00:15 Hat gatnadyjy / hekaýa | |
HAT GATNADYJY
Hekaýalar
Anna obamyzdan urşa giden ilkinji frontçy. Ol däriniň ysyny almadygam bolsa, esger eşikli geldi. Muňa oba bolup begendik. Begenmän näme, urşa diýip, allaowarra giden adamyň gör nirelerde aýak yzlaryny galdyryp, aman-sag garabaşyny alyp gelmegi, aklaňdan aşyp odun ýygyp gelen ýaly däl-ä. Şonuň üçin esger eşigini geýen adamy görmäge diňe obamyzyň adamlary däl, goňşy obalardanam gelenler boldy. Hatda obamyzyň garasöýmez iti Baltak, şol gün hiç kime üýrmän, ilkinji frontçynyň hormatyna tä gelip gidýänler sowulýança onuň gapysynda ýatdy. Dermanyň agryljak ysyndan hemem gamgyn gözli şepagat uýasynyň ýadaw ýüzünden başga, alty aýlap hiç zat görmedik Anna, özüne edilýän hormatdan müýnürgedi. –Däriniň ysyny almag-a däl, kemtersinden ýumruklaşyp duran adamam görmedim. Urşa ýaramsyz, orta ýoldan yzyma gaýtardylar... Jahanda uruş barýarka, esger eşigini geýip, obaňa dolanmak, bi sagyňdan çepiňe agdarylan ýaly däl-ä... Kimdir biri çyny bilen Anna düşündirdi. –Ýelkenli gidip, ädikli dolanmagyň özi uly gahrymançylyk... * * * Agras ädimlerini äwmezlik bilen ätlän obamyz entegem şol öňe gidip otyr. Anna-da frontdan gelensoň ýene öňküje kärine – hat gatnadan işine başlady. Bir üýtgän zat, indi obamyzda esger eşikli adam bar. Ýene bir zadam aýtmaly. Annanyň öň fronta gitmänkä münýän agzy gara gök eşegini indi ferma müdiri münýär. Oňa derek Anna reňki esger eşiginiň reňkine meňzeş garry eşek berdiler. Annanyň oba gelmegi maňa uly täsir etdi. Şonuň üçin döşünde jäjekleri bolmasa-da esger eşigini geýeninden bäri – Ol geleli bäri esger eşiginde gezýär–gorky gatyşykly hormat bilen seredýärin. Ýöne Annanyň getiren ilkinji ýowuz hatyndan soň, obamyzyň oňa bolan garaýşy üýtgedi. Dogrusy, Annanyň özem düýpgöter üýtgedi. Hemişeler dünýäniň imi-sala wagty, alabahar golaýlanda çölüň ilkinji güli ilki Annanyň gursagynda güllärdi, soňam meýdanda. Otlara jan girip ugrandan, ol ýazyň hatyrasyna obamyzdan ýüz öwrüp, tä otlaň ýüzi solýança meýdanlarda ýatyp turardy. Soňam dünýeden hiç zat gereksiz bolup, indiki ýaza çenli süýji arzuw bilen ýaşardy. Soň ýene ýaz gelerdi, ýene Annanyň garaksyz kalby ýalňyzlygy küýsärdi. Göwsünde gözellik döredip, düňle çöl ýene Annany özüne çagyrardy. Anna ýene biygtyýar oňa maýyl bolardy. Şeýdip, ol öz dünýesine guwanyp ýalňyzlykda ýaşar ýörerdi. Käteler men onuň, nähilidir bir joşgunly sözlere hiňlenýändigini eşiderdim. O sözleri Anna aýtsa, hasam gelşikli ýaly bolýardy. Ýalňyz galdy meniň, Garaksyz göwnüm... Indi Anna öňki, meniň gözümiň öwrenişen Annasy däldi. Ol köpçülige goşulman ýeke gezmäni çykardy. Bardy-geldi saý-sebäp bilen goşulaýsa-da, çet ýurtly myhman ýaly geplemän oturardy. Alabahar gelende-de çöle çykman, owadan gözlerini gamlandyryp, ýadaw dünýäň ýüzüne seredip oňardy. Men ol şol bir döwürlerdäki joşgunly setirlerini unudandyr öýderdim. Ýöne ýalňyşan ekenim. Bir gün men onuň şeýle sözleri agzyndan çykaranyny eşitdim. Ne üçin sen maňa Bermediň ömür... Bu zatlaryň hemmesi adamlaryň Annany göreninden, görmesiz adam gören ýaly agyr dymmalaryndan soň başlandy. Şonuň üçin hat näçe köp geldigiçe, şonça-da Anna bilen obamyzyň arasy daşlaşýardy. Hatlar bolsa ýüreklerde ujypsyzja umyt döredip, bimöçber gynanç bilen şol gelip durdy, gelip durdy... Halys bezgek bolan adamlar, Annanyň münýän garry eşegini onuň özünden beter ýigrenip başladylar. Sebäp, ol tüýs eşekligini edip, aňyrdan gelşine, obamyzyň gyrasyndan girenden, «ýetip gelýändirin» diýip, myrtar sesi bilen aňňyrardy. Soňam etmesiz iş edenine ökünýän ýaly, gulaklaryny kakyp, müýnli görnüşde hynçgyrýardy. Gypjyn-gypjyn bolan adamlar entek Annanyň ýüzüni görmeselerem, ýowuz habaryň ýetip gelýänini syzyp, bu gün eşek kimiň gapysynda saklanarka diýşip, galpylda galardylar. Niçikmi, artky aýaklaryny biri-birine degrip barýan eşegiň duşlaryndan geçip barýanyny görübem ýakalaryna tüýkürerdiler. Käte-de, ýowuz habaryň yzy kesilsin diýip, eşegiň ak çägeleriň ýüzünde goýup giden yzyny çöp bilen çyzardylar. Eşegiň saklanan öýünde, şol gün bir topar çaga ýetim galardy, şol gün, bir topar çaga uly adam bolardy. Men şeýle ýagdaýy görüp, bu şum işiň Annanyň nesibesinden çykanyna oturyp-oturyp gynanardym. Elimden hiç zat gelmänsoň, bar gaharymy oglan didelerimden çykarardym. Ýene daň atardy. Anna ýene eşegini münüp etrap merkezine giderdi. Eşek gaty hor bolansoň, ilki ýörejek bolanda bir tarapa gaýşarylyp, ýykylaýjak-ýykylaýjak ýaly ederdi-de, soň esli ýere entirekläp giderdi. Soňam ýoluň daşlygyny görmejek bolup, gözlerini ýumardy. Ýol bir öwrümden gönelip, gum depeleriniň içine siňip gidýärdi. Meniň oý-pikirlerimem şol ýol bilen bile giderdi. Soňam ol oba öwrülip gelip, eşegiň ýadaw sesi bilen adamlaryň mazasyny alardy. Dagda öwrülen öý eýesi ýene onuň sag-aman duşlaryndan geçenini dilärdi. Şeýdip, ömre goşulmaýan gerekmejek günler geçip durdy. Indi her bir dogup-ýaşýan gün Annanyň kalbynda tükenmedik yz galdyryp tamamlanýardy. Öz nobatynda daň atyp, Anna ýene bir güni, artykmaç gerekmez güni ýaşamaly bolýardy. Men onuň halyna aglamaýanam bolsam, birhili sowuk öwüsginiň kalbymy gaplap alýany häzirem ýadyma düşýär. Anna-da halynyň agyrlygyny oglana bildirmejek bolýan ene dek, her gezek ýanyna baramda, özüni giň göwrümli tutýardy. Bu bolşy görüp men hasam gaýga batýardym. Şu günki şaýat bolan zadym, ýüregimi öňküdenem beter gopdurdy. Goňşy öýde akyly ýeten çagajyk, nämedir bir zatdan nägile bolup aglaýardy. Uzak günki zybyr-zybyrdan aran ene ukynyň arasynda käýinjiräp, sallançagy batly patdylladýardy. Çagajyk entekler sesini goýarly däldi. Ahyry enäniň howsalaly pyşyrdysy eşidildi. – Goý, sesiňi, ýogsam Anna geler... Gahary gelen çagajygyň indi sesine derek, özüne basalyk berýän sojamasy gulagyma gatlyşdy. Soňam şol sojama uzak wagtlap dowam etdi. Şol gün çagajyk aglamadygam bolsa, boýumyň syryk ýalydygyna garamazdan, uzakly gije möňňürip çykdym. Çagajygy ejesi köşeşdiripdi, meni bolsa köşeşdiren adam bolmandy. Annanyň ady indi obamyzda ady tutulmaýan ada öwrüldi. Kimdir biri bilmezlikden onuň adyny agzaýsada-da, her kim oňa üşerilip serederdi. Annanyň adyny agzan adamam özüni günäkär duýup, müýnli başyny aşak salardy. Hatda indi, anna güni, kimdir biriniň ogul bäbegi bolaýsa-da, obamyzda Annalar köpelip barýan ýaly, anna sözüni agzamajak bolup, bäbejige başga at goýardylar. Şeýdip, obamyz bişeýkel günleri başdan geçirip ýördi. Anna-da bir gün gaýraky köçeden geçýär, bir gün ilerki köçeden. Deňinde saklanan eşegi gören öý bikesi, gözleri gorkan mönje çagajyklaryny gyňajynyň arkasynda gizläp, «geleweriň» diýlen söze derek, Annanyň ýanbaşyndan asylgy ýantorba gorkuly seredýär. Meni ýene bir gaýga batyrýan zat: «Ogluňyz dereksiz ýitdi» diýlen habar geleli bäri Gülsün ejäniň derdiniň artýandygydy. Soňky bir döwürä ol hasam egbarlady. Her gezek soramaga baramda, ol boýurganyp şeýle diýýär: –Anna aýt, goý ol hatlara gowja seretsin, Meretlim diri bolmaly, men ony düýşümde ýygy-ýygy görýärin... Men şu gün bet işe baş goşup, Meretliniň adyndan hat ýazmagy Annany razy etdim. Anna meni hamana dek şu gün görýän ýaly, ýüzüme kän seretdi. Soňam henize çenli adam aldamanlygyna günäkär ýaly gowşaksy gepledi. –Men allap bilemoga... Menem ýüzümi aşak saldym. –Menem... Ikimizem hiç zat gürlemän dymdyk. Ahyry Anna tutuksy hümürdedi. –Onda näme?.. Indi ol meniň gözüme seredýärdi. Men onuň nazaryndan sypyp bilmän dodaklarymy kemşertdim. –Gülsün ejä dözemok... Uzak dymyşlykdan soň, Anna müýnli pyşyrdady. –Bolýa, ýöne haty özüň elt... Men aglamakdan zordan saklanyp, başymy atdym. Ertesi «frontdan gelen» üçburç haty gysymyma gysyp, Gülsün ejelere eňdim. Gülsün eje ilki aglady, soňam heýem bir begençli gün aglamak bormy?»– diýip, gyjaňynyň ujyna düwlen bir düwür ak gandy buşluk paýy diýip berdi. Men aldap alamsoň, gandy iýmäge bognum ysmady. Ýene öz ýanymdan delillendirip, diri ýitmek, dünýeden gitmek däl-ä, belki Meretli bir ýerlerden çykar diýen umyt bilen agzyma atdym. Indi her iki aýdan, çekimli ak gandyň käte bir, şowuna düşse iki bölegini iýýärdim. Arasynda dünýede süýji zadyňam bardygyny bilsin diýip, gandyň bir bölejigini hiç kime görkezmän Baltagyňam öňüne oklaýaryn. Süýjini gaty iýesim gelse-de, Anna ýalbaryp haty bir aýa-da ýetirmän getirýärin. Gülsün ejede barha ganymatlaşmak bilendi. Bir gün ol şeýle diýdi: –Yzyňda nesliň dowam etjegini bilseň, seni kimdir biri soň-soňlaram ýatlap dursa, adam ömründen razy bolýar. Meretlimden hat gelip ugraly bäri, ýüregime arkaýynlyk ornaşdy. Ylaýym uzagyndan bolsunda. Öwekge, senem ýagşy dilegde bolaweri!..Şol gün ol üç bölek gant eçilipdi. Meniň näçe gezek agzymy süýjedendigim ýadymda däl. Şol gün iň soňky iýen gandymyň has süýüdigi, şu günki gün ýaly hakydamda. Sebäp, şol gün gantdanam süýji habar gelipdi. Köp garaşdyran urşuň köki kesildi. «Ýetimiň agzy aşa ýetse, burny ganar» diýen sözi aýdan adam gaty dogry aýdypdyr. Uruş belasyndan dyndyk diýsek, indi Anna aljyradýar. Soňky günler-ä onuň hasam beteri çykdy. Onda-da ol, şol tanyş ýodasy bilen etrap merkezine gatnaýar. Şol gün Anna öňki köwlenýän wagty köwlenmedi. Gün günorta bolanda-da, entegem garry eşegiň tanyş sesi eşidilenokdy. Hemişeler niçikmi adamlar öňüne nahar alanda, ýörite edýän ýaly, myrtar sesi bilen aşa awy gatardy. Bu gün bolsa, ne eşegiň sesi çykýar, ne-de Annaň. Giç öýlänler selin tümmekleriniň aňyrsynda iki sany, ýok, üç sany gara göründi. Eşegiň nogtasyny soldat eşikli adam idip gelýärdi. Ýöne ol Anna meňzemeýär. Anna eşegiň üstünde keseligine ýatyr. Olar golaýlaşanda eşegi idip gelýän adamyň Meretlidigini tanadym. Eşek tanyş hynçgyrmasyny etdi-de, ýatagynda saklandy. Men gyssanyp Annanyň ýüzüne seretdim. Ol keselden ejir çekýänem bolsa, garaz ýylgyrýardy. * * * Eger kimdir biri adamyň ýatlamalary arzuwa öwrülýär diýse ynanyň. Şol arzuwlar indi öňräkden bäri maňa obany küýsedýär. Pukaraja-da bolsa, obam meni şadyýan garşy aldy. Meniň göwnümi göteren, ol beýlede aşyk oýnap ýören üç-dört sany oglan boldy. Olaryň kellesi syrylgyjady, ýüzlerinde-de, hakyky gum çagasynyň keşbi bardy. Men olara seretdigimçe seredesim gelýärdi. Sebäp, mönje gözlere seretdigimçe, düýnüm – oglanlygym maňa tarap aýak aldygyna ylgap gelýärdi. –Köşegim, adyň näme?.. Tokarja çaga boýunjygyny gyşardyp, bir gözüni ýumdy. –Iller-ä, Anna diýýä... Soň patyrdy boldy. –Meň adym Annadurdy... –Meňki Annageldi.... –Maňa diňe ejem bilen mollumymyz Annameret diýýä, galan kişi Anna diýýär... Men bir wagtky oglan ýüregim bilen begendim: «Hudaýa şükür, obamyza ýene Anna ady öwrülip gelipdir...» Anna, Tejen aýagyna gawun iýmäge gitdi diýdiler. Oňa derek onuň ýaramazja, ýöne saman suwag bilen täze suwalan tamkepbesi entegem ýerinde. Men gapyny açanymdan bada-bat gözümiň eglenen zady, Annanyň ýanbaşyndan asýan ýantorbasy boldy. Niçeme şum habary obama alyp gelen ýantorbasynyň içinden göwnüme bolmasa henizem bir topbak hat çykaýjak ýalydy. Pikirim herekete geçdi. Ýantorbany başaşak silkemde, gözümiň gören zadyna ynanmadym. Torbadan ýene bir hat ýere gaçdy. Öň gorkyny gören adam, ýene gorkar eken. «Indi kimiň gapysyny kakmaly bolarka?...» Ak kagyzyň ýüzünde, mekdep görmedik adamyň gol çekişi ýaly, maňa tanyş harplar görünýärdi. Şeýle harplar bilen, bir döwürler Anna goşgy ýazypdy. Hat köp göterilen bolarly. Onuň kä ýeri bozulypdyr, kä ýeri saralypdyr. Birentek ýerleri düýbünden düşnüksiz. Her näme-de bolsa, meniň ony okasym gelýärdi. Sebäp, ony Anna ýazypdy. Harplar kynlyk bilenkä ýerde säginip, kä ýerde büdräp sogup başlady. Ýetim obam, ýesir obam, Kyssaň seniň şeýle ýowuz. Sen hakynda gürrüň berýär, Gadym türkmen, agyr Oguz. Depelendi ürgün çägäň, Ýetim galdy bala-çagaň. Pederleriň süýekleri, Seň çägäňe dökün boldy. Eneleriň gözde ýaşy, Ak çägede akyn boldy, Boldy ýene köp zat boldy... Soňky iki bendiň üsti çyzylypdyr. Men näçe çytyraşsamam, ony okap bilmedim. Şeýle sözleri ýazmak Anna-da ýeňil düşmedik borly, setirler itilip-itilip ýazylana meňzeýär. Hany, seniň goçaklaryň, Aýdaýsana nirä gitdi?! Üpük mergen, Gartaň oglan, Seni görmän diri ýitdi... Öýüň howasy meni demikdirip barýan ýaly boldy, men durup bilmän daş çykdym. Daşarda adamlaryň Ýeňiş toýuny toýlaýan sesi eşidilýärdi. Uly şowhunyň arasynda, kimdir biri, bulutlary böwsen ýyldyrym ýaly, maňa tanyş bolan aýdyma hiňlenýärdi. Ýerbent iliň torpagynda, Solgun ýüzli gözler galdy, Ak çägeleň urpagynda Hiç öçmejek yzlar galdy... Meniň aglasym gelýärdi, özem çynym bilen aglasym gelýärdi, sesimi ýetmiş ýyl mundan ozal kakalaryna garaşan oglanjyklaryň eşideri ýaly, ýanýoldaşyna garaşan gelinleriň eşideri ýaly, ogullaryna garaşan eneleriň eşideri ýaly, boşap galan öýleriň eşideri ýaly gaty sesim bilen gygyryp aglasym gelýärdi... Öwezmyrat ÝERBENDI. | |
|
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |