20:01 Hakyda heýkeli | |
HAKYDA HEÝKELI
Şekillendiriş we heýkeltaraşlyk sungaty
Saparmyrat Türkmenbaşy "Ruhnamada": "Dünýäde şeýle bagt bar ~ bilmek, öwrenmek, pikir edip, oýlanyp göz ýetirmek bagty diýip belleýär. Gürrüñimiz bilmegi, öwrenmegi, pikir etmegi, oýlanyp göz ýetirmegiñ özi üçin bagt hasaplan, ady dünýä meşhur italýan suratkeşi, heýkeltaraşy, şahyry Mikelanželo hakynda barýar... ..."Şu mart aýynyñ 6-na, meniñ oglum dünýä indi. Men oña Mikelanželo diýip at dakdym. Ol duşenbe säherde, ýagny, sagat dört bilen altyñ arasynda dünýä indi, men şol wagt Kapreze şäherine golaýlap gelýärdim. Men oglumy 8-nji martda Kaprezede ýerleşýän San Žowanni ybadathanasynda Beýik Tañra çokundyrdym" diýip, özüniñ maşgala taryhynda 1475-nji ýylda ýazan belliginde Lodowiko di Leonardo Simoni italýan halkynyñ beýik suratkeşiniñ doglan gününe şaýatlyk edýär. Wagtyñ geçmegi bilen halal zähmetinden meşhur bolan bu ajaýyp ynsanyñ hakyky ady Mikelanolo di Lodowiko di Buonaratti Simonydyr. Onuñ kakasy Kapreze şäheriniñ häkimi bolýar. Haçanda Lodowiko Buonarrotiniñ bu şähere häkim bolmak möhleti tamamlanandan soñra, ol öz maşgalasy bilen Florensiýa şäherine dolanyp gelýär. Mikelanželo çagalykdan sungat bilen içgin gyzyklanýar. Emma onuñ kakasy öz oglunyñ sungata ýykgyn etmegine garşy bolýar. Onuñ pikiriçe, sungat az girdeji getirýär. Onda-da begzada nesline suratkeş, heýkeltaraş bolmak ýaraşmaz diýen pikire eýerýär. Mikelanželo kakasyna duýdurmazdan, Domeniko we Dawid Girlandaýo ýaly şol döwürde meşhur bolan suratkeşleriñ ussahanasyna gatnap, bu ugurdan öz bilimini artdyrýar. Bu ýerde berilýän bilimden göwni suw içmedik ýaş suratkeş San Marko atly ybadathananyñ bagynda ýerleşen heýkeltaraşlaryñ arasyna barýar. Florensiýanyñ ykrar edilmedik häkimi Lorenso Mediçi ynsanperwer pikirli adam bolansoñ, oña "Ajaýyp" diýen lakamy dakylýar. Lorenso Mediçi öz ýanyna alymlary, şahyrlary, suratkeşleri ýygnaýar. Olar bilen pikir alşyp, sungatyñ inçe syrlaryna ak ýürekden düşünişmek isleýänlere howandarlyk edýär. Hut şu adama minnetdarlykda Mikelanželo sungatyñ inçe syrlaryna düşünmäge mümkinçilik alýar. Ol onuñ öýünde şol döwürde öz ylmy, bilimi bilen köp zatdan baş çykarýan adamlara duşýar. Sungatyñ inçe tilsimlerine düşünmäge ak pata alyp, syrly bolup görünýän bu äleme aralaşýar. Mikelanželonyñ biziñ günlerimize gelip ýeten ilkinji işi "Basgançagyñ ýanyndaky Madonna" atly heýkeli hasaplanýar. Garry halypasy Bertoladonyñ gözegçiliginde ýerine ýetirilen bu heýkelde adatdan daşary rahatlyk duýulýar. "Bu ajaýyp şahsyýetiñ beýikligi nämedekä?" diýen soraga onuñ diýseñ pes göwünli, ýadamany-ýaltanmany bilmän işleýşi, hem-de hiç wagt onuñ gan döküşikli sahnalary çekmändigi bilen jogap berip bolar. Amerikan ýazyjysy Irwing Stoun özüniñ bu ajaýyp şahsyýet barada ýazan "Şatlygyñ gussasy" atly romanynda biziñ makalamyzyñ başynda "Ruhnamadan" bagtyñ nämedigini bilmegi, öwrenmegi, pikir etmäni, oýlanyp göz ýetirmäniñ hemişe Mikelanželo hemra bolandygyny jikme-jik beýan edýär. Mikelanželonyñ ýaşan döwri Ýewropada Galkynyş eýýamynyñ möwç urýan zamanyna gabat gelýär. Barly adamlar özlerinden soñky nesle ýadygärlik galar ýaly yzly-yzyna ybadathanalary gurdurýarlar. Täze gurlan ybadathanalary dini rowaýatlarda gürrüñi edilýän şahsyýetleriñ, şekilleriñ keşpleri bilen bezedýärler. Kalbynda owadan dünýä çäksiz söýgüsi bolan ýaş suratkeş özüne buýrulýan her bir işe uly höwes bilen baş goşýar. Sikstin katolik ybadathanasynyñ petegini dini rowaýatlarda gürrüñi edilýän wakalar bilen bezeýär. Ol bu işde özüne gerek keşpleriñ sypatyny-görküni adaty durmuşda ýaşap ýören tanyşlaryndan alýar. Ybadathananh dini mowzuk bilen bezemäge bäş ýylyny sarp edýär. Onda-da ol bu ybadathananyñ petigini arkan ýatyp bezeýär, çünki, oña şeýle şertde işlemek üçin ýörite seki ýasap berýärler. Emma ol şeýle şertde işläp, döreden öz eserinden kanagatlanmaýar. Göwnüne bolmasa, oña nämedir bir zat ýetmeýän ýaly bolup görnüpdir. Ol - kiçigöwün suratkeş, şahyr. Saparmyrat Türkmenbaşy "Ruhnamanyñ ikinji kitabynda: "Bagta zähmet bilen ýetilýändir. Yhlaslylyk, zähmetsöýerlik bagfyñ ýaranydyr. Zähmet, yhlas gudrat döredýär" diýip, jaýdar belläp geçýär. Bu altyna gaplaýmaly sözleriñ yzyndan Mikelanželo bilen baglanyşykly bir wakany gürrüñ berýär. Wakada dünýä meşhur ussadyñ bazaryñ içinde aýlanyp ýörkä, mermer daşynyñ satylýan ýerine baryp, äpet bir harsañ daşy görüp, ony satyn almakçy bolşy gürrüñ berilýär. Satyjynyñ bu daşyñ on iki ýyl bäri ýatandygyny, şu geçen wagtyñ içinde oña hyrydaryñ tapylmanlygy sebäpli, ony meşhur ussada mugt berşi aýdylýar. Ussat bu daşy äkidip, onuñ üstünde bir ýyl işläp, Bibi Merýemiñ gujagunda ölül barýan Isa pygamberiñ keşbini döredýär. Meşhur ussat özüne mugt berlen äpet bir harsañ daşyñ içinden Isa pygamberiñ: "Men daşyñ içinde. Meni halas et!" diýen sesini eşidenligi sebäpli dünýäde iñ ajaýyp heýkeli ýasandygyny subut edýär. Mikelanželonyñ ömürnamasyny ýazanlar onuñ segsen dokuz ýaşandygyny aýdýarlar. Dünýä belli meşhur eserleri döreden bu ussat diñe "Merýem Isanyñ ölümine aglaýar" atly işiniñ gahrymany Bibi Merýemiñ köýneginiñ etegine ömründe ilkinji we iñ soñky sapar öz adyny ýazýar. Mikelanželonyñ dünýäden ötenine 440 ýyldan gowrak wagt geçen-de bolsa, onuñ özünden ýadygärlik galan suratlary, heýkelleri, şygyrlary göreni añk edip gelýär. Mikelanželo zähmetsöýerligiñ nusgasy hökmünde bütin adamzady haýyr işe çagyrýar. Saparmyrat Türkmenbaşynyñ "Ruhnamada" dünýä meşhur heýkeltaraş Mikelanželonyñ sungat dünýäsi barada gürrüñ bermegi türkmeniñ dünýä medeniýetine uly sarpa goýýanlygynyñ alamatydyr. Meretgylyç ÝAGMYROW, žurnalist. # edebiyatwesungat_2005 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |