17:46 Gurbanmämmet serdar / Üçünji bölüm -6: dowamy | |
Şol ummasyz puly bilen Taşkendiň harby başlyklarynyň, olaryň üsti bilen ak patyşanyň ministrleriniň, iň bärkisi, ak patyşanyň hywadaky garnizonynyň generalynyň üstüni hem gömdi.
Taryhy proza
Onuň şol paranyň üsti bilen edýän towakgasy «Jüneýit hany Hywanyň üstünden ýok etmek. Şol mesele, siziň arada Hywany gabamagyňyz baryp Taşkende, Ak patyşa ýetipdir. Olar indi sizi, başaryp bilseler külli türkmen halkyny ýeriň ýüzünden ýok etmek barada Hywa agyr maslahata geldiler. Şol maslahat ertir garnizonyň berk saklawy astynda, olaryň «klub» diýen bir jaýynda geçmelimişin. Bahadur han ol maslahata bir araba tylla taýýarlap goýdy. Şol tyllany uly guşluk töweregi, nökerleriniň goragynda özi alyp gitjek. Gurbanmämmet serdar oýa batdy. «Eşşiniň dagynyň alty adamy az bolaýmasa, adamy köpeltmeli» – Eger Bahadur han aradan aýrylan halaty, Hywany kime bersek, bizi arkaýyn eder. Sülgün ýylgyrdy. – Onuň agasy bar, Abdylla Töre diýip, serhoş bolup iç-daş süpürýän heleýleri kowalap ýören. Şony goýuň. Onuň döwlet bilenem, dolandyrmak bilenem, ors bilenem, han bilenem işi bolmaz. Ony maňa tabşyryň, özüm oňararyn. Han baş atdy. – Men seni goýjak welin, özbek diýibem bir ters millet bar. Olaram ters dawa tutup: «öňküje günümiz gowy eken diýdiräýmesin». Han Şyhym sülgün bilen ertir edilmeli işleri jikme-jik, ilik-düwme ölçerip, biçýänçä, Çerrik han hemgelip ýetişdi. Soň han Şyhymy ýola salyp, Çerrik han bilen tä daň saz berýänçänämedip bir meseläni tekrarlady oturdy. Han atlylar ýola düşmekçi bolanda ejini saklady. – Ejim, işiňizi Alla oňarsyn. Ýöne mert dur. Gowşaklyk etme. Bu iş türkmen dursa, durjak işdir. Munuň gowgasy az bolsa-da, gepi köp bolar. Ony ýa sen etmeli, ýa men etmeli. Öz paýymy saňa berendirin. Galanynam Alla oňarsyn. Hywa hany Bahadur hanyň keýpi bu gün aýratyn gowudy. Ol agşam ýaş gyzlar bilen oýnaşyp, keýpden çykypdy. Şonuň üçin gasygynyň çişi kemelen ýalydy. Ol öz solgun, nägile, ýaňy kyrk günlük agyr dertden turanyňky ýaly ýüzüni görüp, ondan içki ruhuna laýyk bir galkynyş tapdy. Ullakan aga gözleriniň pökgerip duran gabaklaryny çiş däl-de görmegeýlik diýip tapdy. Irden namangan üzümüniň şerabyndan bir küýzejik başyna çekdi. Hammamçylar, ýüzüni-gözüni timarlap, sakalyna taraş berýärkä ep-esli wagtlap hiňlenip otyrdy. Kiçijek, aýalyňky ýaly akýal ysgynsyz ýumruklaryny öňüne tutup, kimedir haýbat atdy. – Ah, seni, horrap gyzygar! – diýip, sögündi. Dyrnaklaryna hyna çaldyrdy. Sakalynyň aklaryny ýoldurdy. Bu gün oňa söwda garaşýardy. Ol öz dostlary, howandarlary – Daşkendiň, Ak patyşanyň beýik ýanarallary bilen Hywany azat etmek, türkmenleri Hywadan ömürlik kowmak barada geňeş etmelidi. Ol rus ýanarallary edeýin diýse, bu «Harrap» türkmenleri Hywadan däl, tutuş Daşhowuz ilinden ýok edip biljegini bilýärdi. «Geçen ýyl ýanaral Kolmakow onuň Ak patyşa towakga edip ýazan haty, iberen ummasyz para-peşgeşi bilen Jüneýit hany baryp Hyratdan çykarmadymy? Türkmenleriň balalaryn gyrym-gyrym edip, hatynlaryny ýyglatmadymy. Indi has beter, beter bolaýdy!» Ol sertaraşlaryň Hammamçylary, hyzmatkärleriň zähresini ýaryp, «Betar bolgaý-dy-y!» diýip arlady. Hanlaryň beýle begençli, galagoply sesini eşidip görmedik, bişen kerpiçden berk, köne galanyň süňňi sarsyp gitdi. Ol soň kiçijik eýwana çykyp, ýaşajyk, ýalaňaç gyzlaryň oýnaşmasyna syn etdi. Özünde üýtgeşik gyjynmanyň peýda bolanyny aňyp, gara saçly, ak ýüzli, saçy sagrysyndan geçip ýatan garagalpak gyzyny belldi. – O balany akşam ketiriň. Soň ol on-onki ýaly beçejigi ýalaňaçlap, onuň ter dykyzdan näzik guýruguny sypalap, barmak ýaly bolup çömmelip duran çaga ujudyny gysymlap oýnady. Neresse çaganyň mana düşmän, gözjagazlaryny mölerdip, ylla bir eýesine boýun keýik owlagy ýaly bolup ýatyşyna erbet gyjyndy. Köýnegini, ştanyny çykaryp ol çagany göwsüne gysdy. Onuň o ýerine, bu ýerine el gardy. Soň oňa öz arkasyny gaşatdy-da, ýene hammamçylary çagyrdy. Han bezenip, beslenip eýwana çykanda gün guşluga galypdy. Ol durşuna, sellesindan, aýagyndaky mesisine çenli ak geýindi. Ýüpek sapaklar bilen nagyşlanan gaty gymmat serpaýyny elbegeý aldy. Hanyň gidýänine begenip, ony besläp, besläp oturan gyzlaryň ter mämelerinden tutuşduryp, olaryň näz bilen, gülüşip sepýän müşk-anbarlarynyň ysyna gark bolup, indi elliden birwagt geçen, agajet syrdam göwresini ýeňiljek göterip işige bakan ugrady. Ol öz bolýan köşgünden çykyp, sitatdemiň deňinde üýşüp duran janpenalaryna ulumsulyk bilen, ullakan ala gözlerini ynamsyzlyk, içikütewsilik bilen seredip, öňki geçelgä bakan ýöredi. Hywa hany türkmenlerden juda ätiýaç