08:57 Nusaý - mertligiñ hem yşkyñ keşbi / hekaýa | |
NUSAÝ — MERTLIGIÑ HEM YŞKYÑ KEŞBI
Taryhy proza
Ýüregi at çapyşykda gazanan ýeňşinden az-kem ynjalan Rodogunanyň ruhy belentdi. Uzak wagtlap şa köşgünde bolup geçýän wakalardan bihabar bolup, ýalňyzlyk dagyny çekýän gyz şäher içre şäher bolup oturan şa köşgüne aýlanyp görmäge hyýallandy. «Nesillerden-nesillere miras galsyn» diýlip, kaşaň gurlan köşgüň owadanlygy baradaky ýakymly gürrüňler has alyslara ýaýrapdy. Bu köşk Parfiýa döwletinde bolup geçen dürli wakalaryň janly şaýady hökmünde-de giňden bellidi. Parfiýa şasynyň neberesiniň örňäp, nesil daragtyny ýaýradan köşgüni suratlandyrmaga söz ejiz gelýärdi. Daň säherden biri-birinden owadan gyzlary yzyna tirkäp, köşge aýlanmagy ýüregine düwen şa gyzynyň gelýändigini eşiden köşk emeldarlary ony mynasyp garşy almaga howlukdylar. Biri-biri bilen sepleşýän dälizlerden başlap, giň we ýagty otaglara çenli serenjam berýän hyzmatkärler başagaýdylar. Egnine asman reňkli päkize lybas geýen Rodoguna käte dogumly ädimläp, käte haýal ýöräp, uzyn dälizlerden geçip, şanyň we onuň ýakyn adamlarynyň maslahat geçirýän giň otagyna golaýlap gelýärdi. Diňe dälizleriň diwarlaryna däl-de, eýsem, giň hem ýagty otaglaryň diwarlaryna-da parfiýalylaryň edermenligini, watanperwerligini suratlandyrýan dürli şekilleriň, keşpleriň yhlas bilen haşamlanmagy onuň ünsüni özüne çekdi. Rodogunanyň çagalygy-da, juwan ýaşlygy-da şu ajaýyp köşkde geçipdi. Ol parfiýaly esgerleriň söweşýän pursadyny suratlandyrýan diwar bezeglerinden gözüni aýryp bilmän, uzak wagtlap durdy. Diwara özboluşly bezeg berýän suratda soňsuz söweşlerde gahrymançylyk görkezen edermen esgerleriň keşpleri janlandyrylypdy. Rodoguna bu suratyň öňünde edil jadylanan ýaly köp durdy. Şa gyzynyň bu täsin suratdan gözüni aýryp bilmän durşuny synlan köşk emeldarlary, janpenalary, ýany bilen gelen gyzlar başlaryny galdyrman, onuň dil açaryna garaşýardylar. Rodoguna dymýardy. Şa gyzy özüniň nirededigini unudan ýaly, şol täsin suratdan gözüni aýryp bilmän dymýardy. Bu täsin surat ony gyz ýüreginde dörän ilkinji söýgüsi baradaky ýakymly ýatlamalaryň jümmüşine alyp gitdi. Rodoguna Sirkasy söýüpdi. Edermen Sirkas onuň näzik gyz ýüreginde dörän päk söýgä söýgi bilen jogap beripdi. Ýöne ýaz ýagşy ýaly tiz tamamlanan söýgi şemini hijran ýeli öçüripdi. Nurana ýüzi az-kem aladaly görünýän Rodoguna ýüreginde gopýan harasady özgelerden gizlemäge çalşyp, bu ýerden daşlaşanyny kem görmedi. Ýakymly, şol bir wagtyň özünde-de, gussaly duýgulara gaplanan gyz öz otagyna dolandy. Köşk emeldarlary, janpenalar, onuň ýany bilen gelen gyzlar Rodogunanyň ýürek urgusyndan bihabardylar. Otagyna dolanan şa gyzyny gussa gaplap alan ýaly boldy. Ol gyýma gaşlaryny ynjy bilen çytyp, otagyň daglara bakýan beýik penjiresini açdy. Her gezek şeýle bolanda, dagyň tämiz howasyndan serini durlaýan gyz ýene-de uzaklarda seleňläp görünýän kert gaýaly daglardan özüne pena gözledi. Göýä Arşyň tämiz howasy bolup otaga dolan dag howasyndan dem alan gyzyň tenha ýüregi az-kem ynjaldy. Ol daglara bakyp, juwan ýüreginiň töründen gaýdýan goşgy setirlerini gaýtalap başlady: — Eý, belent daglar, ak bulutlar, Söýgülimi getiriň siz, gözlerim ýolda. Intizarym getiriň siz, men tenha. Arşdan gaýdýan saba ýelleri, Söýgülimi getiriň siz, gözlerim... diýende, bokurdagy dolup, sözüni soňlady. Owasyna dolan gözýaşyny biri göräýjek ýaly, tiz-tizden gözlerini syldy. Hemişe edermenligi bilen tanalan Rodoguna az-kem ejizlänine ökünýän ýaly, çalasynlyk bilen daş-töwerege göz aýlady. Ýaş ýüregine dolan gamgyn duýgulardan daşlaşyp, özüni ele aldy. Ol gyz kalbynda ýatdan çykmajak täsir galdyran, uly diwary bezeýän suraty ýene-de ýatlady. Bu surat onuň uzak wagtlap jogap tapman ýören sowalyna anyk jogap bolan ýalydy. Göräýmäge bu surat adaty diwar bezeglerinden onçakly tapawutlanmaýardy. Ýöne onda merdanalyk, edermenlik janlandyrylypdyr. Şa gyzy parfiýalylara mahsus ähli häsiýetler jemlenen bu suratda Parfiýa üçin jan alyp, jan beren gahrymanlaryň keşbini gördi. Sirkas hem şeýle esgerleriň biridi. Ol onuň gözüniň alnynda mert watançy gerçek, hakyky wepadar aşyk bolup jan beripdi. Maňlaýyna düşýän gür gara saçlarynyň inçe tarlaryny arkasyna gaýtaryp, ol köşk nakgaşy bilen gürleşip görmegi karar etdi. Çagyrylanyna mähetdel, onuň huzurynda peýda bolan goja Demens baş egip, tagzym etdi: — Siziň merhemetliňiz... — diýip, goja nakgaş söze başlanda, Rodoguna: — Atam, Parfiýa şalygy siziň bitiren hyzmatyňyzy unudýan däldir. Mundan beýlägem siziň zähmetiňize, zehiniňize ýeterlik üns berler — diýdi. — Siziň merhemetliňiz — diýip, şa gyzynyň özi barada aýdan hoş sözlerine erkini gidiren goja nakgaş söze başlanda, Rodoguna ýene söze başlady: — Şu günden şeýläk ikimiz ataly-gyzdyrys. Ýene-de köşgüň diwar bezeginde täze surat bolmaly. Özem ol surat ozalky suratlary gaýtalaman, onda Parfiýa üçin baş goýan merdana esger janlandyrylmaly — diýende, az-kem sesiniň üýtgändigini duýdy. Her niçigem bolsa, Demens onuň üçin keseki adam. Onda-da ýaşy birçene baran adam. Ataň ýaly adama ýürek syryňy açyp bolarmy?! Ol geň galmazmy?! Ýöne oňa nädip ýaş ýürekde gopýan harasady ýetirmeli?! Näme-de bolsa, Rodoguna özüni ele aldy. — Siz häzirlikçe ussahanaňyza baryň. Daň säherde duşuşarys. Ýöne siz täze surat baradaky pikiriňizi beýan ediň — diýip, ýerinden turdy. Şa gyzyndan tabşyryk alan goja Demens oňa baş egip çykyp gitdi. Ýene-de öz otagynda ýeke galan Rodoguna juwan ömründe bolup geçen wakalary serinde aýlady. Ýaşlygyna garamazdan, Parfiýa üçin bolan söweşlerde mertlik görkezen gyz baradaky ýakymly gürrüňler onuň abraý-mertebesini bir gez galdyrypdy. Ol söweşiji, ussat seýis, ajaýyp şahyr diýlip tanalýardy. Oňa söz aýdyp, onuň bilen ömür sürmäge döwtalap bolýanlaryň sany barmak büküp sanardan kändi. Ýöne oňa şeýle habary nädip ýetirmeli?! Ynha, mesele şundady. Şa hem onuň aýaly bu hakda özara pikir alşypdylar. Ýöne ýeke dikrarynyň köňül küýsegini aňman, her öňýeteniň habaryny almak olar üçinem müşgildi. Bahar bägüli ýaly barha gözelleşýän, mertebesi bir gez beýgelýän Rodoguna durmuş gurmaga bireýýäm wagt bolupdy. Emma... Onuň hiç kimi söýmedik ýüregi özgelere orun bermän, diňe Sirkas baradaky ýakymly ýatlamalardan pürepürlenýärdi. Daň agardy. Sabanyň tämiz şemalyndan serini durlamak islän Rodoguna ýene-de beýik penjiräni açdy. Dag howasyndan dem alyp, az-kem ýalňyz ýüregi ynjalan şa gyzy hyzmatkär zenana hoşamaý ýylgyryp, onuň bilen degişdi: — Bagtym açylyp, Nusaýdan daşlaşan günüm seni ýanym bilen alyp giderin. Şa gyzynyň hoşamaýlygyna monça bolan hyzmatkär zenan: — Siziň merhemetliňiz! — diýip, oňa baş egdi. Ertirlik üçin taýýarlanan dürli tagamlardan az-kem garbanan Rodoguna hyzmatkär zenana: — Goja Demensi çagyryň — diýdi. Hyzmatkär zenan: — Siziň merhemetliňiz, ol daň agaraly bäri, siziň kabul ederiňize garaşýar. Asman ýyldyzlary şaýatdyr, şu ömrüme men beýle suraty görmedim, hakyt janly ýaly bolup dur. Goja Demens täze surat çekipdir — diýip, yzly-yzyna suňşurmaga ýetişdi. Bu habary eşiden Rodoguna Demensi garşylamaga çykdy. Pursat arap, hyzmatkär zenan bolsa şatlyk bilen öz otagyna ylgady. Adaty saglyk-amanlykdan soňra, Demens täze taýýarlan surat ülňüsini görkezdi. Atasy ýaly adamyň özi üçin taýýarlan ülňüsini elinde saklap duranyna birhili bolan şa gyzy oňa köşgüň giň we ýagty otaglarynyň birine geçmegi teklip etdi. Şa gyzynyň goja nakgaş bilen bile gelýänini gören köşk emeldarlary olary sarpalap, güler ýüz bilen garşyladylar. Bu otag Parfiýa şasynyň kabulhanasy hasaplanýardy. Şa bu ýerde ýakyn-alys ýerden gelen raýatlaryny kabul edýärdi. Rodoguna otaga girende, goja nakgaşa elindäki ülňini diwardan asmagy teklip etdi. — Gyzym... — diýip, Demens söze başlady. — Garry ataň uzak oýlandy. Ynha, şeýle oýlardan soňra şu ülňini taýýarladym. Görşüňiz ýaly, dört atly suratlandyrylan, olaryň üçüsi gaçyp barýar. Dördünjisi bolsa, agyr ýaralansa-da, olara gürzi zyňmaga häzir bolup dur. Batyr esger ýüregine batýan yza mertlik bilen çydaýar. Onuň gözlerinde bolsa watanperwerlik ataşy alawlaýar... — diýdi. Rodoguna täze suratyň ülňüsini gözüni aýyrman synlady. Demens onuň ýürek urgusyna aňryýany bilen düşünen ýaly. Ýöne... Ol dymdy. Gabat garşysynda özüne baş egip duran goja nakgaşa: — Siz häzir öz işiňiz bilen boluň. Biz soňra duşuşarys — diýdi. Nakgaş: — Gyzym, bu häki meniň öz teklibim. Siz oňlasaňyz, başga-başga ülňülerem taýýarlap bolar — diýip, baş egip gitdi. Ýalňyz galan Rodoguna ülňä has golaý geldi. Gaçyp barýan üç atla gürzi zyňmaga güýjüni jemleýän esgeriň şekilinde Sirkasyň keşbini gördi. Ol ýaralanypdyr, ýöne oňa Parfiýa bolan, Rodoguna bolan çäksiz söýgi egsilmez güýç-kuwwat berýär. Ol soňky demine çenli öz Watanyna, köňül söýen Rodogunasyna wepaly bolup, mertlik görkezipdir. Şeýle oýlara berlen şa gyzy ýene-de otagyna dolandy. Rodoguna Demensi çagyrtdy. Olar ýene-de şol otagda duşuşdylar. — Atam, siziň çeken bu şekiliňiz watanperwerlige ýugrulan. Onuň, dürli reňkleri ulananyňda, has-da göwnegelüwli boljagyna ynanýaryn. Ýöne sizi şeýle eseri edil şu görnüşde taýýarlamaga näme ruhlandyrdy? Şa gyzynyň gönümel sowaly Demensi agraslandyrdy. Ol şeýle diýdi: — Gyzym, Parfiýa üçin söweşlerde biziň esgerlerimize hemişe üstünlik ýarandyr. Parfiýaly esgerler tä soňky demine çenli Watan üçin söweşýärler. Olaryň watanperwerligini, merdanalagyny, edermenligini wasp etmäge söz tapylmaýar. Siziň merhemetliňiz, siz ejaza berseňiz, biz işe başlasagam bolýar. — Atam, ýöne... — diýip, Rodoguna söze başlanda, Demens: — Günämi ötüň, gyzym, hemme zat aýdyşyňyz ýaly bolar. Täze suratda ulanyljak reňkleriň ählisiniň Parfiýada taýýarlanylandygy meniň üçin uly buýsanç. Nesip bolsa, bu eserde ulanjak reňkler asla solman, asyrlardan-asyrlara aşyp, parfiýalylaryň geljekki neslinde watanperwerlik duýgusyny oýarar — diýip baş egdi. Rodoguna goja nakgaş bilen hoşlaşdy. Şondan soňra Demens öz şägirtleri bilen işe başlady. Diňe Nusaý köşgüniň ýaşaýjylarynyň däl-de, eýsem, dürli ýurtlardan bu şähere gelýänler üçinem sungat eseri täsinlik bolar. Rodoguna ýüregi bilen täze eseri makullan-da bolsa, goja nakgaşyň, onuň şägirtleriniň alyp barýan işlerini ýakyndan synlamakdan daşdady. Şa gyzy günde-günaşa goja nakgaşyň işleýän ýerine barsa, onuň eliniň işden sowamagy mümkin. Ol Demense ynanýardy. Ynam ony gamgyn duýgulardan daşlaşdyrýardy. Rodoguna bu eseriň tizden-tiz köpleri begendirjek gününe sabyrsyzlyk bilen garaşdy. Ýöne ol ýürek töründe gizlenen şol şatlykly güne bolan sabyr-takatyny diýseň pynhan saklaýardy. Günler aýlanyp, aýlar geçdi. Rodogunanyň köňül matlabyny amal etmekden ýorulmaýan-ýadamaýan Demens täze eseri tamamladym etdi. Indi bu barada şa hem onuň neberesine, onda-da Rodoguna habar etmelidi. Demensiň döredýän eserini ýakyndan synlamasa-da, Rodoguna bu suratyň diýseň ajaýyp bolanlygyndan habarlydy. Ynha, oňa ertir bu eseriň şa neberesine görkeziljekdigi baradaky hoş habary aýtdylar. Ýarygije şanyň kabulhanasyna bezeg berip, asyrlardan-asyrlara nusga bolup galjak eseri synlamak üçin Rodoguna öz otagyndan çykdy. Uzyn dälizlerden gyssanyp ýöräp gelýän şa gyzyny gören köşk janpenalary hüşgärligini artdyrdylar. Garaşylmadyk ýerden Rodogunanyň peýda bolandygyna äm-säm bolan daýaw esgerler öz ornunda berk durdular. Iki esger Rodogunanyň gapdalyndan ýöredi. Olar şanyň kabulhanasyna golaýladylar. Şanyň kabulhanasynyň merkezi diwary ak mata bilen örtülgidi. Bu ýerde iki sany janpena Rodogunany uly hormat bilen garşyladylar. — Siz gidip bilersiňiz. Ýarygije ýaňlanan şa gyzynyň rugsadyndan soň janpenalary bu ýerden ugradylar. Arzyly eseriň öňünde ýeke galan Rodoguna onuň ak örtügini emaý bilen aýyrdy. Demensiň ussatlygy bilen baky sungat eserine öwrülen bu suratda şa gyzynyň ýürekden söýen Sirkasy edil janly ýaly oňa bakyp durdy. Rodoguna näzik barmaklaryny Sirkasyň merdana keşbiniň üstünden ýöredip: — Sen geldiň, sen geldiň! Men seniň ahyr bir gün dolanjakdygyňa ynanýardym — diýip seslendi. Owadan gözlerinden gaýdan damjalarda mert söýginiň päkligi hem wepadarlygy öwşün atdy. Täze eseriň öňünde jadylanan ýaly bolup duran Rodoguna söýgülisine bagyşlap ýazan täze şygryny buýsanç bilen ýatdan aýtdy: — Gözel Parfiýam, sen hemişe beýiksiň, Sirkasyň mertligi saňa şan getirdi, Ol bu gün gaýdyp geldi. Eý, meniň, Parfiýam, sen hemişe Mertler bilen beýiksiň... Meretgylyç ÝAGMYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||