00:51 Güýz göwünli guýmagursak şahyrdyñ... | |
GÜÝZ GÖWÜNLI GUÝMAGURSAK ŞAHYRDYÑ...
Edebi makalalar
Aglaly, bile güleli... Myrat tapsyn maksat tutan. Biz näm bolsak şo bolaly, Bolsa bolýar, eziz Watan! Elbetde, bu setirler türkmeniň zehinli şahyr ogly Gurbannazar Ezizowa degişli. Şahyryň çuňňur watançylyk duýgusy goşgy setirlerine siňip, olary okan her bir adamyň kalby Watana bolan söýgi bilen joşýar, dost-doganlyk düşünjesi çuňlaşýar. Owalda türkmen zehinli ýazyjydyr şahyra, aýdymçydyr sazanda baý halk. Döredijilik bilen meşgullanýan adamlar ussatlyga ýetip, halkyň göwnünden turýan eserleri döredip, olary ýaşaýşa, zähmete, söýgä... ruhlandyryp durýarlar. Şonuň üçin hem olaryň eseri hemişe uly höwes bilen okalýar. Gyzykly, gowy kitaby okan adam bolsa çäksiz ruhy lezzet alýar. Şol kitaby özüne syrdaş, göwündeş hökmünde hemra edinýär. Halkyň söýgüsini gazanan, onuň kalbynda müdimilik orun alan meşhur şahyrlaryň biri hem türkmeniň zehinli ogly şahyr Gurbannazar Ezizowdyr. Gurbannazar Ezizow 1940-njy ýylda dünýä inýär. Ol döredijilige çagalygyndan başlaýar. Heniz mekdepde okaýarka onuň ilkinji goşgulary gazetlerde çap edilip başlanýar. Gurbannazaryň ýiti zehini, giň dünýägaraýşy, şeýle hem öz goşgy ýazyş aýratynlygy onuň eserlerine şol döwrüň ussat ýazyjy-şahyrlarynyň ýokary baha bermegine hem-de onuň goşgularynyň okyjylar tarapyndan söýlüp okalmagyna getirýär. Şahyryň döredijiligi köp ugurlylygy bilen tapawutlanýar. Onuň eserleriniň içinden Watan, il-gün, dünýä, durmuş, zähmet, tebigat, ýoldaşlyk gatnaşyklary, ynsan hormaty, dostluk, ýaşaýyşa söýgi, sungat, geljege ynam hakdaky pikirler eriş-argaç bolup geçýär. Onuň çuň pelsepeli gürrüňleri delil getirip, ýerinde peýdalanyp bilşi hem diýseň özboluşly. Ajaýyp häsiýetler aýratyn orun tutýar. Gurbannazar iň bir ýönekeýje zat bilen baglanyşdyrybam çuň many-mazmunly eser döretmegi ussatlyk bilen başarypdyr: Dosta näçe serpaý etseň az ýaly, Näçe söýseň, Şonça söýüp ýörmeli. Ýokdur dostuň gymmady ýa arzany, Dost dost bolar, Şoňa janyň bermeli. Ýöne ol janyňy almaz hiç haçan Şoň üçin gar, Gyşda galanyn bilseň, Ýyrtyk jübüsinden işlige gaçan Iň soňky otluçöp dänesi bolsaň. Gurbannazar Ezizow dostluga aýratyn sarpa goýan şahyr. Onuň dostluk hakyndaky şygyrlaryny okadygyňça ynsan mertebesiniň belentdigi durmuş hakykaty bolup göz öňünde janlanýar. Şahyr öz şygyrlarynda aýratynam güýz paslyna uly orun beripdir. Onuň goşgulary hem şahyryň pespäl, paýhasly we sada, güýz pasly bilen ýürekdeş hem oňa çyn aşykdygyny açyk-äşgär aýan edýär. Söýýän güýz paslyny, Sarylygyny. Göwnüme hoş ýakýar onuň pes päli. Ölüm bilen ömrüň aralygyny, Ölçemeli ýaprak şahada häli. ...Ajalyny almaýan dek boýnuna Ol keçjallyk bilen oýun eder ýeser. Geňler galyp onuň täsin oýnuna, Gyşam birazajyk yzyna teser. Hawa, bu günki gün hormatly Prezidentimiziň taýsyz aladalary bilen döredijilik we sungat işgärleri erkin işlär ýaly şertler döredilýär. Halkymyz bu günki gün türkmen sungatyny belende göteren ýazyjy-şahyrlarynyň, sungat we döredijilik işgärleriniň sarpasyny belent tutýar, olara çuň hormat goýýar. Şahyr Gurbannazar Ezizowyň eserleri hem Diýarymyzda uly höwes bilen okalýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmeniň belli ýazyjy-şahyrlarynyň döreden ajaýyp eserlerini gaýtadan çap etmeklik ýola goýuldy. Şolaryň biri hem Gurbannazar Ezizowyň «Türkmen sährasy» ady bilen aýratyn kitap bolup çapdan çykan goşgular ýygyndysydyr. Häzirki wagtda şahyryň şygyrlarynyň ýokary watançylyk, mertlik, dostluk, ynsanperwerlik ýaly wagyz ediji ähmiýeti nazarda tutulyp, onuň eserleri Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby bölümleriniň kitaphanalaryny bezeýär. Serhetçi esgerler şahyryň şygyrlaryny uly höwes bilen okaýarlar. Gurbannazar Ezizow bir gezek dostlary bilen öz öýünde söhbetdeş bolup otyrka olara: «Siz otuz, otuz bäş, kyrk ýaşyna ýetmän aradan çykan meşhur şahyrlardan kimleri bilýärsiňiz?» diýen sowal bilen ýüzlenipdir. Soňra bolsa «Lermontow, Puşkin, Baýron, Petefi, Lorka, Bems, Bagriskiý» diýip, öz sowalyna özi hem jogap beripdir. Gurbannazar Ezizow öz gysga ömründe okyjylaryna ajaýyp eserleri galdyrmagy başardy. Ýurduny-topragyny, il-gününi jany-teni bilen söýen şahyryň «Topragym» atly goşgusy şeýle setirler bilen jemlenýär: Minnetdarlyk sözi sada bolarmyş,— Ýollaryň ak bolsun, uzaga gitsin. Bаkу uka batsam bir gazaply gyş, Seň goýnuňda ýatmak miýesser etsin! ...Bu günki gün öz sežde eden öz topragynyň goýnunda ýatan şahyryň goşgulary gamly göwünleri galkyndyrmak bilen, poeziýa muşdaklarynyň her biriniň ruhy hemrasyna öwrüldi. Şonuň üçin öz gysga ömründe uly meşhurlyk gazanan guýmagursak şahyryň dürdäne eserleri nesilden-nesle serpaý bolup gowuşýar hem öz mazmunyny has-da artdyryp gelýär. Türkmen halky merhum şahyry hemişe ýagşylykda ýatlaýar. Tänip «şahasyndan» topraga düşen, Merhumlary hormat bilen ýatlaýas. Altyn güýzde gussa batyp hem üşän, Baglaň arasyndan gamly ätleýäs. 35-e ýetmän giden meşhurlaň, Gynansagam arasynda adyň bar. Gussalykaň hemra bolýar goşgulaň, Teşnä melhem — Poeziýaň ýaşaýar. Altyn güýzden aldyň paýhas hakyňy, Hawa, adam tebigata garylýar. Goşgularyň ýaşaýyşa çakylyk — Her baharda pyntyk bolup ýarylýar. Ви gün il ýatlaýar şahyr ogluny, Watan öz gerçegin ýatlaýar bu gün. Şahyr şygry bilen ömür ýoluny Bezäp hem awlady il-günüň göwnün. Ýusup ESENOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||