17:28 Gurbanmämmet serdar / Ikinji bölüm -1: dowamy | |
IKINJI BÖLÜM
Taryhy proza
1. Bedirkent obasy gadymky ýoly bilen gün-güzeran dolap, gidip otyrdy. Medrese gutaryp gelenler, miraplar, arçynlar, hanlar gelýär, içýär. Emma oba, halk galýar. Şol men-men diýen adamlaryň oba-da, adamlaryň gün-güzeranyna-da, olaryň saýlap alan ýoluna, däp-dessuryna, urp-adatyna-da täsir edýän zat ýokdy. Mundan ýüz ýyl ozal halk nähili ýaşan bolsa, häzirem şonuň ýaly, ýa şondan pesräk ýaşaýardy. Bir artýan zat bihaýalylyk, zulum, kastdy, baýlar şol baýlygyna gün aýlaýardy. Olaryň uly mes ýerleri, ep-esli suw gezekleri, oňat jaýlary, ep-esli mal-garalary bar. Garyp bende ýeke-ýyldan pese gaçýar. Olaryň ekerine alan ýerleri ýa kemhasyl bolar, ýa aýaly öler, ýa maly talanar. Olaryň garyplygyndan uly baýlygy ýok. Şonda-da görgüliler ogul öýerip, gyz çykaryp, toý edip, sadaka berip, il ugruna gydyrganyp ýör. Olara-da hanyňam, kazynyňam, oba kethudasynyňdyr mirabyň, medrese tamamlap gelen ahularyňedip baran täsiri ýok. Ýöne salgyt, gyz, oglan salgydy, işiň agyrragy, zulum welin olara agyr ugry bilen täsir edýärdi. Gurbanmämmet medrese tamamlap gelenden soň ilkinji eşiden sözi «Itiň garyp bolmasyn»diýen nakyly boldy. Ol çagalykdan goňşulary Köwli aga diýen adamyň ogly Şapy bilen dost bolupdy. Onuň bilen Akym aganyň medresesinde bileje okapdy. Şapy on ýaşlaryna ýetende Köwli aga öz obasyna, Garaporsaňyň günortasyndaky Köwşgol obasyna göçüp gidipdi. Gurbanmämmet medresäni tamamlap gelenden soň, Hajybaý uly sadaka berdi. Sadaka sowulyberen mahaly onuň ýanyna aýagy ýyrtyk çarykly, egninde halys üflisi çykan, köne donly, başy ýüňi tüýdülip, kel kellä dönen bir garyp adam geldi. Ol göni gurbanmämmediň ýanyna geçip, elini uzatdy-da, ony mähek gujaklady. – Gözüň aýdyň, didäm. Medrese gutaryp ahun bolup gelipsiň. Ile-güne haýyrlysy bolsun – diýip samyrdady. Gurbanmämmet bu adamy tanamasa-da ondan üýtgeşik mylaýymlyk duýdy. – Tanamadyňmy? – diýip, myhman onuň ýüzüne dikanlap seretdi. – Men Şapy! Gurbanmämmet ony gaýtadan gujaklady – Hany, geç. Myhmany ýanyda oturtdy. – Nahar getiriň! Olar bileleşip bir saçakdan nahar iýdiler. Şapy tolgunýardy, hor kirli eli, göm-gök galyň dyrnaklary üçin utanýardy. – Seniň agaň Hojabaý aganyň ýorunjasyny orup ýördüm. Eşitdim-de, gaty begendim. Bir göreýin. «Gözüň aýdyň» diýeýin diýip, işimem taşlap gaýtdym. Ýolda-da «meni tanarmyka, tanamazmyka diýip, pikir edip gelýän. Gaty köp wagt geçd-ä, ikimiziň Akym molla gatnap, «Epdek» öwrenip ýörenimize.» – Beýle kän wagt geçen däldir-ä. Ýaňy on ýyl. Şapy ýylgyrdy. – On ýyl azmy. Sen bäş ýyl mirap bolan bolsaň, dört-bäş ýyl Hywa medresesinde bolan bolsaň, azam dal-ä. – Dogry, az-a däl. Sen nähili? Dädeň, ejeň, doganlaryň gurgunmy? Öýlendiňmi? Şapy gözüni ýumup, başyny ýaýkady. – Dädem pahyr, ejem pahyr amanadyny bir wagt tabşyrdy. Üç aýal dogan kişi maşgalasy boldy. Menem syrma-sallah. Itiň hory. «Itiň garyp bolmasyn dost» Gurbanmämmet Şapynyň halyna dözmedi. – Näme kär edýäň? – Şapy sesini peseltdi. – Hojabaý aganyňkyda günlükçi. Olam... – Ol elini silkdi. – Aý, bolýa-da. Şondan soň ol gyssandy. – Men turaýyn. Iş ýerime çenlem ep-esli bar. Gurbanmämmet nahar daşap ýörenleriň birini ýanyna çagyrdy. – Bar bir ýaglyk alyp gel. Çalt bol. Giden tiz dolandy. – Ol şol ýaglyga bäş-alty sany çörek, üç-dört sany omaça, gatlakly saldyrdy-da Şapa uzatdy. – Al, dogan, sen erte agşam meniň ýanyma gel. Gürrüňim bar – diýip, ony ep-esli ýere çenli ugratdy. Ýöne hökman gelgin – diýip, hoşlaşan mahaly çagalygyny tekrarlady. – Enşalla, enşalla, hökman gelerin, hökman. Şapy ýöräp däl-de, uçup gitdi. Hajybaý aga oglunyň medrese tamamlap gelenine iki bolup bilenokdy. – Iş bitirdiň, ogul – diýip ol sadaka gününiň ertesi çaýbaşynda ogluna öz razylygyny beripdi. Indi näme etsem-petsemiň bolsa, arkaýyn ediber. – Ol ogluna bir şakase çig gaýmak alyp gelen aýalyna garap: – Alaýyn diýseň miraplygyňam dur. – Ýok, öz malyma-garama, ýerime göz-gulak boljak diýseň, ony et. Ýok men birki aý dynç alaýyn diýseň ony et. Ýok, men medrese açjak, oglan okatjak diýseň harç bereýin. Ene daýza ogluna basalyk boldy. – Dogry aýdýaň, dem-dynjyny alsyn, onsoň pikirlenişibermeli. Işiň gitjek ýeri ýok. Gurbanmämmet içindäki ýanyp duran oduň howruny basyp gepledi. – Bor, däde, sen näme diýseň, şolam bolar. Men bir az-owlak dynç alaýyn. Soň pikirlenişeli. Ýöne saňa iki sany towakgam bar. Aýt diýseň aýdaýyn. – O nä? – diýip, ýaşuly ünsüni içip oturan çaýyndan sowman sorady. Aýdyp otur. – Birinjis-ä, meniň ýanymdaky oglan-a bilýäň öýe-de geldi. – Hanmy? Şol Janahyrdan diýdimi? Öz-ä şol ýigit uçursyz edepli eken. Gurbanmämmet baş atdy. – Şol, meniň ýakyn dostum, ol şu sapar öýlerine giden-de öýlenipdir. Indem seniň ýanyňa göçüp geläýsem nähili bolarka? – diýip, özür towakga edýär. Şol nähili bolarka? – Ol bolar. Gowy bolar. – Ikinjisem çagalyk dostum Şapy bar. – Şapy! Şapy! Ýaşuly başyny galdyrdy. – Öňki goňşymyz Köwliniň ogly Köwligoldan. – Hawa. – Näme? – Şony öýdeniçer edip getiräýsek nähili bolar. Indi ota-çöpe, mal-gara özüň urunyp ýörmeli däl. Hyzmat etse, hakyny töläris. Ertir – agşam ýumşuňa ýarar. Şol nähili bolar? Ýaşuly ýylgyrdy. – Wah, oňa ýetesi näme bar. Ýöne nirede ýaşatjak. Jaý barmy? Gurbanmämmet öňden bäri böwründe bişirip ýören pikirini orta atdy. – Jaý bolar. Eger rugsat etseň, gündogar ýüzümizden Han aşana, özüme, hemem Şapa jaý saldyraýsaň. – Özüňe näme, bu jaýlar darlyk etdimi. Gurbanmämme ejesine seretdi-de ýylgyrdy. Ene daýza ogluna düşündi. – Salsyn. Myhman meduwan gelende dar bolmanam duranok, bularam köpelip-känelerler ahyryn. Ýaşuly garşylyk görkezmedi. Ertesi Şapy bilen gürrüň jaý barada gitdi. – Men, özüme, bir aşhana hemem saňa jaý saldyrjak bolýan. Şoňa ussa tapyp ber maňa. – Özbek bolsunmy, türkmen? – Özbek bolsun. – Erte günortana getirerin. Özüň gepleş. Hajybaý aga ara goşuldy. – Hany ilerden, Akym mollanyň ýerinden jaý salsaň näme? Gurbanmämmet oýa batybrak: – O-da bolar – diýdi. – Ilki özüme, Şapa gursunlar. Soň hana başlabersinler. Bu gürrüň gepsiz-gürrüňsiz tamam bolandan soň Gurbanmämmede ýüzlendi. – Aşnam, seniň bilen bir maslahat bar. Eger. – Aýdyber. – Sen bize işe geläýseň neneň niçik bolar. Görýäň-ä dädem, ejem garrady. Gelip ikigat. Menem, men. Öýe el-gol bolup ýören bir adam gerek. – Men onsaň näme iş etmeli bolaryn? – Sen şu öýüň ogly bolup, näme etmeli bolsa maslahatlaşyp ediberersiň. – Men razy. Gurbanmämmet gijäniň bir wagtyna çenli Şapy bilen söhbetleşdi. – Ýöne, sen Hojamyradyň taýhany bolsaň, olardan üzülip bize gelme. Olar onsuzam bizi kän bir äsläp baranok. Düýnki sadaka-da gelmediler. Ýogsa özüm baryp, elin çagyryp gaýtdym. Sen başga birine işe girip, baş-üç gün güýmen. Soň bize gel. Gepem-gürrüňem bolmasyn. Şapy razylaşyp çykyp barýarka, birküç atly işige aýlandy. – Habarlaşyň. – Geleweriň. – Gurbanmämmet Şamynyň badyhowa sesini tanady. – Şamyrat, geleweriň! – Ol öňdäki atla bakan ugrady. Atlylar atdan düşdüler. Şamy atynyň uýanyny ýoldaşyna oklady. – Garaşyň, men häzir gelerin. Olar tirkeşip, öýe girdiler. – Sadakalar kabul bolsun, baý aga, ogluň medrese tamamlap ahun bolup gelipdir, gözüň aýdyň. – Kimdir by? – diýip, Hajybaý aga alagaraňky içeriniň işigine gözlerini süzgekledip seretdi. – Men, diregliden Şammy keldirin. Ýaşuly «Wah – diýdi – Tanadym, Şamy, Şammy güldi. – Näme, baý, aga, gözleriň kütelip, garrajak bolýaňmy? Agaň Hojamyrat baý-a ýene öýlenjek bolup ýör. Sen agaňça bolmasaň bolmaz-a. Ýaşuly ysgynsyzja güldi. – Howa, şol öýi köýen-ä garranok. Biz-ä boýun aldyk, oglum, garrama kemi galmady. Orta saçak ýazyldy. Saçaga nahar, gowurma, çal, çaý-çörek goýuldy. Emma Şamy diňe duzuny datdy. – Hywa gitdim. Hywanyň baş kazysy çagyrypdyr. Maňa «Tagtanyň kazysy bol» diýýär. Men nire – Kazylyk nire? Maňa bir topar atasy urup, enesi käýän, enesi ýalamadyklary yzyňa tirke-de, ondan oňa şakyrdaşyp, at sal, ogurluk et, ýol ur diýseler oňararyn. Ýöne kazylygy oňarman. Baş kazy «Onda kim bar?» diýip sorady. «Menem Gurbanmämmet Hajybaý ogly bar, medresäni şu ýyl gutarýar. Öňem Bedirkendiň miraby bolup bäş ýyl işlän» diýdim. – Eliniň kiri barmy? – diýdi. – Tagta-da ýeke-täk eli kirli bardyr. Olam şoldur – diýdim. – Onda bäş öküzçe bilen ýigrimi goýundyr – diýdi. – Basym adam barar, mal-garasyny taýýarlabersin – diýdi. – Ýöne hak-heşdek tamakin bolmasyn – diýdi. – Bolar – diýip, medresä bardym. Ol ýerden gaýdanyňy eşidibem, at gorduryp gelşim. Gurbanmämmetden beter, ýaşuly hopurgandy. – kazylyk agyr bolar. Kazylyk jüneýitlere düşýän däldir. Onsoňam, onça maly nirden aljak.» Şammy elini omyn edip ber»diýen terzde kükregine getirdi. – Men bilemok. Gurbanmämmet sen meniň sözümi ýyksaň, ýüzüňi görmerin. Mal-garanyň aladasyny etme, ony özüm bererin. Gurbanmämmedi agyr oýlara batyran bu habar çyn bolup çykdy. Güýzüň başynda Hywadan gelen wekiller tutuş tagtanyň ilatyna Bedirkende ýygnap, Gurbanmämmedi bu küren iliň kazylygyna belediler. Onuň eline Hywa hanlygynyň baş kazysynyň bu wezipä belleýändigi baradaky möhürli haty, kazylyk möhür berdiler-de sowgat-serpaýlaryny alyp şol günüň öýlenen garasar göterilen ýaly bolup gitdiler. «Kazynyň wezipesi nämekä?» diýip, Gurbanmämmet gijesi bilen kelle döwüp çykdy. «Wah, Mürrük aga, Mürrük aga seniň gerek ýeriň-dä» diýip ol telim sapar ýatlap, bitakat bolup, daňdanlar uka gitdi. Ol Mürrük agany gözläp paý-pyýada şol bendiň boýundaky kümä geldi. Meýdan dyzdan gardy. Gözüňi açyp bolanokdy, ýiti aklykdan. – Gel, köşegim – diýip, Mürrük aga ýyljak pejiň gapdalynda derläp, öz dermanyny içip oturşyna, oňa ýanyndan ýer görkezdi. – Eşitdim. Seni Mürze belläpdirler. Ine, munyň bolýar. Ýogsa, mirap diýdi, beýleki diýdi, seniň mertebäňe laýyk gelmeýän işlerem egniňe ýükläberýärler. Gurbanmämmet «bilmeýän, düşünmeýän zatlarymy soraýyn-la» diýip, aýbogdaşyny bogup jaýly oturdy. – Men Mürze bolup näme etmeli? – Mütrük aga – nämeden başlamaly? Ýaşuly gazanyň aşagynyň oduny galdyrdy. – Ilki atly nökeriň bolsun. Häh diýende, mäh bolup arz edilýänem, arz edýänem çagyr. Olary ýagşy diňle, soň höküm çykar. Hökümiň adalatly bolsun. Ýadyňdan çykarma, suw meselesinde, aýal-gyz, ar-namys meselesinde, olja hak-heşdek meselesinde ikilik etseň, ýüzügara bolarsyň. Öz duşmanlaryňdan ýat-ýaladan däl-de, dogan gardaşlaryňdan ägä bol. Galanynam alla kömek eder. Gurbanmämmet ýene bir zat sorajak bolup, ýol boýam gaýtalap gelýärdi. Emma häzir hiç ýadyna salyp bilmedi. – Mürrük aga, men ýene bir zat so... – Ol öz sesine, tisginip oýandy.ne ak gar, ne küme, ne ot ojak, ne-de Mürrük aga bardy. Namaz wagty birwagt bolupdy. Mürrük aganyň diýeni boldy. Bellenen gününden bir gün geçmänkä, adamlar onuň işiginde tokaý bolup, üýşüp durdylar. Gurbanmämmet täze guran jaýlarynyň eýwanyny düşekletdi. Soň özi adamlaryň arasyna çykdy. – Solowmaleýkim, il-gün. – Waleýkim. – Waleýkim essalam. – Kazy aga gurgunmyň? Gurbanmämmet eýwanyň törüne geçip oturdy. – Hemmäňiz arza geldiňizmi? Hiç kimden ses çykmady. – Geliň, bir maslahat edeliň. – Duşenbe güni suw meselesi bilen gelenleriň arzyna seredeliň, boljakmy. – Boljak, duşenbe – suw meselesi. – Sişenbe güni ar-namys, är-aýal, ogul-gyz, guda-garyndaşlyk meselesine serediljekdir. Düşnüklimi, ar-amys, är-aýallyk, guda garyndaşlyk, belläň. – Belledik. – Çarşenbe güni olja, algy-bergi, amanat meselesi. – Sişenbe ogurluk, jümürlik, hak-heşdek. – Anna güni din, urup-adat, şerigatyň şertleri, onuň meseleleri. – Şenbe güni men azajyk dem alaýyn. Soň ýekşenbe dürli meselelere seredeliň.– Ol üýşen adamlara seretdi. Şu mesele bolarmy? Kimiň teklibi bar. Garaporsaňly Seýitmet aga gorsandy. – Kazym, bu bölüşiň dogry. Şu gürrüňler Bedirkendiň, Yzmykşiriň , Diregliniň, Garaporsaňyň bazarlarynda jar çekdirilip aýdylsa, bijaý ajap boljak. Gurbanmämmet ýerinden turdy. – Adamlar, şu gün geleniňiz gowy boldy. Men siziň bilen bir geňeş edeýin diýip oýlanyp otyrdym. Indi maňa bir gowy mürze gerek. hemem kazynyň çapary gerek. araçy arz edende, günäkäri çagyrmaga, beýleki, ýumuşlara ýarar ýaly kazynyň tabşyrygyny jar edip ilata ýetirer ýaly. Onsoňam käbir agyr meseläni ýeke özüm çözmäýin. Mesele adalatly bolar ýaly halkdan üç wekil gerek maňa. Şolaram maslahata gel diýenimde gelmeli. Şoňa kim bolsa gowy. Adamlardan ses-selem çykmady. Seýitmämmet aga elini göterdi. – Gep adalata dirän bolsa, öz obaňdan Gara işany belle, Diregliden Abdyrahman ahallyny belle, Garaporsaňdan... Ol sesini goýan badyna. – Seýitmämmet öküzi belle – diýip başga biri seslendi. Ýaşulyny der basdy. Ol agyr telpegini çykaryp, boldumly gyzyl ýüzüni ullakan ýaglygy bilen süpürip, ýüzüni öňküden beter, gyzyl burç çalnan ýaly etdi. – Ýok, beýtmäň, munyňyz «Üýregen it öý eýesi myhman getirer» diýeni bolýar, haw. Gurbanmämmet ýerinde oturdy. – Indi diňläň, il-gün. Men size bir söz aýdaýyn. Iki gözümiň birem bolsa, şerigardan, ilden, nyrhdan çyksa, sylamaryn. Men size gowy görünjek bolup, Alla ýaman görünip bilmerin. Eger ýekeje ýerde adalatsyzlyk edenimi görseňiz, eşitseňiz, geliň-de ýüzüme tüýkürip gidiň. Eger öz sözümde durmasam şu telpegi çykaryp, heleý dassaryydaňaryn. Ol oturanlara ýüzledi. – Maňa bir ak pata beriň. Seýitmämmet aga çöküne düşüp doga-dilegler etdi, pata berdi. – Kazyýet, makul bilseňiz, şu jaýda bolsun. Şu ýerden günäkäri gabamak üçin dawaly mallary saklamak üçin ýene birki sany jaý galdyrmaly bolar. Indi adamlar, başga bir arzyňyz bolmasa arkaýyn işli-işiňize baryberiň. Gürleşerin, ýagdaýlary aýdaýyn diýeniňem, oturyň, çaý-çörek iýiň... Adamlar dargaşmak bilen boldy. Diňe Seýitmämmet öküz Yzmykşirden bir ýaşuly hemem bir demli ýigit galdy. Orta çaýly taňkalar, çörek, gowurlan etli tabaklar çekildi. – Kazy aga, Alla abraý bersin – diýip Seýitmämmet aga iýip-içip oturşyna gep urdy. – Men bir arzam däl, maslahat bilen geldim. – Aýdyň. – Ýadyňa düşse, birwagt Mürrük diýen ýaşuly bardy. Gurbanmämmediň ini dyglap gitdi. – Hawa. – Ol bende aradan çykdy. Ondan ogul-da, gyz-da galmady. yzynda naçary galdy. Şol naçaryň tamy-da araky garda üstüne oprulyp, ähli goş-golamlaryny basyp, ählisini zaýalapdyr. Tamyny dikeldeli diýsek, ol görgüliň iýmäge ýeke döwüm çöregem ýok. Biz oňa eýe-de çykjak, ýöne onuň ilen-çalany kän, olaryň özler-ä eýe çykanok, dilleri welin ýetip dur. Indi şol bende gedaý gezip ýör. Indi öz kazymyz bar. Hiç kes dawa etmez ýaly, şony kazy kesen edip maňa berseňiz. Gurbanmämmet baş atdy. – Seýitmämmet aga, azajyk howlukma. Men ol meseläni şu gün çürt-kesik döwüp bererin. – Ana boldy. – Kazym – diýip, Yzmykşirli goja, kazynyň ýüzüne siňe seretdi.– Men walla kessin, aýdyp bilmän ýaýdanyp durun-da – diýdi. – Aýdyber. – Aý ýa ölsün öküz, ýa gopsun käşir näme bolsa, şol bolsun-la. Dişimi gysybam gören zadym ýok. – Ol aýasy bilen çygjaran insizje öl maňlaýyny sylyp, aýasyny sakalyna çaldy. – Aýtsam, kakyş diýip bir ýeksurun döredi. Örüde gezip ýören semiz gaçarymy sürüp gidipdir. Indi... Gurbanmämmet ýaşulyny saklady. – Şaýadyň barmy? – Üç şaýadym bar. Şaýatlaryň bilen çarşenbe güni gel. – Bolar. Aý, halal malym-ow, adamlar. Heýç ýüregime sygdyryp bilmän geldim men. – Sen, ýaş ýigit näme arzyň bolsa aýdyp otur. Ol demli ýigit Diregliden eken. Ol utana-utana arzyny aýtmaga başlady. – Men diregliden, kazy aga, gara öküzlerden. Öňde biri «Aýalyňy kazy zorlasa, kime aýtjak» diýip zeýrenipdir. Gül ýaly durmuşum bary. Iki tanap dädemden galan ýerim , malym bardy. Bir gün işden gelsem işikde keseki at dur. Beý, myhman meduwan geldimikä diýip, tama girsem, aýalym bir näkes bilen alaýaz bolup otyr. Bu kim – diýsem , ters jogap berýär. Sesimi gataltsam, hälki ýigit turdy-da gamçysy bilen ýüzüme, ýagyrnyma bäş-alty sapar ýelmedi welin, ýerimden galmaga mydarym ýetmedi. Indem, kowsamam ol kemçin öýden gidenok. Öýden çykdygymam şol haramzada öýümde. Namys edip, alnymy diräre ugur tapman seniň ýanyňa geldim. – Şaýadyň barmy? – Ulus oba şaýat. Ýöne il bende gorkusuna demini alyp bilenok. Ol harap Şammy nökeri. Ýogsam, meniňem bir etjegim barla. – Sen haçan öýüňde bolarsyň? – Ol ýigit gözüni mölertdi-de, aglamjyrap. – Agam, ol haramzadalar meni öz öýüme sygar ýaly etmediler. Namysa çydaman, Polosoltandaky aga inilerimde bolýan haçan bol diýseň, öýde bolaryn... Kazy bu mölegöz ýigide baş atdy. – Adyňy bir aýt, kimiň ogly bolarsyň. Ol ýigit tokmak ýaly ýumrugyny dyzyna urdy. – Haý, adym gursun, Adym Gurt, Temir çerräniň ogly. Ejem men bolanda ýaş üstünden gidipdir. Dädemem meni öýerip, dünýesini täzeledi. Men bir ýerden ýeke çykan ýetim oglan kazy aga. Özüň kömek beramasaň maňa ýer gaty, gokyrak. Gurbanmämmet «oňa birigün öýüň töwereginde bol» diýip ýola saldy. Adamlar dargaşanda Hajybaý aga oglunyň ýanyna eýwana geldi. – Nädýäň? Gurbanmämmet ýylgyrdy. – Däde birneme kömeg-ä gerek. – O nä? – Oba gitmeli. Ýabym ýok. Araba gerek. şu gün satyn almasak ýaman kyn boljak. – Ýak – diýseň, ýaşuly ýerinden turdy-da – Bu gün dogry gelmeýän boldy. Ýene üç günden. Gurbanmämmet razy boldy. – Şamy bar-a! – Direlidäkimi? – Hawa, atam berýe, araba-da, maňa özümiziňki gerek däde, halal mal bolsun. – Bolar. Halal bolsa, halal eken. Şondan soň Gurbanmämmet ejesiniň ýanyna bardy. – Eje, bu graňky içerde näme işläp otyrsyň, gelniň bilen. Ene daýza syr bermedi. – Aýalaryňam bir öz edäsem, goýasamy bar-da, oglum – diýdi. Gurbanmämmet gelniň ýüzüne bakdy. Ol ýylgyryp goýberdi. – Özüňiz-ä – Soňra ol gepiň inçe bilinden tutdy. – Men bir ýaşuly bilen mirapçylyk etdim-ä eje... – Mütük agamy? Ol öld-a. – Hawa. Şonuň bilen ataly-ogul okaşypdym. Şol ýaşulynyň öýi araky garda çöküpdir. Aýaly meýdanda galypgeýmäge, iýmäge-içmäge zady ýokmuşyn. Maslahat bilseň, men şol garry enäni öýe getirjek. – Nädip getirjek? – Öýlän araba taparyn-da soň oňa gelin sereder. Men ony meýdana taşlasam, hudaý halamaz. Ene daýza sesini çykarmady. «Alla janlarym, arabany, aty kimden almaly. Men «ol meseläni şu gün çözerin» diýdim. Pyýada gidip, arkama alyp gelmeli welin, ol görgülini öýe getirmeli». «Hudaý diýeni, hudaý ýetir» diýenleri boldy. Gün öýlä sananda, öýle namazyny okap daş çykyn Gurbanmämmet işiklerine gawun düşürip duran ýetginjege gözi düşdi. Ol daýanykly adamy görüp, gawun düşürmesini goýup, oňa baka ýöneldi. – Salowmaleýkim – diýdi-de, iki goluny uzatdy. – Waleýkim, geleweri, inim. Ýaş ýigit müýnürgäp aşak bakdy. – Men Garaporsaňly Seýitmämmet öküziň ogly Haýtmämmet. Dädem şu gawuny kazy agalara eltip düşür – diýdi. Gurbanmämmet güldi. – dädeň ýaňy gitd-ä şu ýerden. Eýýäm ha. Çan bir araba gawuny nädip ýygyp, ibermäge ýetişdi. Haýtmämmet baş atdy. – Hawa, ýaňy bardy. Men gawuny düýn ýygyp gapa getirip goýupdym. Bu günem «Tagtaň bazaryna äkideýin» diýip durkam, mazzaly, dädem ýetişäýdi. Bolsa-da nesibäňiz bütan eken. Gökgürpegiň tüýs men diýen mahaly. Gawun iýmedim-ä diýmersiňiz. Gurbanmämmet ýetginjegi eýwana çagyrdy. – Hany, hanym, otur, bir maslahat bar. Ýaş ýigit baş atdy. – Aý, şol Amansoltan daýza barada barjaga diýipdi. Ol pahyr gedaý gezip ýör-ä. – Dogry, şolaryňöýüni bilýäňmi? – Bilmän näme? Ol biziň syrgynymyzda ahyryn. Gurbanmämmet «berekella» diýeninem bilmän galdy. – Sen oba bar-da dädeňe aýt, şol garryny seniň arabaňa mündirip goýbersin. Senem ony biziň öýe alyp gel. – Ol ýaş ýigide lak atdy. – Düşünmediňmi, ýa başarmazmyň. – Başarman näme? Siz aýtsaňyz gözüne gülem salaýyn. Ýaş ýigit gün batar-batarda Amansoltan ejäni alyp geldi. Garry aýal arabanyň üstünde hasam lagşapdy. – Meni nirä getirdiň-iz. Aý, ölmän gelemütrük, meni taşlap nirä upbat boldu-uň... Oglan ony göterip diýen ýaly içeri saldy. Içerde oňa aýallar hossar çykdylar. Şammy kel gijäniň bir wagty öýüne geldi. Myhman tamda Gurbanmämmediň oturanyny eşidip, atykam daňdan içeri girdi. – Hoş gelipsiň. Arkaýyn otur. Men häzir gelýän – diýip, çala salamlaşyp daş çykdy. Kän eglenmänem myhman tamyna girdi. Çaý, nahar kemi galmadyk Gurbanmämmet oňa habaryny aýtmakçy boldy. Şammy ony saklady. – Men baryndan habarly. Öz obamyň ýagdaýyny bilmesem, mendenem bir han bolarmy. Ýöne, özüň nähili. Kazylyp saňa elberjekmi. Ýa-da injigiňi sandyradýan-a däldir. Myhman ýaýaplap durmady. – Il-güne, siziň ýaly oba kethudalaryna bagly-da, bu iş, Şamyrat. Ýeke özüm ot bolanymda niräni ýakaýyn. – Dogry diýýäň. Men-ä näme, öz iýen pohumdyr. Arkaýyn bol. Näme ýük, näçe ýük ursaň götererin. Ýöne «şuny şeýle ädeli» diýip, ugruny görkezseň bolany. Men şu ýyl bolmasa-da, geljek ýyldan tutuş Tagta han boljak. Senem meniň kazym bolsaň, halka-da gowy bolar, özümize-de. Gurbanmämmet baş atdy. – Belki! Şamyrat nahar başynda bolan wakany aýtdy. – Telir gögüň ogly Gurt bir meni urany hudaý ursun oňa-da boz baýtal ýaly helesi duşupdyr. Asyl erkekden doýanok. Biziň sapyş diýen bir nökerimizem, suw meýilli gurbaga. Şol heleýiň guýruk balamasyna ymsynypdyr, näme, erkek eşek-dä. Men ol näküşmi günälämok. Şol heleýi öldürmeli, hakyna seretseň. Gurbanmämmet ýagşydan ýamandan sesini çykarmady. Ýöne: – Nökeriň kimiň ogly? Haýsy obadan? Şammy agzyna salan çöreginem çeýnemän, oýa batdy. – Özi şu obaly, Eset gäwüriň ogly-da. Sen onuň özünem tanamal-a. Eset gäwür. Kazy baş atdy. Soň saçakdan çekildi-de öz teklibini orta atdy. – Şamyrat, bu mesele diňe seniň obaň meselesi däl. Tutuş Tagtaň, Porsyň, Ýylanlyň, Gubadagyň, Köneürgenjiň şu meseleden bez-bez bolan. Heý, kişiniň nikaly aýalyny, guýruk bulady – diýip, öýüne baryp, aýaly bilen oýnaşbazlyk etmek bolarmy? Her kiş hany nöker diýip kesekiniň gyzyna, gelnine, aýalyna haram elini uzadyp ýörse, sen nämä gerek, men nämä gerek. han, onuň nökeri ile arkadag, hossar bolmak üçin, il-günüň ar-namysyny goramak üçin ata çykanokmy. Gyz, gelin, eje mende-de bar, sende-de. Biz muny loly heleýleriň başyna atyp, öz nökerlerimiziň etmişine göz ýumsak, ar-namysymyzda derek galmaz. Sen rugsat berseň, birigün, Gurduň işigine obamyzy ýygnaly. Meniň birinji işim bu, ilatyň dişinde et galmasyn. Şamyrat baş atdy. – Bolýar, maslahat. Gurbanmämmet gepiň gyzgynyna başga bir meseläni orta atdy. – Sen meniň agam Dädiş-ä bilýäň. Olam juda gaty gidýär. Sen oňa, gaýrat edip, meniň adymdan, «aklyňa aýlan» diýip aýt. Bize şonuň gürrüňi kän gelýär. Yzmykşirden Özbekbaý diýen ýaşulynyň semiz gaçaryny sürüp gaýdypdyr. Şol adam gelýän çarşenbe şaýatlary bilen meniňkä geljek. Şoňa çenli şol gaçary eltip gapymda daňsyn. Bolmasa, menden ýagşylyk tamasyny etmesin. – Bolar, aýdaryn. Ýöne, öz agaňy tanaýaň-a. Diýenimi etmese, menden gaty görme. – Gaty görmen. Gurbanmämmet şondan soň kän oturmady. Ol Şammynyň «Atly ýa arabaly ugradarynyna-da bakman garaňka sümülip gitdi. Çarşenbe güni diregliniň adamlary Gurduň dädesinden galan çalamydar maşynyň işigine üýşdi. Şammy ýörite adam tutup, jar çekdiripdir. Gün guşluga galanda Gurbanmämmet dädesiniň şu gün irden Bedirkent bazaryndan satyn alyp gelen alaşasyna münüp Şammy hanyň işigine geldi. Soň Şammynam ýanyna alyp ilatyň ýygnanan ýerine bardy. «Salam-aleýkden» soň Şammy myhmany tanyşdyrdy. – Ilat! Meniň ýanymdaky pälwan-a külli Tagta iliniň kazysy. Düýn Hywa medressäni gutaryp, ahun bolup gelen. Gurhany, şerigat kada-kanunyny suw içen ýaly, ýatdan bilýär. Bu günem biziň obamyza eden, tertip, düzgün barada bir maslahata gelipdir. Hany, indi özünem bir diňläliň. Orta orta boýly gyzyl ýüzli, süzgek gözleri manyly balkyldaýan gyzyl guzy derisinden gytygrak tüýli telpekli, egni keltejik gursakçaly, aýagy täzeje çokaýly ýaş ýigit çykdy. Ol «l» sesini çeýnäbräk – Sallowmaleýkim, adamlar! – diýip, ýene bir sapar salamlaşdy. – Men bu gün obaňyza bir kyn mesele bilen geldim. Ol elini bir gapdala uzatdy. – Has takygy obadaşyňyz Gurt diýen adamyň arzy bilen geldim. Gurdy tanaýan bolsaňyz gerek. öz gününe kaýyl bolup ýören Allanyň bendesi. Ile azary ýok. Ýöne, ol Şammyny görkezdi. – Şamyrat kethudanyň bir nökeri Sapyş diýen nökeri Gurda köp wagtlap azar berip, onuň aýaly bilen oýnaşbazlyk edip, zyna edip gelipdir. Namys oduna çydamadyk Gurduň beýle işlere ýol bermejek bolup gaharyna, ol nöker Gurdy gamçy bilen urup, üstesine-de «öldürerin» diýip haýbat atyp, öýünden çykaryp kowupdyr. Häzir Gurt Polosoltanly garyndaşlarynda gaçyp-tezip ýaşap ýör. Men Sapyş gäwürem bilýän. Onuň öz gül ýaly gelni bar. Üç-dört sany aýal dogany bar. Kem zady ýok. Gurduň gelni Soltanam belli ýeriň çagasy. Onuňam kem zady ýok. Üstünde öýi bar, nikaly äri bar. Äri maýyp-müjrip däl. Onda bu nÄhili beýle bolýar. – Ol oturanlara ýüzlendi. – Ýa men nädogrumy? Bir ýaş ýigit elini göterdi. – Kazy aga, ýüz görsem, ýüzüm gursun. Sen henizem bärden gaýdýaň. Bu haramzada Şammy kele arka diräp, kişiniň maşgalasy bilen Zöhre-Tahyr bolup ýör. Edil «ýurdy alahekge sorýan ýaly»o oňa edýäniň telek» diýip, öňüne çöp oklaýan ýok. Arada meniň gelnime-de lak atypdyr, ol nökeriň ýoldaşy. Şolara çäre görülmese, obamyz jelep obasy boljak. – Heleýiňi oňar! – diýip, elinde atynyň uýanyny saklap duran pyýada gaharly gygyrdy. – Otur-aýt, wenezzyna! – diýip, Şammy dişlerini gyjyrdadyp, haýbat atansyň, gorjanyp, başlanlar lal jim boldy. Kazy oturanlara ýüzlendi. – Şu waka başga şaýat bar bolsa, elini galdyrsyn. – Mesele düşnükli, adamlar. Siziň Sapyş gäwür diýen nökeriňiz şerigatyň üç bölegi boýunça agyr günä edipdir. Birinjisi, kişiniň nokaly aýalynyazdyryp, ongň bilen zyna edipdir. Ikinjisi, kişiniň hakyny iýipdir. Ol aýal kişiniň hakydyr. Oňa zyna etmeg-ä däl, ärinden başganyň seretmäge-de, el gatmaga-da haky ýokdur. Üçünjiden, ol «ýa hudaý» diýip ýören bendä agyr zulum edip, aýalyny, öýüni, çagalaryny elinden alyp, urup-horlap zulum bilen şikes ýetirip gelipdir. Oňa tutuş oba şaýat. Ine, şu ýagdaýlary seljerip, Allanyň ady bilen höküm çykarýan. Birinji bilen, Gurt gögüň aýaly Soltan Bala gyzy üç sapar talak. Ol iň soňky sapar kim bilen zyna eden bolsa, şonuň aýaly bolar. Özem şu maslahat gutaran badyna, ol Gurduň öýünden çykarylar. Ikinjiden, kişä kast edip, onuň aýalyny elinden alany üçin Sapyş gäwüriň durmuşa çykman oturan aýal dogany Gülälegi Gurt göge nikalap bermeli. Üçünjiden, hudaýyň halamajak işini aç-açan edip, obada masgaraçylygy aç-açan edip, il-günüň gözünden düşeni üçin, Sapyş göwüri, şeýle hem Soltan bala gyzyny Tagta etrabyndan çykarmaly. Omyn. Kim şu çözgüde garşy bolsa ýedi aýlap Hywa zyndanyna salnar. Adamlardan ses-selem çykmady. Diňe beýle-beýle ýagdaýa garaşmadyk. Sapyş gök atylyp ýerinden turdy. – Men razy – däl... Onuň golaýragynda duran Şammy birden gazap bilen ýerinden turdy-da, elindäki gamçysy bilen şerraýçylyk etmäge dyzanyp duran Sapyş gögüň ýüzüne, arkasyna gazap bilen saýgylady-da, elinden atyň uýanyny aldy. – Ugraş diýsäni. Hany ätmä bilşiňe-de ätme. Ol haram kemçini-de alyp, güm bol obadan. – Ol kaza ýüzlendi. – Kazy aga, seniň aýdanyň ýerde galmaz. Höküm şu gün elin ýerine ýeter. Il gün bu habary eşidip, hossarly bolan ýaly boldy. Ýöne Gurbanmämmediň egniniň ýüki çekip-çydardan agralýardy. Ol şol gün eden işini seljerip, oýa batyp barýarka, aty ürken ýaly bolup, oýundan açyldy. Polosoltan tarapdan üç-dört adam at gorduryp, oňa tarap gelýärdi. Ol öňden gelýäniň öz agasy Kakyşdygyny tanady. Gurbanmämmet at başyny çekdi. Kakyş ondan geçibräk sürdi-de, atynyň başyny yza dolady. – Salowmaleýkim! Kakyş salam almady. – Eý, kazy kelan, näme, indi kakyşdan başga işiň gutardymy? Näme diýip üstüme adam iberýäň. Kakyş atyny Gurbanmämmediň üstüne sürdi. – Yzmykşirli Özbek baýyň gaçaryny men aldym. Näme, indi Özbekbaý seniň iki dogup, bir galanyňmy? Ine, özbekbaý gaçar ýerine şuny alar – diýip, Kakyş gyjawujy bilen iki satanynyň arsyny gysymlady. Senem şonluk bolsaň, seniňem bajyňy s... bir, kes meniň öňem kesiklimi, haramzada. Ol atynyň başyny öňe dogrulady. – Eý, osrak kazyjyk. Sen ýene bir sapar meniň adymy tutaýsaň, öýüňi otlaryn.meniň gaharymy getirtme. Gurbanmämmediň gahary gaty geldi. Hudaýyň hakyna, şunça ýuwutjak bolsa-sa süňňi titredi. – Aga! Sen diňle. Men indi hakyň emini mal gerek bolsa , bar öz malymy al, demimi çykarsam, Gurbanmämmet bolmadygym. Ýöne iliň haka kast etmek bolmaz-a. Eger ertir şol gaçar meniň gapymda bolmasa, onda sen gaty görme... Kakyş ýangynly güldi. – Tf-ü-üw, seniň malyň bolar ýaly, gapyňda ýalagyň bir barmy – diýsen-e. Gurbanmämmet oňa gulak asmady-da, atynyň başyny bedirkende tarap öwürdi. «Seniň diýeniň geldi, Mütürik agam, özümkiler meni äsgermeýen boldy» diýip, öýe barýança oýlanyp gitdi. Öýde ony ejesi garşylady. – Geldiňmi, oglum? – Geldim eje, dädem barmy? Gelen giden barmy? Ene daýza begençli gepledi. – Amansatan daýzany ýuwundyryp, saçyny darap, öz köýneklerimizi geýindirdik. Indi gül ýaljak bolup otyr. Baryp gör hany. Alkyş okap otyr. – Oňarypsyň, eje, sogabyň ulusy, kiçisi ýokdur. Bir bendä ýagşylyk etsek, bizi Alla ýalkar. Menem atymy baglap girjek. Gurbanmämmet Amansatan daýzany tanamajak boldy. – Salowmaleýkim, ene – diýip, onuň ýanyna baryp dyz epdi – Nähili taplar. Garry görgüli aglady. – Oglum ýok, gyzym ýok, çagam. Maňa hossar bolsaň, seni Alla ýalkasyn. Men bir bagty gara ekenim. Alla meni almadam... – Beý diýme, ene, indi hor-zar bolmarsyň. Öýde bolarsyň. – Ol gelnine baş atdy – Gelin seni hor etmez. Isleseň, öz ýanymdan öý dikip bereýin. Ýöne ýokarda Alla, ýerde-de mendirin seniň hossaryň. – Ýaşyň uzyn bolsun, oglum. Gurbanmämmet ullakan gürpegi ýaryp, ýaňy öňünde Hajybaý aga-da geldi. – Däde, salowmaleýkim. – Geldiňmi, oglum? – diýip, ýaşuly kündük alyp, täret kylmaga çykdy. Namazdan soň Gurbanmämmet kakasynyň ýanyna bardy. Kakyşly mesele oňa hiç ynjalyk bermeýärdi. Ol bu günki wakany kakasyna aýdyp, onuň pikirini bilmek isledi. – Näme, kakyş bilen sene-mene etdiňmi? – diýip, ýaşulynyň özi söz açdy. Gurbanmämmet haýran galdy. – Sen nireden eşitdiň? Ýaňy Arazmuhammet kösäň hudaýýolusynada Hojabaý dädeň duşdy. – Ogluň iki gün kazy-kelan boldum – diýip, bize gaty azar berýär. Ýaňam dädeme «Gözüňi howanyň türmesinde açdyraryn» diýip haýbat atypdyr. Üstümize Şammy kelem iberipdir – diýdi. Gurbanmämmet agyr oýa batdy. – Dogry, däde. Häli Diregliden gelýärkäm Kakyş yzymdan atly kowup ýetdi. Şonda äsgermezçilik edip porsap dur. Men-ä sesimi çykarmadym. Düýn Yzmykşirli Özbekbaý aga onuň üstünden arz edip geldi. Menem «çarşenbe-de şaýatlaryňy alyp gel» diýdim. Ol şonuň bakyp-besläp ýören gaçaryny zor bilen atyň öňüne salyp alyp gaýdypdyr. Ony ouň özem boýun aldy. Men kazy bolup arzy-şikaýady seljermesem bolmaz-a. Ýaşuly ysgynsyzja: – Kakyşyň kimdigini bilýäň dälmi. – Ol seniň babaň Hojabaý Jüneýidiň at dakylanydyr – diýdi. Gurbanmämmediň gahary geldi. – Däde, men ol-a at dakylan eken, ile-güne gan ýuwutdyrsa babamyň özünem sylamaryn. Şol günüň ertesi Şapy kazynyň ýumuş oglany bolup işe geldi. Gurbanmämmet muňa gaty begendi. – Ir bilen Tagtanyň bazaryna bar. – Adamlar eşitdim-eşitmedim diýmäň, Hojabaý Jüneýdiň Kakyş yzmykşirli Özbekbaý aganyň gaçaryny zulum-zorluk bilen elinden alypdyr. Eger gaçary şu gün gün batýança eýesine gowşurmasa Hywa hanynyň zyndanyna ertir salnyp, öýi hanyň hasabyna geçiriljekdir» diýip, üç sapar jar çekip gaýt – diýip, öz atyna mündirip iberdi. Şapy gün guşluk bolanda aýlanyp geldi. Onuň ruhy juda belentdi. – Kazy aga, gözüne gül salandyryp Gök bazaryna-da, mal bazaryna-da aýlanyp tapgyr-tapgyr üç sapar jar çekdim. Göwnüme bolmasa, mal bazarynda agalaň özem bara meňzetdim... Gurbanmämmet razy boldy. – Oňarypsyň. Ýa ölsün öküz, ýa gopsun käşir. Şonuň yz ýany jokrama yssyda Özbekbaý aganyň ýeke özi geldi. Onuň ruhy öçükdi. Ol eýwana çykyp, çala salam berip, gyrada bir gysym bolup oturdy. – Näme, ýaşuly janyň sag dälmi? – diýip, Gurbanmämmet oňa habar gatdy. Ýaşuly Şapa garady. – Oglum maňa bir suw ber. Demim içime düşdi. Ýaşula suw berdiler. Ýaşuly gaýry kölege-de bir salym özüni dürsänsoň, janlandy-da: – Kazym, men düýn bir küpür söz diýip, arz etdim. Günämi geçeweri. Meniň gaçarymam alnan däldir, inerimem. Men bir akly çaşan garry. Näme gepleýänimem bilemok. Şonuň üçin meni bagyşlaň – diýmäge geldim. Kazynyň ýüzüne gazap şuglasy çaýyldy. Ol: – Hany, şaýatlaryň? – diýip, bu ikiýüzli adama seretdi. – düýn bir zat diýip, bu gün gelip başga zat diýip, näme «Pygamber ornunda oturan»kazy saňa oýnak boldumy? Bizem. Çöregi ýeňsämizden iýemizok. Nämäniň näme bolanyny bilip bilmez ýaly, sen göniňden gel, yza ýol ýok. Ýaşuly ýaýdanjyrady. – Kazy aga, ol ýigit seniň babaň at dakylany eken-ä, onsoň. – Hudaýa, şerigata, ile-güne zulum eden atdakylan-a däl, babamyň özem bolsa menden ýüregi ýukalyk ýokdur. Saňa kast eden, maňa-da kast edýändir. Şonuň üçin göniňden gel, hany, şaýatlaryň. Ýaşuly çap-çal bolan başyny ýeňillik bilen ýaýkady. – Wah, öň gözi bilen gören goňşy-golam Alla, «göremizogam, bilemizogam, biziň dek başymyňy depirjek äre berme. Ozal nä günümiz bar – diýip otyrlar. Kazy başyny atdy. – Özbekbaý aga, hapa bolma, olar şaýat bolmasa, men şaýat şoňa. Agşama çenli malyň işigiňde daňylmasa, ertir ýene bir «ol-a bolanok» diýip habar iber-äý – diýdi. Ýaşulynyň ýüzi açyldy. Ol ganatlanan ýaly bolup! – Şu ak sakalym bilen ýalan sözlemänime ynansaň bolýar, ogul – diýip gözünden goşa düwme goýberdi. Çöňňelen göreçden akan namys ýaşlary gojanyň ak sakalynyň tarlaryndan togalanyp, onuň gatap galan aýalaryna düşüp ýaryldy. – Ýöne sen Şapa tagtanyň bazaryna çenli ýoldaş bol – diýip, Şapyny bazara baryp, ýaşulynyň öz ýanynda-da birki gaýtajar çekmegi, soňra gelip Hojabaý Jüneýidiň öz gapysynda-da jar çekip gaýtmagy tabşyrdy. Täze kazynyň tapan bu täri tutuş Tagtada gündiziň güni gün ýyldyrym çakan ýaly bir üýtgeşik waka boldy. Hojabaý Jüneýidiň oglunyň zulumly ogurlugy ol gün tutuş etraba dolup, oglunyň bu masgaraçylygyna çydaman Hojabaý aganyň özi şol gaçary atyň öňüne salyp, Yzmykşire, eýesine eltip geldi. Şondanam göni inisiniň öýüne baryp, ýaryljak garpyz ýaly bolup, pöküläp atdan düşdi. – Bu nämäň pohuny iýme boldy, gurrumsak. Agasynyň sesini eşidip içerden atylyp çykan Hajybaý aga-da gamçysyny salgady. – Barysy aýalyň ikiňizden. Siziň garnyňyz doýdy. Gurrumsaklar. Seniň bu bok iýip ýören çöpdüýbiň burny ýaman ýokary. Men onuň kelpesäniňki ýaly kellesini, bokuň ysyndan başga ys almaýan dikgi burnunyowradaryn, gurrumsak. Hajybaý aga agasynyň öňünde aýagy bişen makiýan ýaly byzbaldaklap, titräp durşuna: – Aga, gaharlanma, öýe gir, çaý-çörek iý diýip samrady. – Haý, seniň öýüň başyňa ýumrulsyn, imansyz. Sen düzügli bolanyňda ol binika doglanyň meniň çemçeläp ýygnan abraýymy uly iliň içinde çanaklap döker ýörermi... Ol syçrap duran atyna bakan ýöneldi. Ýöne bu aýdanlary onuň içini sowatmadyk bolara çemeli. Dişlerini gyjyrdadyp: – Seni, senjagazy edişime seret – diýip, düwülgi ýumrugyny silterledi. – Ol köpbilmiş loly eje maňkasyny balagagysyna çaldyraryn. Gurbanmämmediň gözlerinden ot çykyp gitdi. – Sylagyňy bilde, diliňi gys, garry – diýdi. Haziriň özünde şu ýerden güm bolmasaň ýeke oka tabşyraryn. Edeniňiz, iýenňiz haram bolsa, menden oňluluga garaşmaň. Allanyň halamadygy, meniňem din duşmanymdyr. Şony ýadyňdan çykarma. Senem et, edeniňi ýakaňdan guýaryn. Hojabaý Jüneýit «bu oglanjygyň gözüni ýagşy gorkuzyp, gözüniň oduny alaýyn diýdimi, ýa-da aty aýlaw etdimi, ýa bolmasa goňşy-golamyň bu gahar-gazaply gykylyga üýşmegine göterildimi, tez atyny eýwanyň daş işiginde arkaýyn duran Gurbanmämmediň üstüne sürdi. Dowamy bar >> | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |