22:25 Hanjary tutan el | |
HANJARY TUTAN EL
Publisistika
Garşa latynça şu aýtgyny gaýtalaýaryn: "Ad hominem!" Adamyñ haýsydyr bir mesele babatdaky pikiriniñ ýerine şahsyna gönükdirilen sözleri aýtmak. Şular ýaly: Bir zadyñ dogrudygy, hakykatdygy barada ynandyryjy maglumat görkezseñiz, garşyñyzdaky ol argumenti tankyt etmekden geçen, gaýtam argumenti görkezen siziñ bilen baglanyşykly dahylsyz şahsy taraplaryñyzy aýan edip, pikiriñizi püçege çykarmaga dyrjaşýar. Ýöntemligiñ agalyk sürýän jemgyýetlerinde şeýle ýagdaý gutulgysyz... Ine... Soñky döwürde "araplar" babatda hem şoña meñzeş çekişmeler bolup geçýär: - Araplary halamalymy, halamaly däl? Jüpbeli Ahmet hoja şeýle diýýär: "Araplar pazylatly halkdyr. Araplary söýmek imandyr, söýmezlik kapyrlykdyr!" Beýleki bir ýanda-da "biziñ mähellämiz" şeýle diýýär: "Araplar jahan urşunda bizi arkamyzdan pyçaklady!" Ýurdumyzda taryh düşünjesi ylmy taýdan däl-de, duýguçyl pikir ýöretmeler arkaly emele gelýär! Munda aýratynam ynanç esasly teologik pikirleriñ roly uly! Araplary halap, halamazlyk barada aýtmaly bolsa: * * * Arap taryhy ýurdumyzda köplenç Birinji jahan urşy bilen çäklenýär: "Arkamyzdan hanjarladylar!" Emma "hanjarlamaga" nädip gelinendiginiñ üstünde onçakly durulmaýar! Osmanly XVI asyryñ başlarynda bütun arap ýurtlaryny basyp aldy. Sebäbi, araplaryñ dünýäniñ söwda ýollarynyñ üstünde oturýanlygydy. Şeýle-de, osmanly begleriniñ we paşalarynyñ bu ýerdäki agramy ykdysady tarapdan has beter agalyk sürmek maksatlydy... Ýewropada kapitalizmiñ gülläp ösmegi täze bazarlara we çig mal gorlaryna duýulýan mätäçligi ýüze çykardy. Müsüriñ pagtasy, şekerçiñrigi, Siriýadyr Palestinanyñ pagtasy, dänesi, ýüñi, Liwanyñ ýüpegi we başga baýlyklary ýewropaly kapitalistleriñ işdäsini açdy... Ýewropanyñ Osmanlynyñ üstýnde syýasy-ykdysady agalygy artdygysaýy arap topraklarynda eksplutasiýa we garyplaşmak çuñlaşdy. Daşary ýurt kapitalynyñ süýhorçylykly-eksplutasion düzgüniniñ osmanly maliýesini iýip-gemirmegi diñe osmanly feodal sistemasyny däl, ýurduñ ähli ýerlerindäki jemgyýetçilik gatnaşyklaryny çagşadýardy... Osmanlynyñ çydamaga mejaly galmady welin, zähmetkeş halkyñ üstüne mündi. Edil anadoly daýhany, zähmetkeşi ýerli maýadary ýaly arap halky-da eksplutasiýanyñ agramyny çekmeli boldy: Meselem, müsürli fellahlar (daýhanlar) öñküsinden dört esse köp salgyt töläp başlady. Özem, daýhanlar entek eken ekinleri ýetişmänkä bäşden bir bölegini süýthorlara satdylar. Söwda durmanyñ bäri ýanyna geldi. Sanasañ sogaby bar, aýtsañ aýdyp oturmaly. * * * Şeýdibem, araplarda jemgyýetçilik bimazalygy döremäge başlady, agzalalyklar ýüze çykdy. Arap şeýhleridir emirleri-de halkyñ ganyny içýärdi. Harap bolan obalar boşap galypdy, göçüşlikler bolan şäherlerde açlyk höküm sürýärdi... Arap topraklarynyñ çar künjünde - birinji Liwandan başlap, XVIII asyrdan bäri daýhan gozgalañlary turdy. Maruni-dürzi ýaly etniki çaknyşyklaram çalt ýaýrady. Doýdumy-doldumy ýok açgöz imperialistler Müsüri holtumlaryna dolap almak bilen arap ýurtlaryny ýekän-ýekän basyp alýardy. Çakdanaşa girdejilerden ýaña başy aýlanan ýewropa kapitaly öz arasynda-da bäsdeşlik etmäge başlady. Bütin bu zatlar bolup geçýärkä arap ýurtlarynda ilki Müsürde, soñ beýleki ýerlerde garaşsyzlyk ugrunda göreş alyp barýan akymlar ýüze çykyp ugrady... Ittihatçy 1908-nji ýylyñ Iýul rewolýusiýasy arap geografiýasynda-da şatlykly garşylandy. "Osmanly-Arap doganlygy" jemgyýeti guruldy. Ittihatçylaryñ arasynda Sadyk paşa El-Azm ýaly progressiwlerem bardy. Emma ittihatçylar "ýara" melhem bolup bilmedi. Imperializmiñ "Agzyny alart-da, höküm sür" syýasaty agalyk sürdi. Birinji jahan urşuna şu atmosferada girildi: Müsür, Sudan, Alžir, Tunis, Marokko, Arabystanyñ bir bölegi iñlislerdir fransuzlaryñ tarapyna geçdi. Musulmany musulmana gyrdyrdylar... "Kut’ül-Amare" ýaly ýeñlişler iñlisleri üýşendirdi, Osmanlyny ysgyndan gaçyrmak ücin Hyjazyñ emiri Şerif Hüseýin ýaly feodal han-beglerden peýdalandy. (Birnäçe ýyl geçenden soñ iñlisler bu taktikany Şeýh Saidi ulanyp etjek boldy). Uruşda ölen ýene arap zähmetkeşleri boldy... Netijede: Arap telekeçileri häzirem eksplutatirlenýär. Imperializmiñ gysajyndaky arap şeýhleriniñ nä gara görgüsi Gaza halky? Meselä etniki tarapdan däl-de, ykdysady-syýasy tarapdan seretmek gerek... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 13.12.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |