09:14 "Gelin aýlanyp ýör deñiz boýunda..." | |
"GELIN AÝLANYP ÝÖR DEŇIZ BOÝUNDA..."
Goşgular
Gelin aýlanyp ýör deňiz boýunda, Egnine şar gara saçlaryn döküp. Bu pursat gözleriň isleýän görki, Hut tapylan ýaly bolsady ekip. Gelin gezmeläp ýör deňiz boýuny, Hoş arzuwlar bolsa dökülýär göwne. Ynanasyň gelýär gören zadyňa, Gelinli kenaryň özüňkidigne. II. Tutuksy görünýär asmanyň ýüzi, Biraz tukat bolýar deňiz güýzüne. Tolkunlar kenara irginsiz gatnap, Ahyry ol gelni yrdy özüne. Geýimler taşlandy ýekeme-ýeke, Saçlar seçelendi bir gujak bolup. Deňiz ilki aýaklary sypady, Soň bagryna basdy gujagna alyp. Jahyl deňziň, Juwan gelniň islegi, Ýene bir gününi döretdi tomsuň. Deňiz bilen gelin aýşy-eşretde, Çäge kenar bolsa şeýle bir ümsüm... * * * • GUL BOLSA GEREK Şepeler, Litwada bir maral gördüm, Peri diýilýäni şol bolsa gerek. Gözläp gözlerimi aýryp bilmedim, Pamyk deý dodaklar bal bolsa gerek. Köçä çyksa, köçä gözellik çaýýar, Baga barsa, baglar ony bagt saýýar. Gözleseň, başyňda bir pikir gaýýar, Dünýäde iň ajap gül bolsa gerek. Oturanda dogan Güne çalymdaş, Guş bolsa bolardy sona-peri guş, Onuň ýüreginde basyp bolsa goş, Guşagy ýürmage köl bolsa gerek. Obanyň lälesi, gözleň guwanjy, Oň baran ýerinden zut gaçýar ünji. Agageldi ýürek açsa ilkinji, Şol gyza ömürlik gul bolsa gerek. * * * Laýma bilen gezip ýördüm, Giň ýaýlada basyp çygy. Ylgady ol hol beýlede Gür tokaýy gören çagy. Owlak ýaly towsa-towsa, Ara açyp barýar görsem. Keýpiň galýar, giň meýdanda Gül deý gyzy kowlap ýörseň. Öňde bolsa baýdak bolup, Depesinde otluk ýeriň. Gyz sypatly berýozalar Güjeňläp dur baldyrlaryn. Köýnegini pasyrdadyp, Laýma siňip gitdi şoňa. Indi nirden taparn seni? Bar berýoza meňzeş saňa. * * * • HAÝAL UÇÝAR SAMOLÝOT Hol aşakda bulutlar, Açyp-ýumýar aýasyn. Gyssan, gyssan samolýot, Gyssan biziň jaýa sen. Görkez hany, zoma-da, Guş bolsaň, öz guşlugyň. Güwläp durma sandyrap, Arasynda boşlugyň?! ...Sen-ä pyşdyl ekeniň, Halys degdiň janyma. Haýal uçýar samolýot, Uçsaň ýaryň ýanyna. * * * Hany seret, öz ogluňa çynlakaý, Tangyr bolsaň, tana meni, Badhyzym! Sary ýelken-ezgenlerden sora sen, Bolmaly üstüňde meň daban yzym. Esger bolup gaýdyp geldim men bu gün, Unutmadym seni niräk gitsemem. Garagumda durdy, Beýnimde durdy, Düwme ýaly düňňürdeşen pisseleň. Saňa golaý bardygymça beýgelýän, Sansyz läläň bilen göterlip ýerden. Gala bolup abanşyp dur üstüňe Şol tanyş baýyrlar — Bir topar gerden. Seniň ajaplygňa jedel edýän ýok, Sen hakynda, gör, näçeler ýazdylar. Sen ajap bolmasaň, Ogullaň gidip, Ýene-de sen diýip dolanmazdylar. * * * Ýör, ýoluňa ugradaýyn men seni, (Ugratmagam kän zat gadyr goýýana). Ýene-de bir salym synlaýyn seni, Ünji-aladany süryp birýana. Öpüşeli, il gözünden çekinmän, (Hoşlaşyk mahaly şeýdilýär hernä). Men bu tebigata synçy bolaýyn, Sen bolsa uç-da git, öwrül-de durna. Bir pursat bor, seni menden aýyrar, Äkider soňam ol eliňden tutup. Seniň-ä ýüregiň bu ýerde galar, Menem öz ýüregme bilmerin ýetip. Günem bu gün saňa meňzeş, mylaýym, Töweregne gysgananok şuglasyn. Şol öwrümde bir-bäriňe öwrül sen, Dolandy — diýp, ýürek gopsun-jiglesin. * * * Münüp gök otlyny, hoşlaşyp gitdiň, Gitdiň hoş günleri ýanyňa alyp. Men kenarda synlap otyryn deňzi, Belki, sen çykarsyň suwpersi bolup. * * * Baý, kyn boldy iki güni geçirmek, Senli günler bolsa tiz geçdi örän. Tükedip bolanok ýaşabam muny, Ötübem bolanok herniçe ýöräp. Öňki gören ýüzleň töwerekde ýok, Dynç alýan jaýyňam öňki däl ýaly. Tomus meňzeş güýzüň tukat gününe, Düýnüm bolsa öz göwnüme ýaz ýaly. Hiç halamok şu aramjan günleri, Ne-hä bolýar munda özüňe gelip. Özüň-ä bu ýerde, pikiriň ýolda, Ne-de işläp bolýar giňligňi alyp. Maksatsyz torç edip ýörün kenary, Ummandan özüme gözleýän höwür. Tolkunlar öňümde çaý-çanak bolýar, Olar pyşyrdaýar: «Ötdi ol döwür...» Göýä sen hiç kime gereksiz ýaly, (Şu pikir dörese, gutarýan halys). Uzak ilde şu zatlary duýdum men, Seni ýola salyp, bir özüm galyp. Pisunda. 1980. Agageldi ALLANAZAROW. | |
|
√ Soñudagy / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ «Ýene seni ýada salyp erikler...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Eý kylyp röwşen, ulus tapmaga enweri hüdä... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Ýagyşly günüñ aýdymy / Goşgular - 20.11.2024 |
√ Seniň yşkyňda eý, nämähriban, bihanyman boldum... / Goşgular - 31.10.2024 |
√ Tebärek, Alla, eger dilber ise, anjak ola... / Goşgular - 12.12.2024 |
√ Dünýe sen / Goşgular - 27.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |