00:40 Guýularyñ düýbüne Gün düşmeýär / hekaýa | |
Parzdepe hekaýalary
Hekaýalar
▶ GUÝULARYŇ DÜÝBÜNE GÜN DÜŞMEÝÄR Daglaryň gara gerişlerinden Parzdepä tarap bulutlar süýşüp gelýär. Olar edil ganatly atlar ýaly, uzak ýola baran oguzlaryň üstünden uçup barýarlar. Oguzlar bulutlary yrym edýärler – syrylansoň ýagtylyk görünýär... Şol sansyz goşunyň birem Meretli. Meretliniň gelni Göwher gelnejem heniz gaýdyp gelmedigem bolsa, şol gün gaýtaryp getirdiler. Parzdepede galan adamlaryň ählijesi diýen ýaly Meretlini ugratmaga ýygnandy. Hatda garry köpek Baltaga çenli bar. Uzak ýola, ýörüşe gitmegiň ýatymlyk oduna giden ýaly däldigine üşükleri ýetensoň, adamlar husytja ýylgyrşanam bolsa, birhili körkeýpdi. Meretli hemmeler bilen hoşlaşdy. Göwher gelnejemi alyn saçyn sypalap, maňlaýyndan ogşady. Soňam duranlaryň ýüzüne ýene birlaý seredip, giň göwrümlik bilen jübüsinden çykaran bir düwür ak gandyny jomartlyk bilen Baltagyň öňüne oklady. Bi sähel salym bolup geçen pursat, duranlaryň kalbyna uzaga çeken ýaly boldy. Şonuň üçin olar aýralyk diýilýän ýowuzlyga dek şu günki gün düşünen ýaly, şol nägehanyň, bu gün bolmasa ertir öz gapylaryny kakjagyny bilip, Meretliden nebsiagyryjy nazarlaryny aýranokdylar. Meretli begençli habar aýtjak ýaly gaşlaryny gerýär. Onuň ýylgyrma diýlen zat ýat bolan ýüzünde çalaja ýagtylyk görünýär. Hamana mamalaryna byzmyk iýmäge gitjek bolýan çaga ýaly. – Sypan saçlarymy aýawly saklasaň, hiç haçan oňa ak girmez, dodagymyň degen ýerine-de ýygyrt düşmez... Meretliniň bi sözüne kim bälçireýär diýip düşündi, kimsi aýdylaýmaly söz hökmünde kabul etdi. Göwher gelnejemem goltugyndan heniz peti açylmadyk ak ýaglygy çykaryp, uýaljaňlyk bilen ýanýoldaşyna uzatdy. Bi ýaglyk derlände deriňi süpürersiň diýlip berilýän adaty ýaglyk däldi. Bu oguz ilinde däbe öwrülen, Parzdepede mukaddes saýylýan – ýar ýaglygydy. Oguz ýigidi alys bir ýere ugramakçy bolanda, ýanýoldaşy eldegrilmedik ak ýaglygy, saçy bilen gulagynyň arasynda goýup ýatýar. Soň gelniň alkymynyň ysy ýaglyga siňip, uzak ýyllar saklanýar. Ýigit tä öwrülip gelinçä ýarynyň ysyny alýar. Ýaglyk oňa söwer ýary ýaly höwür bolýar. Şeýdip Meretli, ýaş gelnini hemem Parzdepäniň tukat durmuşyny bize galdyryp ýowa ugrady. X X X Şol günden başlap Parzdepede göze görünmeýän matam mekan tutan ýaly boldy. Günler oraza günleri ýaly haýal geçýärdi. Hiç bir zat ýatda galanok, hatda has möhüm waka-da, sende hiç hili täsir galdyrman, ýele sowrulan ýaly bolup ýitip gidýärdi. Hemmäniň umydy bir umyt – gidenler sag-aman dolanyp gelse bolýar. Şeýdip, ýürege salnan ýarany her kim özüçe göterip ýaşap ýördi. Adamlaram göwnüne ýalňyz teselli berýän zat – setanda-seýranda ýaralylardyr agsak-towsagy alyp gelýän kerwendi. Saly suw üstünde gala garabagyr ene, kerwenbaşyny tapyp özleriniňkini sorardy. Uzak ýol söküp gelen ýadaw kerwenbaşy, ilki hiç zat gürlemezdi, soňam hyrçynyny dişläp sag elini aşak salgardy. Bi hemmä düşnüklidi. Oguz ilinde ajy habar getiren adam halanmaýardy. Şonuň üçin ol gürlemän düşündirýärdi. Garabagyr ene bolsa, gorky gatyşykly hormat bilen kerwenbaşynyň sag goluna seredýärdi. Niçikmi ol gozganaýsa, ýüzüni tutup sähralyga siňerdi. Şol gün Parzdepede bir topar gül çaga ýetim galardy, bir topar ýetim çaga uly adam bolardy. Bi jeňdi. Jeňde öz ajalyňy özüň gözlemelidi... Eger kerwenbaşy ýyly söz aýdaýsa, gyňajynyň çowy bilen gözýaşyny süpüren ene, o sözi gapyma-gapy aýlap hemmelere eşitdirerdi. Kendirigindäki iň soňky uny kakyp talatlyk paýlardy. Şol gün ol hemmä nebsi agyrardy, hatda gowgasy ýetik, çaýkanyp duran uly dünýäde. Meretliden gelmän-gelmän ahyry bir habar geldi. Ýollanan habar gysgajygam bolsa, ol täsirlidi. Kerwenbaşy onuň garabaşynyň amandygyny nama aýdýan ýaly gözlerini ýumup aýdýardy. Şeýdip aýtsa, Meretliniň ýüreginiň sesi eşidilýän ýaly bolýardy: «Maý tapdygym, beren ýaglygyňy ysgaýaryn. Ýaglyga siňen bozgunç ysy Parzdepäniň gamgyn ýelleri alyslardan ýitirmän alyp gelýän ýaly bolýar...» Habary eşiden Göwher gelnejem begenýärdi. Gysgançlyk etmän, agşamky galan çorbany Baltagyň ýalagyna guýýardy. Soramasamam gowy görýän süýjimden berýärdi. Menem onuň ökjesiniň ýeňil gopýanyna begenýärdim. X X X Gyş ýakylan odunlaryň külüni alyslarda galdyryp parzdepeliler ýazlaga çykdy. Bi eýýäm Meretliniň ýowa gideli bäri ikinji ýola çykylşydy. Ýazlagda hemme kişi özüni erkin duýýar. Şonuň üçin heniz alabaharka, sähra gülleri ilki kalplarda gülleýär, soňam sähralykda. Şol gün ýetişen ulygyzlara-da, töweregiňe ýaltaklaman, ýüzüňi aşak salyp ýöre diýlenok. Eger Baltak tötänden kimdir birine üýräýse-de, käýelmän onuň sak it bolup ýetişenini aýdardylar. Ýöne näme üçindir ýazlaga çykylanam bolsa, Göwher gelnejemiň mazasy ýokdy. Ol köpçülikden çetleşip, oýurgamany çykardy. Howanyň maýlap barýanlygyna garamazdan, entegem egninden çabydyny aýranokdy. Iň ýaman ýeri ol mendenem gaçýardy. Soňky bir döwür kerweniň gelmesi seýreklänsoň, men onuň ýüregi gysýandyr, iki ýylyň aýralygy halys bizaryny çykarandyr diýip özümi ynandyrýardym. Ýöne men ýalňyşan ekenim, özem gaty ýalňyşypdyryn. Şu gün ir bilen, heniz säher gijäniň elinden sypmanka Günüň dogşuny görmek üçin Ene beýigiň üstüne çykyp, ýapynyň ýüzünden gyýtaklap gaýdýan düýeleň yzyna seredip otyrkam, bir gara gözüm düşdi. Gara käýerde kürtdürip, käýerde-de büküljiräp, birsyhly töweregine ýaltaklap gelýärdi. Ol has golaýlaberende, Göwher gelnejemdigini tanap oňa tarap ylgadym. Göwher gelnejem ögäp durşuna meniň gelmezligimi isläp, goluny dolandyrdy. Onda-da men oglanlyk edip, alkymyna bardym. – Gelneje näme bolýa, Gülsün ejäni çagyraýynmy?.. Ol hiç zat geplemän büküljiräp, çabydynyň synyny çekdi. Soňam sypaýyçylyk etdi. – Hiç kimi çagyrma, häzir, häzirjek gowulaşaryn... Birhili üşäpdirinmi, nämemi... Soň bu ýagdaý ýene birki ýola gaýtalandy. Men şonda Göwher gelnejemiň ak çägelere agram salýan, owsanaklap giden aýak yzlaryny görüp, onuň nämedir bir pynhan, gorkuly zady başyndan geçirýändigini syzdym. X X X Otlaryň ýüzi gaýdansoň, biz basym Parzdepä dolanmak bilen bolduk. Ýöne onuň bilen syr öz pynhanlygyny gizläp bilmedi. Bahym Parzdepä ýaramaz gürrüň ýaýrady. Gürrüň edýänler, edýän gürrüňini diline almaga-da uslyp görmän, ýakasyny tutup, ýüzüni aşak salýardylar. Hatda Gülsün eje-de, namazyny okap bolandan soň, esli wagtlap namazlygynyň üstünden turman, elini agzyna ýetirip, birsyhly toba diýýärdi. Soň bi gürrüň erkek adamlaryň arasynda-da gaharly eşidilip ugrady. Şeýdip Parzdepe Göwher gelnejemden daşlaşyp başlady. Men bu eşidilýän gürrüňlere aklym ýetirip bilemokdym. Şonuň üçin oňa ynanasym gelenokdy. Şu gün bolsa onuň hakykatdanam şeýledigini öz gözlerim bilen gördüm... Süýr günortan düýeleri suwa ýakyp durkam, suw almaga Göwher gelnejem geldi. Onuň ýüzi perişandy. Hemişeki, hemmeleriň eý görýän owadan gözleri gamlydy. Ol zordan özüne-de, suw çekip bermegimi haýyş etdi. Men gowany sowjak bolup egilende, sowsany köýnegiň öňa eteginiň birneme gallyganygyna gözüm düşüp, inim jümşüldäp gitdi. Aljyrap urgany elimden sypdyrdym. Guýa gaçan gowanyň pagşyldysy bilen Göwher gelnejemiň haýy giden pyşyrdysy bile eşidildi. – Näme bolly? – Hiç zat... Men diňe şo sözi diýip bildim. Şondan soň, öň Göwher gelnejem menden gaçganaklaýan bolsa, indi men onuň garasyny gördügim, bolýan zatlara özüm günäkär ýaly müýnürgäp gizlenýärdim. Ýöne nädip beýle bolanyny bolsa, bilip bilemokdym. Bir bilýän zadym, Göwher gelnejemiň ak çägeler ýaly päkligidi. Ýene bir bilýän zadym, şol sözleriň iň soňky harpyna çenli dogrulygydy. Onda, ol näme beýle... Men öz sowalyma jogap berip bilmän, ýeke-täk güýjümiň ýetýäni oglan gözlerim bilen ony düşündirjek bolýardym. Baş çykaryp bilmämsoň, alaçsyzlykdan ýitirim çölüň içine gaçyp gidesim gelýärdi. Dünýäniň imi-sala ýerinde, öz pikirlerim bilen – oglantak pikirlerim bilen ikiçäk galyp süýji arzuwda ýaşasym gelýärdi. Ýene gözümiň öňüne, ak çägelere agram salýan köwşüň maşşyk yzydyr öň etegi gallygan sowsany köýnek gelýärdi. Gözüm gören zadyna hakykat diýilýän bolsa, Göwher gelnejemi aklaýan ýekeje tutarygam ýokdy. Diňe bir zat – oglan ynanjym oňa gara sürtesi gelenokdy. Onsoň kelebiň ujuny ýitirip, alaçsyzlykdan näme etjegimi bilmän ejiz adamlaryň edişi ýaly aglardym. Özem köp aglardym. Şeýdip bujurygy çykan günleriň gapysy açyldy. Men indi her gün, Göwher gelnejemiň günäli ýylgyrşyny görýärin. Men indi her gün, azymly gaharly sesleri eşidýärin. Men indi her gün, ýakasyna tüýkürýän zenanlaryň toba seslerini eşidýärdim. Günler geçip durdy. Ýöne olar gorkuly, agyr oýlar bilen geçýärdi. Tötänden diýen ýaly, şu gün Göwher gelnejeme pete-pet gabat geldim. Ol ilki aglady, soňam, haraý isleýän ýaly, boýurganyp, nalyş bilen şeýle diýdi: – Sen beri maňa ynan... Senem ýüz öwürseň... Men... Men ak guşlar ýaly ak... Men zordan aglaman saklandym. X X X Parzdepede ýene ýaramaz gürrüň ýaýrady. – Parzdepäniň süňňüne ylaýyk gelýän zat däl... – Ol ony kabul edip bilmez... – Meretl-ä o ýerde... – Duşmanyň törüňden örmesin... Şeýle günleriň birinde ýene kerwen geldi. Kerwenbaşy ýene bozgunç ysly ýar ýaglygy hakynda aýtdy. Bi ýagdaýy hasam agramlaşdyrdy. Meni gorka salýan Göwher gelnejemiň hossarlary ondan ýüz öwürjekmişin diýilýän sözlerdi. Men gyssanyp Gülsün ejäniň ýanyna ylgadym. Ol doňňara daş bolup durşuna ýüzüme-de seretmän, bar aýdany ýeke söz boldy. – Kysmatydyr-da... Şol gün agşam men ýatyp bilmedim. Ertesi ýene bir habar ýaýrady. Bi gürrüňi ýaýradan, indi öňräkden bäri Parzdepäniň gaýra çetinde ýalňyz özi ýaşaýan, bar zatdan habarly, okumyş kempir diýilýän Jüýten garrydy. Ol ýekeje dişem bolmadyk gepmik agzyndan batyrgaýlyk bilen şeýle sözleri çykardy. – Çaganyň dogaryna garaşmaly... Belki, enäniň göwresinde ýapyşak galandyr... Ýapyşagyň nämedigini oguzlar bilýärdiler. Ol mal-garada-da, bar zat. Ýöne iki ýyl enäniň garnynda galan ýapyşak oýlandyrýardy. Duranlaryň biri gaharly gürledi. Beýlekilerem onuň sözüni tassyklady. – Ýapyşagy biz gowy bilýäs. Sen iki ýyllap saklanan ýapyşaga nähili ynanyp boljagyny, sen bize düşündir... Diranlar wagyrdy berdi. – Hawa, sen şony düşündir... – Ýapyşak diýmek aňsat... – Adamlaryň ýüregi ynjalsyn... Jüýten kempir ýuwaşja, ýöne düşnükli gepledi. – Dogan çaganyň agzynda diş bolmaly... Eger şol bar bolsa, eneden günä sowulýar... Bi ýeke-täk şaýat, tutaryk... Ýapyşak bolup köp saklanan çagada diş çykýar... Parzdepeliler maslahatlaşyp, ýene bir syra, onda-da, heniz eşidilmedik üýtgeşik syra garaşmaly etdiler. Şol günüň ertesi, iňrik garalaýmanka adamlar bilen hoşlaşmaga gelen ýaly Göwher gelnejem guýynyň başyna geldi. Onuň maňlaýyny, ýüzüni gap-gara ýakal tutupdyr. Ol ýygyrt atandanam myrtar görünýär. Bi görnüş adamlaryň ynanjyny hasam güýçlendirdi. Onda-da olar, lal açan dünýe bilen ylalaşyp seslerini çykaranokdylar. Bu boluş hasam erbetdi. Iki egniniň ýokaryk-aşak galýanyndan men Ogullanyň sojap aglaýandygyny bildim. Gülgün eje-de, agşam ýatmadyk borly, birsyhly gyňajynyň gowuny gözüne ýetirýär. Göwher gelnejem hiç zat geplemän Parzdepä tarap gidýän ýol bilen däl-de, ters ugra düşüp bizden daşlaşdy. Ýol gum depeleriniň arasyndan bir öwrüm edip, oduna gidilýän ýola sapýardy. Meniň oý-pikirlerimem, özümem şol ýol bilen bi görgüsi ýaman zenanyň yzyna düşüp barýardym. Ol obadan saýlanyp esli gitdi. Soňam selin tümmekleriniň aňyrsynda gizlendi. Gije mazaly garaldy. Iňlär siňeksiz sähra ümsümleşdi. Parzdepe tarapdan Baltagyň ýaltalyk bilen üýren sesi eşidildi. Oňa jogap edip, haýsydyr bir köpek uzak wagtlap üýrdi. Bi imi-salalygy bozman, gaýtam bekedýän ýaly boldy. Göwher gelnejemiň ýatan ýerinden süýji agyryny başdan geçirýän adamynyň ýakymly iňňildisi ýaly ýumşaksy ses eşidildi. Soň ol ses güýçlendi. Yza çekýän adamynyň iki-baka urunýandygy mälim boldy. Soň ynjalan ýaly, esli wagt ses çykmady. Diňe gijäniň duýgur ümsümligi beýik ýüregiň – ene ýüreginiň asuda dem alýandygyny eşitdirdi. Az salymdan ýene hysyrdy, biynjalyksyzlyk başlandy. Ol bi gezek uzak dowam etdi. Ýene kimdir biri ony köşeşdiren ýaly boldy. Ene – dünýä ýaşaýşy alyp gelýän ene hem hopugýardy hemem gyssanýardy. Birdenem, enäniň sesi bilen bile bäbejigiň sesi eşidildi. Gijelik bolansoň ol hasam töweregi gaplady. Men tolgunmadan saklanyp bilmän oňa tarap ýöneldim. Meniň gelýänimi gören Göwher gelnejem janalgyly ýaly erbet ses bilen myrtar gygyrdy. – Golaýyma gelme... Men ýene öňe ýöredim. Ol tanan borly, indi öňküsinden ýuwaşja ses bilen gürledi. – Bi senmi? Eý, Hudaý... Bisyrat... Dur... Çaganyň göbejigini kesmeli... Hany entek dursana... Ýaragyňa ýokdur... Çöp-çalam bilenjik, seresabyrak... Oňa zeper ýetiräýme... Meniň ýaragym ýanymdady. Gözümi berk ýumup, inçejik içegä meňzeş göbek bagyny dişim bilen kertip başladym. – Ana boldy, sen indi ony meniň elime bersene, özüňem aňryňa öwrül... Zeminiň iň täze adamsy, ýaşajyk parzdepeli endamynyň garasy aýrylmadygam bolsa, dünýäden närazy ýaly çyr-çyr aglaýardy. Göwher gelnejemem onuň ýüzüne gorkuly seredip, hasrat bilen şeýle sözleri gaýtalaýardy. – Seret, seretsene, hon-ha aşakky eňeginde iki sany dişjagaz akjaryp görünýär... Garaňkylygam bolsa meniň ýanaşyk duran goşaja dişe gözüm düşdi. Göwher gelnejem indi hiç zat geplemän diňe dodaklaryny gymyldadýardy, gözlerinden bolsa, ullakan ýaşlar haýallyk bilen biriniň yzyndan birisi damýardy... Parzdepe ýene bir howsalaly gününi başdan geçirdi. Öwezmyrat ÝERBENDI. | |
|
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Pikirdeş / hekaýa - 21.07.2024 |
√ Meniň ýyldyzym / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Iki daragt / hekaýa - 15.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |