HUMAÝYŇ KÖLEGESI
Men muny her gün görýän. Öýümizde çal möjegiň derisi bar. Ony men heniz çagakam kakam çölden getiripdir. Derini gara öýümiziň ojagynyň sag tarapynda düşäpdir-de, onuň üstünde meni oturdypdyr. «Muny, Jeýhun jan, seniň üçin getirdim. Nesip etsin» diýipdir. Onuň sözlerine düşünmän, men ýöne ýylgyrjaklap oturmyşym. Muny maňa ejem gürrüň berdi. Şondan bäri köp wagt geçmänkä-de, kakam urşa gidipdir. Ol gidende men ellerimi serip, biçak aglanmyşym. Ejemiň özem aglanmyşyn. Bu meniň ýadymda hiç ýok-da. Kakam urşa gidende, men iki ýaşymy dolduran ekenim.
Ejem başlykdan rusgat alyp, kakamyň bakan dowarlaryna çopan bolupdyr. Ynha, indi bäş ýyl bäri kakamyň öňki bakan mallaryny bakyp ýörüs. Biz bu ýerde – Şyhym oýunda ýeke däl. Ilhanlar hem bar. Ejem bu ýere gaýdansoň, Annagül eje-de biz bilen gaýdyberipdir.
Ejem obadan şo möjegiň derisini-de getirdi. Meni hemişe şonuň üstünde oturdýar. Käte köneje sandygymyzyň üstünden güpjek alyp berýär-de, «Tirsekläpjik otur, mydarym» diýýär. Menem ejeme bakyp oturýan. Ejem meniň güpjek tirsekläp oturyşyma seredip, käte sessiz aglaýar. Nätjegimi bilemok. Erbet zat bolandyr öýdüp gorkýan. «Eje, saňa näme boldy?» diýip soraýan. Ejem hiç jogap berenok. Men gaýta-gaýta sorabersem, «Kakaň ýadyma düşýär. O-da sen ýaly bolup, güpjek tirseklär oturardy» diýýär. Soňam oduň ýanyşyna seredip, ümsüm oturýar. Men welin ejemiň aglamazlygyny, ýylgyrmagyny, kakamyň tiz gaýdyp gelmegini isleýän. Ejemden kakam hakda sorasym gelýär. Ýöne munuň ýaly wagtda ejeme sorag berip, bizar edesim gelenok. Ejem biraz salymdan ýerinden turýar-da, saçakdan tötek alýar. Onuň arkasyna çöp diräp, oda gyzdyrýar. Bir ýüzi gyzansoň, ony beýleki tarapyna öwürýär. Gyzdygy ondan maňa bölüp uzadýar. Tötegi kitirdedip iýmegi gowy görýän, çaý içýäs. Çaý başynda men ejemden kakam hakda soraýan.
Kakam meni juda gowy görenmiş. Ejem gürrüň berýär: «Seni elinden düşürmezdi. Göterip, öýüň töwereginde aýlar ýörerdi. Bagryna basardy. Ýökaryk bökdürip gapardy» diýýär. «Kakga, kakga» diýip, menem ellerimi uzadyp kakama bakan ent-ment edip ýöreýärmişim. Üç-dört ädim ýöräbem ýykylýarmyşym. Şonda derrew kakam gelip, meni ýerden göterýärmişin. Ýene ýokary bökdürip gapýarmyş. Muňa begenip, jykyr-jykyr gülýärmişim. Ejem bolsa kakama: «Goýsana, kakasy, Jeýhun janymyzyň ýüregi gozganaýmasyn» diýermiş.
Men ýene-de şeýle günleriň bolmagyny isleýän. Kakam meni häzir-ä göteribem bilmez. Indi men ullakan-a. Tanarmyka? Men-ä tanaryn. Ol daýaw bolmaly. Ýüzi ýylgyryp durdy diýýär ejem. Men kakamyň suratyny gördüm. Ýylgyryp dur. Özem soldat eşikli. Kellesinde bäşýyldyzly papagy bar. Kakam gelse, o papagy men geýjek. Kakamyň döşünde iki sany ordenem bar.
Kakam biziň goşumyza nämeli gelerkä? Uruşda sürýän tankyny getirermikä? Getirse-hä hezil bor. Tar-tar etdirip süreris. Kakam sürer. Ejem ikimiz bolsa tankyň ýokarsyna çykarys. Derrew oba bararys. Hemmeler bizi garşylar. Babalar kakama duşmanlary ýeňip geleni üçin «sag bol» aýdarlar. Ejeme-de «Berekella, Akbibi! Jeýhun janyň kakasy gelýänçä mallary hor etmediňiz. Ikiňizem gahryman» diýerler.
Aý, tank geregem däl. Kakamyň özi gelse bolýar. Kakam maňa: «Oglum, sen-ä ýigit çykypsyň. Men gidenimde sen çagajykdyň» diýer. Bile mal bakmaga gideris. Men: «Kaka, sen oturyber, mallary özüm bakaryn» diýerin. Kakam oturar. Belki, saz çalyp berer.
Öýümizde gowşudyň üstünden kakamyň dutary asylgy dur. Ejem bilen ony aýap saklaýarys. Dutarda kakamyň bize saz çalyp bererine garaşýas. Men ony käte çaljak bolýan. Hiç eýgerdenok. Ejem: «Ruhdan düşme, mydarym. Ynha kakaň geler. Ol saňa saz çalmagy öwreder» diýýär. Kakam gelse, hökman saz çalmagy öwrenjek. Öwrenäýsem, ho gaýraky depäniň üstüne çykyp saz çaljak. Özem dowarlarymyz üçin. Goý, olar saz diňlesinler. Saz çalsam, Annagül eje-de öýünden çykyp diňlär. Goý, o-da diňlesin. Ol hemişe gaýgyly. Saz diňlese, göwni açylar.
Men Annagül ejäniň näme üçin gaýgylanýandygyny bilýän. Onuň adamsynyň uruşda ölendigi barada üçburçly hat geldi. Haty başlygymyz getirdi. Ony okap Annagül eje aglady. Ogly Ilhany gujaklap: «Bagtymyz ýatdy, balam. Bagtymyz ýatdy» diýip aglady. Olar aglasa ejem ikimiziňem aglasymyz geldi. Soň ejem Annagül ejä: «Goý, boýdaş, aglanyň bilen ol gaýdyp gelmez» diýdi. Şonda-da ol agysyny goýmady. Ana, şol günden bäri Annagül eje gaýgyly. Ol indi öňküleri ýaly köp geplänok. Haçan görseň, aşak bakyp ýör. Özem onuň sähel zada-da derrew gahary gelýär. Ümbilmez mallara-da sögüberýär. Mala sögünmek günämiş-ä, ol şonam bilenok. Ýöne ol saz diňlemegi gowy görýärmiş. Saz çalyp bersem, ol meni hiç mahalam öýünden kowmaz.
Dogrymy aýtsam, men-ä Annagül ejäni halamok. Ol köplenç öýünde bolansoň, kolhozyň bize berýän ununy-da, çaý bilen gandy-da olaryňkyda goýup gidýärler. Annagül eje her sapar unumyzdan alýar. Çaýymyz bilen gant paýymyz-a berenogam. Gandy ogluna berýär. Ilhan haçan görseň, gant kitirdedip ýör. Şoň üçin onuň iki sany dişem ýok. Ilhan käte öz gandymyzy maňa hödür eden bolýar. Ýaman gaharym gelýär. Ejem Annagül ejäniň edýän işlerini bilse-de, sesini çykaranok. Meniň muňa gaharym gelýär. Ho sapar men Annagül ejä göni aýtdym: «Unumyzdan alýaňyz, çaýymyzam, gandymyzam alýaňyz. Indi almaň. Alsaňyz, kakam gelse aýdaryn» diýdim. Munuň üçin ejem gulagymdan towlady: «Goşulma sen, hany edebiň? Kakaň gelýänçä ölmeris» diýdi.
Juma hülgen Annagül ejäni gowy görýär. Ol ýaşka bezzatja eken. Şonuň üçinem oňa Juma hülgen diýipdirler. Ol urşa gitmejek bolup, sag eliniň iki sany barmagyny «atanlykda» oka aldyrypdyr. Başga adam bolmansoň, ony perma belläpdirler. Ol her gelende birki sany towşan awlap, Annagül ejelere getirýär. Biziňkä welin getirenok. Ejem Juma hülgen bilen Annagül eje ýakyn garyndaş diýýär.
Annagül eje, köplenç, nahar bişirip iýýär. Palaw bişirse-de, etlije çorba bişirse-de, men ony ysyndan derrew bilýän. Ýöne ol hiç mahal bizi nahara çagyrmaýar. Hopurdadyp özi iýýär. Ol öň beýle däl eken. Agyr gün ony şu güne saldy diýýär ejem. Kä agşam naharlanyp bolamyzsoň olaryňka oturmaga gidýäs. Şonda Annagül eje bizi görenden iýilýän zatlaryny gizleýär. Soňam iýmäge hiç zat ýok, iş agyr diýip nalamaga başlaýar. Şonuň üçinem meniň-ä olaryňka gidesim gelenok. Ýöne ejem goýanok. Ol: «Munyň bolanok, mydarym. Bu düňle çölde iki öýli bolup otyrys. Bizem tüňňerilişip gezsek, gowy däl» diýýär. Islemesem-de ejemiň yzyna düşüp barýan.
Käte Ilhan bilen oýnaýas. Ol menden bir ýaş kiçi. Ilhan hemişe: «Meniň ýylym ýylan» diýmegi gowy görýär. Biz onuň ejesinden ogrynça oýnaýarys. Özem «uruş-uruş» oýnaýarys. Onda biziň goşunymyz nemisleri derrew ýeňýär. Biz «Ur-ra» diýip gygyryşýarys. Ikimizem ýeňşimize begenýäs. Ýöne biz nemisleri köp gezek ýeňsegem ulularyň entegem şol ýeňip bilmän ýörüşleri. Kakam bilen Ilhanyň kakasy nemisleri ýeňip geliberenoklar. Wah, Ilhan ikimiz bolsag-a...
Gygyryşybersek, Annagül eje gelýär. «Goýuň oýnuňyzy!» diýýär. Näme üçin? Annagül eje biziň nemisleri ýeňmegimizi islemeýän ýaly. Munuň üçin men ony hijem halamok. Käte biçak gaharym gelýär. Ýöne onuň gaharly ýüzüne seredip, yzyma ümsüp gaýdyberýän. Ol diňe Juma hülgen gelende arkaýyn bolýar. Käte gülýärem. Men Juma hülgenem halamok. Onuň şo saparky bolşuny ýadymdan hiç çykaryp bilemok. Ejem bilen şonda mal bakmaga gidipdik. Gaýdanymyzda süri barýança nowalary suwdan dolduryp goýaýyn diýip ejem öňden gaýtdy. Men mallary sürüp baranymda guýynyň başynda Juma hülgenem bar eken. Görsem, ol ejemiň üstüne gygyrýar. Ejem bolsa hiç zat diýmän, ýöne aglap otyr. Ejem hemişe-de şeýle. Hiç kime gaýtawul bermeýär, jogap gaýtarmaýar. Diňe gözüne ýapyşyberýär. Onuň bu bolşuny men hiç halamok. Ýüregiňi aýtmaly. Ejem bolsa düşünişjegem bolanok, nähak ýere-de üstüne gygyrdyp dur. Onuň bu bolşuny kakam gelse aýtjak. Hökman aýtjak! Häzirem Juma hülgen hiç hili garawsyz gygyrýar. Men saklanyp bilmedim, ylgap bardym-da, Juma hülgeniň üstüne topuldym. Elimdäki kakamyň çopan taýagy bilen ony urjak boldum. Ýöne ol elimden taýagymy aldy-da, ho beýläk wazyrdadyp goýberdi. Iki gezegem dulugyma çaldy. «Aýrylsana, köpeý ogly» diýdi. Oňa güýjümiň ýetmeýändigine namys etdim. Ýene üstüne topuldym. Onuň çem gelen ýerine saýgylamaga başladym. Ol bu gezek gatyrak urdy. Tüwdürilip gitdim. Ejem meniň urlanymy görüp, atylyp ýerinden turdy. Juma hülgeniň üstüne topuldy. «Näme üçin ýumruk ýaly çagany urýaň? Neneň dözýäň? Ä?» diýip azgyryldy. Juma hülgen ejemiň gaharynyň gaty gelenini aňyp, sessiz-üýnsüz atyna mündi-de, zut gitdi.
Şo günden bäri Juma hülgeni hiç halamok. Onuň näme üçin ejemiň üstüne gygyrandygyna-da düşünip bilemok. Ejemden sorasam, o-da aýdanok. Ýogsam özelenip soradym. Barybir aýtmady. Meniň bolsa muny bilesim gelýär. Ýa kakama bir zat boldumyka? Belki Juma hülgen ejemden ol çal möjegiň derisini sorandyr?! Onam ejem beren däldir. Hiç bilemok-da. Onuň näme üçin ejemiň üstüne gygyrandygyny soň bildim. Annagül ejäniň sürüsine möjek çozupdyr. Ol üç sany goýny ýaralapdyr, birini bolsa äkidipdir. Annagül eje gorkusyna çalmaryndan hem çykyp bilmändir. Ol Juma hülgen gelende, «Akbibi kömege gelmedi» diýip ýamanlapdyr. Ynha bar bolany şo. Muny maňa Ilhan gürrüň berdi. Biz olaryň sürüsine möjegiň çozanyny näbileli?! Olaň goşy biziň öýümizden birneme aňyrda – gaýraky beýik depäniň ykyşynda. Ejem olaň sürüsine möjegiň çozandygyny bilse, hökman barardy. Sebäbi ejem möjekden gorkmaýar. Men muny gözüm bilen gördüm.
Tomusda biziň sürimize bir çal möjek geldi. Ol birki goýny parçalap, birini-de arkasyna hopba edip äkitdi. Ejem onuň yzyndan gygyryp galdy. Birinji gezeginde agzy maza tapan möjek soňam gelip ugrady. Itimizem oňa üns berenok. «Isläniňi et, ýöne maňa hiç zat etme!» diýýän ýaly, çyňsap, titräp ýatyr. Ejem: «Haýt, haýt, Ýolbars, bas, bas!» diýip gygyrýar. Ýolbars ýerinden turjagam bolmady, diňe öwran-öwran çyňsamak bilen çäklendi. Ejem janynyň ýangyjyna iti saýgylady. Oňa çenli bolsa möjek etjegini edip, ho depeden aşdy.
Ejem teý-ahyr saklanyp bilmedi: goşumyza ýakyn ýerlerdäki ähli goşlara baryp çykdy. Çopanlardan: «Guýularyňyzyň agzyny birki gijeläp berk ýapyň, nowalaryňyzda suw goýmaň» diýip haýyş etdi. Ejem: «Möjek suwa gezek gelende namartdyr, onsuz hiç oňup bilmez. Hiç ýerden suw tapmasa, agzynyň maza alan ýerine gaýdar» diýdi. Ejem nowamyzyň üç ýerinden gapan gurdy. Garaňky düşensoň garaşmaga başladyk. Köp garaşdyk. Ejem ikimiziňem uklasymyz gelmedi. Ana, ýarygije boluberende, şo çal möjek has-has edip geldi. Geň, ýene itimiz sesini çykarmady.
Möjek geliş ugruna gapana düşdi-de, çirkin waňkyrdy. Alatozan edip iki baka urundy. Ejemi juda batyr gördüm. Ol gorkman möjegiň üstüne topuldy, elindäki uzyn degenek ojar taýagy bilen möjegiň kempaýyna yzly-yzyna suňşurdy.
Ejem möjek ölensoň, onuň derisini garnady. Soňundanam howlukman, gowy edip eýledi.
Itimize ýaman gaharym geldi. Ol derisi sypyrylan öli möjegiň ýanyna-da baryp bilenok. Çyňsap maslygyň töwereginden aýlanýar. Titräp durşuny görseň, öli möjek ony düýt-müýt edäýjek ýaly.
Ýolbars öň beýle däl eken. Ol gorky-ürkini bilmeýän eken. Nätanyş haýwany görse üstüne göni topulypdyr. Ol adamlardanam gorkmandyr. Ýöne ol birki gezek agyr dalanypdyr. Ana, şondanam ol dagdy bolupdyr. Ýolbars: «Maňa degmäň, menem size degemok ahyryn» diýýän ýaly, garnyny hemişe sowuk çägä berip ýatdy. Ejem Ýolbarsy oba äkitmäge mejbur boldy. «Hydyr gezen bu çölde Ýolbars pisintlilere orun ýok. Obada welin itimiz gowy ýaşar. Sebäbi ol ýerde ite galan iş ýok. Şeýle bolansoň, munuň nähili itdigi duýulmazam. Bu ýerde hemme zat eliň aýasynda ýaly» diýip, ejem aýdýar.
Ejem obadan başga iti – Boýnagy getirdi. Ol öňki itimiz ýaly däl. Möjekden dalansa-da, dagdy bolanok. Gaýtam taplanýar. Bä, ol möjekleň yzyndan şeýle bir kowýar. Özem ullakan, sesem ýogyn, uzakda bolsamam ol üýrse eşidýän. Ol geleli bäri sürimize möjek çozanok. Itiň daýaw bolanda sürä hiç hili ýagy geljek däl eken.
Gapana düşen şol çal möjegiň derisini dulumyzda ýabadan asyp goýduk. Ejem: «Kakaň gelse, düşekçe bor» diýýär. Men muňa begenýän. Ejem kakamyň tizräk gelmegini dileg edýär. Ol meni gowy görýär ahyryn. Ol uruşdan ýazýan her hatynda meni soraýar. Kakamyň ýazan hatlaryny men ýatdan bilýän. Kä gije otyrkak men ejemden kakamyň ýazan hatyny okap bermegini haýyş edýärin. Ejem kyn görenok, oduň ýagtysyna ýakyn barýar-da, haty ýuwaşjadan okamaga başlaýar. Menem kakamyň getiren möjek derisiniň üstünde güpjek tirsekläpjik oturýan-da, diňlemäge başlaýan. Kä gije bolsa, ejemiň goýan ýerinden kakamyň ýazan hatyny alyp, özüm «okamaga» başlaýaryn. Ejem üns berip diňleýär. «Salam haty – diýip, birsalym dymýaryn. Sebäbi ejem şeýdýär. – Şu hatyň üsti bilen ymgyr çölde gorkman çopançylyk edip ýören aýalym Akbibä, mähriban jigerim Jeýhun janyma köp-köp dogaýy esger salamy bolsun.
Nähili, sag-gurgun işläp ýörsüňizmi? Jeýhun janym nähili? Ers-mers bolup gitdimi? Ikiňizem göresim geldi.
Akbibi, ogluma men hakda gürrüň ber. Ynha şu suratymam iberýän. Goý, ol kakasyny tanasyn. Barsam, menden gaçsa, bu maňa juda agyr degjek. Nähili, oglumyň meni göresi gelýärmi? Suratymy ibermegimiň sebäbi, araňyza barmak miýesser bolmasa-da, oglumyň meniň keşbimi göz öňüne getirip bilmegi. Oglum deňi-duşlaryna suratymy görkezip: «Ynha meniň kakam» diýer.
Oglumy bir görsedim!.. Onuň häzirki keşbini hiç göz öňüme getirip bilemok. Oglumyň geplänini, «kaka» diýip, gujagyma dolanyny görsem, dünýäde başga armanym ýok. Akbibi, sen Jeýhun jany hor etme. Oňa: «Kakaň köp-köp salam aýdýar» diý. Ýaltanmasaň hatymy okap ber. Özüňem hor etme. Guýudan suwy bedräni dolduryp çekme. Ýarpy edip, assa-assadan çekiber, şonda-da ýetişersiň. Bu agyr kysmatyň bary geçer. Uruş indi ýanyny ýere berip ugrady. Hä diýmän, ýeňiş bilen bararyn, Akbibi. Hoş onda, saglykda görşeli diýip hat ýazan Meret». Haty «okap» bolanymdan soň, ejem: «Wah, meniň akyllyjam» diýip, meni bagryna basýar.
Kä gije bolsa ejem oturyp kakama hat ýazýar. Ýazan zatlaryny maňa okap berýär. «Ýeri bolýamy?» diýip soraýar. Men baş atýaryn. Ejem her hatynda: «Jeýhun jan hem köp-köp salam aýdýar» diýip ýazýar. Ho sapar bolsa kakama özüm hat «ýazdym». Ýok, ýazanda ejem ýazdy. Ýöne ol haty meniň adymdan ýazdy. Men ejeme ýazmaly zatlaryny ýuwaşjadan aýtdym, ol hem ýazdy: «Salawmaleýkim, kaka jan – diýip ýazdym. – Bu haty saňa ogluň Jeýhun ýazýar. Kaka, nähili ýagdaýlaryňyz? O ýerde hor bolýaňyzmy? Biziň-ä bu ýerde janymyz sag, kaka. Mallaryňy bakyp ýörüs, hemme zadymyz gowy. Sen bizi gaýgy etme. Nemisleri ýeňip, tizräk gel. Meniň, ejemiň seni göresimiz geldi. Kaka jan, seniň üçin ejem düşekçe taýýarlap goýdy. Gelseň, şonuň üstünde oturarsyň. Menem ulalýan. Ähli dişlerim gaçyp, täzesi çykansoň, ullakan adam bolýan. Ähli dişlerim gaçmanka gel, kaka. Ýolda güýmenme. Biz her gün agşam seni ýatlaýarys. Ejem maňa sen barada gürrüň berýär. Saňa garaşýas. Ýöne senem geleňok. Men gelýäniňi görsem, öňüňden ylgap çykaryn. Sen meni tanamarsyň. Men welin derrew tanaryn. Ynha görersiň. Hoş onda, sag bol. Hat ýazan ogluň Jeýhun».
Bu gün mallary örä men çykardym. Ejemiň bolsa, oba düýnki gidişi. «Köpden bäri oba-da gidemzok. Egin-eşik alyp geleýin. Hatyňy poçta ataýyn. Belki, kakaňdan hat gelendir. Ony göreýin – diýip gitdi. – Kakaň bilen bile dolanmak nesip etsin hernä». Men şony – ejemiň kakam bilen dolanmagyny isleýän. Ejem gidensoň, günümiň geçmesi kyn boldy. Oba gidýän insizje egrem-bugram ýola seretdim oturdym. Hiç zat bilen serim bolmady. Ejemiň kakam bilen bile tizräk gelmegine, kakamy görmäge howlukdym. Gün ogurlyk eden ýaly gyzaryp ýere giriberende ejem göründi. Men oňa tarap ylgadym. Ol ýeke. Ýanynda kakam ýok.
– Hany, kakam?
Ejem eşegiň üstünde ýöne ýüzüme seredip otyr. Gözleri ýaşly. Aljyrap, näme diýjegimi bilmedim. Onuň gaýgydan aglaýandygyna-da, begençden aglaýandygyna-da düşünmedim. Ejemiň geplärine garaşdym.
– Eje, näme gepläňok? Näme üçin aglaýaň? Ä? – diýip, men ýene soradym.– Hany kakam? Bile geleris diýipdiň-ä? Aldatdyňmy?
Ejem eşekden düşdi-de, meni gujaklady. Ýüz-gözümden ogşap aglady. Onuň gözýaşlary ýüzüme degdi, meniňem aglasym geldi. Ejem sakawlady:
– Wah, mydarym, wah meniň mydarym...
– Git, git. Kakamy getirjek diýip aldatdyň – diýip, men ejemiň gujagyndan sypdym.
– Wah, oglum, buşluk, buşluk... – diýip, ejem gepläp bilmän, ýöne aglap dur.
– Näme?..
– Uruş gutarypdyr, mydarym. Uruş gutarypdyr. Gözüň aýdyň. Uruş gutarypdyr. Biz mundan habarsyz galypdyrys. Obada eýýäm gelenlerem bar. – Ejem begenjine meni şo bagryna basyp, ogşap durdy.
– Hany, onda kakam?
– Geler kakaň, oglum, geler. Ýene azajyk garaş. – Ejem biraz dymdy. – Garaşyp gijä-de galdym.
– Onda... hat getirdiňmi?
– Hatam ýok ekeni. Indi özi geljekdir-dä. – Ejem horjunyň sag gözünden düwünçek çykardy. Ony çözüp, içinden halwa aldy.
– Me, mydarym, iý.
Halwany görüp agzym suwardy. Geçen ýyl hem ejem oba gidende şeýle halwa getiripdi. Baý, süýji-dä. Halwany ýaňy agzyna ýetiriberenimde, bir zat güpbe ýadyma düşdi: men muny iýmäýin. Gizläp goýaýyn. Kakam gelse, ana oňa bererin. «Al, kaka, iý. Bu süýji. Sen ajygansyň» diýerin. Kakam begener. Muny men iýmänimde-de hiç zat bolmaz. Kakam uruşda ýadandyr, men bolsa ýadamok. Şo pikir bilenem ýakamdan köýnegimiň içine goýberdim.
– Halwany iý, Jeýhun jan – diýip, ejem maňa geň galyp seretdi.
– Juk.
– Näme üçin? Halaňokmy?
– Halaýan.
– Onda näme üçin iýeňok?
– Kakama berjek. Ol indi tiz geler. Şeýle gerek, eje?
– Wah, seniň akylyňdan aýlanaýyn – diýip, ejem çalaja ýylgyrdy. – Sen ony iý, Jeýhun jan. Kakaňa ynha ýene bar. Şulary bereris.
– Ýok, bulary özüň beräý. Muny meniň özüm berjek.
– Bor, mydarym. – Ejem kaýyllyk bilen baş atdy. Meni eşegiň üstünde oturtdy-da: – Ýör, goşumyza baraly – diýdi.
Çalmarymyza tarap ugradyk. Ejem öňden ýöredi. Gorkup-gorkmandygymy, mallaryň ýagdaýyny sorady. Uruşdan kimleriň gelendigini aýtdy.
Meniň ejemden ýene köp zatlar barada sorasym gelýärdi. Ýöne öňümizden Annagül eje çykdy-da, bar gürrüňimiziň ortasyny kesdi oturyberdi. Ejem oňa urşuň gutarandygyny aýtdy. Annagül eje begendi. Begense-de, soň nämedir bir erbet zady hakydasyna getiren ýaly bolup gaýgylandy. Men bilýän, ol adamsyny, ol hakda gelen haty ýatlandyr.
– Gidenleriň hemmesi gaýdyp gelsin-dä hernä – diýip, ejem dillendi. – Ynanar ýaly däl: geçmejek ýalydy bi günler. Geçdigi bolsun-da indi. Ýogsa-da Oguljemalyň adamsy dolanyp geläýipdir, ýadyňdadyr-la, adamsynyň öldi habary gelipdi. O bendäniň ýyly-da berlipdi. Başga-da birlän-ikilän gelen bar.
– Gelsinler-dä ylaýym – diýip, Annagül eje uludan demini aldy.
Eşegiň üstünde oturşyma Annagül ejeden gözümi aýramok. Ol şo Ilhan bilen oýnap ýören wagtymyzdaky ýaly hyrsyz däl, mysapyr. Onuň bolup durşuna nebsim agyrdy. Adamsynyň gelmegini isledim. Belki, ol dogrudanam kakam bilen geler. Annagül eje bilen Ilhan, baý, begenerler-ä. Hökman toý ederler. Bizem bararys. Şondan soň Annagül eje hiç gaharlanmaz, biziň paýymyzdan ogurlajak bolup ýörmez. Gaýtam hemmelere çörek paýlar. Ilhan bilen oýnasak, alarylyp seretmez. «Oýnaberiň, oýnaberiň» diýer. Wah, Ilhanyň kakasy tizräk gelsedi...
Biri aýagymdan çekýär. Aşak seretsem, Ilhan delmirip dur:
– Oýnarysmy?
Oňa näme jogap berjegimi bilmedim. Muny aňan ejem maňa ýüzlendi:
– Bar, mydarym, oýnaber. Mallara indi özüm göz-gulak bolaryn.
Ilhan bilen düzzüm oýnadyk. Ol gowy oýnaýar. Esli wagtlap oýnapdyrys. Günüň öňki görnen ýeri diňe gyzyl bolup dur.
– Ilhan, aýu, Ilhan – diýip, Annagül eje gygyrdy. – Gel, oglum, sowamanka naharyňy iý.
Ikimizem ýerimizden turduk. Biri-birimiziň ýüzümize seredişdik. Keýpimiz gaçdy. Biraz durup, Ilhan öýüne tarap ugrady. Köp ýöremänem saklanyp, yzyna öwrüldi. Ýuwaşja gepledi.
– Jeýhun, ýör.
– Sag bol-laý. Sen iý-de geläý. Sen gelýänçäň men şu ýerde garaşyp oturaryn.
– Onda garaş, bolýamy. Men derrewjik gelerin. Saňa-da çörek getirerin.
– Gerek däl – diýip men müýnli seslendim.
Ilhan gitdi. Onuň gelerine garaşyp otyryn. Men oňa öňem köp gezekler garaşdym. Oýnap otyrkak, Annagül eje Ilhany nahara çagyrardy. Şeýle bolanda men daşarda garaşardym. Ilhan her sapar goltugynda gizläp, bir döwüm çörek geitirerdi-de maňa bererdi. Onuň getirýän çöregi tagamlydy. Ejem: «Del zat mydama tagamly bolýar. Şol bir iýip ýören zadyň bolsa irizýär» diýýär. Annagül ejäniň çöreginiň tagamly bolmagy hem şonuň üçinmikä? Olaryňky bugdaý çöregi. Meniň hemişe bugdaý çöregini iýesim gelýär. Öýde bolsa beýle däl: zagara. O-da az. Ejem ondan her gezek azajyk bölüp berýär.
Ilhanlara bugdaý uny Juma hülgen getirýärmiş. Ýöne bahar gelse, biziň günümiz oňat bolýar. Çörek köp geregem bolanok. Ejem: «Çöl bir mährem ene. Ol bizi eklär» diýýär. Ýuwa, ýelmik, ysmanak bilen naharlanýas. Mal bakmaga gidenimizde ejem ikimiz ýelýyrtan ýaglygymyz ýarpy bolýança ot ýygnaýas. Gelibem gazan atarýarys. Men ot ýakýan. Ejem bolsa otlary ýuwup, gazana salýar. Onuň üstüne azajyk ýarma-da salýar. Olar suw bilen gaýnap bulamak bolýar. Biz bu naharymyza ýelmik diýip at berýäris. Ýöne indi otlar garrapdyr – tagamy gaçypdyr.
Annagül eje biz ýaly ýelmik nahar bişirjek bolup ýörenok. Men muny bilýän. Ho gün oýnap otyrkak, ol Ilhany nahara çagyrdy. Ilhan ýör-ýör diýip duransoň, menem onuň bilen gitdim. Annagül eje Ilhanyň öňünde kiçeňräk okarada içi towşan etli çorba goýdy. Maňa alarylyp bakdy-da, çöregiň gyrasyndan azajyk bölüp uzatdy. Men gerek dälem diýmedim, elimi uzatdym.
Ilhan çorbadan göwünli-göwünsiz birki çemçe iýdi-de, ejesine ýüzlendi:
– Eje, men-ä doýdum.
– Wiý, hiç zadam iýeňog-a sen entek. Iý, iý, oglum. Iýmeseň ulalmarsyň.
– Iýesim gelenok.
– Ýok, iýmeseň bolmaz. Hiç bolmanda içiniň etlerini bir iý.
– Jeýhun iýäýsin. Ol iýse, menem iýerin.
Annagül eje çykgynsyz güne galdy. Ol göwünli-göwünsiz dillendi:
– Hany, onda bile iýiň.
– Gel, Jeýhun, süýş.
Ikimiz hem iýip başladyk. Men-ä tä garnym doýýança Annagül ejä tarap ýekeje gezegem seretmän, hezil edip iýdim. Ilhan welin oňly iýmedi: ýanymda iýýän ýaly bolup otyr. Nahar iýip bolanymyzdan soň, ýene oýnamaga gitdik.
Bu günem Ilhanyň yzyna düşüp nahar iýmäge barmak birhili gelşiksiz. Annagül ejäniň kowaýmagy hem mümkin. Ýöne indi onuň özi çagyrsa-da barjak däl. Iýesim gelenok onuň naharyny. Aç otursam-da iýjek däl. Onuň towşan etli çorbasyny içenimden, ejem bilen ýelmik iýenim müň paý gowy. Diňe Juma hülgen däl, meniň kakam hem mergenmiş. Ol uruşdan gelse, hökman awa gider. Towşan getirer, keýigem getirer. Hökman getirer.
Dogrymy aýtsam, bu ýerde ýeke oturdygymça, men kemsinip başladym. Hana, Ilhan-a çörek bilen nahar iýýär. Men bolsa, dişimiň kirini sorup otyryn. Onuň menden nämesi artykmyş? Annagül ejäniňem ejemden artyk ýeri ýok?! Men indi şeýdip aç oturmalymy? Kakama niýetläp goýan halwam ýadyma düşdi. Şony iýäýsemmikäm? Ýene bar-a. Ejem şuny bererisem diýdi. Ýok, muny iýjek däl, kakama berjek.
Erbet ajykdym. Başym aýlanan ýaly boldy. Meniňem towşan etli çorba içesim geldi. Ýok, Annagül ejäniň bişirenini däl, ejemiň bişirenini. Birden ýerimden turdum-da, çalmarymyza gaýtdym.
– Eje...
– Hä, mydarym?
– Bizem Ilhanlaryňky ýaly nahar iýeli...
Ejem edip oturan işini bir gapdalda goýdy-da, ýüzüme seretdi. Soňam janygyp gürledi:
– Gyssanma, mydarym, kakaň gelsin. Soň saçagymyz bugdaý çörekden dolar. Ana, şonda iýeris. Tä doýýançak iýeris. Ýene birneme mydar et. Indi o güne az wagt galdy...
– Meniň häzir iýesim gelýär.
– Garaş, mydarym.
– Maňa «Garaş!» diýýärsiň. Men kän garaşdym. Indi garaşasym gelenok.
Şeýle bir çörek iýesim geldi. Çorba, özem towşan çorbasyny içesim geldi. Men agladym. Sojap-sojap agladym. Göwnüme bolmasa, biziň aç gezmegimize ejem günäkär ýalydy. Aglasam islegime ýetäýjek ýalydym.
Ejem aýgytly hiç zat edenok. Onuň Annagül ejä hiç zat diýmeýändigini hem aýdasym geldi. Ýöne ejemiň ýüzüme aglajak ýaly bolup seredip durşuny göremde, nebsim agyrdy. Şonuň üçinem oňa hiç zat aýdyp bilmedim. Onsoň, näme etjegimi bilmedim-de, ýuwaşjadan yzyma öwrülip, daşaryk çykdym.
Mallar otlaşyp ýör. Olaryň ýakynyna baryp gyşardym. Hemişe maňa gysmyljyraýan, zagara tamakin sakar goýun gapdalyma geldi. Egnimden ysgaşdyrdy-da maňa duýgudaşlyk bildirýän ýaly gapdalymda ýatdy. Onuň arkasyny sypadym. Näme üçindir, kakam ýadyma düşdi.
– Bilýäňmi, näme – diýip, sakara ýüzlendim. – Men kakama halwa gizläp goýdum. Gelse berjek. Sen kakamy tanaýaň-a. Men-ä onuň suratyny gördüm. Özüni göremok. Şonda-da men ony tanaryn. Ynha görersiň. Ýöne kakam meni tanamaz. Ol sen-ä tanar. Sebäbi kakam seni gowy görýän eken. Senem hemişe onuň ýanynda ekeniň. Eger sen menden öň kakamy görseň, maňa aýt... Aý, ýok, kakam menem tanar. Geýip ýören şyrdagym kakamyňky. Çokaýym hem özüniňki. Köýnegim ezýaka. Ondaky keşdäni biziň obamyzda diňe meniň ejem tikýärmiş. Bu zatlary kakam dessine tanar. Oba baranymda garry enem «Ylla kakasy – diýdi. – Oglum hem Jeýhun ýalyka şeýledi. Tokarjady. Düňk-düňk edip ylgar ýörerdi». Men kakamyň öňünden çykaryn. Ol ýaşajyk özüni görüp geň galar. Mendigimi bada-bat biler. «Hä, meniň Jeýhunjanym? Sakar bilen otyrmyň» diýer. Ejem-ä kakam hakda gürrüň berýär. Senem gürrüň bersene kakam hakda. Ol batyrmy? Näme üçin ümsüm ýatyrsyň. Meniň bilen gürleşmek isläňokmy? Senem Ilhanyň ejesi ýaly erbet-laý. Kakam hakda aýdaňok. Aý, gepläp bilmeýşiň hem gowy-da. gepleseň, hökman gaharymy getirerdiň. Aýtmasaňam bilýän-ä meň kakamyň gowudygyny. Onuň döşünde iki sany ordenem bar...
– Jeýhun, Jeýhun... – Ilhan ylgap ýanyma geldi.
– Git, gelme.
– Näme üçin?
– Hiç – diýip, men ýüzümi öwürdim.
– Nahar iýmäge äkitmedi diýip gaty görýäňmi? – diýip, Ilhan ýylgyrjaklady. – Bilýäňmi näme, men geçen agşam düýş gördüm. Onda kakam gelýämiş. Baý, gowy bol-da. Toý etdik. Ejem hökman toý ederis diýýär. Şonda bile nahar iýeris...
– Ejem-ä düýş tersine bolýar diýýär.
Ilhan ýüzüme mölterilip seredip dur. Ol sesini sandyradyp gepledi:
– Näme, kakaň gelmez diýýäňmi? – Jogap bermänimden soň, ýene onuň özi gürledi. – Ejem: «Başlygyň getiren haty nädogry eken. Kakaň geler» diýýär.
– Ol seni aldadýar-laý...
– O nähili aldaýar?!
– Ölen adam nädip gelsin?
– Ýalan sözleme. Ejem hiç wagtam aldanok. Ol dogry aýdýar. Kakam ölenok. Ol diri. Görersiň, ol tiz geler. Hä-ä, görersiň entek.
– Onda näme üçin öldi diýip meniň kakam hakda hat gelenok?! Gaýta onuň özi ýazýar.
– Ejem o hat ýalňyş eken diýdi-how – diýip, Ilhan gara çyny bilen janykdy.
– Aý...
– Ýok, ejem aldanok – diýip, Ilhan haraý gözleýän ýaly, ýene ýüzüme naýynjarlyk bilen bakdy. Näme diýjegini bilmän kemiş-kemiş etdi. Birdenem gaşlaryny çytyp eseldi. – Gelmezmi?
Onuň haýbat atyp üstüme sürünmegine gaharym geldi:
– Gelmez.
– Geler!
– Gelmez, gelmez!
Ilhanyň gözlerinden ýaş paýrap akdy. Ol birdenem möňňürip goýberdi. Janynyň ýangyjyna üstüme topulyp, meni urmaga başlady. Urup durşuna aglap şo bir zady gaýtalady.
– Gelmezmi? Ä? Gelmezmi? Geler diý. Geler...
Men jogap bermedim. Ol näçe ursa-da, goranjagam bolmadym. Özümden kiçini urasym gelmedi. Uraýsam, kakam näme diýer?! «Hä, sen özüňden kiçini urýaňmy? Ýok, senden maňa ogul bolmaz. Git, meniň ýanyma gelme» diýer. Ejem hem özüňden kiçiniň göwnüne degmek günä diýýär.
Ilhanyň sojap-sojap aglaýşyna seretdigimçe, oňa nebsim agyrdy. Telek iş edendigime düşündim. Özümi ýigrendim.
Belki, Ilhanyň kakasy ölen däldir? Ol geler. Meniň kakama Ilhan şeý diýip aýdaýsa, nähili bolardy? Menem aglardym. Hökman aglardym. Ony urardymam. Wah, ol meni ýene kän urmalydy. Ony köşeşdiresim geldi. Ýöne nädip köşeşdirjekdigimi bilmedim.
Ilhan aglap çalmarymyza ugrady. Ol köp ýöremän yzyna öwrüldi. Ýanyma geldi-de, goltugyndan bir döwüm çörek çykardy.
– Muny saňa getirdim. Me.
– Gerek däl.
– Sen aj-a.
– Aç däl.
– Men senden gaty göremok. Al, iý.
Men bir kesemen çöregi ýaýdana-ýaýdana aldym. Şeýle bir iýesim geldi. Işdämenlik bilen iýmäge başladym.
Ilhan merthanasyna gitdi. Men uzak durup bilmän, onuň yzyndan gygyrdym:
– Ilhan, men-n... bilgeşleýin diýdim. Içiňi ýakmak üçin diýdim.
Ilhan ýalpa yzyna öwrüldi:
– Bilgeşleýin aýdaňok. Sen çynyňy aýtdyň.
– Bilgeşleýin diýdim, ynanaý!
Ilhan sojamasyny goýdy-da, ýüzüme çiňerildi. Kemşildäp durşuna, ol habara ynanjagyny-ynanmajagyny bilmedi:
– Çyndanam gelermi?
– Geler.
– Onda nä gelmez diýdiň?
– Bilgeşleýin aýtdym diýdim-ä... Indi aglama, bolýamy?
– Senem indi, onda içimi ýakjak bolup beýle melgun sözi aýtma! – diýip, Ilhan ylalaşyjylyk bilen gözüniň ýaşyny syldy. Az-kem rahatlandy. Soň maňa seredip durşuna ýylgyryp goýberdi. Ilhan begense, menem begendim. Ol maňa ýüzlendi. – Seniň näme üçin «Kakaň öldi» diýip aýdanyňy bilýän.
– Hä, näme?
– Sen meniň ejemi ýek görýäň. Şoň üçinem kakaň gelmez diýdiň. Bildimmi?
– Bildiň-laý – diýip, baş atdym. Birdenem aýdan sözüme dilimi dişledim: «Ejeňi ýigrenýän» diýsem, Ilhanyň ýene aglamagyndan gorkdum. – Ýok, ýok, men näme üçin seniň ejeňi ýek göreýin. Men-ä Annagül ejäni gowy görýän.
– Çynyňmy?
– Çypbakaý çynym.
Ilhan söýünç bilen maňa bakdy. Hyrra yzyna öwrüldi-de, ejesine tarap ýelk ýasady.
* * *
Çalmarymyza gelsem, ejemiň öňküligi ýok. Onuň başyny aşak salyp geplemän oturyşy, belki, ýaňky nahar iýeli diýenim üçindir? Ol hiç gürlänok. Ýatar ýaly düşek ýazyp berende-de geplemedi. Ol nämedir bir zada güýmenip otyr, men düşegime geçemsoň, ýerinden turdy-da, meniň üstümi ýorgan bilen ýapdy, ol meni uklandyr öýdüp, ýanymda maňa bakyp uzak oturdy. Soňam maňlaýymdan ýuwaşja ogşady. Bu maňa juda hoş ýakdy. Ejemiň boýnundan gujaklasym geldi. «Eje, men indi nahar iýjek diýip aýtman» diýesim geldi.
Ejem kakaň gelse, hemişe nahar iýeris diýýär. Dogry aýdýar. Hökman nahar iýeris. Kakam bolsa tiz geler. Men muňa begenip gözümi açdym.
– Men bilýän, kakam tiz geler. Dogrymy, eje?!
Ejem meniň oýadygyma geňirgendi. Maňlaýyma elini goýdy-da:
– Dogry, mydarym – diýdi.
– Kakamyň gelýändigini görsem, gelip hökman saňa aýdaryn. Soň kakamy garşylamaga bile çykarys.
– Çykarys, oglum.
– Eje...
– Hä?
– Kakam gelse, men onuň kemerini dakynjak. Soldat boljak, papagynam geýjek. Bolýamy?
– Bolýar, Jeýhun jan.
– Aý, ýok...
– Näme ýok? – diýip, ejem geňirgendi.
– Kakamyň papagyny Ilhana berjek. Goý, ol kakam gelmedi diýip kemsinmesin. Begensin, dogrymy, eje?!
– Dogry.
– Kakam gelse, ojagyň başynda oturyp, bileje çörek iýeris.
– Hökman.
– Eje...
– Aýdyber, mydarym.
– Sen maňa hiç gaharlanma, eje. Indi hiç wagt gaharyňy getirmerin. Nahar iýjegem diýmerin. Men seni ýagşy görýän-ä...
– Menem seni ýagşy görýän, mydarym, hany, indi ýat. Ertir ir bilen mallary örä çykarmalydyrys.
– Men ertir ir bilen turup, mallary äkiderin. Sen arkaýyn ýatyber, eje.
– Wah, men saňa döneýin, jan mydarym – diýip, ejem meni gujaklady. – Ýat, oglum, ýat. Wagt bir çen boldy.
Ejem obadan gelýärkä ýadandyr. Şoň üçinem men oňa söz goşmadym. Ol uklap dynjyny alsyn, ýöne meniň-ä uklasym gelenok. Men ýuwaşlyk bilen ejeme seretdim. Ol şindem maňa bakyp ýatyr. Ejemiň ýanymdadygyna begenýän. Ol biçak mähirli, batyr. Möjegi nätdi? Birjigem gorkmady. Taýak bilen baý urd-a. Urşa gitmän galan Juma hülgeni-de oňardy. Möjegiň gününe düşjegini aňdy ol. Ümsüm gidiberdi. Wah, şumat kakam bolaýsa... nähili bagtly bolardyk.
«Bagt» sözüni ejem köp gaýtalaýar. Ol: «Biziňem bagtymyz açylar», «Kakaň gelse, bagtly ýaşarys» diýýär. Men ejemden bagtyň nämedigini soradym. Ejem ýylgyrdy-da: «Kakaň sag-aman gelse, ikimize-de bagt şol» diýdi. Şondan bäri bagtly bolmagy – kakamyň gelmegini isleýän.
Ejem humaý diýen bir guş hakda aýdyp berdi. Onuň kölegesi kime düşse, şo adam bagtly bolýarmyş – näme islese, islegi bitýärmiş. «Uly döwlete şa bolaýyn» diýse, şa-da bolup bilýärmiş. Uçubam bilýärmiş. Meniň şa-da bolasym gelenok, uçasym-da...
Wah, maňa humaýyň kölegesi düşsedi, urşy bireýýäm gutarardym. Soňam kakamy öýe, şu ýere – goşumyza getirerdim. Başga hiç zadam islemezdim. Ýöne şo humaý görnenok-da. Men humaýy düýşümde gördüm. Ol tawus ýaly owadan guş eken. Humaý çalmarymyzyň üstünde Ilhanlara bakan geçip gitdi. Men ony giç gördüm-dä. Şonda-da onuň kölegesiniň yzyndan ýetjek bolup ylgadym. Gara dere batdym. Barybir, onuň yzyndan ýetip bilmedim. Ol çalt uçýan eken. Muňa gynanyp agladym. Aglap ýatyrkam, meni ejem oýardy. Gören düýşümi aýtsam, ol: «Yzyndan ýetip bilmäniň gowy bolupdyr. Düýş tersine bolýar. Saňa humaýyň kölegesi düşjekdir. Ynha görersiň. Hökman şeýle bolar» diýdi. Ejem bilen mal bakmaga gidenimizde köplenç beýik alaňyň üstüne çykyp oturýas. Şonda humaýyň üstümizden uçup geçerine garaşýas. Sährada her hili guş bar. Ýöne humaý ýok-da... Ho gün üstümizden bir ullakan guş uçup geçdi. Ýöne onuň nähili guşdugyny bilmedik. Belki, ol humaýdyr?!
Kakam maňa köp bagt getirmeli.
Men saz çalyp bilemok. Ony maňa gelip, kakam öwretmeli.
Iýýänimiz dişimizde gyjyrdap duran çägeli zagara. Ondanam doýa iýere zat ýok. Kakam gelse welin, beýle bolmaz. Mele-myssyk bugdaý nandan, ýaglyja, etlije nahardan tä garnymyz doýýança iýeris. Kakam bilen bazardan nogul-nabadam getireris. Günümiz gowy geçer. Ejem gaýgyly gezmez.
Kakam gelse, Juma hülgen hem yrsarap ýörmez. Hany, öňküsi ýaly gygyrybam görsün. Kakam onuň gulagyny kesip eline berer. Çopan taýagy bilenem üç-dört gezek arkasyna suňşurar welin, gaýdyp bu ýerlere gelmez. Annagül eje bilenem bellisini ederis. Kakam gelse, ol kolhozyň bize berýän azyk paýyna elini uzaltmaz. Kakam onuň göni ýüzüne aýdar. «Annagül gelin, sen biziň rysgymyza eliňi uzatma. Indi şeýdeniňi göräýmäýin» diýer. Kakam ogrulary ýigrenýärmiş.
Kakam gelse, mallary şu töwerekde bakyp, depelerde çelgi goýuşdyryp ýörmeris. Onuň bilen uzak otluk ýerlere gideris. Mallar gowuja doýarlar. Goşa dolanyp gelenimizde bolsa, öýümizden ejem ýylgyryp çykar. «Aryp gelensiňiz. Hany, içerik giriň. Men çaý demläp, üstüni basyryp goýdum. Palawam bişirdim. Bir käse çaý içýänçäňiz getirerin» diýer. Jem bolup çaý içeris. Palaw iýeris. Men kakam bilen ejemiň arasynda oturyp, arkaýyn nahar iýerin. Şonda kakam maňa ýylgyryp seredip ejeme: «Akbibi, Jeýhun janymyz-a tüýs çopan bolup gidipdir. Meniň-ä göwnüm ýetdi» diýer. Ejem begener. Meni öwer. Kakama: «Kaka, ullakan bolsam, sen ýaly çopan boljak» diýerin. Kakam razylaşar. Soň ikimiz mal bakarys. Men ulalsam, hökman bir möjek awlaryn. Onuň derisini bolsa eýlärin. Soňam ejemiň ýanyna bararyn-da: «Eje jan, şuny saňa getirdim. Hany, şunuň üstünde otur» diýerin. Ejem: «Berekella, mydarym» diýip, ony alar. Hemişe şonuň üstünde oturar. Sebäbi bu şeýle bolýan eken. Ynha, her gezek kakamyň getiren şo derisiniň üstünde oturanymda kakam ýadyma düşýär. Bilýän, meniň getiren düşekçämiň üstünde oturanda ejemem meni ýatlar.
Çölde mal bakmak gowy-laý. Çölem gowy. Çöl kitapmyş. Özem gyzykly kitapmyş. Çopanlar şo kitaby okamagy kem-kemden öwrenýärmişler. Kakam hem ony okap bilýärmiş. Haýwanlar howanyň nähili boljagyny bilýärmişler.
Ine, pyşbaga. Çöldäki iň arkaýyn, iň ýuwaş jandar. Şo-da çopanlara gyşyň nähili geljekdigini aňladyp bilýär. Ol çägä gömülip ýatýar. Diňe baharda meýdana çykýar. Howa gyzyp ugradygy ýene çägä sümülýär. Eger ol güýz aýlarynda ýokaryk çyksa, şol ýyl gyşyň ýeňil geljekdiginiň alamaty bolmaly diýip, kakam ejeme gürrüň berenmiş. Pyşbaganyň ýumurtgasy teniňdäki çişleri-de aýryp bilýärmiş.
Ejem şunuň ýaly zatlar çölde kän diýýär. Meniň has köp bilesim gelýär. Men ulalsam, şo kitaby okap bilýän çopan bolaryn. Ejem: «Çölde sölpülere ýer ýok» diýýär. Çöl kimiň-kimdigini mesaňa edýärmiş. Başyna iş düşende adam tanalýarmyş. Dogry-da. Ejem bilen Annagül eje-de çagalykdan gowy görüşýär ekenler-ä. Annagül eje urşuň açlygynyň öňünde müzzerdi. Açlyga çydap bilmän, gowy görýän adamynyň elindäki çöregine el uzatdy. Ejem: «Adamyň iki sany göwni bar – diýýär – biri adamy gowulyga ündeýär, beýlekisi akylsyzlyga. Şonuň üçin olaryň ikisi mydama dawalaşýarmyşlar. Adam bir iş etsemmikäm-etmesemmikäm diýip pikir edende, şo iki göwne sala salýar. Dawada ikisiniň haýsy ökde çyksa, adam şonuň aýdyşy boýunça hereket edýär». Eger şeýle bolsa, onda Annagül eje mydama adamy ýaramazlyga ündeýän göwnüniň aýdanyny edýär, onuň diýeninden çykanok. Şonda-da ejem Annagül ejäni gowy görýär. Ol maňa: «Çaga garaýşyň bilen bar zady bulaşdyrýaň. Annagül ejeň erbet däldir. Ynha uruş gutarar. Şonda bilersiň, sen onuň nähilidigini. Agyr günde, elbetde, adam aljyraýar. Onsoňam Annagül ejeň diňe biziň üçin şu ýerik geldi. Ýogsa obada işläberse-de boljakdy. Sen şuny-da unutma» diýýär. Annagül ejäni men, barybir, halamok. Ejemiň şo möjek öldüren gijesindäki ýaly ogurlyk edýäne gaýtawul bermegine garaşýan.
Men ýatyşyma şeýle günleri – bagtly günleri arzuw edýän. Indi garaşýan günümiz ýakynlady: uruş gutarypdyr. Kakam tiz geler. Ol häzir niredekä? Näme üçin şunça wagtlap gelmeýärkä?
Ejem umytly ýaşamaly diýýär. Umytly ýaşanda günüň tiz geçýär, göwnüňem teselli tapýar diýýär. Kakaňa garaşmasak, umyt baglamasak, günümiziň geçmegi kyn bolardy diýýär. Ynha, Annagül ejeň nähili? Adamsynyň öldi habary gelensoň, hiç zat bilen seri bolmady. Ol hemişe gaharjaň. Gününiň geçmesi görgi. Sen bolsa bir goşawuç unuň gürrüňini edýäň. Ilhan şadyýanja. Ol kakasynyň geljegine ynanýar diýýär.
Belki, meniň kakam hakda hem şeýle hat gelendir? Ejem hemişe gaýgyly: içini hümledip ýör. Ol menden gizleýändir. Ilhan ýaly gaýgysyz, şadyýanja gezsin diýýändir. Ejem näme üçin beýdýärkä? Menem Ilhan ýaly çaga hasaplaýarmyka? Men indi uly adam ahyryn. Hemme zada düşünýän. «Agyr gün çagalary ir akylly-başly etdi» diýip, ho gün ejemiň özi aýtdy ahyryn. Belki, Ilhan muny bilýän bolmaly. Ýaňy ol maňa bir zatlar aýtjak boldy. Ýöne aýtmady. Belki, ol meniň kakamyň ölendigini ejesinden eşidendir?! Kakam diri bolsa, şumada çenli gelerdi...
Kä sagyma, kä çepime öwrülip, rahat ýatyp bilmedim. Men erbet bir zadyň üstüni açan ýaly boldum. Şondanam gorkdum. Onda indi meniň kakam gelmezmikä?! Gorky bilen ýerimden galdym.
– Ýat, mydarym.
– Eje...
– Ýat ahyryn.
– Ýatasym gelenok.
– Näme üçin?
– Meni aldaýaň...
– Näme diýip?
– Kakaň geler diýip, özüň aýtdyň-a.
– Näme, ejeň aldaýandyr öýdýäňmi?
– Eje, çynyňy aýdaý-da! Men indi çaga däl-ä. Özüň aýtdyň-a: «Sen indi ullakan adam» diýip. Aýdaý-da, jan eje. Aglasam sen üns berme. Aňryňa öwrülip aýdaý. Ýöne çynyňy aýt. Men sessiz aglaryn, eje. Saňa eşitdirmän aglaryn...
– Näme, meniň seni aldan gezegim barmy? – diýip, ejem gaharly sorady. – Hany, ýat!
* * *
Ertir ir bilen mallary örä çykardyk. Olar mä-de-mä bolşup, öňe okduryldy. Ejem hiç mahal mallary howlukdyrmaly däl diýýär. Mallar erkana gezenlerinde tiz semreýärmişler. Şonuň üçin menem mallary hiç howlukdyramok.
Sürimiz akja tozan turzup, gaýralygyna ugrady. Olar ýöräp baryşlaryna howlukmaçlyk bilen gök öwsüp duran otlary çürtýärdiler. Ejem ikimiz bolsa, olaryň yzyna düşüp barýarys.
Annagül eje-de mallaryny çykardy. Onuň bu günki bolşy üýtgeşik. Ol mallaryna gygyryp duranok. Öň-ä onuň sesi uzakdanam eşidilýärdi. Ol mallaryny agylyndan çykaransoň, bize tarap gaýtdy. Muny gören ejem saklandy. Onuň gelerine garaşdy. Annagül eje ejem bilen hoşamaý salamlaşdy. Soňam bu ýere gelmeginiň sebäbini aýtdy.
– Akbibi, meniňkä boljak däl...
– Hä, eýgilikmi?
– Dünýä gapyşan ýaly bolup dur. Günüm hiç geçenok. Uzynly günümi aglap geçirýän. Muny Ilhana duýdurmajak bolýan...
– Belki...
– Göwünlik berjek bolma, Akbibi. Men çaga däl ahyryn. Uruş pidasyz bolmaýar. Men baryna düşünýän. Şu güne çenli garaşyp, onuň öňki bakan sürüsini bakdym. Ýadyňdamy, iki goşuň arasynda toý toýlamagy arzuw edipdik. Bolmady. Gelmejegini aňýan indi. Oba gaýdaýmasam, sabyr käsäm püre-pür boldy. Nähili-de bolsa, obada günüň geçmegi kyn bolmaz. Adam kän. Men gaýdaýyn, Akbibi. Geçen günlerde göwnüňe degen bolsam, men natuwanyň günäsini öt – diýip, Annagül eje ejemi gujaklap, zaryn aglady. Ejem ony köşeşdirmäge çalyşdy.
– Aýyp bor, Annagül.
– Akbibi, mallara başga çopan gelýänçä özüň eýelik et. Men oba baranymdan başlyga duşup, sürä çopan iberderin.
Annagül ejä ýüregim gyýyldy. Näme üçindir, ony öňkim ýaly ýigrenip bilmedim. Olaryň gitjekdiklerine nebsim agyrdy. Nähili hem bolsa olaryň gitmezligini isledim... Asmanda humaý guşuň görünmegini, onuň Annagül ejä ýüregi awap, üstümize kölegesini düşürerini isledim. Ýöne näçe seretsemem, humaý gelmedi...
Dilini sallap rahat duran Boýnak birden tebil tapdy: del ys aldymy-nämemi, oba bakan bakyp üýrmäge başlady. Biz Boýnagyň üýrýän tarapyna seretdik.
– Obadan adam gelýän ýaly-la – diýip, Annagül eje bize ýüzlendi.
Seretsek, hiç zat görünmedi. Men alaňa tarap ylgadym. Bar güýjümi jemläp, çaltrak çykmaga howlukdym. Derrew alaňa çykyp, oba gidýän ýola seretdim. Dogrudanam, bize bakan bir soldat gelýärdi. Men ony görüp, bökjekläp, sesimiň ýetdiginden gygyrdym.
–Eje-e, eje-e, kakam!.. Eje, jan, kakam gelýä. Kaka-a, kaka-a!
Ejem bilen bagtymyza – çöregiň bolçulygyna, şatlykly günümize tarap ylgadyk. Men öňde, ejem yzda. Ok ýaly ylgap barşyma: «Kaka, kaka jan! Bu men ogluň, Jeýhun...» diýip, gygyrdym.
Çölde meniň köpden bäri küýsäp ýören sesim ýaňlanyp gitdi:
– Jeýhun ja-an!.. Oglum-m!..
Osman Öde.
Powestler