07:39 Her kellede han otyr / hekaýa | |
HER KELLEDE HAN OTYR
Hekaýalar
Mallaryny sürüp, hyýalynda Muhy çopan bilen gep kesekleşip gelýän Halym goşda duran maşyny görüp, myhman gelendigine begendi, mallaryny «hüw-haýtlap» howlukdyrdy. Gelenleriň kimlerdigini bilmek üçin, hersi bir iş bilen başagaý adamlara mukym bolup seretdi. Hana, Muhy çopan kimdir biri bilen ýabadan asylan malyň derisini sypyryp dur. Çoluk Gaýlymyrat bir gujak ojar göterip, ileri tarapdan gelýär. Odunyň ýeterlik mahaly ýene getirilýän bolsa, onda myhmana ediljek zyýapatyň uly boljaklygydyr. Gelen wezipeli adam bolsa gerek, ýogsam Muhy aňsat mal soýmaz! Kim gelen bols-da, tapawudy ýok, idäp yzyňdan gelen bolsalar – bolany. Onda-da çöle. Köpden bäri goşa adam gelmändi. Ýeke bolsaň, mydama gözüň ýoldadyr, kimdir biriniň gelerine, ondan-mundan gürrüň bererine garaşar ekeniň. Hernä öz-özüň bilen gürleşip, içiňi döküp bolýandygy gowy zat. Özüň bilen bolgusyz zatlary-da aýdyşyp, düşünişip bolýar... Herhal, bu gije erbet bolmaz. Gulaklaryň posy aýrylar. Özüň bilen gürleşmäge eliňem degmez. Gelenler gürrüňçil, göwnaçyk bolaýbilsediler!.. Halym Muhy çopanyň ýanyndaky adamy näçe synlasa-da tanap bilmedi. Nätanşyň Muha ellerini hereketlendirip, nämedir bir zatlary gürrüň berip durşy, bir görseň, Hänek bagşa, bir görseňm Sähet ferma meňzeýär. Jaýdan keremara çykan adamyň ýöreýşini görenden Halym onuň Sähet fermadygyny tanady. Ol ýene Muhy çopanyň ýanynda duran adama seretdi. Dogrudanam, ol başga biri eken. Onuň Sähet ferma, Hänek bagşa meňzeýän ýerem ýok. Asyl, ol indi başga kişä meňzeýär... – Halym, meniň gelenimi ýüregiň duýmadymy? Men-ä seniň gelýäniňi duýup ýatyryn. «Ind-ä goşa inendir» diýip seni garşylamaga çykdym. – Sähet ferma mallary agyla saljak bolup duran Halymyň ýanyna ýylgyrjaklap bardy. Onuň bilen ýitirip-tapan ýaly gadyrly salamlaşdy. – «Keselhana giremsoň şular horlanan bolaýmasynlar?» diýip gaýdyberdim. Dogrusy, sizi göresim geldi. – Biziň senden tamamyz şeýle! – Domkratsyz gürleseňem bolar. Ýeri, ýagdaýlaryň nähili? Näme kem zadyň bar? Özüň-ä öňküligiň ýok. Bir aladaň bara meňzeýär. – Aladam ýogam däl, Sähet. Öňki goşda bolamda hemişe ýanymda adam bolmagyny isledim. Görüp otursam, şol ýeke bolan ýyllarym ýekelige endik eden ekenim. Bu goş indi maňa dar. Şu ýaşdan soň biri bilen tersleşip ýörmegem gelşiksiz welin, nätjek-dä... – «Ýanyma Muhyny geçir, onuň bilen men çagalykdan bäri dost» diýeniňe entek bir ýylam bolanok – diýip, Sähet ferma öwhüldedi. – Dawalaşansyňyz! Aňdym-a men. Baý, bu adamlary! Hersiniň kellesinde bir han bar. Men olaryň hemmesiniň göwnüni tapmaly. Ýanyndakylardan, özünden, işinden razy bolar ýaly etmeli. Başardanok, hiç başardanok. O hanlaryň özlerinden başga hanlara göwünleri ýetenok. Şu oýuň – «Halymyň guýusy» oýunyň ady dünýä kartasynda-ha diýmäýin, ynanaý, oblastyň kartasynda-da ýok. Şujagaz oýdakylary agzybir saklamak güzap. Pikir edip gör!.. – Öňküje goşuma gidibereýin-le, Sähet?! Şu günem aýlanyp gaýtdym şol töwerege. Ot kän. Sähet ferma janykmasyna üns berilmänsoň, Halymdan öýkeledi. Öýkeländigini bildirmezlige çalyşdy: – Bu gelşiksiz bolar... – Zyýany ýok. – Gitmeli bolsa, goý, Muhy gitsin... Maly soýup bolan Muhy olaryň gürleşip durmalaryny halaman, öýkeli gygyrdy: – Başlyk, hany gelseňizläň. Gürrüňi bäri gelip etseňizem, onuň gaçyp gitjek ýeri bolmaz. – Ynha, barýas – diýip, Sähet ferma yzyna öwrüldi. – Dogrudanam, olary işledip durman, ýör, kömekleşeli. – Içerde, goý, şäherliler otursyn, biz daşarda oturalyň – diýip, Gaýlymyrat çoluk keçäni içerden çykardy. – Oduň başynda oturybereliň. – Howlugalyň, juda gijä galman ýola düşmesek bolmaz. Ýene birki goşa barmaly – diýip, Sähet keçäniň üstünde jaýlaşykly oturdy. – Muhy, getir pyçagyňy, men et dograşaýyn. Meýdan ýerinde hemmäň bir adam ýaly bolmaly. Ýerli-ýerden edibermeli. Bä, Gaýlymyrat, seniň eden hamyryň bary şu kersendäki bolsa-ha az. – Bu işlekliniň aşagy üçin, başlyk. Ýokarsy üçin ýene bir kersen hamyr ýugrup goýdum. Muhynyň ýanynda duran Taňňy agras ädimläp, Sähet fermanyň ýanyna geldi: – Her kim öz işine ökde bolmaly. Ine, şofýorlar. Olaryň hemmesine «şofýor» diýibermeli däl – diýip, ol möhüm habar aýtjak bolýan ýaly arçyndy. – Maşyny gowuja sürse, bolanydyr-da. – Ýok, başlyk, ýalňyşýaňyz. Maşyny maýmynlaram, aýylaram sürüp bilýär. Olara «şofýor» diýip bolmaz. Kimiň maşynynda hojalygyň ähli gerekli zady tapdyrsa, ana, şol hakyky şofýor! Şofýoryň maşyny ikinji öýi bolmaly. Onda palta-da, pyçagam, okara-çemçe-de, iýip-içer ýaly zatlaram bolmaly. – «Mus-musuňy» uzaga çekjekmi, Taňňy jan? – diýip, Sähet ferma ýylgyrjaklady. – Ynha, siz işlekli bişirjek bolýaňyz. Onuň etine sarymsagyň, gök-sögüň tagamy çykmasa, heý, onuň işlekli boldugymy?! Elbetde, ýok. Gök-sök sizde ýokdur. Bu belli zat. Meniň hojalygymda bolsa aýdan zatlarymyň hemmesi bar – diýip, Taňňy maşyndan haltajyk getirdi. – Şundan goşarys welin, onsoň ol hayky işlekli bolar! Gara ýaga bulaşyp, ýanynda ýigrimi dörtlük açardan başga zat götermeýän şofýorlara gaharym gelýär. Özüm bolsam-a şeýle şofýorlaryň gümüni çekjek. Kolhozymyzda maşynda «hojalyk» döredip ýören şofýor göremok. Hars urup ýörler. – Köp şofýorda kanagat ýok. Sähel ýazgynlyk berseň, olar dünýäniň ähli zadyny bir depim gumy bilen öýüne daşajaklar – diýip, Gaýlymyrat dillendi. – Köp şofýor çölde işlemäge gorkýar. Nämemiş, orta ýolda maşyny bozulyp galsa, kyn boljakmyş. Öýünden elkin ýatjak dälmiş. Sähet olaryň maşynlaryny özlerine gerek zatlardan dolduranokmyş. Maňa zat gerek däl, şeýle başlygym bolsa – bolany. – Dogry aýdýaň, Sähet bize müdir bolany bäri planlarymyzyň dolmadyk wagty ýok. Ýolbaşça köp zat bagly eken – diýip, Muhy ýygnakda gürleýän ýaly dabaraly aýtdy. – Domkratsyz gürleseňizem bolar – diýip, Sähet ferma getirilen ýassygy tirsekledi. Halym oduň başynda näme etjegini bilmän durdy. Ol bir eýläk seretdi-bir beýläk. Soňam çekinjeňlik bilen Sähediň ýanyna gelip oturdy. – «Keselläp, Aşgabada gitdi» diýdiler, gowy bolup gitdiňmi? – Ol giç beren sowalyna gyzardy. – Gowy, gowy, Halym jan! Görýäň-ä mesligimi! Keselläp ýykylamda-ha, bu ýerlerini görmezmikäm öýdübem gorkdum. Nesibede bar eken. Siziň yhlasyňyz alyp çykdy meni. Öň ýetmiş alty kile gelýärdim. Keselhanada ölçäp: «Agramyň elli bäş kile» diýdiler welin, barja umydym üzüldi. «Indi bar zat gutardy» diýdim. Yzymdan Hänek bagşy dagy – öz çopanlarymyz baranda, hernäçe mertlik etjegem bolsam, başarmadym. Bogazym «hykga» dolaýdy... «Ýigitler, meni çöle – öz ýanyňyza alyp gidiň, näme bolsamam, araňyzda bolaýyn» diýdim. Olar: «Gowy bolup gidersiň, ruhdan düşme!» diýip, göwünlik berýärler. Olara seredip, siziň bilen degşip-gülşüp oturşym ýadyma düşýär. – Biz-ä, mal yzynda bolup, yzyňdanam baryp bilmedik. – Onuň zyýany ýok-la, Muhy jan. Ýöne: «Hiç kim kesellemesin!» diýsene. – Näme diýdiň o keseliň adyna? «Ekenekok» diýdiňmi? Myrtar ady bar eken. Ol degse ilki çopanlara degmeli. Sen, dogrusy, çopanlardanam bäş beter, hemişe malyň içinde. Gyrkymda-da, ogurlanar öýdüp, ýüňüň içinde ýatyp-turduň. Şo kesel ilki ýokaşan uçurlary keselhana gitmelidiň. – Gutuldym ahyryn, Halym jan! Indi kesellemejek bolmaly. Ýok, hiç keselläsim gelenok. Şu giň çölde siziň araňyzda gezsem diýýän – diýip, Sähet ýylgyrdy. – Başlyk, sen bolmasaň çölüňem gyzygy ýok! – diýip, Muhy dillendi. – Öňki müdirimiz... – Öňkiň adyny tutmasana – diýip, Gaýlymyrat çoluk gaşlaryny çytdy. – Kolhozymyzyň başlygy-how ol indi – Halym janykdy. – Bolanda näme? Ol bize müdir wagty günümiz gyk-wak bilen geçdi. Adamlaryň şony başlyk saýlaýyşlaryna men-ä haýran?! Wah, biz ol başlyk saýlananda çöldedik-dä. Ýogsam onuň kimdigini göni ýüzüne aýdardyk. – Aýtjak bolsaň, on ýyl şonuň bilen işlediň. Şonda aýtsaň bolmadymy? Isleseň, häzirem giç däl. Onsoňam täze başlygymyz işini gül ýaly oňaryp ýör – diýip, Sähet ferma öýkeli seslendi. – Orunbasar-a ökde... – Taňňy, senem, oturyp-oturyp, bir bolgusyz gürrüňi aýdyp goýberýäň. Orunbasaryň nädip orunbasar bolandygyny bilmeýän barmy? Onuň ýaranjaňlap, köwşüňi ýalamakdan başga oňarýan zady ýok – diýip, Muhy gaharlandy. – Başlyk tanajak bolsaň, onuň şofýoryny göräýmelidir... – diýip, Taňňy nämedir bir zat aýtjak bolanda, Gaýlymyrat onuň sözüni böldi: – Meniň zootehnige göwnüm ýetenok. «Myň-myň» edip, gepini kepekden saýlap bilenok. Ol gürläp ugradygy jynym atlanýar. «Öwh!» edip, Sähet ferma ikiýanyna garanjaklady: – Bular-a ýene köne heňine başlady. Diňe özleri akylly, beýleki adamlar samsyk! Eline ygtyýar berseň hemme zady düzetjekler. Haýsy goşa barsaň şular ýaly gürrüň. Hany, siziň dünýewi gürrüňleriňiz? Gowy-gowy degişmeleriňiz bardy. Hany olar? Iki-üç ýyl bäri şu pisint gürrüňi köpeltdiňiz. Munyňyz bolanok, ýigitler. Başgarak gürrüňe geçeliň. Gaýlymyrat jan, et-ä dograldy. Hamyryňy gatlap ýaý. Muhy, eti näme üçin uly dograýaň? Biraz kiçi dograsana. Agzyňa ataýmaly bolsun. Taňňy, senem gögüňi ýuwup getir. Maýdajyk dograly. – Işlekli bişirmek hemme kişä başardanok, ökde-ökde adamlar bar... – Ony menden gowy bişirip biljek adam bolmaz, Taňňy han! – diýip, Muhy howlukmaç gürledi. – Ynha, görersiň. – Muhy, Nýu-Ýorkdamy-nämemi, «Ginnesiň rekordlar kitaby» barmyş. Oňa her hili täsin rekordlar ýazylýarmyş. Işlekli bişirmekde rekord goýup, adyň şo kitaba girenmiş. Düýşümde açyk gördüm. – Aý, goýsana?! Men-ä goşuljak däl. Muňa meňzeş gürrüňi öňem köp eşiden Halym: «Ýene başladyňmy?» diýýän terzde Gaýlymyrat çoluga alarylyp seretdi. Nämedir bir erbet söz aýtmakdan saklanmak üçin «Kelläm agyrýar, ýadaw» bahanasy bilen jaýa girdi. Tutyny ýapdy-da, krowadyň üstüne gyşardy. Köp salym geçmänkä tuty bir gyra serpildi: – Ýadandygyň ýüzüňden bildirip dur. Işden soň biraz dynç almaly. Oňa sözüm ýok. Indi gündizine bakyp ugran bolsaňyz, gijesine arkaýyn uklara wagt bolar. – Sähet ferma gelip oturdy-da, getiren zatlaryny berdi. – Kelläň agyrýan bolsa, ine, şujagaz dermany suw bilen iç. Ine, munyň bolýar. Indem birsellem dynjyňy al. Halym Sähet fermanyň yzyndan seredip galdy. Tuty ýene ýapyldy. Ol daşaryny görkezenok. Öň-ä tutudan daşary görnerdi. Köp zat görnerdi. Muhy her sapar nahardan soň oňa ýagly elini süpüre-süpüre garagäz etdi. Ýagly zat näçe ýuwsaňam aýrylmaz eken. Ol görene göz bolup dur. Bir gowy tarapy – daşardaky gürrüňleri içerden eşidip bolýar. Adamyň dişi dökülýär – kimiňki köp süňk gemrenligi, kimiňki köp gysandygy, kimiňki garranlygy üçin. Köp ýerde dişiňi gysmasaň boljagam däl. Diňe bir tuty bolsa ol jähennem-le. * * * Halym bu oýdan guýy gazdy. Çuň gazmaly bolmady. Üç metr çuňlukdan suw çykdy. Soň Halym bu ýere göçüp geldi. Kolhoz onuň gazan guýusyna daşdan çöwlük edip bejerdi. Çopanlar üçin jaý, mallar üçin kaşar gurdy. Ot getirip, dag ýaly, küdeläp goýdular. Bu ýerini «Halymyň guýusy» diýip atlandyryp başladylar. Muhynyň Halym bilen oňuşmaýan zatlarynyň biri-de, ine, şudy. Käte çöle näbelet şofýor ýolda maşynyny batyra-batyra goşa geler. «Halymyň guýusymy şu oý?» diýip, Muhydan sorar. Muhynyň muňa gahary geler. Ol: «Inim, men-ä onuň ýaly guýynyň bardygyny senden eşidýärin. Onuň ýaly oý bu töwerekde ýok» diýer. Maşyn yzyna gider. Birki günden soň horlanyp, ýüzi garört bolan şofýor Muhy bilen dikleşer. Halym nämäniň-nämedigini şonda bilip galar. Halym tomsuna uzak gije mal bakyp, gündiz gün gyzyberende goşa geler. Tüp yssyda, ukusyny almak üçin, başyny ýassyga goýar. Mallary aç gyryljak bolsa-da, ukusyny karam etmeýän Muhynyň ol wagt ukusy tutmaz. Gaýlymyrat çoluk bilen henek atyşar. «Uky ýassyk islemez» diýleni ýalan bolup çykar. Olaryň hyşy-wyşylary Halymyň beýnisine neşter bolup dürtüler. Ol: «Hany, oglanlar, ýatalyň-da!» diýer. «Ýatyber, ýatyber!». Ukla-da uklap bilseň! Adam birine gahary gelende, eden işini, ýagşylygyny diline alar eken. Halym hem saklanyp bilmez: «Şu ýere ilki gelen kim?» «Halym çopan». «Guýy gazan kim?» «O-da sen». «Sähet: «Goşda iki süri bolsun» diýende, seni şu oýa getiren kim?» «O-da sen». «Şu ýere geleňsoň mallaň aç galan wagty boldumy?» «Bolanok». «Meniň saňa ýamanlyk eden wagtym barmy?» «Edersiňem öýdemok». «Onda, nä, sen maňa azar berýäň? Kolhoz näme berse, öýüňe daşaýaň. Sürini köplenç maňa berlen örüde bakýaň. Çopana şundan uly ýamanlyk ýokdur. Näçe gezek aýtdym men saňa: «Mallaňňy öz ýeriňde bak!» diýip?». «Halym, eden işiňe minnet etseň, meniň ýeňsedamarym gataýar. Hany, goýaly-la şu gürrüňi». Halym garşysynda hiç zady perwaýyna alman, arkaýyn oturan Muha aýdara degerli söz tapman, uludan demini alar. Çaý içer. Içen çaýy hem ony ne derleder, ne gaharyny ýumşadar. Soňundanam ýatmalysyň. Gaharyň gelip dursa, eger-eger uklap bolmaz eken. Muhy Gaýlymyradyň getiren tüňçesini ajy edip demlär, birki gezegem çaýyny agdarar. Demini alansoň, ol derläp çaý içer. Içen çaýy hem Muhyny dek oturtmaz. Çoluk bilen bir bolgusyz gürrüň tapyp hümmüldeşer. Gaýlymyrat bilimsekligini eder: «Muhy, Fransiýanyň Mankrebo diýdimi, Sankrebo diýdimi, aý, garaz, bir obasynda iki müň ýyl bäri ýalançylaryň ýaryşy geçirilýärmiş. Ikimiz şoňa gitsek, baýrajyk alyp bilmezmikäk? Şol ýerde ýaşaýan bir türkmen-ä oňa gatnaşyp baýrak alypdyr. Biz, näme, şonça ýokmy?» «Aý, ýok, men-ä gitjek däl, oňarmaryn. Isleseň, Halym bilen ötägit. Ol biziň öňdebaryjymyz ahyryn!»... Halym gaharyna «titir-titir» eder, Muhynyň üstüne sürner. Gaýlymyrat ara düşer: «He-he, nähili-aý seniň bolşuň? Degişmänem götereňog-aý sen». «Muhy bilen oňşup bilemok» diýip, ýeri, kime aýtjak? Aýdanyňda-da ynanmazlar. Ynansalaram, üstüňden gülerler. Ýok, beýle bolup ýören başga hiç ýerde-de ýokdur. Diňe bizdiris. Utanç ahyryn beýdişip ýörmek. Bar bela ýekelige öwrenşenligimdendir. Ýogsam düşünişmez ýaly uly bir zadam ýog-a. «Birek-birege guwanyp ýaşamaly» diýýär garrylar. Muny ýöntem öwüt hasaplaýardyk. Indi, görüp otursam, ol uly zat eken. Görene göz bolup ýörmän, iň gowusy, öňküje goşa gitmeli. Bu pikir mal yzynda-da, goşa gidende-de, uklamak üçin başyny ýassyga goýanda-da Halymyň aňyndan aýrylmady. Asyl, ol mesele birýaňalyk bolmasa, aýryljaga-da meňzäňok. Halym çölde iň erbet zat ýeldir öýderdi. Üstüňi bürenseňem, oýuň guzaýrak ýerinde duwlansaňam ol seni tapar-da, üstüňe çäge sowurmaga başlar. Çägeler senden birki günde aýrylmaz. Iýýän çöregiňdenem çäge çykar durar. Il arasynda – obada hezil. Ýelden goranyp bolýar. Halym üçin indi ýarym ýyl bäri her gün ýel öwsüp, çäge sowrup duran ýaly. Bu ýel köşeşjege meňzänok. Öňki goşa dolanyp barmaly. Öňki goş hem erbet däldi ahyryn. Halym şu pikir bilen öňki goşuna baryp gördi. Goş, hiç kimiň ýaşamaýandygy üçin, tukat görünýär. Hemme zat çalam-çaş bolup ýatyr. Hemme ýer diňe adam ýaşanda oňat eken. Ýöne bu goşdanam gidiberesiň gelenok. Halyma ýekeje bir zat teselli berýär, özi gitse-de, gazan guýusy, ady galjak. Bu-da hemişe, hemme kişä ýetdirip duran zat däl ahyryn... «Ukladyňmy?» diýip, ol Muha ýüzlendi. «Enteg-ä uklamok. Ýöne: «Ukla!» diýseň, uklamaly bolar». «Şeýlemi?» «Başgaça bolup bilmez! Sebäbi bu goş ata-babadan seniň adyňa galypdyr. Özüňem öňdebaryjy!». «Men-ä öňki goşuma gaýdaýsam diýýärin?» «Halymyň guýusy» diýen adyňam alyp gidýäňmi?» «Goý, «Muhynyň guýusy» diýsinler». «Hany, bu gürrüňleri goýalyň-la – diýip, Gaýlymyrat dillendi. – Men bir zat aýdyp bereýin. Hindistanyň bir obasynda hojalygyň hojaýynlary aýallarmyş. Her aýalyň üç-dört sany äri barmyş. Erkekler gul ýaly işlemelimiş, öýe pul getirmelimiş. Aýallar ärleriniň işlerine göz-gulak bolup ýörmüşler. Agşam islän äriniň ýorganyna girýärmişler. He-he-he. Bizä-hä boljak däl eken. Dogrumy, Muhy?» Muhy ilkinji gezek onuň soragyna jogap bermedi. Petige gözüni dikip birmeýdan ýatdy, töweregine «ýalt-ýult» etdi-de, ýerinden galdy. Alasarmyk görnüşde Halymyň ýanyna bardy. «Çynyňmy seniň?» «Gitjek!». «Munyň-a birhili bolýar. Men gidäýerin. Nähilem bolsa, bu ýere ilki gelen sen. Meniň giň çölde minnet çekip ýaşasym gelenok. Minnet edilmejek ýerini taparyn. Ýöne saňa bir zady aýdasym gelýär. Şu sapar obada bolanymda ogullarymyzyň bile oýnap ýörüşlerini gördüm. «Jykyr-jykyr» gülüşýärler. Urşanoklaram, sögüşenoklaram. Özlerem näme diýsene, biri-birine düşünişýärler. Minnetem edişenoklar. Seredip oturdym olara. Dogrymy aýtsam, ogullarymyza gözüm gitdi. Ikimiziň ýaşlygymyz ýadyma düşdi. Ýadyňdamy, uzynlygün bile oýnardyk. Yzymyzdan gelip äkiderdiler. Şonda-da gaçyp, bile oýnardyk. Gowy eken şol günlerimiz. Ogullarymyza seredip oýlanýan. «Oglankak düşünişipdiris» diýýärin. Ýaşymyz kyrkdan geçensoň, köp zatlara akylymyz ýetensoň, biri-birimize düşünişmän, yrsaraşyp ýörüs. Dogrumy şol?». Muhynyň janykmasyny diňläp, Halym onuň ýüzüňe içgin seretdi. Şo-ol Muhy! «Iş-işe gelende adamyň hakyky ýüzi görünjek eken» diýip, Halym içini gepletdi. Onda içýakgyç gürrüňleri näme? Hany, düşün-dä düşünip bilseň! Halym: «Dogry» diýip pyşyrdady. «Onda näme üçin beýdişip ýörüs?» «Ony özüňden sora». Muhy nämedir bir zat aýtjak boldy. Saklandy. Aýtmagyň ebeteýini tapmandygy üçin saklandy. Ýogsam aýtjak sözleri taýýardy. Ol özüniň Halymdan hiç bir babatda asgyn däldigini, ýaşlykda-da asgyn bolmandygyny, ol-a üç metr eken, gerek bolsa on metr çuňlukdaky guýyny gazmaga taýýardygyny aýtjakdy. «Ýeri, üç metr guýy gazanyň üçin seniň adyňy ebedileşdiribermelimi?» diýjekdi. Ýöne bu zatlary aýtmagy gönümel gördi. Herhal içki pikirini ýaňzydanyny kem görmedi: «Meniň özüme galsa-ha, şu oýa «Dostluk» diýip at goýjak»... «Geliň, başga gürrüň edeliň-le. Men size bir zat aýdyp bereýin. Ýakynda gazetde okadym. Italiýanyň bir obasynda...» diýip Gaýlymyrat ýylgyrjaklady. «Bes et!» diýip, Muhy çopan ýerinden turdy. Ol Halyma näme diýjegini bilmän, daşaryk çykdy. Ol garagäz tutynyň aňyrsynda görnenogam... * * * Tuty bir gyra serpildi. – Halym jan! – diýip Sähet ferma içeri girdi. – Hany, tur, işlekli bişirip, saňa garaşýarys. Garaňky mazaly gatlyşypdyr. Saçak giňden ýazylypdyr. Muhy bilen Gaýlymyrat işlekliniň çägesini kakyşdyryp durlar. Işlekliniň ortasyndaky tüýdükden bygyrdap çykýan ses entegem galanok. – Bä, tüýs işleklijan bolupdyr. Eliňe guwan. Muhy jan! Baý, munuň bolup bişäýşini! – diýip, Sähet ferma ortada goýlan içleklä işdämenlik bilen seredip ýuwdundy. – Hany, hamyr «gapagyna» aýyr. Aýtdym-a men: «Işleklimiz gowy bolar» diýip. Diňe iýip oturmaly-da. Gowy çorbasy-da bar. Hany, onda, ýigitler, alyň! «Gapagyny» iýibersegem boljak. – Nahary tagamly edýän gök-sök. Şonusy bolmasa, naharyň nahara meňzemez – diýip, Taňňy içleklä elini uzatdy. – Alyberiň! Şapyrdy köpeldi. – Başlyk, sen, nä, iýeňok? – diýip, Muhy geňirgendi. – Iýip otyryn men. – Biz-ä başlygyň ýalan sözlemesine öwrenişmändiris. «Başlyk hemişe dogrusyny aýtmaly» diýip düşünýäris. – Wah, Muhy jan, maňa agyr nahar iýmek bolanok. Duzuny datdym – boldy şo maňa. Siz iýseňiz, özüm iýen ýaly hezil edýärin. Hany, sen güýmenme. Içleklä uzaýan bu babyr elleri göreňokmy? – Men-ä muny sen iýersiň diýip bişiripdim... – Nähili, gögüň tagamy bildirýämi? – diýip, Taňňy Gaýlymyrada seretdi. – Iýiber! – Gögüň tagamyny Muhydan sora. He-he-he! Sähet ferma oturanlara birlaý seredip, galkyjaklap dabaraly gürledi: – Ýigitler, işlekliden ünsüňizi birje minut sowup, meni diňleseňizläň. – Aýt, başlyk – diýip, Gaýlymyrat agzynyň daşyny süpürdi. – Orta duz aldykmy? – Aldyk. – Onda men bereketli saçagyň başynda şu ýere näme üçin gelendigimi aýtjak. Içimde saklamak juda kyn düşdi maňa. Ýolda birki gezek Taňňa aýtjak boldum. Zordan saklandym. «Goý, hemmesini bile begendireýin» diýdim. Bu hoş habar içimi byjyklap, dek oturdanok. – Aýt, başlyk, aýt. – Aýtsam, Halymy indiki bazar gününe kolhoza çagyrmaga gel dim. Şol gün smendeşiň geler, Halym. – Ýygnak barmy? – diýip, Muhy Sähediň ýüzüne soragly bakdy. – Ýok, Halyma orden gowşurjaklar! Ana, şony almaga. – Näme üçin?! – Şoň sebäbinem anaňokmy? Gowy işläni üçin! – diýip, Sähet ferma jogap berdi. – Her ýyl plany artygy bilen dolýar. Senem şeýle işle. Ordene ýazyp bermek biziň bilen! – Baý-bo! – Taňňy ýylgyrjaklap barmaklaryny ýalady. – Halym, gutly bolsun! Munuň üçin-ä ýene bir işlekli iýmeli borus! Gögüňi menden al. Ber eliňi! Saňa hoş habar getirmek üçin meniň ýanymda ýoluň müşgili bolmaz. Başlygyň bir gürrüňiniň bardygyny ýolda aňdym-la... – Halym jan, indi menem gutlaýyn. Şunça wagtlap içimde saklanym besdir. Bir zady-ha bildim. Sen hakdaky habar biziň ýalylaň içine sygjak zat däl eken. Uly eken. Muhy elini süpürip, yza çekildi. – Iýiber-ä, Muhy – diýip, Gaýlymyrat bir dogramçany agzyna atdy. – Ýa gök-sögüň tagamyna öwrenişip bileňokmy? – Bişiremde ysyndan doýdum. – Şunyň gowy. Her gün nahary saňa bişirdäýmeli. – Sen bir doý! – Beýle nahardan soň çaýyň taýyn bolmasa kyn – diýip, Taňňy töweregine garanjaklady. – Onuň alajy aňsat – diýip, Gaýlymyrat ýerinden turdy. Tüňçäni suwdan dolduryp, oda süsdürdi. – Çaý başynda men size birki sany saz gaçyryp bereýin. Gaýlymyrat jan, dutaryňy getirip goý. – Dutar ýok, başlyk. – «Ýok» diýip ýörmän, alyp goýaýmaly ony, Gaýly jan! Hänek bagşynyň goşuna barýaň welin, dutary goşa gelşik berip dur. Çaýdan ýetiribem aýdyma başlaýar. Diňläp, dünýäň giňeýär. Soň oba gaýtsaň, depeleriň arasyndanam onuň owazy eşidilip duran ýaly bolýar. Her çopan goşunda dutar bolaýsa... Ynha, meniň arzuwym. – Men-ä çalyp bilemok – diýip Muhy hüňürdedi. – Men öwredeýin, ýaltanjak däl – diýip, Sähet ferma janykdy. – Adamyň başarmajak zady barmy näme! – Şu günler-ä bagşy-sazanda köpelipdir – diýip, Taňňy gürrüňiň ugruny gyşartdy. – Käbirin-ä diňlär ýaly däl. – Olar aýdym-saza gazanç hantamasy bilen gelen adamlar. Bu-da biziň kolhozymyzyň başlygynyň hemişe hantama bolup ýörşi ýaly bir zat-da. Dogry gerek, Muhy! – diýip, Gaýlymyrat gözüni gypyp goýberdi. – «Başlygymyz» diýip diliňe sena edindiň-le?! Ol başlyk däl-de, adamlaryň mürtüni iýip oturan gurçuk! Onuň oňarýanyny däli-telbe-de oňarar. Garnyny gäberdip ýörşüni görenimde myrryhym atlanýar – diýip, Muhy janagyryly gürledi. – Durmuşda ökde bolmaly däl. Ökdä göriplik edýän kän bolýar. Kolhozymyzyň häzirki başlygyna göriplik edýän kän. Öňki başlygymyz hem ökdedi. Ana, ökde bolsaň! Ony derrew gübertdiler. Göze görünmänräk, etjek işiňi hiç kime aýtmanrak ýaşabermeli... – diýip, Halym uludan demini aldy. – Men-ä öňki başlygyň ökde ýerini görmedim. Ökde bolsa, ol başlyklykdan aýrylandan soň hem ökde bolmaly. Häzir-ä itde san bar, onda san ýok. Uly wezipede işläp ýörkä adamlary tanamak kyn. Wezipesinden taýansoň: «Şu adam nädip başlyk bolup oturdyka?» diýýärsiň. Gaýlymyradyň gürrüňini soňlara Taňňynyň sabry ýetmedi: – Orunbasar-a ökde... – Ýak, Taňňy, ýene şeý diýýäň... – diýip, Gaýlymyrat göwnüne deglen ýaly, gaşlaryny çytdy. – Gaýlymyrat, men aňyrsyna ýetmän hiç zat aýdýan däldirin. Orunbasaryň şofýory iki ýylyň içinde bişen kerpiçden jaý gurdy. «Žiguli» aldy... – Kolhozyň zatlaryny ogurlap baý boldy ol. Orunbasaram ogry. – Wah, Gaýlymyradym, haýsy biri ogry däl bularyň? Başlykmy? Baş agranommy? Ýa baş inženermi?!. – Haý, haý, saklan, Muhy jan! Ondan aşakda men bar. Düşmäweri aşak. Aý, ýok, wagtynda turmasak boljak däl. Işlekli gürledip ugrady bulary. Indi bu giň çöl üç-dördimize darlyk eder. – Başlyk, biz senden razy! Bize başlyk bolup ýören bäş ýylyň içinde senden närazy bolan çopan ýokdur. Bolaýanlaňam günä özlerindedir. – Domkratsyz gürleseňem bolar! Taňňy jan, biz gideli. – Çaý içseňizläň, başlyk. – Kemi galmady, Gaýlymyrat jan. «Ýol ogly ýolda ýagşy» diýipdirler. Iýdik-içdik, ondan-mundan gürrüň etdik. Hiç zadyň kemi galmady. Hyzmatyňyz üçin taňryýalkasyn! – diýip, Sähet ferma ýerinden turdy. Yz ýanyndan turanlar bilen hoşlaşdy. – Gürrüňiň dowamyny indiki gelemde dowam etdireris. – Sag-aman baryň! – Gaýlymyrat jan, saňa indiki gelemde dutar getirip bererin. Ýöne mugt däldir. Garagumy aýdyma dolduralyň-how, ýigitler! Muhy ýerde ýatan nämedir bir zady gahar bilen depip goýberdi-de, hüňürdäp yzyna öwrüldi. «Halymyň guýusy» oýunda ýene üç han galdy. 1986 ý. Osman Öde | |
|
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |