23:03 Gelinkömelek / hekaýa | |
GELINKÖMELEK
Hekaýalar
Segseninji ýyllaryň aprel aýynyň aýaklarydy. Meýdanyň otlary bir garyşdan geçip, başlary aşak sallanyp başlady. Gyzyl gülälekleriň möwriti ötüp, sary gülälekler, çopantelpekler gülläp ugrady. Hajaryň hamyla döwri tamamlanyp barýardy. Onuň dogurmaly güni “şu gün-erte” bolansoň adamsy, Rejep indi dynç günlerem balyga gitmesiniň arasyny kesdi, eýläk-beýläk çykmasynam goýup, sabyrsyzlyk bilen ilkinji çagasyna garaşýardy. Öýdeçilräk bolup, Hajaryň ýanyndan uzaga aýrylanokdy. Ýekşenbe güni Hajar ir bilen turup, adamsy, Rejebe ertirligini taýýarlap berdi-de, adamsyna: —Kömelek iýesim gelýär—diýdi. Ertirligi bilen güýmenip, Rejep aýalynyň aýdanyna känbir pitiwa bermedi. Hajar duz datman saçaga seredip oturyşyna, ýene: — Kömelek iýesim gelýä-dä. Akja, gelinkömelege duz sepip, gytyrdadyp iýesim gelýär. Çagakak gyzlar bilen ilerki tutlykda çöplärdik, entek telpejigi garalmadyk, ýaşajyk, terje kömelejigi ýeňimize süpürip iýip goýberedik. Bu wagta, meýdanyň kömelegi sowulandyr?!—diýip, Hajar adamsyna soragly seretdi. —Aý, hawa-la, bir eýýäm sowulandyr, selmeleňem ýüzi gaýdyp ugrandyr. Indi howa gyzyp başlar—diýip, Rejep kofesinden bir gezek owurtlap, köpbilmişsiräp:— Hytaýda biziň meýdanlaryymyzda ösýän kömelekleri gyşyn-ýazyn ýetişdirýämişinler, haýsy bazaryna barsaň, elmydama barmyşyn— diýip sözüniň üstine goşdy. —Bolmasa, Hytaýa gidp geläý! —diýip, Hajar adamsynyň ýüzüne naýynjar seretdi. Rejep ilkibada düşünman: —Ha,ha,ha,ha—diýip, hezill edip, güldi. Gülküsini goýup, aýalynyň ýüzüne seredip, ýene gülmäge hyýallanan-da, Hajaryň sarsman oturanyny görüp, geň galdy. Rejep aýalynyň çynydygyna indi düşünip başlady.—Seň çynyňmy, ýa oýun edýämiň? —diýip, Hajaryň ýüzüne çiňerilip seretdi. —Rejepjan, iýesim gelýär, ölüp barýan-da—diýip, Hajar gapdalyndaky ýassyga gyşardy. —Seňki iliň tersine öýdýän. Dokuz aý hiç zady bilmän, indi gel-gel, dogurjak wagtyň aş saýlaýaň—diýip, Rejep hüňürdejek boldy. Hajar başam barmagynyň ujyny süýem barmagynyň ortasyna goýup: —Ine, şuň ýalyjagyny datsamam bolýar—diýdi. Rejep näme etjegini bilmän aljyrap: —Hmm...Bazarda duzlananam-a satylýandyr, öz-ä—diýip, aýalyny assyrynlyk bilen synlady. —Ýok-la, ýüregimi bulamasana... Hajaryň islegi Rejebi ünjä goýdy, ol ertirligini howul-hala iýip oturyşyna duýdansyz ýüze çykan mesele barada oýlanýardy, ol içinden “Ýeri, il deňinde irräk aş saýlaňda bolanokmy? Indi men seň gelinkömelegiňi nireden tapaýyn” diýip, içinden hüňürdedi-de, Hajaryň başyny sypalap, ýaňagyndan öpdi: —Geregiň kömelek bolsun, ezizim, başga işimi taşlap seň islegiňi ýerine ýetirjek boryn. Haýal etmän onuň gözlegine çykaryn. Guşum, sen ýöne, men gelýänçäm, eýle-beýle... Birden uçup gidiberme, men gelinçäm garaşgyn, men derrewjik dolanyp gelerin. Hajar ýylgyryp: —Seň oýun ýadyňa düşýär—diýdi. Rejep ädigini geýdi-de, Hakyl ýabyň boýuny syryp, çaga döwri kömelek gözlän ýerlerine—ýokarlygyna ýöredi. Ol ynamsyz ýöräp barşyna pikir oýuna batdy. “Göwreli aýal bilen mylaýym bolmaly, ol näme iýjek-içjek diýse alyp bermeli—göwnüni ýykmajak bolmaly, ýogsa günä bor” diýen enesiniň sözleri ýadyna düşdi. Ýabyň raýyşynyň gyrasyny syryp barşyna, gurap, çüýremäge duran, geçen ýylky ýandaklaryň düýbüni taýagy bilen dörüşdirip barrşuna “ Bu bolşumy şu wagt biri göräýse, näme jogap bererkäm? Kömelek gözleýän diýsem-ä, gülki bolaryn. “Düýn sygyrym ýatagyna gelmedi, şony gözläp ýörün”...Aý, ýok, bu bolanok, onsoň bütin oba “Rejebiň sygyry ýitipdir” diýen gürrüň ýaýrar. Ýüzärlik gözleýän diýsemem, entek ol çetränogam” diýip, Rejep çözgütsiz meseläni alada edip barýardy. Esli ýöränsoň , täzeje goýun gumalaklary görünip başlady, o barmana ýakyndan itiň üýrýän sesi eşidildi. Rejep çekene bakýan çopanyň gözüne ilmejek bolup, ýabyň insizräk ýerini peýläp, bat alyp, ýabyň eýle tarpyna böküp düşdi. Indi gün gyzdyryp başlady. Ýabyň beýigräk raýyşyna münip, aýagyny uzadyp oturyşyna, daşdan obasyny synlady. “Ba-a, eslije ýörän ekenim-ow! Biraz dynç alyp, yzyma gaýdaýyn. Obada, Goçmyrat her ýyl ilden öň zamça ýetişdirýär, şolara sowulyp, Hajara sowgatjagaz alaýyn. Her näme bolsa-da elim boş barmaýyn. Aý, kömelege-de Hajaryň nesibesi ýokdur-da...” diýip, akja kebelekleri, eýlek-beýläk atylan ok ýaly gaýmalaşyan garlawaçlary synlap oturyşyna “Garlawaçlaram kömelek iýýämikä?” diýip, öz-özüne sorag berdi-de, üşti-başyny kakyşdyryp, lapykeç halda, yzyna—oba tarap ugrady. Rejep gidip barşyna “Geň galaýmal-ow, aýal bilen erkegiň beýle dürli ýaradylyşyny. Ynha, meň göwnüm bir ýaly—maňa kömelegiň puty bir köpük, boldam bir, bolmadam bir. Anha, tudana sergi bolup ýatyr, “kyrkgünlik” ýetişdi, basym erikler saralyp başlar, herki ösümligiň, ir-iýmişiň öz döwri bar ahyryn. Tebigat öz kanuny bilen ýöreýär ahyryn, ol saňa güýz hasyl sowulansoň, ýa gyşyň ortaky aýynda—göwün islän çagyň terje bakja ýetişdirip bilmez ahyryn” diýip, janygyp, ýüzüni aşak sallap, hüňürdäp gelşine, ýabyň raýyşynyň beýigräk bir tümmeginiň eteginde, çüýräp başlan ýandaklaryň düýbinde, yap-ýaşyl terje otlarynyň arasynda, el ýaly kagyza meňzeş zadyň ýatanyny gördi-de, pitiwa bermän duşyndan geçip, ýoluny dowam etdirdi. “Bu jelagaýlara kagyz nireden düşdikä? Özem saralmandyram, çüýremändirem. Ýa, biri gaçyraýdymyka, ýitiräýdimikä? Olam bir wajyp resminama bolaýsa?” diýip, Rejep ikirjeňlenip, yzyna dolandy. Rejep ak zady taýagy bilen galdyrjak boldy, ol gozganmady. Onsoň ol taýagyny ýere goýup, dyzyna çökdi-de, elini uzatdy, eli tanyş sowujak, çyglyja, ýumşak zada degdi. “Kömelek! Ap-akja, arassaja, terje gelinkömelek!” — diýip, Rejep gözlerine ynanmady.Ol kömelegi ysgap gördi-de, gurçyklanyny-gurçyklamanyny bilmek niýeti bilen kömelegiň telpejigini döwdi—gurçuklamandyr! Rejep gelinkömelegiň ýanyndan ýene iki sany höwrüni çakgysy bilen köwläp aldy. Kömelekleriň ösüp oturan ýeri—çyglyja, elmydama salkynjak kölegeli, tümmegiň demirgazyk eteginde bolansoň, olar howa gyzýança saklanyp galypdyrlar. Rejebiň aýaklary ýere degmän diýen ýaly, begenjine öýüne ýöremän,“uçup” gaýtdylar. Onuň tä öýine gelýänçä, hiç zat ýadyna düşenok. Ýolda oňa obaň adamlary gabat gelen bolmaklary ähtimal. Olar “Rejep nirelerden gelýäň?” diýen soraglaryna “Kömelek ýygyp gelýän.” diýip, buýsançly jogap beren bolmagam mümkin, emma Rejep ol wagt haydap, öýüne howlugyp barşyna, diňe Hajaryň begenşi göz öňüne gelýärdi, başga zat gözüne ilenokdy... Kakajan BALKANOW. | |
|
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Gün dogup barýarka / hekaýa - 16.12.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Yşkyma hat / hekaýa - 15.12.2024 |
√ Terk edilen toba / hekaýa - 12.12.2024 |
√ Tüýdük / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |