17:43 Gurbanmämmet serdar / Üçünji bölüm -4: dowamy | |
4.
Taryhy proza
On bäş düýeli agyr ýarag kerweniniň ujypsyzja elden gitmegi Şammy keli guduz açdyrdy. Ol gazabyna bäs gelip bilmän kerwene garawul goýan ýigitleriniň dördüsini ýeke oka tabşyrdy. Han Jüneýidiň çopanlarynyň ýolbaşçysy Baýramgeldini tä özünden gidýänçä ýençdirdi. – Kerweni kim äkitdi, aýt, aýtmasaň ataryn. – Öz nökerleriňiz alyp gitdi, han aga. Öz gözüm bilen gördüm. Özüňiziňkilerden başga kerwen barada yns-jyns bilýä däldir. – Pohuňy iýme, çöpdüýbi, aýt. Baýramgeldi gara-gan bolup duran suduryny öňe tutdy. – Onda ataý, wah, diýsem heleý bolaýyn. Şammy kel Şirä ýapyşdy. – Sen deýýus, aýt, kim geldi. Sen bilýäň. – Ýak, han aga. Men nirden bileýin. Oýy ekläp, soraman-idemän malymyzy iýip oturan özüňiz. Bir topar atly, ýaragly adam. Heý bize geňeş salýan barmy. Biziň öz gara günümiz. Gaýgymyz ýetik. Ölen sekiz goýnuň jogabyny Jüneýit hana nädip bereli. Şammy kel nökerbaşysyna buýruk berdi. – Ol çöpdüýbileri diriligine ýere sok, sürini bolsa Baleýşeme tarap sürüň. Baýramgeldi dyza çökdi. – Doganym, bizi ýüzügara etmäň. Sürä degmäň. Bizi öldüriň, ýöne namysa goýmaň. Şammy kel nökerbaşysyna dözümli darady. – Diýilenini ediň! Şammy kel Ortaguýynyň oýtagynyň töweregini ters aýlandy. Emma içiňi ýakaýyn diýen ýaly ne kerweniň, ne-de ony äkidenleriň yzy bardy. Dünýesi düýn geçen süriniň yzy bolup durdy. – Asmana uç-a, asmana uçan! – diýip, ol kerweniň gidäýmeli ýerlerini aň edip ugrady. – Yzyn-a gitmeli däl. Hywa tarap gitmegem mümkin däl. Diňe iki ýol bar, birisi – Ahala, beýlekisi Bedirkende! Ol şeýle al salmaga Ahal adamlarynyň gaty ökdedigini bilýärdi. Ýöne olar kerweniň yzyndan sürüni nädip geçirsin. Süri ol haramzada Han baýtalyňky ahyryn. Olar şol tenteksiz ýeke kel toklynyň gulagyndan alyk alyp bilýärlermi? Onuň garry tilkiniňki ýaly, duýgur göwnem, «Bu işiň aňyrsynda Jüneýit han bar» diýen ýaly boldy. Emma Şammy keliň aň edişine görä, «Jüneýit han gelse, ol diňe kerwen bilen ynjalmaly däldi. Ol Şammynyň özüne agyz urmalydy. Onuň Şammyda baslygyp ýatan ary ýatyrdy. Ony ýerine salmasa, oňa geçirimlilik et-se, ondanam bir Jüneýit han boljakmy?» diýip ol ýyldyrym çaltlygynda oýlanýardy. Nökerlerini bäşe bölüp, gündogara, günbatara, Ahal, Hywa, Taraplaryna ýol-yz çalmaga iberdi. Ýöne näçe hars ursa-da kerwenden gördüm-bildim bolmady. Şonuň üçin Şammy kel nökerlerini alyp, sürisiniň yzyndan ugrady. Bäş-on alaň seçensoň, özüne garşy aldyrany bar ýaly bolup gelýän atlylary geldi. Iň öňden gelýän atly ýüzüni asdan gaçan ýaly edip, ok atymdan gygyrdy. – Han aga, üstümizi aldyrdyk. Han baýtalyň ýüzden köpräk atlysy garşymyzdan çykyp, oka tutdy, ýedi-sekiz nökere ok degdi. Bizem ölümiň öýünde okdan sypdyk. Gaty uly topar bolup, tozan turzup gelýän atlylary Şammynyň özem gördi. – Ýörüň, oba bir ýeteliň. Aňyrdan ýel ýaly bolup gelýän atlylar oky edil bir çagba ýaly ýagdyryp başladylar. – «Häk, biziň ýaraglarymyz-da» – diýip jigläp giden ýüreginiň dili bilen aýtdy. – Haý, seniň gara, gyzyňy s... – diýip, ol Jüneýit hany nazarlap, erbet sögdi. «Ol doňuz ogly turan bolsa, bir kerwen bilen goýmaz. Ol bir okda ýedi towşan awlamasa, ynjalýan haýwan däl-ä» Onuň ýüregi ýene jigledi. «Oba, gala, öý, mal nähilikä? Eý, pirim Ysmamyt atajan, özüň penakär bolawer. Şu sapar, bir pohumy iýip ätiýaçlygy elden berdim...» Olar gijäniň ýarynda Akguma ýetdiler. Atlar gara suwdy. Indi sähel gyssasaň üstündäkiler bilen ýykyljakdy.Men diýen daýaw ýomut atlaryň aýaklary tibirt-tibirt edýärdi. Garşydan gelýän şel atly aldyrany bar ýaly bolup Şammy keliň ýanyna gysmyljyrady. – Han aga, bagtymyz ýatdy. – Aýt, çaltyrak. – Han baýtal çozdy. – Haçan? – Edil süýr günortan. Galany talhan etdi. Bar zady otlady. – Soň. – Soň gaýradan gelen myhmanlaryňy, ellerini daňyp, ata basyp äkitdiler. – Soňra, näme diliňi ýwutdyňmy? Aýt! – Ähli ýaraglaryňyzy, otuz araba edip äkitdiler. – Haýsy ýarag? – Patma ýeňňeleriň tamynyň üstüne basylanlary. Galadakylaryňam ýaragyny ýygnap, köpüsiniň gulagyny kesdiler. – Soň? – Soň, atlaryňyzyň ählisini äkitdiler. Ýorunja bedeleri, küdeleri, arpalary, bugdaýly ammarlary otladylar. Öýüňiziň bar baýlygy gitdi. Şammy kel oturyp bilmän atdan syrylyp aşak gaýtdy-da, patylap ýere süýündi. Ol gumuň üstünde janhowluna çabalanyp ýatyşyna erbet iňleýärdi. – Seniň tohumyňy gyraryn, Han baýtal. Seniň ejeňi, ejekeňi si... Han baýtal. Seniň bajyjygyňy s... Meni tüwmaýak goýduň. Meniň bagrymy kerçäbildiň. I-i-i-i-im! Han-an, baý-ta-al, seniň... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |