07:59 Tylla öwüşginli zynatlar | |
TYLLA ÖWÜŞGINLI ZYNATLAR
Şekillendiriş we heýkeltaraşlyk sungaty
Baý milli mirasymyzy hemmetaraplaýyn öwrenmek we geljekki nesillerimize ýetirmek üçin gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan zergärlik sungatymyzy täze öwüşginler bilen baýlaşdyrmaga saldamly goşant goşýan zergärleriň biri-de Salam Nuryýewdir. Onuň döredijilik ussahanasynda taýynlap, ýurdumyzda giňden bellenilýän milli toý-baýramlarymyz mynasybetli guralýan sergilerde görkezýän şaý-sepleri bu günki gün-de öz tyllaýy öwüşginleri bilen gadymy we müdimi sungatymyzyň täze galkynyşa eýe bolandygynyň aýdyň alamatydyr. Gadymy zergärler täze işe başlanlarynda, biri-birlerine «Hünärli çeşmäň egsilmesin!» diýip, ýagşy dileg edipdirler. Şeýle ýagşy dileglere eýerýän zergäriň öz iş usuly bar: ussatlaryň mähir-yhlas siňdirip ýasan gadymy nusgaly bezeg zynatlarynyň asyl nusgasyny ýoýman, olary täzeden işläp, döwrebap şaý-sepleri ýasamak. Ol öz döwründe milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň ösmegine saldamly goşant goşan halypa zergärlerden miras galan dürli bezeg zynatlaryny içgin öwrenýär. Nepisligi, kämilligi bilen uzak asyrlar aşyp, biziň günlerimize gelen ajaýyp bezegleriň göz gamaşdyryjy gözelligine maýyl bolýan zehinli zergär ussat halypalaryň nusgalyk ýol-ýörelgelerini uly abraý bilen dowam edýändigine buýsanýar. Milli zergärlik sungatymyzda öçmejek yz galdyran Paşaguly Amangulyýew, Muhammetoraz Annaamanow ýaly ussat halypalardan tälim alyp, olaryň bu ugurda bitiren bimöçber hyzmatlaryndan ruhlanyp, gadymy nusgaly zynatlary kämilleşdirmekde gujur-gaýratyny gaýgyrmaýan zergäriň döredijilik gözlegleri barha giň gerime eýe bolýar. S.Nuryýew ýurdumyzyň daşary döwletlerde geçirilýän Medeniýet günlerine gatnaşyp, dostlukly döwletleriň sungat muşdaklaryny milli senedimiziň ajaýyp nusgalary bilen ýakyndan tanyşdyrýar. Daşary ýurtlarda belent ruha beslenip geçirilen halkara derejesindäki medeni çäreler arkaly dostlukly döwletleriň sungat muşdaklary halkymyzyň uzak asyrlaryň dowamynda kämilleşdiren milli senedi barada giňişleýin düşünje alýarlar. Dana halkymyz: «Dür ýasalmaz ussatsyz» diýýär. Ol bize öz täze ýasan bukaw, syrga, gülýaka, asyk, dagdan, ýüzük, bilezik ýaly milli zergärlik sungatymyzda giňden belli bolan bezeg zynatlaryny uly höwes bilen görkezdi. Halypa zergärleriň elinden çykan, tyllaýy öwüşginli zynatlardan birjik-de tapawutlanmaýan bezeg şaý-seplerine onuň milli sungatymyza bolan çäksiz söýgüsini ussatlarça siňdirmegi başarandygy mese-mälim duýulýar. Biri-birinden owadan bezeg şaý-sepleriniň ýasalyş aýratynlyklary barada gürrüň berýän zergär özüniň köp zähmeti we uly zehini talap edýän işinde maşgalasy Göwheriň hyzmatynyň uludygyny aýratyn belleýär. Milli zergärlik sungatymyzdan inçelik bilen baş çykarýan Göwher gadymy nusgaly bezeg zynatlaryny täzeden işlemek, olary dürli gaşlar bilen bezemek ýaly işlerde oňa ýardam berýär. Ol Göwher bilen bilelikde birnäçe bezeg zynatlaryny ýasapdyr. Giň we ýagty ussahanada taýyn edilip goýlan dürli şaý-sepler barada joşup gürrüň berýän zergär öz söýgüli bezeg şaý-sepiniň gülýaka atly zynatdygyny buýsanç bilen aýtdy. Ol gülýakanyň birnäçe görnüşini ýasapdyr. Dogup gelýän Güne çalym edýän bu zynat adaty bezeg şaý-seplerinden diňe göwrümi boýunça däl-de, eýsem, bezelişi boýunça hem tapawutlanýar. Bu zynatyň şeýle owadan ýasalyşy we bezelişi kämillige gol beren zergäriň bu ugurda baý tejribe toplandygynyň hem-de onuň irginsiz döredijilik gözlegleriniň uly üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň nusgasydyr. Söýgüli zynaty bolan gülýakany, adaty bezeg gaşy bolan hakykdan başga-da, pöwrize, zümerret ýaly gaşlar bilen bezemegi bolsa arkama-arka dowam edip gelýän milli zergärlik sungatymyza täze öwüşgin çaýýar. Gadymy sungatymyzy has-da kämilleşdirmekde uly işleri alyp barýan zergär, bu gaşlary giňden ulanmak bilen, bezeg zynatlaryny has-da baýlaşdyrýar. Bu işde ol dürli gaşlaryň özara sazlaşmagyna uly üns berýär. Biri-biri bilen özara sazlaşýan gaşlar halkymyzyň belent sarpalaýan sungatynyň gadyr-gymmatyny has-da artdyrýar. Ol ussat zergärleriň ýasan nusgalyk bezeg zynatlarynyň ýüzüne çeken hüwi, alma çigidi, üzülmez, aýgyzyl ýaly dürli nagyşlarynyň bolmagy barada alada edýär. Altyn bilen kümüşden ýasalyp, hakyk, pöwrize, zümerret ýaly gaşlar oturdylyp, täze öwüşgine eýe bolýan dürli bezeg şaýlarynyň ýüzüni çynar, söwüt, kerkaw, injir, üzüm ýaly dürli agaçlaryň, baglaryň ýapraklary bilen bezeýär. Onuň täze ýasan dürli bezeg zynatlary gaýtalanmajak gözellik bolup, ruhuňy belende göterýär. Häzirki wagtda Salam Nuryýew Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda tälim alýan ýaşlara ajaýyp zynatlary kämilleşdirmegiň inçe syrlaryny öwredýär. Meretgylyç ÝAGMYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |