03:01 Gorbaçýowyñ, Ýelsiniñ, Putiniñ teklipleri we "daşkelle" NATO | |
GORBAÇÝOWYÑ, ÝELSINIÑ, PUTINIÑ TEKLIPLERI we "DAŞKELLE" NATO
Publisistika
Haýsysy has wajyp - ýüz müñlerçe ukraindir rusuñ ölmegi we ýaralanmagymy ýa-da ýüz milliardlarça dollarlyk "rekord girdeji"? Gaýa-gopuz ýok ýerden ABŞ-nyñ Döwlet Howpsuzlyk arhiwi taryhy resminamalaryñ birini köpçüligiñ dykgatyna ýetirdi. Herniçik-de bolsa, otuzynjy ýyl dolanşygynda inçelik bolar diýip düşünendirler-dä. Çünki waka 1994-nji ýylyñ 14-nji ýanwarynda Moskwanyñ golaýyndaky Nowo-Ogarýowoda bolup geçýär. Näme waka bolup geçendir öýdýärsiñiz? Russiýanyñ we ABŞ-nyñ prezidentleri Boris Ýelsin bilen Bill Klintonyñ arasynda bolan duşuşyk. Birnäçe gün öñ onuñ resmi maglumatlary mälim edildi. Arhiw bu duşuşygyñ pikir edilişinden has möhümdigini orta goýýar. Çünki rus lideri "Barybir NATO-ny giñeltmek pikiriñiz bar bolsa, guramanyñ hataryna birinji goşuljak ýurt biz bolalyñ" diýýär. O nädip beýle bolýar? "NATO-nyñ agzasy Russiýa" boljak zatmy, heý? Bu soragyñ jogabyny biraz soñuna goýup, ilki NATO-nyñ kyssasyna gysgaça ser salalyñ. NATO elmydama giñäp durmaly diýen zat barmy? Harby pakt 12 ýurduñ gatnaşmagynda 1949-njy ýylda guruldy we şu günr çenli giñele-giñele geldi (1952-nji ýyldaky birinji giñelmesinde Türkiýe we Gresiýa ýaranlyga agza edilipdi). Segsenji ýyllaryñ ahyrynda sowet lideri Mihail Gorbaçýow halkara parahatçylygy üpjün etmek we ýaragsyzlanmak boýunça işjeñ rol oýnady. Şol geçen döwürde birnäçe faktor sosialistik sisyema diýilýän ýurtlaryñ dargamagyna, 1991-nji ýylyñ soñky günlerinde-de Sowet Soýuzynyñ çagşamagyna getirdi. 1991-nji ýylyñ 1-nji iýulynda sosialistik blogyñ harby topary bolan Warşawa pakty öz-özüni ýatyrdy. Şeýle şertlerde "oña garşydaşlykda gurlan NATO hem şeýle ädimi ädermidi?" Ýatyrjakmy, heý!.. ABŞ we NATO 1990-njy ýylda paktyñ "Gündogara tarap bir millimetrem süýşmejekdigine" söz beripdi. Emma munuñ hiç hili kepilligi, şertnamasy ýokdy. Has açyk aýdanda, Gorbaçýow aldanypdy. NATO-nyñ hemişe duşmana mätäçligi bardy. "Kommunizm howpy" we SSSR aradan aýrylypdy. Başga bir duşman tapmalydy. Bu tagalla gaty kän garaşdyrmaly etmedi. Moskwa öñki ýerinde durdy, "erbetlik ruslaryñ genlerine siñen bolmalydy". Netijede täze Russiýa we aradan geçen wagtyñ dowamynda Hytaý (ýagdaýa görä Eýran, Demirgazyk Koreýa we başgalar) duşman tapma mätäçligine kynçylyksyz jogap beripdiler. NATO häzire çenli dürli bahanalar bilen dokuz gezek giñedi. Ýakynda Şwesiýa bilen onunjy gezek giñär. Togsanynjy ýyllaryñ dowamynda uzak wagtlaýyn taýýarlyklary gören NATO 1999-njy ýylda Çehiýany, Wengeriýany, Polşany hataryna goşupdy. Muny duruzyp bolmajagyna göz ýetiren Ýelsin kyrk ýyl öñ ""Barybir durmajak bolsañyz, guramanyñ hataryna birinji goşuljak ýurt biz bolalyñ" diýipdi. Klinton gümmi-sümmä urup gepi başga ýana sowupdy. • Putin: Bizi NATO alyñ 1999-njy ýylyñ soñky gününde Ýelsin wezipesini Wladimir Putine tabşyryp, işden gitdi. Täze lider bir tarapdan "SSSR-iñ dargamagynyñ XX asyryñ iñ uly tragediýasydygyny" aýdýardy, beýleki bir tarapdanam Sowet Soýuzynyñ gowşamagynda ABŞ bilen giren ýaraglanma ýaryşynyñ ýaramaz täsirini analiz etmäge synanyşýardy. Biraz wagtdan soñ Klinton bilen geçiren duşuşygynda "Bizi-de NATO alyñ" teklibini beren Putin jogap ýerine gümmi-sümmä urlan düşnüksiz sözleri eşidipdi. Hut şol wagtam NATO täze giñelmä taýýarlyk görüp ýördi. "2001-nji ýylyñ 11-nji sentýabr teraktyndan" soñ bu gezek Jorj Buşuñ hökümeti bilen ýakyn hyzmatdaşlyk açmaga meýil bildiren Putiniñ sabyr-takaty NATO-nyñ 2004-nji ýyldaky giñemesi bilen dolup-daşypdy. Bolgariýanyñ, Rumyniýanyñ, Slowakiýanyñ, Sloweniýanyñ yzy bilen öñki sowet respublikalary Estoniýa, Latwiýa, Litwa hem paktyñ düzümine giripdi. Daşary syýasatda täze ugur kesgitlän rus lideri 2007-nji ýylyñ 10-njy fewralynda Mýunhende geçirilen Howpsuzlyk konferensiýasynda ABŞ-na we NATO berk duýduryşlary berýärdi. Elbetde, Russiýa Ýelsindir Putiniñ NATO goşulma islegini dillenmezden öñem Günbataryñ isleýşi ýaly hereket edýärdi. Şol sanda "gojaman Russiýanyñ" pakta goşulaýmagy hiç añsat däldi. Galyberse-de, olam ABŞ-dan soñ harby blogyñ iñ esasy agzasy hökmünde iñ bolmanda Germaniýa ýaly agramy bar döwlet kimin hereket etjek bolardy. Özüni NATO-da Pribaltika respublikalary ýaly maýda ýurtlaryñ arasynda "deñhukukly agza" hökmünde kabul edilmegi bilen hijem ylalaşmazdy. Russiýany NATO guramasyna we Günbataryñ başyny çekýän syýasy-ykdysasy sistemasyna uýgunlaşdyrmak juda kyn bolardy. Emma hemme zada garşy şeýle çykalga bardy we bu synag edilip bilnerdi. Edil häzir gelip ýeten ýerimize ser salyñ. Özünden ejiz goñşy ýurduna çozan Russiýa, oña garşy goranýan Günbatar we gitdigiçe Üçünji jahan uruşynyñ atom bombalarynyñ tüssesini ýeñsesinde duýýan adamzat... Häzirki ýagdaýymyz şondan gowumy? Ýagny iñ bolmanda Russiýany NATO we Günbatar sistemasyna goşma kynçylyklary bilen deñeşdirilmegi mümkin saýylyp biljek derejede kyn şertlere düşmedikmi näme? • Ýarag söwdagärlerine ýalkymly salam! Ýokarda ýazanlaryma güläýjek, meni samramakda aýyplap biläýjek okyjylaram bolup biler. Netijede "taryh şert galybyny kabul etmeýär", şeýle dälmi? Emma bulary görmek-bilmek, pikirlenmek, belkäm şu gün we ertir peýdamyza bolup biler. Häzirki döwrüñ dünýäsi ýalan-ýaşryklar, agressiýalar bilen şekillenýär we bolup geçýän masgaraçylyklar şobada adaty, bolaýmaly zat ýaly, gündelik durmuşyñ bir bölegine öwrülip bilýär. Meselem, dünýäde parahatçylygy goramak boýunça hemmelerden has köp jogapkärçilik duýmaly BMG-nyñ Howpsuzlyk Geñeşiniñ hemişelik agzasynyñ (ABŞ, Russiýa, Fransiýa, Hytaý, Angliýa) dünýäde iñ köp ýarag öndürýän we satýan alty ýurduñ bäşidigi (Germaniýa Angliýadan öñe geçdi) size geñ görnenokmy? Makalamyñ adynda "nato kelle, nato mermer" sözünden gelip çykan söz oýnatmasyny goýdum (grek dilinde “Na to kefari na to mermari” gödek dilde aýdylanda “ine kelle, ine mermer” manysyny berýär, gysgaça terjime edende "daşkelle"). Elbetde, NATO bulary "daşkelle" bolanlygyndan (ýa-da diñe "daşkelle" ýa "daşýürek" bolanlygyndan) edenok. ABŞ-nyñ Daşary işler ministrliginiñ ýakynda öwünip diýen ýaly mälim eden habarnamasynda "ABŞ-nyñ ýarag söwdasynyñ geçen ýyl rekord girdeji bilen 238 milliard dollara ýetendigi" aýdylýar. 238 milliard dollar eýýäm iki ýyl bäri elliden gowrak ýurduñ Ukraina eden jemi ykdysady-harby kömegindenem köp. ABŞ-nyñ ýaragdan düşýän bu rekord ýarag girdejisine Russiýanyñ, Fransiýanyñ, Hytaýyñ, Germaniýanyñ, Anglýanyñ we beýleki döwletleriñ ýarag söwdasyndan düşýän girdejilerini-de goşuñ... Hem şu soraga hökman jogap beriñ: Haýsysy has möhüm, ýüz müñlerçe ukrainalynyñ we russiýalynyñ gyrylmagydyr ýaralanmagymy ýa-da ýüz milliardlarça dollarlyk "rekord girdejimi"? Hakan AKSAÝ. 01.02.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |