IKI IKIM DÖRT
Kyn, güzaply kysmatlaryň ýalançylygy birmahal ykrar edilen dünýäde doýdum-doldumy, sany-sajagy ýok. Dünýäniň ýalançydygyndan, ýalançynyň hem dünýädiginden göwün çoty çykmaýan Sona üçin iň kyn, iň güzaply kysmat irikgä bolup garaşmak. Garaşmagam Gündogdynyň familiýasyna geçeli bäri onuň aýrylmaz jorasyna öwrüläýdi: adamsy soňky bäş-alty aý bäri, gün bilen bassaşlyk edýän ýaly, oturylyşyga gitse, daňy atyrman gara bermejek bolýar. Allatagala pisi pis, sagy sag bilen duşurýar. Gündogdynyň meslekdeşlerem biriniňkä saý-sebäp bilen bir çöküp bilseler, düşeklerini ýumşatman gaýtmalydyr öýdenoklar. Ýöne ol meslekdeşleriň – Jumanyň, Allamyradyň, Nurynyň, Sonanyň pikiri bilen aýdylanda, Gündogdydan göze kemsiz görnüp duran artykmaçlyklary bäş-alty adamyň barmagyny büküp gutarar ýaly däl, kän. Şol kän artykmaçlyklaryň iň esasysy olar – Gündogdynyň meslekdeşleri jaýlaryny ulugyz ýaly bezediler. Ýogsam olaryň üçüsem «Ata bizar, ene bizar» atlandyrylýan täze obadan Gündogdylardan bir-iki aý soň mellek alypdylar...
Köne döwürdäki ýaly, ata-ene aýagyny duşaklan ogluny ýanynda uzak saklajak bolanok. Oňuşmak görgi. Gündogdynyň ata-enesem bir burny sümüklije agtyga ýüzleri düşenden soň, towşanyň üç günden soň çagasyny kowýandygyny, ryskyny aýyrýandygyny ogly bilen gelnine gelşiklije edip ýatlatdylar. «Ata bizar, ene bizar» obasyndan mellek alyp berdiler. Şondan soň Gündogdylar kileň ata-enesi kowan ýaşlaryň obasyna uly ýüküni arlyk edinip, göçüp gelipdiler. Ondan bärem täze ýurtda iki burny sümükli dünýä indi. Geçen dört ýylyň içinde üstüne şifer atylan üç otagly jaýyň kemi-kösti eliňi uran ýeriňden goşalanyp çykyp dur.
«Ata bizar, ene bizar» obasynda kimiň çaman, kimiň ýüwrükdigi telewizordaky ýaly görünýär. Gündogdylar bilen deň göçüp gelenleriň içinde jaýlaryny bitirenleriň kändigi, isleseler, karz pul bermäge ýagdaýlarynyň ýetjekdigi, ýöne özleriniň üç otagly jaýyň diňe bir otagyny çala suwap şonda kepderimydar edýändikleri Sonanyň janyny ojar deýin ýakýar. Onsoň Sona sähelçe maý tapdygy nalyşyny Gündogdynyň üstünden eňtermäge başlaýar. Gündogdam Sonanyň neşterli iňirdilerinden sypjak bolup jaýyny bitirip bilmän käbir kösenişip ýörenleri dabara bilen sanap ugraýar, şeýdibem, täze obada özüniň iň soňky adam däldigini tekrarlaýar. Ýöne, dogrusyny aýtsaň, Sonanyň ortagürp maşgala bolasy gelenok, deňi-duşlaryndan, goňşy-golamlaryndan ep-eslije saýlanasy gelýär.
Gündogdy şäherde şofýor bolup işlänsoň, gazanjy obada biriniňkiden ýeke manat kem däl. Hökümet maşyny maşgala üçin üç-dört süýtli sygryň barlygy bilen deň diýip gürrüň edýärler. Işiň gapdalyndan «lewajyk» juda bir gün aşman düşüp dur. Şeýle bolansoň, Gündogdy bilen şähere gatnap işleýänleriň öýleri obanyň içinde bes-belli. Ýöne Gündogdy olar ýaly lomaý gazanyberenok. Onuň perwaýsyzlygyna, gazanç etjek bolup hars urmaýşyna illeriň äriniň gazanyşyny bilip-görüp durka Sonanyň jany ýanmazmy?! Ol nädende gazanjyň köp boljakdygyny adamsyna dürli görnüşde, dürli äheňde düşündirme kemini goýanok. Geleňsiz äre duşanyň ömri gara köýük bolarmyş.
Bir görseň, Gündogdy juda bir geleňsizem, edenini bilmän ýörenlerdenem däl ýaly... Äri öz ýoluňa salmak üçin psihologiýa, logika, edep hakdaky küt-küt kitaplaryň gara şaýa-da geçenok. Bu babatda aýallaryň entek alymyň-da ýazmadyk, ýazyp-da bilmejek «kitaplary» bar. Ýöne şonda-da olara hiç aňsat däl. Sona-da aňsat däl...
Dogrusy, Sona erkek kişileri jylawsyz bedew hasaplaýar. Jylawyndan aýallary çekip durmasa, olaryň nirelerden çykjagyny alla bilsin. Gündogdy Sona «Jylawymdan çeke-çeke saňsar etdiň» diýip igenýär. Köp çekilenok-la. Köp çekilýän bolsa ilkagşamky gidişinden ýarygijä çenli biriniňkide oturmazdy. Näme gürrüňi bolsa aýaly bilen etsin. Sona hiç bir gürrüňdeşden kem däl. Hakyky gümür-ýamyr etjek öýündekä başga bir ýere gitjek bolmagyň näme zerurlygy bar? Gije çenli oturýan myhmanlar öý bikesiniň ýekinde ýigrenýäni bolmaly. Köp zady bilýän erkek kişiler, ine, şuňa düşünmeýärler. Gündogdy hem bu mahal Allamyradyň aýaly Tagangülüň kemsiz gargynjyna galyp oturandyr.
Ine, Sona gelniň Gündogdynyň işden gelip, «Allamyratlarda oglanlar bilen gümür-ýamyr edip gaýtjak» diýip, Juma bilen şol çykyp gideninden bäri öz ýanyndan ärine müň bir gezek igenip, sary-sadylla bolup oturyşy.
Adamsy wagtynda gelmese, Sonanyň ýatyp ukusy tutanok. Gündogdy «Sona, sen arkaýyn ýatyber» diýýär. Näme üçin beýle gijä galdyka diýen howatyrlanma beýniňe neşter bolup sanjylyp uky berýärmi näme!
* * *
Hasabyna jür wagt howlukman-telesmän gijeligiň içini dilip, ýagtylyga çykjak bolup ümsümlik bilen müňzäp ýör. Wagt ümsüm geçse-de, Sonanyň zenan kalbynda apy-tupan gopýar. Sona Allamyratlarda düşegi ýumşan äriniň ýoluna bäş-alty gezek daşary çykyp garady.
«Peýdaly iş bolsa-ha beýle güýmenmezdiň. Peýdasyz işiň beýle özüne çekijiligini görsene! «Arada uly ogly Merdan oýna gyzygyp öýe giç gelende Gündogdy gahardan ýaňa sandyrap, ony tas iýipdi. Özi çagasyndan on beter..»
Sona her sapar daş çykyp, Allamyratlara bakan seredip, esli durdy. Ýok, bu mahal «Ata bizar, ene bizar» obasynda ýatmadyk birki sany gylyksyz it bilen Sona...
– Arassa howadan dem alýaňmy?
Ine, ukusyzlykdan ýaňa gözleri towşanyň gözlerine dönen Gündogdy zoraýakdan ýylgyrjaklap dur. Ýylgyrjaklamasy düşnükli: gijä galyp gelenini ýuwmarlajak bolýar. Oňa Sona näme diýsin?! Wah, Sonanyň diýjek zatlary kän-le, ýöne ol ýuka dodagyny dişledi, soňam dişinden syzdyryp gürledi:
– Ärime gapyny açyp beräýeýin diýip daş çykdym.
– Wah, azara galmaly däl ekeniň-dä.
– Gapyny özüňe açdyryp bolmaz. Öňem ýoluňa garaý-garaý nä günlükde getirdim seni. Sag-aman gelen ýeriň bolýar. Hudaýa şükür, öýüň ýadyňa düşäýipdir. Saglyk-amanlyk ekenlermi?
– Tagangül-ä: «Sonany getirmeli ekeniň» diýdi. «Süýji dilli aýalyňyz bar» diýip, ol-a seni öwmek öwdi.
Adamsynyň arkaýyn gep urşuna Sonanyň jany ýandy:
– Men-ä gaty begendim, bu gezek gün dogmanka geläýdiň.
– Gündogdy gelensoň, gün hökman dogmaly bolar.
Sona saklanyp bilmedi:
– Utanman gürlänem bolýar. Men ýoluňa garap otyryn. – Ol tasanjyrap içeri girdi, adamsyna ýüz bermezligi, üç-dört günläp onuň bilen gürleşmezligi ýüregine düwdi.
Gündogdy näme üçindir, içeri giribermedi.
Ýerine geçen Sona adamsynyň gelerine garaşdy. Dym-dyrslyk. «Allajanlarym, ýene biriniňkä ötägitdimikä?»
Sona ýatyp ynjalyp bilmedi. Bilesigelijilik ony ýyljajyk ýorgandan çykardy. Ilki penjireden seretdi. Görünýän zat ýok.
Daş çykan Sona gözlerine nädip ynanjagyny bilmedi: Gündogdy garabaşyna gaý bolup, otaglaryň birine suwag etmek üçin palçyk taýýarlap ýör.
Gündogdy özüne tiňkesini dikip duran aýalyna ünsem bermedi. Sementli çägäniň üstüne birki bedre suw guýup, garmak bilen boldy.
– Ne hyýala mündüň?
– Adamyň erbet zada-da, hyýala-da münmez.
– Ýarygije nämejik etsem diýýäň?
– Bilmez öýdüp soraýaňmy?
– Otuz ýyllap gaçyp kösän akylyň ýarygije gelşine geň galyp soraýan. Bilýän, sen Allamyratlarda akylyňa aýlanyp, oturylyşykda geçiren boş wagtyň öwezini doljak bolýansyň.
Gündogdy gaharyny saklap bilmedi:
– Allatagala iň uly arzuwyň näme, şu dünýäde ýeke-täk gerek zadyňy aýt diýse «Alla jan, aýalymyň dilini bir elime ber» diýerdim. Edäýjegim bar-la. – Gündogdy gygyny pürkesi gelip duran Sonanyň ýüzüne seretmän gürledi. Soňam elindäki bedresini ýerde goýup, Sonanyň alkymyna dykylyp geldi. – Seniň ýaly akylly gelin dünýäde barmyka?
– Bolsa nätjek?
– Hiç zadam etjek däl. Men saňa gowy diýjek bolýan. Bilýäňmi näme, sen bardajyk ýassygyň üstüne meniň hem ýassygymy goýup Buhara gidip gel. Gelýänçäň men birazajyk işläýin. Şumat hiç ukym tutanok. Ýogsam aýalyňy Buhara ýeke ibermeli däldigini bilýärin.
– Men sensiz gitmen.
– Arkaýyn git, çynym. Maňa mydama iňirdäp ýörsüň. Goňşularymyz jaýyny bitirdi, biziňki galdy diýip. Seni iňirdäriňe bahana tapman köseneriň ýaly etjek. Goý, bahana tapman jebir çek.
– Dört ýyllap etmedigiňi gün dogýança edäýerin öýdýäňmi?
– Dört ýyllap elimi arkama tutup gezmedim. Ine, kaşaň jaý gurdum. Elbetde... – Gündogdy joşgunly gürledi. – Bejermeli, düzetmeli ýerleri kän. Men goňşularym ýaly, öýde günlükçi işletjek däl. Öýüň ähli işini şu babyr ellerim bilen elin bitirjek. Günlükçä berjek puluma bolsa, saňa on sany pombarh, şipilke köwüş alyp berjek.
– Boldy, boldy, başga zat gerek däl..
* * *
Gündogdy günortan oýandy. Görmediksiräp oturan aýalynyň ýüzünden many okajak bolýan deýin, çiňerilip-çiňerilip seretdi.
– Hiç hili kemçilik ýokmy?
– Bizde-hä onuň ýaly zat ýok. – Sona adamsyna seretjegem bolmady. – Onsoňam on pombarhtly, şipilke köwüşli Sonanyň kemçiligi bolarmy?
– Äl, Sona, maňa edil sakyrtga ýaly ýapyşýaň-aý. Basyp bilmeýän ýok, ýok, basyp bilýän ýowuz ýagyň diňe men. Saňa hiç zat edemog-a.
– Wah, hiç zat etmän janymy ýakýaň-da! Bir işler etseň bolmajakmy!
– Är diýen keçe telpekliniňkiden kyny ýok. Aýal atly mydy-mydy sülçiniň mydama baş günäkäri bolaýýaň. Bir zat etseňem, etmeseňem, aýalyň senden ýaňa içi burugsap dur. Bä, aýallaryň içini ýanmaz ýaly edip bolmazmykan-aý? – Gündogdy aýbogdaşyny gurup oturyşyna gerinjiredi. – Öz-ä oýlanmaly. Oýlansam ahyr bilerin, ýöne soň giç bolarmyka öýdýän.
– Oýlanjak bolsaň, ile nädip meňzäp bolarka diýip oýlan.
– Ile meňzemän, köçeden ýalaňaç geçdimmi?
– Özüň bolmasaňam, öýüň ýalaňaç.
– Saňa bir soragym bar.
– Sorag?..
– Hawa, sorag. Dünýäde iň gowy zadyň nämedigini bilýäňmi?
– Bu näme diýdigiň boldy?
– Biljek bolýan. Elbetde, dünýädäki iň gowy zadyň nämedigini bilmejegiňi aňýan. Şoň üçin soragyma özüm jogap bereýin. Aýalyň dilinden aslyşyp durmasa, dünýädäki iň gowy zat, ana, şol.
– Onda menem saňa aýal üçin dünýädäki iň gowy zadyň nämedigini aýdyp bereýin.
– Näme etjek aýtjak bolup? Gerek däl-le. – Aýalynyň gowy söz aýtmajagyny aňan Gündogdy sesine birneme agram saldy. – Meniň bilen sorag-jogap alyşjak bolup durma-da, öz işiň bilen bol. Be, iş tapmasa, meniň üstüme Žukow ýaly sürüniberýär. Illeriň aýallarynam görüp ýörüs. Äriniň diline dawa edýäni ýok.
– Illeriň äri haçan daň atarka diýip biriniňkide oturanok, hojalygynyň sepini düzetjek, birini iki etjek bolup ylgaýar. Sen ähli kişiniň garşysyna. Öýüň ýatan çöpünem minnetlije galdyrýaň.
– Eý, Alla jan, şu gezek meni şu depäme çykaran Ezraýylyňdan aman sypdyr, soň günümi görjek bolaryn.
– Senden soň mellek alanlaram jaýlaryny gül ýaly etdiler. Biz bolsa bir otagymyzam oňly oňaryp bilmän ýörüs. Dogan-garyndaşlarymyza-da «Jaýly bolduk, çaý içip gidiň» diýer ýaly däl.
– Sona jan, öňünden aýtsana, şu başlan leksiýaň näçe sagatlyk? Men şoňa görä boljak.
– Ýatyber onda.
Gündogdy ýatmady, turdy. El-ýüzüni ýuwman suwaga başlady. Sona adamsynyň çaý-suwsuz suwaga başlamasyny geňledi:
– Saňa haýsy döw çaldy?
– Sona döwden başga haýsy döw çalmaga milt edip biler?
– Turan wagtym ertir bolýandyr öýtme, gün günorta boldy. Çaý-çörek edin.
– Ýaňky gep-gürrüňlerden soň, bokurdak äpet demir turbadan bolsa-da içinden zat geçer öýdemok. Iýip-içiljek zatlary zäher etdiň-ä. Ras närazy bolsaň, hiç zat iýjegem, içjegem däl.
– Çykaran öňki hokgalaryňy az görýäňmi?
– Iňirdemäňi goýýançaň aç gezjek. Bir gün, bäş gün, on gün... Meniň üçin tapawudy ýok. Erre ýaly diliňi beýnimden aýyrýançaň aç gezjek.
Gündogdy, dogrudanam, ne nahar iýdi, ne-de çaý içdi. Gün öýläne sanýança suwag etdi. Tüweleme, başlan otagynyň iki diwaryny suwap gutardy.
Adamsynyň ajöze özüne kast edip işlemesine Sonanyň nebsi agyrdy. Wah, aýal adamsy horlansa saklanyp-dözüp bilýärmi näme!
– Gündogdy, göz-dil degäýmesin, indi boldy edäý işiňi. Birazajyk garban, men nahar bişirdim.
– Ygtyýaryma doly geçeniňden soň, maňa ynanmaňy goýduň-aý sen, Sona. Gyz wagtyň-a maňa hem Hudaýa ynanýardyň. Indi men bir zat diýsem, ýalandyr öýdýäň. Men saňa hiç zat iýjek däl diýdim-ä. Açlyk yglan etdim, özem saňa protest hökmünde.
– Men-ä saňa düşünýän däldirin. Geçen aý daňdana çenli oturylyşykda bolup, iki günläp öýden çykmandyň. Hiç zat iýip-içmändiň. Ýene şeýtjek bolýaňmy?
– Sen Türkmenistan ýaly giň, meniň açlygymy-zadyma hiç üns berme.
– Beýdip özüňe kast edip işleseň, üns bermän bolarmy? Maýrylyp galarsyň. Sen dogrujaňdan gel-de, näme üçin aç işleýändigiň sebäpjigini maňa düşündir. Eger meniň hälki sözüm üçin şeýdip aç işleýän bolsaň, onda çökder ýalňyşýaň. Meniň saňa jinnek ýalagam ýamanlygym ýok. – Sonanyň sesi pessaý çykdy. – Juda bir öýkeläbem duramok. Indi gijä galmasaň bolýar.
Gündogdy aýalynyň ýuwaşamasyna üns bermedi:
– Meniň şu suwan ýerlerimi görýäňmi?
– Görüp durkam, soramaň näme?
– Şunça ýeri günlükçä suwadan bolsak, näçe manat alardy? Aýt. Olar her kwadrat metre pul alýarlar. Näçe alandyklaryny bilýäňmi?
– Nireden bileýin.
– Juma dagy günlükçä suwatdylar. Ondan dünýäniň puluny alypdyrlar. Bilýäňmi şony?
– Haýsy dünýäniň puluny alanam bolsalar, olar Jumalaryň jaýynyň kemini goýman bejerdiler. Biz ýaly, dünýä pulsuz galaýmasyn diýip, günlükçiden gaçmadylar.
Aýalynyň gürrüňine Gündogdynyň girre gahary geldi.
– Jumanyňky ýaly edip jaý guranymdan, towukketekde ýaşanym gowy. Adyny tutma şonuň.
* * *
Adamsynyň ýegre dosty Jumanyň adyny tutup birden gyzmasynyň, üstüne gygyrmasynyň sebäbini Sona näçe oýlansa-da teý bilmedi. Ýöne şol gürrüňden soň, är-aýal biri-birine ýagşydan-ýamandan hiç zat diýmediler.
Gündogdy içini hümledip işe gitdi, içini hümledip işden geldi. Çagalary bilenem gepleşjek bolmady. Öňki iýýän owkadynyň ýarysynam iýmän, suwaga başlady. Bir otagyň içini suwap gutaryp, aýlawda aty çykan dek boldy. Bir hepdä çeken dymyşlykdan soň aýalyna habar gatdy:
– Sona gelin, hany, suwag edişimi hormatly kabul ediş komissiýaňdan geçir. Kem tapyp bilmän kösenişiňe seredip, bir hezil edeýin.
– Indi etjek işimi bilýän men.
– Aýdyp bilmezmiň?
– Bilerin. Galan otagy bitirmegiň üçin ýene bir gezek seni zorlabam bolsa daňdana çenli oturylyşyga iberjek, ýalbarmalam bolsa men taýyn.
– Men hojalyga zyýan getirmeýän. Dogrumy? Aýt, aýt, dogrumy?
– Dogry.
– Günlükçiler şu otag üçin näçe manat sorardylar? Bäş-alty müň manad-a bermeli bolardyň.
– Goýsana, bir otaga-da onça pul berip bolarmy?
– Iki müň-ä gürrüňsiz alarlar.
– Eden işiň üçin menden pul sorajak bolýaňmy?
– Sendenem, heý, pul sorap bolarmy? Äriňe, onuň hemme işi başarýan ellerine, päk ýüregine guwansaň bolany.
Gündogdynyň göni bir hepdä çeken tutuklygy aýryldy, ýylgyrjaklady. Dili gijäp ugrady.
– Sona keýwany, meniň ökdeligime mynasyp bahaňy bersene. Sen, aýt, meniň, heý başarmaýan zadym barmyka? Meniň-ä hiç ýadyma düşenok. Belki, seniň ýadyňa düşýändir?
– Indiden soň bolaýmasa.
– Indiden soň bolmaz enşallasa. Hany, togsan bäşlikden çaý demle.
Aýalynyň yhlas bilen demlän çaýy Gündogdynyň açylasy gelip duran keýpini çyl-para etdi goýberdi. Keýpiniň çaglygy, işiniň ýoklugy Gündogdynyň sarç böwründen dürtüp ugrady. Ol boşan çäýnegi gapdala süýşürdi-de, hasanaklap ýerinden turdy. Bir süňkde tozan basyp ýatan şaşkany aýalynyň öňünde goýdy.
– Munyň näme?
– Bumy? Orslar-a muňa şaşka diýen bolýar. Onsoň türkmenlerem beýik ors halkynyň sözüni iki çykarmajak bolup şaşka diýen bolup ýör.
– Näme üçin öňümde goýduň diýýän.
Gündogdy şaşkany düzüp ugrady:
– Aklar seniňki bolsun.
– Oýnar öýdýäňmi?
– Aklary berýän-ä.
– Sen maňa aklary berme-de, pul ber. Öýde nahar ederlik ýekeje düýp sogan ýok, kartoşka ýok.
– Saklan, ýogsam köp zady köpeldýäň. Eliňe düşse, köp zadam gutaraýýan ekeniň-ow.
– Gynanma, puluň bolsa larýokda kän. Kyn görseň, men kyn göremok, getirjek.
– Pul ber diýjek bolýaňmy? – Gündogdynyň bady gaçdy. Elini jübüsine sokdy. Pullaryň şykyrdysy eşidildi. Ýöne pullar jübüden çykmady. – Puldan oýun bolmaz. Näme diýsene, Sona, biziň on alty sotuk ýerimiz bar. Sogan bilen kartoşkany mellegimize ekeli.
– Müň bahananyň başyny hum ýaly çişir, ýöne sogan bilen kartoşka alaly diýäýme.
– Ýene Türkmenistan ýaly giň bolsana. Hemme zadyň bir hasaby bolar. Isleseň, iki çöpümi aýryp oýnaýyn. Ine, görýäňmi, ikisini aýryp oýnaýan. Seniň çöpleriňem düzüp bereýin. Allatagala meni Sona gelniň hyzmatyny et, gije-gündiz iňirdisini diňle diýip dünýä inderdi. Ýazgydymdan gaçmakçy däl, näçe ýyl bolsa-da çydaryn. Bilýäňmi, köne döwürde patyşalaryň aýallaram küşt-püşt oýnaýan ekenler. Ýöne olaryň aýallary çöplerini özleri düzer eken.
Oýnamasa adamsynyň goýmajakdygyna göz ýetiren Sona birinji göçümini etdi.
– Be, birinji göçüminden beýik utulyşyň ýakymsyz ysy gelýär – diýip, Gündogdy keýpiniň çaglygyndan ýaňa ýaz deýin açyldy. – Isleseň göçümiňi yzyna alaý.
– Maňa psihiki göçüm etme-de, oýnaber.
– Psihiki hüjüm diýdiňmi? Sende-de gep kän. Ýöne men saňa öňünden aýdaýyn. Seni şu oýunda sartellije utaýynmy ýa-da sartelsiz? Men senden öňünden zakaz kabul etjek. Näçe sartel gerek bolsa öňräjiginden aýt, soňundan kynrak bolýar.
– Zakazym – geplemezligiň.
– Seni utmaga dözer ýalam däl.
Gündogdynyň döwi ökde geldi: utdy. Şaşkany ýene düzüp ugrady.
– Indi oýnajak däl.
– Üç çöpümi aýyrýan, özem ýene aklary berýän.
Sona ikinji döwde-de utuldy, şaşkanyň tagtasyny gapdala aýyrdy.
– Sen meniň nerwimi mydama kart ýaly oýnap ýörsüň? – diýip, Gündogdy jübüsinden kart çykardy. – Şu öýde meniňem oýnap utýan zadym bolsun-a.
– Indi meniň bilen kart oýnajak bolýaňmy?
– Oýnaýanlaryň birem – ynanaý maňa – senden ökde ýa akylly däl.
Daşardan eşidilen sese är-aýal diňşirgendi:
– Gündogdy, aý, Gündogdy!..
Gündogdy kartany derrew jübüsine saldy. Juma içeri boýnuny uzatdy:
– Gündogdy, žiwoýmyň? Gürleňgüjüge döndüň-le?
– Adam öýdeçerräk bolsa peýdaly diýip bir galyň kitapda ýazypdyrlar. Hojalygyň aladasy aýalyň iňirdisindenem kän. Öýden çykara iş bilen sypynybam bolanok. Işden geldigim öýüň ol-bul işlerini edişdirýän. – Gündogdy gürrüňini aýalyna tassyklatmakçy bolýan ýaly, Sonanyň ýüzüne äňetdi. Sonadan tamasy çykmady.
– Şaşka oýnaýaňyzmy?
– Çagalar bilen şaşka oýnar ýaly däl. Utýarlar. Juma, gel, aýakgapjagazyňy goýup. Sona bir käse ajyja çap berjek diýýär.
– Bu gün jemlenişýän günümiz. Ýadyňdan çykaran dälsiň? Ýa öňki günüňe düşmejek bolup gorkup, ýatyrmyň?
– Men diňe Hudaýdan gorkýan.
– Onda gideli-dä. Allamyrat bilen Nuram «Gündogdyny hökman alyp gel» diýip özelenip galdylar. Sen bolmasaň, oturylyşygyň gyzygy ýok. Bu gün agşam öňki ýaly güne düşürmejek bolarys.
– Öň nähili güne düşdi ol? – diýip, Sona bilesigelijiligini saklap bilmedi.
– Wiý, ony saňa aýdanogammy entek?
Gündogdy laňňa ýerinden galdy;
– Juma! Bes etseň nähili bolarka? Men-ä gowy bolarmyka diýýän. Ýa sen bolar-bolgusyz gürrüňler bilen ýürek çişirmekden lezzet alýaňmy?
– Nämä gyzarylýaň? Entek meniň aýdan zadym ýog-a! – Gündogdynyň gahardan ýaňa saňňyldap durşuny gören Juma gürrüňiniň hörpüni üýtgetdi. – Gündogdy birden-birden gyzybermäň bar-aý seniň. Degişmänem ýükdür öýdüp, götermejek bolup dursuň.
* * *
– Oho-ho, Gündogdy jan diýen hossarymyz geldi, arkadagymyz geldi. Hany, Allamyrat, jübüsindäki pullarynyň hormatyna körpeçäniň üstüne ýene üç-dört körpeçe taşlap, Gündogdy jana kemsiz-köstsüz hyzmat et – diýip, Nury ýerinden turup, Gündogdy bilen ýitirip-tapan dek içgin salamlaşdy. – Gündogdy jan, sen şu giň öýüň haýsy ýerinde oturmak isleýäň? Ýa meniň oturan ýerime çökäý.
– Aýnamasana, Nury.
– Gaharyň gelýär welin, puluň ýok öýdýän. Ýöne maňa gelip gowşan informasiýalara görä, şu hepdede gazanjyň erbet däl bolmaly. Seni gazanç edip ýörkäň görenler – janly şaýatlarymyň bäşisi bar. Bäşisem ynamdar adamlar.
– Nury minnetdarlygyňy maňa aýt. Sebäp diýseň, Gündogdy jany Sona gelniň çitenekli galasyndan sogrup alyp gaýdan men. Aňsat düşmedigini aňýansyň. Şonuň üçin şu öýde – Allamyrat ikiňiziň araňyzda meniň abraýym uly bolmaly.
Allamyrat sähel salymda dört-bäş körpeçäni gujaklap içeri girdi. Körpeçeleri biri-biriniň üstünden ýazmaga durdy.
– Nurynyň degişmesine düşünmänsiň-ow, Allamyrat. Maňa körpeçäniň geregi ýok.
– Men körpeçeleri Nurynyň sözi üçin getirmedim. Men muny seni ýumşajyk ýerde oturyp ýumşamagyň üçin getirdim. Şu günler maňa senden amatly gazanç çeşmesi ýok. Ýöne, ynanaý, maňa bu sapar köp gerek däl. Şu gezek Juma bilen Nuryny hoş etseň bolany.
–Nähili adam-aý siz? – diýip, Gündogdy dostlarynyň şelaýynsyramalaryna kejikdi.
– Heýwere gowudygymyzy aýtjak bolýaňmy?
– Alyp bileriň öýdýän bolsaňyz-a, ýalňyşýaňyz.
– Beý diýmäweri, Gündogdy jan! Aýalym üç-dört gün bäri öýde et gutardy diýip depämizde Oktýabr rewolýusiýasyny turuzýar – diýip, Juma janykdy.
– Etiňe-de, rewolýusiýaňa-da meniň dahylym ýok.
– Dahylyň bar, Gündogdy jan. Men saňa bil baglap, aýalyma bazar güni, ýagny ertir et alyp bereýin diýip söz berdim. Yzyňdan keýpine barandyr öýdýäňmi? Zerura düşüp bardym.
– Gündogdym, menem Maksat janyma söz berendirin. Onuň köwşi tozupdyr, haýpyň gelsin. Şu gün şu ýere oglumyň hatyrasy üçin geldim.
– Men-ä pikirimi aýtdym: maňa köp gerek däl, üç-dört ýüz manat bolsa bes, galanyny, goý, aýaly bilen çagasyna söz berenler alsynlar – diýip, Allamyrat Gündogdynyň öňüne çaýly çäýnegi süýşürdi.
– Meniň iki müň manadymyň nämelere sowulmalydygy belli-dä onda. – Gündogdy esli salym tüňňerilip oturdy. Soňam jübüsinden pullaryny çykardy-da, orta oklady. – Size şeýle zerur bolsa, ynha, pul, paýlaşyň.
– Zerur, onda-da nähili zerur! – diýip, Juma pullary howlukman sanamaga durdy. – Wah, Gündogdy jan, köpräk gazanaýmaly ahyryn! Aý, bolýa-da, bar gazananyňdyr-da! Şunuň müň ýarymy meniňki, et aljagymy bilýäňiz. Aý, pulda hümmetem galmady-la.
– Müň ýarymyny sen alsaň, Allamyrat ikimize näme galýar? Beýle ynsapsyz bolma. – Nury howsala düşdi. – Saňa müň manadam bolýar. Gorbaçýow eti köp iýmek zyýanly diýdi.
– Gykylyklaşyp durman özara ylalaşyň – diýip, Gündogdy hyrçyny dişledi. Uzak oturyp bilmedi. – Özüňiz paýlaşarsyňyz-da, indiki hepde ýene getirerin. Häzir bolsa men gaýtjak.
Üç kişi üç ýerden hasanaklap ýerinden turan Gündogdydan aslyşdy.
– Gözüňe-boýuňa söwdügim, gitme.
– Soň pulsuzam bolsaň, özümiz eltip gaýdarys.
– Öň-ä özüň degşip gün bereňokdyň. Biziň bir minutlyk degişmämize dawleniýäňi iki ýüze çykaryp dursuň.
Gündogdy haşyldap uludan demini aldy, şonda öýke-kinesem garyşyp çykyp giden bolarly, aşak oturdy:
– Hany, sizem çöküň aşak. Paýla. Nury! Göreli bakaly, şu gezegem «durakam wezýot» bolaýarmyka?!
– Howlukmasaňyzlaň, entek nahar edineliň.
– Meniň birki gezek utulmagymyň, hemişe utuljakdygymy aňlatmaýandygyny, görýän welin, şu gün size subut etmesem boljak däl öýdýän. Naharam iýeris. Başlalyň, nahar gelýänçä jübüňizi aýalyňyz girip-çykan ýaly edeýin.
– Men-ä garşy däl – diýip, Nury jübüsinden kartyny çykardy.
– Başlaly diýseňiz başlamaly bolarys. Men-ä aýalyma beren sözümde tapylsam bolýar – diýip, Juma kartdan gözüni aýyrman Gündogda bakan omzady. – Eý, Alla jan, maňa şu garadan gaýtmazdan on kile etiň puluny alyp ber.
– Öňünden gepleşeliň. Karam oýnanyň bar puluny alyp banka goýmaly, özünem oýundan çykarmaly. Şuňa kim razy bolsa elini götersin.
– Aýyrsan-aý el götermäňi. Her hili zat tapýaň-aý, Gündogdy jan. «El götereninden Gündogdynyň minnetini göter» diýipdir köneler. – Juma erbet bir şertiň boýnuna goýulmagyndan gorkýan ýaly, howlukmaç gürledi. – Oýundaşlar, oýny Gündogdy jan başlasyn. Bankam özi goýsun. Bank bäş ýüz manatdan bolsun.
– Bäş ýüz manatmy? Ogluma köwüş almaga ýetjek. Şony öňünden berseňiz, men oýnuň lezzetinden el çekmäge razy. – Nury Gündogdynyň orta goýan bäş ýüz manadyny elläp gördi.
Oýun başlandy.
Gije ýarpydan agýança oýnadylar. Sagat on ikilerde Gündogdynyň elten pulunyň üstüne bir müň bäş manat goşulypdy. Soňam Gündogdynyňky yzly-yzyna çüwmedi. Üç sadagyň içinde onuň dolup duran öňünde bäşje manat galdy.
Haýp, bolmady. Bapba Gökleň aýtmyşlaýyn, bolmajak bolsa boljak-boljak bolanda-da bolmaz eken.
Gündogdy öňem ençe sapar gaýtalan sözlerini dişinden syzdyryp ýene gaýtalady:
– Bihepbäňki mydama şowuna bolar eken...
Köplügiň diýeni boldy: aýalyň iňirdisinden dynmagy üçin Juma alty ýüz elli manat etdi.
Maksat janyňky çüwdi: Kakasynyň bäş ýüz manat puly bar. Kakasy oňa hökman köwüş alyp berer. Gündogdynyň uly ogly Merdanyň ol köwşe hökman gözi gider.
Allamyrat sekiz ýüzden gowrak puly epleşdirip jübüsine saldy. Ol puluň nämä sowuljakdygy entek belli däl.
– Indiki şenbede kimiňkide üýşmeli? – diýip, Nury kartyny jübüsine saldy.
– Ýene Allamyratlara geläýeliň-le. Utmak üçin maňa Allamyratlaryň öýi düşýär – diýip, Juma ýüzünden rehim-şepagaty aýrylan Gündogda seretdi. – Gündogdy jan, indiki hepdä çenli gowuja işlegin. Allamyratlara seni ýene özüm alyp gaýdaryn.
Üçleriň Gündogda degesleri gelip böwrekleri diriň-diriň böküp dur. Puluňy gidirmegem ýeterlik zarba urmak – özleri üçin gül ýalak soňlanan oýnuň soňuny bulaşdyrmakdan howatyr edýärler.
Gündogdy geçen saparky ýaly, oýnuň şeýle gutarmagyndan gaty närazy boldy. Onuň şeýle bir utasy gelipdi.
Ol närazylygyny ýaňzydyp, nämedir bir zat aýdasy geldi.
Aýtdy:
– Bihepbäňki mydama şowuna bolar eken...
1972 ý.
Hekaýalar