19:48 Ýüreklere ýol salýan owazlar | |
ÝÜREKLERE ÝOL SALÝAN OWAZLAR
Aýdym-saz sungaty
Golaýda bize Türkmenistanyň halk bagşysy Amanberdi Gowşudowyň şu günlerki alyp barýan işleri bilen tanyşmak miýesser etdi. Amanberdi aga söhbetdeşligimiziň başyny milli aýdym-saz sungatymyzda öçmejek yz galdyran ussatlar baradaky ýakymly gürrüňden başlady. Onuň milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmäge saldamly goşant goşan halypalar baradaky ýakymly ýatlamalaryň ýumagyny çözlemeginiň özüne ýetik sebäbi bar. Mylly Täçmyradow, Sahy Jepbarow, Ata Ablyýew... ýaly ussatlar bilen bir obada goňşy ýaşamak bagtyna eýe bolan Amanberdi aga çagalyk döwürlerinden bu halypalaryň köplere nusgalyk ýol-ýörelgelerine eýermäge çalyşýar. Ýetginjek döwri Sahy aganyň öýüne baryp, oňa bu ussat bagşynyň aýdan «Altyň biri», «Ýarap borka» diýen aýdymlaryny aýdyp berýär. Ýaş oglanyň aýdyp beren aýdymlaryny üns bilen diňläp, Sahy aga: «Eliň gowy, sesiň pesräk» diýip, köpmanyly gürleýär. Halypa bagşynyň bu sözlerini çaga ýüregine siňdiren geljekki bagşy aýdym-saz sungatymyzyň umman ýaly jümmüşine içgin aralaşmagyň arzuwy bilen dem alýar. Bu wakadan ençeme ýyllar geçenden soňra ol ýene-de Sahy halypanyňkyda myhmançylykda bolup, ussat bagşa «Ýar gyrmyzy geýinipdir», «Bu gün» ýaly halk aýdymlaryny aýdyp berýär. Ýaş bagşyny diňläp gören Sahy aga bu gezek oňa: «Sesiň sazyň içinden çykmaýar» diýip bellik edýär. Halypa bagşynyň ýanyna üçünji gezek baranda, ol onuň aýdymlaryny diňläp: «Hä, indi boluberipdir» diýýär. Amanberdi aga ýakymly ýatlamalardan az-kem daşlaşyp, eline dutaryny alyp, «Gelinler», «Salma gözüňden», «Saltyklar», «Ýetişsem», «Ak ýüzli Maralym», «Gelemen», «Gözelim» ýaly halk hakydasynda ebedi orun alan aýdymlary aýdyp berdi. Onuň aýdym aýdyş äheňinde Sahy Jepbarowyň ýerine ýetirijilik ussatlygy mese-mälim duýulýardy. Ol biziň içki pikirimizi aňan ýaly, ajaýyp aýdymlaryň jadyly dünýäsinden az-kem daşlaşyp: — Bagşyçylykda Sahy Jepbarowyň ýoluny uly abraý bilen dowam etmekden egsilmez güýç-kuwwat alýaryn. Gyjak çalmakda bolsa meşhur sazanda Ata Ablyýewiň nusgalyk ýol-ýörelgesini has-da kämilleşdirmäge çalyşýaryn — diýdi. Halypa bagşy we sazanda Amanberdi Gowşudowyň köpugurly döredijilik ýoly baradaky ýakymly ýatlamalaryň soňy onuň şu günlerki alyp barýan işlerine syrykdy. Şonda ol öz ýaşyndan has-da ýigdelen ýaly bolup, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden dörän «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda, ýurdumyzyň halypa bagşy-sazandalary bilen bir hatarda, öz döredijiligi barada hem giňişleýin maglumat berilýändigini uly buýsanç bilen dile getirdi. Ýürekden gaýdýan buýsançly sözlerini täze döreden «Öňe, Türkmenistan!» atly ajaýyp sazy bilen dowam etdi. Bu saz bagtyýarlyk döwrümize, dünýäde giňden tanalýan Watanymyzyň gülleýişli ösüşlerine buýsançnama bolup ýaňlandy. Döwrebaplygy, kämilligi, ýakymlylygy bilen ruhumyzy belende göteren bu saz halypa bagşy we sazanda, tejribeli mugallym hökmünde giňden tanalýan Amanberdi Gowşudowyň täze döreden aýdym-sazlary baradaky söhbedimiziň has köptaraply bolmagyna badalga berdi. Halypanyň döreden aýdym-sazlarynyň sany barmak büküp sanardan köp. Ol olara yssy mährini siňdiripdir. Yssy mähirden şinelän ajaýyp aýdym-sazlar bolsa bu sungaty belent sarpalan halkymyzyň ýüregine ýol salýar. Bu aýdym-sazlar uzak ýyllaryň dowamynda diňleýjiler tarapyndan söýlüp diňlenilýär. Halk senedini sarpalap, milli aýdym-saz sungatymyzy täze owazlardyr heňler bilen baýlaşdyryp, ýüreklere ýol salýan ussadyň guýmagursak zehininde gaýnan hoş owazlar bolsa bagtyýar halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýar. Onuň dürli ýyllarda döreden «Baýdagym», «Illeri bardyr», «Görsem», «Baharda görsem», «Ýedi çynar» ýaly onlarça aýdymlary häli-häzire çenli tanymal bagşylarymyzyň döredijiligini özboluşly bezeýär. Bulardan başga-da, «Pagtaçy», «Hormat», «Baky bahar-ýazly ülkäm», «Çagalygymdan öwrenýän», «Bagt paýymyz», «Watan», «Ildeş», «Gitsem daglara» ýaly aýdymlary zehinli bagşylaryň ýerine ýetirmeginde ýurdumyzda giňden bellenilýän milli toý-baýramlarymyzda belentden-belent ýaňlanýar. Diňe aýdym döretmek bilen çäklenmän, eýsem, nurana sazlar bilen halkymyzyň söýgüsini gazanan halypanyň döreden «Guşjagaz», «Gülle, Watan!», «Oýlanma», «Hazar kenarynda», «Pürli agany ýatlap» ýaly sazlary bu günki günde diňe kämillige gol beren sazandalar däl-de, eýsem bu ugurda ilkinji ädimlerini ädýän ýaş zehinler tarapyndan hem uly höwes bilen ýerine ýetirilýär. Amanberdi Gowşudow halk aýdym-sazlaryny täze owazdyr heňler bilen baýlaşdyrmaga hem uly üns berýär. Halk senedini sarpalap, milli aýdym-saz sungatymyzyň ösüşine saldamly goşant goşýan halypa dessanlarymyzdaky aýdymlary içgin öwrenýär we olara täzeçe öwüşgin berip, halkymyza ýetirýär. Onuň irginsiz döredijilik gözlegleri netijesinde dessanlarymyzdan aýdylýan «Görmedigiň sözleme», «Bir iş düşdi hyýalyma», «Aýrylamam» ýaly aýdymlar täze öwüşginler bilen baýlaşdyryldy. Halk hakydasynda ebedi orun alan dessanymyzdaky bu aýdymlar diňleýjiler tarapyndan gyzgyn garşylanyp, ýüreklere ýol salýan aýdymlara öwrüldi. Amanberdi aganyň ýetişdiren şägirtleri milli aýdym-saz sungatymyzda öz ýoluny tapan ussat bagşylar bolup giňden tanalýar. Halypa-şägirtlik gatnaşyklaryna aýratyn hormat goýýan halypa şägirtleriniň sungatda gazanýan üstünliklerine guwanýar. Ol Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdebinde ýaş zehinlere bagşyçylyk sungatymyzyň inçe syrlaryny öwredýär. Biziň halypa bagşy bilen söhbedimiz ahyrlanda, ol dutaryny eline alyp, täze döreden «Türkmen ýaýlasy» atly aýdymyny aýdyp berdi. Amanberdi Gowşudowyň bu aýdymy bagtyýarlyk döwrümizde uly ösüşleriň, özgerişleriň ýurdy hökmünde dünýäde giňden tanalýan eziz Watanymyzyň waspnamasy bolup ýaňlandy. Meretgylyç ÝAGMYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |