09:37 Ömür hakda oýlanma | |
ÖMÜR HAKDA OÝLANMA
Goşgular
Meger, Ýyllar geçdi gitdi deňimden, Meger, Men ýyllaryň deňinden ötdüm... Ganyp jahyllygyň gyzgyn deminden Kämillik bazarna gul bolup gitdim. Bu bir gysga ömür, Başagaý ömür, Ýowuz girdabyna gark edip barýa Sen hars urýaň ony uzaltjak bolup, Sen çarp urýaň ony ulaltjak bolup... Ol bolsa (Bir görseñ!!!) Terk edip barýa. Bir görseň, Geçirip şowhunly ýazy, Döküp dur ýapragyn ömür daragtyň. Biwepa aýalyň gidişi ýaly Ömürem aňtaýa ejizlän wagtyň. Gözläp gözelligi, Eşreti aňtap, Gijelerňi gündiz edip galgaýaň... Ýalñyşmak, Azaşmak, Aldanmak — aňsat. Oñat zatlaň kynlygyna aglaýaň. Ýyllar bolsa dolananok täzeden, Galgasaňam, Aglasaňam — gelenok. Nirede ol alty ýyllap näz eden? Ol-a ýyllar eken, Menem bilemok! Durmuş ýodasynyň ençesin baglap, Ahmalyňa arap ýatyr külpetler. Toýuňda saz çalyp, Ýasyňda aglap, Nirde galdy ganygyzgyn ülpetler? Heriñ bir gapydan çykansyň şeýdip. Ölemde adam kän, Jaý, kän, Gapy kän... Şeýdip, Ýene gaýdyp Taparys öýdüp, Öz ýitigin gözläp ýören gaty kän. ... Arzuwdan ant ýasap çapan ýyllarym Entek-entek pellehana ýetmesin. Ýitmedik bagtymy tapan ýyllarym Tapylmadyk bagtym bolup ýitmesin... Şiraly NURMYRADOW. | |
|
√ Men Gazadaky çaga / Goşgular - 09.11.2024 |
√ Bilýäňmi, kim sen / Goşgular - 08.11.2024 |
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
√ Ýiten ýyldyz / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Men ýene / Goşgular - 29.08.2024 |
√ Ýangyn söndürijä / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Takdyr / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Bozajak seni / Goşgular - 22.05.2024 |
√ Adamlary görseň ählisi gowy / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Ýolma guşuñ ganatyn / Goşgular - 07.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |