GÖWÜN GÖTERIJI GÜLLER
Bahar paslynyň gelenine kän wagt geçmedigem bolsa, töwerek al-elwan güllere beslenip, kalbyňy joşdurýar. Göwün göteriji gülleriň gözelligi köňle ylham bagyşlaýar. Meýdandaky gül-gunçalaryň säheriň çygyndan boýunlaryna hünji düzüp, öwşün atyşlary ýüregiňi gopdurýar.
Ynsan — gözelligiň aşygy. Meger, şonuň üçindir, ýaşyna, kärine garamazdan, her kimiň eý görýän güli bar. Gözelligi bilen melul edýän gülleriň özi-de, ýakymly ysy-da seni maýyl edýär.
Durmuşda iň gözel, owadan zatlary güle meňzedýärler. Bir işi birkemsiz berjaý etseň, «gül ýaly» diýilýär. «Gül» sözi «ajaýyp» diýen söz bilen kybapdaş. Çünki al-elwan gülleriň özi ajaýyp. Şonuň üçin adamlar iň ýatdan çykmajak günlerde, pursatlarda biri-birine güli sowgat edýärler. Aslynda ýurdumyzyň dürli ýerleri, paýtagtymyz Aşgabat şäheri hem ýylyň dört paslynda güllere bürenip otyr. Ýan-ýodadan ýöräp barşyňa onuň gyzyl, sary, ak, mämişi reňkli güller bilen jäheklenendigini göreniňde, göwün guşuň ganatlanýar. Ol gülleriň görnüşi, ýakymly ysy Zeminiň üstünde behişdiň bir böleginiň emeli döredilendigini alamatlandyrýan ýaly bolup duýulýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jenneti mekanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Şunda daş-töwerege bezeg berýän gülleri ekmek, olara ideg etmek boýunça-da işler amala aşyrylýar. Şeýle ajaýyp we göwün göteriji işlerden hiç birimiz çetde durmaly däldiris. Gül ekeliň, goý ýurdumyz güllere beslensin!
Baýramgül TAÝLYÝEWA,
Türkmenbaşy şäherindäki 10-njy orta mekdebiň mugallymy.
Edebi makalalar