22:49 Gelin | |
GELIN
Goşgular
Nätanyş töwerek, Nätanyş ojak, Diñe bir söwer ýar tanyş hem ýakyn. Bilýär gelin ýat hem bolsa özüniñ, Indi ýat däkdigni bu ojak üçin. Gaýyn ene töwerekde hozanak, Eý görýär çagalar "Gelneje" diýşip, Gyzjagazlar ony ussat hasaplap, Keşde öwrenýärler ýanyna üýşüp. Bilip barýar hemme zady kem-kemden, Kime gaýyn, baldyz diýmeli kime. Adamsy hem oña göwünlik berýär, "Goşulşyber, öwrenşersiñ diýdim-ä!.." Töweregiñ mährin duýmak ýakymly, Öñde bolsa uly jogapkärçilik Geçirmeli ol kenara bu öýüñ, Nesil kerwenini sen köpri bolup. Gelin bolup, Öýe düşmek, ornamak, Birje sahypasy gyz taryhynyñ. (Ýöne iliñ biri bolmak añsat däl, Gerek seniñ söýgiñ, Hemem yhlasyñ). Bu ýol eneleriñ torç eden ýoly Hem gyzlana arzuw eden ykbaly. Eneñ hut saña-da edipdi arzuw, Doglan çagyñ özi ýaly bolmany, Özünden has bagtyýar bolmany. Asylly gelinleñ ykbaly meñzeş, Girişer durmuşa çermäp bilegin. Söýüp, dogrup, üwräp, duýman galar, soñ Özünibem gaýyn ene bolanyn. Agageldi ALLANAZAROW. | |
|
√ Şol işandan / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Pelek / Goşgular - 12.11.2024 |
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
√ Oglan wagtymyz... / Goşgular - 17.10.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Я блондинка / Goşgular - 26.07.2024 |
√ Balerina / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Daglar we adamlar / Goşgular - 10.12.2024 |
√ Saña duşalym bäri / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |