09:01 "Hamas" Palestinanyñ "Kuwaýy-Milliýesimi"? | |
"HAMAS" PALESTINANYÑ "KUWAÝY-MILLIÝESIMI"?
Taryhy makalalar
Ysraýyl, "Hamasyñ" ýaragly düzümi "Izzeddin Kassam" brigadalary / Fotosurat AFP "Kuwaýy-Milliýe" bilen "Hamas" meñzetmesi soñky döwür agzalýar. "Hamasyñ" yslamy hereketi merkeze alandygy sebäpli bu analogiýa aýratynam sekulýar gatlagy ynjalykdan gaçyrýar. Ýogsam bolmasa, aýratynlyklaryny sanajak bolsak, "Kuwaýy-Milliýe" (Türkiýäniñ Garaşsyzlyk urşy döwründe orta çykan Milli Azat-edijilik otrýadlary -t.b.) häzirki "Hamasdan" has beter dini motiwasiýa eýe bolşy ýaly, üstesine patyşa düzgüniniñ tarapdarlarydy. Bu diñe milisiýa otrýadlarynyñ hereketi bolup orta çykan "Kuwaýy-Milliýe" toparlaryna degişli däldi. Ankarada Ýokary Halk Mejlisini guran öñki mebuslardyr (deputatlar) harby gullukçylar üçinem şeýledi. Türkiýäniñ Ýokary Halk Mejlisiniñ açylyş dabarasy Ýokary Halk Mejlisini hut özi doga-dilegler we hatymlar bilen açan Mustapa Kemal Atatürküñ 1920-nji ýylyñ 21-nji aprelindäki 336-njy belgili jarnamasyny dykgatyñyza ýetirýärin: 1. Allanyñ jomart yhsany bilen 23-nji aprelde jumga namazyndan soñ Ankarada Ýokary Halk Mejlisi açyljakdyr. 2. Watanyñ garaşsyzlygy, beýik halyflyk wezipesiniñ we soltanlygyñ halas edilmegi ýaly iñ möhüm we ykbal kesgitleýji wezipeleri ýetine ýetirjek Ýokary Halk Mejlisiniñ açylyş dabarasyny Anna gününe gabatlap, jumganyñ mukaddesliginden peýdalanylar, açylyşdan öñ ähli hormatly deputatlar bilen "Hajy Baýram weli" metjidinde jumga namazyna durlar, Gurhanyñ nurundan we salawaty-şerifinden feýz alynar. Namazdan soñ sakaly-şerif (Hezreti Pygamberimiziñ sakalynyñ bölekleri) we Mukaddes Baýdak göterilip, Mejlise gidiler. Aýratyn zala girmänkä doga-dilegler edilip hudaýýoly mallar soýlar. Aýratyn zala (Birinji Mejlisiniñ jaýy) gidilende diwiziýanyñ serkerdeliginiñ düzümindäki goşun bölümleri tarapynda ýörite öñüni alyş çäreleri geçiriler. 3. Şeýle mübärek güni ebedileşdirmek üçin ähli welaýatlarda şu günden başlap hormatly häkimleriñ guramagynda Gurhan hatym ediler, Buharydan hadyslar okalar, edilen hatymlaryñ tewdi dogalary Mejlisiñ açylyşynda okalar. 4. Mukaddes we ýaraly watanymyzyñ her künjünde birmeñzeş ýagdaýda Buharydan hadyslar okalar we hatym ediler. Anna güni jumga namazyndan öñ minaralardan salawat okalar. Jumga hutbasynda mertebesi belent patyşamyzyñ beýik ady tutulanda, ilkibaşda patyşamyz6ñ, onuñ ýurdunyñ we raýatlarynyñ haýal etmän halas edilmegi we sagadata ýetmegi üçin doga-dileg ediler. Jumga namazyndan soñ hatymlar tamamlanar, belent halyflyk we soltanlyk wezipeleri bilen watanyñ her garyş ýeriniñ azat edilmegi üçin alnyp barylýan milli azat-edijilik hereketiniñ, milletiñ aladasy we olaryñ wekilleriniñ boýnuna düşýän işini etmeginiñ ähmiýeti, mukaddesligi we hemmeleriñ muña mejbyr bolan meselelerinde wagyz-nesihat işleri geçiriler. Yzybdan halyfymyz we patyşamyzyñ, dinimiziñ we döwletimiziñ, watanyñ bagtyýarlygy üçin doga-dilegler ediler. Bu dini we milli edim-gylymlar ýetirine ýetirilip, metjitlerden çykandan soñ jemagat häkimligiñ öñüne gidip, Mejlisiñ açylandygy bilen gutlarlar. Şeýle-de jumga namazyndan öñ hemme ýerde usulyna laýyk şekilde möwlidi-şerifler okalar. 5. Bu tebligiñ (jarnamanyñ) dessine çap edilmegi we jarnama hökmünde hemme ýere ýetirmegi üçin islendik mümkinçilige ýüz urlar we yzygiderli ýagdaýda iñ çola obalara, iñ kiçi harby bölünlere we ýurtdaky ähli edara-guramalara ýetirilmegi üpjün ediler. Şeýle-de bu jarnama uly afişalar görnüşinde hemme ýerden asylyp goýlar, mümkin bolan ýerde çap edilip köpeldiler, mugtuna hemmelere paýlanar. 6. Alladan bizi doly üstünlige ýetirmegi üçin doga edýäris. Wekiller toparynyñ adyndan Mustapa Kemal. Gürrüñi gidýän jarnama-1 Gürrüñi gidýän jarnama-1 Şol gün jumga namazyna gelenlerden ýaña "Hajy Baýram" metjidine aýak basara ýer bolmandyr, Atatürke we onuñ egindeşleriniñ özüne-de namaza zordan ýer bolupdyr. Namazdan soñ Hamdullah Suphiniñ dogasy, halkyñ salawaty bilen Mejlis açyk diýip yglan edilýär. Atatürk 110 ses bilen Mejlisiñ başlyklygyna saýlanýar. Mehmet Akif Ersoý ýaly yslamçy, Rauf Orbaý ýaly patyşaçy birnäçe tanymal şahsyýetlerem mejlisiñ agramly agzalaryndandy. Kuwaýy-Seýýare • "Kuwaýy-Milliýäni" guranlar bilen Palestinadaky göreşi başlanlaryñ pikiri birmeñzeşdi Kuwaýy-Milliýäniñ iñ güýçli harby ganaty bolan "Kuwaýy-Seýýaräni" guran şahsyýet Çerkez Ethemdi. Çerkez Ethem häzir "Hamas" üçin Ebu Ubeýde nämäni añladýan bolsa, "Kuwaýy-Milliýe" üçin şol manyny añladýan adamdy. Onuñ Ankara gelişi uly şatlyk-şowhun bilen garşylanypdyr. Gara gulakjyny we özboluşly kamflýažy bilen Ankarada köñüllere umyt, ýüreklere batyrgaýlyk beripdir. Halide Edip oña birinji gabat gelşini şeýle sõzler bilen beýan edýär: "Men ony birinji gezek karargähde gördüm. Bir gün uly otaga girip barýarkam birtopar ýaragly adamyñ arasyna düşdüm. Elbetde, olar Ethemiñ adamlarydy. Mustapa Kemal paşa bermek üçin käbir habarnamalary alyp barýardym. Ethem paşanyñ garşysynda bir oturgyçda oturdym. Ol ýerinden turup, meniñ elimi öpdi. Onuñ derek ýaly uzyn boýy bardy. Endamynda eti ýok gujurly göwresi janly sklete meñzeýärdi. Duranja bir çerkezdi-dä. Giñ eginleri, inçe bili, uzyn aýaklary we gollary, ullakan saryýagyz kellesi, gysga burny we solgun gözleri. Teni hiç bir howa täsiri bilen üýtgemändir. Gysga burny anglikan wäşisini ýada salýardy. Ol otagda megerem bu gojaman çerkez hemmeleri kölegesinde goýmak bilen meşgul bolýana meñzeýärdi". Guşçybaşy Eşref Çerkez Ethemiñ öz aýdyşyndan oby Kuwaýy-Milliýä gazandyranam Guşçybaşy Eşref eken. Eşref Enwer paşanyñ iñ ýakyn adamlaryndan bolup, "Teşkilaty-Mahsusanyñ" (osmanly kontrrazwedkasy) esasy işgärleriniñ biridi. Çerkez Ethem şowsuzlyk bilen tamamlanan hereketlerinden soñ iñ uly hyýaly täzeden howandary Enwer paşanyñ ýanyna gitmek bolupdyr. Çerkez Ethem Enwer paşanyñ Turanda (Orta Aziýada) bolşewiklere garşy urşup başlamagy (basmaçylar hereketini aýaga galdyrmagy) "Grönvold" sanatoriýasynda saglygyna seretdirýän Ethemi gaýtadan gylawlandyrypdyr. Enwer paşa diñe Ethem üçin däl, başga-da birnäçeleri üçin hakyky serdardy. Onuñ aslynyñ kawkazly bolmagy-da Ethemiñ joşgunyny artdyrypdyr. Najiýe soltan Ethemiñ we birnäçe ýoldaşynyñ ýolharjyna çenli taýýarlapdyr, emma gara habar Ethemiñ ähli umytlaryny tary-mar edipdir. Ethem beýi "Kuwaýy-Milliýä" getiren we soñra sygynan adamlaryndan bolan Enwer paşanyñ we Guşçybaşy Eşrefiñ gatnaşykdaky ýene bir adamy bardy: oña Muhammet Izzeddin ibn Abdylkadyr ibn Mustafa el-Kassam diýýärdiler. Izzeddîn el-Kassam Kassamyñ türk ýolbaşçysy bilen baglanyşygy[/b] Kassam alym adamam bolsa, ýönekeý wagyzçylardan däldi. Ol Tripolitaniýada ilki Enwer paşa, soñ Omar Muhtar bilen bileleşip, italýanlara garşy göreşipdi we jahan urşy ýyllarynda-da fransuz basybalyjylaryna garşy watançylyk urşunyñ simwolyna öwrülipdi. Dogrusyny aýtmaly bolsa, jöhitleriñ we iñlisleriñ garşysynda professional watan goragçysy bardy. Onuñ goranyş medeniýeti taglymaty häzirki "Kassam brigadalary" diýlip tanalýan harby ganatyñ esasyny düzüpdi. Kassam brigadalary Kakasy kadyry tarykatynyñ görnükli müderrislerinden bolan Kassam 1882-nji ýylda häzirki Siriýa degişli Lazkiýede dünýä indi. Heniz 14 ýaşyndaka Kairiñ "El-Ezher" uniwersitetine gidip, 1909-njy ýyla çenli dini bilim aldy. Tripolitaniýanyñ italýan basybalyjylary tarapyndan basylyp alynmagy Kassamy aktiw syýasata aralaşdyrdy. Ol türkler üçin esger, pul we ok-ýarag toplap, mitingleri gurady. Hatda Tripolitaniýadaky gahrymançylygy beýan etmek üçin bir gimnem ýazdy: Eý Rahman bolan we Rahym bolan Allahym, Sen soltanymyzy (Osmanly patyşasy) muzaffar eýle, Bizlere inaýat eýle, küffar italýanlary ýeñeliñ! Şygyr setirlerindenem görlüşi ýaly, Kazzam edil "Kuwaýy-Milliýeçiler" ýaly osmanly patyşasyna jany-teni bilen bagly syýasy ugurdan ýöreýärdi. Kassam Enwer paşa üçin ýygnan 250 adamlyk goşun bölümi bilen frontda düýpli işleri edip bilmedi, çünki edil şol wagt Balkan urşy turdy. Kassam goşun bölümlerini dargatmagyñ ýerine, osmanly goşunyna goşuldy. Bu bölüm nyzamly goşunyñ hataryna degişli edildi we Kassamam goşunyñ ymamy bolup işe başlady. Birinji jahan urşunda Kassam osmanly goşunynyñ hatarynda birinji möhüm tabşyryklary ýerine ýetirmäge başlady, emma uruşda osmanly goşuny esasanam Gündogar frontlarynda ýeñilmäge başlansoñ, Kassam dogduk depesi Siriýada fransuz okkupasiýasynyñ öñüni almak üçin watan goragçylarynyñ podrazdeleniýelerini döretdi. Sebitde bir bitewi döwlet gurmak maksady bilen hereket edýän arap toparlarynyñ bardygyna garamazdan, Kassamyñ bu tendensiýalaryñ tersine hereket etmegi Siriýanyñ goragynda asgynlamagyna sebäp boldy. Fransuzlar tarapyndan kimdigi aýan bolansoñ egindeşleriniñ bir bölegi Anadola geçse, Kassam Palestina gitmegi saýlady. Anadolyda greklere garşy göreşmegiñ ýa-da Palestinada iñlislere garşy söweşmegiñ haýsam bolsa birini saýlap almaly bolan Kassam palestin frontyny has möhüm hasaplady. Iñlisleriñ Kassama we onuñ ýoldaşlaryna garşy alyp baran göreşinde köpçüligiñ goldawyny almak üçin ulanýan sözü-de diýseñ manydardy: enwerçiler... Enwer paşanyñ hyýalbent ideallar (!) bilen Orta Aziýada eden işlerine belli bir derejede terrorizm hökmünde baha beren iñlisler Kassamyñ we onuñ egindeşleriniñ 1935-nji ýylyñ 20-nji noýabryna çenli alyp baran göreşini-de şu söz bilen ýöntemleşdirmäge synanyşdypdylar. Häzirki "Hamasyñ" iñ saýlama harby güýji hasap edilýän "Kassam brigadalarynyñ" adyny ýokarda ady agzalan El-Kassamdan almagy diýseñ möhümdir. Elbetde, "Hamas" Kassamyñ diñe adyny harby ganatyna bermek bilen çäklenmedi. Onuñ goranyş medeniýetini-de bu hereketiñ merkezine alyp ösdüripdir. • "Hamasyñ" we "Kuwaýy-Milliýäniñ" çalymdaş we tapawutly taraplary Ilki bilen "Hamas" hem, "Kuwaýy-Milliýe" hem milisiýa otrýadydyr. Iki toparam ýurdunyñ ýerleri okkupasiýa astynda bolandygy sebäpli göreş hereketi hökmünde guruldy. "Hamasyñ" doly ady "El-Hareketül-Mukâwemetül-Islamiýýe", bu uzyn adyñ gysgaldylan görnüşi hökmünde "Hamas" ulanylýar. Hamas sözüniñ özi batyrgaýlyk we mertlik manylaryny berýär. Türklerde bu söz "hamasi", "hamaset" görnüşlerinde ulanylýar. "Hamas" ýolbaşçylyk taýdan alanda "Kuwaýy-Milliýeden" başgarakdyr. "Kuwaýy-Milliýe" hereketiniñ agzalary syýasy taýdan patyşaha bagly bolup, ideologiki taýdan yslamçylyk we türkçülik düşünjeleri bilen öñe saýlanýar. Anadoly hereketiniñ yslamçylygy bolsa has köp osmanly şerigat düşünjesine goldanýar. "Hamas" bolsa şu tarapdan özüni "Ihwany-Müslim" ("Musulman doganlar") guramasynyñ dini prinsiplerine baglanyşdyrýar. "Kuwaýy-Milliýe" bilen "Hamasy" biri-birinden tapawutlandyrýan ýene bir aýratynlygam gurluş formalarydyr. "Hamas" "Kuwaýy-Milliýe" hereketiniñ tersine göreş hereketi hökmünde däl-de, 1979-njy ýylda haýyr-sahawat guramasy hökmünde gurlupdyr. Gürrüñsiz, Ysraýylyñ bular ýaly toparyñ döremegine razylyk bildirmeginiñ añyrsynda iki sebäp bardy: Birinjisi Kommunist ýurtlar bilen baglanyşykly Palestinany Azat-Ediş guramasy (PAEG) ýaly toparlaryñ Palestinadaky güýjüni gowşatmakdy. Beýleki pikiri-de, "Hamasyñ" palestin topraklarynda ýeterlik syýasy goldaw tapmajakdygyna we diñe agzalalyga sebäp boljagyna bolan ynanjydy. "Kuwaýy-Milliýäniñ" we "Hamasyñ" tapawutlanýan ýene bir tarapy-da guramaçylyk gurluşydy. "Kuwaýy-Milliýäni" düzenleriñ köpüsi osmanly goşunynda gulluk eden ofiserlerdi we döwlet edaralarynda işlän işgärlerdi. Şeýle-de "Kuwaýy-Milliýe" birlikleri birnäçe indiwidual hadysany hasaba almanda, az wagtyñ içinde düzgün-nyzamly goşuna öwrülipdi. Başgaça aýdylanda, "Kuwaýy-Milliýe" imperiýanyñ guramaçylykly paýhasyna goldanýardy. "Hamasyñ" bolsa, heniz düzgün-nyzamly goşun medeniýetiniñ bolmaýşy ýaly, geçmişinde-de beýle ýagdaý ýok. 1987-nji ýylyñ Intifadasy bilen şinelän "Hamasyñ" harby göreş üçin heniz taýýar däldigi görnïp durdy. Muña garamazdan birnäçe ýylyñ dowamynda Gazadaky göreş "Hamasyñ" harby goranyş medeniýetinde soñky derejede ösen sepgide ýetendigini görkezýär. Syýasy taýdan alanda-da "Kuwaýy-Milliýe" bilen "Hamas" biri-birinden tapawutlanýar. "Kuwaýy-Milliýe" ähli dinamikalary bilen Ankara hökümetine bagly we düzgün-nyzamly goşun düzülenden soñ seýýar (göçme) birlikler doly ýatyrylýar. "Hamas" bolsa syýasy ganaty, wekilçilik ganaty, kontrrazwedka we 1991-nji ýylda "Kassam brigadalary" bilen düzülen harby ganaty bilen birlikde dört gurluşdan ybarat. "Kuwaýy-Milliýäniñ" we "Hamasyñ" biri-birine örän meñzeş tarapy-da ikisiniñem basybalyjylara garşy azat-edijilik göreşini alyp barýanlygydyr. Häzirki günüñ gözi bilen sekulýar gaýgylara berlip "beýle zat bolmaz" diýsek, bu yakyk seljerme bolup bilmez, sebäbi "Kuwaýy-Milliýeçileriñ" dini motiwasiýasy "Hamasyñkydan" has güýçlüdi we öñdedi. Iki toparyñam biri-birine meñzäp-meñzemeýänliginden has möhümi iki toparyñ hem tohumyny sepen eliñ bir bolmagy iki topary doganlaşdyrýar. Okkupasiýa heniz aradan aýrylmanka "Hamas" bilen ideologiki hasaplaşyga girmek bolsa, "Kuwaýy-Milliýä" azat-edijilik göreşiniñ barýan döwründe Stambul hökümetiniñ tankytlaryndan tapawudy ýokdur. "Kuwaýy-Milliýä" gönükdirilen tankytlaryñ düýbünde toparyñ bütin Osmanla dahylly däl pasyklaryñ we ittihatçylaryñ täze hyýalbentligi hökmünde görülmegidi. Häzir "Hamas" üçinem ähli Palestina wekilçilik etmeýändigi we "ihwançylaryñ" täze hyýalbentligi hökmünde tankyt topuna tutulmagy-da başga manydar nokatdyr. Mehmet MAZLUM ÇELIK. @MMazlumcel celikmehmedmazlum@gmail.com Çarşenbe, 24.04.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |