06:55 Labyzly ýüregiñ nagmalary | |
LABYZLY ÝÜREGIŇ NAGMALARY
Milli aýdym-saz sungatymyzyň gözbaşynda duran ussat bagşylarymyzyň nusgalyk ýol-ýörelgeleriniň uly abraý bilen dowam etdirilmegi bu ugurda halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny giň gerimde ösdürmäge hem-de şol ussatlaryň aýdan, halk hakydasynda ebedi orun alan aýdymlaryny täze owazlar bilen baýlaşdyrmaga uly mümkinçilikler döredilýär. Asyrlar aşyp biziň günlerimize gelen halk aýdymlaryny täze owazlar bilen baýlaşdyran aýdymçylarymyz barada gürrüň edilende, zehinli estrada aýdymçymyz Hoja Annagurbanowyň nurana keşbi göz öňümizde janlanýar. Onuň ýürekden çykýan ýaz ýaly ýakymly sesi, islendik aýdyma özboluşly bezeg berýän labzy halk aýdymlarynyň täze röwüşde ýaňlanmagynda öz beýanyny tapdy. Golaýda Hojanyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň «Köpetdag» geňeşliginde ýaşaýan uly agasy Kakadurdy Annagurbanow redaksiýamyzda myhmançylykda bolup, zehini bilen adygan aýdymçynyň döredijiligi barada gürrüň berdi: — Kakam Annagurban bilen ejem Jahansoltanyň guran döwletli maşgalasynda üç ogul, dört gyz kemala geldi. Hoja üç oglanyň körpesi. Ol çagalykdan aýdym-saza höwrügip gidiberdi. Onuňam sebäbi tötänleýin eline düşen tar saz guraly boldy. Entek bu saz guralynyň abyny-tabyny bilmese-de, ony «tiňňildedip» ýören wagty goňşymyz Artykguly Annagurbanowyň oňa syny oturýar. Artykguly aga şol wagt Gökdepe etrabynyň Medeniýet öýünde işleýärdi. Işden boş wagtlary Hojany ýanyna çagyryp, taryna kiriş dakyp berip, saz çalmagy öwretdi. Şondan soň Hoja hemişe diýen ýaly oba Medeniýet öýünde bolup, şol ýerde guralýan dürli medeni çärelere gatnaşdy. Mekdepde bile okaýan oglandyr gyzlary üçin aýdym-saz edip berdi. Ol Gökdepe etrap merkezinde ýerleşýän çagalar sungat mekdebine okuwa girdi. Ýöne saglyk ýagdaýy sebäpli, az wagtlyk okuwyny goýmaly boldy. Saglygy gowulaşansoň bolsa, Aşgabatda ýerleşýän D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň plektrli dutar bölüminde okuwyny dowam etdirdi. Şol ýyllar Hojanyň zehini gül gunçasy ýaly açyldy. Bu ýerde milli aýdym-saz sungatymyzda bimöçber hyzmatlary bitiren ussat halypalaryň birnäçesi bilen duşuşyp, olardan tälim aldy. Ol hemişe halk aýdymlaryny aýtmaga höweslidi. Dutar, plektrli dutar, tar ýaly saz gurallaryna ussatlyk bilen erk etmegi başarýardy. Onuň deň-duş sazandalary bilen estrada geçiren halk aýdymlarynda özboluşly ýakym, labyz, owaz bardy. Sebäbi ol bu aýdymlara ýürek labzyny siňdirip, olary täze öwüşginler bilen baýlaşdyrýardy. Ýakymly sesine kybap gelýän «Galdy», «Baga seýle», «Dag elinden», «Teşnit», «Ýigide», «Agam seni», «Bile», «Gara göz» ýaly halk aýdymlaryny uly höwes bilen aýdardy. Bu aýdymlaryň çeküwini, jukguldysyny berip, olary belent heňde ýerine ýetirýärdi. Nusgawy şahyrlarymyzyň goşgular ýygyndysyny, halk dessanlarymyzy köp okaýardy. Okuwyň arasynda öýe gelen wagtlary täze aýdymlaryň üstünde işlärdi. Şonda ejem: «Ýuwaş boluň, Hojam täze aýdymlaryň üstünde işleýär» diýerdi. Onuň sesinde milli aýdym-saz sungatymyzy täze owazlar bilen baýlaşdyrmak arzuwy bilen ýaşaýan zehinli ogluna buýsanýan enäniň yssy mähri duýulýardy. Şol ýyllar Hoja diňe bu mekdepde däl-de, eýsem, paýtagtymyzda geçirilýän konsertlerde-de uly üstünlik bilen çykyş edýärdi. Bu konsertler onuň milli sungatymyza bolan ukyp-başarnygyny ýüze çykarmagyna hem-de zehinini taplamagyna ýardam edýärdi. Ol şol konsertlerde täzeden işlän halk aýdymlaryny aýdýardy. Bir gün ol türkmen estradasynda öçmejek yz galdyran tanymal aýdymçy Rejep Ulugow bilen duşuşýar. Rejep halypa Hojanyň aýdan «Jan-jan» diýen halk aýdymyny gaýtadan aýdyp bermegini haýyş edýär. Täzeçe heňde ýaňlanan bu aýdym Rejep Ulugowda ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. Rejep bagşy Hojanyň ýerine ýetirijiligine ýokary baha berýär. Onuň öz adyna aýdan hoş sözleri Hoja ganat bagladýar. Bu ýatdan çykmajak wakanyň yzysüre ol halypa sazandalarymyz Akmyrat Çaryýew, Orazmyrat Annanepesow dagy bilen duşuşýar. Olar onuň «Teşnit» diýen halk aýdymyny diňläp, Hojanyň bu aýdymyň asyl nusgasyny ýoýman, täze owazlar bilen baýlaşdyrandygyny uly buýsanç bilen belleýärler. Sungatyň ýolundaky ilkinji üstünliklerden ruhlanan Hoja täze aýdymlar bilen diňleýjileri begendirmegiň arzuwynda boldy. Soňra Türkmen döwlet pedagogiki sungat institutynda okuwyny dowam etdirdi. — Kakadurdy aga, Hoja şol ýyllar ýurdumyzda geçirilen aýdym-saz bäsleşiklerinde-de uly üstünlik bilen çykyş edipdir. Hojanyň özboluşly aýdymçy hökmünde giňden tanalmagyna täsir eden şol bäsleşikler barada gürrüň beräýseňiz. — Dogrudanam, şol ýyllarda hem, edil häzirki ýaly, ýurdumyzda aýdym-saz bäsleşikleri has köp geçirilýärdi. 1990-njy ýylda şeýle bäsleşikleriň biri Gökdepe etrabynyň merkezinde geçirildi. «Halk döredijiliginiň III bütinsoýuz festiwalynyň» çäklerinde geçirilen «Gökdepe mukamlary-90» atly bäsleşikde Hoja ýerine ýetirijilik ussatlygy üçin bäsleşigiň Hormat hatyna mynasyp boldy. 1990-njy ýylyň iýun aýynda Aşgabatda estrada aýdymçylarynyň arasynda geçirilen «Alagaýyşly-90» atly II Respublikan zonal bäsleşiginde Hoja ýerine ýetirijilik ussatlygy üçin hormatly III ýere mynasyp bolup, oňa festiwalyň diplomy gowşuryldy. Munuň yzýany — şol ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçirilen aýdym-saz bäsleşiginde ol ýene-de ýerine ýetirijilik ussatlygy üçin diploma mynasyp boldy. Instituty tamamlap, Gökdepe etrabynyň S.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginde ýerleşýän Medeniýet öýünde işledi. Soňra şol wagtky Türkmen döwlet filarmoniýasynda, Gökdepe etrap Medeniýet öýünde zähmet çekdi. 1996-njy ýylda milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmäge goşan goşandy üçin «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medal bilen sylaglandy. — Kakadurdy aga, onuň bile işleşen sazandalary, döreden aýdymlary barada nämeleri aýtsa bolar? — Hoja sada göwünlidi, myhmansöýerdi. Isle, obadaşlarymyz, isle-de, tanyşlarymyz toýa çagyrsa, hiç kime parh goýman, sazandalary bilen baryp, toýy abraý bilen sowýardy. Aýdym-sazyň jadyly dünýäsi bilen ýaşansoň, onuň ýany hemişe köp adamlydy. Ol ezber sazandalar Azat Annahalow, Meret Hezretgulyýew, Çaryýar Hangeldiýew dagy bilen täze aýdymlaryň sazynyň üstünde işlärdi. Onuň döreden «Watanym», «Gökdepäm», «Obam», «Owadan», «Abadan», «Sen dälmi, läläm?» ýaly birnäçe aýdymlary häli-häzirem diňleýjileriň arasynda uly meşhurlyga eýe. Sungata uly sarpa goýansoň, bu asylly däbiň maşgalamyzda dowam etmegini isleýärdi. Ol uly oglum Tirkeşmyrady Gökdepe etrabynyň Mylly Täçmyradow adyndaky çagalar sungat mekdebiniň fortepiano bölümine okuwa ýerleşdirdi. Bu ugurdan ussat sazanda bolup ýetişmegi üçin oňa fortepiano satyn alyp berdi. Tirkeşmyrat bu mekdebi tamamlandan soňra, D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebine okuwa girdi. Zehinli sazanda bolup ýetişen Tirkeşmyrat häzir etrabymyzdaky çagalar sungat mekdebinde ýaşlara fortepiano saz guralynyň inçe syrlaryny öwredýär. Hoja öz köňül söýen gyzy Altynjemal bilen durmuş gurdy. Ogly Agamyrat, gyzy Maral dürli kärde zähmet çekýärler. Hojanyň döredijiligine bolan gyzyklanma barha artýar. Zehinli ýaşlar onuň döredijiligi bilen içgin gyzyklanýarlar. Onuň aýdan aýdymlarynyň ýazgysy Türkmen radiosynyň altyn gaznasynda saklanýar. Käwagt radioda onuň aýdan aýdymlary eşitdirilende, Hojanyň özi aramyzda ýaşap ýören ýaly duýgyny başdan geçirýäris. Onuň labyzly ýüregiň nagmalary bolup ýaňlanýan aýdymlaryndan lezzet alýarys. Maşgalamyzyň adyndan sungat ussatlarymyzyň döredijiligini içgin öwrenmäge uly mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýaryn. — Beren gürrüňiňiz üçin köp sag boluň. Taýýarlan Meretgylyç ÝAGMYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |