17:36 Hoja Ahmet Ýasawy: Türki halklaryñ diliniñ senasy | |
HOJA AHMET ÝASAWY: TÜRKI HALKLARYÑ DILINIÑ SENASY
Edebi makalalar
Hoja Ahmet Ýasawynyň diňe bir döredijiligi däl, onuň durmuş ýoly hakyndaky rowaýatdyr gürrüňlerem türki halklarynyň edep mekdebi bolupdyr. Hoja Ahmet Ýasawy pire bir müridi “Pirim, Siz Allanyň eradasy bilen günäden sap, Köwser jennedi siziňkidir” diýipdir welin, Hoja Ahmet Ýasawy: “Sopym, adam bolup, günäden sap bolmak mümkin däl, kalbymyzda şeýtan ganymyz ýaly aýlanýar. Ýaradan bagyşlasyn, eger bagyşlamasa, men çagakam hozanagy yzyna iňňe sokup, hozzuldadypdym. Şol günäm üçin dowzahda ýanmagym mümkin. Taňry zerreden ýalkaryn, zerreden gargaryn diýipdir. Ýaradan ýalkan bendesiniň arasynda etsin” diýip, jogap beripdir. Bu rowaýat Hoja Ahmet Ýasawynyň kiçijek hozanaga nähili beýik hormat goýýandygyny subut edýär. Hoja Ahmet Ýasawy baradaky bu tymsally gürrüňde adamzadyň özüniň haýyrly amallaryna aşa buýsanç etmän, mydama ýalňyşyňdan (günä-ýalňyş, telek edilen iş manydadyr. D.Ý.) netije çykaryp ýaşamak wagyz edilýär Hoja Ahmet Ýasawynyň “Ýasawy” sopuçylyk taglymatynda diňe bir ynsanyň däl, haýwanyňam ynjylydylmaly däldigi ündelýär. Halk içinde Hoja Ahmet Ýasawnyň nusgalyk ömür ýoly barada ençeme rowaýatdyr tymsally gürrüňler köp. Kaka etrabynyň Mäne obasynda ýaşap, otuz iki ýaşynda 1937-nji ýylda repressiýa edilip atylan Berdimyrat ahun Hoja Ahmet Ýasawynyň türki halklarynyň piridigini aýdar eken. Bu ahunyň aýtmagyna görä, Hoja Ahmet Ýasawynyň it-pişik saklaýan howlusy bolup, Pir eýesinden azaşan ýa öýünden kowlan it-pişikleriň ýüzlerçesini şol howlusynda saklapdyr. Haýwanlary iýmläpdir, garaz hor etmändir. Käbir rowaýatlarda halkyň isle-arzuwy bilen ulaltma bolsa-da bardyr. Ýöne islendik rowaýat boş ýerden döränok. Hoja Ahmet Ýasawynyň it-pişik saklaýan howlusynda gurakçylyk ýyllarynda ýabany haýwanlaram penalanyp, iýmitlenipdir diýlen maglumatam bar. Diňe bir ynsana däl, haýwana-da rehimli bolmak däbiniň gündogardan başlap, soňra günbatara (Ýewropa ýurtlaryna) geçendigini buýsanç bilen nygtasym gelýär. Mäneli ozan ýaşuly Meretmuhammet aga Hoja Ahmet Ýasawynyň aýdan gysgajyk bendi diýip, şu iki setiri mydama gaýtalap ýörerdi: Yns-jynsa, haýwana-da etmäň zulum, Guly a:mdyr, ýöne ol Taňra mälim. (Bu ýerde gul sözi adam manysyndadyr. Yslamda adam- Allanyň guludyr. A:m sözi nadan, hiç zady bilmeýän manydadyr. Hoja Ahmet Ýasawynyň hikmetlerinde Alla-- Taňry diýip tutulan ýerleri az däl. D.Ý.) Yslam ulamalarynyň biragyzdan tassyklamagyna görä, Hoja Ahmet Ýasawy aşa imanlylygy, ynsana-haýwana çaksyz rehimdarlygy, päkize edebi hem doga guýmagursak taýsyz zehini bilen “Medinede Muhammet, Türküstanda Hoja Ahmet” diýen beýik derejä mynasyp bolan akyldardyr. Ol Yslam kada-kanuny ilkinji bolup arap-pars dilindäkidenem kämil derejede türki-türkmen diline (Onuň zamanynda hem türki dilleriniň özeninde oguz-türkmen dili ýatyrdy. Şonuň üçin Hoja Ahmet Ýasawynyň hikmetleri oguz-türkmen dilinde hem diýilse dogrudyr. D.Ý.) geçirip düşündiren akyldardyr. Onuň ene dilimizdäki öwüt-ündewleri Hikmetlerinde şňhlelenipdir Şol sebäpli Hoja Ahmet Ýasawynyň döredijiligi türki edebiýatynyň pajarlap ösüp başlamagyna esas boldy. Hoja Ahmet Ýasawynyň döredijiligi gündogar edebiýatynda arap-parss dili bilen deň derejede türki-türkmen diliniňem kämil döredijilik dili bolandygyny dünýä ýüzüne äşgär etdi. Şonuň üçinem Hoja Ahmet Ýasawynyň döredijiligi, ol hakyndaky rowaýatlar hemme türki halklary üçin ölmez-ýitmezdir. Döwletmyrat ÝAZGULYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |