11:58 Gargy tüýdüge köñül beren | |
GARGY TÜÝDÜGE KÖŇÜL BEREN
Aýdym-saz sungaty
Gargy tüýdük halkymyzyň gadymy saz gurallarynyň hataryna girýär. Gargy tüýdügiň köneden gelýän ady naý tüýdük bolup, gargy gamyşdan ýasalýandygy sebäpli soňky döwürde ol gargy tüýdük adyna eýe bolupdyr. Ýakynda biz Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň milli saz gurallary bölüminiň birinji derejeli mugallymy Aşyrmyrat Ýazmyradow bilen duşuşyp, onuň bilen milli aýdym-saz sungatymyzyň uly ösüşlerinde gargy tüýdügiň tutýan orny barada söhbetdeş bolduk. Ol Aşgabat şäherinde dogulýar, çagalykdan sütün-sütün halypalardan miras galan halk aýdym-sazlarymyzyň hoş owazyna maýyl bolup, öz döwründe ençeme şägirtleri ýetişdiren halypa sazanda Bäşim Lallykowdan dutar çalmagyň inçe syrlaryny öwrenýär. Bu tanymal sazanda bilen ýakyndan tanyşmak onda ýatdan çykmajak täsir galdyryp, onuň geljekde ömür örküni milli aýdym-saz sungatymyza baglamagyna sebäp bolýar. Şol ýyllar ol belli sazanda, bagşy Tugur Berdinyýazowyň ýanyna gatnap, ondan birnäçe halk aýdym-sazlaryny çalmagy öwrenýär. Soňra ol häzir işläp ýören sazçylyk mekdebine okuwa girýär. Bu ýerde milli aýdym-saz sungatymyzda öçmejek yz galdyran halypa gargy tüýdükçi, Türkmenistanyň halk artisti Baky Maşakowdan tälim alýar. Baky aga ýaş sazandany içgin synlap, onuň ukyp-başarnygyna syny oturyp, oňa: «Halk senedini sarpalaň, halypalardan öwrenenleriňizi ýaşlara geçiriň» diýip maslahat berýär. Ussadyň bu sözlerinden ganatlanan ýaş sazanda soňra okuwyny şol döwürde Aşgabatda ýerleşen Türkmen döwlet pedagogiki sungat institutynyň milli saz gurallary bölüminiň «Dutar», «Gargy tüýdük» ugurlary boýunça dowam etdirýär. Ol sungaty saýlamagynda, onda-da gargy tüýdüge köňül bermeginde, halk aýdym-sazlaryny dünýä ýaýmagyna bolan isleg-arzuwlarynyň hasyl bolmagynda babasynyň hyzmatynyň uly bolandygyny öwran-öwran gaýtalaýar. Onuň babasy Meretgeldi aga il içinde tanymal gargy tüýdükçi hökmünde giňden tanalypdyr. Ýakymly ýatlamalara berlen halypa gargy tüýdükçi, dutarçy sungatda özüne halypalyk eden ussat halypalary ýagşylykda ýatlap, olaryň nusgalyk ýol-ýörelgelerini uly abraý bilen dowam etmegiň öz paýyna hem düşendigini buýsanç bilen belledi. Şu geçen ýyllaryň içinde ol, ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen, bilelikde daşary ýurtlarda birnäçe gezek döredijilik saparlarynda bolup, dostlukly ýurtlaryň aýdym-saz muşdaklaryny gargy tüýdükde çalynýan halk sazlarymyz bilen ýakyndan tanyşdyrdy. Ol Eýran, Türkiýe, Daniýa, Ýaponiýa, Awstriýa, Fransiýa, Hytaý, Koreýa Respublikasy ýaly döwletlerde üstünlikli çykyş etdi. A.Ýazmyradow uly ösüşleri başdan geçirýän milli aýdym-saz sungatymyzda gargy tüýdükde çalynýan halk sazlarymyzyň tutýan orny barada joşup gürrüň berdi. Mälim bolşy ýaly, halk aýdym-sazlarynyň ählisiniň diýen ýaly öz döreýiş taryhy bar. Köp asyrlary aşyp gelen aýdym-sazlara köňül bermek, olary ussatlyk bilen ýerine ýetiren halypa bagşy-sazandalaryň döredijiligini içgin öwrenmek bu ugurda alnyp barylýan köpugurly işleriň has-da ilerlemegine uly mümkinçilikleri döredýär. Bu ussat halypalaryň nesillerden-nesillere miras galdyran gargy tüýdükde çalynýan sazlara-da degişli. Ol ussatlardan gözbaş alýan asylly ýol-ýörelgelere eýerip, «Daraýy donly», «Ýok meniň», «Wagtydyr», «Haýt ýykan» ýaly, gargy tüýdükde çalynýan nusgawy sazlaryň döreýiş taryhy barada aýratyn durup geçdi. Soňra bu sazlary has-da kämilleşdirmek, olary nota geçirmek, täzeden işlemek ýaly döredijilik gözlegleri barada ýörite nygtady. Halk hakydasynda ebedi orun alyp, biziň günlerimize gelen sazlary täzeden işläp, ýene-de halk köpçüligine hödürlemek irginsiz zähmeti, uly ussatlygy talap edýär. Ol arkama-arka dowam edip gelýän halk sazlarynyň asyl nusgasyny ýoýman, olaryň ençemesini nota geçirdi. Bu bolsa sütün-sütün halypalaryň sünnälän halk sazlarynyň uly göwrümli saz eserlerine öwrülmeginde saldamly goşant boldy. Ussat tüýdükçi kompozitor Suhan Tüýliýew bilen bilelikde «Pendi nagmalary» atly uly göwrümli saz eserini döretdi. Bu esere «Nasrow jan», «Bady — sabada» ýaly gargy tüýdükde çalynýan halk sazlarynyň täzeden işlenen nusgalary girizildi. Şeýle-de, bu kompozitor bilen ýakyndan hyzmatdaşlykda bolup, gargy tüýdükde çalynýan «Begler» atly sazy fortepiano we halk saz gurallary orkestri üçin täzeden işledi. Sazanda W.Garahanow bilen bilelikde gargy tüýdükde çalynýan «Sona gelin», «Çuwal serpen» ýaly halk sazlaryny täzeden işläp, «Sona gelin» atly iki bölümden ybarat uly göwrümli konsert eserini halk köpçüligine hödürledi. Milli aýdym-saz sungatymyzda halkymyzyň söýgüli saz guraly bolan gargy tüýdügiň hem öz mynasyp ornuny tapmagynda saldamly goşant goşýan halypa tüýdükçi täze okuw gollanmasynyň üstünde işleýändigi barada hem gürrüň berdi. Ýurdumyzyň sazçylyk mekdeplerinde tälim alýan ýaşlar üçin okuw gollanmasy boljak täze kitaba gargy tüýdükde çalynýan «Torgaý guşlar», «Gelin mukamy», «Çykdym güller», «Leýli gelin», «Hüwdi mukamy» ýaly halk sazlarynyň notalary giriziler. Aşyrmyrat Ýazmyradow halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny ösdürmäge uly üns berýär. Onuň ýetişdiren şägirtleri ýurdumyzyň dürli künjeklerinde zähmet çekip ýörler. Ol B.Ödäýew, A.Pygyýew, A.Jumamyradow, P.Gaýlyýew, P.Hojaýew, A.Şüküryllaýew, G.Akjaýew ýaly şägirtleriniň ussat halypalardan gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri dowam etdirýändiklerine guwanýar. — Nesip bolsa, geljekde-de milli aýdym-saz sungatymyzda guýmagursak zehini bilen giňden tanalan halypalaryň nusgalyk ýol-ýörelgelerini ýaşlara geçirmekde uly işleri alyp bararys — diýip, gyzykly söhbedimiziň ahyrynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aşyrmyrat Ýazmyradow öz etsem-petsemlerini biz bilen paýlaşdy. Meretgylyç ÝAGMYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |