17:48 Gurbanmämmet serdar / Üçünji bölüm -7: dowamy | |
Bagşy bolsa däli-porhan bolup eziz resuly gözleýärdi. Onuň bokurdagy, yňramasy, jukguldysy, kakuwy bilen täze bir beýik sungat edip oturanyny özem duýanokdy.
Taryhy proza
«Üç aýdym gutardy» diýip, ol indi arkaýyn pikir etdi. Çünki bagşy derläp geçisi daga ýaýrapdy. Ýüregi howdan ýaly giňäpdi. Bokurdagy ýürege dönüpdi. Onuň göwnüne, ol käseden zäher däl-de, ýülük sorýan ýalydy. Ol dördünji aýdyma arslan bolup agyz urdy. – Goç ýigitler gel-e-eý, Ýareý, ýareý, dadeý, dadeý, jan-eý. Mert ýigitler ar üstünde, Şirin janyn goýmagaýty. Ah-e-e, he, ehe, aha, aha, ähe-eý, Bar kerem Hakyň isminde, Adyn älem ýaýmaga-a-aý-ly, ho-o-ow Jan-e-eý, ýaýmagaý, my. Ajy günler süýjä urar, Şeýtan päller gijä urar, Duşman görende sargarar, Namart müň bir ölmegeý-mi-i, i, iii. Mert çeker iliň namysyn, Boş görer pysak panysyn, Jeren gözleriň hanasyn, Ölüm-dirilik many-ys-yn, e-eý, Köl-köl eýläp goýmagaýmy. Jan-e-eý, ýa Reb-eý, ölüm-dirilik manysyn, Ölüm-dirilik many-syn, Hiç piňine salmagaý-my. Jane-e-eý, saý, saý, saý, saý, ah, Rebim-eý,eý,eý, saý-ma-ganmy-e-eý. Bagşy bäşinji aýdymy gadym çowdur bagşylarynyň «Gyratyna» ýapyşdy. Ýöne diňlänler bu aýdymyň çowdurlaryň däl-de Garadäliň «Gyratynyň» owazyny eşitdiler. – He-he-he, he-he-heý. Janym ggyrat oýnaý, oýnaý Görogly begi alyp gel. Namys ýanmaz, arlar köýmez, Arkadagymy alyp gel. Ýalyňa şelpe dakaýyn, Alnyňa ýelpe dakaýyn, Iki gözüňden öpeýin-eý, Howandarymy alyp gel. Il ownaý-ownaý eredi, Namys surraý, ar kemedi, Hunhor boldy ýurt eýesi. Dünýe barymy alyp gel. Daýanara arkam ýokdur, Ilden günden öýkäm ýokdur. Eýämiz, ezizimiz Hakdyr. Didäm zarymy alyp gel-e-e-eý. Çandybil düzsün solnasyn, Görogly gelsin, goçmazym, Gözüňe denem gyratym, Ýalyňa dönem gyratym, Git-de goç gardaşy getir. Anna bagşy Gurbanmämmet serdaryň iň gowy görýän altynjy aýdymyna başlady. Ol aýdym gadym Garadäliniň gazakmy, çowdurmy bir sähraýy sazy bilen garym-gatym edilendi. Ýöne han nämüçindir «Boýnak» diýen aýdymy gowy görýärdi. Garagumyň algyr şiri, Boýnak, boýnak, boýnak, boýnak. Gurt-guş täsip etdi ili Boýnak, boýnak, boýnak, boýnak. He-he-he-heý Gara goýny möjek aldy, boý-nak, Ýet, bas, ýet, bas, boýnak, boýnak, boýnak. Boýnak, boýnak, boýnak, boýna-age-eý. Seniň ýoklugyň bilindi, Seretdim, bagrym dilindi, Sürim sürüle, bölündi Boýnak, boýnak, boýnak, boýnak. Gara goýny möjek aldy, boýnak, Gelgurtlar, çözüp geldi, Giden sürä talaň saldy Ähli malym har-ram öldi, boýnak Ah, a-a-ah boýna-ge-eý, dat, ýet-eý, Boýnak, boýnak, boýnak, boýnak. Goç ýigit galsa talaňda, Dost gidip taýsyz galan-de-le-eý, gel-eý, Maza ýok dünýe malynda. Boýnak itim, boýnak, boýnak. Ýet gardaşym, boýnak, boýnak. Janym boýnak, malym boýnak, Eşit dostum, zarym boýnak, boýnak. Bagşy ýeke dyza galdy – Eý, wa-aý, boýna-a-ge-e-eý. Ol hyňranyp, üýrüp, jukguldap, hyçgyryp aýdyma şeýle bir şüweleň berdi welin, agyr märeke eňräberdi. «Indi, «Mynajata» ýetdim. Allaha, şükür» diýip, käsäni başyna çekdi. Dünýe dym-dyrslykdy. Barynyň gözleri çerrelip, bagşyny iýäýjek bolýan ýalydy. Tar-tarynyň sesi endigan eşidilýärdi. Asmanyň bar ýyldyzy üýşüp, galanyň depesine aýdym diňlemäge gelip, jyklaşyp durdy. «Boýnagyň» baryny-ýoguny görmäge Aýyň özem gelen ýalydy. Ol asmanyň tyllagulak halkasy bolup, gögüň gulagyndan asylyp durdy. Bagşy sähranyň salkyn demini alyp, birhili, ganatlanan ýaly boldy. Ol agyrdan ýogyn, polat kirişli tamdyrasyny gujaklady-da, gulaklaryny mazaly towlady, gyssanyp düzdi-de şeýtan ýassygam az-maz elläp goýberdi. «Indi, Han aga näme baýragyň bolsa, Anna bagşa eçiliber. Şuny ediberşine, seret, Ýa Reb, özüň ýetiş!» Bagşy şirwan perdä galdy. – A-a-a-aý! Adam ogly, çöpüň dolar. Dolar-dolmaz, Taňry-da-dyr, eým. Heým... Pul – syratdan... Şükrüňe toba, kanagat, wa kanagat! Çep-sagyňda otyr şaýat, wah, sag-çepiňde... Ajal diýgen bir gara at, Ajal atly bir gara at, Ýakaň bilen öňiňde-e-e-eý-dir-eý. Ýakaň bilen ýananda-dy-y-y-y-yr, eým. Az görüner dünýe maly, Dolduran barmy bu päli, Gözleň şarap nebsiň loly, Bir gysym gum haýryňdadyr-ýeý, ýeý, e-he-eý, Gözleň şarap nebsi loly,-ýeý, ho-o-oý, Ýanar otlar gabryň-da-dyr-aý, aý, eý-e-ý. Panyga goýup ýyganyň, Şirin janyna goýanyň, ýar-eý, ýar-eý, Iýdiňmi bakynyň gamyn, Iýdimi o dünýäň gam-y-yn, Baýr üstünde baýryňdadyr. Çyn jepalar aňryňdadyr. Gözüňdedir, gabryňdadyr, Derdi-derman sabryňdadyr-eý, eý Eý-hoý-e-eý, ýa Reb-beý Janeý, janeý, haneý, haneý, Ýandym, ýa Reb-e-e-eý, Gidejeksen, gide-jek sen-eý, Ýa Reb-eý. Anna bagşy gara dere batyp, töwerekde oturanlaryň ýürek bagryny, nagma bilen ezim-ezim etdi. Ol aýdymyny saýhallap «Nätdim!» diýip, hana bakan bir seretdi. – Müň ýaşa, bagşy! – Eliň güller bitsin! – Dilleriňe guwan! Bagşynyň sesi ýuwaşja çykdy. – Mol-ýy. Mol-ýa. – Bagşy aga indi bir dessana geçseň näderkä? – Mesla-at! Haýsy dessan gerek bolsa, dillenibermeli. Adamlardan ses çykmady Diňe tartarynyň tarryldysy gulaklara ilip gitdi. Asmanda ýyldyzlar kemelip, Aý edil depede eýemsiräp, ýaşmagyny syran näzenin gelin ýaly bolup jyklap durdy. – «Döwletýary» aýt, bagşy aga. – «Döwletýar» Bagşy özüne uzadylan käsäni sozluk bilen başyna çekdi – Han agamyz nämäni isleýärkä? Gurbanmämmet serdar agyr oýly başyny galdyrdy. – Müň ýaşa, bagşym, Han agaň parzyny kemini goýman sowduň. Indi märekä görä boluber. Serpaýyň üsti agyr horjunly bir bedew at. Işikde durandyr. Haçan gitseň mün-de, gidiber. Märeke güldi. – Han däde, beý, diýmäwer, ol «Döwletýary» taşlap, gidiberer-ow. Bagşam güldi. – Men-ä, onda turaga-jak. – Bagşy aga. – «Döwletýar» Bagşy turar ýaly däldi. Ol ýanynda çaý-suwuna serenjam berip oturana baş atdy. – «Üsti agyr horjunlam» diýdiňmi?! Bir salym dutaryny tiňňildetdi-de, özüne gelen ýaly, silkindi. Soň hanyň aladaly ýüzüne seretdi-de dessana başlady. Han uzak ýola gitmeli myhmanlary ugratmak niýeti bilen ýerinden turdy. Onuň töweregi adamdan doly-dy. Olar hümürdeşip galanyň daşyna çykanlarynda Hanyň gulagynyň düýbünden «jüb, jüb» edip, bäşataryň oklary geçip, gitdi. Soň bolsa ýakyn ýerden bäşataryň tark-tarky eşidildi. Nökerler Hanyň daş-töweregine kökenek boldular. On-onki nöker obaçylyga pytrap gitdi. Han sesini çykarmady. Çerrik Han gözlerini elek-çelek edip, titredi. – Han däde, Han däde! Han arkaýyndy. – Bolan zat ýok. Arkaýyn gadyberiň, aga-iniler. Toýy sag-aman sowduk. Onça-munça bolman bolmaz. Ol myhmanlary ugradyp, yzyna öwrülende, galanyň agzynda som-saýak bolup duranlary gördi. Ýolmet öňe çykdy. – Han däde, toýuň gutly-mübärek. Hanyň ýadyna bir zat düşen ýaly boldy. – Hä, Ýolmet! Sen düýn juwazçyny getirjek diýip gidipdiň-ä? Ýolmet üzür ötünip, saýhally gürledi. – Han däde, günämi ötüň. Ejem, dädem Könä daýzamlara giden eken. Yzlaryndan baryp, azanda alyp geldim. «Han dädeň ýanynda myhman bar, garaş» diýip, aýtdylar. Ine, size azandan bäri garaşyp oturşymyz. Han juwazçy bilen salamlaşdy-da Kakabaýa baş atdy. – Olary tama äkit! Şol wagt olaryň arasyndan zomp edip, keltejik pyýada çykdy-da, ellerini hana uzatdy. – Salowmaleýkim, Han aga. – Waleýkimessalam. Ýaşuly edil bäşatar ýaly «saýrap»başlady. – Han aga, Allanyň hakyna, Üç ýüz altmyş öwlüýäleriň hakyna, Ysmamyt jany hakyna bir howandarlyk. Bagtymyz ýatyp, iliň-günüň içinde ýüzügara bolduk. Ak sakalymyz bilen. – Näme hekaýat gopdy. – Hekaýat – Ýaşuly beýle tiz, aýgytlylyk bilen soralar öýtmedik bolara çemeli sakyndy. – Ýaňy, «Nemes guýynyň bäri ýanyna ýetenimizde, ýerden çykan ýaly bolup, on-on bäş alty ýaragly garakçy daşymyzy gabap malymyzam, ýükümizem «alan ogry, gören taňry» etdi. – Özüňiz nireden gelip, nirä barýardyňyz. Ýaşuly ýene sakyndy. – Özümiz Könürgenje argyşa gelip, odur-budur satyp, däne, şaly alyp, Etrek-Gürgen illerine barýan. Özümiz Garrygalaly gökleňlerinden. Maňa Öwlüýäguly akýalaş diýýäler. Han baş atdy. – Näçe düýe? – Wah, bary-ýogy sekiz düýe bilen iki sany eşek-le, arka dagym. – Ol ýene ýüzüni-gözüni ýalbaryşa taýýarlady. Han ýene sowal berdi. – Kerweniňizi haýsy ugra sürdüler. – Günüň batan ugruna, arka dagym. Han galanyň işiginde ejesi bilen kakasynyň arasynda duran Ýolmede, soň gulluga «lepbeý» bolup duran Kakabaýa baş atdy. Heriňiz elli alty alyň-da gidiň. Şol kerwen ýere girenem bolsa, asmana uçanam bolsa tapyp getiriň. – Lepbeý, Han aga. Han Öwlüýaguly akýaly, juwazçyny alyp, tama girdi. Anna bagşy häzir ýer bilen gögüň arasyny nagma bilen gulaçlap ýördi. «Indi döwran ötdi diýgin, daglar-a-a» Han başyny ýaýkady. «Heý, Allam, beýle-de bir owaz bolar ogşýan» myhmanlara nahar çekildi. Han myhmanlar naharlanýança, agyr oýa batdy. «Bu abraý, bu howala, bu mertebe bilen maňa ok atýan kimkä?!» Ol belli pikire geldi. «Oňa diňe şammynyňky ýaly ýürek gerek, ol şoldur. Kerwenem şol urandyr. Gel şuny gudurap oturan güni bunnadabyn» diýdigidir, onuň...» – Arkaýyn iýip-içip otur, myhman. Heýç halahut çekme. Kerweniňe ganat bitmese, gitjek ýeri ýokdur. Enşalla, oglanlar ine, getirer. Ýaşulynyň gözüne ýaş aýlandy. – Wah, arka dagym, bokurdakdan zat geçmeýär-ä. «Iýenim awy, içenim zäher-ä». Özümki bolsa, «Owarram» diýsem, oýam il-günüňkiýä... Omyn edilensoň ýaşulyny düşek salnan başga jaýa geçirdiler. Içerde juwazçy bilen Melewşe daýza galdy. Melewşe daýza Handan uz ýaşynyp otyrdy. Popby aga»Aý, ogluň beýderek eken, tyllamy aldy, onymy-munymy» ýok eti diýip bize tawan etjekdir» diýip, oglunyň şu geçen dört-bäş aýda getiren teňňelerini içinden hasaplap oturşyna juwazçynyň gollawlygy bilen ýeke dyzyna galdy. – Juwazçy, meni tanadyňmy? – diýip, Han hemleliräk gürledi. – Tanaman näme, seni tanamaýan barmy? – Sen meniň ata-babama beletmiň? – Näme belet bolman. Jüneýitleri kim tanamaýa. Hajybaý aga-da, onuň dädesi Nabatbaý aga-da gyzyl ýalydyr. Men gowy tanaýan olary. – Meniň aňrym barada heý ýaman gepiň barmy? – Ýok. Han onuň galagoply, gyňyr ýüzüne seretdi. – Onda ikimiz bir söwda edeli. «Şu han meni beýdip hormatlap çagyryp galasyna salyp, töre geçirip, duz-tagam berensoň, öldürse-de «wah» diýmän çekeýin» diýip oturan ýaşuly gepi ugruna kowuberdi. – Söwda edeli, han aga. Han azajyk daşyndan aýlandy. – Sen bir Köwlüleriň halalzada oglusyň. Oňa kepim ýok. Şonuň üçin meniň söwdam seniň gowy ogluň bar. Juwazçy»men şol gowy ogly öýermekçi. Toýuma barawergin» diýjek boldy. Çünki häzir onuň hana berer ýaly gowy habaram, baýlygam ýokdy. – Ogul gowy. – Seniň ogluň bar, meniňem gyzym bar. Ýetişdi. Şolary birikdirsek nädýär! Melewşe daýza «Hih!» diýip goýberdi. Juwazçy ýüzüniň ugruna: – Seniň söwdaň şolmy? – diýdi. – Hawa. – Bizi Köneden şol söwda üçin alyp. – Meniň başga söwdam ýok. Juwazçy hoş bolup ýylgyrdy. – Bizi sylany Alla sylasyn, han, biz müňde bir razy. Melewşe daýza-da aljyraňňy äheň bilen. – Biz onda toýa başlaberýesmi? – diýdi. Han: – Erte agşam maşgalaňyzy ýygnaň. Toýy haçan etseňiz, öz işiňiz. Han diýen güni irden müň atly bolup girdi-de, obalary, bazarlary, ekin meýdanlaryny darap geçdi. Soň gelip araky erigiň saýasynda düşledi. Onuň atyny Şyhym Sülgün tutdy. – Han däde, men salgydyny getirýänleriň adyny hata ýazyp otyryn. Hanyň argyn ýüzünde gazap ody lowurdaýardy. – Getirmedik känmi? – Kän Han däde. Ol Şyhyma dözümli garady. « – Salgydy bilen peýwende erigiň ýanyna öýle namazyna gelmedigiň başy ölümli, maly talangy» diýip jar çekdirdiňmi? – Çekdirdim, Han däde! – Onda jarçynyň sesini men eşitmedi-ä. – Men düýn... Han elindäki gamçysyny gazap bilen taşlap goýberdi. – Şyhym Sülgün. Men henize çenli adam bilen oýun edip göremok. Sen-ä baýaky. Häzir ýanyňa dört atly al-da, tutuş Hywa jar çekiň. Gelmedik, özünden görsün. Şyhym Sülgün ýanyna nökerlerini alyp, sumat bolandan soňam han oýa batyp aýak üstünde durdy. Ol Hywa döwletindäki tertipsizligi, öz öýünde, özüne bäşatar gezelip, ok atylmagyny, Garrygalaly myhmanyň kerweniniň urlup, ondan her näçe gözlense-de, deregiň bolmazlygy, Hywanyň baýlarynyň, begleriniň, daýhanlarynyň özüni äsgermezligi onuň gazap odunyň üstüne çöpleme taşlaýardy. Ol Kakabaýy ýanyna çagyrdy. – Bala bar. Garrygaladan myhman oturandyr. Oňa sekiz düýäni ýükläp, näçe bürünç, näçe däne diýse, ber-de ugrap özünem «orta guýa» çenli ýetirip gaýdyň. Öten agşam galada uly toýuň bolup, onda-da hany atandyklary baradaky habar tutuş Hywa ýaýrapdy. Ilatda Hanyň gowşakdygy, onuň bir sözi aýdyp, yzyndan durup bilmeýändigi barada «hyşy-wyşy» gürrüňler ýaýrapdy. Han şonam duýup otyrdy. Ol nämede bolsa özüni ele aldy. Soň düşege geçdi-de, oýa gark bolup oturdy. – Hywada näçe bazar bar? – diýip, ol Eşşiden sorady. – Bir uly bazar bar, däde. Han ýuwaşja gepledi. – Ýanyňa on sany nöker al-da, her bazarda on sany dar agaç dikdir-de gaýdyber. Ikindi namazynyň öň ýany peýwende, erigiň at gaýtarym meýdany Hywanyň halkyndan daş atsaň ýere degmez boldy. Hanlar hem gelip ýetşdiler. Şyhym Sülgün öz mürzeleri bilen salgyt getiren adamlary: kim, näme üçin, näçe pul, tylla getirenini hasaba alýardy. – Kim gelenok? – Derýa boýdaky jyk zawodynyň hojaýyny Akajan hoja gelenok. Han Çerrige baş atdy. – Zawudyny başyna ýumuryň. Çerrik han şol ýere ýüz atly iberdi. – Ýene kim gelmedi? – Pagta arassalaýan zawodyň hojaýyny Ýunus nogaý gelenok, özüm baryp tabşyryp gaýtdym. – Näçe zawudy bar? – Iki, Han däde. – Getiriň-de hol tutdan asyň. Kärhanalaryny hanlyga geçiriň. Çerrik han Ýunus nogaýyň yzyndan on atly iberdi. Gurbanmämmet han Hywanyň zähresini ýardy. Soň hanlary jemledi: – Men Öwez Hojany Hywa etbaryna han belleýän. Eger şerigata dil ýetse, ogurlyk, zyna, kast etme, aldaw-hile bolsa, Öwez hoja menden gaty görme. Ilatdan iki ýyllyk salgydy ýeke-ýekeden alarsyň-da, maňa hasabat berersiň. Häzirem salgytdan boýun towlaýanlary alyp geliň. Hanyň iýmän-içmän oturşyndan çen tutanyňda, onuň gazabyndan «Hudaý saklasyn» diýäýmelidi. – Hany, Durdy köwli, jogap ber, hany kerwen. Asmana uçdumy, ýere girdimi? Durdy köwli äpet tutdan hallanlaşyp duran jesetlere bakan aýlady-da, gabaklaryny aşak goýberdi. Ýöne sesini çykarmady. Han gaharly gürledi. – Men başgaňy bilemok. Sen Durdy, eşit, Nepes guýy bilen Bedirkent aralygynda çala tibyry bolsa, men senden soraryn. – Ol özbek tahýaly, ala donly adamlara göz aýlady. – Ol nähili beýle bolýar. Seniň hanlyk edýän iliňde, tutuş kerweni talaýarlar. Seniň bolsa habaryň ýok. Ol Anna bala tarap garady. – Anna, senem eşitdim-eşitmedim diýme. Döwkesen bilen Porsy aralykda ýekeje tertipsizlik bolsa, men seni aýamaryn. Seret, şol garry tuda, «Hany äsgermändigi üçin» özüňi däl, bala-çagalaryňy asaryn. Men öz ilimiň okudalygnny, öz abraýymy, sizem şol ýerleriň ýolundan ogurlanan kerwen-ä däl, üstünden guş geçse-de siziň bilen oňuşmaryn. Şol wagt nökerler on-onki sany özbek donly, garynlak-garynlak adamy öňlerine salyp geldiler. « – Iki ýyllyk salgyd-a däl, iki günüňkinem berjek däl» diýýänler, bular han aga. Han gapdala gygyrdy. – Hany, Nepes, hany Kakabaý?! Olar öňe çykdy. Bazar meýdançasynda, itden çykaryň. Goý, görene sapak bolsun. Öwez hoja hanyň ýanyna geldi. – Han däde, olar dym mojuk kişiler. Emma-ki, man salgytny alaman, onlara ötüp beriňler – diýdi. Han dözümli gürledi. – Men bu ýere dilegçilik etmäge gelemok. Kim-de kim iki ýyllyk salgydyny bermese, şolaryň gününe düşer. Jöwzaly yssyda atyň öňüne öňüne salnyp getirilenlerden ses çykanokdy. Olaryň gözi äpet tutdan hallan atyp duran meýitlere düşensoň, ölüm howsalasy janlaryna ornap, bagyryşyp başladylar. – Bereris, han däde... – Azat kylyňlar... – Waý-dat – waý-eý... Gurbanmämmet serdar gün aşak eňen badyna atlandy. – Çerrik, Anna, Halbaý, Durdy, hersiňiz iki ýüz atly bilen yzyma düşüň. Onuň ýüregi kerweniň nirededigini, agşamky oky atynyň häzir oňa ýene bir garaşylmadyk gyzgynjak tomaşa taýýarlanylýandygyny aňýardy. Ol Tagta girensoň, göni Şammy keliň galasyna sürdi. Müň sany atly ýaragly nökeriň öz galasyny gabandygyny aýdanlarynda, Şamy kel iýip oturan nahary-na däl gapdalda duran telpeginem unutdy. – Ýetiň, öýünden özünem basyň. Ellä golaý atly bilen Durdy köwli dabyrdap oňa eňdi. Gala içinden ýapylgydy. Han bilinden naganyny çykaryp, derwezä atdy-da, otlaň! – diýdi. Gapdalda harman bolup duran gury küdäni dagdandan nagyşlanylyp salnan gapynyň öňüne basdylar-da, otladylar. – Ýeke, adam çykmasyn. – Böwsüň, galany! Aýy ýaly ýigitleriň on-on bäşisi atlaryň eýeriniň üstünde dik duran ýerlerinden maýmyn ýaly ýapyşyp, gala dyrmaşdylar. Soň atyşyk başlandy. – Adam känmi? – Kerwenem şu ýerde. Dagdan gapy ýanansoň, tagtalar sal-sal bolup, pytrap başlady. – Açyň, derwezäni – Hanyň sesi gala düşüp, ýaňlandy. Ýüze golaý atly böwsüp, gala girdi. – Ýekesinem diri goýmaň. Atyşykdan soň aç düýelere agzy bogdakly çuwallary ýüklediler. Ýaralylaryň, ölenleriň ýaraglaryny ýygnadylar. – Maňa Şammy gerek. – Hanyň gözlerine gan indi. Bir salymdan Durdy köwli dolanyp geldi. Onuň saly gowşakdy. Şonuň üçin ýalplap: – On-onki atly bilen gaçyp, Akguma çykdy, ol ýezit – diýip, habar berdi. Han Durda tumşugyny öwürdi. – Çerrik. Men saňa tabşyrýan. Ýere girse-de, asmana uçsa-da Şammy keli tutup getir maňa. Men indi onuň ganyny gotura derman etmesem bolmady – diddi. – Sür, tä boleýşeme çenli kow yzndan. Soňam, soňam alyp bilmeseňiz, geljek ýolarynda saklaw goý. Eşitdiňmi? Oba aýagyny sekdirme... Çerrik hanyň iki ýüze golaý atlysy, daýyrdaşyp, öňem ýüregi ýarylan obany daraň garaňkylyga siňip gitdi. Han Bedirkende dolandy. Gakanyň töweregi oba adamlaryndann, nökerlerden doludy. – Näme hekäýat gopdy – diýip, han atyny tutan Nurydan sorady. Nury saklaw başy bolup, obada galypdy. Onuň asly ýylanlynyň Garadaşly obasyndan bolup, biçak edermen, gaýduwsyz ýigitdi. Han Nuryny Ýolmediň deňinde goýup, öz synaglaryndan doly geçirip, ynamdar adamy hökmünde oňa bil baglaýardy. «Taýýar, müňbaşy. Gören bolsa tutuş Ýylanla hanam bolup biler» diýip, Nury barada minnetdar bolup oýlanýardy. Nury hanyň özüne ynamyna, howandarlygyny inçeden duýýardy. Şonuň üçin bu adamyň ýoluna başyny goýmaga taýýardy. – Han däde, – diýip, ol öňem gözleri – çylgym-çylgym gan bolup, gazaby ýetjek derejesine ýeten Gurbanmämmet serdaryň perişdesini uçurmazlyk üçin dogumly gürledi. Şamy kel siziň ýoklugyňyzy aňyp, iki sapar gala çozdy. Olar bark berýän tar-taryny oka tutdular. Birinji sapar çozanda, gala golaý geldiler. Ikinjide bek durduk. Atyşykda bizden bäş adam ýaralandy. Onuň dört nökeri öldi. Ýöne ony galanyň golaýyna-da goýbermedik. Han atdan düşmän oýurgandy. – Tar-tara zeper ýetipmi? Nury başyny silkdi. – Jemal Ulla agalar, işledip gördüler. Sähel-mähelmiş. Bark-a ýanyp dur. Han atdan düşdi. – Bolupdyr. Han işan hem bu gün ýagşy ýorlana meňzeýärdi. Ol Hana göräräk, atyndan düşdi. Soň öýüne-de gitmän, hanyň yzyna düşüp, onuň tamyna girdi. Gurbanmämmet Serdar kyrk gün diýende Hywa ýurdunda öz diýen tertibini ýola goýdy. Indi şu ýurtda bir ulurak guş uçsa-da şol gün, sähel yz ýany bilen han habardar bolup bilýärdi. Ahal gapdalyndan kerwen ýa başga bir del myhman Hywa gelse, atlylar olary baryp, orta guýy, Baleýşem töwereklerinde garşylap, Daşhowuz jülgesine getirip gidýärdiler. Mundan gidýänlerem tä Orta guýa çenli ýurt ýekeje pursadam gözden salnanokdy. Gurbanmämmet serdar Hywanam eýesiz galdyranokdy. Hywanyň obalary tertibe gelipdi. Obada mydyrt bolsa, Han her juma, ýa-da başaşa juma güni juma metjidine baryp namaz okandan soň şäherdäki ýüzbaşylary, Öwez hojany ýygnap, hal-ýagdaýlaryna berk gözegçilik edýärdi. Hywadaky zawod-fabrikler, begler-begzadalar, daýhanlar mugyra gelipdi. Indi Gurbanmämmet serdaryň atlylary Hywa ýurduny doly gözegçilige alypdy. Ýöne, hany ynjalykdan gaçyrýan başga bir zat bardy. Ol bu gün Jemal Ulla han, Han işan, Eşşi Eýmir, Kakaba Ýirik dagy bilen täze çykmaly puluň nusgalaryny zikgehana baryp görüpdiler. Zikgehana sadady. Gorküýzeden kiçiräk polat peçde tylla eredilýärdi. Ol pejiň aşagynda diňe daş kömür ýakylýardy. Şonuň üçin zikgehananyň içi yssydy, dymykdy. Şol peçde eräp duran gyzyl bulamagyna simap gaýnadylýardy. Simap gyzyly doňdurman saklaýardy. Şol gyzyl erginini ýörite saplaw bilen galyplara guýýardylar. Galyplar Owganystandan taýýar görnüşinde bejerilip getirilendi. Gyzyl guýulan galyplar, bir tilsim bilen batly ýapylanda, şykyrt edip, tylla teňňe aşakdaky demir gapyrjaga gaçýardy. Han demir gapyrjakdaky tylla teňňelerden bir gysymyny aldy-da gözüne golaý tutdy. Häzir bark ýanmany üçin zikgehana garaňkyrakdy. – Çyraňyz ýokmy – diýip, han elindäki teňňeleri ýeke-ýekeden gözüne tutup durşuna aýtdy. – Çyra ýakyp getirdiler. Han onuň bilenem kanagat etmedi. – Häzir daşary çykaryň. Günüň aşagynda-da bir synlalyň. Jemal Ulla han Gurbanmämmet serdara kagyz puluň nusgasyny berdi. – Han aga. Han ýumşak ýüpek bilen altyn sapak garylan kagyzy gataňsy aýasyna goýup, geň galyp seretdi. Ol ony elinden goýman daş çykdy. Soň aýasyna sygyp duran ýüpek kagyzyň ýüzüne garady. Altyn bilen jezwerlenip ýazylan «10 manat» diýen ýazgyny okady. Onuň aýasyna laýyk bolup duran dörtgyraň puluň altyn ýapraklary şaha-şaha bolup, biri-biriniň içinden enaýyja zynjyr bolup geçip gidip ahyry «Hywa hanlygy» diýen ýazgynyň» soň on manat» diýip arap hatynda»ýazylan sanyň daşyna dolanýardy. Bir görseň ol enaýyja goçaklara öwrülip olar hatynda «on manat» diýibem okalýardy. Pul owadandy, göze ýakymlydy. – Näçe gymmaty bar, munuň? – diýip, Han sorady. Jemal Ulla han elindäki pullary dörüşdirdi. – Bu bir manat olmuş. – Ol ýene bir puly çykardy. – Bu bäş manat olmuş. – On manat, bir teňňä deň olmuş. Ol kagyz puly yzyna berdi-de, özüne syrçalyja jamy tümmek edip getirilen teňňelerden bir gysymyny aýasyna guýdy. Altyn teňňeleriň ýüzüne galyňlygyna agramyna laýyklanyp «1», «5», «10», «100» diýip ýazylandy. Onuň arkasyna «Hywa hanlygy», ýyl hem-de goçuň buýnuzy çekilendi. Han aýasyndaky teňňeleri tabajyga jogurdadyp guýdy. – Pirimize äkidiň. Ak pata berip, doga-töwir etsin. Nesip bolsa, remezan aýyndan soň, baýramyň başynda dolanşyga goýbereris – diýip, guwançly aýtdy. Şol wagtam, onuň gözi Ýolmede durmuşa giden gyzy Göwhere gözi düşdi. Göwher aýyň bölegi ýaly bolup, eline nämedir bir zat alyp, «ine, meni görüň» diýýän ýaly gaty erkin, arkaýyndy. Ol özüne açgözlük bilen seredýän nökerlere owadan gabaklarynyň astyndan ýylgyrjaklap seredip, tamlaryň birine girip gitdi. Han öz jaýyna girýänçä, gyzyna dört-bäş sapar gözi kaklyşdy. Ýöne sesini çykarmady. Ertesi «Goçämmet Hanyňka Şammy Kelbaş atly atlysy bilen geldi» diýen habar bilen geldi. Goçmämmet öň Porsynyň Hanydy. Emma Gurbanmämmet Serdar Halbaý Kösäni ileri tutýardy. Halbaýa, müň sany bäşatar, ok-däri, araba berip, ony tutup Porsa han belläpdi. Häzir Gurbanmämmet Serdaryň hasaby boýunça Halbaýyň üç müňe golaý nökeri bolup, ol Köne bilen Daşhowuzyň arasyna guş gonduranokdy. «Halbaý, mert han!» diýip, Serdar ony ýüreginiň töründe ezizläp saklaýardy. Goçmämmet han Halbaý bilen oňuşman derýaboýda ýurt tutunyp, öz güni bilen bolup ýördi. «Bular näme, saçakly gatnaşan bolup, ýene bir pohlaryny iýjek bolýarmyka?» diýip, han, ýeňiljek oýlandy. Ol han işanyň yzyndan adam iberdi. Han işan eglenibräk geldi. – Serdar günämi öteweri, birneme ýaramajak bolýan. – O nä, pirim, sen ýaramasaň, biz näme etmeli? Han işan edep bilen öz ýerine geçip oturdy. – Ýüregim gyzyp, sowap duran gawun iýdim-dä. – Men bir zat barada pikir edýän, pirim. – Hawa, aýdyber, serdar! Gurbanmämmet han özüniň öňünde goýlan çäýnegi çekdi-de gaýtardy. Soň käsesine çaý guýdy. – Bu türkmeniň bidöwletligine oturyp-oturyp haýran galýan. Gör-ä, gül ýaly ýeri barmy, bar. Ýerie-de ýaltanman kesewi dürtseň, gülläp, miwe berýä. Ýurdy bar, döwleti bar, parahatçylyk. Daşyndan ýagy gelip, ogul olja, gyz ýesir edip alyp, gidenok. Indi, seret, biri-birine ýagy. Iki türkmeni men şu eliň içi ýaly ýerde oňuşdyryp bilemok. Men Han bolup, döwlet gurup, indi otuz-kyrk ýyldan bäri daşyndan bir duşman bilenem söweşemok. Özümki-özümkä ýagy. Men öz türkmenim bilen söweşip ýörün. Öz türkmenim bilen. Olar-a, oňuşmaly däl, biri-biri bilen gyrlyşmaly. Menem olaryň jellady bolmaly. Ine, meniň günüm, pirim. Han işan ilki bir düýrükdi-de, soň özüni ele aldy. – Bularyň başynda bir ýaman päl bar, Serdar. Adamlaryň ýüreginde Hudaý ýok. Olar- ol sakyndy. – Soň ýuwaşja gürläp – olara Hudaý buýrugyndan daş düşenler diýipdirler. Ýöne biribar seni bir olar bilen deň etmäwersin. Gurbanmämmet serdar köşeşer ýerde köşeşenokdy. Ol Kakabaý ýirigi çagyrdy. Kakabaý Han dädesiniň ýüzünden onuň içki harasatyny aňmady. – Bar, ýeňňeňi çagyr. Ene daýza Han işandan uz ýaşynyp ojakdaşynyň üstünde, «Birden turup gitmeli bolsa» diýen manyda çyzganybrak oturdy. Han onuň ýüzüne seretmedi. – Gyzyň kän görünýäl-e? Ene daýza derledi. Ol gyzynyň gyňyrlygyny Hana aýdyp bilmän gan ýuwdup ýördi. « ¬– Dädeň seniň damagyňy çalar, gyz, sen beýle hekgerme, gir yzyňa» diýse-de Göwher oňa ýeň berenokdy. «Dädem bilen özüm gepleşýän» diýip, gaýta, ejesine herrelmäni çykardy. – Jopbalaryny akdyryp, öýlerinde iýmäge nanlary barmy, haram köwlileriň. Meýit juwazçylardan är boljakmy, maňa. Äri özüm taparyn...» – diýip, bihaýalyk bilen öz diýenini tutýardy. Ene görgüli gyzynyň şu geçen sähel döwürde ýüzüniň, diliniň açylyp, beýle bihaýa bolanyna bir ölüp bilenokdy. – gyzym, seniň päliň ýaman bolupdyr. Sen kime çeken zat. – Hanyň gyzy han bolar. Başga kime çeksin...» Men ölsemem gitmiýän. Ölagasynlar, şol köwli juwazçylar» Eneli gyzyň güni bir bolsa, dawasy ýüzden geçýärdi. Ol hanyň öňünde bu sowalyň aşagynda ýegşerildi-de, özüni lampa düşege taşlady. – Oňuşman gelipdir. «Gitjek däl diýip, ýer depip otyr. Han Han işana garady. – Onuň gitjek däli bolmaz. Şu gün bolsa bolsun, ertir irden eltip gaýdyň. – Bolar Eýmiriň dädesi. Han äheňini ýumşatdy. – Hor bolýan bolsalar, ýeter-ýetmez bolýan bolsalar, kömek ediberiň. Öň bol ýere öwrenen lälik çaga gaty ýerde oňmak kynyragam bolmagy ahmaldy. Önüp-ösüberseler, oňa-da öwrenşerler. Ýolmet gowy ýigitdir. Ol maşgalasyny hor-zar etmez – diýýä, dädeň diý. «Gitsin, düşen ýeri bilen bolsun» diýýä diý... Ene daýza agyr ýüküni egnine atyp, turup gitdi... Han gyzynyň Şammy kelli mesele bilen näme dahylynyň bardygyna hiç düşünip bilmeýärdi. Ýöne ýüregi welin şu iki mesele ýadyna düşende «ýüzük oýnunda» çaky alanyň ýüregi ýaly symmyljak ynjy berýärdi. – Halbaý-a oglanlyk etmeli däl. «Ýagyň içinde-de öýüň bolsun» diýişleri ýaly Goçmädiň ol han bilen näme kep edýänini bilmän goýmaz. Onuň çowdur bitligi, duýgurlugygüýçli bolmaly. Orta saçak ýazdylar. Tamdyrdan ýaňy çykan ýumşak külçe nan bilen görgürpek gawunyň saýlamasyndan käseläp getirdiler. Yzýany bilen içeri kebabyň ysy urdy. Han saçaga bakan süýşdi. – Geliň Pirim, «onça-munça aladany owkat kowar» diýen bir söz bar. Han işan saçaga süýşdi-de, kebapdan alyp garbanyp başlady. – Sen, serdarym, Şammynyň Goçmädiňkä myhmançylyga barmagyny ýaman agyr gördüňle. Ýa onda başga bir, biziň aklymyzyň kesmeýän bir hikmeti bolmagy mümkinmi? Han elini saçagyň gyrasyndaky ýaglyga süpürdi. Ýagy akyp duran, näzikden ýumşajyk bişirilen kakmajyň ýene bir bölegini eline alyp, ony seresaply iýip başlady. – Men hiç hili hikmetem bolar öýdemok. Ýöne Şammy keliň tutýan «toýuny» näme, özüň bileňokmy. Ol meniň gara başyma dawa edýärkä, sürenden kowlan guduzlan böri ýaly ondan-oňa sümsünip ýören mahaly baryp Goçmädiňkä göz görtele, gypynç etmän barýan bolsa, bir mojuklyk araba bolmaly. Han gawuny işanyň öňüne süýşürdi. Hywanyň hany bar, Porsynyň hany bar, nökerler egni bäşatarly ähli ýollary darak edip darap ýör. Şonda-da olaryň äsgermezçiligi meniň ýüregime hiç jaý bolanok. Häzir ýüz alty bilen Goçmädiň ojagyna gan çaýkamak meniň üçin hiç zat. Ýöne, olaryň dişiniň arasynda etem goýasym gelenok. Ine meniň pikirim. Han işan gawuna degmedi. «Agşamdan galan gawun meni heläk etdi» diýdi. Soň esasy gürrüňe geçdi. – Ony sen etme, Serdar. Ýurt Halbaýyňky, goý, Halbaý görsün çäresini – Ol elini ýaglyga çaldy-da «boldum, bereket bersin» diýen manyda yza çekildi. – Soňam: Aslynd-a, Halbaýy gala, bäri çagyrsaň bähbitli bolardy. – Halbaý geler. Ol meniň ýagdaýymy duýup duranokdyr. Edil şol wagt Kakabaý Ýirik içeri girdi. – Han däde, Porsudan Halbaý gelipdir. Gurbanmämmet serdar Han işanyň ýüzüne seretdi. – Onda, gelibersin-dä: Halbaý şu jokrama jöwzada uzak ýoly at heläkläp gelene meňzeş däldi. – Essalowmaleýkim Han däde. Ol han bilen gadyrly elleşip, Han işana bakan ýöneldi. – Essalowmaleýkim, işan däde. Men-ä şu bara, çagyrmasaňyzlaýam geleduryn. Tap, gyzy gär dym yssyýu, ýandyry – baratur, öýi köýen. Ol gaýtadan işige baryp bäşataryny egninden aýryrdy. Ädigini çykardy. Dolagyny ädiginiň üstünde goýup, onuň üstesine-de gamçysyny goýdy. – Ele suw aldyryň – heýt. Han Halbaýyň daýaw, dogumly durkuna, eýemsiräp batly-batly sözleýşine, äheňindäki dözümlilige, dogumlylyga guwandy. – Ýigit diýeniň şular ýaly bolar-a, pirim – diýip, Han işan aga baş atdy. Halbaý eline, soň aýagyna suw aldy-da, saçagyň başyna geçip, mürehede garaşyp otyrdy. – Inim Kakabaý, naharyňy täzele. Halbaý ör-gökden geldi. – E-e-eý. Şu artykmajy bilen boladurar. Azareý galmaduryň, heý. Ol azajyk sowan kakmajy darap aldy-da, elini ýaglyga süpürdi. – Işan däde, bir doga ededuryň. Işan doga etdi. Indi gepe ýol açyldy. – Han däde, bu uýasyny ýoz s en, Şammy kel Porsuda köwlenedur-eýt. «Piýe-pisi tarap, suw pesi» diýedurarlar. Ol ýezit biziň Goçmädimiz bilen aşna boladur-eýt, kazy kar, tapadursyň aşnaňy diý. – Hawa – diýip, han oňa gepe mesawulyk gardy. – Ýeri, bakaly. – Eýt, gyzy gar-eýt. Sen meniň ilimde ne poh iýeredursuň diýakgatdyn bardym üstüne. Tiýdim: «eý, jor-eý, sen gelmeli ýeriňi bilmediň, eger syrtyňda erkek tüý bar bolganda, git Han dädemiň ýanyna bar. Bu ýakda ne körüň bar, ýit-ä ýok bol-a, kel doňuz – diýdim. Haram kel gülýaberedur. – Sen Gylly haramzada öldüräseňem, dogry sözüňi aýtadursuň – tiýedur. – Maňa seniň hap baýtalyňam şu sözi diýip bilmez. Sen tildursuň tiýedur. – Eýt, gyzy gar baýtal-saýtal diýip diliňi salaja goýberedurma, ýok bol-a, güjük. Ol Göroglynyň kyratydyr. Köroglynyň özüdir. Han dädem seniň, meniň ýaly iki tilli jeleplerden beýikdir. Şol bardyr biz bardyrys – diýdim. Ol gyzy gör şatyr keliň agzyndan pohuň ysy aňkadur. Içi ýanadur, ot aladur. – Men tap, şol Han baýtalyň ärden kaýdyp öýüne kelen kyzyny heleý edi-ip, bir s... mesem, atamyň döli däl diýedur. Men ony bäşataryň gundagy bilen daglap depesine urdum-da, elini-aýagyny daňdym. Öz galama äkitdim. Goýdum zyndana basy-yp. Soň Goçmät Gyňaçl-a-da: «seniňem boljagyň şol» diýdim-de depdim, ata. Halbaý hanyň ýüzüne seretdi. – Indem, ur diýseň ölduradurys, telpegini al diýseň, başyny aladurys. Han dädemiň duşmany, dym, meniň duşmanym. Şammy keliň aýdan sözüne Gurbanmämmet Serdaryň gaty gahary geldi. Ýöne ol ýüregini dyrtmalap duran sebäbi tapdy. Han Halbaýdan razy boldy. – Berekella, goç ýigit. Sen meni begendirdiň. Eger Şammyny özüm, düýn tutan bolsam, damagyny tersine çalardym. Ol bir ölen adam. Ölen adamy öldürme. Ýaragyny al-da boşadyp goýber. Han Kakabaýy çagyrdy. – Inim, Kakabaý, täze çykarylýan tylla puldan bir jam alyp gel. Kakabaý kiçijik syrçaly jamjagazy ýüzi teňňeli möhürden tümmükläp geldi. – Ine, inim, sylagyň Han agaň täze pulundan teberrik, toýuňa ýarayn. Işan aga-da oňa ak-pata berdi. – Iş bitirdiň. Halbaýyň bady az-kem peseldi. Ol öňüne getirilip goýlan çaýdan howlukman birki käse içdi-de, ýekedyzyna galdy. – Nökerlerinem goýbereýinmi? – Olaram goýber. Ýöne ýaraglaryny, atlaryny al-da, Porsudan çykar, hersine bäş gamçy ur. «Öz halkyňa dönükligiň üçin» diýip, Şammynyň ýaragyny al-da, atyny ber. Goçmädiň öýüni otlaň. Dözmezçilik etmäň, indi öýünde kimi garşy alyp, kimi garşy almaly däldigine gowy göz ýetirsin, eşek. Halbaý ojakbaşyna süýşdi-de, dolagyna, onuň üstünde goýlan gamça elini uzatjagam bir boldy-da, soň ýene hana tarap öwrüldi-de geň sowal berdi. – Han däde, ýaňy bir sözüňde, «Şammy ölen adam» diýdiňiz welin, meniň bu boş kädimehiç ýetmedi. Ýa onuň bir dym, hez gepi boladurmy. Han oýundan açylman oturşuna: – O kepi Işan agaňdan sora – diýdi. Şondan soň Halbaý han işanyň ýüzüne bakdy. Gurbanmämmet hanyň şammy baradaky çözgüdine «Hudaýa şükür, ölüm-ýitim kast ýok» diýen manyda ýüzi açylyp oturan Han işan ýüzüni Halbaýa öwürdi. – Çynmy, ýalanmy – Teke ili orta guýuda oturan mahaly, Keýmir kör atlylary bilen şol guýunyň üsti bilen bir sadaka, gaýraky obalaryň birine geçip barýan eken. Ol wagt orta guýunyň töweregi uly oba eken. Oba girip, guýa golaýlaberende, ýerden çykan ýaly bolup, bir degemsiz atly bularyň gapdallaryndan çykypdyr. Ol ala gykylyk edip: – Ho-he-heýt, göni sür atyňyzy. Eý, öňdäki garry mülhit, telpegiňi pezzerdip, guýa sereden bolma. Ýeke owurt suw ýok. Güm boluberiň obadan, bolmasa, baryňyzy ýeke gylyçdan geçirýän, çaltyrak. Näme, geçjek bolsaňyz obanyň içindäkiden başga ýerde ýel gytmy, tozana garyp öýleri. – diýip bir haýbat urýarmyşyn, ýöne, goýaý-diýýär. Keýmir Körüň ýanyndaky ýigitleriň biri halys çydamandyr. – Keýmir aga, nädýär-eý, ol bidöwlet. Ol size-de dil ýetirip, haýbat atyp barýar-la. Maňa rugsat ber, şonuň bir, kellesini kakaýyn-la, gylyç bilen – diýipdir. Şonda Keýmir kör: – Ölen adama degmäň! – diýenmiş. Onuň bu sözüne düşünmändirler. – Olar-da men ýaly ýekeduran-daýt. – Diňle! – Han Halbaýy saklady. – Onsoň, sadaka geçenler birküç günden ýene şol obanyň içinden yzlaryna geçip barýan eken. Obanyň ortasynda bir aksakal Keýmir köri saklapdyr. – Keýmirjan, atlylaryň bilen hol üýşmeleňe baryp, bir el galdyryp geçiň – diýen. Olar şol märekä baryp, duz dadyp, el galdyrypdyrlar. Şonda hälki aksakal: – Bir kel köwserräk ýigidimiz bardy. Şu ýoldan geleniňem-geçeniňem gapdalyndan çykyp, azar ýamanyny berer ýörerdi. «Oglan, gelene, geçene azar berme» diýselerem, ýene öz diýenidi. Ine, şol ýigidimiz, kimdir biri kellesini kesip gidipdir – diýen. Halbaý ýene-de aňmady. – Onsoň Şammy kel bu ýere nireden geldi. – Han ara goşuldy. – Şammam hälki ýigit ýaly, degene-de degýär, degmedige-de, beýdip ýörşüne, seniň ýaly birine gabat gelse, kellesinden dynar. Halbaý indi ýetdi. Ol dabaralanyp: – Walla, han däde, sen bolagadyň, sen bolmasa men onuň kel kellesini, dym, aladuryn. Men Keýmir aga däldirin. – Ol soňundan hezil edip güldi. – Maňa bir pata beriduryň, Işan däde! Han işan oňa pata berdi. Şammynyň gyzy barada aýdan sözi Hanyň içinden çykmaz boldy. Gurbanmämmet serdar öň Tagtanyň hanyka-da, soň tutuş Hywa golunyň astyndaka-da maşgala, är-aýal, aýal, zyna, namys-ar meselesine juda inçeden ynjyk seredýärdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |