bolmasa-da ogluňy öldüreris» diýýärler. Täjir kerweni bilen gijäniň bir wagty gelip, galanyň derwezesini kakýar. Derweze açylanda, duşmanlar gala girip, galanyň ilatyny gyrýarlar. Ogly olja, gyzy ýesir edýärler. Şondan soň, ol gala öňki kaddyna gelip dikelmändir. Bu oba Magtymgala diýen adyň, bu ýerde iňňän ir döwürlerden bäri «magtymlar» tiresiniň ýaşanlygyndan galan bolmagy mümkindir. Galanyň Gündogar we Günbatar taraplarynda birki metrden beýik bolmadyk daşlardan gurulan diwarlaryň galyndylary henizlerem bar. Sumbar jülgesiniň ugrunda onlarça suw degirmen işläpdir. Öz wagtynda iňňän uly ähmiýete eýe bolan bu suw degirmenleriniň sudurlary, suw sowýan şowlary häzirem dur. Umuman, Magtymguly etrabynyň çäklerinde tebigy, taryhy ýadygärlikler juda köp. Ýurdumyzda bu ýadygärlikleri goramak we geljek nesillere miras galdyrmak barada aladalar edilýär. Humaý ORAZGELDIÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |