10:06 Generallar we doganlary | |
GENERALLAR WE DOGANLARY
Taryhy makalalar
Geçen asyr iñ wagşy asyrlaryñ biridi. Doganlaryñ ýa-da bir maşgalanyñ arasynda bolup geçen uruşlar iñ ýowuz uruşlar bolup durýardy. Indira Gandi Hindistanyñ Ýaragly Güýçlerindäki köp sanly generalyñ Päkistan goşunynyñ generallarynyñ doganlarydygyny aýdýardy. Hindiler Azat-edijilik urşuny bilelikde alyp bardylar, soñra ikä bölünip, biri-birlerine duşman boldular. Soñra üçünji gezegem bölünip, Bangladeş Päkistandan aýryldy. Geçen asyr iñ wagşy asyrlaryñ biridi. Doganlaryñ ýa-da bir maşgalanyñ arasynda bolup geçen uruşlar iñ ýowuz uruşlar bolup durýardy. Dogan dogany bir pikir ýa-da ideologiýa üçin öldürip bilýärdi. Günorta we Demirgazyk Koreýada Karl Marks sebäpli millionlarça adam öldürildi. Soñra ýene şol sebäpli Günorta we Demirgazyk Wýetnamda millionlarça adam öldürildi. Karl Marks öz ýurdy Germaniýany-da Gündogara we Günbatara böldi. Hytaýy-da böleklere böldi. Ispaniýada hem uruş turup, Ispaniýa tasdan ýer bilen ýegsan bolýardy. Doganlaryñ arasyndaky uruş hemişe gazaply bolýar. Serediñ: Alžir, Liwan, Ýemen, Demirgazyk we Günorta Irlandiýa, Demirgazyk we Günorta Amerikanyñ arasyndaky içerki uruş, kommunistleriñ we beýlekileriñ arasyndaky Indoneziýanyñ içerki uruşy. Ruandada iki taýpanyñ arasynda çykan çaknyşykda bir million adam kerçeldi. Adamyñ içindäki mahluk haýsydyr bir ýerde we haýsydyr bir wagtda ýaşaýan telbelik pursatyndaky jenaýat we agressiýa çakylygyna jogap berýär. Nebil Antara yslamdan öñki döwürden bäri ýokary çinli emeldarlarda agressiýa ýokdugyna, düýp agressiýanyñ we gahar-gazabyñ halk köpçüliginde dolup-daşýandygyna, hemişe şol agressiýa we gahar-gazaba çagyrýan diýdimzorlaryñ, täjirleriñ, meçew berijileriñ we betpygyllylaryñ bolýandygyna ünsi çekýär. Adam hemme zady özi üçin isleýän egoist jandardyr. Şonuñ üçin ol birinji garşydaşyny doganlarynyñ arasyndan saýlap alýar. Soñra käte özüni dürseýär-de "Sen näme etdiñ?" diýip öz-özünden hasap soraýar. Boljak iş bolansoñ peýdasy näme. Onlarça ýyla çeken gereksiz duşmançylykdan soñ Germaniýa ýekeje günde birleşdi. Birleşen ýurdy Gündogardan, diwaryñ añyrsyndan gelen zenan dolandyrdy. Gündogarlylar tas bir asyrlap bütin dünýäni agdar-düñder eden kommunizmiñ beýgelşini we çöküşini görmän Londonda ser-sepil halda ölen ildeşleri Karl Marksy bir demde ýatdan çykardylar. Adam wulkan mysaly bir zat - ody sönensoñ, köşeşýär. Millionlarça ölümden soñ wýetnamlylar göýä aralarynda şunça pidalar bolmadyk ýaly birleşip, bir bitewi ýurda öwrüldiler. Amerikalylar, ruslar, hytaýlylar kommunizmi terk etdiler. Hanoýda barmak basaýmaly adam Karl Marksy bilýär, sebäbi indi olar amerikan turistlerini myhman almak bilen başagaý. Fransuzlar wýetnamlylar bilen urşup ýalñyşdy. Amerikanlaram olaryñ ýörän ýolundan ädip, şol bir ýalñyşlygy gaýtalady. Häzir bolsa bu iki ýurduñ raýatlary biri-birleriniñ şäherlerini doldurýar. Parahatçylyga ýetmek üçin uruş turuzmagyñ gereginiñ ýokdugyny öwrenibilmän geçdik. Gana we jesede suwsanlara Gandidir Mandelany ýañsyla diýseñ. Çünki uruş mehanizmi pul, şöhrat we at-abraý gazandyrýar. Öldürilen adamlar bolsa gadym-gadym zamanlardan bäri adamoglynyñ öwrenşen edähedine laýyklykda ýatdan çykyp gidýär. Barbara Tukmanyñ "Troýa urşundan Wýetnam urşuna" atly meşhur kitabynda aýdyşy ýaly bu "dälilik ýörişinden" başga zat däl. Uruşlar ýarag çykarýan zawodlary, bugdaý, walýuta we aýakgap söwdagärlerini baýadýar, beýlekileri bolsa garyp düşürýär. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. "Şarku'l Avsat" gazeti, 05.06.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |