23:09 Haýsy Talat paşa? | |
HAÝSY TALAT PAŞA?
Taryhy makalalar
Şenbe güni kitap satyn almak üçin Beşiktaş raýonyndaky "Kırmızı Kedi" kitap dükanyna bardym. Birnäçe gün bäri sosial medýada Feýziye Özberkiñ ýazan “Talat Paşa” kitabynyñ üstünde gyzgalañly jedel gidýär. Liboş çepçiler Talat paşany "ermeni genosidiniñ" günäkäri saýyp, Özberkiñ we kitaby çap eden "Kırmızı Kedi" neşirýatynyñ üstüne ot sowurýardy... Bir mahal FETÖ bilen ham-çam bolşan bu "aşa erkinlikçi", "aşa demokrat" agyp-dönüp duran ikiýüzli çepçileriñ ýeke kitaba sabyr-takatlary ýok! Ýeri, "nasional faşist" myjabaty atylan "Kırmızı Kedi" kitap dükanynyñ tekjelerinde ýene nähili kitaplary gördüm: - Mişel Marian "Ermeni genosidi" (“Ermeni Soykırımı”) kitaby, "Aras Yayıncılık" neşirýatyndan çykan... - Denis Dreisbusch "Ermeni genosidi we yslam" (“Ermeni Soykırımı ve İslam”) kitaby, "Dönüşüm Yayıncılık" neşirýatyndan çykan… - Hasan Jemal "1915. Ermeni genosidi" (“1915: Ermeni Soykırımı”) "Everest Yayınları" neşirýatyndan çykan... - Raýmond Keworkýan "Ermeni genosidi" (“Ermeni Soykırımı”) kitaby, "İletişim Yayınları" neşirýatyndan çykan... - Hans-Lukas Kizer "Talat paşa. Ittihatçylaryñ beýnisi we genosidiñ binagäri" (Talat Paşa/ İttihatçılığın Beyni ve Soykırımın Mimarı”) kitaby, "İletişim Yayınları" neşirýatyndan çykan... - Taner Akçam "Ermeni genosidiniñ gysga taryhy" (“Ermeni Soykırımı'nın Kısa Tarihi”) kitaby, "Aras Yayıncılık" neşirýatyndan çykan... Liboş çepçiler ýeke kitaba sabyr-takat görkezip bilenoklar, a "nasional faşist" diýilýän neşirýat bolsa, "genosidiñ" bolandygyny öñe sürýän awtorlaryñ kitaplaryny satýar! Kim has söz azatlygynyñ tarapdary? Kim has mylakatly, has sabyr-takatly? We kimler aslynda faşist? Mesele diñe ýeke kitapda däl. Wagtynda bu ikiýüzlüler birtopar ýalan çaklamalar bilen FETÖ pyryllaklarynyñ aýakçysy boldular. Gynansak-da... Hiç mahalam hakykatyñ tarapynda durmady bu oýnatgy bedibagtlar... • NYŞANADA ATATÜRK Kitap tekjelerim "ermeni genosidi” boýunça ýazylan kitaplardan doly. Men hemişe garşylyklaýyn pikiri öwrenmäge-bilmäge ilgezik adam. Şonuñ üçinem şu ýyl çapdan çykan Hans-Lukas Kizeriñ "Talat paşa. Ittihatçylaryñ beýnisi we genosidiñ binagäri" kitabyny satyn alypdym. Awtoryñ mende öñ bar bolan “Türklüğe İhtida” we “Iskalanmış Barış” kitaplary-da “genosid” bilen baglanyşykly… Kizer aslynda meniñ üns berjek taryhçym däl. Ol subutnamasyz, birtaraplaýyn ýatlamalara, ownuk gündelik ýazgylara we düşündirişlere esaslanýan, eýmendiriji maddy säwlikleri bolan kitaplary ýazýar. Wakalary zol ýoýýar. Meselem, deportasiýa döwründe (Tehcir) Talat paşanyñ günäkärleri jezalandyrmak üçin eden tagallalaryny ähmiýetsiz görkezmäge jan edýär! 1.376 adama temmi çäresiniñ berlendiguni, diñe Wanda 51 osmanly esgeriniñ ölüm jezasyna höküm edilendigini gizleýär. Haýsy birini aýdyp, haýsy birini goýjak... Taryhy hakykatlary ýazmagyñ deregine, özüçe ýoýup, propaganda ýöredýär! Şonuñ üçinem hemişe sylaglandyrylýar: Garbis Papazýan adyndaky baýragy, Sarkisýanyñ öz elinden Ermenistanyñ Prezidentiniñ ýörite baýragy, Boghossýan adyndaky baýragy berildi… Hemişeki kitabyna bolşy ýaly “Talat Paşa” kitabyna-da sponsor tapdy: Awstraliýanyñ ylmy-barlaglar geñeşi (ARC)… Diñe sylagdyr baýrak däl: Stanford uniwersiteti ýaly abraýly ýokary okuw jaýlaryndan çakylygam aldy! Siz türklere duşmançylyk ediñ, ylmy jemgyýetçilik sizi beýgeltmeginiñ ugur-ýoluny tapar! Ine: 2021-nji ýyl. Talat paşanyñ janyna kast edilmeginiñ ýüzünji ýyly... Şu ýyl çykan iki kitap: Talat Paşany “genosidiñ arhitektory” edip görkezýän Kizeriñ “Talat Paşa” kitaby hiç bir gatlakdan ýeke tankydy bellik alanok, a nämüçin Özberkiñ "Talat paşa" kitaby hüjüme uçraýar? Kizeriñ ähli kitaplarynyñ maksady bir: Atatürki günäli yglan etmek! Sözi aýlap-dolap hökman Atatürke getirýär. Mysal üçin: soñky kitabynda utanman-uýalman şeýle ýazýar: “Bu gezekki nobat Pontus rumlarydy. 1919-njy ýylyñ 19-njy maýynda Samsuna girip-girmänkä Talatyñ mirasdüşeri Kemal hristian diasporasyny ýok etme işini dowam etdirmekçidi…” Diñe olam däl, oña "ylmy-barlaglary" geçirmäge şert döredenleriñem, onuñ kitaplaryny çap edenleriñem ähli hylty aslynda Atatürkde... • GENOSID RANTÇYLARY Hawa, Hans-Lukas Kizer barypýatan ýalançy. Ol “Talat Paşa” kitabynda şeýle diýýär: “Talat Paşa daşyndan dogry-dürs ýaşaýan ýaly görünýär, emma pula, mal-mülke duran ýeridir. Berlinde we Berlinden propaganda işlerini alyp barar ýaly möhüm mülkleri hasabyna geçirip goýan bolaýmaly…” Onuñ aýaly Haýriýe hanymyñ şaý-seplerini satyp gün görendigi syr däl. Talat paşanyñ kör-köpük sowalgasy bolman ölendigi syr däl. Haýriýe hanym Türkiýä dolanyp gelende, güzeranyny dolamagy üçin oña kömek puly berlendigi syr däl. Talat paşanyñ sadrazamlara berilen Nyşantaşyndaky kaşañ rezidensiýa barman, Ýerebatan köçesindäki köneje öýünde ýaşandygy syr däl. Hiç wagt ýaşyryn berilýän goşmaça puldan (tahsisat-ı mesture - örtülü ödenek) ulanmandygy syr däl. Uruş döwründe tyl boýunça naçalnik (Askeri Levazım Reisi) Topal Ysmaýyl Hakky paşanyñ ugradan ak çöregini yzyna ugradyp, öýüne gara çörek alandygy syr däl. Gap-gaçlary özi göterip, iş stolunyñ başynda iýip-içendigi syr däl. Bezenip-beslenip ýaşamagy halamandygy syr däl. Isripçiligi halamandygy syr däl. Para-peşgeş hödürlemäge-de het edip bolmadyk dogry-dürs döwlet işgäri bolandygy syr däl. Kizer we ol tetelli “genosid çemeçilleri” bu hakykatlary gowy bilýär. Tarihy ýoýýanlara “ylmy barlagçy” diýýärler! Haýp. Maksatlary belli: türk halkyny öz taryhyna, düýbüni tutujy gymmatlyklaryna duşman etmek. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 28.10.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |