GYZYL HALKA
"Namysyn ýitirse beşer,
Barlyk beladan ol beter".
Atalar sözünden.
Güýz şemalyna çalaja açylyp-ýapylyp, ýuwaşjadan zarynlap duran bu gapa öñýeten seredip geçýär. Seredişlerem biri-biriniñkiden üýtgeşik. Käbir näbelet ötegçilerem biri-biriniñkiden üýtgeşik. Käbir näbelet ötegçilerem: ''Hossarsyz, ýerden ýeke çykan bendäniñ gapysydyr bi. Hañlap galaýandyr-ow, amanadyny tabşyransoñ'' diýen içgepletme bilen seretse, goñşy-golamlardyr tanyş-bilişler bolsa ''Häý, işigiñi ýel açyp, ýel ýapmyş...'' diýişip gapa otly nazaryny aýlaýarlar. Birnäçe ýaş-ýeleñlerem bu deñeden geçenlerinde ilk-ä oña, soñundanam biri-birleriniñ ýüzlerine bakyşyp, syrly ýylgyraýýarlar. Garaz, öteniñ-geçeniñ nazaryna kaklyşyp duran bu gapa äñetmän geçýän az-az. Anha, çakanak-çukanak ýodajykdan assa basyp, uz ýöräp gelýän bezemen, mañyzly-maýaly gözeliñ-ä bu deñe ýetende aýagy aýagyna çolaşjak ýalam etdi. Emma oña hiç kim ünsem bermedi. Şonda-da ol öz-özünden tebil tapdy. Bir-ä gapa, birem barmaklar"yndaky gyzyl ýüzüklerine gözüniñ gyýtagyny aýlady. Biygtyýar elini gulagyna ýetirdi. Janyndan eziz görýän gyzyl halkasynyñ ýokdugyny ýañy bilen dek, ýuwaşjadan ''Hih'' edip hyrçyny dişledi. Şonda onuñ häliden kükregine sygman gürsüldäp urýan ýüregem birbada togtan ýaly duýuldy. Ol bir saklanjak boldy-da, garşydan ýetip gelýän oral aýaldan ejap etdimi-nämemi, ýene-de ädimini gataltdy. Biraz ýöränsoñ, eýýäm gapynyñ deñinden geçip giden hälki aýaldan başga ýoluñ ugrunda hiç bir adamyñ ýokdugyny bilibem, hyrra yzyna öwrüldi. Çalt-çalt ädimläp, gelşine-de gapa sümüldi.
Ol içeri girensoñ, ylgaşlap diýen ýaly, howlynyñ töründe ýerleşen jaýyñ öñüne geldi. Gelşine-de gapynyñ tutawajyna elini ýetirdi. Hemişeler giñden açylyp garşy alýan gapy bu gezek oña ýüz bermedi. Bezemen gyz ony göwnüne alybam durmady. Daş-töweregine ýaltaklap, gyssagarada çalarak sandyraýan eli bilen goltugyndaky gymmatbahaly garaja sumkasyndan birwagtlar öý bikesiniñ özüne beren açaryny çykardy. Daşyndan seredäýmäge, bu wagt onuñ bolşy gapy açylan badyna jaýa kürsäp girerli görünýärdi. Ýöne burnuna haplap uran ýakymsyz ysdanmy, ýa-da näbelli bir gorkudanmy, bosagadan içerik ätländen ol birhili kürtdürdi-de, hañlap ýatan boş jaýy birmeýdan göz eleginden geçirdi. Soñra ogry ýöreýşini edip törki otaga geçdi. Aýnalaryñ tutularyny gaýym ýapybam, otagyñ çyrasyny ýakdy. Biraz salymdan öñdenem bitertip içerä towuk girene döndi. Tot-tozandyr çilimiñ tüssesinden ýaña reñki çala saýgardýan ýorgan ýassyklar bir o gyra düşdi atylyp birem bu gyra. Bir burçda çalamydar duran şkafyñ çekmelerini dagy akan dökan etdi. Gözleýän zadyny tapmansoñ, ahyram krowata özüni goýberdi. Birsalym eñegini ellerine diräp, aşak bakyp oturdy. Birdenem:
ㅡ Haý gelmän geçenler. Çaga pişigiñki ýaly günümiz bardy, awy gatdylar-da ýer çekmişler. Gyzyl halkamam atandyr biri jübüsine, ýer ýuwutmyşlaryñ ㅡ diýip, kimdir birine gargynyp ugrady. Ol özbaşyna hüñürdäp oturyşyna, her näçe ýatlasy gelmese-de, ýene şol pajygaly güne dolanyp geldi.
...Öýüñ hojaýyny Gülperiniñ bu gün keýpiniñ kökdügini onuñ her bir hereketinden biläýmelidi. Ol otagyñ içinde hiñlenip ýörşüne, kyrka ýakynlan ýaşyna, tultuk göwresine gelişmeýän hereketleri edýärdi. Pyrlanyp tans oýnan boldy. Agzyna bal alan ýaly, dili dagy şeýle bir süýjäpdi, heý goýaý! Ol ahyr ýadap saçagyñ başyna çökdi-de, üç ýassyga tirsegini berdi. Basyrylgy çaýdan güllüje käsä guýup, bir owurtlap-owurtlamanam, aşhana garşy ýüzüni öwrüp:
ㅡ A gyz, Läle, aç gyrdyñla adamy, getirsene iýer ýaly näm bolsa. Ýogsam hälkileriñ ýanynda asylly görünjek bolup zat iýip boldumy: ㅡ diýip, gygyrdy-da, yzyndanam jak-jaklap bir güldi.
ㅡ Ýogsa-da, nätdim gyz ýañkylary, ýagyrnişligini otlap goýberäýdimmi?! Hil bir gelin edinendiris öýdüp gidendirler öz-ä. Habarlary ýok, Nary janyñ añyrsy bir aýdan ýene-de şu ýerde boljakdygyndan hih-hih-hi...
Gülperiniñ gülküden ýaña gözleri ýaşaryp gitdi. Böwregi böküp durşuna ol birnäçe wagtlap Läläniñ öñüne getirip goýan naharynam iýip bilmedi.
ㅡ Ýogsa-da, Lälejan getir ýañky pullary goýan ýeriñden ýene-de bir sanap göreli. Dogrumyka beri?
ㅡ Dogry, Gülperi ýeññe, ylaýyk üç müñ. Özümem sanap gördüm-ä ony ㅡ diýip, Läle-de onuñ gülküsine goşuldy. Ol gülküsiniñ arasynda:
ㅡ Gülperi ýeññe diýýän-ä, ýöne...- diýip sakyndy.
ㅡ Ýönesi bolmaz bi zatlaryñ, aýt göwnüñde näm bolsa, Läle jan ㅡ diýip, Gülperi hasam joşdy.
ㅡ Aýtjak bolýan zadym, bi pullaryñ ählis-ä Nara köplük edäýmese...
ㅡ Wiý, aýdýanyñ näme, Läle jan. Her hyzmatjygyna göräjik ülüşdireris ony. Nary jana bir ýarymam besdir. Seniñem bäş ýüz başyñdan agsa gerek dogrumy şu aýdýanlarym? ㅡ diýip, Gülperi Läläniñ ýüzüne seretdi. Özüniñ çaý-çörekden başga üýtgeşik bir bitiren goşunyñ ýokdugyny bilip duran Läle, begenjinden meşik ýaly göwräni gujaklady-da:
ㅡ Gülperi ýeññem dagy bolmadyk bolsa, biz-ä aç öläýmeli ekenik ㅡ diýip, näz bilen towlanjyrady. Şondan soñ Gülperem gülmesini goýup, çynlakaý keşbe giren boldy. Ol:
ㅡ Onyñam-a dogry welin, Läle jan, ''El-eli ýuwar, iki el birigip ýüzi'' diýenem bir gep bardyr bilseñ. Biz biri-birimizi goldamasak, hiç kimdiris ㅡ diýdi-de, ýaş gyzyñ damagyny pagta bilen çalyp başlady: ㅡ Şonuñ üçinem Nary janyñ ýokdugyny bildirmejek bolmaly. Ol gelýänçä ikimizem biraz dözmeli borus janymyza:
Bir gijede ikisi bilen bol diýmeseñ bor, ýeññe. Eger-eger, ýigrenýän zadym-da şo meniñ ㅡ diýip, Läle-de göz gaşyny oýnaklatdy.
Sähel salymda ep-esli gazanansoñ keýpi daş ýarýan Gülperi bu wagt ony gyssajak bolubam durmady. Ol:
ㅡ Bolýa-la, birbada şeýle ýagdaý ýüze çyksa özüm ederin bir alajyny. Indi bu gün görmeli däl-ä o zatlary men. Ýöne senem kem-kem öwrenmel-ä bolarsyñ hemmesinem. Ýogsam, kemibiýr girdeji çeşmämiz ㅡ diýdi.
Şol wagt daşky gapynyñ ýuwaşjadan kakylmagy olaryñ ýañy gyzan gürrüñiniñ arasyny böldi. Gülperi ýerinden gobsunjyrap, Lälä ýüzlendi.
ㅡ A gyz, şu gün häliden elimiñ aýasy gijäp durdy welin, ýokardaky ýene-de biraz emlejek öýdýän.
Ol şelaýynlyk bilen gözlerini güldürip, göwresine gelişmeýän ýeñillik bilen ýerinden galdy-da, işige ýöneldi. Ara salym salmanam üç ýigdekçäni tirkäp geldi yzyna. Içki otaga girip-girmänem:
ㅡ Aýu, Läle jan, myhman gelipdir bize. Hany çaý-paýyñy täzeläweri. Tüweleme, Ataşka dostlarynam getiräýipdirㅡ diýip, dylym-dylym etdi.
Ataşka göýä öz öýüne gelen ýaly şepelerine töre geçmegi mürähet etdi. Özi içki jaýa girip, olaryñ hersine bir ýassyk oklady:
ㅡ Oglanlar, öz öýüñiz hasap edäýiñ şu içerini. Çykarynyp oturuñ arkaýyn.
Öñem ''akmämmetden'' keýplije ýigitler oña ikilenç gaýtaladyp durmadylar. Hersi bir ýassyk alyp, tirsek urdular.
Biraz salymdan, hemişe bolşy ýaly, öýüñ içi gyzan bazara döndi. Içgiden gowy keýpini köklän Ataşka Gülperiniñ syrtyna ýassanyp ýatyşyna, oña ýüzlenip:
ㅡ Perim, ine şu ikisi iñ gowy dostlarym meniñ. Dek düýn gelipdirler obadan. Geçen agşam öýde her näçe iýip-içsegem bir zadymyz kem ýaly boldy durdy-da. Asyl, görüp otursam, Sen Lälejan, Nary jan ýeteñzok ekeniñiz-dä. Ana, bu gün onsoñ göni gaýdyberendiris size. Eger rugsat berseñ, galmakçydyrys bu gije ㅡ diýdi.
Gülperi elindäki konýakly rumkasyny ýerde goýdy-da barmaklary bilen Ataşkanyñ saçlaryny daraklady. Soñundanam:
ㅡ Öz-özüñize bagly-da, Ataşkam ㅡ diýip, gözlerini oýnaklatdy.
Häliden onuñ şu sözlerine garaşyp oturan elliligi orta oklady:
ㅡ Özümize bagly ýerini gül ederis.
Gülperi gökje elliligi gözi bilen iýäýjek bolsa-da, syr bildirmedi. Gaýtam:
ㅡ Gyýw, oglan, üç sany epeý pyýada bolup, bar emlejegiñizem şümidi asyl. Özüm-ä erkek bolsam, üç bolup birje elliligi ýüze tutup gelmäge-de utanardym ㅡ diýip, şelaýynsyrady.
ㅡ Ýeri, bolýa-la, puluñ gürrüñini etmeseñiz-le ㅡ diýip, häliden känbir gürrüñe goşulman oturan ýigitleriñ birem jübüsinden ýigrimi bäşlik çykaryp, orta oklady.
Şondan soñ Gülperiniñ erni bir ýere gelmedi. ''Tüwleme, eli açyk oglan eken. Ýigit diýeniñ şeýle bolaýsa'' diýip, öwdem soñky pul oklany.
Şol wagt Ataşkanyñ ýadyna bir zat düşen ýaly, daş töwegine ýalt-ýult seretdi-de:
ㅡ Perim, ýogsa-da Nary görnenok-la ㅡ diýdi.
ㅡ Onuñ aladasyny etmesene, Ataşka. Ikem bolsak güýmäris-le sizi bir gije ㅡ diýip, Gülperi Ataşkany özüne çekdi: ㅡ Dostlaryñ-a, tüwleme, ýetişen gyz ýaly utanjañ ekenler ㅡ diýibem, jak-jaklap gülüp goýberdi.
Ataşka birlaý oglanlara seretdi-de:
ㅡ Edil beýle-de däldir-le ㅡ diýdi. Soñundanam Lälä seredip:ㅡ Läläşka, hany sen Hydyry alyp geçsene öz otagyña. Ikiçäk bolaýmasañyz dagy, asyl gürleşjege-de meñzäñizok-la siz - diýen boldy.
Läle näz bilen Hydyra ýylgyryp bir seretdi-de ýerinden galdy. Şol wagt onuñ hünji dişleri ýeriñ jaýryjagyndan jyklap duran ap-akja ýaz kömelegine çalym etdi. Hydyr hakykatdanam kömelek tapana döndi. Nähili ýerinden galyp, nädip gyzyñ yzyna düşenini-de duýman galdy. Az salymdan Läläniñ otagyndan düşnüksiz hümürdi bilen köne krowadyñ jygyldysy eşidilip ugrady...
Bu wagt beýleki ýoldaşynam Gülperi bilen ugradan Ataşkanyñ bir özi galypdy gugaryp. Birdenem çilimini kükedip, tirsekläp ýatyşyna onuñ Narynyñ ýoklugyna gahary gelip ugrady. Ol birbada ähli gaharyny çüýşeden çykarjaga döndi. Arakly rýumkalar yzly-yzyna boşady. Emma içen araklary ony pýan edäýmese, köşeşdirip bilmedi. Ahyram ol kynlyk bilen ýerinden turdy-da, yrañ-darañ ýöräp, Läläniñ otagyna garşy ugrady. Barşyna-da gapyny bat bilen depip, içeri girdi kürsäp. Onuñ beýdip gelmegi dünýäni unudyp ýatan Hydyryñ zähresini ýarara getirdi. Ol hasyr-husur Läläniñ gapdalda ýatan köýnegini alyp, uýat ýerini gizlemäge çalyşdy. Emma bu zatlar Ataşkanyñ parhyna-da däldi. Ol enterekläp krowadyñ gapdalyna geldi-de:
ㅡ Eý, Hydyz göni iki sagat boldy, keýp çekip ýatanyña seniñ. Asyl özüñden başga adam bazdyz öýdeñoklaý. Hany götezilsene indi ㅡ diýip, bazzyk-buzzuk gürledi.
Hydyr näme etjegini bilmän, az salym öwelip durdy-da, ýerinden turup, eşiklerini geýmekçi boldy. Emma Läle ony gujaklap goýbermek islemedi. Ol
ㅡ Sen gitme, Hydyr. Ataşka Gülperiniñ ýanyna baraýsyn ㅡ diýdi.
Onuñ bu sözleri öñem gözleri gyzlaryp duran Ataşkanyñ myrryhyny tutdurdy. Ol:
ㅡ Näme diýdiñ, ganjyk? Men kimiñ ýanyna barmalydygymy özüm gowy bilýän ㅡ diýip, gazap bilen Läläniñ gujagyndan Hydyry çekip aldy-da, gapydan daşaryk südenekledip goýberdi. Onýança olaryñ gykylygyny eşidip, Gülperem ýetişip geldi. Ol gele-gelmäne Ataşkanyñ boýnundan goluny salyp, ony köşeşdirmek isledi. Emma kellesi göçen Ataşka onuñ ellerini boýnundan aýyrdy-da, özünem itekläp goýberdi. Gülperiniñ kellesi baryp diwara uruldy. Ataşka oña ähmiýetem bermän, Läläni bagryna basdy. Läle uly gykylyk edip, onuñ elinden, ýüzünden, garaz, agzynyñ ýeten ýerinden dişledi. Çabalanyp ýatyşyna, ahyram gujagyndan sypdy. Ýöne şol wagt Ataşkanyñ eli onuñ gulagyndaky gyzyl gulakhalkasyna ildi. Bat bilen ýerinden galyp ylgamakçy bolan Läläniñ gözüne ilenokdy. Ol basymrak Gülperi ýeññesine penalanmak isleýärdi. Bu gykylyga kellesiniñ yzasyny-da birbada ýadyndan çykaran Gülperi ýene-de Ataşkany rahatlandyrmak isledi. Şonuñ üçinem dübläp gelen Ataşkany gujaklap:
ㅡ Ataşka hany biraz köşeşsene. Men bar-a seniñ ýanyñda. Uzak gije bile borus ikijigimiz ㅡ diýip, gyssagarada halymsyran boldy.
Onuñ bu hereketleri gaýtam Ataşkany has-da gyzdyrdy. Ol bir kürtdürip durdy-da, barmaklaryny Gülperiniñ gözlerine sokaýjak-sokaýjak bolup:
ㅡ Eý tulum ýaly edip seni başyma ýapaýynmy, Aýzyl öñümden ㅡ diýip, bokurdagyna bat berdi. Hiç kimden henize çenli beýle sözleri eşidip görmedik Gülperi, birbada öz gulagyna-da ynanasy gelmedi.
Ol gazap bilen Ataşkanyñ ýüzüne seretdi. Şol wagtam bir heleýiñ öñünden aýrylman durşuna jyny atlanan Ataşka onuñ gulagynyñ düýbüne jaýdar ýelmedi. Gülperi biraz entirekläp gitdi-de, ahyram baryp poly sermedi.
Gülperiniñ gahary ýetjek derejesine ýetdi. Şu wagta çenli erkek men diýip, döşüne kakyp ýören birnäçe sakally-sarmykly ýigitlere-de göwni ýetmedik gelni, gel-gel indi ýarym ýaşyny ýañy ýaşan ýigdekçeden şeýle taýak iýenine, bir ölüp bilmedi. Ol agzyndan akýan gany eliniñ tersi bilen syldy-da, Läläni bagyrdyp ýatan Ataşka erbet sögündi. Soñundanam diwary söýget edinip aşhana tarap ýöneldi. Şol wagt onuñ nazary dalbaryñ aşagynda çilim çekişip duran iki ýigide kaklyşdy. Olary görüb-ä Gülperiniñ hasam jyny atlandy.
ㅡ Häk, erkek bolaýşyñyzy, sizem-ä etmelisi belli welin... Ol erbet sögünjiräp, gaharly tüýkürdi. Agzyndan tüýkülige derek bir tokga gan ýere gaçdy. Emma daşarda duran ýigitler onuñ sözünem eşitmediler. Munuñ özi Gülperi üçin kemem däldi. Ol aşhanada duran ak saplyny pugta gysymlap yzyna dolandy.
ㅡ Duruber bakaly, seniñem sakar ganyñy dökmesem, menem Gülperi adymy çalşaryn. ㅡ Ol hüñürdäp otaga girdi-de, barşyna Ataşkanyñ saçyna penjesini urdy. Haram keýpe kellesi göçen ýigit Gülperä ähmiýetem bermän, döşünden südenekledip goýbermek isledi. Şol wagtam Gülperiniñ pyçakly eli ýigidiñ depesinde galgady...
Henizem alkymyny ellerine diräp oturan gyz, birhili, tisginip gitdi. Birdenkä onuñ gözleri gorkudan ýaña tegelenip ugrady. Ol hasyr-husur jaýyñ çyrasyny öçürdi-de, gyzyl halkasyny-da unudyp, köçä ýetmäge alñasady.
Daşky işikden çykjak mahalam gapynyñ bosagasyna erbet büdüräp gitdi. ''Kellesi sämän ençeme ýigitleri büdüreden gapymyz, ahyr özümizem büdretdi-ow''. Şol pursat niredendir onuñ kellesine gelen bu pikir, bir wagtky derek boýly gyzyñ gerşinden agyr ýük bolup basyp başlady. Daşdan göräýmäge, aşak bakyp gaty-gaty ädimläp barýan gyz, şol ýüke döz gelmän, barha ýere siñip barýan ýalydy.
Güýz şemalyna henizem çalaja açylyp-ýapylyp duran gapy bolsa, bir-ä ýañky gyzyñ yzyndan nebsi agyryjylyk bilen seredip, başyny ýaýkap duran adamy ýada salsa, birem özüniñ şu howsala gapy bolup düşenine ahmyr edýän ýaly şo-ol ýuwaşjadan zarynlap durdy, zarynlap durdy.
Döwran AGALYÝEW.
Hekaýalar