Jemşit ulydan demini aldy, dymdy. Ol "Gör men sada ekenim. Bu oglan maňa garaňda, has akyllyrak, has mekirräk ekeni" diýip, içini gepledýärdi. Indi Mansur hem nämedir bir zatlary pikirlenip dymyp gelýärdi. Jemşit oňa gözüniň gytagy bilen seredip, haýran galýardy: "Näme üçin ol, sen muny nireden bilýäň? Onuň özi aýtdymy? Haçan aýtdy? Nirede aýtdy? diýip soraberenok?."...
Mansur Jemşidiň bu pikirlerini ýüzünden okaýan ýaly şol wagt söz açdy.
-Sen muny gaty uzaga çekäýdiň öýdýän. Öňräk gürleşip düşünişen bolaňda, özüň üçin gowy bolardy. Salgymy suwdur öýdip, ylgap ýörmezdiň.
Mansur dostuny barha haýran galdyrýardy. Jemşit onuň pähimli, zehinli oglandygyny öňdenem bilýärdi. Ýöne ony beýle bilgirdir öýtmeýärdi.
Mansur giň maňlaýyna düşip duran saçyny eli bilen yzyna gaýtaryp goýdy-da sözüni dowam etdirdi:
-Maňa beýle seretme, halypa. Men seniň göwnüňdäkinem, onuň göwnündäkinem köpden bäri aňşarypdym.
-Mümkin aňşyransyň...Ýöne meň onuň bilen gürleşenimi nireden bilýäň?
Mansur ernini gyşardyp ýylgyrdy:
-Öz-özünden görnüp duran zatlary bilmek üçin geniý bolmagyň geregi ýok, halypa. Gürleşipsiň. Gürleşmedik bolsaň, beýle ýagdaýa düşmezdiň.
-Eger sen ähli zady öňünden bilýän, görýän bolsaň näme üçin şu wagta çenli maňa hiç zat aýtmadyň. „Ol seni söýenok, oňa sözüňi zaýalama“ diýäýseň bolmadymy!- diýip, Jemşit jowrandy.
-Şeýdip aýdan bolsam, ynanarmydyň? Ynanmazdyň. Gaýtam men hakda gör, nähili pikir ederdiň. Şonuň üçin hiç zat aýtmadym. Garaşdym. Ine, indi mesele aýdyň boldy - diýip, Mansur dymdy-da, dostunyň salyk ýüzüne synçylyk bilen garady. Jemşitden hiç bir seza çykmansoň, Mansur sözüni dowam etdirdi:
-Ýöne, Jemşit, bir gyrnak üçin menden ýüz öwürjek bolsaň, häzir aýt!
Jemşit ulydan demini aldy:
-Diýýäniň näme. Näme üçin senden ýüz öwüreýin. Men özümiň söýülmedigimi bagtymdan görerin. Sende hiç hili günä ýok. Isleseň, ony häziriň özünde çagyr, gepleş, duşuş.
Jemşit aýtmasa-da, Mansuryň ýüregi Nurjemal bilen tiziräk duşuşmak, gepleşmek arzuwy bilen joşýardy. Emma ol syr bildirmedi, sypaýyçylyk bilen gürledi:
-Men howlygamok. Entek pikirlenip görerin: Oňa söz diýmelimi, ýokmy.
Jemşit onuň sypaýyçylyk edýänini aňmady.
-Hökman diýmeli! Nurjemal ýaly söýgüliň bolsa armanyň näme!
Mansur birhili ahmyrly gürledi:
-Nurjemal ýaly söýgüliň bolmagy oňat, ýöne ähli zadyň şoňa kybapdaşrak bolaýsa-da....
-Ähli zadyňam diýýäňmi? Ýene näme gerek saňa? –diýip, Jemşit geňirgenip sorady.
-Näme gerek diýişiňi? Eýsem nämämiz bar señ bilen meniň? Ynha, bulary görýämiň - diýip, ol köçeden geçip barýan maşynlary görkezdi.-Ine, şulardan her haýsymyza birjegi bolaýsa men Nurjemaly, senem...
-Görşüň ýaly, maşyn bolaýanda-da meň oňa mündürer ýaly hiç kimim ýok.
-Maşyn bolsa münjek adam tapylar-la, dostum-diýip, Mansur Jemşidiň arkasyna kakdy.Bolanyna görä meniň daýymyňky ýaly şarňyldap duran jaýymam bolaýsa...
Jemşit çynlakaý görnüşde:
-Menem bu zatlaryň bolmagyna garşy däl, Mansur. Ýöne biz o zatlara ýetmek üçin öňürti okuwy bir gutaraly, onsaňam köp zähmet çekmeli, ahyry-diýdi.
*****************
Mansur iň soňky synagy tabşyran güni begenjinden öýlerine aýagy ýere ilmän geldi. Ol dabara bilen öwündi.
-Eje, gutardy!
Ejesi-de oglunyň şatlygyny paýlaşdy:
-Bu-da bäşlikmi, oglum!-diýip sorady.
-Hawa-la!
-Berekella oglum. Hany, şahadatnamaňy göreli, bakaly nähilikä?
Diplommy? Ony entek berenoklar. Ertir gutardyş agşamy bolar, şonda berjekler.
Ejesi başga hiç zat diýmezden, oglynyň syratyna mähirli gözlerini dikdi.
Mansur ertesi öýländen gutardyş agşamyna geýip barjak eşiklerini tertipleşdirip başlady.
Entek könelişmedik kül reňk kastýumyny yhlas bilen ütükledi. Şu günki satyn alan ilkinji galustugyny düwmek üçin iki sagatlap iş edinse-de, başarmady, ahyry ony goňşusynka gidip düwdirip geldi.
Taýarlyk işlerini birýüzli edip, özüni synlamak üçin otagyň bir burçyndaky könelişen ullakan aýnanyň öňüne geçdi.
Açyk asman reňkli köýnege dakylan kül reňkli galustyk kastýumyna kybapdaş gelipdir. Başdan-aýak kül reňkli eşik onuň ýüzini pähimdar adamlaryňky ýaly agymtyl sypata girizipdir. Boljak. Ýöne welin bu entek edil onuň göwnüdäki ýaly däl-de.
Eger häzir mümkinçiligi bolsady, ol has başgaça geýnerdi.
Onuň gözleri süýji arzuw bilen süzilip aýnadaky şekline birsellem hyýaly gözi bilen garady:
Şonda onuň üstündäki kastýum, birden şar gara bastona öwrüldi. Onuň aşagyndan gar ýaly ak ýüpek köýnek, boýnunda gara atlas galustyk peýda boldy.Tolkun atyp duran gara saçy, ýaýran gara gaşlary bu geýimleri bilen kybapdaş gelip, syraty göze ýakymly ajaýyp bir görnüşe girdi. Hyýaly ony myndanam ýokarrak alyp gaçdy.Ol şu sypaýy görnüşinde daşary çykdy-da, edil kastýumy ýaly gap-gara, ýalpyldap duran wolga maşynyna mündi. Ol agşama gelende tehnikumyň öňünde jemlenişip duran kursdaşlary-da, mugallymlary-da olaryň arasyndaky Nurjemal hem oňa höwes bilen seredip durdy. Ol özüniň başgalardan beýle tapawutlydygyna
ähmiýet hem bermän, salyhatly ädimler bilen basgançaklardan ýokary göterildi-de, göni Nurjemalyň ýanyna baryp „Ine men geldim“ diýen manyda owadan dişlerini görkezip ýylgyrdy. Şonda bu sallanjyrap duran owadan gyzyň garamyk ýaly gözleri oňa näzik bir duýgy bilen delmuryp, gunça dodaklary "ezizim" diýip çawuş çakaýjak-çakaýjak boldy...
Bu süýji hyýaldan soň Mansur gözüni açyp, aýnada özüniň hakyky keşbini gördi-de, tisginip gitdi. Ulydan bir demini aldy. Şol mahal onda şu zatlaryň hemmesini birden ele salmak islegi şeýle bir güýjedi dötedi welin, bu isleg tä tehnikuma barýança-da onuň beýnisini gemrip bardy.
Ol agşama gelende, edil hyýalyndaky ýaly hemmeler tehnikumyň öňünde jemlenişip durdylar. Emma hiç kim oňa üns bermedi, seretmedem. Nurjemal-da ezizim diýmegiň deregine howa yssyla diýip, kinaýaly ýylgyrdy. Şonda Mansur özünden başga hiç kimiň egninde kastýum ýoklugyny görüp, aşa gidenine birneme kiçeldi.
Agşam örän şowhunly geçdi. Dargaşyljak bolanda Mansur Nurjemalyň ýanyna baryp, ony ugradyp gaýtmak üçin razylyk aldy. Olar şäheri kesip geçýän uly ýabyň boýy bilen gaýtdylar. Bu ýer adaty seýil edilýän ýerem bolsa, häzir onuň hemme tarapyny agras dym-dyryslyk gurşap alypdy. Diňe ýabyň boýndaky asmana ujyny diräp duran boý derekleriň ýokarky şahalaryndaky ýapraklar syrly pyşyrdaşýardylar.
Asmandaky orak şekilli aý ýabyň ýuwaş tolkunly suwynda çümüp-çykyp barýardy. Tibigatyň bu gözelligi Mansuryň arzuwlaryny ýene-de galkyjaklatdy.Ol asuda gijäniň goýnunda özüniň sessiz uçýan hyýal maşynyna münüp, ýanyndaky ýoldaşyndan daşlaşdy. Ol hälki aýnanyň öňündäki göz öňüne getirmeleriniň dowamyny yzarlap, aýlanyp çykmadyk ýeri galmady, ol şol pursatda hiç bir emgenmezden ummasyz baýlygy ele salyp, şeýle bir ýokary derejä galdy welin, şonuň bilenem ol dostlarynda guwanç, duşmanlarynda görüplik oýaryp, niçe näzenin gyzlaryň göwnünde yşk odyny ýakdy, huşyny başyndan uçurdy...
-Ugradanyň üçin sag bol, beýlesine özüm giderin-diýende, Mansur tisginip Nurjemala seretdi. Gyz oňa öýkeli gözlerini dikip durdy.
-Nurjemal, bagyşla süýji oýlara gark bolup seni bütünleý unudaýan ekenim - diýip, müýnli görnüşde ýylgyrdy.
Hyýalyň mendenem derwaýysyrak bolmaga çemeli--diýdem weli, gyz özüniň öteräk geçenini aňyp, ýüzi lowlap gyzyp gitdi.
Mansur gyzyň bolşuny görüp, şatlykdan ýüregi tolgunanam bolsa, özüni äm-sämlige saldy.
Mansuryň beýle sowuk-salalygy gyzyň gaharyny getirdi. Ol kalbynyň iň çuň ýerinde köpden bäri gizlenen duýgusyny has açygyrak aýtmaga meýil etdi.
-Bilýärmiň, men ertir-ä däl welin, öýe...oba ugramakçy bolýan.
Bu bolsa „diýjek zadyň bolsa häzir aýdyp gal“ diýlenidi. Elbetde, muňa Mansuryñ düşünmezligi mümkin däldi. Emma ol gyzy mundanam beterräk ýagdaýa düşmäge mejbur etmek üçin ýene-de hiç zada düşünmediksirän boldy. Bu gezek weli gyzyňam ulymsylygy diliniň ujyna geldi-de:
-Hoş-diýdi-de, gaty-gaty ädimläp ondan arany açdy. Şonda Mansur artyk saklanyp bilmedi. Ol: "Nurjemal" diýdi-de, gyzyň yzyndan ylgady. Nurjemal onuň çakylygynyň ýürekden çykandygyny syzyp, ädimini gysgaltdy. "Nurjemal!" diýen ses ikinji gezek gaýtalandy, gyz tolgunyp, haýal-ýagallyk bilen togtady. Mansur haşlap ýetip gelende, gyz Ÿabyñ kenaryndaky boý derege söýenip durdy.
Şeýdip iki ýürekde pynhan ýatan duýgular ýüze çykaryldy.
Mansuryň haýyşy bilen Nurjemal ýene-de bir aý galmakçy boldy. Şol dowürde ýygy-ýygydan duşuşyp durmaga söz berdi. Mansuryň gyza bolan duýgusy indi düýpgöter özgerdi. Hatda bu duýgy ony eý görýän dosty Jemşitdenem birneme sowaşdyrypdy. Emma Jemşit onuň bilen öňki dostlugy elden bermejek bolup çalyşýardy. Ol söýgüsiniň ret edileni üçinmi Aşgabada inistituta girmekçi bolup gidipdi. Ol şol ýerdenem Mansura hepdede bir gezek hat ýazýardy. Mansur onuň hatyna käte jogap ýazsa, käte ýazmazdy. Ol özüniň Nurjemaly bilen gumrady.
Mansur gyzy hakykatdanam söýýärdi. Ol muny gyz bir gezek duşuşyga gelmän galanda anyk syzypdy. Her gün bularyň tapyşak ýeri Nurjemalyň baýaky söýenip duran deregiň ýanydy. Şonda ol adatdakysy ýaly, has ir gelip, sagat peýkamlarynyň bellenilen wagta golaýlaşdygy saýy tolgunmasy artýardy. Ýöne Nurjemal gelmedi. Mansur onuň gelmän galmagyna gyzyň ygtyýaryndan daşarda bir zadyň täsir edndigini, ony bu gün bolmasa ertirki tapyşykda anyklajagam bolsa, gaty howsala düşdi.
Ol ýüregini myçgylap gysyp barýan allaniçigsi duýguny dargatmak üçin sykylyk atyp, deregiň töwereginde gezmeläp başlady.
Şonuň ýaly ýagdaýda ep-esli wagt geçdi. Ol şol gezmeläp ýörşüne, kellesine bir pikir geldi-de, sakga durdy. Jübüsinden kiçijik çakgysyny çykaryp, derege ýakynlaşdy.
Oýlan zadyny edeninden soñ bir hili ýylgyrdy-da, ýuwaşja ädimläp gitdi.
Şondan soň tapyşyk ýene dowam edip ugrady. Ahyry bular wadalaşdylar.
Nurjemal toýa çenli öz obalaryna Mansurdan razylyk alyp gitdi. Mansur bolsa şäherdäki kärhanalaryn birine normirowkaçy bolup ýerleşdi.
Emma köp wagt geçmänkä bu iş ony irizip başlady.In ýaman ýerem ol her sapar aýlyk alanda, onun keýpine sogan dogralýardy.Çünki beýle “Ujypsyzja pula” hyýalyna häkimlik edip ýören şagalaňly durmuş desgalaryny tiz düzedip boljak däldi. Ýigitligiň tükeniksiz eşret talap ediji ýyllary geçip gidenden son bolsa, beýle zatlaryň geregi hem ýokdy.
Näme etmeli?
Mansur bu sowala jogap agtaryp,kelle döwüp yören günleriniň birinde bir waka ýüze çykdy, bu meseläniň aňsat yoly tapyldy duruberdi. Ýöne onuň agtarýany şeýle ýolmudy?
Mansur işden dolanyp gelende, aýda-ýylda gara bermeýän daýysynyň ýassygy tirsekläp çaý owurtlap ýatanyny görüp geňirgendi. Indi daýysy söwda pudagynyň awraýly wezipeleriniň birinde işleyärdi. Ejesiniň aýtmagyna görä wezipe bilen baýlyk onuň gözüne ýag basdyryp, garyndaş-doganlaryny görmez ýaly şowa kör edipdi.Bu gün bolsa ol uly başyny kiçi edip, ýekeje aýal dogany bilen ýegeniniň ýetme-ýykylma halyndan habar almaga gelipdi. Diýmek, ol adamkärçiligini bütinleý ýitirmedik bolara çemeli. Mansur içere giren badyna, daýysynyň hem-de onuň ýanynda oturan ejesiniň arasynda bussur-ýassyr gürrüň edilenini olaryň ýüz keşbinden aňlady.Daýysy salamlaşandan soň:
-Ýeri, ýegen, işler niçik?- diydi.
-Sag boluň, ýaman däl- diýip. Mansur onuň garşysynda otyrdy.
Daýysy oňa bir salym synçy nazaryny dikip, kanagatlanmak bilen gözlerini süzdi.
Mansuryň ejesi orta gowrulan et getirip goýdy-da:
-Palaw edeýin diýsem daýyň göwnemedi, wagty ýokmuş-diydi.
Daýysy mekir gözlerini oýnadyp:
-Ejeke, hälkileriň içinde bir çüýşe-de bardy, şonam äkeliň- diýdi. Mansur öz içinden “Hälkileri nämekä? Diýmek daýym sowgat-serpaý bilen gelipdir-ow’’diýip oýlandy.
Daýysynyň “Çüýşe’’diýýäni konýak eken. Birinji bulgurdan soň daýy-ýegeniň arasyndaky sowuk-salalyk gowşap başlady.
-Ýeri, ýegen, ýaňy ýagdaýlaňy sorasam, ýaman däl diýipdiň. Hany, ýol kesip otyr işiň nämesi gowy?- diýdi.
Mansur daýysynyň birden çynlakaý görnüşe geçenine geňirgenip:
-Nämesini gürrüň bereýin?-diýdi.
-Diýmek, ýagdaýlaram, işlerem oňat-da onda, ýegen?
-Başga name diýeýin eýsem? Köplenç şeyle diýilýär-da-diýdi.
-Hä, köplenç göz üçin şeyle diýilýär. Yöne dogan daýyňa dogrusyny aytmak bolar, ahyry. Bilýän, heý bolgusyz diýsäni, yogsam bir eýýäm daýyň ýanyna barardyn sen. Howa, keýpiň kelläňde…Sen barmasanam ine daýyň özi geläýdi. Seniň işleriň ugrunyň ýoklugyny bilip, delalatym degermikä diyen niyet bilen gelendirin.
Gürrüň şo ýere gelendä, hälide bäri başyny aşak salyp oturan Mansur daýysyna ýalta garady: ”Nähili delalat-ka?" diyen piker onun beynisinde at saldy.
-Şeyle ýegen-diýip, keýpi kök daýysy garyljak ses bilen sözüni dowam edýärdi. -Sen ozumiziňkisiň, ýegen. Uzyn sözüň gysgasy, häzir mende saňa bolýan bir iş bar.”Goýnuňdan dökülse, gonjuňa’’ diyenleri, isleseň şoňa şarta yerleşdirjek otyryberjek. Akyp duran derýa, özüň ezber bolsaň islaniňçe çelegiňi batyryp alyberersin-diýip, Mansura göz astyndan seretdi. Soň gülümsirän bolup: -Käte-kate daýyňy hem ýatdan çykarmasaň bolany-diýip, sözuniň üstüni yetirdi. Bir salymdan:
-Adam ogly bu dunýä bir gelýä, ýegen - diýip, ýene sözüni dowam etdirdi, -şonuň üçinem bu dünýäniñ keýpini,sapasyny wagtynda sürmek gerek. Beýle keýpi-sapa üçinem gök guýruklardan ganat edinmek gerek, ýegen. Eger razy bolsaň, şeýle bolelinçilige eýe bolup bilersiň, ýegen.
Daýysy gepledigi saýy Mansuryň ýüregi tarsyldap, urmasyny tizlendirdi. Nähilem bolsa hyýalynyñ hakykata owrülmegine ýol tapylypdy. Mansur onuň nähili ýoldygyna düşünýärdi. Daýysynyň özi hem hut şeýle ýol bilen uly baýlygy ele salypdy. Emma ol şeýle ýola duş bolanyna, bir tarapdan begese, ikinji tarapdan, kalbynyň allanirelerinde bu ýola garşy närazylyk hem syzýardy.
Belki, onuň öz arzuwlaryna bu hili ýol bilen yeterin diýip pikir etmändigi üçin şeyledir?
Daýysy ýene dillendi:
Ýeri ýegen, name diýýäň?- diýip, Mansuryň çuň pikire gark bolanyndan howatyrlandy. Mansur daýysyna iki göwünli garaýyş bilen seretdi-de:
Bilmedim…-diýdi.
Heý, akylsyz oglan-eý. Men-ä seniň başyňa döwlet guşuny getirip gondurjak bolsam indi seniň bilmedim diýmäň näme?!
-“Haramdan müň teňňe, halaldan bir teňňe’’diýen nakyl bar, daýy.
Şeýlemi?... Seniň şol halal diýän zadyň iýilýämi, geýilýämi, münülýämi?... Aýt göreýin! Heý şu zamanda halal-haramy seljerip duran kişi barmy, özi? Ine bir mysal, şu şäherde hemme meni tanaýar. Elimdäki emlägimi hem diňe öz daban azabym-aýlygymdan ýygnamandygymam bilýärler. Emma köçede sataşanda maňa hiç kimiň ters bakyp geçenini göremok, gaýtam, gol gowşuryp salamlaşýarlar…
Daýysy şol gyzyp oturşyna gürrüňini hetden aşyryp goýberenini aňan şekilli, ýüregini bir salym basa tutup dymdy. Soňra basyk ses bilen:
-Ygtyýaryn, ýegen. Meniň elimden geljek ýagşylyk şu saňa. Bu hakda ejeň bilenem gepleşipdik. Ol bu işlere düşünenok, hemmesini özüñe saldy. Oýlanyp görüber...
Gijaniň bir wagty bolanda daýysy turdy. Mansur welin şol gije ukysyny terk edip, pikir derýasyna gark boldy. Gijesi bilen iki baka urnup çykdy.
Mansur daýysynyň aýdan durmuşyna gadam basmakdan biraz howatyrlansa-da şu bir ädimi bilen nähili derejelere ýetjegini oýlap, süýji arzuwlara çümüp gitdi. Uzak ikirjiňlenmäge wagt ýokdy. Mansur wagty biderek geçirmedi-de, bagtyny bir synap görmekçi boldy.
Ertesi Mansur yüz dürli hyýal bilen daýysynyň işleýän söwda bazasyna ugrady. Ol baza ýakynlaşyberende endamy birhili üşeýän ýaly galpyldap ugrady. Tomus aýynyň ertirki howasy üşeder ýaly salkyn däldigini duýup gelýän Mansur ozüniň tolgunýandygyny aňdy. Emma ol her niçik ruhy halatda-da ozüne erk edip bilýänlerdendi. Ol söwda bazasyna gelip ýetende, özüni ele alypdy. Entek ir bolmagyna garamazdan bazanyň äpet demir derwezesiniň iki ganaty-da açykdy. Mansur derwezeden girip dört-bäş ädim ätdi-de, haýsy tarapa gitjegini bilmän saklanyp, içerik göz aýlady. Giden giň meýdanyň çar tarapy arynyň öýjügi ýaly hatar-hatar ammardy. Orta aradaky meýdana bolsa ýaňyja wagonlardan düşürilen motasikldir maşynlar hatarlanyşyp durdy. Ammarlaryñ öňünde bolsa adamlar hinine girip-çykýan arylar ýaly başagaý bolşup ýördiler.
-Ahow ýigit, saňa näme gerek?!
Mansur ses çykan tarapa öwrüldi. Derwezäniň düýbünde niredendir peýda bolan, goluna gyzyl mata daňlan daýow pyýada oña hyrsyz seredip durdy. Şeýle daýow, özem entek garrylykdan daşda bolan bu adamyň bu ýerde garawulçylyk edýändigine Mansur geň galyp, oňa gyzyklanyp garady.
-Näme maňa tiňkäňi dikýäň! Bu ýere propuskasyz girmek bolonok, -diýip garawul eli bilen “derwezeden daş çyk diýen’’ yşaraty etdi. Garawulyň bolşuna Mansuryň ýeňsesinden tutdy. Emma ol “Synalmadyk atyň syrtyndan geçme’’ diýlenini edip, sypaýyçylyk bilen:
-Ýaşuly, beýdibermesene. Maňa başlygyňyz gerekdi- diýip oňa ýakynlaşdy. Garawulyň derjirän semiz, saryýagyz ýüzinde ajy ýylgyryş peyda boldy:
-Meň başlygymmy?! Bilýäñmi, meniñ başlygym kim? Palkownik Gandymow! Bu yerde ol name işlesin. Ol gerek bolsa mlisä bar!
Bu adamyň wezipesine gelişmejek gopbamsylygyna gülküsi tutan Mansur tas pyňkyryp goyberipdi, ýöne özüne erk edip çalaja yylgyrmak bilen çäklendi.
-Yaşuly, seniň mlisäniň adamydygyñy bilyänle-diýip Mansur arkaýyn gürledi,-yöne men diýmelisini bilmändirin. Maňa şu bazanyň direktory gerek.Onuň oturýan ýeri nirede?
Bu atylýan haýbatlaryň garşysyna Mansuryň özüni örän arkaýyn, ynamly alyp barşy agzyndan ak köpük saçyp duran garawulyň birneme ýelini ýatyrdy.
-Ha, şey diý-dä,-diýip ol öňküsinden has gowşady, -sen näme, bu ýere öň gelip görmänmidiň?
-Ýok, ilkinji gelşim.
Garawul Mansuryň soragyny ýene jogapsyz galdyryp:
-Heý toba, biziň bazanam gelip görmedik adam bar eken-ow- diýip öz ýanyndan hüňňürdedi.
“Bu adam şu bazany älemiň merkezidir öýdýän bolmaga çemeli’’-diýip Mansur içini gepletdi. Soňra ol soragyny ýene gaýtalamaly boldy:
-Ýaşuly, direktoryň oturýan ýeri nirede?
-Edarasynda-da, dagy nirededir öýdýäñ--diýdi.. Mansur munyň ýaly kesir adama ilkinji gezek sataşypdy. Ol indi öňküsi ýaly gödek gelmese-de berlen soraga ýene ters jogap gaýtardy. Mansur sypaýyçylyk bilen iş bitmejegine gözi ýetensoň azmly gepledi:
-Ýaşuly, näme beýdýäň! Dogry salgy beräýseň bolýar-a! Ony görmeli zerur işim bar!
-Aý zerur işiňi bilýän-le. Bir zatjyk sorap gelensiň-le- diýdi. Mansuryň indi sabyr käsesi dolupdy.
-Hiç zat sorap gelemok! Ol menin daýym bolýar-diýip goýberenini duýman galdy.
-Daýym bolýar?... Päheý, ertirden bäri şeý diýseň bolýar-a , han ogul.
Häliden bäri ýüzi-gözünden gar ýagyp duran garawul birden üç yüz altmyş gradus beýlesine döndi duruberdi.
-Han ogul, sen gaty görmäweri. Tanamadygy sylamaz diýipdirler. Edara ynha şujagaz ýerde, derwezeden daş çykansoň sag tarapdaky gapy. Ýöne ýaşuly entek gelenok, öýdýän. Gelse maşynyny şu ýerde meň ýanymda goýup gidýär. Gelmeli wagtam-a boldy. Bir azajyk şu taýda garaşaý.
Şol wagt kelte boýly, saçlary ýaşyna laýyk däl derejede ap-ak bir adam gelip, ýaňrap duran garawulyň eline propuskasyny tutdyrdy. Garawul onuň ýüzüne çiňňerilip seretdi-de, halamaýan adamsyny gören ýaly seňrigini ýygyrdy, soňra:
-Haýsy sklada barjak, diýip yeňsesi bilen sorady:
-Aýakgap.
Ol adam şeýle diýenden, garawul ýalta onuň aýagyna garady. Aýagynda gymmat bahaly, emma birazyrak könelişen aýakgaby bardy. Garawul geplemän duryp birdenem:
-Baý adamlaram bet bolupdyrow. Magazinde bary bilen oňybereýin diýýäni ýok. Näme zat bolsa, sklatda gowusy barmyşyn diýip çozuşyp durlar.
Ak saçly adam ýeňi kelte köýneginiň döşüniň üstündäki jübüsinden gara äýnegini alyp dakyndy. Soňra garawula kinaýaly gürledi: -Näme gowy zat bolsa skladyň törüne basyp, aňsatlykda magazine çykaraýaňyzok. Onsaň adamlar nätsin? Şu ýere gelmeli bolýa-da. Soňky wagtda defisit diýilýän zadyňam sanyny ýaman köpeltdiňiz-ä!
-Haý, haý. Agzyňa garap geple, agam. Biz nämäni köpeldipdiris. Adamlarda pul köpeldi, pul! Şonuň üçin gowudan gowusyny isleýärler. Pul näçe köpelse defsidem şonça köpeler. Ynha, meniň, özüm-ä bir garawul. Ýöne satylýan ýeri bolsa "Wolga"maşynam aljak-diýip garawul, köweklenip döşüne pitikledi. Ak saçly adam gözünden äýnegini aýyrdy, soňra:
-Aý satylsa samalýot aljagyňam bilýän-le seniň-diýip, äýnegini ýene dakyndy. Onuň bu hereketlerinden içinde gaharynyň gaýnaýandygy äşgär görnüp durdy.
-Bäh, gep urşuña garanda sen maňa ýaman belet ýaly-la. Eh! eý,seni nirede gördümkäm diýip entekden bäri bilibilmän durdym. Indi ýadyma düşdi- diýip, garawul ömür ýuwulmadyk tagaşyksyz kir dişlerini syrtardyp ýyrşardy.
-Ýadyña düşen bolsa gaty gowy. Hany meni içeri goýberjekmi, ýokmy?
-Goýberjek, goýbermän näme. Ýöne agam saňa gerek skladçy häzirjek köçä çykdy. Şu ýerde garaş, geläýmegi mümkin- diýip garawul mekirlik bilen gözlerini ýyldyradyp, derwezäniň gapdalyndaky garawulhana girip gitdi. Garawulhananyň iç ýüze bakýan aýnasyndan onuň bir zatlary gäwşäp oturandygy görnüp durdy. Ak saçly adam kibdini bir kakyp goýberdi-de, çeträkde duran Mansuryň ýanyna baryp çilim otlandy. Mansur oňa duýgudaşlyk bildirip, ýylgyran boldy. Ol hem gülümsiräp:
-Inim, senem bu zalymyň demine düşüpsiň öýdýän- diýdi.
Howa.. Bi-ýä gürläninde deminde polat eredýän ekeni. Asyl ozüni ýönekeý garawuldyryn öýdenok-diýip Mansur ýangynly gepledi.
-Öýtmez. Onuňam sebäpjigi bar inim. Dellek bilen han hakyndaky rowaýaty eşitmänmidiň?
-Ýok o nähili rowaýat?- diýip Mansur gyzyklanyp sorady. Ak saçly adam elinde oýnap duran äýnegini dakyndy, çilimini nebsewürlik bilen sordu-da, agzyndan, burnundan goýy tüsse goýberip, gürrüňe başlady:
-Gadym zamanda ine şuňa meňzeş bir dellek bar eken. Ol ýanyna baran adamyň saçyny syrýarka, müşderisi kimem bolsa:
-Päkini bogazyňa salyp goýbereýinmi-diýýän ekeni.
Dellegiň bu gylygy baryp hanyň gulagyna ýetipdir. Han bu habary getirenden
-Eger oňa menem baryp saçymy syrdyraýsam şol sözüni maňa-da aýdarmyka?- Diýip sorapdyr. Habarçy:
-Size-de aýdar- diýip jogap beripdir. Şondan soň han wezir-wekilleri bilen dellegiňkä barypdyr. Dellek hany iki bükülip garşy alypdyr, kürsüde oturdyp, saçyny syrmaga durupdyr. Emma ol sag tarapyny syryp bolup, çep tarapa geçenden päkisini galgadyp:
-Han aga, şu päkini bogazyňa salyp goýbereýinmi?- diýip, goyberipdir. Han töwereginde duran wezirlerine, "bu nähili boldy" diýen manyda seredipdir. Hanyň bir akylly weziri bar eken. Ol hana ýüzleni
-Aly hezret, munyň şu duran ýerinde bir bela bar, aýagynyň aşagyny gazyp görmek gerek- diýipdir. Gazyp görseler, ol ýerden bir hum doly altyn çykypdyr. Wezir hana ýüzlenip:
-Dellekde günä ýok, ony gepledýän ine şu- diýipdir.
Ak saçly adam gürrüňini gutaryp, äýnegini ýokary-maňlaýyna süýşürip goýdu-da:
-Weziriň aýdyşy ýaly, bu garawulda günä ýok, inim, diýip, köp manyly ýylgyrdy.
-Näme munuňam dellegiňki ýaly hazynasy bardyr öýdýäňmi?
-Hökman bolmaly, “ýaňy satylýan ýeri bolsa "Volga" maşynam aljak’’ diýenini eşitdiň gerek.
-Bä! Ol munça puly nireden tapýarka?
Men onuñ pul gazanýan bir ýolunyň gözli şaýady boldum. Hol hatarlaşyp duran maşynlary görýäň gerek. Näçe bardyr öýdýäň?
-Ýüz dagy bardyr- diýip Mansur çak urdy.
-Köp bolaýmasa kem däldir. Ine şu maşynlaryň hersinden bir gyzyl onluk garawul daýyň jübüsine girýär. Ýüz maşyndan müň manat bolýa gerek. Munuň ýaly maşyn aý aşa gelip dur. Onsoň özüň hasaplada görüber- diýip, ak saçly adam çilimini soňky gezek sorup taşlady-da, ökjesi bilen mynjyratdy.
O nähili beýle bolýa?- diýip Mansur geňirgenip sorady.
Nähili beýle bolýanyny maşyn alyjylardan sorap göräý. Men saňa hut öz başymdan geçenini diýsem, öňräk menem şu ýerden “moskviç" aldym. Maşynyň puluny, paý pulyny töläp, sürüp derwezä gelemde ine şu garawul saklady. Ýyrşaryp, elini uzatdy, menem uzatdym.
- Gutlaýan, münmek, sürmek nesip etsin, agam. Hany munuň derweze pulunam oklap goýber,- diýdi. Men öň maşyn alyjylardan “bazadanam ýöne çykaryp goýberenoklar, derweze puly diýilýäni bar” diýip eşidipdim. Şonuň üçin onuň soranyna kän bir geňirgenip durmadym-da, jübimde galan bäş manadymy uzatdym. Ol bolsa, seňrigini ýygyrdy-da “munyň näme agam? Illere bir onlukdan kem berenoklar. Il hatary etmeseň alman” diýýä. Menem näme Türkmençilik-dä, göwnüni ýykmajak bolup: “meniň galanjam şu, alaý, gardaş, diýip ýalbarýan, ol bolsa ”Ýa walla, seniň ýaly husyt adama ilkinji gezek sataşyp durşym. Daşdanam gaty ekniň-aýt” diýip minnet edýär. Menem geldi gaharym “Näme men saňa bergilimi-aýt! Almasaň nekene al!”diýdim-de sürdüm gitdim. Ýaňy onuň “seni nirede görenim indi ýadyma düşdi” diýeni şondan:
Mansur bu adamyň gürrüñini gyzygyp diñledi, assyrynlyk bilen ony başdan aýak synlap, eşiden zatlaryna geň galdy. Ak saçly adam birdenem:
-Anha-da, maňa gerek skladçy içerde gezip ýör-ä! Ol bolsa maňa köçä çykyp gitdi diýýä. Ynha-da bolýan zatlara! -diýip gören adamyna tarap çalt ýöräp gitdi. Garawul gäwşenip garawulhanadan çykdy, özüne göwniýetijilik bilen ýyrşaryp, onuň yzyndan seredip durdy. Şol wagt gysga-gysga signal berip, mawy “wolga”derwezeden girdi. Bu Mansuryň daýysydy. Ol maşynyny bir çeträkde goýup, derweza tarap ýöräp ugranda garawul ylgap onuň öňünden çykdy, iki elläp salamlaşdy.
-Sag-aman geldiňmi, ýaşuly. Ine, ertirden bäri yegeniňem saňa garaşyp dur- diýip ýalym-ýulum etdi. Mansuryň daýysy töwereginde ýallaklaýan garawula äwmezlik bilen seredip:
-Şu oglanmy? O nähili meniň ýegenim bolýamyş. Munuň ýaly ýegenleriň her gün birini işe al diýip üstüme goýberýäler- diýip, Mansuryň salamyna çalaja başyny atyp, edarasyna tarap gitdi. Mansura garawul hem hiç zat diýmedi. “Näme üçin ýalan gepledineň” diýmedi. Sagatda segsen ýalan sözleýän garawul üçin Mansuryň bujagaz “Ýalany” geň görerlik däldi. Mansur daýysynyň bu gylygynyň bir inçe syry bardygyny aňdy, emma keseki adamyň ýanynda dogan daýysynyň ondan göz-görtele ýüz döndermegi degnasyna degdi. Ol göni gidiberjek hem boldy. Beýtmäge gurby çatmady. Ygtyýaryndan daşarda bolan nähilidir bir güýç ony daýysynyň otagyna girmäge mejbur etdi.
-Geç otur- diýip, daýysy oňa ýer görkezdi. Mansur ümsüm geçip oturdy.
-Sen turuw başdan bozupsyň-a - diýip, daýysy oňa nägilelik bilen çiňňerildi- bu ýerde her hili adam bar, agzyňa berk bolmaly. Men adamlaryň “öz garyndaşlaryny işe çekýär”, diýen sözünden gaça durmaly düşundiňmi?
-Düşündim-diýip, Mansur maňlaýynda peýda bolan monjuk-monjuk deri eliniň arkasy bilen syrdy.
-Düşünen bolsaň “daýy- ýegen”sözi öýde, öz aramyzda bolýar. Bu ýerde bolsa men hemme kişi ýaly seniň üçinem, Halyl Haýdarowiçdirin. Düşünikli gerek-diýip, ol “günäñi bagyşladym’’ diýen manyda ýyljyraklady.
-Düşnikli Halyl Haýdarowiç- diýip Mansur hem gülümjirän boldy.
-Onda gürrüň şeýle, Mansur-diýip Halyl Haýdarowiç elinde oýnap oturan gymmat bahaly ruçkasy bilen stoly tyrkyldatdy -eger meniň bilen işleşjegiň çynyň bolsa, häziriň özünde 22-nji sklady kabul edip al!
Mansur “22-nji sklad nähilikä’’ diýip öz ýanyndan geňirgendi. Ol asyl ammarlara nomer dakylýandyr öýdmeyärdi. Indi 22-nji sklad diýlende, name üçindir küt-küt basylyp ýatan defesit matalar, ýaglyklar, geýim-gejimler göz öňüne geldi. Ol mesele beýle tiz çözüler diýip, oýlanmandy. Şonuň üçin Halyl Haýdarowiçe birneme ýaýdanjyrap seretdi. Onuň özüne tiňkesini dikip, jogaba garaşyp oturanyny gören Mansur:
-Entek işimdenem çykamoga- diýip ikirjiňlendi.
-Zyýany ýok. Işiňden soň çykar yörersiň-dä. Ol ýerde saňa gözi-gaşy çekip duran adam ýok. Arzany ýazan badyňa-da boşadarlar- diýip, Halyl Haýdarowiç öňünde duran iki taraplaýyn gepleşik apararadynyñ düwmelerinden birine basdy:
-Alo! 22-nji sklad!-diýip aparada çalaja pitikledi. Aňyrdan misli ýanynda gürleýän ýaly ses geldi:
-Eşidýän Halyl Haýdarowiç!
-Häzir meniň ýanyma gel!- diýip Halyl Haýdarowiç buýruk berdi.
Mansuryň ýüregine bir hili bükgildi gitdi. Ol şu pursatda begenýänini-de, gynanýanyny-da bilenokdy. Onuň beýnisinde dürli oý pikirler at salýardy. Bir salymdan soň otaga uzyn boýly, orta ýaşlaryndaky, hortap adam girdi. Onuň garaýagyzrak ýüzünde birneme ýadawlyk görünýärdi. Mansur “daýymyň çagyran adamy şu bolaýmasyn’’ diýip çak etdi. Mansuryň çaky dogry çykdy. Salam hälikden soň Halyl Haýdarowiç oňa ýüzlenip:
-Ynha, ýeriñe-de adam tapyldy. Häziriň özünde sklady tabşyr-da, rugsada gidiber. Dem-dynjyňy alyp gelensoň başga iş bererin- diýdi. Ol adam naýynjar ýylgyrdy, dodaklaryny münküldetdi, soňra pettikläp gepledi:
-Rugsada s-sag-aman çykaýyn, osoň gaýdyp-gelerinmi, g-gelmerinmi, göribiris.
-Bah! Beýle diýer ýaly, bizden näme ýamanlyk gördüň?-diýip Halyl Haýdarowiç yañsylap sorady.
- N-näme ýagşylyk g-gördüm?-diýip ol soraga sorag bilen jogap gaytardy. Halyl Haýdarowiç onun bilen ýañkalaşyp otyrmaklygy özüne uslyp bilmedik bolara çemeli, gürrüňi çurt-kesik etdi.
- Onuň yaly bolsa, gözel gownüň. Gep gutardy. Baryň!
Mansur ol adam bilen tirkeşip otagdan çykdy.Tä ammara barýançalar ikisi-de sesini çykarmady. ammara gelip yetenlerinde ol adam Mansura bir laý synçy nazaryny aýlady, soňra ammaryñ iki gabsaly uly gapysyny açyp:
- G-giriber, ýigit-diýdi. Mansur girip töwerek daşyna ýaltaklady. ammaryñ içi edil gaýş pökgi oýnabermeli ýaly giňdi, aşagy betonlanany üçinmi, ýa-da gün düşer yaly aýna-apişgeşinin ýoklygy üçinmi gaty salkyndy. Yöne, diwar ýakasyna üsti-üstüne münderlenen ýaşiklerden başga zat göze ilmeýärdi. ammarçy ýaşiklere elini çommaldyp, peltekledi:
- I-ine bu tarapda a-alty ýüz ýaşik d-duz, h-her ýaşikde ýigrimi paçkadan. B-bu g-gapdaldaky dört ýüz e-elli ýaşik sabyn. Ýaşyginde kyrk tokgadan.
Aňkasy aşan Mansur tas aglapdy. Daýysy näme, ony oýnajak bolýamyka? Ol duz bilen sabyny başyna ýapsynmy? Mansuryň jyňkyny çykarman, sañ gatyp dyranyny duýup, sebäbine düşünmedik ammarçy ýene sakawlap ugrady:
I-ikuç gün bäri m-magazinlere berişdirip, galanjasy şu. M-men priýem-s-sdaçy akdyny ýazýançam ýaşikleri s-sanada g-göriber
Mansur oña seredip, kellesini ýaýkady-da:
-Bu gün meniň wagtym ýok-diýip, ylgap ammardan çykdy. Ol şol gelşine kürsäp, daýysynyň otagyna girdi. Halyl Haýdarowiç iki sany adam bilen gepleşip otyrdy. Ol Mansura soragly nazaryny dikdi. Mansur keseki adamlaryň ýanynda näme diýjegini bilmän dilini dişlap, gapydan giren ýerindäki oturgyja özüni goýberdi. Ol adamlar köp saklanmady. Olar gapydan çykandan Halyl Haýdarowiç:
-Ýeri, näme boldy?-diýip, howsalaly sorady.
-Maňa berjek skladyň şomy, daýy?-diýip Mansur “daýy’’ sözüni nygtap aýtdy. Halyl Haydarowiç Mansury şol sklada iberýärkäde, onun ol ýeri gaty bir oňlamajagynam bilipdi. Ýöne beýle aç-açan nagilelik bildirer diýip piker etmedi. Ol:
-Beýle dar gursak bolmazlar, Mansur-diýip, yuwaşlyk bilen gepledi.-Sakawuň soňuna seret diýipdirler. Men näme saňa haziriň özünde haly sklady bereýinmi? Beýle iş meň elimden gelip duranok. Ýöne häzirki aljak skladyň, bilseň, seniň üçin bir tramplin bolmaly. Ana şol tramplinden soňa baka islaniňçe beýiklige böküp bolýar, düşündiňmi?
Aý, näbileýin…Sen maňa düýn öýde düýbünden başga zat aýdypdyň, ahyryn.
-Düýn aýdanlarymyň hemmesi-de dura-bara amala aşar. Howlukmak gerek däl, Mansur. Onsaňam seň 22-njini şeýle bir sürtse ýokmaz görüp oturma. Ugruny tapsaň onda-da çaý puly bar- diýip Halyl Haýdarowiç köşeşdiriji ýylgyrdy. Mansur özuniň ýeňleslik edenini duýdy, näme diýjegini bilmän ümsüm otyrdy. Halyl Haýdarowiç ýuwaş, emma buýrujy aheňde gürledi:
-Hany, wagty geçirme-de, baryp sklady al.
-Men oňa, bu gün wagtym yok- diýip gaýdypdym. Indi ertir gelerin-de- diýip, Mansur aşak bakdy. Halyl Haýdarowiçiň owurdynda ýumry peyda boldy, müňkülledi, emma gaharyny daşyna çykarmady:
-Him… Onuň ýaly bolsa, bu gün işie barda, boşamak hakyndaky meseläni çöz.- Halyl Haýdarowiç sözüni gutaryp-gutarmanka dört sany adam yzly-yzyna zompuldaşyp girdiler. Olar Halyl Haýdarowiçiň köne ülpetleri bolara çemeli, gapydan girenlerinden ala zenzele edip, wakyrdaşyp, degşip başladylar. Mansura hiç kim ünsem bermedi. Ol ýuwaşlyk bilen çykyp gitdi.
Mansur söwda bazasyndan şu wagta çenli özune mälim bolmadyk täze bir dünýäni açyp gaýtdy. Bazanyň äpet derwezesiniñ oňündäki garawul, şol yerde sataşan ak saçly adam, sakow ammarçy göwnüne bolmasa onuň görüp yören adamlaryna menzemeýärdi. Aýratynam daýysy! Ol öz öýünde-de, Mansuryň öýünde-de garyndaşlyk duýgusy çogup duran mahriban adamdy! Mansur ony elmydama seýledir, başga hiç hili bolmagy mümkin däl, diýip berk ynanýardy. Bu gün bolsa ol dayýsynyň hakyky keşbini, ol hiç haçan göz öňüne getirip bilmejek keşbini gördi. Ine şular zerarly özünde dörän täsin duýgyny näme üçindir ol ýasajyk oglanka goñşusy Setdar Salyhlaryň öýüni ilkinji gezek göreninden soň dörän duýga menzetdi. Bu meňzetme oňa çagalyk döwrüni ýatlatdy. Setdar Salyhyň gyzy-garaja gözli Sumbul gyz göz öňune geldi. Çagalykda bile oýnap –ösen bu ajaýyp gyzy Mansur ýygy-ýygydan yatlayardy. Sumbuluň pioninada çalan sadaja heňi, şoňa goşup aýdan aýdymy henizem gulagynda ýaňlanýan ýalydy. Bir ýatlama ikinji ýatlamany döredýär: Mansuryň Sumbul hakyndaky ýatlamarynyň soňy Nurjemal hakyndaky süýji yatlamalara ýazdy. Nurjemal bilen geçiren unudylmaz günlerini ýatlanda ýüregi meýmirap, gözleri süzüldi. Nurjemal bilen aralary daş bolsa-da, häzirem ýürekleri ýakyndy. Tiz-tiz hat alyşýardylar. Nurjemala ýetmek, ony özüniňki etmek Mansuryň ýüreginde beslän arzuwlarynyň biridi. Ol onuň bilen başga arzuwuna-baýlyk we zynatly durmuş baradaky arzuwyna ýetmekçidi. Hiç bolmanda şol arzuwynyň üçden birine ýetäýse-de Nurjemala öýlenip, zibi-zynat içinde yaşatmakçydy. Ol bu hakda Nurjemala ýazan hatlarynda-da telim gezek ýaňzydypdy. Nurjemal bolsa onuň beýle meyilleri bilen ylalaşmak islemeýärdi. Ol Mansura ýazan hatlarynyň birinde şeyle diýipdi:
“Ezizim Mansur!
Men senden hiç wagt zibi-zynat talap etmen. Çunki men hakyky bagty başga zatda- duýgularyň päkliginde, müdimiliginde diýip düşünýän. Sen bir zady unutma: birek-birege päk hem-de joşgun duýgular arkaly baglanan pukara oňalgaly adamlar, köşgi-eýwanlarda zibi-zynat içinde ýaşaýan adamlardan hem bagtly bolup biler’’
Mansur Nurjemaly her naçe söýse hem, ondan akyl öwrenmekçi däldi. Durmuş hakynda indi onuň oz düşünjesi bardy. Galyberse-de, daýysynyň baýlyk, zibi-zynat hakyndaky jadyly sözleri onuň gözi-başyny aýlapdy. Şonuň üçin ol öňki işinden çykyp, söwda bazasyna ýerleşdi. Ilki daýysynyň “tramplin"’diýip atlandyran duz-sabyn ammarynda sabyr-takat edip işlemeli boldy. Diňe bir ýyldanam gowrak wagt geçensoň daýysy ykraryna dolandy-ony taýýar geýimler ammaryna geçirdi. Şol ammara müdir edip bellemek hakyndaky buýruga gol çeken güni Halyl Haýdarowiç ony öýüne çagyryp tä ýary gijä çenli öwüt-nesihat etdi:--Seniñ ammaryña her dürli defiçit zatlar gelýär. Diňe şol defisidiň hasabyna-da, ine şundanam ýasamak bolýar- diýip, Mansur Haýdarowiç elini bokurdagyna ýetirdi – Bu ýerde sen hökümediň ýekeje köpügine zyýan ýetirmeýäñ. Diňe bir azajyk söwda düzgüni bozulýar. Emma Mansur, ýene gaýtalap aýdýan, gaty seresap bolmaly. Bäş barmagyň deň däl, bazada özleri-de bir köpük iýmeýän, iýýänlere-de görüplik edýän adamlar kan. Şoňa göra kim bilen nähili iş salyşmalydygyňy bilmeli, gaty aga bolmaly. Şol meniň aýdýan magazin müdirlerimden başga bilen hergiz “paçakgömdi’’ ediji bolma.
Şol güni Halyl Haýdarowiç Mansura işiň ähli inçe syrlaryny açdy. Nähili edip defisit harytlardan artdyryp alyp galmalydygyny soň olary nähili ýerleşdirmelidigini düşündirdi. Käbir adam öň edip görmedik işiňi ilkinji gezek etjek bolaňda aljyraýmagy mümkin. Emma Mansur olardan däldi. Ammara defisit harytlar gelen gününiň ertesi garadan gaýtmaz häsiýetini ýene bir gezek iş ýüzünde synap gördi. Ol ýaňy ammary açyp agyza golaý goýlan stoluň üstündäki faktura blankalaryny tertipleşdirip duran wagty semizlikden pökgi kimin tokgalanan bir adam ýaltaklap gapydan girdi. Ol:
-Essalawmaleýkim inim Mansur jan-diýip, iki elini uzadyp görüşdi. Soňra ellerini ýellenip duran ganar ýaly giň balagynyň jübüsine sokup, ördek ýöreýşinde gezmeläp başlady. Bu adam Halyl Haýdarowiçiň aýdan dükan müdirleriniñ biridi. Onuñ ady başga bolsa-da, näme üçindir hemme kişi oňa Dumanly daýy diýýärdi. Dumanly daýy ynançly adamdy. Onuň bilen arkaýyn “paçakgömdi’’ oýnabermelidi.
-Ýeri, inim Mansur jan, biz garyby begendirer ýaly nämeleriň bar-diýip Dumanly mekirje gözlerini ýyldyratdy.
-Näme gerek?-diýip Mansur sowukganlylyk bilen sorady.
-Güýz girdi, inim. Adamlaram gyş şaýyny tutýarlar. Şonuň üçin, bu gündelik harytlardan başga-da, aýallaryň hytaýy possuny, andatr telpek ýaly zatlardan bolaýsady kem bolmazdy-diýdi. Mansur ýasama ýylgyrdy:
-Bah! Dumanly day işdåñä erbet dal eken. Onun yaly zatlar nirede bar?
-Aý, inim Mansurjan, at oýnatmasana, sende baryny bilip soraýan-diýip Dumanly asty-üsti zybrym gyzyl dişlerini güjeňläp ýyrşardy. Mansur onuň gözleriniň bäbegine galdyr-basdyrsyz seretdi-de:
-Dumanly daýy, sen bilseňem, bilmeseňem ýok diýsem ýokda!-diýdi. Dumanly äheňine salyp goşgy okaýan ýaly edip:
- Bah, onyň dogry, Mansur jan. Sen ýok diýseň, ýel öwüsjegini, bar diýseň bazar boljagyny bilýän-le-diýip, ýene ýyrşardy. Mansur indi çyny bilen gürledi:
-Şony bilýän bolsaň, aýdan zatlaryň hersinden dört-bäşden tapyp bereýin, Dumanly daýy.
-Bereket tap, şeýt inim. Ýöne dört-bäşden diýme, hiç bolmanda ondan bolsun. Mansur oňa köp manyly seretdi:
-Ony diýmeseňem, fakturyňa ondan yazjak. Ýöne hersinden bäşşiniň pulyny berjek. Dumanlynyň ýüzi boz-ýaz boldy:
-Mansur jan, muny sähel ynsap bilen edäýmeli, mendenem hasap soraýanlar bar, inim.
Dumanly daýy- diýip Mansur ýüzini sowatdy. -Gürrüňi süýndirip oturmaga wagt ýok. Häzir adamlar gelýär.
(dowamy bar)...
Powestler