07:34 Içi boş yrzalaşma | |
IÇI BOŞ YRZALAŞMA
Publisistika
Meseleleri diñe respublikan öwrülişiklere garşy gitmek däldi. Kemalizmiñ halkçy, nasionalistik, rewolýusion häsiýetli doly garaşsyzlyk prinsiplerini çagşatmak isleýän Günbataryñ orbitasyna girmekdi! Kommunizme garşy göreş kružoklary munuñ simwoly boldy. Milli Howpsuzlyk gullugynyñ başlygynyñ orunbasary Fuat Dogu, Din işleri ministriniñ orunbasary Ýaşar Tunagür we Fethullah Gülen ýaly "gladioçy" apparatlar şol planyñ ýerine ýetirijileri boldy. "Sowuk uruş dinini" döretdiler! Ýeke-täk maksatlary bardy: "dinsiz çepçilere" garşy jihat etmek! Şuña meñzeşini Watikanyñ eli bilen ýer ýüzüne-de etdiler! - Ilkinji musulmanlar ýaly ilkinji hristianlaram rewolýusionerdi. Wagtyñ geçmegi bilen hristianlyk döwlet tarapyndan basylyp alyndy we agalyk ediji güýçleriñ garyplary ezme guralyna öwrüldi. Din alymy, ruhany Tomas Mýunser ýalу daýhan gozgalañlarynyñ serdarlaryndan hristian anarhist Wilgelm Weitlinge çenli birnäçe akyldarlar, rewolýusionerler dini direltmek üçin göreşdiler. Muña Rim papasy Leo XIII ýalylar garşy çykdy. "Garyplaryñ baýlara imrinmegini bulaşdyran sosialistler hususy eýeçiligi ýok etmäge synanyşýar". Watikan şu pikirde bolansoñ, Rim papasy Piý XII ýalylar Gitlerdir Mussolinini goldady. Nasistik konslagerlere sesini çykarmady... * * * 'Sowuk uruşyñ" oýnatgy dini guramalarynyñ pyrryldaklaryny bozýanlaram ýoksuz däl. Latyn Amerikasynda 60-njy ýyllarda ýüze çykan "Halas boluş teoriýasy" garyplyga we sosial deñsizlige garşy göreşmegi esas edip aldy. Çep ganatyñ we hristianlaryñ özlerine degişli jemgyýetçilik gymmatlyklarynyñ we talaplarynyñ umumy akymda jemlenmegi bilen emele gelen "Halas boluş teoriýasy" iki topary umumy bähbitde tapyşdyrdy. Bu nädip beýle boldy? Şeýle: ABŞ öz "mellegi" saýýan Latyn Amerikasynda "Sowuk uruşyñ" başky ýyllarynda birnäçe harby döwlet agdarylyşygyny geçirdi. Döwlet agdarlyşyklaryna kimler goldaw berse, kimler garşy çykdy. Ine, şol wagtam çepçileriñ we käbir buthanalaryñ arasynda ýakynlaşmalar bolup geçdi. Özem... Kuba rewolýusiýasy Latyn Amerikasynda "Halas boluş teoriýasyny" ulaltdy. Şunuñ bilen baglanyşykly bir goşmaça maglumat bereýin: Fidel Kastro dine garşy barlyşyksyz göreşiñ ýerine giñ gözýetimli garaýyşa eýedi. Hatda ol Türkiýä gelende Gawanada ruhanylar bilen ýygy-ýygydan duşuşyp nahar iýişýändigini aýtdy we şeýle diýdi: "Injili okadym, ondan gaty köp sapak aldym. Hristian taglymaty bilen marksistik taglymatyñ arasyndan kän ýakynlaryñ bardygyna göz ýetirdim". Fidel Kastronyñ ýakyn dosty braziliýaly ruhany Freý Betto ýazan "Fidel we din" kitabynda Kuba döwletiniñ adamlaryñ dini däp-dessurlary berjaý etmegine mümkinçilikler döredýändigini we miny halkyñ medeni baýlygy hasaplaýandygyny aýdýar... Diñe Kuba däl: * * * Nikaraguadaky rewolýusioner sandinistleriñ arasynda ruhanylaram bardy. Meselem, rewolýusiýadan soñ Ernesto Kardenal 1979-njy ýyldan 1987-nji ýyla çenli Medeniýet ministri bolup işledi. Megerem, şoñ üçin Rim papasy Pawel II tarapyndan aforoz edildi! Lawiniýa ata sandinistlere nämüçin goldaw berýändigini şeýle düşündirdi: - Katolik buthanasyna ynanjym we agzalygym meni FSLN-niñ (Sandinist halk-azat edijilik fronty) hatarynda rewolýusion göreşe goşulmaga borçly edýär. Çünki ezilen halkyñ halas boluşy Isanyñ üsti bilen uçdantutma halas boluşyñ aýrylmaz bölegidir. Meniñ bu göreşe aktiw gatnaşygym ezilenler we olaryñ azatlygy üçin söweşýänler bilen hristian raýdaşlygynyñ alamatydyr". Şeýle ruhanylar gaty köp. Meselem, peruly iezuit ruhany Gustaw Guterriş dini garyplara rehim etmegiñ we merhemetiñ elementi däl-de, tersine öz azatlyklarynyñ elementi hökmünde gördi... Teolog Klowis Boff Watikanyñ imperializm bilen hyzmatdaşlygyna garşy marksizmiñ we hristianlygyñ sintezini etdi... Halas boluş teologiýasyny oñlan Žan Bertrand Aristid ata Gaitide halk köpçüliginiñ ses bermeginde döwlet ýolbaşçylygyna saýlandy. MRU (CIA) şobada döwlet agdarlyşygyny gurady. Jemläp aýdanymda: Ýurdumyzda-da "Sowuk uruş dinine" garşy rewolýusuon yslama ýapyşmak elzem. Ýogsam bolmasa... Içi boş yrzalaşma diñe ýüzleý populist syýasatçylyk satmakdyr! Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 10.05.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |