GOJA BALYKÇYNYŇ AÝDYMY
Naw ýasan günlerim yzda galypdyr,
Gujurym, gaýratym dyzda galypdyr.
Kowalap, tutdurman tolkunlar bilen,
Göreşen günlerim ýazda galypdyr.
Uç-gyraksyz ummanyny kürekläp,
Deňiz joşsa gomlar, gör, nirä oklap,
«Aw ganly» bolaýjak ýerleri çaklap,
Geçilen menziller ýolda galypdyr.
Şor balyklar düzüm-düzüm düzülen,
Bir-birege goldaw berip ýüzülen,
Ömür bize ykbal bolup ýazylan,
«Gämiçiň jany bir» halda galypdyr.
Mawy ummanlara ömrümiz bere,
Nesibe ýetirdi bagtly günlere,
Motorly gämiler — balykçylara,
Prezident sowgady — bize hormaty,
Ady alkyş bolup ile dolup dur.
Deňiz reňk gämiler ilime kuwwat,
Rysgalyma kuwwat, ýoluma kuwwat,
Balykçylyk hojalygna beren bat,
Ýurt eýesin diýdim müňde alkyşlap,
Gör, türkmeniň bagty daşlar ýaryp dur.
Erteki däl, hakykata öwrülen,
Ak günleri synlap dursuň ömrüm-eý,
Arkadag alkyşlap tutulýan toýlar,
Türkmen şöhratyny dünýä ýaýyp dur.
* * *
Ýaşaýyş jaýlary, medeniýet köşgi,
Mekdep, haly fabrigi, hassahana.
Halkyň belent ruhy, göterlen yşgy,
Gurulan binalar şeýle görkana.
Bagtly günleň şaýady bolan deňzim,
Kenaryňda durun bakyp çar ýana.
Göterlip asmana, gör, düzüm-düzüm,
Ak çarlaklaň aýdymy,
Öwrülip bir mukama,
Garşy alyp saz edýär,
Asmanda perwaz edýär.
Guwanyp hem buýsanyp,
Hakyň nazary düşen
Bu ajaýyp mekana.
Bu ýerde bar özboluşly ýaşaýyş,
Deňiziň howasam janyňa melhem.
Haýsy pasyl geläý, duýmarsyňyz gyş, Töwerek-daşyňdan alýarsyň ylham.
Obalaryň kaşaň-kaşaň jaýlary,
Durşuna bir sungat, ýazaýsaň kyssa.
Alkyş aýdýaň synlap gözel ýaýlanyň,
Binagärlik keşbin döreden ussa.
Her öýde ir säher, ertirlik nahar,
Günortanlyk nahar, agşamlyk nahar,
Daglanyp durandyr şorja balyklar.
Şol bir nahar diýip etmersiň gahar,
Agyr ýoldan geläýseň sen aryplar.
Iýip doýup bolmaz tagamy başga,
Çapak, kefal, takgaz, şorja balyklar.
Diňe şatlyk, bagtyýarlyk duýulýar,
Munda ula-kiçä hormat goýulýar.
Arkadaga, Watanmyza alkyşlar,
Ýüreklere aýdym bolup guýulýar.
* * *
Bir çetinde bu Garaşsyz Watanyň,
Deňiz kenaryna ýaýylyp ýatan.
Esenguly —bagtyň daňy atanym,
Watan içre sen bir kiçijik Watan.
Seniň howaň, bahar-ýazyň üýtgeşik,
Deňiziň mukamy — sazyň üýtgeşik.
Owadan dünýäňe bendiwan bolup,
Kenaryňda durun ylhamym joşup.
Öz gününi özi çarap oturan,
Geljegne umytly garap oturan
Sada balykçylaň mekanysyň sen,
Türkmeniň hazyna dükanysyň sen.
Balyklaryň — berekedi saçagyň,
Nebit-gazyň baýlygydyr Watanyň.
Saňa bu gün Hak nazary düşüpdir,
Esenguly — bagtyň daňy atanym.
* * *
Rowaçlyk bar, gaýrat bar,
Her ojakda, her öýde
Ćarlak guşum, ak guşum,
Uç sen ganatyň ýaý-da!
Bu bir bagtyýar zaman,
Türkmen illeri aman.
Çarlak guşum, bagt guşum,
Uç sen ganatyň ýaý-da!
Asmanymda ýok duman.
Sen göwünleň soltany,
Sen deňizleň soltany,
Biribaryň ýalkany,
Çarlak guşum, ak guşum,
Uç sen ganatyň ýaý-da!
Bu gün toýa-baýrama,
Beslendi gözel ýaýla.
Arkadagyň mährinde,
Ýaýna, il-günüm, ýaýna!
Deňizguşum — bagt guşym,
Uç sen ganatyň ýaý-da!
Hoş habary ýetirip
Bu türkmeniň bagtyna,
Hem elýetmez tagtyna.
Bir üýtgeşik saz eýle,
Asmanda perwaz eýle!
* * *
Sabyrsyzlyk bilen garaşylan gün,
Gelip ýetdi, bu gün iller bagtyýar.
Ýaşuly-ýaşkiçiň ýüreklerinde,
Eziz Watanyna, Prezidentine,
Egsilmez söýgi bar, hormat, alkyş bar.
Arkadag serpaýy bir million dollar,
Begendirdi, buýsandyrdy baryny.
Täze ösüşlere berip badalga
Galkyndyryp Esengulyň ilini.
* * *
Bu gün Arşda göwün, geliň küşt depiň!
Bir depim hem iki depim, üç depim,
Küşt depiň, küşt depiň, geliň küşt depiň!
Aý alleý-alleý, jan alleý-alleý,
Balyklar düzüm-düzüm,
Ýola garap dur gözüm.
Esenguly toý tutýar,
Sag bolsun Prezidentimiz.
Balykdan aş bişirdim,
Düşeme hem ýahana.
Watanmyzyň şöhraty,
Doldy älem-jahana.
Mähriban Prezidentim,
Ak günlere ýetiren.
Esengulyň iline
Şöhrat-şanlar getiren.
Biribar kuwwat bersin,
Mydam sag bolsun janyň.
Esengulyň goýnunda,
Galkýar şöhratyň-şanyň.
Aý alleý-alleý, jan alleý-alleý.
Aýuheý, aýuheý.
Zikir çekýär görkezip öz sungatyn,
Esengulyň ýaşuly-ýaşkiçisi.
Arşda owaz edip, ýaňlanyp gidýär.
Bagtyýar ilimiň ýüregniň sesi.
Nurgözel GOZLYÝEWA.
Goşgular