edýändigi üçin, ol umumy girelgede, sitattelde, iki köşgüň aralygynda, soň öz ýaşaýan köşgüniň girelgesinde berk saklaw goýupdy. Diňe özi üçin ýüz adam saklaw bardy. Olar jaýlaryň depesindenem, burçlardaky belent diňlerdenem hanyň hereketine syn edýärdiler. Han nämüçindir, özüne garagalpak ýigitlerini özüne janpena edinenini ýagşy görýärdi. Bu gün bolsa ol uly ýanarallardan Dörtgülli kazak ýigitlerden saýlama kyrk adam bermeklerini towakga etmegini ýüregine düwdi. Ol özbeklere-de indi kän bir ynam etmeýärdi. Özbekleriň näme diýseňem, türkmenlerden onda-da Jüneýit handan erbet teşbir edýänini ol gowy bilýärdi. Ýene bir ynanmaýan ýeri, olar türkmenleriň köpüsi bilen aşna, dogan-garyndaşdy. Ýene bir ýeri, ol özbekleri pul, zat diýip ölüp ýatan nebisjeň görýärdi. Sähelçe pula, teňňe, islekdir özbegi satyn alyp bolar diýip oýlanýardy. – Uzbekde namys, Huda bolmagandy. Ul namart gypjaklar-a, bar – aýt!» diýip, dişlerini gyjyrdatdy-da, gazap bilen tüýkürip goýberdi. Ol iň soňky, daşky saklawa golaýlanda üsti altyn teňňeli, üýtgeşik parçaly, ser-sowgatly arabalary, öz atyny gördi. Daşky derwezäniň howly ýüzündäki adamlary görüp, bir tisgindi. Ýöne olaryň arasynda öz janpenalaryny görüp, köşeşdi. – Ugratmanka, keldiňizlermi? – diýip, ol duranlara baş atdy. Onuň aty arabalaryň öňünde köşk meýdançasynyň ortasynda aňrybaş bezegli durdy. Ony murtlak janpena, megerem, galpak bolsa gerek. her murtuny bir desse edip durdy. Hywa hany atyna bakan ýöneldi. Hywa hanyň atyna bakan ýönelmegi Ejiniň erkini elinden aldy. Ol kakasy özüne bu kyn ýumşy tabşyran pursadyndan bäri ýüregine ýukajyk galpyldynyň girenini aňdy. Gije ýaba baryp suwa düşdi. Atyna seretdi. Ýöne tä daňdana çenli gözüne uky gelmedi. «Daňdanlar ol sährada azaşyp ýördi. Ýüreginde şol galpyldy henizem galman gelýärdi. – Adamhor gaplaňdyr. Habardar bol. Ol telim-telim awçynyň damagyny çeýnändir! – diýip, oňa kimdir biri gygyrdy. – seniň öňüňde ýatyr. Ejini şol adamhor gaplaňy gördi. Egninden bäşataryny sypyrdy-da, özüne bakan atylyp gelýän, äpet şiriň iki gözüniň arasy diýip, atyp goýberdi. Läheň gaplaň bir gabur-gubur etdi-de büdräp-büdräp, onuň atynyň öňüne sürpenip gitdi. At erbet ürküp, özüni gaýra taşlady. Eşşi tisginip oýandy. – Hudaýa şükür. – Ol şu gün türkmen, özbek galpak illerine niçeme aýlap, ýyllar jebri-jepalar, sütem-horluklar berip gelýän guduzlan ýyrtyjynyň janyny eli bilen jähenneme iberjeine ynandy. Täret kylyp, namazyny okady-da, ýola düşdi. Ol ýolda Hywa tarap barýan köwçüm-köwçüm atlylary, gedaý-u söwdagär eşigini geýen üýtgeşik nökerleri gördi. Ýöne hiç zada düşünmedi. Ol atyny meýdanda örkledi, ýaragyny, donuny, horjunyny ýabyň raýşynda goýdy. Uny bilen gelen ýigitleriň biri atlara, ýaraglara, horjuna, beýlekä garawulçylyk çekmäge galdy. Olar alty bolup, Eşşi, Eýmir, Ýolmet, Nury, ýene iki sany nöker bolup Hywa hanynyň köşgüniň derwezesine bardylar. Olaryň ýanynda ýaragy ýokdy. Diňe Ýolmediň egninde köneje çuwal horjuny bardy. Olary içeri goýbermediler. Gün dogup, kiçi guşluk bolanda howla iki araba gelip girdi. Howlynyň derwezesi açylan badyna oglanlar kürsäp, içeri girdiler. Elleri berdenkeli pejaplar: – Bolmaýdy! Bolmaýdy! – diýişip, olaryň böwrüne berdenkäniň sowuk nilini dürtüp, daşary bakan itip başladylar. – Han keledi. Çykyň. Han keledi... Eşşi murtlak galpak ýigidiniň eline bir goşowuç tylla guýdy. – Han ekemizi göreli. Han ekemizi köreli. Murtlak ýigit owujyna bir seretdi-de az-kem egilip, äpet ädiginiň gonjuna teňňeli elini sokdy. Soň telpekli ýigitlerden aňyrdaky hümmer bolup duranlary gyssap başlady. – Bolmaýdy, bolmaýdy! Bahadur han asyňky ýaly ruhsuz ýüzünde halsyz ligirdeýän ullakan gözlerini emeli ýylgyrdyp, gysgajyk sakalyny çep eli bilen gaýta-gaýta barlap atynyň ýanyna geldi. Soň töweregine baş atyp, murtlak galpak ýigidiniň golundan ýapyşyp bir aýagyny üzeňňä basdy. Eşşi gapdalynda duran janpenany sag tirsegi bilen kakdy-da, hana bakan dözümli basyp geldi. Ol gazaply sesi bilen: – Han ake, duruňla-ar! – diýip, gygyrdy. Han göteren aýagyny ýerde goýjagynam, sarç ata atlanjagynam bilmän, alasarmyk ýagdaýda, elini galpak ýigitden boşadyp Eşşä tarap uzatdy. Eşşi onuň boşan sag elini dolap aldy-da, ýyldyrym çaltlygynda bilindäki gyndan uzyn, jöwher pyçagyny çykaryp hanyň çep gursagyna baýa-boý sokdy. Han ullakan ala gözlerini hanasynyň daşyna çöwürdi-de, janhowluna, arkan serpildi. Onuň täzeje sellesi ýere gaçdy-da, ep-esli ýere barýança togalandy. Aňka-taňka bolup, doňup galan janpenalaryň arasyna urup giren Ýolmet. – Çekiliň! – diýdi-de, öz pyçagy bilen hanyň arka tarapyndan ýüregine sokdy. Hanyň agyr göwresi patylap ýere süýndi. Onuň agzyndan çogup çykan gyrmyzy gan bulk-bulk etdi-de Hywa hany Bahadur hanyň gözüň ýagyny iýip barýan ak ýüpek eşikleriniň ýakasyna pürkülip gitdi. – Çekiliň! Çekiliň! Çekiliň. Nury elindäki bäşatary yzly-yzyna asmana atdy. Adamlar köşgüň diwaryna tarap kowdy. – Ýoly boşadyň. Aýryň arabalary. Ol böküp ata mündi-de derwezä bakan depdi. Häliden bäri bitakat bolup, aljyrap duran semiz, daýaw bedew at galkyjaklap derwezäniň daşyna çykdy-da köne galalaryň öwrüminde gözden ýitdi. Işikde duran hälki nökerleriň hersi bir araba münüp, Eşşä garady. – Ýok ediň arabalary. Çykaryň howludan. Arabalar çykyp gidenden soň Ýolmet täzeje bäşatary Eşşä uzatdy. Eýmiriň elinde eýýäm tüpeň bardy. Olar adamlary bir burça gysdylar-da ýene-de ýerli-ýerden tüpeň atdylar. – Hywa hany öldürildi! – diýip, nökerleriň biri türkmençe gygyrdy. Eşşi ýapylan derwezä tarap seretse, eli tüpeňli on-onbäş türkmen ýigidini gördi. – Han öldi! Hany Şyhym?! Hany Nurulla Töre. Köşgüň depesinden bu ýagdaýlary synlap duran ýaş-u-garry aýallar uly gykylyk edip aglaşyp başladylar. Bu sese, hälki atylan şertli tüpeň sesine bir ýerlerden Şyhym sülgün ygyp geldi. Onuň elinde ullakan çargat bardy. Ol gele-gelmäne çargady Meýdiň üstüne ýapdy-da, iki sany janpenany türkmen ýigitleriniň bäşatarynyň alyndan alyp çykdy. – Jaýa äkidiňler. Janpenalar sadyklyk bilen Meýde ýapyşdylar. – Hany Nurulla kary! – Ol garaşyp otyr. Eşşi, Eýmir, Ýolmet Şyhymyň yzyna düşdüler. Olar hanyň öz köşgüne geldiler. Nurylla Töräni bir ýerlerden alyp geldiler. Mejaly gaçan garry serhoşdy. Onuň kir-kimir bolup duran hapa geýimlerinden arzan şerabyň ýakymsyz ysy gelýärdi. Şyhym sülgün ony siltäp-siltäp, eltip tördäki tagt kürsüniň üstünde oturtdy. – Gurbanmämmet serdar seni Hywa şa belläpdir. Töre aljyrap gowşak, ynamsyz ses bilen. – Bahadur han kanda?! – diýip, dagdandan bejerilen äpet işige garady. – Bahadur öldi! Men han! Men Hywanyň Hany! – diýip, gaýta-gaýta mydyrdady, soňam eginlerini silkip-silkip aglady. Gurbanmämmet serdar soňam ýatyp bilmedi. Ol gelýänlere, gidýänlere serenjam berip, dürli meseläni çözüp otursa-da bar pikiri, hyýal ölçegi, paýhas biçimleri Eşşi bilen Eýmiriň yzyndady. Gün kiçi guşluga çykanda « – Ind-ä barandyrlar! – diýip, oýlandy. Belki, işlerini alla oňarsyn.» Ol Çerrikden arkaýyndy. Çerrik ýüz atlyny däl, bäş müň atlyny hanyň köşgüniň daşyna gabamaga sür» diýseňem, şol demde bu işi bitirip biljekdi. Ýöne, hanyň beýdip, azaby uludan tutasy gelmedi. Oňa: «Onça-munça duşmany oglalarynyň özem hana ýetirmän, ýüzüniň ugruna bitirip bilýän eken» diýen netije gerekli. Onuň döwlet, döwlet dolandyrmak, goşun, söweş işlerinde täze gerçekleri terbiýeläsi, öz görüm-göreldesini şolara lükgeligi bilen geçiresi gelýärdi. «Şu gün Hywa hany Bahaduryň tugy ýatsa, Hywa döwletiniň garamaty biziň üstümize labyr atýar. Ony dolandyrmaga akylly, mert, garadan gaýtmaz oglanlar gerek. bizi ýaradan gollaýar, oňa onuň ýoluna, ile-güne haram nebisden daş abraýly, öz mertebesini saklap bilýän Hanlar gerek. olary men taýýarlamasam men olara eden, sapak ygtyýar, ýol, görüm-görelde bermesem, kim bersin. Şol ýollary şol görüm-göreldeleri görmedikden Hanam çykmaz, Serdaram...» Ol Eşşiden oňat Han çykjagyna ynanýardy. Asylly, edepli, kanagatly, batyr. Öz pikiri, öz sözi bar. «Emma ol maňa arkaýynlanýar. Pikir parasadynda täze-täze ulgamlar ýok. Iň bolmaýan ýerem, dädemiň şu alyp barýan işi aňrybaşy, ondan aňyrda ýol ýok» diýip pikir edýär. Hakyky Han bar zady döwüm-döwüm edip, has uly, öň görülmedik bina öwürjek bolmaly» Ol Eýmir barada-da oýlandy. «Ýaş oglan-da, entek men barkam, öňünde Eşşi barka öwrensin, görsün...» Gurbanmämmet serdar owal başda «Hywany Eşşä tabşyryp, özem gapdaldan haý-küş edip oturmakçydy. Ol şonuň üçin Bahadur hanyň ýakasyny oňa beripdi. Emma ol pikirinden birden dändi. «Ony azdyrarlar. Bahadur hanyň köşgünde haramçylygyň jelep ruhy bar. Oňa sadagatly bir ogly salyp bolmaz. Goý, diýleni etmäni öwrensin...» Ol Eşşiniň ýanyndaky ýigitlerden Popby juwazçynyň ogly Ýolmedi ýadyndan çykaryp bilenokdy. «Şu işde özüni alyp baryşyna bir syn kylalyň. Ine, şol biziň derdimize gowy ýarar. Ýöne ýerligi garyp. Ýok azlyk mert ýigidem ownadýar. Soň surraldýar. Olar döwlet derejesini göterjek bolsaň, ownujak sözli, ownujak pikirlerine gaýdyp geliberýär. Oňa kömek etmeli, gözli-başly edip, özüňe dolap almaly. Goý, han bolmasa müňbaşy bolsun...» Gün guşluga galdy. Han ýerinden turdy-da, öýden çykyp, gala aýlandy. Onuň zikke galyplaryny, kagyz üçin ýüpek kagyzlaryň gelmeli mahaly boluberipdi. Emma Jemal Ulla handanam, Töre handanam habar ýokdy. Dogry, ol häzir pul çykaranda-da, ýaýrawyny darrak görýärdi. Her bir puluň esasynda, şol puluň ýaýraw edýän ýerinde ykrar edilen tylla esasy bolmalydygyny, oňa düşündiripdiler. Onuň ýüz araba golaý tyllasy, şonçarak kümüşi bardy. Şonuň üçin ýüpek kagyz pul däl-de, tylla teňňe pul çykarmak üçin galyplary sargyt edipdi. «Nesip bolsa, tyllamyz tükener ýaly däl. Gerek bolsa, ýene bolar. Hywa hanlygy indi iki ýyl bäri salgydyny bermän gelýär. Diňe şol ýygnalanda-da ýüz-ýüz elli araba altyn geler. Onuň üstesine-de öz mallarym, mülkümden önýän şaly, bugdaý, indi şu galada dokalmaly haly-palas, şol puluň üstüni dolar. Ol salgyt diýende, bir ýagdaýy ýatlady. Bahadur Han Hywada häzir hereket edýän kyrkdan gowrak pagta arassalaýan, ona golaý ýag jyklaýan, ýene şonçarak ýüň ýuwýan, demir ýol, gämi ýollary, ýer, suw, bazar, mal-gara ugurlaryndan otuz dürli sargyt alýardy. Şol pullary nirä sowjagyny bilmän, gözi gyzaryp güni bilen inegini oýnap geçirýärdi. «Şu işimiz başyna barsa ertir Hywa girmeli. Tutuş Hywada iş ýöredýänleriň ählisinden meniň Hywa han bolan döwletiň salgydyny almaly. Salgyt bermekde tilkilik etjek bolýanlary beýlekilere sapak bolar ýaly, ýagşy temmi bermeli» Ol zikgehananyň içine aýlandy. Täze galanyň düýbi biri-biriniň içinden geçip gidýän ötlem-ötlem otaglardy. «Zikgehana üç otag bermeli. Zyndan üçin iki otag bes. Gyrakdaki otaglary hazyna etmeli. Olaryň ählisine bark çekmeli. Zyndanam ýagty bolsun...» Soň ol şaly, bugdaý, beýleki azyklyk ammarlary üçin jaý boldy. Ýarag, ok saklanmaly jaýy baryp gördi. Galanyň böwründe ýasalan saklaw, nöker jaýlaryny, haly dokaljak, el işlerini, kümüş, gyzyl şaýlary ýasaljak deri işlenjek. Gylyç, galkan, naýza işlenjek, araba ýasaljak jaýlara çenli oýlandy. Galada boş jaý gaty köpdi. Onuň üstesine galanyň gündogar, günorta kenary tutuş ýaşaýyş jaýlarydy. Han olary paladan däl-de çig kerpiçden gurdurypdy. Ol şol jaýlary ýagtyltmaga ýetse-de han boldugy» diýip oýlanýardy. Emma Jemal ullakan bu tartar tutup obaňy gündizlige öwrüp biler» diýýärdi. «Beý, bulardan habar-hatyr gelmedi-le?!» diýip, han pynhanlyk bilen agyr oýlandy. Ýöne onuň ýüregi giňligi, arkaýynlygy habar berýärdi. Soňam özüne «ýumşa giden oglanyň, egleneni bähbit!» diýip basalga berýärdi. Gurbanmämmet serdarda o diýen Han Işanyňky ýaly bolmasa-da, öňünden görmek ukyby bardy. Ol ýakyn obalarda bolup geçýän wakalary aýasyndaky ýaly, duýup bilýärdi. Ylaýta-da, ýumuşa, başga bir işe iberen nökerleriniň baryş, geliş ýumşy bitirip, bitirmezlik ölçegini ýalňyşman aýdyp, eger aýdyp oturmasa-da, duýup otyrdy. Häzir welin Hywa ýolunyň ölçegini alyp bilmedimi, alasarmyk ýagdaýda galypdy. Şol pursat han işan geldi. – Essalowmaleýkim werahmatullahy berekäti. – Waleýkum essalam werehmetullahy bereketi, pirimiz. Işan töwereginde del adamyň baryny, ýoguny anyklady-da: – Serdar, içeri bir gireýli! – diýip, az-kem dabara bilenräk aýtdy. – Bor, pirimiz! Hanyň ýüregi timisgenli urdy. «Pirimiz-ä bir alamat duýana meňzeýär...» Olar ellerine suw alyp, içeri girdiler. – Öýle namazy golaýmydyr, pirim! – Enşalla, serdar. Sen ýüregiňi bükgüldedýän hoş habary eşiden mahalyň öýle namazy bolar. Han ýoldaşynyň ýüzüne garady. – Duýduňmy? – Enşalla, ýumşa iberenleriň ýagşy habar bilen ýetip gelýär. – Agzyňdan hudaý eşitsin. Barysy gülala-güllükdir-dä, hernä, pirimiz. – Enşalla, enşalla, aýdyşyňyz ýaly bolandyr. – Omyn, enşalla! Serdaram, Han işanam şondan soň sesini çykarmady. Edil şu ýerde Han ýoldaşynyň nurdan çyrpynyp duran, bäbegiňki ýaly ter, näzik ýüzüne az-kem ak dolan, mäşbürünç sakalyna ap-ak ýüpek lybasyna girip, edep bilen seretdi. Ol işanyň şu ýaşynda Gurhandan, Tesbiden, hemem synjalykdan başga zat tutup görmedik ap-ak owadan ellerine seretdi. «Belki, göwni elindenem akdyr...»diýip oýlandy. Gurbanmämmet serdar işana aşyk bolupdy. Bir merdan, sözüň doly manysyndaky mert, serdar kişi özüniň wepaly dostuna nähili aşyk bolýan bolsa, Serdar han Işana şonuň ýaly aşykdy. Ol bu mähriban adama ýüregini beripdi. Oňa öwrenişipdi. Onuň äheňine, sözüne, pikirine boýun bolupdy. Onuň iň uly baýlygy Han işandy. «Enesi bilen geňeşmeli, eger Göwher razy bolsa, men ony pirimize aýal edip bereýin» Ol bu pikirine begendi. Han işany ýanynda hemişelik saklamak üçin bu pikiri tylla gulp hasap etdi... Öýle namazy boldy. Olar namaza durdylar. Galanyň daşynda arabanyň sesi, hümürdi, at aýagynyň dabyrdysy eşidildi. Emma o namazy bimaza eden bolmady. Namaz tamam bolandan soň Kakabaý ýürik ylgap içeri girdi. – Han däde myşdylyk! ýumşuň bitdi. Han razylyk bilen baş atdy. – Hany, olar? – Olar galdylar. Eşşi dädem maňa «Aty, arabany boşat!» diýip gygyrdy. Menem düşündim. Hywa hanynyň atyny münüp, size myşdylyklamaga gaýtdym. Ýolda yzymdan gelýän arabalara garaşdym. Ine olar bilenem geldim. Han işanyň ýüzi ýagtyldy. – Han nätdi. Nurynyň gözi ýandy. – Biz bärden bardyk, hä. Derwezeden goýbermejek boldular. Eşşi dädem olaryň nökerbaşysyna birowuç tylla suňşurdy. Onsoň bizi içeri goýberdi. Hywa hany şat bolup, şadyýana geldi, hä. Onsoň atyna münjek boldy. Oňa enli Eşşi dädem «Han, aga, dur!» diýip gygyrdy-da, baryp ony Ayna mündirişen bolup, pyçagyny ýürekden sokdy. Arkan serpilen hany Ýolmedem, baryp, arka tarapdan ýürekden oňaryp sokdy. Han ýykylyp jan berdi. Sellesi bolsany atyly-yp gidipdir. Soň Eşşi kakam maňa seretdi-de, «Göreňokmy, aty, arabany aýryň!» diýdi. Menem Hywa hanynyň atyny mündüm-de, depdim buşdulyga. – Hanyň nökerleri, janpenalary ýokmy? – diýip, Gurbanmämet serdar ätiýaçly sorady. – Bar, olary Eýmir dädem, beýleki nöker oglanlaryň bäşatary Hywa atyp, gygyryp, gyssap, diwara gysdylar. Oňa çenli elli-altmyş sany türkmen oglany bir ýerden çykdy. Ellerem täzeje bäşatarly. Men olary öň görmedim. – Hywa hanyny öldürdiler! – diýip, gyk-da-bak boldular. – Bolubilýä, hanym – diýip, Han razy bolup aýtdy. Gowy habar alyp geldiň. – Ol arabalara elini uzatdy. – arabaň näme? – Ol Hywa hanynyň ýanarala alyp barýan para-peşgeşi. Onam alyp gaýtdyk. Han güldi. – Aç agzyny. Arabalaryň hersinde bäş-on halta tylla teňňe, dürli ýüpek matalar çogup durdy. Han başyny galdyrdy. – Buşlugyňa bu at seniňki bolsun. Soň ol elini uzatdy-da tylladan doly haltadan üç sapar goşowuçlap Nura uzatdy. – Tut, telpegiňi! Nury hanyň telpegine guýýan teňňelerine aklyny-huşuny ýitirip. – Alladan gaýtsyn, han aga – diýip, gaýta-gaýta samrady. Han arabaçylaryň hem sylag-serpaýyny ýetirdi. Olaryň hersine bir at, üç goşowuç altyn teňňe berdi. Soň Kakabaýa garady. – Arabalary, ýükleri ýerleşdiriň! Agşam namazynyň öň ýanlary Eşşi, Eýmir, ýoldaşlary bilen iş bitirip dolanyp geldi. Han olary işige çykyp garşylady. – Aw ganly! – Hudaý berse, ganly. – Geldiňizmi! – diýip, han gidenleri tükelläp olaryň synasyny yzarlap, sorady. – Iş bitirdiňiz, berekella. Eşşi buşlukçylaryň getiren habarynyň yzyny howlukman habar berdi. – Nurulla Töräni, tagtda oturtdyk. Şyhym aganam wezir belläp gaýtdyk. – Bolubilýär. Agyran, ynjan ýeriňiz ýokdur-la. – Allaha şükür, däde. Eşşi çekinjeňlik bilen: – Atly-arabaly ýigitler gelendir-le. Olar öýle namazynda geldiler. Eşşi ynjanly. – Hywa hany para-peşgeş diýipiki araba tylla alyp barýan eken. Onam bäri iberýärdim. – Şony oňarypsyň – Ol ogluna baş atdy. – Ýuwunyň-ardynyň, nahar-şam ediniň. Dynç alyň – diýdi-de, Han öz kabulhanasyna gitdi. Şol günüň ertesi ir bilen Han müň atlysy bilen Hywa girdi. Şäheriň çetindäki ullakan ýeriň saýasyny syryp, süpürip, suwlap, Hana öý gurdular. Töwerek daşa düşek ýazdylar. Gazan atardylar. Jarçylar, öýme-öý, bazarma-bazar, köçeme-köçe aýlanyp jar çekýärdiler. – Hywa iliniň hany Gurbanmämmet serdar bäş müň nöker bilen Hywa girendir-le-how. Ol uly guşlukda ilaty maslahata çagyrýandyr-la-ha-ow. Gelmedigiň başy ölümli, maly talaňlydyr-la-ha-aw. – Maslahat kaýda?! Jarçylar maslahatyň boljak ýerini salgy berip ýene aňry gidýäridler. Kiçi guşlukda adamlar gelip başladylar. Töwerege Çerrik hanyň nökerleri bäşatarlarynyň täzeje nilini güne lowurdadyp, serenjam berýärdiler. Nurylla Töre, Şyhym sülgün gelip Hana tagzym etdiler. Taşkentden, Samarkantdan bu ýere başga-başga niýetler bilen gelen ýanarallary yzyna düşüp, Gurbanmämmet Serdara salama geldiler. Gelenleriň köpüsiniň elleri ser-sowgatlydy. Sowgat getirenler özlerini tanadyp, Hywanyň beýik hanyna saglyk, rowaçlyk arzuw edip geçýärdiler. Gurbanmämmet serdar han işan bilen ýüzbe-ýüz diden ýaly otyrdy. Beýik erik agajynyň saýasy seleňdi, salkyndy. Onuň saýasyna ýazylan düşegiň üsti adamlardan doldy. Han işan oturan ýerinden Han üçin hutba okady. Omyn okalansoň, han ýüzüni märekä öwürdi. – Musulman bendeler, size mundan beýläk zulum, zorluk bolaz. Men hywa hanynyň öz halkyna salan ýetmiş salgydyny ýatyrýary. Ýöne men indi iki ýyl bäri Hywanyň hany şonda-da ýeke dirhemem salgyt almadym. Siz iki ýylyň ýer, suw, ekin, patyşa bolarsyňyz. Kim gazuw-haçar işinden boýun gaçyrsa, ýeke damja suw almaz. Her kimiň suw paýy haçarda çeken azabyna bagly bolar. Han töweregine syn etdi. Adamlar «bu haşar-gazuw diýip, bilmedik işine burnuny sokýar» diýen many bardy. Han ony duýdy. – Siz bu hana tilki sapalagyny atarys öýtmäň. Meniň asly kärim mirapçylyk bilen kazylykdyr. Şonuň üçin meniň bilen oýun edip, utaryn diýýänler ýalňyşýar. Ol märekä ýüzlendi. – Ýap boýlarynda jykyr garasyny görmäýin, iň esasy aýtjagym, tertip bolsun, agzybirlik bolsun. Men her aýyň soňky şenbesinde Hywanyň juma metjidinde arz diňlejekdirin. Kimiň arzy bolsa, çekinmän gelibersin. Kasas kyýamata galmaz. – Ýene bir zat, meniň jarçylarym her bazar güni meniň etjek-goýjak işlerimi habar berer. Şoňa boýun bolsadyk, kesekä zulum eden, salgydyny tölemedik adam günäni özünden görsün. Hywa Allanyň öýüdir. Hywa bereketiň hem-de agzybirligiň, adalatyň öýüdir. Bir ýerde başgaça ýaşaýyşa ýol bermerin. Maslahat tiz gutardy. Adamlara duz-tagam çekildi. Soň märeke bolup, şol ýerde öýle namazyna duruldy. Şol günüň ertesi Gurbanmämmet serdar aýaly Enäni ýanyna çagyrdy. – Sen walla meni ýüňsakgal edýäň, Ene. Ene daýza Mapraçdan, ak, owadan ýüzüni gelşiklije ýylgyrtdy. – Goýaweri, han, goýaweri. Seni ýüňsakal etmekden Allanyň özi saklasyn. Içiňi, daşyňy dolapjyk oturandyryn, Hudaý diýip. Han gepiň bilinden tutdy. – Göwher gyzyň näçe ýaşady? Ene daýza, hanyň matlabyna şol bada düşündi. «Han-a bir hyýala münüpdir» diýdi. – Göwherjan on üçün-ä doldurdy. Han agras gürledi. – Näme diýýäňiz? Ene daýza işige seretdi. – Bilmedim-dä, özüňiz näme diýseňiz. Ene daýzanyň ak posolak ýüzi boz-ýaz boldy. Ol ýaşmagyny agzyna çekdi. – Biz näme diýeli. Ýolmet diýen gowja nökeriň barmyş. Şol bolsa bolar... Han baş atdy-da, içini hümletdi. «Onda seniň nesibiň çekmändir, Pirim!» Ol äheňini üýtgetmän gürledi. – Bolar, bolar han. Ol çykyp barýan aýalyna ýumşaklyk bilen – Taýýarlyk görüň. Şende güni ugradyň... Ol şondan soň Ýolmedi ýanyna çagyrdy. – Gurgunmyň, köşek. Berekella, oglanlar bilen iş bitirdiňiz. – Ol oňa agyr düwünçegi oklady. – Eden hyzmatlaryňa alla ýalkasyn. Ýolmet derli maňlaýyny aýasy bilen çaldy. – Han däde! Ol minnetdarlyk bildirjek boldy. Emma han ony gepletmedi. – Juwazçy nähili? Ýolmet tagaşyksyz, ýogyndan berdaşly barmaklary bilen düşegi dyrmady. – Dädem, size rowaçlyk diläp, Allany çagyryp batyý. Han dözümli gürledi. – Bar häzir atyňy münde, öýňüze çap. Dädeň bilen. Ejeň meniň ýanyma bir gelip gitsin. Ýolmet aňka-taňka boldy. – Ýok han däde, olaryň pis niýeti ýok. Olar ýagşylyk dileýärler. Han baş atdy. – Sen diýleni et. Şu adamlaryňam olara ýaman niýeti ýokdur. Ýolmet gidenden soň Han Kakabaý Ýirigi çagyrdy. – Lepbeý, Han däde! Han Kakabaýyň tomsuň jöwzasyna az-kem könelişen ýadaw ýüzüne dözümlilik bilen garady. – Inim Kakabaý! – diýip, Han keýpikök söz atdy. – Bu galanyň içinden bagşy sesi çykmady-la. Kakabaý düşünmedi. – Siz näme diýseňiz, Han däde. – Bala üçin toý tutmaly, bagşy aýtdyrmaly. Il-gün bu galanyň haýyrly gününi görmel-ä. Yrymyn-a ýagşy däl-ä. – Bor, Han däde! Han oňa buruk berdi. – Belle, erte agşam, elli gazan palow, elli gazan çekdirme ataryň. Galanyň içini tertibe salyň, ýuwuň, artyň, syryň, süpüriň, suwlaň, soň hemme ýerini düşekläň, bu bir. Ikinjiden, barky irräk ýaksynlar, bu iki. Üçünjiden janlara Çerrik bar, Durdy bar, Anna bala, Şakir bala, Halbaý, goý, Sülgün Şyhymam gelsin. Olaryň hersi ýanyna on adam alyp gelsin. Bedirkendiň, garry, ýaşyny çagyryň, bu saňa üçünjiden, iň esasy, Anna bagşyny çagyryň. Oňa bir gowy aty eýerläp, jullap goýuň. Üstüne birlaý eşik bilen, horjun çekiň. Horjunyň bir taýy tylla bolsun, bir taýam şoňa taýlap, onuň gowy görýän «pohy» bolsun. Kakabaý ýylgyrdy. Gulluk han däde. – Onuň hyzmatynyň kemi bolmasyn. Maly «Nepes guýudaş» sürimizden ýüz elli dowar sürüp geliň. Oňa häzir dört atly iber. Beýleki ýumuşlara-da, häzirden nökerleriňi iberiber. Çörek, çaý, gandy-nabat, kişmiş kem bolmasyn. – Lepbeý, han däde. – Bar, işiň bilen boluber. Kakabaý gidensoň ol han işany ýanyna çagyrdy.aslynda Gurbanmämmet serdar kän bir bagşyçyl, aýdym-sazçyl, şagalaňçyl adam däldi. Ol bagşynyň öňünde irikgä bolup oturan adamlara oglanlykdan haýran galardy. Şol haýran galma ýaşy ulaldygyça berkeýärdi. Ol medrese-de okaýarka Muhammet syrat köprüsinden aňyrdadyr» diýen bir hadysasyndan özüniň bu häsiýeti doly jogap tapypdy. Onuň bagtyna Han işanam bir şagalaň, aýdym-saz jahyllyk haldaky pişelere göwün bermeýänlerden bolup çykdy. Ol şonuň üçin ogul öýerip, gyz çykaranda-da, oba toýlarynda «Atly bagşylar aýtdyrylýar, geliň Han aga» diýenlerinde-de, sypaýçylyk bilen şol meseläni duşundan geçirer goýbererdi. Ýöne ol jahyl wagty bir toýda Anna bagşyny diňlemeli boldy. Anna bagşy ol wagtlar gara sakally, dili-dişi bitin, daýaw pyýadady. Ýanynda ýene bir tamdyraçysy bardy. Ol ýigit çowdurlardandy. Şol toýda ol Anna bagşynyň aglap, gözünden bady birýan ýaşlar paýradyp aglap aýdanyna görüpdi. Şonuň üçin ýüregi küýsäp çaglary Anna bagşyny çagyrdyp, aýtdyrardy. Onuň bilen dünýä hakynda bir salym gürleşerdi. Indi Anna bagşy garrapdy. Onuň dişleri düşüp, heňi, owazy ýerine goýup bilmän heläk bolýan çaglaram bolman duranokdy. Emma bagşy ol öňki Anna däldi. Bu ugurda beýik ussatlyga ýetipdi. Onuň okurdagy tirýegiň ajy demine ýagşy bişipdi. Jukguldaýan ýeňil-ýelpaý däl-de, ýüregiňe urýardy. Hana iň ýaraýan ýerem, şeýle bir many-maňyzlap, her sözüni däne-däne edip aýdanda, oňa tutuş dünýäni beresiň gelýärdi. Ine, hany maýyl edýän şol bäş-alty aýdymdy. Ýöne, bagşyny gaty berk taplamalydy. Soňam dermanyny her demine berip durmalydy. Şeýdip diňlän aýdymyň tutuş ömrüňe gönezlik bolubilýärdi. Han Anna bagşyny ýatlanda gyjynyp gitdi. Ol oýa batyp oturşyna, Han işanyň içeri gireninem duýmady. Işan Gurbanmämmet serdaryň agyr oýa batyp oturanyna düşündi-de, adaja «Ähüm-ühüm» etdi. Soňam. – Serdar! – diýdi. Han başyny galdyrdy. – Pirimiz, geliň, geçiň. Han işan galanyň, onuň aýasyndaky tamlaryň salkynlygyna haýran galdy. – Şu gün aýratyn gyzgynmy, Serdar!? Han yssyny kän bir duýanokdy. – Sen, Pirim, gör, bu tamlary. Haýsyny halasaň, şoňa göçüp gel. Bu galanyň içinde yssy-jöwza ýok. Seniň häzirki bolýan tamyň pasgasy ýeke gatdyr. Yssy şondan. Gala näme diýseňem täze palçyk-da. Han razylaşdy. – Bolar. Han ýüzüni Han işana bakan öwürdi. – Pirimiz, sensiz bir kep aýtdym-da, indi şonuň yzyny oýlanyp otyryn. Her nä, käýemersiň-dä. Han işan düşege geçdi. – Howa, aýdyň. Hanyň giň, owadan maňlaýyndaky gasynlar çil-çil bolup gitdi. – Döwlet gurduk, döwlet gurduk, tar-tar getirtdik. Hany muny bir ile-güne zyýapat beribem bir aýan edip bolmazmy? Indi bu galalaryň gulagy aýdym saz bilen Gansa bolmazmy? Işan ylalaşdy. – Dogry diýýäň, serdar. Döwletiň ýagşy günlerem, aýdym-sazly günlerem bolsa gowy. Enşalla, Allahym saňa uly rowaçlyk bagaş etdi. Şol begençli günleri il-gün bilen bölüşmegem, döwletlilikden nyşan. – Onda rugsat-da. – Rugsatdyr, serdarym. Heý. Oňa-da bir «rugsat däl» diýjek tapylarmy! Han etsem-goýsamyny Han işan bilen paýlaşdy. Gurbanmämmet serdaryň öz galasynda toý tutýandygy baradaky habar Hywa döwletinden çykyp, Horazemin ýurdunyň beýleki welaýatlaryna çenli «dark» bolup ýaýrady. Hanyň galanyň içinde il-güne toýluk bereris diýen sözi bärkijesi bolup galdy. Diňe ýakyndan, daşdan gelen Hanlar, begler, Hany bir bahana bilen gutlamak üçin, ýol gözläp ýörenler, hormatlanýan ärler-pirler galanyň içine ýazylan haly-palaslaryň üstüne ornap bildi. Obadan, uzak ýerlerden gelen il-gün üçin galanyň daşyndaky at gaýtarym ýerleri suwlap, süpürip düşeklemeli boldy. Hanyň aýdan ýüz elli goýny, onuň üstesine ýene iki şonça malam märekä gyltyň kakdy. Ýöne Çerrik han, Kakabaý, Anna bala berk durdular. Onuň üstesine toýa diýip getirilen, öküzçeler, ownuk mallar toýa harç edildi. Galanyň ortasynda ojar köki atylyp uly ot ýakyldy. Äpet köz üýşmegi bolup duran ojagyň daş-töweregi ululy-kiçili taňkalardan dolup durdy. Oda daglanýan ýagly etiň ysy, ortadaky giňden ýazylan saçakaryň üstündäki küde-küde, külçe, keçgujak, çelpek, gatlama, ýahna et, çişlik, kebap, horazemin gawun-garpyza, şetdaly, üzüm, kişmiş-kişde oturanlaryň diňe bir garnyny däl, gözünem dokundyrýardy. Günüzynky surnukduryjy ysydan soň, düşen agyr salkynlyk, adamlary düşege ýelimläýjek bolýardy. Törde Han işan, Çerrik han, Anna bala, Şyhym Sülgün, Ahaldan gelen Hojaguly han dagy mesawy gürrüň edip otyrdylar. Kakabaý bilen Eýmiriň Ýolbaşçylygynda, märekä seremjam berýän ýigitler çaý diýene çaý, çişlik, kebap isläne-de, ýagyny damdyryp getirip durdular. Hanyň Anna bagşa garaşýany duýulýardy. Ol bagşy üçin niýetlenen düşege tamakinçilik bilen göz aýlaýardy. Ahyry agşam namazynyň öň ýanynda bagşyny idip diýen ýaly, ýerine geçirdiler. Bagşy elindäki tamdyrasyny özüni tutaklap gelen ýigitlere tutdurdy-da, märekä baş egdi. Onuň derçiräp duran gyzyl ýüzi, bu etraplarda henize çenli görlüp-eşidilmedik barkyň lowurdysyna yşgalaňlyja ýalpyldaýardy. – Essalowmaleýkim, ilim-günüm. Essalowmaleýkim, il howandary, Serdar Allahyň penasynda il-gün dursun, şu galaň dursun! Şu galaň söýesi bolup, sen durgaý. Bu gala bagtyň, abraýyň, parahatçylygyň, adalatyň, yrsgal-döwletiň galasy bolup galsyn. Seniň guran Hywa döwletiň şan-şöhraty, Eýrana, Turana, Hindistana, orsa, kürte, Magrupdan Maşryga dolsun, Allahy, Omyn, enşalla. Han minnetdarlyk bilen başyny atdy. Han işan owadan barmaklarynyň arasyndan seçelenip duran tesbisi bilen, «Allahy akber» diýip, nurly ýüzüne gaýta-gaýta syldy. Anna bagşy dabara bilen oturdy-da, durşuna gujur bolup tamdyrasyny mata gabyndan çykardy. Täzelikde edilem sim kirişlerini aýasy bilen boýdan başa syhady-da, soň kirişlerini ýuwaşja çekip, barmaklarynyň pökgerip duran başjagazy bilen dogumly çalyp ugrady. Şol gidip baryşyna-da başyny galdyryp, hanyň ýüzüne garap başyny silkdi. Ol Gurbanmämmet Serdaryň halaýan aýdymlaryny gaty gowy bilýärdi. Şol ýedi aýdymdan geçýänçä, janyny, jigerini kebap eýlemelidiginem bilýärdi. Şonuň üçin ol içinden «Ýa Allam ýa Üç ýüz altmyş», «Ýa Ysmamyt ata», «Ýa Babagambar»..., diýip ýekän-ýekän öwlüýäleri, ärleri, pirleri sanaardy. Ol dutaryny düzdi-de, özüni uzadylan bir damdyk ot ýaly ajy şiräni demine dartyp, käsäni eliniň badyna taşlap goýberdi. Soňam: – O-ho-ho-ow! – diýip bir çekdi welin galanyň içi ýaňlanyp, oturanlar bir gulaga düzüldi. Anna bagşynyň sesi öz öresine däldi. Gädiklerini bogun-bogun ötüp, soň ony Garadäli Gökleňiň owaz toşabynda gaýnatma kemini goýmandy. Şonuň üçin onuň diňe O-ho-ho-ow-ynyň özem bir owaz älemi bolup ýaňlanyp, seni diriligi-ňe nagmalaryň sallançagynda bir çaýkap alýardy. O-ho-ho-o-o-ow. Ah, a-a-a. Ýa-a-ar, Ýa-a-ar, Ýa-a – Re-be-aý. Bu dünýä-ge, ge-e-e-e-e-e. Garda-aş, Atlaryň mübärek bolsun. Dideleňden akan gam-ýaş Aý, dideleň-den akan gam-ýaş-e-e-eý, Weý-e-eý, ýa – Reb-e-eý Dideleň-den akan gam-ýaş Otlaryň mübärek bolsun. Köňlüň dünýä oýnundadyr, Küýüň göwün doýmunda-a-a-dyr-eý, Alty gary boýnundadyr, Matlabyň mübärek bolsun. Tutajaksyň bu dünýäni, Alajaksyň müň günäni, Pederleň goýan hünäri, Pederleň goýan hünär-e-eý, ýa Reb-eý, Utjagyň mübärek bo-o-olsun. Dünýä gelip utan barmy, Tutum bardyr, tutan barmy Bir düwürjik matam galdy Gitjegiň mübärek bolsun. Ýaňy seni alyp gelen, Garyp ojagyňa bagly, Gara gözli, bagry dagly Gitjegiň mübärek bolsun. Ýene seni alyp barýan Atlaryň mübärek bolsun. Bagşynyň gözlerinden ajy ýaş paýrap gitdi. Ol birden bir syçrap ýeke dyzyna galdy-da, gömlüp, eşidilmedik belent ses bilen Ýaňy seni alyp gelen, Indi seni alyp giden-e-e-e-eý, Ýa Reb-e-eý, ýa Möwlameý, ah, Allam. Atlaryň mü-ü-übärek bo-o-o-olsun – diýip, soň üýtgeşik hokranma, iňlemä, jukgulda başlady. A-a-ah, gara gözli, bagry dagly, Garyp ojagyna bagly, garyp ojagyna bagly, Indi seni alyp barýan Atlaryň mübärek bolsun. Oh-oh-oh, oh-oo-ow. Ol birinji aýdymy tamamlady. «Ýene altysy galdy» diýip ol berlen ot ýaly zäheri ýuwdup, yzyndan lezzetli tamşandy-da, Garadäliniň «Ýandymynyň» ýoluna yglap ýetdi. A-ý, aý-hoý-eý Gafga pelegiň elinden, Aglam-ýan gülen barmy, Agalar, gitmiş ölenler, Wah olardan gelen barmy. Ýowuzdyr dünýäniň ýoly, Kändir köňlünde hyýaly Göwni ograş pygly lol-ly, Heý, onuň deý gereň barmy. Bagşy ýandymy ýandyra-ýandyra jukgulda bat berdi. Soň burnuna salyp: – Ýandym-ýandym, köýdüm-köýdüm-köýdüm. Ýandymo-o-ow, köýdü-üm, a-a-a-a-ah – diýdi-de ýene yzyny aýdyma sapdy. Gafag pelek saldy talaň, Barmy jebrin görmän galan, Bagra sanjyp ödi ýaran, Şa gedaga kerem barmy. Ýandym, ýandym, lowlap ýandym, Tükendi kasamym, andym. Dahan içre ezmiş gandym Zäherdigin bilen barmy. Ah ýandym, ýandym, Eý, ýandy-ym, ýandym, Dahan içre ezen gandyň. Zäher eken, bilen barmy. A-a-ah, ýandy-ym, ýandym ýandym, ýandym-o-o-ow, ýandym. Heý, heý, Reb-eý, ýar, ýar, Reb-e-eý, nätdiň meni! Bagşy az-kem çygjaran maňlaýyny ýeňi bilen sylyp goýberdi. Soň tamdyrasyny ýerde goýman, özüne uzadylan bir damdyk gowdur suwy sorup goýberdi-de, täze aýdyma başlady. – Sözle, gel Jebraýyl, hakyň emini-ii Ol silkindi-de, lälemi, hüwdümi, bozlamamy, täsin, görlüp eşidilmedik owaz bilen mäläp ugrady. A-aý, aý, aý, aý, ýare-be-eý, ýarymeý, Hü-hüý, hüý, hoý, hoý, hoý, iň, iň, iň-ah, Sözle, sözle janym, hakyň emini Ýara resul bolan eziz nirede-e-eý, Agtardym arş-kürsi, eläp zemini, Haba Habyp bolan. Ah, Reb-eý, jan Hudaý-eý, ýar, eý, Eziz nirede-ýeý, ýeý, eý, eý, eýesi. Ol ýene-de gözünden ýaşlary paýradyp başlady. Ýeriň-gögüň, ynsyň-jynsyň soltany, Şonuň üçin gurban etsem bu jany, Magşar güni ýüregimiň derman-e-eý Sözle dostum, sözle janym, sözle Balam, eziz resul nirede-ýeý, eý, eý, eý. Jan-eý, jan-eý, nirede-ýeý, häh, häh, häh. Resulum, Habybym, ezizim, ýa Reb-eý Jan-e-e-e-eý, nirede-e-e-ýeý. Mekgeden Medinä rowana boldum, Mübärek ýolunda diwana boldum, Resul, resul diýip sargaryp soldum. Sözle dostum, Resul Alla nirede-e-e-eý, Nirede, nirede, nirede. A-ah, Rebbeý, ýa Reb-beý, dostum nirede, Gardaş nirede, eziz nirede, derman nirede. Han bozuldy. Ol sazyň owazy, sözüň ýülügi, aýdymyň nagmasy bilen gaplandy-da kalbynyň dyňzap gidenini duýmady. Ol lowurdap duran sary ädiginiň gonjuna şapyrdap düşen, soň ýarylyp pytrap giden damjalary, gödeňsi, güýçli–bilen süpürdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |