21:25 Hezreti Zülkarneýin türkmenlere iberilen pygambermi? | |
HEZRETI ZÜLKARNEÝIN TÜRKMENLERE IBERILEN PYGAMBERMI?
Taryhy makalalar
Söýgüli Pygamberimiz Hezreti Muhammet (s.a.w) "Iñ soñky pygamber" bolup, ol bütin älem-jahana rahmet üçin iberildi. Älem-jahan Onuñ hormat-sylagyna ýaradyldy. Ähli adamzat, yns-jyns we pygamberler onuñ şepagatyna garaşlydyr. Ol külli älemiñ pygamberidir. Başga pygamberler belli bir halka ugradylan pygamberlerdir. Allatagala Kurany-Kerimde: "Kasam bolsun, biz Hudaýa gulluk ediñ diýip her ymmata bir pygamber ugratdyk..." (Nahl süresi, 36) diýýär. Başga bir aýatda bolsa "Rebbiñ özlerine aýatlarymyzy okan bir pygamberi ýurtlarynyñ jümmüşine ugratmasa, ol ýurt heniz heläk ederlik derejä ýeten däldir" (Nahl süresi, 59) diýýär. Her halka hökmany suratda bir pygamber ugradylandygyna diñe şu iki aýatdan hem düşünse bolýar. Käbir taryhçylar Ybraýym pygamberiñ kakasynyñ lakamynyñ "Azerdigini" we Türükden gelip çykan Türkdigini, onuñ Kantura atly asly türki kowumdan bolan aýalynyñam bolandygyny aýdýarlar. Hezreti Muhammet Resulallanyñ (s.a.w): "Kantura ogullaryna degmäñ. Mürüwwet, nygmat we soltanlyk şolaryñky bolar" diýen bir hadysy bar. Hezreti Ybraýymly çaklamalar şejeresi Ysmaýyl pygamberden gaýdýan Muhammet pygamberiñem (s.a.w) gelip çykyşynda türki gatanjyñ bolandygy baradaky dürli pikirleriñ orta atylmagyna sebäp döredýär. Arap çeşmelerinde Pygamberimiz (s.a.w) we Onuñ Ehli-Beýti (maşgalasy) üçin ulanylýan "Arab-y Müstagribe" sözüniñ "geñsi arap", "kese ýerli arap", "soñ araplaşan" ýaly manylary bar. Müsüriñ hökümdary Mukawkys bir gezek Pygamberimize dört sany gyrnak sowgat ugradypdyr. Hezreti Muhammet olaryñ içinde Merýem atly türkmen gyzyna öýlenýär we Merýemden Ybraýym atly ogul perzendi dünýä inýär. Türk taryhçysy Muharrem Kylyç "Türk(men)leriñ gizlenen taryhy" atly kitabynda Muhammet pygamberiñ (s.a.w) aslynyñ gönüden-göni türki kowumdandygyny öñe sürýär. Başga bir türk taryhçysy Ysmaýyl Hami Danyşment bolsa "Türklük meseleleri" atly kitabynda Gurhanda agzalýan Zülkarneýiniñ aslynda Oguz han Türkmendigini, hiç bir şek-şübhä ýer goýmazdan subut edýär. Ulamalaryñ içinde hem pygamberdigine ynanylýan Zülkarneýiniñ Oguz han bolup biljekdigine ynanýanlar az däl. Wanly Mämmet Ependi bir eserinde Gurhanyñ "Kehf" süresinde rowaýat edilýän Zülkarneýiniñ Oguz handygyna yşarat edýär. Ady agzalan süräniñ 55-nji aýatyndan 92-nji aýatyna çenli Zülkarneýiniñ kyssasy beýan edilýär: "Ol hem günbatara ulaşmak üçin ýola düşdi. Günüñ batýan ýerine (okeanyñ kenarlaryna) baranda, ol göýä Güni hüýt gara batganyñ içine batýan ýaly gördi. Zülkarneýin soñra (gündogara tarap) ýola düşdi. Günüñ dogýan ýerine (Uzak Gündogara) gelende, Güni heniz görülmedik bir kowumyñ üstünde dogup durka gördi, biz Günden goranar ýaly olaryñ üstüne hiç hili galkan goýmandyk. Ol soñra ýene (Günortadan demirgazyga tarap üçünji) ýola rowana boldy" diýip, aýry-aýry üç uly ýöriş suratlandyrylýar. Oguz hanyñ 126 ýyllap dowam eden hökmürowanlygy döwründe Turana we Hindistana, Yraga, Eýrana, Siriýa we Müsüre çenli ýöriş edendigi mälimdir. Bular ýaly meñzeşlik tötänlik bolup bilmez. Wanly Mämmet Ependi Oguz han Türkmeniñ guran häkimiýeti, eden ýörişleri bilen Zülkarneýiniñ ýörişleriniñ arasyndaky bire-bir meñzeşliklere ünsi çekýär. Hut şonuñ üçinem Oguz han ady bilen giñden tanalýan türkmen pygamberiniñ Zülkarneýin bilen bir adamdygy hakyndaky ylmy pikir taryhçy alymlaryñ arasynda barha rowaç gazanýar. Bilge Kaganyñ ýazgylarynda şeýle setirler bar: "Gündogarda Günüñ dogýan ýerine, günortada Günüñ ortasyna, günbatarda Günüñ batýan ýerine, demirgazykda gijäñ ýarysyna (polýar gijeleri -H.T.) çenli ýurtlarda ýaşaýan ähli halklar maña garaşlydyr". Bilge Kaganyñ ýazgylary bilen Gurhanyñ aýatlarynyñ arasyndaky hem paralelligi görmezlik mümkin däl. Türk ylahyýetçusi Elmalynyñ tefsirine görä: Zülkarneýin dünýäniñ iñ gündogaryna tarap gidýär we ol ýerde türki taýpalara duşýar. Türki taýpalar Zülkarneýinden äjit-mäjitleriñ çapawulçylyklaryndan goranar ýaly diwar galdyryp bermegini haýyş edýärler. Zülkarneýin demirden we gurşundan diwar galdyryp türki taýpalary äjit-mäjitlerden goramagy başarypdyr. Mahmyt Kaşgarly "Diwany lugat et-türkünde" Zülkarneýin uýgur illerine gelende uýgur hökümdarynyñ oña 4.000 adam ugradandygyny aýdýar. Bu bolsa Zülkarneýiniñ türki taýpalar bilen gönüden-göni garyndaşlyk baglanyşygynyñ barlygyny görkezýär. Bu ýagdaý Zülkarneýiniñ Oguz han bolup çykma ähtimallygyny hem güýçlendirýär. Osmanly türkmen soltany Kanuny Süleýman döwrüniñ döwlet gullukçysy Rüstem Paşanyñ "Beýik Osmanlynyñ taryhy" ("Tewarih-i Ali Osman") atly eseriniñ ikinji sahypasynda şeýle setirler bar: "Etraklaryñ[1] arasynda şeýle gürrüñ bar: Haktagalanyñ Kurany-Keriminde "Külna Ýa Zülkarneýin" diýip zikredilýän, megerem, bu Oguz han diýrler". Neşriniñ "Jahannama" ("Kitab-y Jihannuma") eseriniñ birinji jildinde Oguz han Türkmeniñ Şarka we Garba (Gündogara we Günbatara -H.T.) agalyk edenliginden söz açylýar we soñra şeýle diýilýär: “Etrak şöyle zu’m iderlerdi ki Hak Sübbhanehu ve Teâlâ Kelam-ı Kadiminde zikr ittüğü İskender-i Zülkarneyn meğer bu ola dirlerdi.” (Terjimesi: "Etraklaryñ aýtmagyna görä Haktagalanyñ zikreden Isgender Zülkarneýuni megerem, bolsa bolsa (Oguz han) bolmaly". Belli türkolog Leon Jahun "Aziýanyñ taryhy" atly kitabynda Oguz han Türkmen barada şeýle diýýär: "Ol bütin dünýäni eýeledi, 116 ýyl ýaşady we häkimiýetiñ nyşany bolan altyn ýaýy bilen üç okuny ölmezinden öñ ogullaryna paýlap berdi". Saparmyrat Türkmenbaşynyñ "Ruhnamasynda" hem Töwratda ady geçýän Torg atly pygamberiñ Oguz handygy öñe sürülýär. Wanly Mehmet Ependiniñ aýtmagyna görä Oguz han Türkmen Hezreti Ybraýym pygamberiñ dinini wagyz edipdir. Ýagny, yslam dini döremezden 3700 ýyl öñ, biziñ günlerimizden bolsa 5200 ýyl öñ türkmenler hanif (ýekehudaýlylyk) dinine uýup, hakyky mömin-musulmanyñ ýolundan gyşarnyksyz ýöräpdirler. Türk alymy Haluk Tarjan "Prototürk siwilizasiýasy" atly kitabynda türkmenleriñ gadymy ata-babalarynyñ özlerine "rabbany türk" diýendiklerini ýazýar. Diýmek, türkmenler ýer ýüzünde ilkinji bolup ýeke-täk Tañra we Tañrynyñ barlygyna ynanan halklaryñ biri bolupdyr. _________________________________________ [1] Etrak - Osmanly aristokratiýasy käbir ýerlerde özlerini ulumsy tutup, Anadoly türkmenlerini, ýagny Kiçi Aziýanyñ garamaýak ilatyny "etraky-bidrak" (akmak türkmenler) diýip atlandyrypdyrlar. "Etrak" sözüniñ manysy şondan gelýär. ("Etrak" sözüne goşmaça maglumat üçin: Magtymguly ad. Halkara baýragyñ eýesi Faruk Sümeriñ "Oguzlar-türkmenler" kitabynyñ sözbaşysyna seret). Internet maglumatlary esasynda taýýarlan: Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |