HARMAN HEKAÝATY
Daýhan tutuş ýylda çeken zähmetin,
Bu harmana siňdiripdi ahbetin.
Onuň maňlaý deridi her dänesi,
(Garaz boljak işiň ýok-da çäresi.)
Ak bugdaýdan harman lowurdap durdy,
Garynjalar üýşüp maslahat gurdy.
Biri diýdi: “Biziňki däl bu däne!”
Biri diýdi: “Iýseň dermandyr jana.”
Biri: “Özge zada göz dikmäň!” diýdi.
Biri: “Bu daýhna gaty kän” diýdi.
Bu maslahat çekdi gaty uzaga,
Biri diýdi: “Beýdip galmaň azara!
Her bir işde synap görmeli bagty!..”
Ol ylgap bardy-da, bir däne aldy.
“Men-ä aljak, gapylsa-da garagym,
Bildirmezem ýeke däne alanym...”
Oň sözün goldady başga Garynja,
Diýdi: “Hüşür-zekat düşýär gallaja...”
Garbap bir dänäni aldy egnine
Hemem diýdi: “Haýyr işi eglemäň!
Pursaty hiç elden bermeli däldir,
Munça däne ýeke daýhana kändir!..”
Ähli garynjalar galla topuldy,
Olaryň hatary has-da köpeldi.
Hemmesem diýýärdi: “Bu harman kän-ä,
Bildirip durmaz-la ýekeje däne.”
Olar gatnadylar nyzamy bozman,
Biri-de diýmedi: “Rysgaly özgäň.”
Soň ünsem bermedi biri-birine,
Harman siňdi garynjalaň hinine.
Hersiniň alany däne ýekeje,
Emma özge ryska uruldy penje.
...Özüňki däl zada uzatma goly,
Bolsun ol kiçijek ýa bolsun uly.
Azymberdi KAKAÝEW.
Goşgular