04:42 Gyzyl balyk / hekaýa | |
GYZYL BALYK
Hekaýalar
Urşuñ gahatçylygy bi. Ýogsam, allanäme günleri bardy. Dädesi jeñe gitdi. Brigadirdi özem. Yzynda gol doly maşgalasy galdy: tapdan düşen ejesi, aýaly, sülgüniñ jüýjesi ýaly çülpe çagalary. Işe ýarany uluja ogly ýetginjek Salyhdy. Hawa, ýetginjek Salyh. Ol indi ikinji gündür Hazar kenaryndaky obalaryñ birinden Etrek ýakalaryna ýetmäge howlugyp, ýöremekden surnygypmy ýa teşnelikdenmi, garaz, deslapky dikgirdisi galyşan gök eşegini gaýta-gaýta debsileýärdi. Eşek janawar başky gyssamalara çuslanjak ýalam boldy, ýöne dura-bara muña öwrenişdi. Haý diýmän, durarly göründi. Onsoñ Salyh eşekden düşdi. "Häýt, janawar, kür, kür" diýip seslendi. Bu-da Eşege parh etmedi. Gaýtam, düz ýerde büdräp, tas ýykylypdy. Oglan ony saklady. Az mahallyk dynç bermegi ýüregine düwdi. Aslynda eşegiñ bu hala düşmegine özi günäkär. Salyh oña meşikdäki suwuñ ýarpysyny beripdi. Elbetde, ganmadygy belli. Ýöne oñşuk etmezçe-de däldi. Üstesine-de, howa ala bulutly boldy gündiz. Eşek eşek bolýar-da. Bisabyr. Salyh süýji uka gidende meşigi silterläp-silterläp döküpdir. Ah, gögele oglan! Berk dañmaly ahyry meşigiñ agzyny. Ol suwuñ dökülmeginde özüniñem akja guş däldigini arkan düşüp ýatyşyna indi-indi serinde aýlady. Topragyñ howry gaçmandy. Gün yzyndan Salyhyñ enesiniñ bilguşagyna çalymdaş gyrmyzy çaýylan gögümtil kemerjik galdyryp, batypdy. Gör-le, muny! Ol ýap-ýañyja-da ýagtysyny saçyp, jahana hökümdarlyk edýärdi. Garaja öýdäki çyra söndürlene dönäýdi. Eýýäm sährany tümlük gaplap başlady. Egrem-bugramlanyp, akjaryp gidýän düýe ýodajygyny-da garañkylyk ýuwudyp-ýuwudyp, gözden ýitirip barýardy. Aý giç dogýardy. Onsuz Salyh gözli kördi. Ýola näbeletdi. Obada salgy berişlerine görä, aý doganda ugrasa, ak öýlän barmaly obasyna ýetmelidi. Şo çen, barmak başardarmyka beri? Ol günuzyn suw datmandy ahyry. Eşek halas etdi ony. Münüp gaýtdy janaweri. Ýüki-de bar. Gyzyl balyk. Ýöne deregine Eşegiñ güýji gaçdy. Häzir ikisine-dw tomus gijesiniñ serginligi Hydyr ata bolup ýetişmelidi. A ertir? Belki, kerwen ýa-da çoluk sataşar. "Ýagşy niýet ~ ýarym döwlet" diýip öwrederdi enesi. Onuñ horlanyp gelşem, esasan, şo kempir üçindi. Ajap eje ýaly, mähremlik, derdiñe derman tapmaklyk, gözüñden ýüregiñdäkini bilmeklik hiç kime-de başartmasa gerek. Hawa, hiç kime. Salyh, muny daşyndan aýdandyryn öýtdi. Töweregine ýaltaklady. Eşegiñ ýüküni düşürmek isledi. Ol janawar, megerem, yrañ-darab edip, häzirem dik durdy. Oglan turjak boldy. Oñarmady. Deri gaýdyşyp, süññi sowapdyr. Ol çaý içim salymlyk dynç alyp, ýüki soñ düşürmegi ýüregine düwdi. Ýene enesi ýadyna düşdi. Bir gezek şeýle boldy. Şo, Sapardan-da hemmesi. Obanyñ ileri çetinde öýleri. Aşyk oýnady. Utulyp barýarka karam etdi. Ýakalaşdylar. Dil birikdiren ýaly, bir ýerden goñşularynyñ ogly geldi. Iki ýanlap mazaly ýençdiler. Salyh hernä, aglap sypaýdy. Öýe gelende enesi: "Oglum, kim eli kesilmiş urdy" diýdi. Biraz gyzaran Salyh: "Hiç kim, ene" diýip, aldady. "Aý, oglum, gözüñ aýdyp dur ony. Kirpikleriñde damja çyglarynyñ yzy galypdyr". Beýle pursatlaryñ haýsy birini ýatlajak? Köp-ä bular. Hawa, bir saparda-da agyr syrkawlady. Bu dädesiniñ urşa gitmezinden bir ýyl öñünçäsidi. Enesi ençeme däri-derman berdi. Ahyry aýak üstüne galdyrdy. Şonda-da Salyh keselden saplanyp gidibermedi. Işdäsi ýok. Guşdamak. Enesi dädesini Balkan ýakalaryna iberdi. Ol on-onki günden geldi. Damarlak-damarlak ot getirdi. Şol oty geçi süýdüne gaýnadyp beriberdi. Salyh açyldy ötägitdi. Arman, şo otuñ adyny soramandyr. Indi barsa, hökman biler. Şu ýerde oglan enesiniñ lukmançylygyny öwrenmegi oýlandy. Ýetişip biläýse, ne ýagşy. O görgüli gury süñk bolup galypdy. Ýerindenem galyp bilenok. "Wah, şumat gyrkylmadyk çebşiñ etini suwa gaýnadyp iýäýseñ, aýak üstüne galardym" diýdi ýola düşmezinden birki gün öñ. Sylagy bar obada. Köp kişiniñ göbegenesi. "Ene" diýşip durandyrlar, oglan-uşaklylar-da. Namysjañ-da özi. Dilegçilik salmagy ýokuş görýä. Ýogsam, obada-da tapylsa tapylardy bir çebiş. Etrek ýakasy mala baý. Balygy gyt. Çalyşmaga barýa o ýana. Ol balyk ýadyna düşende, nireden güýç-kuwwatyñ gelenini bilmän, ýokary turup bildi. Ýüki düşürmel-ä. Hany eşek?! Ýykylaýsa dagy haraplar ol, balyklary. Gyzyl balyklar... Enesi üçin, ýaşaýyş... Oglan eýlä-beýlä ýöredi. Öñem ysgyn-deramatsyz. Indi has-da ýöwselledi. Howa çyglanman, gaýtam, petişlenipdir. Ol muny duýdy. Ýüz-gözlerine bir zatjagazlar degip, gaçdy. Salyh enesiniñ aýdanlaryny hakydasyna getirip, oýlanyp bildi: "Howa, juda gurak bolanda, möjejikler ýagar asmandan ýagşyñ deregine". Dogry, möjejikleriñ ýüzüne degmesi tiz kesildi. Daş-töwerekden ses-üýn eşidilenok. Bu çöl içindäki oglanyñ ýüregini beter gysdyrdy. Hany dur-la. Biriniñ aýak ses-ä eşidilýär. Salyh çala-mydar ýöremesini goýup diñşirgendi. Be-e... Dogrudan hem... Golaýjakdan özem... Düñk... düñk... Walla, ýetip gelýä. Ynha... Ynhajyk-ga... Ol gara-çyra görünmese-de, yzyna, ik gapdalyna äñetdi. Hiç zat bildirenok. Ses weli, birsyhly eşidilýär. Düñk... düñk... Çöle, ýalñyzlyga öwrenişen oglany birden gorky gaplap aldy. Asyl arwah-jyn bolaýmasyn bi. Salyh biygtyýar bilindäki gezlijeginiñ sapyny sermenekleşdirdi. Bar. Göwni az-kem teselli tapdy. Uludan dem aldy. Indi ünsli diñ saldy. Ah, oglan başyña döneýin! Enesiniñ gowy görýän sözleri bi. Älhepus, seniñ çöle ýeke çykaýşyñy! Basajyk towşan şekilli sümelgäñde oturmaly eken, Salyh jan! Asyl, ýüreginiñ sesi bolsa nätjek bi. Gorky-ünji aýryldy. Ol hamala eşek düşünip, jogap gaýtarjak ýaly, gygyrmak isledi: "Ah-ow!!!" Sähra ýañ dolar öýtdi. Emma, bary biderek. Ses özüne-de eşidilenok. Salyh şeýdip, ep-esli gitdi, soñra ýüzinligine ýykyldy. ...Ol ertir, guşluk ýerine baran gün endam-janyny gyzdyranda oýandy. Süññünde argynlyk bardy. Agzynyñ içem gus-gury. Salyh dyzlaryna daýanyp ýokary turdy. Daş-töweregine ser saldy. Ho-ol, yzda bir zat garalýar. Süññi erbetligi syzan oglan şol tarapa ýöneldi. Baryp görse... Eşegi ölüpdir. Endamynyñ ýylysy-da gitmändir. Häý, janawer, belki, eýäñ münüp gaýtmagy ömür tanapyñy gysgaldandyr. Burnuna gonan ýol siñegini kowmaga-da güýç-gaýrat tapman, ýatyrsyñ. Bogazy dolan Salyh eşegiñ uzyn gulaklaryny sypap goýberenini bilmän galdy. Soñra horjunyñ baglaryny çözüşdirdi. Dymyljagrak ys burnuna urdy. Oglan gynanmakdan aglaýjak-aglaýjak boldy. Muña güýji ýetmeýän şekillidi. Hawa, ol gözýaşsyz aglap durdy. Eýsem, näme?! Enesi aýtmyşlaýyn, horluk, ýadawlyk bir çäýnek gök çaý içse aýrylar. Emma muny... ömürboýy unutmaz. Balyklar yslanyp başlapdyr. Porsan balygy kim alar? Çebiş etjagazy bolmasa-da, enesiniñ gutardygy. Oglan näalaç, aljyrap, gözýaş damýandyr öýdüp, gury gözlerini süpürişdirdi. Ol birden özünde umydygär bolmaga güýç tapdy: Ynsaply adamlar bardyr-a Etrekde-de. Ynanmaklary üçin, ganymadrak bir balygy äkider. Çebşi enesine ýetişdirse, armany ýok onuñ. Enesi hut şoña garaşyp ýatyr-a. Soñ öwrülip, täze balyk äkeler. Ýok, ol aldamaz. Sebäbi enesi uzak ömründe bir kişinem aldamandyr. Oglan horjunyñ agzyndaky ýel-gün çalyp, o diýen yslanmadyk gyzyl balygyñ birini eline aldy. Zordan göterdi. Agyr. Muny kuwwatlykañ götermek hyllalla. Bi halda aşyryp bilermikä?! Ol ençeme gezek oturdy. Turdy. Ýene-de öñe gitdi. Ynha, düýe ýodajygy pessejik çägelige süsñedi. Birsyhly takyrlyk ýürege düşüpdi. Salyh ýoluñ täzelenmegine biraz daýandy. Ol ýodajygyñ iki gapdalyndaky çägeligiñ gitdigiçe galbañlaşyp-ýognalýanyny añlady. Çägelik gutarsa, hökman, añyrsynda, çarwa obasy bardyr. Kim bilýär, bagtyñ çüwse, aralykdaky uly oýtaklarda-da çarwa öýleri sataşar. Ýöne mundan añry oña ýöremek başartjak däl ýaly göründi. Aýaklary ädilenok. Başy aýlanýar. Süýr günorta baran gün diñe onuñ kastyna çykan şekilli ýandyryp-gowrup, gaýnap duran suwly gazana düşene dönderýär. Ol saklanyp bilmän, öñe tarap ýykyldy. Agzy gumaksy, gyzgyn topragy garbady. Şobada burny gan ysyny syzdy. Agzy-burnuny sypaşdyryp gördi. Hernä ganan ýeri ýok. Beýle yssyda gany saklap bolmajagy her kime aýandyr. Salyh galmaga synandy. Eýgertmedi. Ol indi balyksyz turup bilenok. Onsoñ mazaly demini dürsemegi müwessa bildi. Birden ýeñse tarapda çyñsama ses eşidildi. Gözleri garañkyrap, derden awuşaýan Salyh on-on bäş ädimlikdäki läheñ möjegi saýgardy. Bu birbada hemme zady unutdyrdy. Şol sebäpli, Salyh ýokary turup bildi. Egilibräk, saññyldap durdy. Möjek ynsanyñ janlydygyny görüp, gaçmag-a beýlede dursun, gozganmagam islemedi. Ol, misli çaý içim salymdan ynsanyñ ömrüniñ paýawlajakdygyny bilip, garaşyp duran şekillidi. Gözler sataşdy. Şonda Salyh möjek gözlerinde ýaşaýşa umyt gördi. Suwsuz ýa-da açmyka bi? Parhy näme? Barybir, ol, ata-baba duşmany ynsany awlamagyñ kastyndadyr. Ýok, beýle däl bolaýmasyn? Aç bolsa, balygy taşlasa, özünden el üzer-ä bi. Şeýdibem, Salyh diri galyp biler. A suwsuz bolanda näme? Salyhyñ endamynda nem galdymyka beri? Möjek muny näbilsin. Salyhyñ pikiri garjaşdy. Ýöne ol möjegiñ tamşananlygyny, özünden birjigem nazaryny sowmaýanlygyny añdy. Onuñ ýene başy aýlandy. Tümmege direndi. Dur-la kim bi? Ýol bilen bir-ä gelýär. Özem, ters tarapdan, öñden. Gujagy açyk. Eý-ho! Bi, niçik ahwal! Enes-ä, ol. Kyn pursatda ýetişdiñ, jan enem! Diri öwlüýä sen! Indi Salyh halas! Halas!!! Ýüzi gara ört bolan oglan aýylganç güldi. Ha-ha-ha-ha-ha!!! Ha-ha-ha-ha!!! Möjek tisgindi. Ynsandaky özgerişligi duýan ýaly, birki ädim götinjekledi. Gülki ses tapba ýatdy. Bi, nä?! Enesi gelip ýetenok. Şol bir duran ýerinde. Öz-ä ylgaýar. Zyýany ýok, ene. Agtygyñ saña ýetmäge kuwwat tapar. Ol hemme güýjüni toplap, balygy goltugyna aldy. Öñe ätledi. Ynsanyñ çaýkanýanlygyny, basym ýykylyp, dem-düýtsüz ýatjaklygyny duýan möjek sabyrlylyk bilen onuñ yzyna düşdi. Salyh, soñky demde enesiniñ duran ýerine geldi. Enesi añry çekildi. Çekildi-de, gözden sumat boldy. Oglanyñ bar umydy üzüldi. Ol kyn pursatlarda akylynyñ çaşgynlanlygyny bilerden ejizdi. Möjegi bütineý unudypdy. Oturmajak bolýardy. Şeýtse, soñra müdimilik, turup bilmejek ýalydy. Şol sebäpli, saklanyp, demini düzdi. Möjek ynsanyñ ýykylman durşuna geñ galýan ýaly, sägindi. Bäh, bi ynsany! Özi ik aýagynyñ üstünde zordan dur. Onda-da ýüki bar. Barybir, ýykylanok. Aç-suwsuzlykdan kuwwatynyñ gaçanlygy, ýogsam bir towsanda ýetjek aralyga geldem. Iki aýakly jandarlara beletdir, ol. Has öñräk, ýaş mahalynda, gözsüz batyrlyk edip, sürä daranda taýak bil oñurgasyny tas ýazdyrypdy. Ala-mula köpegiñ demindenem zordan sowdy. Şondan bärem, hüşgärligi elden berenok. Bularyñ ejizligine ynanmak ölüm bilen barabardyr. Enesi her bir işde sabyr-takatly bolmagy ömürboýy gursagyna guýup bilipdi. Ysgyn-mydary gaçan möjek biraz garaşmagy ýüregine düwüp, garysyny ýassanyp, ynsany garawullady. Allajanlarym, onuñ goltugyndaky näme-kaý? Güne täsin ýylpyldaýar. Üýtgeşik ysam bar ýaly. Möjek basym muny adam ysy bilen gatyşdyrdy. Elbetde, akylynyñ dury mahaly bilse-de bilerdi. Bu halda, ömrüniñ sanalgyja pursatlarynda ony bilmek nämäe derkar? Ynsanyñ mekirligi bolmagam ähtimal. Heniz ýaşka, enesi bilen gije awa çykanda, uzakdan eşidilen gümpüldi sesinden aýak aldygyna gaçypdy. Görgüli. Şo täwire, gümpüldi çykarýan bir zat bolaýmasyn, ol. Ynsan, syrly, emelkeş jandar-a... ...Yrgyldap, ýola düşen Salyh hültde oýtaga indi. Görse, enesi öñýanjagazynda dur. Ene, janym enem, gitme indi. Görýäñ-ä, ogluñ nehaldalygyny. Ol näme üçindir, enesiniñ taşlamajagyna pugta ynanyp, ýykylman, aşak oturyp bildi. Garaşdy. Ol näçe wagt garaşanlygyny bilenok, ýöne bu juda uzak bolup göründi. Gözleri ümezläp, görmekden galyşyp barýan oglan onuñ enesi däl-de... köşekli düýedigini saýgardy. Düýe tarsa turdy. Köşek sokjap başlady. Salyh düýä ýetip bilse, diri galjaklygyna berk ynanmaga akyl-paýhas tapdy. Hernä, düýe mazaly iýdirende baryp bildi. Janawar, erek goýun ýaly, ýuwaş eken. Ürkmedi. Sagylýan bolmaly. Salyh düýäniñ aýagyna daýanyp, ýylyjak süýdüñ şorumtyk tagamyny syzman, agyz-burnuna saçalandyryp, sagdy. Süýdi içdigiçe, on iki süññi ýeñledi. Akyly durlandy. Be-e... o näme-aý? Süýşenekläp, balyga golaý gelýär. Möjek! Salyh ony indi hakydasyna getirdi. Möjegiñ özi ýaly agyr güne düşenligini, balygyñ ony halas etmelidigini, şol sebäpli, sabyr käsesiniñ püre-pürlänligini bilmän, haýkyrdy: He-eý! Hä-häýit!! Möjek gypynjam etmedi. Salyh gezligini ýalpyldadyp, oña ýöneldi. Jany-teni ýanan möjek öçli uwlady. Bu ynsana: "Meñki barybir ölüm. Gelme, birki lukma iýip, gideýin. Ýogsam söweşerin. Onsoñ, birimiz heläk bolarys" diýen şekilli duýduryşdy. Ýöne muny ynsan bilmedi. Onuñ özündenem beter elindäki ýylpyldaýan zat eýmendirdi, möjek yza çekildi. Zordan galdy. Ýöne gaçmady. Salyh balygy goltugyna aldy. Ol möjek uwwuldysyndan eýmenip, patanaklap, enesinden ep-esli arany açan köşegi gördi. Haý, janawar, eneñe tarap gaç, ahyry. Köşek uzaklaşmady. Tumşujagyny göge tutup, eýlä-beýlä ýüwürdi. Enesi oña ýöneldi. Muny gören köşegem şeýtdi. Bular sataşdylar. Köşek enesiniñ omzuna gysyldy. Möjek balykdyr ynsandan tamasyny üzüp, göni olara gaýtdy. Bäh, bu zalymyñ erjeldigini. Indi köşegi parçalamaga synanýar. Düýä hüjüm etmezligi ähtimal. Sebäbi öz haly teñ. Salyh ýene haýkyrdy: He-eý! Hä-hä-ýit!! Möjek saklanmady. Bi, ynsan, näjüre-aýt? Özüne degmeseñem, dört aýakly jandara-da howandarlyk edýär. Möjek bu iki aýakly jandary öñem halap duranokdy weli, şu pursatda, gözlerinde ýigrenç odunyñ ýanşy has güýçlüdi. Ony hiç zat söndürip bilmejekdi. Akmak! Möjek bä bigaýrat nesildenmi! Salyh aralykda keserdi. Möjek göni gelýärdi. Söweşiñ boljaklygy şeksizdi. Oglana bu garadangaýtmazlygyñ ejiz hala düşenligi teselli berdi. Ýogsam, söweşmäge milt etmekligem akmaklyk bilen barabardy. Läheñ. Içi dagy boş horjuna dönüpdir. Dili agzyna sygman, bir tarapa garyş sere sallanylgydy. Salyh balygy ýerde goýdy. Möjek alkyma geldi. Ol birden sakga durdy. Ynsana ýalbaryjy, ejiz nazar saldy. Bu Salyhy gowşatdy. Gapdala çekildi. Ýöne tiz pähimlendi. Ony ölümden halsa eden hut, şol köşekli düýe dälmi näme?.. Ynsanyñ ýol berenligini añyp, hüşgärligini gowşadan möjek oña süýkenmäge juda az galan aralykdan geçip barýardy. Gözlerini daş ýaly ýuman Salyh möjegiñ goltugyna çenläp, gezligi urdy. Yza çekmäge güýji ýetmedi. Urga garaşmadyk möjek elhenç uwlap bir ýana zyñdy. Şolbada, gezligiñ çümen ýerinden gan çüwdürildi. Gözleriniñ inçejik damarlaryna çenli gyzaran möjek iñ soñky güýjüni toplap, namart duşmanynyñ üstüne towusdy. Salyh bir gapdala gyşaryp, ýykylmaga ýetişdi. Möjek aýakujuny garbady. Oglan sähel aralyga togalandy. Onýança gümpüldi sesi çykdy. Möjek o tarapa bakaýynam diýmän, yza çekilip, entirekläp, añry ugrady. Onuñ sähelçe pursatam bolsa, ýaşasy gelýän şekillidi. Salyh tirsegine galdy. Tüpeñ sesi gelen tarapa nazar aýlady. O ýandan, birhaýukdan soñ, özi ýaly ýetginjek ak eşegini çapdyryp geldi. Köneje ýeke nil tüpeñini kese basypdyr. Ol uly adam ýaly, ýaşytdaşyna salam berdi. Salyhyñ diñe dodaklary müñküldedi. "Waleýik" diýen jogaby eşitmese-de, ýigdekçe pitwa bermän, ýakyn aralykdaky möjege höwesli nazar saldy. Tüpeñini çenedi. Salyh çaýkanjyrap, baryp, tüpeñ nilini sowdy. Ýigdekçe geñ galyp oña seretdi. Şonda öñünde duranyñ garaköýük bolup çişen ýüzüni, gan öýlen gözlerini, ýaryk-ýaryk dodaklaryny görüp, has-da haýykdy. - Degme, o janawara. Bu sözlere ýigdekçe beter geñirgendi. Öñündäki akylyndan azaşan däldir-ä hernä? - Maña häzir gerek däl. Bölek etiñ ýa çöregiñ ýokmy? Şoña berer ýaly. - Juk. Hawa, samraýar bi neresse. - A sizde çe-çebiş ta-tapylarmy? - Hym-m... Onuñ ýüzi açyldy. Gelşigine geldi. Emma şonda-da, henizem arany açmadyk möjege gussaly nazar salyp durdy. 7.06.92 ý. Annatagan NURGELDIÝEW. | |
|
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |