01:29 Bagşy doganlar | |
BAGŞY DOGANLAR
Hemme döwürlerde bagşy hoş habaryň buşlukçysy, şatlygyň hem parahat durmuşyň jarçysy hökmünde görlüpdir. Şonuň üçinem, türkmenler gadym döwürlerden bäri aýdym-saz sungatyna aýratyn hormat bilen garapdyrlar. Mahmal ýaly jadyly sesleri we şirin mukamlary bilen bagşylar ülkämiziň owadan giňişliklerini, tebigatyny, şöhratly taryhyny we milli gymmatlyklaryny wasp edipdirler» diýip belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden dörän kitabynda jaýdar belleýşi ýaly, sütün-sütün halypalardan gözbaş alýan milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmäge saldamly goşant goşup, ösüşlere beslenen döwrümizde bagtyýar halkymyzyň ruhuny belende göterýän bagşylarymyzyň sany barha artýar. Bu günki günde ussat halypalaryň nusgalyk ýol-ýörelgelerini uly abraý bilen dowam edip, ýurdumyzda uludan toýlanylýan milli baýramlarymyzy döwrebap aýdym-sazlar bilen bezeýän zehinli bagşy doganlar Toýly, Begli, Baýly, Myratgeldi Gurbangeldiýewleriň alyp barýan köpugurly işleri-de aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut obasynda ýaşan Meretgeldi Gurbangeldiýewiň maşgalasynda dünýä inen doganlaryň çagalygy jadyly owazlar bilen çaglanýar. Olaryň babasy Ýagmyr Muhammedow, daýysy Aşyr Ýagmyrow, kakasy Meretgeldi Gurbangeldiýew il içinde milli bagşyçylyk sungatymyzyň ahal ýoluny üstünlik bilen dowam eden mahmal owazly bagşylar hökmünde giňden tanalypdyr. Milli sungatymyzy belent sarpalan bagşylaryň aýdan, kalba keşdelenen aýdymlaryny diňlemäge golaý-goltumdaky obalardan köp adam gelipdir. Bu döwletli maşgalada kemala gelen doganlar çagalykdan halypa bagşy-sazandalar, olaryň özboluşly ýol-ýörelgeleri, ýerine ýetirijilik ussatlyklary baradaky ýakymly gürrüňleriň jümmüşinde bolup, şahandaz halkymyza ruhy lezzet paýlamagyň aladasynda bolupdyr. Olar halk senedini sarpalap, ahal ýolunyň ussatlary bolan Sahy Jepbarow, Orazgeldi Ylýasow, Mäne Garaýew ýaly bagşylaryň aýdan aýdymlaryny yzygiderli diňläp, bu halypalaryň köplere nusgalyk ýol-ýörelgelerine eýermäge çalyşýarlar. Ussatlaryň aýdan «Dilber», «Näzli ýar», «Orazym», «Ak ýüzli Maralym», «Saltyklar», «Gurban bolaýyn», «Näzli gelin», «Sallanyp geçdi», «Terekme», «Daglar», «Sowruldy» ýaly aýdymlaryny täze owazlar bilen has-da baýlaşdyrýarlar. Bagşy doganlaryň özboluşly aýdym aýdyş äheňi bar. Bu äheň olaryň uly söýgi bilen aýdýan ähli aýdymlaryna mahsus. Bu äheňde, gyş güni belent daglaryň arasyndan görünýän Günüň şöhlesi kimin, diňleýjileri özüne imrindirýän bagşy doganlaryň kämillige gol berendigi mese-mälim duýulýar. Ussatlaryň ýol-ýörelgesine ezberlik bilen eýeren doganlaryň aýdym-saza bolan söýgüden pürepür ýürekleriniň töründen gaýdýan aýdymlary diňläniňde, halypa bagşylar Sahy Jepbarowyň, Orazgeldi Ylýasowyň, Mäne Garaýewiň nurana keşpleri göz öňüňde janlanýan ýaly duýgy döreýär. Sütün-sütün halypalaryň ösdüren halypa-şägirtlik gatnaşyklaryna bütin durky bilen berlip, milli aýdym-saz sungatymyzda öz ýoluny tapan doganlaryň aýdýan aýdymlaryndan asla ganma ýok. Doganlaryň ulusy Toýly Gurbangeldiýew Kaka etrap Medeniýet öýüniň teatr studiýasynda işleýär. Ol ussatlaryň elinde saýran dutaryny ýanyndan goýman, halk dessanlaryndan bölekleri aýtmakda-da öz güýjüni synap görýär. Bagşy inileriniň gündelik iş-aladalary bilen hem içgin gyzyklanýar. Begli Gurbangeldiýew Ak bugdaý etrabynyň Medeniýet öýüniň bagşysy. Bagtyýarlyk döwrümiziň belent ruhuny özüne siňdirip, tomaşaçylarda ýakymly duýgulary oýarýan medeni-köpçülikleýin çäreleriň has-da täsirli bolmagynda onuň saldamly goşandy bar. Ol dürli derejedäki çäreleri halk aýdym-sazlary bilen bezemäge gatnaşýar. Baýly Gurbangeldiýew Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagşyçylyk bölümini tamamlaýar. Ol Ak bugdaý etrabynyň Bereket obasynda ýerleşýän çagalar sungat mekdebinde ýaş zehinlere milli sungatymyzda öçmejek yz galdyran bagşy-sazandalarymyzyň ömrüni we döredijiligini, bagşyçylyk sungatymyzyň inçe syrlaryny öwredýär. Myratgeldi Gurbangeldiýew hem Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagşyçylyk bölümini tamamlap, Kaka etrabynyň Duşak şäherçesinde ýerleşýän çagalar sungat mekdebinde ýaş zehinlere tälim berip, geljekde olaryň ussatlaryň kesbi-kärini dowam etmegi üçin ukyp-başarnygyny gaýgyrman zähmet çekýär. Bagşy doganlar önüp-ösen döwletli ojaklarynda bir supranyň başynda jem bolup, halk hakydasynda ebedi orun alan aýdym-sazlar bilen oba adamlarynyň göwünlerini galkyndyrýarlar. Şonda olaryň aýdýan joşgunly aýdymlarynyň hoş owazyndan döwletli ojak öňküsinden has giňän ýaly bolýar. Milli aýdym-saz sungatymyzy sarpalaýan oba adamlary ir ertirden giç agşama çenli olaryň ýanynda bolup, halk aýdymlaryny höwes bilen diňleýärler. Olar ýurdumyzda giňden bellenilýän milli toý-baýramlarymyzda bile çykyş edýärler. Mahmal owazly bagşylaryň her gezekki çykyşy diňleýjiler tarapyndan gyzgyn garşylanýar. Baýly Gurbangeldiýew aýdym döretmek bilen meşgullanýar. Ol döwrebap aýdymlary döretmäge uly üns berýär. Ýurdumyzyň zehinli ýazyjy-şahyrlarynyň ajaýyp döwrümizi, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan beýik işlerini wasp edýän goşgularyna täze döwrebap aýdymlar döredip, bagtyýar halkymyzy begendirmegiň arzuwy bilen ýaşaýar. Onuň döreden «Arkadag», «Arkadagyň paýhasyndan döredýär», «Arkadag saýasynda» ýaly aýdymlary bagşy doganlaryň döredijiligini baýlaşdyryp, belentden-belent ýaňlanýar. Gadymy sungatymyzyň gülleýişli ösüşlere beslenmeginde bimöçber hyzmatlary bitirýän bagşy doganlaryň döredijiligi baradaky söhbedimiziň ahyrynda olar bilelikde «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» atly täze aýdymy aýtdylar. 2019-njy ýylyň hormatly Prezidentimiz tarapyndan «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli döredilen bu aýdym doga zehini bilen ýurdumyzda giňden tanalýan bagşy doganlaryň Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin alyp barýan beýik işlerine buýsançnama bolup ýaňlanýar. Meretgylyç ÝAGMYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |