HALASGÄRIÑ HAMY
Derýanyň gyrasyndan gür gamyşly tokaý başlanýar. Tokaýyň içine aralaşdygyňça ol barha garaňkyraýardy. Rejebaly mergen agaçlaryň arasy bilen barşyna şu töwereklerde gezýän endamynyň sütügi mahmal ýaly bars hakynda ýene oýlandy. Şol barsy awlamak onuň bir ömür arzuwy.
Alabeder hamy «ýalp-ýalp» öwşün atýan bars indi näçinji gezek Rejebaly mergeniň taýak atym golaýna gelip gerinjiräp, arkaýyn agnaýardy. Soňra ol gelip edil öz aýaklaryny ýassanyp ýatýan barsyň seňriginden çykýan myrryldysyna tisginip gözlerini açanynda, gara öýüň dulunda degirmen aýlap oturan aýalyna ýa-da gyzyna gözi düşýärdi. «Ha-k, ýene-de düýşüm eken-ow...»
Barsyň hamyny eýläp, düşek edinen lebaply Rozy mergeni ol gowy tanaýardy. Dostunyň öýünde, ojagyň gyrasyna atylan bars derisinden düşekçäniň üstünde oturyp hem görüpdi. Şeýle düşek edinmek arzuwy hem şondan soň döräpdi öýdýän. Çasly-pessaý ýaňlanýan dürli-dümen guş sesleri tokaýyň jümmüşinden, uzakdan, ýakyndan yzy üzülmän gelýärdi. Çala sudury bildirýän sokmagy sypdyrman gelşine, ol bir pursat säginip başyny göterdi, howany ysgap diňşirgendi. Şol eglenip duran ýerinde aşak eglip, ýakynda ýolunan bir penje peçege üns bilen seretdi. Rejebaly mergen hasa edinip gelýän taýagyny uzadan wagty peçek topbagynyň aşagynda gizlenen gapan «şark-k» edip ýazdy. Rejebaly mergen çokga sakgalyny sypalap «Hä-ä, şeýle» diýip başyny ýaýkady. «Maral towşanyň agşamara çebşeklerini alyp geçýän ýodasy bi». Ol demir gapany elindäki taýagyň ujuna ildirip dazyrdadyp birýana oklap goýberdi-de ýoluny dowam etdi. Onuň bu bolşy, tokaýda özümden başga aw awlaýan bolmasyn diýýäne hem çalym edýärdi. Aslynda onuň özi hem meýdan janawarlerini awlaýandygy üçin emydama «Gassapçylyk etmek, ýene aw-şikar, aslynda-da däl ekeni ýagşy kär» diýen iki setiri gaýtalap özüne gyjalat berýärdi. Ot-çöpleriň ysy bark urýan çygly howadan dem alyp, ýoluny dowam etdiren mergeniň göwşüllän, reňki öçüşen gyrmyzy donunyň içinden egnine asan gysga nilli berdankasy çalaja hallan atyp, özüniň bardygyny bildirýän ýalydy. Tokaýyň ortagürpünde agaçlar seýrekleýärdi. Rejebaly mergen at gaýtarym boşluk meýdana gelip aýak çekdi. Başyndaky şyrdagyny çykaryp, töweregine syn saldy. Maňlaýyndan syrygan derlerini süpürdi. Kirjigen ak mytgal ýaglygyny goltugynda ýygşyryp durşuna gabat garşysynda çöküp oturan düýeler ýaly bir topbak itburnuň arasyndan eşidilýän sese doňuz diňini salyp durdy. Bu waka göz açyp ýumasy pursatda bolup geçdi. Tumşugynyň iki gapdalyndan bir garyş ak dişleri somalyp çykyp duran äpet ýekegapan sen-men ýok mergeniň üstüne okdurylyp gaýtdy. Ol gelşine Rejebaly mergeni bir ýana togalap, özem badyny saklap bilmän geçip gitdi. Toýnaklary bilen ýer peşäp, gahar-gazabyny «par-par» etdirip burnundan çykarýan ýekegapan ýerinden galmaga synanşýan goja mergeniň üstüne gaýtdy. Kelemesini gaýtaran Rejebaly mergen «Heý dünýe, menem depeläp öldürjek günüň gelen şekilli» diýip pyşyrdady. Şobarmana ýeriň astyndan çykan ýaly duýdansyz peýda bolan bars ýerinden galyp bilmän oturan mergeniň edil üstünden üçirdikläp böküp ýekegapanyň garşysyna bardy. Barşyna hem ýekegapan bilen garpyşyp, togalanyp gitdiler. Özüni rastlap dikelen Rejebaly mergen bütin göwresi bilen titreýärdi. Tokaýyň içi birehili gum-guklyk bolup, gorkudan zähresi ýarylan ýalydy. Guşlaryň sesleri hem ýokdy. Rejebaly mergen biraz özüne geldi. Art aýaklaryndan başlap döşüne çenli garny böwsülen alabeder bars öňünde gana bulaşyp ýatyrdy. Itbunyň tikenli şahalaryny tar-mar edip, çabalanyp ýatan ýekegapanyň hem bokurdagy çeýnelipdi. Emma entek aýylganç «hork-horky» ýatanokdy. Rejebaly mergeniň üstüne howp abanan pursaty niredendir peýda bolan bars atylyp gelişine ýekegapanyň bokurdagyna ýapyşan eken. Ýekegapa hem gyýaklary bilen onuň garnyna suhlap ýetişipdir. Rejebaly mergen bu bolup geçen wakalara ynanyp bilmän durdy. Ol bu gara barsy bütin ömrüne gözläp gezipdi. Şuny awlap, derisini eýlemek, düşük edinmek her pursat küýünden gitmändi. Köp gan ýitiren barsyň süzülip barýan gözleri tokaý miweleri ýaly çym-gyzyl bolupdy. Bars ilkinji we iň soňky gezek Rejebaly mergeniň ýüzüne garady. Haýwanyň garaýşyndan onuň haýyşyny aňşyran mergen horkuldysy gudukdan gelýän ýaly haýalap ugran ýekegapana tarap ýöneldi. Berdankanyň gulagyny şakyrdadyp ok süren mergen ýekegapanyň ýazzy maňlaýyndan çenäp mäşäni parhsyz gysdy.
Yzyna gaňrylyp garanda Rejebaly mergen barsyň hem gözleriniň ýumulandygyny gördi. Soňra ol dem-düýtsüz ýatan barsyň gapdalynda dyzyny epdi. Onuň ýalpyldap ýatan ýmşajyk hamyny sypalap oturyşyna: «Men bütin ömrüme seniň şu mahmal ýaly hamyňy sypyryp almak hakda arzuw edip gezdim- diýip uzak dymdy. -Ýöne indi bu ahwalatlar ýüze çykansoň seniň hamyňy sypyrmaga ellerim barmaz, eý meniň halasgärim-m...»
Sylapberdi MUHAMOW.
Hekaýalar