10:26 Nusaý melegi / hekaýa | |
NUSAÝ MELEGI
Taryhy proza
Rodogunanyñ söýgüli bahar pasly dolup-daşýardy. Gaýtalanmajak gözellikden gözi ganmaýan şa gyzy ýaş ömründe bolup geçen wakalary serinde aýlaýardy. Juwan ýaşlygynyñ deñizdir derýa kimin möwç urýan pursady esger ýigit Sirkasy söýdi. Abraýly maşgaladan bolan gara gözli, daýaw ýigit oòa: «Asman hem zemin söýgim» diýip ýüzlenip, onuò entek hiç kimi söýmäge ýetiºmedik näzik gyz ýüregini eýeläpdi. Her bir ynsan balasyna mahsus ajaýyp duýgyny ýüregi bilen kabul edip, söýgä söýgi bilen jogap beren gyz özüni, hakykatdanam, zeminde däl-de, Aryşda ýaly duýupdy. Ol wagtal-wagtal oýa batýardy: «Şa gyzy gedem, şa gyzy tekepbir, şa gyzy ynjyk» diýýärler. Emma men beýle gyzlardan däl ahyryn. Men Sirkasa gyz ýüregimiñ päk söýgüsini bagyş etdim. Men ýönekeý esger ýigide özümi bagyş edip, onuñ bilen bagtly bolmagy arzuw etdim. Hawa, köpleriñ söz aýtmaga çekinýän, köpleriñ bolsa, görejine göni bakmaga milt edip bilmeýän şa gyzy Rodoguna hemişe Parfiýa üçin jan bermäge taýyndyr. Wah, yşk şemini hijran ýeli öçürmedik bolsa, hawa, hijran ýeli öçürmedik bolsa.... Ýok, men ejiz gyzlardan däldirin. Men Parfiýa şasynyñ gyzy, men parfiýaly. Parfiýalylar bolsa hemişe maksada okgunlydyr, gaýduwsyzdyr». Şeýle oý-pikirleri serinde aýlaýan Rodogunanyñ, Sirkasdan aýra düşeli bäri, dünýäsi has-da daraldy. Mundan ozal şa köşgünde bolup geçýän wakalaryò jümmüºinde bolýan gyz ýalñyzlyk derdini çekýärdi. Bir diýeni iki gezek gaýtalanman, şol dessine berjaý bolýan gyz günüñ dowamynda öz mähriban enekesi bilen az-kem sözleşýär diýäýmeseñ, serine dolýan gamgyn oý-pikirleriñ girdabyndan çykyp bilmän ýeke galýardy. Mähriban enekesi şa gyzynyñ ýaş ýüreginde gopýan harasatdan habarly bolansoñ, ony, az wagtlyk hem bolsa, şol gamgyn oýlardan, pikirlerden daşlaşdyrjak bolup başagaýdy. Bütin ömrüni şa köşgünde geçiren garry aýal gaýduwsyz şa gyzynyñ başdan geçirýän ruhy ahwalyna ýüregi bilen gyýylýardy. Käte ol Rodogunany, iñ bolmanda az wagtlyk hem bolsa, şol gamgyn oý-pikirlerden daşlaşdyrjak bolup: — Gyzym, sen gyýylsañ, daglaryñ belent başyndaky ümür ýaly soñy görünmeýän gussa Parfiýany gaplar. Balam, sen özüñi ele al. Ynha, men seniñ eý görýän miweleriñden getirdim. Hany, olardan dadyp gör. Atañ saña Parfiýanyñ ähli ýerlerinde gögerýän ajaýyp güllerden çemen bogmagy emir etdi. Ynha, görersiñ, şol çemen seniñ ýaş ýüregiñi galkyndyryp, seniñ Parfiýanyñ gözýetmez sähralary ýaly gözel görküñe görk berer. Sen maña ynanaý... Rodoguna: — Başyña döneýin, ene jan, meni öz erkime goý. Hasyly sowlan miweli baglaryñ görkden gaçyşy ýaly, meniñ söýgüden pürepür dolan ýüregim hem tenha galdy. Men diñe Sirkasy söýdüm, ol gujurly esger bilen bagly ýakymly ýatlamalar meniñ erkimi elimden aldy — diýmek bilen çäklenýärdi. Parfiýa şalygy bilen gadymy Rim özara bäsdeşdi. Rimliler dünýä içre dünýä bolup oturan kuwwatly Parfiýany özüne boýun egdirmek isleýärdi. Eýsem, şeýle etmek bilen rimlileriñ baş maksady näme? Ynha, köpleri oýlandyrýan soñsuz sowallaryñ jogaby bolsa şundan ybarat. Gadymy dünýäde ýeke-täk kuwwatly döwlet döretmeli, mundan başga-da, Parfiýa bilen serhetdeş döwletleri hem özüñe boýun egdirmäge mümkinçilik dörär. Kim beýle mümkinçilikden ýüz öwrer. Şeýle oý-pikirleri serinde aýlaýan rimliler häli-şindi diýen ýaly Parfiýa çozmagy adaty endige öwrüpdiler. Ýogsam rimliler şeýle soñsuz söweşlerde hemişe ýeñlişe sezewar bolsalar hem, Parfiýany eýelemek isleginden daşlaşyp bilmeýärdiler. Baş söýgüsini elden aldyryp, ýalñyzlyk derdini çekýän şa gyzy nirädir bir ýerik hyýallandy. Mundan ozal gije-gündiz diýen ýaly başyny gallap duran köşk hyzmatkärlerini erkine goýberip, sagrysyny ýassanyp ýatan şamar käkilini şirmaýy darak bilen darap, söweş lybasyny egnine geýen Rodoguna enekesini çagyrtdy. Eneke dessine onuñ gaşynda peýda boldy. — Balam, men geldim, näme hyzmat — diýip, şa gyzyna baş egdi. — Ýalñyz syrdaşym enekäm, sen meniñ köñül islegimi amal et! Sen, megerem, Parfiýa bilen ýaşdaşsyñ, seniñ ömür örküñ biziñ neberämiz bilen bagly. Sen meniñ atamyñ-enemiñ toý tutan güni hem dünýäniñ iñ gözel naýbaşy köşkleriniñ biri hasaplanylýan bu köşkde bar ekeniñ. Indi bolsa sen Parfiýa şasynyñ ýalñyz gyzynyñ hyzmatynda — diýip degişdi. Ençeme wagt bäri gamgyn oý-pikirleriò girbadyndan çykyp bilmän oturan şa gyzynyñ keýpiçaglygyna göwni galkynan eneke: — Balam, eneñ hemişe seniñ hyzmatyñdadyr. Meniñ dileglerimi asman ýyldyzlary kabul edipdir. Meniñ gaýduwsyz gyzyma ruhubelentlik ýaran bolsun! — diýip, şa gyzynyñ öñünde dyzyna çökdi. — Enekäm, tur ýeriñden, sen uly hormata mynasypsyñ. Men saña täze döreden şygyrlarymdan bir bölegini aýdyp bereýin — diýip, haşamly bejerilen ullakan penjiräni açyp, gözlerini belent daglara aýlady. Dagyñ sergin howasy şa gyzynyn otagyna dolanda, ol söze başlady: — Eý, belent daglar, ak bulutlar, Meniñ kalbym siz bilen, Meniñ söýgim daglardan beýik, Ak bulaklardan alysda, bulutlardan alysda, Meniñ söýgim — gözel Parfiýam. Şa gyzy täze döreden ajaýyp şygryny aýdyp bolanyna mähetdel eneke: — Balam, meniñ eziz balam, asman ýyldyzlary şaýatdyr. Meniñ eziz balama ruhubelentlik ýarandyr. Sen şat bolsañ, garry enekäñ hem bagtlydyr — diýdi. — Ene jan, hany sen meni athana alyp git. Meniñ ýelden ýüwrük nusaý atlary bilen didarlaşasym gelýär. Eneke Rodogunanyñ öñüne düşdi. Parfiýada ady rowaýata öwrülen nusaý atlaryny ösdürip ýetişdirmäge uly üns berilýärdi. Şa, onuñ neberesi häli-şindi bu ýere gelip, atlara ideg edilişi bilen aýratyn gyzyklanýardy. Mähir alyp, mähir paýlaýan nusaý atlary bolsa, şeýle yssy mähri duýup, barha örüsini giòeldýärdi. Islegi dessine berjaý edilýän şa gyzy Rodogunanyñ hem öz eý görýän aty bardy. Ýalñyz perzendi üçin dünýäniñ genji-hazynasyny gaýgyrmajak şa Rodoguna üçin kuwwatly Parfiýanyñ gözel paýtagty Nusaýyñ hormatyna ady dakylan Nusaý atly aty saýlapdy. Gyz aty, at gyzy söýýärdi. Hemişe gedem görünýän Rodoguna bu ýere gelse, belent daglaryñ gerşini baky mesgen edinen ak garlaryñ bahar güneşine birden eräp gidişi ýaly eräp akýardy. Ol Nusaý bilen oýun edip, behişdi bedewiñ ýüpek ýallaryny sypalaýardy. Öz howandary bilen didarlaşýanyna çäksiz begenýän Nusaý hem Rodogunanyñ al ýañaklaryna küti dodaklaryny goýup, öz mähribanlygyny mälim edýärdi. «Yşk şemini hijran ýeli öçürdi» diýip, ilki söýgüsi bilen ahmyrly hoşlaşan Rodoguna athanada geçiren her bir pursadyny ömrüniñ iñ sapaly pursady saýýardy. Ynha, ol öz söýgüli Nusaýyna atlandy. Muny gören eneke: — Balam, seresap bolaweri — diýip elewredi. Ýok ýerden howsala düşen enekesiniñ bolşuna keýpi göterilen Rodoguna: — Ah, enekäm, seniñ meniñ ýalñyz syrdaşym bolşuñ ýaly, Nusaý hem meniñ bu dünýädäki šatlyk-begenjim, syrdaşym ahyryn. Heý-de, çyn bedew öz eýesine ikilik edermi — diýip, mylaýym ýylgyrdy. Soñra ol: — Nusaýym, seni göresim geldi. Sen meniò ýalñyz syrdaşym. Seni görsem, ýalñyz ýüregim hemişe aram tapýar. Indi biz günde-günaşa görşeris — diýip, onuñ bilen gürleşdi. Nusaý, Rodogunanyñ ýürekden çykýan sözlerine düşünýän ýaly, oña baş egýärdi. Şa gyzynyñ ýalñyz syrdaşyna deñeýän Nusaýy oña, hakykatdanam, şöhrat getiripdi. Soòsuz söweşleriñ birinde öz söýgüli atyna atlanan Rodoguna käte asgynlaýan, käte bolsa gözsüz batyrlyk bilen duşmana hüjüm edýän parfiýaly esgerleriñ ruhuny belende göteripdi. Şol söweşde parfiýalylar rim leşgerlerinden rüstem gelip, Parfiýa şalygyna ýeñiş bilen dolanypdylar. Ýalñyz gyzynyñ hem bu jeñe gatnaşanyndan bihabar şa, söweş tamamlanandan soñ, maşgalasynyñ arasyna howlukdy. Orta ýolda öñünden çykan Rodogunany görüp, haýran galan şa: — Balam, edýäniñ näme, sen köşkde bolmaly ahyryn — diýip, az-kem gatyrganjak bolanda, Rodoguna: — Atam, Parfiýa howp abananda, seniñ ýalñyz gyzyñ köşkde galyp bilmez. Gördüñmi, bize ýene-de ýeñiş ýaran boldy. Şeýle ýeñişli günde maña söz ber, goý, seniñ gyzyñ hem parfiýaly esgerler bilen bile söweşe çyksyn. — Balam! Sen meniñ ýalñyz göz-guwanjym, men seni neneñ ýowuz söweşe dözeýin. Menden beýle zady talap etme — diýip, şa özüne agram salyp gürledi. Rodoguna atynyñ başyny şa köşgüne öwürdi. Özüni ýeñiş bilen gutlaýan watandaşlaryna baş egip, köşge girdi. Kem-kemdem Rodoguna adaty durmuşyna dolandy. Baharyñ hoştap günleriniñ birinde ol Nusaýa atlanyp, köşkden daşlaşdy. Onuñ ata atlananyny gören şa nökerleri-de onuñ yzyna düşdüler. Şa gyzynyñ mähir-mylakatyny süññi bilen syzýan Nusaý ýyldyrym ýaly süýnüp, gözýetmez sähralaryñ jümmüşine aralaşýardy. Şamar käkili bahar şemalyna galgaýan Rodoguna yzyndan gelýänlere üns bermän, öz-özi bilen gürleşýärdi: — Nusaýym, sen meni arzyly güne alyp gelersiò. Men şonda duşmana al salyp, Parfiýa üçin, Sirkas üçin söweşerin. Şeýle dälmi, Nusaýym?! Seniñ adyñ ýaly gözel şäherimizi şatlyk gurşap alar. Atam ýeke gyzyny söweşe ugradanyna ökünmez. Ynha, şeýle oý-pikirler bilen şa gyzy Nusaýyñ başyny köşge tarap öwürdi. Haýbatly derwezeler giñden açylyp, gadymy köşk şa gyzyny garşy aldy. Uzaga çekmedik gezelençden göwni şat bolan şa gyzy garşysynda duran atasyna hormat bilen baş egdi. Şa: — Balam, men saòa garaşyp durun. Meniñ saña aýtmaly sözüm bar. Bize munda rahatlyk bermejek bolup, ýene-de rimliler Parfiýanyñ çägine golaý gelipdirler. Men söweşe taýýarlanýaryn. Sen köşkde galmaly borsuñ — diýip, howsalaly gürledi. «Söweş» sözüni eşiden Rodoguna: — Besdir, atam, siz meni köşkde bukup saklap bilmersiñiz. Men Parfiýa şasynyñ gyzy, şa gyzy söweşe gatnaşar, ol Parfiýa üçin gerek bolsa baş goýar — diýip, pert-pert gürledi. Şa bir zatlar aýtmaga çemlenende, Rodoguna atdan düşüp, öz otagyna girip gitdi. Gele-gelmäne giñ otagyñ haşamly penjiresini açyp, içerik dolan bahar şemalyndan dem alyp: Baharyñ sergin şemaly, Söýgülimi getiriñ siz. Arzyly gün ýetip geldi, Intizara ýetiriñ siz - diýip, ruhubelentlik bilen goşgy setirlerini aýtdy. «Söweşe taýýarlanýan» diýen sözi eşideli bäri, özüni jeñ meýdanynda ýaly duýýan Rodoguna bütin Parfiýa belli ýarag ussasynyñ ýörite ýasan naýzasydyr gürzüsini eline aldy. Bu golaýda känbir zerurlyk bolmansoñ, şa gyzynyñ otagynyñ özboluşly bezegi bolan gürzüdir naýza ony hyýalynda söweşe alyp gitdi. Ynha, ol agyr leşger çekip, Parfiýanyñ çägine aralaşan rimlileriñ bir çetine gelip, olar bilen darkaş gurup başlady. Göräýmäge agyr ýaly bolup görünýän gürzüdir naýza şa gyzynyñ gujurly gollarynda ezberlik bilen oýnap, oña rimliler bilen bolan agyr söweşde ýeñiji ruhy ýaran boldy. Rodoguna şeýle agyr günde özüne mertlik hemdemi bolan söweş ýaraglaryna uly buýsanç bilen nazar aýlady. Parfiýa şasynyñ «Söweşe taýýarlanýaryn» diýeli bäri köp wagt geçmänkä, hemişe merdanalygy bilen tanalýan parfiýaly esgerleriñ aladasy artdy. Ir ertir, giç agşam şa köşgüne gelip-gidýän esgerleriñ, serkerdeleriñ sany barha artdy. Şanyñ ýörite emri bilen rimlileriñ bu golaý-goltumda ýerleşen goşunynyñ sany, olaryñ söweşjeñligini anyklamak üçin iberilen añtawlaryñ getirýän her bir maglumaty içgin öwrenilýärdi. Şeýle günleriñ birinde şa atasy bilen tötänleýin didarlaşan Rodoguna oña öz ýürek matlabyny aýan etdi. — Mähriban atam, maña bu söweşe gatnaşmaga böwet bolma! Asman ýyldyzlary şaýatdyr, nesip bolsa, bu söweşde bize ýeñiş ýaran bolar. Onsoòam Parfiýanyñ üstüne howp abananda, köşkde galmak şa gyzyna mahsus häsiýet däldir. Men söweşe hökman giderin — diýip, ynamly aýtdy. Ýalñyz balasynyñ göni görejine bakyp, öz matlabyny duýdansyz aýan etmegine garaşmadyk şa: — Ýalñyz balam, sen meniñ bu dünýädäki ýalñyz perzendim, sen meniñ dowamat dowamym bolmaly. Men eýýäm zenanlaryñ köşkde galmalydygy barada ýörite buýruk berdim. Sen... — diýip, sözüni soñlap-soñlamanka, Rodoguna: — Mähriban atam, ýalbarýan, hakyñ hatyrasyna maña ýol ber — diýip, şa atasyndan daşlaşdy. Bu wakadan birnäçe gün geçenden soñ, köp garaşdyran söweş, çogly Günüñ howruna öz-özünden tutaşýan gyrymsy agaçlaryñ ýalny ýaly, giñ sähraly gözel Parfiýany gurşap aldy. Gije-gündiz diýmän Parfiýa üçin jan alyp, jan berýän edermen esgerleriñ her bir ýeñşi şa köşgünde galan zenanlaryñ, garrylaryñ, bala-çagalaryñ ruhuny belende göterýärdi. Uzakda dowam edýän aldym-berdimli söweşden gowuşýan her bir habar parfiýalylaryñ kem-kemden ýeñşe golaýlaýandygyny añladýardy. Şol günleriñ birinde söweşiñ öñ hatarlarynda parfiýaly esgerlere baş bolup, öz edermenligi bilen adygan Rodoguna barada hem hoş habar gelip gowuşdy. Şa aýaly: — Wah, balam, meniñ ýalñyz balam, seniñ sag-aman dolananyñy görmesem, maña rahatlyk ýok — diýip, naýynjar sözledi. Şa: — Nesip bolsa, Rodoguna ýeñiş bilen dolanar, sen hiç zady alada etme — diýip, öz aýalyna göwünlik berse-de, onuñ özi ýalñyz gyzynyñ sag-aman dolanmagy üçin dileg edýärdi. Pähim-paýhasy, gujur-gaýraty bilen giòden tanalýan şanyñ köñül matlaby amala aşdy. Parfiýaly esgerler bilen söweşe gatnaşan Rodoguna deñsiz-taýsyz edermenlik görkezip, ýene-de köpleriñ gözüniñ alnynda bir gez beýgeldi. Rodoguna söweş meýdanynda: «Parfiýa üçin! Sirkas üçin!» diýip, naýzasyny urýardy. Gujurly gollarynda erkin oýnaýan söweş ýaraglary oña egsilmez güýç-kuwwat berip, onuñ ýeñş bolan berk ynamyny has-da artdyrýardy. Şeýde-şeýde söweşde ýeñiş gazanan pafiýaly esgerlere baş bolup, ýeñiş bilen Nusaýa dolanan şa gyzyny mübärekleýänleriñ her birine uly şatlyk bilen baş egýärdi. Buýsançly başyny belent tutýan şa gyzyny gören zenanlar onun daşyny gallap, ýeñiş bilen gutlaýardylar. Şa: — Gyzym, ýeñiş gutly bolsun! Sen Parfiýa şöhrat getirdiñ! — diýip, ony bagryna basdy. Rodoguna atasyna baş egip, öz otagyna dolandy. Rodogunanyñ otagyna baranyndan habarly eneke-de onuñ yzy bilen haýdap geldi. — Balam, aman-esenmiñ? Seni alada edip, gijämi gündize çalyşdym — diýende, Rodoguna: — Enekäm, gyzyñ ýeñiş bilen dolandy. Bize ýeñiş ýaran boldy. Men Parfiýa üçin, Sirkas üçin söweşdim. Söýgüden pürepür juwan ýüregim ynjaldy — diýip, enekesiniñ mähirden doly gujagyna doldy. Adaty endigine eýerip, otagyñ belent daglara bakýan kaşañ penjiresini açyp, ýüregine dolan goşgy setirlerini aýdyp başlady: Säheriñ sergin şemaly, Söýgülimi getiriñ siz. Meñiñ intizar ýüregimi Arzylyma ýetiriñ siz. Yşk dañyny atyryñ siz. Belent daglaryñ gerşinden gaýdan ýakymly, sergin şemala şamar käkili görmegeý ýüzüni örten şa gyzy Rodoguna has-da gözel keşbe geldi. Meretgylyç ÝAGMYROW. #edebiyatwesungat_2018 | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||