09:34 Elli ýyldan soňra: kompozitor Nury Halmämmedowyň saz dersi boýunça depderleri | |
ELLI ÝYLDAN SOŇRA: KOMPOZITOR NURY HALMÄMMEDOWYŇ SAZ DERSI BOÝUNÇA DEPDERLERI
Aýdym-saz sungaty
Okyjylaryň dykgatyna hödürlenýän bu depderler Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Halkara baýragyň eýesi Nury Halmämmedowa degişli. Heniz aýatda dirikä onuň maşgalasy Gülsoltan Halmämmedowanyň ajaýyp kompozitoryň ömri we döredijiligi barada ylmy kitap ýazan Jemile Gurbanowa ýadygärlik beren bu depderleri ol hakynda ençeme ýatlamalary özünde saklaýar. Ýaşan manyly ömründe milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmäge saldamly goşant goşan Nury Halmämmedowyň ady daşary ýurtly sungat ussatlarynyň arasynda hem giňden bellidir. Onuň döreden aýdymdyr sazlary diňe tükmen sungatynda däl-de, eýsem dünýäniň saz medeniýetinde mynasyp orun tapdy. Edil Türkmenistanda bolşy ýaly, daşary ýurtlarda-da onuň döreden aýdymdyr sazlary häli-şindi ýaňlanýar. Eýsem, ol şeýle ajaýyp aýdymdyr sazlaryň owazyny nireden susup aldyka?! Bu sowala jogap bermek üçin onuň ömri we döredijiligi bilen içgin tanyşmagyň hökmanydygy öz-özünden düşnükli. Ynha, şu ýerde hem okyjylara hödürlenýän depderlerdäki ýazgylar barada aýratyn durup geçmegiň wagty gelip ýetdi. 1950-nji ýyllar geljekki kompozitor üçin ýatda galyjy wakalara baý ýyllar bolupdy. Çünki şol ýyllar Nury Halmämmedow ilki sazçylyk mekdebinde, soňra bolsa Moskwanyň P.I.Çaýkowskiý adyndaky döwlet konserwatoriýasynda bilim alýar. Şol ýyllar ol saz we saz döretmek boýunça geçilýän dersleri hem-de bu ugurda okamaly edebiýatlary öz depderine belläp alýar. Saz äleminiň gözelligini hem-de täsinligini ylmy taýdan öwrenýän ýaş sazanda hem-de kompozitor bu ugurda geçilen dersleriň many-mazmunyny düşnükli dilde bellemäge çalşypdyr. Onuň hat-ýazuwy owadan bolupdyr. Munuň şeýledigini onuň üstünden elli ýyldan hem gowrak wagt geçendigine garamazdan, depderlerine ýazan ýazgylarynyň asyl durkuny saklandygy hem şaýatlyk edýär. Biri-birleri bilen many-mazmun taýdan sazlaşýan bu ýazgylara onuň ylahydan berlen doga zehini, mähir-yhlasy siňipdir. Ol bu ugurda geçilen dersleri inçelik bilen özleşdirip, olaryň her biri barada öz garaýyşlaryny beýan edipdir. Heniz ýaşlykdan saýlanyp ýetişmese-de, kämillige gol bermäge ýetişen kompozitoryň ykbalyň özi üçin öňünden taýýarlap goýan kesbi-kärine bolan buýsanjy saklanypdyr. Üstünden elli ýyldan hem gowrak wagt geçen bu ýazgylar biziň günlerimizde-de ussat kompozitor Nury Halmämmedowyň ömri we döredijiligini ylmy taýdan öwrenýänler üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly gollanmalardyr. © Meretgylyç ÝAGMYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |