09:40 Goja / hekaýa | |
GOJA
Hekaýalar
Segseniñ ujundan gädende Ärnepes aganyñ aýaly ýogaldy. Bu ýaşdaky adam adatça suwjaryp aglamjyrap oturmazak bolýar. Ol ýas günleri hemme gaýgyny gursagyna salyp, özüni är kimin alyp bardy. Gündiz ýürek awusyny paýlaşmaga gelen obadaşlaryny "Sylap geleniñize tañryýalkasyn" diýip, salyhatly görnüşde ugratmagy başardy. Gelim-gidim sabaşansoñ, ikindinara ogullaryna, gyzlaryna, gelinlerine, agtykdyr çowluklaryna: "Müzzerilmäñ-de iýip-içiñ. Azajyk gaýgyny aşa basar" diýip göwünlik berdi. Özem daşyndan seredeniñde hiç bir zat bolmadyk şekilli çaý-naharyny kemmedi. Eýsem näme? Agyr kerwen kerwenbaşa seredýär ahyry. Geñ görmeli, Ärnepes aganyñ dişleri tükeldi, ýöne biraz saralyşypdyr. Etiniñ öñki bitinligi. Her egninde häzirem jahyl oturybermeli. Jowur ak sakgaly gapak ýaly döşüni ýapyp, nezikleşen ýüzüne gelşik berýär. Onuñ güýz almasy ýaly terligini saklaýan ýañaklaryny ilki gören adamyñ: "Aý, şü kişi-hä, biline zor salyp işlän bolmaly däl" diýip pikir ýüwürtjegi şeksizdi. Ýogsam, ol ömrüniñ köpüsini çopançylykda geçiripdi. Ýek-tük diri gezip ýören sakgaldaşlary aýtmyşlaýyn: "Ömrüni uly neçelnikler ýaly kanturda oturyp geçirene meñzeýär". Aý, bolsa-da, onuñ aýaly derýa ýaly giñdi. Iñirdisizdi. Bir aýdanyny gaýtalatmazdy. Belki şondandyr. Ýogsam ol Annasoltan pahyry niçik görerdi? Päheý, bu ýaşdaky adama... aýalymy gowy görýän diýip suwjarmak... Päheý... Yh-ym... Goja aýalynyñ aşyny-suwuny berdi, degsin etdi. Aýralyk derdi könelişdi. Ýeri, indi onuñ gursagynda nämeler gopýar? Ukusy kemeldi. Işdäsi azaldy. Ýañaklary halpardy. Ärnepes aganyñ körpe oglunyñ şarñyllap duran köşk ýaly dört otag jaýy bardy. Ol eý görýän agtygy Pirnepes bilen şolaryñ birinde bolýar. Gelin daşynda perwana. Çaý-nahary haçan islese taýýar. Gelin bir gezek ärine şeýle diýdi: - Aý, oglan kakaña bir zad-a bolýa. Çaý-naharyny iýip-içişiniñ ugry ýok. Ýa meniñ bişirýän tagamlarymy halamaýarmyka? Kolhoz işine ertir gidip agşam gelýän körpe ogly ýaşulynyñ jaýyna bardy: - Kaka, saglygyñ niçik? - Gulanalma, oglum? - Gelniñ närza bolýa iýip-içenok diýip. - Gelinden müñ kerem razy. Oñam ynjan mahaly ýokdur, elbetde. Gysgajyk söhbet tamamlandy. Oglunyñ bu aýdanlaram täsir edibermedi. Gojanyñ şol öñki bolşy. Onuñ garasöýmezligem artdy. Öýüñ gaýrasynda guýy gazmak üçin edilen oýun depejiginde ikindinden gijäniñ birmahalyna çenli arkan düşüp ýatýar. Käte dañdan gelýär. Bu ýagdaý onuñ özünem howsala saldy öýdýän. Şähdini açmak maksady bilen düze çykmagy ýüregine düwdi. Eşegini palanlap, agtygyny mündürdi-de, dört-bäş geçisini otluk oýtaga kowup goýberdi. Özi gyrarakda gyşardy ýatyberdi. Agtygy kirpijik görüp oýnady, peçek ýygdy. Ahyry atasynyñ ýanyna geldi. Onuñ şol, içini hümledip ýatyşy, hatda Pirnepesiń duranyny-da duýmady. Bu ahwal oglanyñ ýüregini gysdyrdy. - Ata, aý ata! - Häh! - Goja ukudan oýanan ýaly birden dikeldi. - Näme inerim? - Öýe gideli. - Öýi öñ görmän gelýäñmi? Päheý... - Goja agtygyna gödegräk jogap berse-de, yzyna öwrülmek bilen boldy. Telbelän ýaly bolup ýörşi soña-baka gojanyñ özünem darykdyrdy. Dogrudanam oña näme bolup ýörkä? Ýa-da dul sakgaldaşlarynyñ biriniñ aýdyşy ýaly, "towuk goran" küýseýärmikä? Bu ýaşdan soñra... öýlenmek... Päheý. Ol içki pikirini keseki biri añlan bolaýmasyn diýýän şekilli gyzarylyp, töweregini ýalt-ýult etdi. Hiç kim ýok. Diñe ikinji otagdan kiçi agtygynyñ "E-je" diýip aglaýan sesi eşidildi. Beýleki agtyklaryny hasap etmäniñde-de düzde beren şol gödegräk jogabyndan soñ Pirnepesem gaçgaklaýar. Ýogsam öñler dagy kiçi agtygynh eline almasy-da bardy. Häzirem gelni daşarda tamdyrda çörek bişirýan bolmaga çemli, öýde ýok. Goja çaganyñ aglaýan jaýynyn gapysyny açdy. Kiçi agtygynyñ başujunda Pirnepesjik durdy. Çaky, özem ojagazy haý-küş etmek bilen küýi bolman, oýnamaga howlugýar. Elinde gojanyñ kän bir halamaýan ala-mula pökgüsi bar. - E-je... e-je... - diýip, atasynyñ seredýänliginden bihabar Pirnepes jigisine öýkündi. - Näme ejeñi göreñokmy? Päheý. - Ol gapydan çykjak bolanda tas atasy bilen çakyşypdy. Agtygynyñ özüne öýkünişini eşiden Ärnepes aga soñky wagtlarda ilkinji gezek ýylgyrdy, ýöne basym çugdum çal gaşlaryny degrerläp, ýüzüni çytdy: - Oýnat, jigiñi. Pökgüden saña çörek bolýarmy? Päheý. - Goja yzyna öwrüldi. ...Gije ýarpylaberende obada rahatlyk başlanýar. Oña çenli çagalaryñ oýnap gygyryşýan, itleriñ üýrüşýän sesleri, eşekleriñ aýaklarynyñ dükürdisi, goñşynyñ birinde agaç telärde oturan adamlaryñ gürrüñçiligi... kesilmez. Obada tomus hezildir. Günuzyn tamdyrdaky gora meñzän toprak sowar. Hazar tarapdan sergin şemal öwser. Çapaga çal guýup daşarda goýsañ buz ýalyjak bolar. Içseñ, baý, şypalydyr-ow! Sekijikde garnyny ýalañaçlap ýatan gojanyñ ýanyna Pirnepes gelip gitdi. Olam okara bilen çal getirdi. Ýaşuly düýe çalyny bir demde içdi... Ärnepes aga obanyñ gündogaryna äñetdi. Ulgamlanyp, syr saklaýşy daglary ýadyña salýan ak çägeleriñ gerişleri aý ýagtysyna ýalañaç görünýärdi. Ýañyraklaram şahasyndan baggoýun asybermeli gandymlar, şaýly gelne meñzeş selinler bu çägeleriñ gelşigidi. Hany indi olar? Elbetde, gumuñ jümmüşine gitseñ häzirem tapylar. Ýöne golaý-goltumdakylary tükenipdirler. Belki, ol ösümlikler gumuñ ýaşlygydyr. Hemme zadyñ juwanlygy bolýandyr ahyry. Ol çäge gädigine nazar aýlaldy. Şonda agyn gyzyleñek jahyl Ärnepes gol bilana döndi. Haw-wa, şol gädikden Gurbanseýit baýyñ goýnuny suwa ýakmak üçin şu guýa getirerdi. Ýigitlik pursatynyñ köpüsi baý goýnunyñ yzynda geçipdi. Goja guýa tarap öwrüldi. Ol soñky wagtlae jahyllyk döwri barada köp oýlanýardy. Oýlanmajak bolsa-da başardanokdy. Edil duýdansyz uçup gelýän sarlar kimin bimaza edýärdi. Ärnepes aga her gün ogryn-dogrynda guýynyñ agzyndan gözleýärdi. Mal ýakylyp suwy tükenen guýynyñ sähel salymdan soñ öñküligi, düýbi suwdan dolýar. Diýmek guýynyñ ýaşlygy bütinleý ýitip gidenok. Tiz dolanýar. Ýogsam onuñ daşlary gemmik-çemmik. Gojanyñ pähimlenşiçe, suw ~ guýynyñ ýaşlygy ~ terligi. Diñe ynsanyñ kakabaş juwanlygy müdimilik däl. Eýsem, olam ýañy ýigitligine az mahallyk dolanmadymy?.. Ýaşulynyñ pikiri garjaşdy, üsgünjiredi, mähnet telpegini ýassyk edinip, ýene ýigitlik döwrüne dolandy. Bu guýynyñ ýakymly görünýänligi... neme... Almagül... Päheý... Goja çym-gyzyl bolup töweregine ýaltyldady. Onuñ içgepletmesini añşyrýan ýa ýürek urgusyny diñleýän kişi ýok. Oba ukuda ýatyr. Almagül... ol garyp gyzydy. Ýetim Ärnepes bilen gyzyñ kakasy Gurbanseýit baýyñ goýun çopanydy. Almagül ortadaky uzynak, akmeñiz, owadan köşek gözlüdi. Onuñ çomuç saçlary sähel gymyldanda towsup-towsup durandyr. Ärnepes gyza kän gabagyny galdyrmazdy. Belki, kakasymy sylaýanlygyndandyr. Emma bir gezek... şol süýr günortandy. Baş çopan ýarawsyz bolansoñ, depäñi deşip barýan jokrama yssyda agyr sürini ýeke özi ýakan Ärnepesiñ lüti çykypdy. Gözleri der inmeden awuşaýardy, kirli çit köýnegi sykybermeli, endam-jany-da mum-helikdi. Ol şu mahal sürini, guýyny-da ýigrendi. Goýny bölmäge kömek eden Almagül geldi: - Ýadadyñmy? - Hymm. Ol gowa bilen guýudan suw çekip içdi-de, birdenem ýigidiñ üstüne suw sepip başlady: - Hi-hi-hi... Al, ýadasañ... - Hi-hi-hi!!! Hit şu mahal guýudan Almagülüñ gyz gülküsi eşidildi. Hi-hi-hi! Eý-ho! Bu niçik ahwal? Gojanyñ süýji ýatlamasynyñ arasy şorta üzüldi. Ol dikeldi. Diñşirgendi. Imisalalyk. Guýynyñ oýunda diñe üç-dört sany ýitig düýe suwsuz aýlanyp ýör. Ärnepes aga ýene-de mähnet telpegini ýassandy. Ýigidiñ şol wagt hemme argynlygy zym-zyýat uçdy. Edil mahmal kimin mylaýym dañ şemaly ýüzüni sypana dönüp, süññi ýeñledi. Näme üçindir, indi elheder etdiren süri, gowa, suw hoşnut göründi. Ärnepes suw düwmejiklerinden elini ýüzüne tutup, gorandy. Gyz weli, gitdi. Ah, şu pursat dowam etsedi! Ýöne bahar gülüniñ ömri ýaly gysgajyk boldy. Şundan soñ, süri suw içmäge öñküsinden irräk gelip başlady. Bir gezek dagy dañ bilenem iýndi. Baý muny ýokuş görenligini çoluga mazaly aýtdy. Gyz onuñ dañ ukusyna-da karam edip ugrady. Gunuzynky hysyrdysynu hasaba almanyñda-da gijesi bilen şöwür çekdirýär. Bardy-geldi ýyldyz sanap ýatyşyna dañ çaglary irkiler weli, Almagül düýşüne girip oýarar. Eýsem, bu näme boldugy, kakabaş ýigitlik? Muña söýgi diýerler, Ärnepes han! Öz-özüne daşyndan şeýle jogap beren çoluk çaý gaýnatjak bolup güýmenip ýören gyzyñ kakasy Sähet aganyñ: - Näme diýdiñ, oglum? - diýem sowalyna: - Aý, ýog-a, şemalam ösenok - diýip utanjyrap, ýüz ugra jogap gaýtardy. Başky söýginiñ şirin hasraty bir ýyla golaý ezýet berdi. Ýigit gyza muhabbet sözüni aýtmaga kän synandy. Pursat bolýar. Ýöne paşanok. Dili tutulana dönýär. Ahyry bir gün Almagül süýrgünortan guýynyñ çolaja mahaly suw almaga gelende ýüregine daş baglady: - E-e-e... näme... Almagül, sen maña durmuşa... Men seni söýýän... Ol birdenem gyzyñ babyrbileginden tutup, zor bilen özüne çekdi. Gujagynda tora düşen bedene kimin titreýän gyzyñ mañlaýyndan ogşady. - Goýber oglan, biri görer. Ol Almagüli sypdyrdy. Gyz suwuny dökän-saçan edip, tasanjyrap gitdi. Soñra weli, ýygy-ýygydan şu guýuda duşuşdy. Soñky gezek sataşanda ol horkuldap aglaberdi. - Kim göwnüñe degdi Almagülüm? - Me... Meni durmuşa çykarýarlar. - Ep-esli daşlykda duran Ärnepes bir towsanda onuñ alkymyna bardy: - Kim-me?! - Daş-daşgynrak garyndaşymyza. Özümden uly agamy öýermäge kakamyñ... - Ýigit gyzyñ sözüni böldi. - Näderis, indi, näderis, ahyry? - "Yh-ym". Ardynjyraýan ses eşidildi. Olaryñ ikisem ýalpa beýlesine bakdy. Bu Sähet agady. Ol Ärnepese alarylyp-alarylyp, gyzyna-da gysgaça: - Ejeñ suwa garaşýar - diýdi. Almagül oýdan saýlananda çolugyna azgyryldy: - Gadyr bilmez güjük. Ertiriñ özünde baýa kowduraryn. Sähet aga sözünde tapyldy. Baý Ärnepesi çopançylykdan kowdy. Basym Almagülem durmuşa çykdy. Ah, bu söýgi günleriniñ ömrüniñ gysgadygyny! Edil türkmeniñ bahar pasly ýaly!.. Gyzy sataşdyran bu daş guýy-da, ýene özi aýra saldy. Päheý... Goja gozganjyrady. Çyg düşüp, çäkýaka ak köýnegini biraz öljüredipdir. Ol unudan ýeke gat geýmini egnine aldy. Bir ýerlerde eglenýän dañyñ atmagy-da daş däl öýdýän. Horazlaryñ gygyryşýan sesleri ýek-tük eşidilýär. Ärnepes aganyñ gidesi gelmedi. Gyşardy. Soñra näjüre boldy? Ol eýdip-beýdip, Annasoltan pahyra öýlendi. Dünýeden ýeke gitmek bolmaz ahbetin! Haw-wa, ol çopançylygyny ediberdi. Ýöne indi kolhoz goýnuny bakýar. Soña-baka ownugrak bäş kolhozy birikdirip, bir uly hojalyga öwürdiler. Oba weli, iki bölekdi. - Arasy iki kilometre golaý. Indi-hä, jaý salnyp birigerlidem. Ärnepes aga Madawda mekan tutdy. Almagüller gaýraky obada ~ Süýjühürmende. Bir gezek Ärnepes sürini Süýjühürmeniñ guýularyndan ýakmaly boldy. Almagülüñ gaýtarma mahaly... ol gumdan suw çekip durdy. Çola. Gözler sataşdy. Almagül gowany suwa gaçyrdy. Ärnepes saklanyp bilmän öñküsi ýaly, onuñ babyrbilek bileginden tutup, özüne çekdi. Birden aklyna aýlanan ýaly azymly gepledi, özem gyz döwründäki ýaly gysmyljyranok, itekläp towlanjyraýar: - Goýber, gygyraryn! Men indi... kesekiniñki. Huşuna gelen Ärnepes ony goýberdi. Ilkinji gezekdäki şekilli, suwuny dökän-saçan edip barýan Almagül: - Özüñem başarsañ bu jelegaýlarda görünme - diýdi. Ärnepes soñ Madawyñ oýlaryndan inmäge başlady. Şeýle. Dört-bäş ýyldan uruş turdy. Almagülüñ adamsy bu jeñde çagasyny ýetim goýup, gurban boldy neresse. Ärnepes sag-aman, obasyna dolandy. Almagül gaýratly zenan eken. Ojagyny saklap oturyberdi. Ýaşuly oýdaky haýkyrylýan sesi eşidip, dikeldi. Dañ atypdyr. Goñşusy örä gitjek köşekli düýesini ýakmak isleýär, emma gijeki ýitig düýeler omzap, baş berenok. Basym ogly-da düýe ýakmaga geler. Goñşusy: - Kim-aý ol? Hä. Ärnepes agamyñ? Salawmaleýkim. - Waleýkimessalam. Gurgun örüşdiñmi ogul. - Şükür. Näme, ýitig düýäñ suwa gelerine garaşdyñmy? Goja: "Sen şony soramalymy? Ondan düýämiñ daşyny gora diý-dä" - diýip içindrn käýindi. Onýança goñşusy: - Bu ýitgileriñ içinde sen tagmalysy ýok. Ýumuş-da bolsa, daşyny gorasana - diýdi. Goja goñşusynyñ haýyşyny ýerine ýetirdi. Onuñ düýesi suwdan ganyp gitdi. Ärnepes aga ileri-ileri omzaýan gyzgylt reñkli ýitig düýä çiñerilip-çiñerilip seretdi-de: - Goñşy, indi sen daşyny gora. Şü tanyş adamyñ maly. Ýakaýyn. - diýip, gowasyny aldy. Goja onuñ aýdanyny eşitmeýän ýaly gowany suwa sallady. Bilesigeliji goñşusy: - Kimiñ-kaý, Ärnepes aga bu düýe? - diýdi. Myşlap gowa çekýän ýaşuly. - Süýjühürmenli nemäniñki... dul hatyn Almagülüñki. - Bu taýdan suw içse öwrener. Mydam ýakmaly bolar. Muny Süýjühürmene kowmaly ýa-da Almagül daýza habar etmeli äkider ýaly... Ärnepes aga goñşusyna alaryldy-sa jogap gaýtarmady. Düýe gananda onuñ tagmasyny barlan bolip, ýüñüni mähirli sypañ-sermeñ etdi. - Kaka, ýitig düýämiz suwa iýndimi? Ol ýañy gelen körpe ogly Şanepese: - Juk -diýip, kelteje jogap berdi-de, öýe garşy gidiberdi. Şanepes gojanyñ aýagynyñ ýeñlänligini añşyrdy, ýöne Almagülüñ düýesiniñ gijesi bilen suwsuz aýlananlygyny bilmänligine ýüreginiñ mynçgalaýandygyny duýmady. Goja gelşine jaýyñ kölegesinde gyşaryp irkildi. Ol uly guşluk Pirnepesiñ aglaýan sesine, üsgürip turdy. Gyzgynynyñ galanlygynam bildi. Gije çigregi mazaly üşüdendir. Aý, gyzgynjak çaý içseñ aýrylar özi. Ol agtygynyñ elindäki pökgä señrigini ýygyryp, närazy halda: - Pökgüden çörek bolýarmy saña? Ondan sakarja owlagyña peçek getir. Päheý - diýdi. Pirnepes aglamasyny goýman: - Pökgim deşildi. Eh-he-e... Süýji-Süýjihürmeniñ mag-mazininde bar. Eh-he-e... - diýip aýtdy. Goja dikeldi: - Haýsy magazinde diýdiñ? - Süýji-Süýjühürmeniñkide. Eh-he-e... - Bo-ouw, inerimiñ pökgüsi deşilen eken-ow! Onuñ üçin kakaña azar berip ýörme. Ynha çaý-paý içip almaga gidibereris. Hymm. Atasynyñ birden diliniñ süýjänligine geñ galan oglan tapba sesini kesdi. Gaýnatasynyñ aýaly ölüp, ilkinji gezek çaý-paý içeris diýenini daşarda gezip ýören gelni eşidip begenjinden ýylgyrdy. Şobada öñünde saçak ýazyldy. Ärnepes aga sähel salymdan agtygyny eşege mündürip, özi öñüne düşdi. Bäh, gojanyñ talawlap ýöräýşini! Eşeklä däl, atly kowsañam ýetdirmejege meñzeýär. Haýsy güýjüñ ony beýtmäge mejbur edýänligini añlardan agtygynyñ başy juda ýaşdy. Kesedenem synlaýan ýokdur. Her hal goja magazine golaýlanda badyny gowşatdy: "Ýaş-ýeleñ däl-ä, sen Ärnepes, edil sapandan sypan ýaly bolup gelşiñ. Päheý". Ýaşuly eşegini dañmak üçin güýmendi. Almagülüñ öýi magazine ýakyndy. Ol gapa nazar aýlady. Girip çykýan ýok. Gojanyñ ýüregi jigledi. - Ata, ýörsene! - diýip, ony agtygy howlukdyrdy. Pökgini aldylar. Magaziniñ ne içinde, ne daşynda madyrdaşar ýaly adam bardy. Çola. Lapykeç bolan Ärnepes aga eşegiñ ýüpüni çözmek üçin eglendi. Emma eşek çapmaga howlugýan agtygy: - Tiz bol, ata - diýip, ýene gyssady. Ýola düşdüler. Goja eşeginiñ üstüaşyr Almagülüñ gapysyna äñetdi. Bir-ä çykdy. Ýaşulynyñ ýüreginiñ urşy çaltlandyrdy. Aý, ol däl-de. Gürrüñçilige gelen goñşusy bolmaly. Ol göz açyp, ýumasy salym eglendi. Başga hiç kim çykmady. Onsoñ eşegini çapyp barýan agtygynyñ yzyndan azmly gygyrdy: - Öñ baýragy almaga howlugýañm-aýt! Haýallatdyñ eşegi. Pirnepes eşek çapmasyny goýup, öz maýdalyna sürdi, ýöne onuñ boýunjygy sallandy. Muny gören Ärnepes aga dilini dişläp özüne käýindi: "Oglanda näme ýazyk bar? Oñarmadyñ. Päheý". Goja ýoluny dowam etdi. Onun aýaklaryndan edil agyr degirmen daşy asylan şekilli, ädilesi gelenok. "Bi nä boluş-aýt? Toba, toba" - diýip, munuñ sebäbini bilmezlige salmak isledi. Ärnepse aga sulhdy. Günuzyn üsgürdi. Gyzgyny galdy. Şanepes işden gelende feldşeri getirip sançdyrdy. Ýassyna golaý gyzgyny gaýdyşdy, üsgürmesi weli, barha güýjedi. Birki günden içinu gyrara getirip, ýanyny ýere bermedi. Gursagyndan hyžžyldy eşidildi. Şanepes ony ýeñil maşyn bilen raýon keselhanasyna äkitdi. Hortañ, garajürjenje doktor bulary güler ýüz bilen garşylady. Ol Şanepes bilen orta mekdepde okapdy. Doktor ýaşula mazaly bakyp: - Gorkar ýaly zat ýok. Öýkeniñe biraz sowuk kakypdyr - diýdi. Şanepes gaýtdy. Dogrudan hem ep-esli mahaldan ýaşulynyñ üsgürmesi kemeldi. Ikinji gezek yzyndan gelen Şanepesem kanagatlandy, doktor weli: - Goja sowuklamadan sagalar, ýöne gije-gündiz içini hümletmesi mañzyna batanok: Beýtmek köp zada zyýan edýär: ukusy, işdäsi kemelýär. Oña bir ezýet beriji pikir-ä bar. - Nätmeli? - Şanepes wraça soragly bakdy. - Merkezi kurortyñ birine äkidäýmeseñ. Bular matlablaryny oña aýtdylar. Goja: - Bu ýaşdan soñam bir ýurt sökmek bormy? Päheý - diýdi. Oña ýalbaryp gördüler. - Aý, oglanlar, kurort meni on sekiz ýaşa dolamaz. Ýagşylyk etseñiz şu ýerden basym çykaryñ. Klasdaşlar biri-biriniñ ýüzüne köpmanyly seredişdiler-de, daş çykdylar. Dört-bäş gün geçdi. Gojanyñ birden taby peseldi: Samrady, hynçgylawugy tutdy, şol barmana aýagynyñ biri hereketden galdy. Gijäniñ ýarsy geçende, köşeşip, irkildi. Şanepes tanşynyñka ýatmaga gitdi. Ärnepes aga dañyñ ümüş-tamşynda oýandy. Tirsegine daýanyp äpişgeden äñetmäge synandy. Bolmady. Ýene synandy. Şujagaz gymylda şagga derledi. Guran dodaklaryny ýalaşdyrdy. Baş aýlanmasynyñ sabaşaryna garaşdy. Şeýdip, özüni az-kem rastlady. Ümezlän gözlerini aýnadan añry dikdi. Eý, Tañrym, ol... gözüme görünýär öýdýän". Gojanyñ diñe dodagy müñküldedi. Kellesini saññyldadyp bagyñ etegindäki sekijige ser salyp bildi. Dogrudanam, onda biri otyr. Ärnepes aga hemme güýjüni jemläp, krowata daýanyp; ýeke aýagynyñ üstüne galyp bildi. Beýle halda uzak saklanyp bilmejegine akyly çatdy. - Al-ma-gül!!! Aýylganç sesden soñ, mähnet ýumruk äpişgäniñ aýnasyny dyr-pytrak etdi. Goja şalkyldap, poluñ üstüne ýykyldy. Koridorda aýak dükürdisi eşidildi. ...Sekijikden äpişgä ýönelen eli düwünçekli aýal dogrudan hem Almagül daýzady. Annatagan NURGELDIÝEW. | |
|
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Ýazyjynyň durmuşyndan bir parça / hekaýa - 25.11.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |