09:56 Sahnada "Aşyk Çañly" operasy | |
SAHNADA «AŞYK ÇAÑLY» OPERASY
Teatr we kino sungaty
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň döredijilik toparynyň Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlap sahnalaşdyran «Aşyk Çaňly» atly operasy tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Hormatly Prezidentimiziň milli opera sungatymyzy täzeden dikeltmäge, opera aýdymçylarynyň täze neslini ýetişdirmäge uly üns bermegi netijesinde, tomaşaçylara görkezilen täze operany Türkmenistanyň halk artisti Nurberdi Gulowyň dessan görnüşinde aýdan aýdymlary esasynda dramaturg, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarowyň ýazan librettosy boýunça tanymal režissýor Aýnazar Batyrow sahnalaşdyrdy. Halk dessanyndan gözbaş alýan operadaky wakalar XVIII-XIX asyrlarda Balkan sebitlerinde bolup geçýär. Şol döwürde bu sebitde ýaşan Öwez atly hanyň Aşyk Çaňly diýen ogly bolupdyr. Ol zehinli bagşy we seýis hökmünde giňden tanalypdyr. Aşyk Çaňly Bibi atly gyzy söýýär we Bibi onuň söýgüsine söýgi bilen jogap berýär. Biri-birini söýýän ýaş juwanlaryň näzik ýüreginde dörän söýgi alawy ajaýyp aýdymlar arkaly tomaşaçylara ýetirilýär. Täze operanyň özboluşly aýratynlyklarynyň biri-de onda Derwüşiň keşbine uly orun berilmegidir. Derwüş boýdan-başa opera gatnaşyp, operanyň baş gahrymanlarynyň başdan geçirýän ruhy ahwallaryny yzygiderliligi bilen tomaşaçylara gürrüň berýär. Ol operada beýan edilýän wakalara görä, birden gamlanyp, birden şatlanyp, bu sahna eseriniň gahrymanlary bilen bir howadan «dem» alýar. Milli opera sungatymyzdaky bu täzeçillik tomaşaçylaryň operada gürrüňi edilýän wakalaryň, onda-da bu eseriň baş gahrymanlarynyň başdan geçirýän ruhy ahwallarynyň jümmüşine içgin aralaşmagyna güýçli täsir edýär. Derwüşiň keşbini Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew janlandyrýar. Türkmen dessanlarynyň köpüsiniň ýordumynda bolşy ýaly, bu operada hem iki aşygy biri-birinden aýra salýan Ajamyň keşbi bar. Ajam Aşyk Çaňlyny aldaýar. Aşyk Çaňly bilen Bibi biri-birinden aýra düşýär. Ol Geňlik diýen gyza öýlenýär. Bibi tütjar baýa durmuşa çykýar. Ajamyň keşbini Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Estrada sungaty» kafedrasynyň mugallymy Atajan Berdiýew janlandyrýar. Birden ýaz pasly gök asmana bürelýän gara bulutlar ýaly, eserde beýan edilýän wakalar has-da dartgynlaşyp, birdenem gyşyň buzy ýaly eräp gidýän bu dartgynlyk eseriň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Tanymal sahna suratkeşi Batyr Bekmyradowyň irginsiz döredijilik gözlegleri netijesinde, sahnada täsin görnüş emele gelýär. Birden türkmeniň ak öýi peýda bolup, birden deňiz-derýalaryň özboluşly bezegi bolan gäminiň ak ýelkeni, birdenem sahnada ýol görünýär, çarlaklaryň hoş owazy ýaňlanyp, Hazar deňziniň gaýtalanmajak gözelligi göz öňüňde janlanýar, kert-kert gaýaly daglar görünýär. Operanyň täzeçilligi barada gürrüň edilende, sahnada halkymyzyň uludan tutýan toý däp-dessurlarynda milli göreşimize-de uly orun berilýär. Göreş häli-häzire çenli milli toý däp-dessurlarymyzyň bezegi bolup, pälwanlaryň biri-birleri bilen güýç synanyşmagyna amatly şertleri döredýär. Gumdag şäheriniň 3-nji orta mekdebiniň bedenterbiýe mugallymy, 1977-nji ýylda ýurdumyzda geçirilen göreş boýunça ýaryşda Türkmenistanyň çempiony bolan Saýlaw Rejepberdiýew ýörite Aşgabada gelip, operada göreş tutýan artistler bilen duşuşyp, olara milli göreşimiziň inçe tilsimlerini öwredýär. Ussat pälwanyň ýakyndan goldaw bermegi bilen, täze operada toýda göreş tutýan artistler milli göreşimiziň inçe tilsimlerini özleşdirdiler. Tejribeli hünärmen Keýik Hojaýewanyň taýýarlan lybaslary-da, esasan, Balkan welaýatyna mahsus lybaslardan ybarat bolup, ol täze operanyň milli öwüşginlere bezelmegine ýardam edýär. Täze sahna eserinde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Türkmenistanyň Döwlet horunyň artistleri bilen sahnada bile çykyş edýän zehinli ýaşlaryň ukyp-başarnygyny ýüze çykarmaga uly mümkinçilik döredilýär. Biz milli opera sungatymyzy özboluşly baýlaşdyran, tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanan sahna eserini taýýarlamaga gatnaşanlar bilen söhbetdeş bolduk. Gulmergen Gulow, (Türkmenistanyň halk artisti Nurberdi Gulowyň ogly): — «Aşyk Çaňly» atly täze operanyň tomaşaçylara görkezilmegi biziň maşgalamyz üçin has-da ýatda galyjy wakalaryň biri boldy. Ýaşan ömrüni milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmäge bagyş eden kakam bu dessandaky aýdymlary ussatlyk bilen aýdýardy. Ol bu dessanyň il içinde giňden belli bolmagy barada-da alada etdi. «Ata kesbi — ogla halal» diýlişi ýaly, men kakamyň milli sungatymyzda galdyran nusgalyk ýol-ýörelgesini uly abraý bilen dowam edýändigime begenýärin. Bu dessan esasynda täze operanyň sahnalaşdyrylýandygyny eşidip, Aşgabada gelip, operanyň taýýarlyk işlerini synladym. Tüweleme, bu operada çykyş eden artistler, talyplar özlerine ynanylan keşpleri ynandyryjy döretmegi başardylar. Maşgalamyzyň adyndan milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmäge uly üns berýän Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýaryn. Bäşimgeldi Sapardurdyýew, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Ýekelikde aýdym aýtmak» hünäriniň 5-nji ýyl talyby: — Täze sahnalaşdyrylan operada baş gahrymanyň — Aşyk Çaňlynyň keşbini janlandyrandygym üçin özümi bagtly saýýaryn. Şatlygymy ildeşlerim bilen paýlaşýan pursadym özüme tälim beren halypalarym barada-da aýdyp geçesim gelýär. Balkan welaýat ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy Maýa Sähedowa, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary Orazmyrat Amanmyradow, Mämmetmyrat Annamyradow, Atageldi Garýagdyýew dagy meniň zehinimi taplamagyma ýakyndan ýardam berdiler. Aşyk Çaňly bolup sahna çykanymda, bu keşbiň ruhy dünýäsini tomaşaçylara açyp görkezmäge çalyşdym. Aşyk Çaňlynyň «Bibi» diýen aýdymy aýdýan pursady hem-de onuň ejesi ogluna ýüzlenip, «Haçan bagtyň açylar?» diýen aýdymy aýdanynda, güýçli tolgunmany başdan geçirdim. Hormatly Prezidentimize ýaş opera aýdymçylarynyň ukyp-başarnygyny ýüze çykarmaga döredýän mümkinçilikleri üçin hoşallyk bildirýärin. Tylla Saryýewa, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Ýekelikde aýdym aýtmak» hünäriniň 4-nji ýyl talyby: — Maňa «Aşyk Çaňly» operasynyň baş gahrymanlarynyň biri Bibiniň keşbini janlandyrmak miýesser etdi. Bu keşp meniň ýaş ýüregime ýakyn keşpleriň biri boldy. Bibiniň keşbi arkaly Aşyk Çaňla bolan söýgimi belent duýgularda beýan edip, «Maňa aşyk bolan ýigit», «Nirä giderin indi men?» «Umydym», «Aýdyşyk» ýaly aýdymlary aýtdym. Operanyň dowamynda Aşyk Çaňlynyň aradan çykandygy baradaky habary eşidenimde, onuň «Ýandyrdyň, Bibi!» diýen aýdymy aýdan pursady güýçli tolgunmany başdan geçirdim. Bu tolgunma özüme ynanylan keşbi has ynandyryjy janlandyrmaga ruhlandyrdy. Täze operanyň ilkinji görkezilişinde ejem, kakam Bibiniň keşbini janlandyryşyma tomaşa etdiler. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy Gurt Nazarow, operanyň režissýory Aýnazar Batyrow sahnada zehinimi taplamagym üçin köp zähmet siňdirdiler. Hormatly Prezidentimize ýaş zehinleriň ukyp-başarnygyny ýüze çykarmaga uly üns berýändigi üçin çäksiz alkyş aýdýaryn. Milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolup, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin. Meretgylyç ÝAGMYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |