17:22 Gurbanmämmet serdar -11/ romanyň dowamy | |
10.
Taryhy proza
Soň birki owurtlady-da gapyrjaga dönen garnyny sypalady. – Senmi? – Ol oglany ilkinji sapar görýän ýaly, oňa çiňňerildi. – Meniň sen nähili bolmalydygyň barada aýtjak şu sözlerime pugta üns ber. Dünýe gaýyp, adam gaýyp. Men şuwagt bar, ertir ýok. «Wah, onam, munam soramaly ekenim» diýip dyzyňy urma. Sora. Bularyň jogaby şeýle. Belle, birinjiden, seniň çyn adyň Gurbanmämmetdir. Ile şol adyňy tutdur. Polanmätden at bolmaz. Ikinjiden, ýigrimi bäş ýaşyňa çenli şübheli iş etme. Üçünjiden, herne iş et, bir mysgalam bolsa, abraýyňy göterýän iş et. Dördünjiden, nebsiňi durşuna öldür. Sen, eýýäm han, atyň bar, suw ýaly bäşataryň bar. Ýumruk ýaly garnyňy el ýaly çörek iýseňem doýurarsyň. Maly, baýlygy alla bermese alyp bilmersiň. Bäşinjiden, Ataňy, eneňi Allany sylan ýaly syla. Altynjydan, öýke diýip, şeýtanyň bir ýatagy bardyr. Şony weýran etgin. Adam oglundan, haýwandan öýke-kine etmegin. Öýke etseňem üç güne ýetmän ýaraş. Ýedinjiden, ýene bir kapyr bardyr. Oňa gahar diýýändirler. Hiç haçan gaharyň golaýyna barma. Sekizinjiden, herne işiň ýanyna barsaň et tutan ýaly iň soňky gaýratyňy jemläp, ýyldyryma ýapyşan ýaly bolgun. Dokuzynjydan. Nirededigiň, nähili ýagdaýdadygyň, näme söz diýdiň, näme söz diýmeli ekeniň, näme iýdiň, kim bilen iýdiň pikir edip gez. Arak, şerap, neşe, çilim, nas, ogurlyk, aýal, erkek küntiçiligi tä ölýänçäň ganym duşmanyň bolsun. Şony edenem ýigrenip gez. Onunjydan Gurhany kerimi hatym et. Bäş wagt namazyňy oka. Imanly bol. Hemişe Medresä gidip bilim almagy, Käbeýi Mukarrama zyýarata gitmegi arzuw edip gez. Alladan gork. Şondan başga hiç kimden gorkma. Allanyň beren janyny Alladan başga ljak bolmaz. Ine seniň edil şu wagt özüňi alyp gitmeli ýoluň. Bu gürrüňler Gurbanmät tutuş kalbyny gor bilen doldurdy. Onuň pähim-paýhas ummanynda täze bir keramatly işik açylan ýaly boldy. Kalbynyň yssysy şol sowuk işige urup onuň tutuş ruhy älemine hem ýagtylyk, hem ýylylyk berdi. Ol ýaşulynyň beren bir käse çaýyny tenakär ýaly edip içdi. – Onda men hut häziriň özünden üç zady düzetmeli-dä. Ýaşuly ýaş oglanyň öz gürrüňlerine pituwa berenine monça boldy. – O nä üç zat? – diýip, bu gep bilen gyzyklandy. – Günorta namazyny okamaly. Dädem bilen ýaraşmaly. Atly gidip Şabadyň bendi beklenipmi, beklenmänmi gözüm bilen görüp gaýtmaly. Ýaşuly bir salym diňip, täzeden tutaşan garly meýdanlara garady-da. – Ertir başlarsyň, howlukma diýdi. – Ýok, Mütürik aga haýyr işi jäht tut diýipdirler. Men şýtany üstümden güldürmäýin. Oglan ýeňillik bilen turup, ýap boýunda täret kylyp geldi. Soň egnindäki donuny çykaryp, öýle namazyny okady. – Men giç gelerin. Mütürik aga, ilki Şabadyň bendine barjak. Gruma-da öýmüze sowulyp, dädem bilen salamlaşyp, soň gelerin. Ýaşuly çöňňelen gözlerini mölerdip, ýaş ýigide seretdi. – Gurbanmät, wiý, Gurbanmämmet jan, at saňa gerek bolar. Sen pyýada galsaň. Gurbanmämmet çokaýyny geýip durşuna dözümli gepledi. – Men aty ýaman gyzgyn tutdum. Nebsimi gönendirdim. Indi ony birneme gowşatmasam, ol meni halys eýerläp müner. Meniň atymdan başga gyzgyn tutjak zadym ýok. Ol daş çykdy-da, ýalaňaç duran atyna eýer urdy. Atyň başyndaky torbany sypyryp, dula taşlady. Soň uýany atyň başyna geýdirip, ýeňillik bilen atlanyp gündogarlygyna bakan sürüp gitdi. Ertesi tutuş Bedirgende Gurbanmät atyny Erejep hana elin eltip gaýdyp diýen gürrüň ýaýrady. Bedirkent obasynda suw meselesi düzgine giren ýaly boldy. Adamlar kem-kemden köşeşdiler. Ýumruk ýaly oglan bilen ylalaşdylar. Gurbanmämmedem miraplyk bilen öwrenişip başlady. Şondan soň aradan üç gün geçip, sygyr ýyly orta geldi. Ýaş ýigidiň durmuşunda bir bolan zat edil syçan bilen sygyr didarlaşanda Mütürik aga amanadyny tabşyrdy. Ol görgüli ölmänkä Gurbanmämmede «gelsin» diýip sargyt iberdi. Gurbanmämmet mähetdel etmän bardy. – Näme, atam, meni ýeke taşlap gitjek bolýaňmy? Gurbanmämmet ýaşulynyň zordan ýylgyrýan, ýöne haýallany bildirip duran kiçijik ýüzüne garap degşen boldy. – Aý, ýok-la. Men asyl gider ýaly däl, gyzym. Şeýdip, elimi-aýagymy daňyp äkidäýmeseler, men gider ýaly däl. Baý, bu içi köýen dünýe süýj-ow. Muňa gelip gülüp gün görmedim. Görenim ýet-de-çüt-de boldy. Şonda-da şu dünýeden gidesiň gelenok-la. Ýaş ýigit ýylgyrdy. – «Ýatan ölmez, ýeten öler». Her kimiň haçan öljegini bir alla biler diýip aýdan özüň-ä. Ýaşuly gözüni ýumdy-da demini dürsedi. – Aý aýdylan zat kändir, köşek. Men medrese tamamladym, ahun bolmadym, adam boljak boldum, onam bolup bilmän, ine gidip barýan oglum. Seni çagyranymyň sebäbem... Gurbanmämmet elini daldalatdy. – Dur, dur. Sen maňa näme üçin, ahun, han, kethuda bolmanyňy aýt. Nähili adam bolanyňy men aýdaryn. Ýaşuly «meni azajyk galdyr»diýdi. Gurbanmämmet ony gujaklady-da, ýassygy çekdi. Soň ýassygy arkasyna teke berip, ýaşulyny ynjalykly oturtdy. – Meniň han, ahun, kethuda bolmanymyň üç sebäbi boldy. Birinji bilen, meniň abraýymy, mertebämi göterip, maňa düşünen aýal bolmady. Ikinji bilen, mydam elim ýuka boldy. Üçünjidenem, ol dilini çykaryp, oňa barmagyny degirdi. Şu köp zyýan berdi. Ýaşuly hyklady. – Ýöne bir zady boýunam alaýyn. Han bolmak üçin Alla aralan ýüpek bermeli. Şol bolmady. Mende şol. – indi sen aýdyber. Gurbanmämmet başyny egdi. – Oglantagdyr öýtmeseň men bir zat aýdaýyn, atam. – Ol ýaşulynyň ýöne süňk bilen ham bolup galan halsyz eliniň daşyndan tutdy. Tok damarlary gap-gara bolan halsyz el kem-kemden sowap barýardy. – Aýt, aýt. – Men seniň ýaly perişde ýaly päkadam gören däldirin. Sen hem ahun, hem han, hem soltan, hem beýik türkmen bolup ýaşansyň. Men seniň şol beýiň üçlügi bir göwrä jemläp ýaşaýşyňa akyl ýetirip bilemok.sen meniň üçin uly medrese bolduň. Ýaşuly başyny ýaýkady. – Men barada beýle diýme .men hapa adam. Döwür, güzeran meni har etdi. Ýöne – Ol erbet hyklady-da bir salym dem-düýtsiz ýatdy. – Men seni tanap, ýekeje kemiňi tapan däldirin. Ýöne sen okuwa git. Taşla miraplygy. Medresä git. Men şony aýdaýyn. Saňa iki towakgam bir, köşegim. Birinjiden, ol barmagyny ýumjak boldy, emma başarmady. – Oglum ýokdur, Ataly ogul bolaly. Garry ejeňi hor-har etme. Ikinji bilen, şu ýyl medresä okuwa gitjegiňi söz ber. Özem Hywanyň Pälwan Mahmyt medresesine git. Boldy. Ýaşuly gözüni ýumup, guzy ýaly bolup uka gitdi. Şol ukudan oýanmanam amanadyny tabşyrdy. Gurbanmämmet tomsuň jöwzaly günlerinde işe ýygnap, mirapçylygyny abraý bilen tabşyrdy. – Ana okajak diýipdiň, indi okaber diýip, Hajybaý aga oglundan razy bolup aýtdy. Gurbanmämmet güýzüň düşmegi bilen doganoglany Kakyşyň arabasyna goşolyp, Hywa bardy. Ýolda Kakyş özüniň Şirgazy han medresesine girjekdigini aýtdy. – Sen haýsyna – diýip, Hojamyrat baý birhili göwni ýetmeýän ýaly äheň bilen Gurbanmämmetden sorady. Gurbanmemmet onuň äheňine kän bir üns bermedi. – Däde, men Pälwan Mahmydyň medresesi diýip gaýtdym, öz-ä. Indem näme diýseň, maslahat. – Pälwan Mahmyt pohuň alyndanmy? Kakyşyň ýanynda borsuň, çaýyna-suwuna seredersiň. Gurbanmämmet sesini çykarmady. Ol Hywa baryp Ata derwezesinden girilensoň, arabanyň üstünde ýatan horjunyny ýere düşürdi. – Däde, bolýar, sag boluň! Men Mahmyt Pälwanyň medresesine girdim – diýip, hoşlaşdy-da öz ugruna gitdi. Hojamyrat baý! – Haý, akmak, dur! – diýip, gazap bilen gygyrsa-da oňa üns bermedi. Ol Pälwan Mahmyt medresesini soraman tapdy. Bada-badam oňa ýerleşdi. Bu medrese tomus az-kem abadanlaşdyrylany üçin ýapylypdy. Edil, şol günem onuň içi-daşy abadanlaşdyrylyp, talyplary kabul edýän güni eken. – Gel, bala – diýip, agyr peşli özbek mollasy ony garşy aldy. – Ikinji hüjräge baryň. Özüňiz ýaşiberiň. Ýene bitda bala gelinç-ä. – Bolar, daşulla! – Gurbanmämmet hüjrä düşek-düşedi. Akym molladan galan kitaplaryny tekjelere ördi. Bir garyp gowurmany, kümeleri hüjräniň sowuk burçunda, saçagyň üstüne ýaýratdy. Sogan, burç, kişde, kişmiş doly haltalary aşaky tekjelerde goýdy. Kiçijik tagany, çemlije gazany küjräň ortasynda, ojak ýerinde goýdy. Gap-gaçlaryny, çemçe, kepgirini saçagyň üstüne atdy. Soň hüjräniň işigini daşyndan baglap, medreseden çykyp, Juma metjidine Juma namazyny okamaga ugrady. Metjitde adam köpdi. O namazdan soň daş çykanda ak ýüzli, ullakan gara gözleri nurdan doly ýaş ýigide gabat geldi. – Salowmaleýkim! Gurbanmämmet bu ýerlerde türkmençe gepleýän adama duşaryn öýtmändenmi gaty begendi. – Waleýkim. – diýip ýylyrdy. Sen bolubilseň-ä türkmen bolmaly. – Inşalla, türkmendiris – diýip, ol ýaş ýigit göwünjeň söz urdy. – Haýsy ilden bolarsyň? – Men janahyr diýen ilden bolaryn. Kakama Öwez hoja, atama çagylahun diýerler. Biz üç bolup geldik. Gazanjyk diýen ýerden Orazguly diýen oglan MarydanTöre diýen oglan. Olar Şirgazy han medresesini görmäge gitdiler. Biz ata derwesesiniň tersindäki obalykda bir türkmeniň boş tamyny kreýine alyp, ýaşap ýörüs. Gurbanmämmet baş atdy. – Öz adyňy aýtmadyň-la. Ýaş ýigit uly gyz ýaly uýaldy. – Adym Hanmuhammet. Ýöne Hanam diýýärler. – Onda nesip bolsa ýene üç-dört ýyldan han ahun döremeli-dä. – Enşalla, Alla ýol berse. – Sen haýsy medresäni okasam diýýäň. Han ikirjeňlendi. – Biziňkiler arkama-arka Şirgazy han medresesinde okapdyrlar. Men-ä ol medresäni daryşganrak görýän. Bir göwnüm, Buharaýy-Şerife gidäýem diýýär. – Pälwan Mahmyt medresesine gideli, meniň hüjräm bar.şonda ýaşaber, hakyny özüm tölärin. Han gürrüňdeşiniň ýüzüne garady. – Ýoldaşlarym bilen bir maslahatlaşyp göreýin. Olar aýrylyşdylar. Gurbanmämmet medresä baryp, üýşüp ýütün Kuran tagta alyp, hüjresine eltdi. Agşamlyk namazyny okap, ýeke özi, nahar edindi. Soň onunjy gün diýlende Han ýoldaşlary bilen onuňka myhmançylyga geldi. Gurbanmät golaýdaky bazara baryp et, tüwi, künji ýagyny, käşir, sogan, sarymsak, miwe, üzüm satyn alyp geldi. – Geliň, bir palow bişireliň– diýip, goňşy hüjrede ýaşaýan özbek ýigidini çagyryp geldi. – Öwez hoja, bize bir palow bişirip beriň. Ine, dostlarym gelipdir. Öwez Hoja Hywanyň ýakyn obalaryndan garyp ýumşak oglandy. Ol: – Bor, ake! – diýip, bada-bat naharyň ugruna çykdy. Salym geçmänem özbek palowyny orta goýdy. Gelen oglanlar öran salyhatlydylar. Olaryň üçüsem ýedi ýaşlaryndan tä bu ýere gaýdýança medresede okapdyrlar. Olar Gurbanmämmediň «Men mirap bolup bäş ýyl işledim»diýmesine geň galdylar. Özüň näçe ýaşyňda, bäş ýyl mirap bolup işlär ýaly? – Diýip, Gazanjykdan gelen Orazgulygülüp aýtdy. – Biz-ä saňa on bäş ýaşdan artyk berip biljek däl. Ýa ýetim-ýesir bolduňmy? | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |