14:48 "Gitler arçynam bolup bilmez" | |
"GITLER ARÇYNAM BOLUP BILMEZ"
Publisistika
"Vossische Zeitung"… Nemes habar beriş serişdeleriniñ "admiral korably". Gazetiñ ugry liberal, özem Adolf Gitlerden daşrak durýardy. 1932-nji ýyl. Germaniýada prezidentlik saýlawlary golaýlap gelipdi. Gazet şular ýaly rubrika bilen çykyş etdi: "Gitler arçynam bolup bilmez!" Gürrüñiñ mazmuny şudy: Gitler Awstriýanyñ raýatydy. Emma, 1925-nji ýylyñ 7-nji aprelinde Awstriýanyñ raýatlygyndan çykdy. Germaniýa göçensoñ ýedi ýyllap raýatlyksyz ýaşady. Haçanda onuñ prezidentlige talaşgärligi orta atyldy welin, nemes raýatlygyna geçmek üçin herekete başlandy. Mýunhen polisiýasynyñ aklawjysy Wilhelm Frick munuñ üçin birinji gezekde netije gazanyp bilmedi. Ikinji ädim ädildi: Nasistik partiýanyñ agzasy Dietrich Klagges Braunschweig oblastynyñ bilim ministridi. Ol Gitleri Braunschweig uniwersitetine ("Syýasat we organiki sosiologiýa" ugrundan galp dosentlik) işe alyp, onuñ raýatlyk almagyny çaltlaşdyrjak boldy. Olam bolmady. Yzyndanam... Içeri işler ministrligi Gitleri işe alyp, onuñ nemes raýatlygyna geçmegine ýardam etdi. Şol wagt taryh 1932-nji ýylyñ 25-nji fewralydy... Muña göz ýumanlaram Gitleriñ çepçileri (sosialistleri) ýok etjekdigine ynanan we aralarynda jöhitleriñem bolan nemes tütjarlarydy. Hawa... şu gün Gitleriñ nemes raýatlygyna geçen güni... ■ MAOÇYLYKDAN FAŞISTLIGE "Arçynam bolup bilmez" diýlendigine garamazdan, nemes raýaty bolmagyma rugsat edilen Gitleriñ häkimiýete gelenden soñ nämeleri edendigini gowy bilýänsiñiz. Ýöne bärde esasy gürrüñ geçmiş hakda däl, biziñ şu günümiz hakda... Sizi ilki biri bilen tanyşdyrasym gelýär: Ýorg Baberowski (1961)… Nemes taryhçysy. Gumboldt uniwersitetiniñ Gündogar Ýewropa taryhy boýunça professor. Talyplyk ýyllary maoçydy we Günbatar Germaniýanyñ Kommunistler birleşigine goşuldy. Russiýa-SSSR-iñ taryhy we "Stalin režimi" boýunça ylmy işleri alyp bardy. Nasizm we stalinizm deñeşdirmesini geçiren nemes taryhçysy Ernst Noltäniñ (1923-2016) täsirine girdi. Nolte nemesleriñ garşysyna holokost-jöhit genosidi üçin aýratyn aýyplama bildirmegiñ gereginiñ ýokdugyny öñe süren alymlardandy. Onuñ pikiriçe "Gitleriñ jöhitlere garşy amala aşyran genosidi logiki taýdan alanda ýerliklidi! Çünki Gitler modernizmiñ duşmanydy!" Hatda şuny-da ýazdy: "Bolşewik jöhitlerem SSSR-däki Gulag konslagerleri üçin jogapkärdir!" Baberowski hem bu kerwene goşuldy: "Gitler psihopat we zalym däl. Ol adamlaryñ ýanynda jöhitleri ýok etmek hakynda gürleşilmeginem islemeýärdi. A Stalin bolsa ölüm sanawlarynyñ aşagyna gol çekmekden lezzet alýardy. Ol rehim-şepagatsyz, ol psihopat..." Kem-kemden gürrüñimiziñ esasy ýerine geleýin. 2016-njy ýyl. Bremen uniwersitetiniñ talyplar komitetiniñ (AStA) çap eden bildirişinde "milletparaz" hökmünde baha berlen Baberowski urdumşalygy mazamlaýandygy üçin ýazgaryldy. Baberowskiniñ talyplary onuñ garşysyna aýaga galdy. Kýolnyñ oblast sudy Baberowskini milletparazlykda aýyplamagyñ bikanundygy barada karar çykardy! Garpyşyk güýjedi... Mysal üçin... Bremen uniwersitetiniñ Ýewropa hukugy we syýasat merkeziniñ başlygy professor Andreas Fischer-Lescano talyplary goldaýandygyny ýazdy. Konserwatiw gazet "Die Welt" "Baberowski Germaniýanyñ stalinizm ugrundan saýlama hünärmen bolup durýandygy üçin çepçi toparlar tarapyndan ýigrençbatgasyna gapgarylmak islenýär." diýip ýazdy. Jedeller häzirem gyzgalañly dowam edýär, hut şu aýyñ başynda - 3-nji fewral güni Germaniýada täsin üýtgeşme bolup geçdi... ■ ŞAHSYNY DIKELTMEK Ýetmiş nemes alymyndan ybarat topar 3-nji fewralda "Ylmy erkinlik ulgamyny" gurdy. Ulgamy döredijiler özlerine "garaýyşlary-pikirleri marjinallaşdyrylan we ahlak taýdan gysylan, zulum gören diaspora" hökmünde baha berdi. Olar "ylmy erkinlige garşy gysyşlardan" nägile bolýardylar... Ulgam aslynda görlüp-eşdilmedik nasistik etmişleri galp "ylmy" erkinlik" perdesine duwlanyp aklamak üçin döredilipdi... Çepçiler bu guramanyñ adyny "Gitleriñ şahsyýetini dikelme ulgamy" diýip atlandyrdy. Şeýle adyñ berilmegine-de, ulgamyñ öñbaşçy alymlarynyñ hatarynda Ýorg Baberowskiniñ bolmagydy! Hormatly agzasy-da merhum Ernst Noltedi... Liberal-çepçi gazet "Süddeutsche Zeitung" "Ulgamyñ döredilmegine esasy habar beriş serişdelerinde soñky aýlarda ylmy jemgyýetçilikdäki bar bolan beýleki syýasy wakalardan has köp gyzyklanma artdy" diýip ýazdy. Gitlerden "ak jüýje" ýasamagyñ yşkyna düşen bu ulgamyñ merkezi habar beriş serişdelerinden hiç hili tankydy bellik almaýandygyny nähili düşündirse bolar? Nasistleriñ döwründen bäri ilkinji gezek nemes syýasatynda möhüm rol oýnaýan faşiatik AfD partiýasynyñ tarapdarlaryndan çekinýärlermi? Onsoñam: Gitlere ýokary gatlakdan bolan baý nemesleriñ arasynda ullakan hormat goýulýandygy gizlin syr däl, belki, olaram täsirli baýlaryny gorajak bolýandyrlar! Germaniýanyñ ugry hanjak? Germaniýadan Fransiýa çenli aralykda faşistleriñ Ýewropada güýçlerini artdyrandygy barada-ha agzabam durjak däl. Neoliberalizm çökdi welin, dünýä eýelik edýän ketdeler çepçilere garşy ýene awtoritar we faşistik diktatura formasyna ýönelýär. Täze Gitlerler janlandyrylýar... Ýagny, zerurlyk duýlanda "arçyn" saýlaýarlar... Göwünlerine ýaramadyk günem “diktator” yglan edýärler… Soñ ýene bir gün geregi çykanda, elleri bilen ýedi gat ýeriñ teýine sokan adamlaryny aklamakdanam çekinenoklar... Günbatar ikiýüzlüdir, ynanmañ. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 25.02.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |