17:23 Gurbanmämmet serdar -12/ romanyň dowamy | |
11.
Taryhy proza
Gurbanmämmet hezil edip güldi. – Şu boýum üçin-dä, mirapkam meni äsgermejek bolanlar kän boldy. Şolaryň birem öz dädem Hajy baý, maly, baýlygy ýere göge syganok. – Geň öz-ä – diýip, maryly Töre-de başyny ýaýkady. Olar nahar-şam edinip, öýle namazyny okamaga Juma metjidine gitdiler. Şol günüň ertesi Han goş-golamy bilen Gurbanmämmediň ýanyna göçüp geldi, şol günden soň, tä bu dünýäniň amanadyny tabşyrýança olar ýeke saparam aýrylyşmadylar. Gurbanmämmede medrese ýarady. Ol agasy Kakyş bilenem arasyny kesmedi. Han bilen ýygy-ýygydan Bedirkende gitdiler. Ara beýle bir daş bolmansoň, Hajy baý aga-da Hywa gaýdany boş goýbermän ogluna çörek, et, ýag, tüwi, geýim-gejim iberip durdy. Alla bir bendäni hor etmejek bolsa onuň ýalkawyny tapýan eken. Hanyň tötänden Gurbanmämmede gabat gelip, bileje ýaşap, bileje okamagy mirap bolan bolup Akym mollanyň öwredenje zatlaryny undaňkyrlan Gurbanmämmede uly tekge boldy. Han Gurhany Kerimiň süreleriniň köpüsini ýatdan bilýärdi.sesi edil bir keramatly erenleriň owazy ýaly iniňi tikenekledýärdi. Özem sesi, sözi, sözlemi olaryň manysyny başga birine düşündirmäge şeýle bir ökdedi. Aýdany ýadyňa jüňk bolup düşüp durdy. Ol ahunlaryň beren ýumuşlaryny bitirmäge Gurbanmämmet şeýle bir gowy höwes edýärdi. Onsoň Gurbanmämmediň gün-günden okasy, öňe gidesi geliberýärdi. – Gel, sen ilki «ýa sen» süresini bişir diýip, ol sapagyň daşyndan oňa ýumuş berip başlady. – Ýasen süresi Gurhany Kerimiň 36-njy süresi bolup, ol iň keramat süredir. Onuň 83 aýatynyň hemmesi dünýäni näme üçin döredendigi barada biribaryň bendesi bilen sözleşigidir. Ýasynyň her aýatynda ýaradanyň demi bardyr. Sen şol demi, süräniň maňzy bilen bendeleriň gulagyna ýetirip bilseň, şol sesi eşiden bendäniň kalbynda täze bir şuglaly dünýä açylar... Gurbanmämmet Gurhany Kerimi suw ýaly okaýardy. Onuň ýady hem gowudy. Ol bir aýa ýetirmän şu uly süräni ýat tutdy. Ony agşam-ertir Hana ýatdan aýdyp berdi. Han onuň sesinem ýerinde goýýardy. Manysyny däne-däne edip tirip berýärdi. Gurhany Kerimiň «Mülk süresini» ýat tutman Gurbanmämmede has aňsat boldy. Ol «Mülk süresiniň» 30 aýatyny bir hepdä ýetirmän ýatdan öwrendi. Soň beýleki sürelerem yhlas bilen ýat tutdy. Indi ol mantyk, pelsepe, garammatika, Gurhany Kerimiň beýleki yrymlara gatnaşygy, şerigatyň ýollary boýunça-da gün-günden öňe gidýärdi. – Sen, nesip bolsa geljek ýyl medresäni tamamlap bilersiň – diýip, Han ony begendirdi. – Ol degişme bilen – Barybir, seniň ahun bolup oglan okatjak aladaň ýog-a. Gurbanmämmet dogrusyny boýun aldy. – Men şerigat adamsy däl. Men il kethudasy bolmak üçin ýaradylan, Han işan. Ine, seniňki başga. Sen ahunam bolarsyň, medrese-de açarsyň. Soň türkmen ahunlaryny çykararsyň. Emma men iliň-günüň kyn gününde, özümem oduň, okuň astyna daşlap, halka arkadag bolsam diýýärin. Ýüregime girip çyksaň, bir gowy at bilen gylyç gemiriş diýýär. Il-gün gör nähili kyn günde ýaşaýar. Nirä seretseň adalatsyzlyk, zulum, hile, talaň. Näme üçin parahat, allanyň beren yrsgyna, ýaradanyň beren gününe şükür edip ýaşap bolanok. Görýäň-ä, hywa hany araba-araba gyz-oglan alyp gidýär. Ahallylar malymyzy sürýär. Kerwenlerimizi talaýar. Üstýurduň aňyrsyndan gazaklar, galpaklar çozup aşymyza awy gatyp dur. Bizem awy ahyryn. Bizem Allanyň beren gününi rahat ýaşap geçirmeli ahyryn. Ine, men Gurhany kerimiň her süresini okanymda, bäş wagt namazyň içinde şol ýagdaýlar barada oýlanýan-da, bärde oturanyma ýüregim hüwläberýär. – Dogrudyr! – diýip, han ýoldaşyny makullady. – Ile seniň ýaly arslan ýürekli, Görogly gaýratly adalatly ýüregi Allanyň yhlasyndan doly ýigitler han bolmaly. Ýöne, sen meniň diýenimi etseň, birki ýyl howlukma. Gör, otly ýöräp ýör, asmanda uçar aýlanyp ýör, täsin-täsin zawutlar işleşip dur. Adamlar sim bilen gepleşip ýör, awtumaşyn diýdi, otly-gämi diýdi her hili nysak çykýar. Adamlar eşretli amaty bolan jaýlarda ýaşap ýör. Öýleriň içinden suwly turbalar geçýär, bugdaýy, arpany atly öküzler çarhyny aýlap ýygyp, döwüp ýör. Indiki hanlar diňe suwa mirap bolup, sürlen maly yzyna dolap, ýerden, suwdan salgyt alyp ýören gadymy hanlar bolmaly däl. Allanyň beren, ile-güne eşret paýlaýan her dürli närseleri öz iliňe ornaşdyrmaly. Beýik-beýik galalar gurdurmaly. Näme üçin tutuş Hywa beýik-beýik bina-da Ahalda, Maryda, Şagadam ulgamynda, Pagtada, Daşhowuzda beýle galalar ýok. Näme türkmenleriň pähim-parasady, gaýraty, senetçiligi Özbegiňkiden gowşakmy? Bu ýerde başga zat bar. Dünýä düşünýän, dünýäni gören, dünýä barabar pikir edýän hanlar gerek türkmene. Sen Hindistany aýlap, Owganystany, eýrany, Arabystany aýlan, soň otur-da pikir et. Nämeden başlamaly. Näme gurnamaly. Nädip bu gadymy ýurdy galdyrmaly. Ýurduň parahat, yrsgal-döwletiň berkarar bolanda-da şol gadymy ýer ekdiň, hasyl aldyň, iýdiň-içdiň diýen ýörelge bilen ýöne gidip oturyp bolmaz-a. – Onda ynsap nähili bolar, adalat nähili bolar? Adamlar gara nebsi diýip, biri-biriniň süňňüni gemrip ýör ahyryn işanym. – Adamlary belent maksada jemlemeli. Sen han bolup Bedirkentde heniz görülmedik gala gur. Içine bark çykarýan zawut gur, aýallar üçin haly dokalýan il döret, ussalar gowy-gowy ýarag ýasasyn. Dürli hünärdäki ussalar elinden näme gelse ýasasyn, satsyn, sowsun. Şol galaňy gurmaga bark berýän tilsimiňi berýän tutuş ýurduň gelmezmi?! Geler. Ine, saňa beýik beýik maksada jemlemek halky. Sen bolsaň oba hanynyň derejesine yhlas edip, at salyp, medresäni taşlap, eňip barýaň... Gurbanmämmet başyny ýaýkady. – Han işan, sen-ä basyrylgy ýatan ekeniň. Ýöne men bir halkymy agzyny birleşdirip, ynsaby, adalaty, şerigaty dikeldeýin. Beýlekileri özüňiz öwrediberiň. Sen meniň gözümi açdyň. Ýöne seniň diýýän o närseleriň bir ýalyň elinden ýa geler, ýa gelmez. Hemmesini kebşir etjek Alladyr. Hanam kem galmady. – Umytly guş, Käbä ýetmiş. – Wah, umyt bilen bolýan bolsa, näsini aýdýaň. Medresäniň birinji ýyly tamam boldy. Han bilen Bedirkende gaýdan Gurbanmät beýle bolaram öýtmedi. Hajybaý aga ogly Hywadan gelmäge mähetdel, ony gözli, başly etdi. Uly toý tutdy. Ile-güne aş-suw berdi. Ajy doýurdy. Han bedirkentlileriň oturşyny, yrsgal-döwletini, her bir işde tutumyny halady. «Menem medresäni tamamlap, nesip bolsa, şu ilde ýurt, döwlet tutunaryn» diýip, umyt besledi. Gurbanmämmet Atabaý gyrymsynyň gyzy Enäni erbet görmedi. Ak ýüzli, saryýagyz «Maýa ýaly» diýilýän gelin içerini, daşaryny gül ýaljak edip saklaýardy. Ýaş, owadan dogumly adamsyna dili, talaby ýokdy. Näme diýilse, «bolýa» diýip, ýylgyrypjyk ylgaşlap ýördi. Atabaý aga-da Bedirkendiň aşly-suwly depseň, deprenmez baýlarynyň biridi. Ýöne Gurbanmämmedi öýlenmegi hem begendirip, buýsandyryp baranokdy. «Mürrük aganyňgerek ýeri, köp-gaty köp pikirleri, parasatlary açmaly. Emma kimden maslahat sorajak. Han hele ýaş bolýar. Ol dünýä höwesinde. Ol köpe urup bilenok. Gül-gunçany oýnaýar. Ýaş, ýaş! Ýöne şerigatyň kada-kanunlaryny gaty gowy bilýär. Näme, şerigaty bileniň bilen bar zat düzelenog-a. Ors dalirslanyň aýdyşy ýaly, Gurhany Kerim dünýä inensoň, adamlaryň ählisi Pygamber bolaýmaly ýaly. Emma adamlar gün-günden zaýalanyp barýar-a...» Ol toýdan soň Han bilen Tersýabyň boýuny syryp, bentdäki kümä tarap gitdiler. Şonda ol ýabyň boýundaky jykyrlary görüp haýran galdy. – Kümäni kim otladyka? – diýip, ol kakasyndan sorady. Hajybaý aga ýadyna saljak boldy. Emma gürrüňe geleň etmän. – Äý, şu obanyň çagalaryndan başga kim otlasyn. Ejesi welin oglunyň sowalyna jigir-jigir etdi. – Obamyzda Şamly kel diýip bir bala döredi. Ile-güne ot ýakdyranok. Ol kümäňem şol ýer çekmiş otlanmyş. Gurbanmämmet sesini çykarmady. – Ýabyň boýuny ýene jykyrdan doldurypdyrlar-la. Oňa haý-küş edýän adam ýokmy? Ejesi onuňam jogabyny berdi. – Seniň ýeriňe Osman daýyň ogly doly mirap boldy. Her jykyryň muzzy bir gaçarmyş. Gaçaryň köp bolsa, ýüz jykyr gur, seniň towguňa tok diýýän ýok, oglum. – Aý, beýle däldir-le – diýip, Tersýabyň ugrunda iki sany jykyr guran Hajybaý aga-da oturyp bilmän aýtdy. – Il-gün oňlaýan bolsa, goý gursunlar. Jykyryň suw sanawyna zyýany bolmaz. Gurbanmät ertesi agşam Gurban daýysynyňka salama bardy. – Oh-oo! – diýip, ýaşuly söwüş edip, mal soýdy. Goňşularyndan birki adamy çagyrdy. Nahar başynda gep içerki, daşarky ýagdaýlara sypygdy. – Tejen kel diýip bir bela döredi. Gyra çetde malam bolsa, dowar-da bolsa, kerwen-de bolsa Ahala tarap sürüp dur. Gidenem, edil guýa gaçan ýaly. Döremän geçen Şammy kel diýen biri döredi. Olam içimizden ot berýär. Onuňam ýakyn dosty Kakyş. – Kakyşam Hywa, medresä okuwa giden boldy. – Aý, iller bäş-on ýylda medrese gutarsa, Kakyşjan iki aýda zybrym gutaryp gelmedimi? – diýip, Gurban aga ýylgyryp aýtdy. – Içi ýananyňam bir gülküsi bolar eken ýegen. Sen barkaň, suwam tertiplidi. Oba-da edeplidi. – Wah, hany pahyr, jaýy jennet bolsun, Mütrük aga, hany Gurbanmämmet sesini çykarmady. Ol käwagt, «ine, saňa eşretli, rahat durmuş, iş il bilenem bir eşretli durmuş, gurup – diýip hüjredeşi Han işan bilen jedele girýärdi. – Aý düzeler-le – diýip, Gurbanmämmet daýysyna göwünlik berdi. – Aý, ýok ýegen, düzelmeden geçen, mundan beter bolmasa il-bende şükür – Ol işikde çaga-çuga ýokdur-da diýen gorky bilen daşary seretdi. – Hywa hany diýip bir bela döredi. – Her aýda gyzlammyzy äkidip durlar. Ol ol diýseň, ýaş oglanlarymyzam syrlap-süpläp äkidýärler. Birlän-ikilän oglan yzyna-da geldi. – Aý, özbekler bizi beçe edip oýnaýa. Ilkä kyn, soň hezil boýa – diýýämişler. Ol haraplar ýaş oglanjyklarda «Bizem äkitmezlermikä» diýen niýeti döredýär. Şeýdip gidip otursa, bar ilat erkegi beçe, urkaçysy jelep bolup gitjek. Munuň hiç alajy ýok. Sen ýegen, düzeler diýýäň, beýlede bir Isgender solta ýaly biri gelip baryny Kap dagynyň aňyrsyna sürüp, täze bir gowy nesil döräýmese, bu beterine gidip barýar... Ýaşuly ýegeniniň ýanynda derdini egisse-de, ertir ýene şol gara günüň güzeranyna başlamalydy. Ol ölüp dynaýmasaň, bu zulumdan dynma ýokdugyny bilýärdi. Gurbanmämmet gijäniň bir mahaly öýlerine bardy. – Obanyň oglanlary geldi – diýip Ene daýza ýarym ukuly halda aýtdy. – Eje, henizem ýatmadyňyzmy? – Wah, ýatyp bolýarmy? Sen gelsin diýip garaşyp otyryn. Gurbanmämmet garaňky içerde ýoluny zordan saýgaryp, ňz tamyna girdi. Gelni ýene-de ýatmandy. «Ejemiň ady Ene, aýalyň ady Ene, gyzym bolsa, onuňam ady ene bolsa-ha, bu öý enehana boljak» diýip, ol ýylgyryp düşegine girdi. Ertesi Gurbanmämmet diregli obasyna gitdi. Bedirkentden gönüläp gitseň, bu oba beýlebir uzagam däldi. Ol oba şammy keliň obasydy. Şammy öýlerinde eken. Ol Gurbanmämmedi görüp begendi. – Molla bolupsyň. Medresä okuwa giripsiň. Men-ä saňa telpek goýdum. Aý, kel başyma telpek näm-ä gerek – diýip, ol degişdi. Söwüş etdi. Salym gemän orta çekdirme, ýaňy tamdyrdan çykan çörek geldi. Beýleki nazy-nygmatlar üýşürildi. – Ar-aa-ak içermiň? – Aý, ýok-la. – Men-ä içjek. Ara-da bir kerweni urduk, şonda iki çelegi bar eken. Gurbanmämmet bir salym Şammyny diňledi. – On ýigidiň bar, atly, ýaragly. Indi Direglide, Öküzde, Gara öküzde biri jymt edip bilmez. Jymp etdigem men aýap durmaryn, ýön daşdan, işden olara çybyn gonsa-da, şol çybynyň aýagyny keserin. Gurbanmämmet Şamma geň owaz berdi. – Aty, ýaragy nireden alýaň? Şammy zat ýaşyrjagam bolmady. – Sen ýol goýup gitdiň-ä. Daşhowuz Ahalýoluna çykýan. Kerwen geç-se, meniňki. Atam, düýesem, malam, ýükem meniňki. Emma özleri üstüme geçip, paýymy berip gitseler, ol başga gep. Gurbanmämmet başyny ýaýkady. – Bolýa, onyňa hä diýmäýin. Ýöne il-günüň mal-garasy süri-süri gidip durmuş-a. Şolmy ýagly gapyrgaly elini daldalatdy. – Ony bilmen. Men iki zady bilýän. Birinjiden, Diregliniň öküzleriniň, onda-da diňe gara öküz, öküz bolmaly. Üstünden guş uçmaly däl. Ikinjiden, kimiň maly gitse, gelip towakga etseler, onda-da ýarpasyna razy bolsalar men giderin. Bolmasa men elimi gana urmaryn. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |