HUDAÝ ADYL
Ýeriň ýüzi küşdüň düzümi bolup,
Adamlaram onuň oýunjagy däl.
Oýna goşup, ýene pyzyp goýbäre,
Dünýä aýalbazyň boş gujagy däl.
Göýä täze açyş etjek mysaly,
Bir nadandan edäýjekdi perişde.
Her ädimde öwgüsini ýetirip,
Tekge bolup, medet berdi her işde.
Aýagyny gara ýere basdyrman,
Hopba edip, kebzesinde göterdi.
Ol bolsa, oň depesine çykdy-da,
Ignäniň gözünden jöwen ötürdi.
Hudaý adyl, özi ýazar ýazgydy,
Hak nazary düşýän däldir her kime.
Kimi ýalkap, kimi ýalkamazlygy,
Goýuň ahyr, Ýaradanyň erkine.
Annatuwak KAKAÝEWA.
Goşgular