01:19 Ikinji jahan urşunyñ beýik gahrymany: Dmitriý Şostakowiç | |
IKINJI JAHAN URŞUNYÑ BEÝIK GAHRYMANY: DMITRIÝ ŞOSTAKOWIÇ
Aýdym-saz sungaty
Geçen hepde Russiýa Gitleri ýeñen urşunyñ ýetmiş birinji ýylyny baýram etdi. Şonda Fransiýanyñ IFOP jemgyýetçiligi pikir soralşygyñ netijesini çap etdi: Uruşyñ ýeñiş bilen tamamlanmagynda fransuzlaryñ 58%-i, nemesleriñ 50%-i, iñlisleriñ 11%-i ABŞ-nyñ uly rol oýnandygyny pikir edýär! Nemes faşistleriniñ derbi-dagyn edilmeginde Sowet Soýzunyñ rolunyñ bardygyna ynanýanlaryñ sany ýyl geldigiçe azalýar. Hakykaty beýik kompozitoryñ üstünden gürrüñ bereýin... 1703-nji ýylyñ 16-njy maýy. Pýotr I Amsterdam arhitekturasyny nusga alyp, Sankt-Peterburgy gurdurdy. Patyşalygyñ göz guwanjy bolan şäher 200 ýyllap Russiýanyñ paýtagty boldy. Bolşewik rewolýisiýasyndan soñ paýtagt Moskwa geçirildi. Leniniñ aradan çykmagynyñ yzyndan Sankt-Peterburgyñ ady üýtgedilip, Leningrad edildi. 1940-njy ýylyñ 18-nji dekabry. Gitler gitlerçi nemes goşunyna taryhyñ iñ uly harby ýörişine başlamagy buýurdy: Sowet Soýuzyna çozmalydy. Nemesleriñ "Barbarossa" meýilnamasynyñ üstünde işleýändiginiñ habary alynan bada Leningradda adatdan daşary günler başlanypdyr. Mysal üçin, "Muzeýleriñ enesi" diýilýän Ermitaž muzeýindäki üç million eseriñ bir bölegi sandyklara salnyp, Ural daglaryna äkidilipdir. Şäherde ýaşaýan görnükli alymlary we sungat işgärlerini başga ýere göçürmek makul bilnipdir. Käbirleri şäheri taşlap gitmäge garşy çykypdyr. Bularyñ birem meşhur kompozitor Dmitriý Şostakowiçdi. Ýazyjy Sara Kuigli “Orkestriñ şefi” atly kitabynda şäherden çykyp gitmezlik kararynyñ Şostakowiç bilen aýaly Nina Warzaryñ arasyna tow düşürendigini şeýle ýazdy: "Şostakowiç: - Nina, Leningraddan gitsek gowy boljakdygyny pikir edýäniñi bilýärin - diýdi. - Ýöne senem maña düşünäý-dä. Garj bolan gämini taşlap gaçýan syçanlar ýaly gaçyp gitmek maña nädogry bolup görünýär. Nina oña ýüzüni öwrüp: - Bu aýdýanyñ meniñ gulagyma çagalarymyñ ömrüni howp astynda goýandygyñ üçin özüñe göwünlik berjek bolup tapan bahanañ ýaly bolup görünýär. - Bahanamy? Bahana bolýarmy şo? Leningrady duşmanyñ eline geçmekden halas etmegiñ näletsiñmiş bahana saýyljagyny pikir edemok!.." Şostakowiç (sagdaky) ýangyn söndüriji gullugyñ işgäridi • Gitleriñ çakylyklary 1941-nji ýylyñ 8-nji iýuly. Nemesler Leningrady gabady. Gitler şäheri şobada eýelejegine çyny bilen ynanýardy, şonuñ üçinem ol şäheriñ bäşýyldyzly "Astoriýa" otelinde ýeñşiñ şanyna geçiriljek dabarada kabul etjek adamlarynyñ sanawyny öñünden çap etdirdi! Onuñ pikir etmedik bir zady bardy: Şostakowiç ýaly ýüz müñler faşizme garşy söweşmek ücin meýletin ele ýarag alypdy! Şostakowiç ilki Gyzyl Goşuna goşuljak boldy. Saglyk ýagdaýy göz öñünde tutulyp kabul edilmedi. Ýangyn söndüriji (požarnik) bolup işledi. Okadýan konserwatoriýasynyñ üçeginde ýangyn garawulçylygyny etmäge başlady. Oña "dört gözli ýarganat" diýýärdiler. Edýän işini çaganyñam edip biljekdigini aýdyp iñirdäp duransoñ, ahyrsoñy milisiýa gullugyna alyndy. Okop gazmak işi ynanyldy. Gitler esrik ner deýin kükreýärdi: 8-nji noýabrda üç million leningradlynyñ açlyga höküm edilmegini buýurdy. Yzyndan... Agyz suw gorlaryna zäher atdyrdy. Azyk ammarlaryny bombalatdy. Şonuñ üçin Leningradda aýallar we çagalar üçin berilýän gündelik çörek 150 grama çenli azaldyld. Şojagaz çöregiñem 50%-ne golaýy agaç owuntygy (опилка) we başga-da iýip bolmajak birtopar garyndylardan düzülendi. Halk it-pişik, syçan, guş... näme tapsa iýmäge başlapdy. Añzakly gyşyñ sowuklygy -30° derejä çenli baryp ýetýärdi. Gitler gyş pasly otopleniýede ulanylýan ýangyç ammarlaryny-da bombalatdy. Şuny aýratyn belläp geçmesem bolmaýar: Gitler "faşist estetikasy" diýip Berlindäki lipa agaçlaryny çapdyranam bolsa, şol doñduryjy şertlerde Leningradda ýeke agajam çapylmady. Ýylanmak üçin öýüñ içinde näme goş bolsa ýakyldy, ýöne ýeke agajam çapylmady... Leningrad başyny dik tutup, soñuna çenli gorandy... • Okop gazanda Şostakowiç arakesmä çykanda jübüsinden kiçijik galamyny we bir bölek kagyz çykaryp, nota ýazýardy. Ýangyn söndüriş gullugynyñ diñçisi bolup işlände, alty sagada çeken we müñlerçe tonna şekeriñ ýanan ýangynyna syn edipdi. Ot-ýalyn, hüýt-gara duman, adamlaryñ uzakdan eşdilýän bialaç sesleri, jañ sesi, megafonlar we howadan hüjüm edilendigini aýdýan sirenalaryñ howsalaly sesi... Şostakowiç birdenkä özüni daşarky dünýä baglap goýan ýaly duýdy. Şol gün ol "Leningrad" simfoniýasyny ýazmagy ýüregine düwdi... Indi... Hiç bir ýangyn, hiç bir ölüm, hiç bir ýokluk we açlyk ony simfoniýasyny ýazmakdan el çekdirip bilmeli däldi. Simfoniýasynda adamzadyñ warwarlyga garşy göreşini gürrüñ bermelidi. Gabaw astyndaky halkda umyt we batyrgaýlyk döretmelidi. Şol günden soñ Şostakowiç pursat tapdygyndan ýazdy. Düýşünde-de simfoniýasynyñ notalaryny gördi. Bölümlerini soñlanda ýadawlygy artdy, ilkinji gezek şowsuzlyga uçramagyndan grokdy. Onuñ gözleýän ýas ýasy däl-de, watan goragynyñ simfoniýasydy... Millionlarça adam açlykdan öldi • Kiçijik Tanýa 1942-nji ýyl. Gabaw rehim-şepagatsyzluk bilen dowam edýärdi. Hawa... ýanwar-fewral aýlarynda her gün 7 müñden 10 müñe çenli raýat açlykdan ölüpdi. Şäheriñ içinde transport ýokdy. Adamlaryñ çörek paýlanýan nokatlara barýarka ýolda ýykylyp ölmegi adaty ýagdaýa öwrülipdi. Ölüleriñ ýeñendigi aýdylýardy! Ine, şular ýaly şertlerde Şostakowiç "Leningrad" simfoniýasyny ýazyp gutardy. Eýse eseri kim ýañlandyrmalydy? Sungat işgärleriniñ köpüsi başga şäherlere göçürilipdi. Käbiri ölüpdi, käbiri maýyp bolupdy. Önki kompozitorlardan, maýyp esgerlerden we höwesjeñlerden orkestr düzüldi. Işlemek kyndy. Sowukdan ýaña saz gurallaryny elläp bolanokdy. Kynçylyklar aşyldy. Simfoniýanyñ halas boluşy getirjegine bilan ynam döredi. Hem... 1942-nji ýylyñ 9-njy awgusty. Şostakowiçiñ eseri "Leningrad" simfoniýasy radiodan ýañlandyryldy. Saz hem nemeslere, hem ruslara eşitdirmek üçin güýçli kolonkalar guruldy. Rus halky ruhy güýç gazansyn, duşman umytsyzlyga düşsün diýip. Her gün çalyndy. Hemmeler simfoniýanyñ sazyna hiñlenip ýören boldy. Goranýan halkyna uly ruhy tekge beren Şostakowiçe 1941-nji, 1942-nji ýylda "Gyzyl baýdak", "Işçi" nyşanlary, Stalin adyndaky baýrak berildi. 1944-nji ýylyñ 27-nji ýanwary. 872 günden soñ... Nemesler asgyn gelip, yza çekilmäge mejbur boldy. Şol geçen döwürde sowet haljy üç million 436 müñ 66 esgeri wepat boldy, dereksiz ýitdi, ýaralandy. Ýönekeý raýatlardan 400 müñi başga ýere gövürilende we 642 müñi gabawda wepat boldy. Leningraddaky weýrançylyk we adam ýitgileri Hirosimadyr Nagasakä atylan atom bomnalarynyñ döreden ýitgilerinden has köpdi. Gabaw genosid hasaplandy. Häzir Leningrad goranyşy ýatdan çykardyljak bolunýar. Bir mysal bereýin: Dünýä Gollandiýadaky 14 ýaşly Enn Frankyñ ýöreden gündeligini ýatdan bilýär, ýöne Leningraddaly 11 ýaşlyja Tanýa Sawiçewanyñ gündeliginden hiç kimiñ habary ýok. Açlykdan öñ enesini, yzyndan agasyny, soñ ejesini we doganyny ýitiren Tanýajygyñ gündeligindäki iñ soñky eden ýazgysy "Diñe Tanýa galdy" boldy. Ol onuñ iñ soñky eden belligidi, sebäni gabawdan kän wagt geçmänkä kadaly iýip-içip bilmändigi üçin Tanýa-da ölüpdi! Men bärde görlen görgüleri ýaryşdyrjak bolamok. Nämüçin biriniñ bilinip, biriniñ bilinmeýändigini düşündirjek bolýaryn. Haýsysyny ýazaýyn... 10 million 700 müñ esgerini we 11 million 400 müñ raýatyny pida berendigine garamazdan Sowet Soýuzy Berline çenli gidip, Gitleri ýeñmegi başardy. Ençeme ýyl bäri ABŞ-nyñ propoganda kinofilmlerine tomaşa edip gelenler uruşda amerikanlaryñ arkasyndan ýeñiş gazanylandyr öýdýär! Ýogsam bolmasa, bu diñe propoganda söweşinde ABŞ-nyñ öñdedigini görkezýär. Bolany. Başga zat ýok! Gitleri Şostakowiçleriñ merdanalygy ýeñdi... Sowet Soýuzyndan gelen kompozitorlar topary Stambulda • Nota kagyzlary Stambuldan Şostakowiçiñ Leningrad gabawynda müñbir kynçylygyñ içinde ýazan "Ýedinji simfoniýasyny" Stambuldan alan nota kagyzlaryna ýazandygyny bilýärsiñizmi? "Orkestriñ şefi" kitabynda Şostakowiçiñ simfoniýasyny ýazanda nota kagyzyny tapmakda nähili kösenişi aýdylýar. Inžener kakasynyñ taslan ýönekeýje guraly bilen nota çyzuwyny kagyzyñ ýüzünde çyzyşy, öñ ulanylan partituralaryñ arka taraplaryny ulanyşy, kagyz tapmak üçin her gün Kompizitorlar soýuzyna gidişi barada kitapda gürrüñ berilýär. Emma... Täze Zelandiýaly ýazyja şuny goşmaly bolýaryn: 1935-nji ýyl. Sowet Soýuzyndan bir topar kompozitor Atatürkiñ çakylygy bilen Ankara geldi. Myhmanlaryñ arasynda Dmitriý Şostakoeiç bolen meşhur skripaž Dawid Oýstrah hem bar eken. Türkiýede bäş hepdeläp bolan sowet sungat işgärleri Atatürkiñem öñünde çykyş etmek bilen jemi ýigrimiden gowrak konsert berdi. Şostakowiç gaýdyp gelensoñ ýurdunda häzirkizaman sazynyñ ornaşmagy we saz reformasy boýunça pikirleridir eden işlerine ýokary baha berdi. Stambulda iki ýaş türk kompozitory Jemal Reşit beý we Hasan Ferit Alnar bilen tanşandygyny ýazdy. Stambulyñ "Pera Palas" otelinde bolan Şostakowiç şäherde aýlanyp ýörkä Jemal Reşidiñ we Hasan Feridiñ kömegi bilen nota kagyzlaryny aldy. Bu maglunaty şundan bilýäris: Görnükli sungat işgärimiz Idil Biretiñ aýaly Şefik Büýükýüksel 2010-njy ýyldaky hat6nda Dogan Hyzlana şeýle ýazdy: "Idiliñ konserti we pianino bäsleşigi žýuri agzalygy sebäpli Şotlandiýa gelenimizde maestro Gennadiý Roždestwenskiý we aýaly pianinoçy Wiktoriýa Postnikowa bilen eden otly gezelenjimizde maestro bize örän täsin zady gürrüñ berdi. Otuzynjy ýyllarda Russiýada nota kagyzyny tapmak beter kyn eken. Şostakowiç 1936-njy ýylda bir topar sowet kompozitoty bilen Türkiýä gelende Stambuldan nota kagyzyny alypdyr. Soñra Leningrad nemes faşistletiniñ gabawy astyndaka "Ýedinji simfoniýasyny şu nota kagyzlaryna ýazypdyr. (1941-1942). Kagyzlaryñ ýüzünde Türkiýeden getirilendigini görkezýän alamat bar eken…” Şostakowiçiñ "Ýedinji simfoniýasyny ýazan nota kagyzlarynyñ her sahypasynyñ çep aşakky çüñkünde "Jorj D.Papajorjiu Yayınevi- Yüksekkaldırım, İstanbul” diýen ýazgy bar eken!.. • Ygrarly kommunist Şostakowiç 1906-njy ýylyñ 25-nji sentýabrynda Sankt-Peterburgda dünýä indi. Onuñ ata-babasy polşalydy. Garry atasy 1830-njy ýylda Polşa gozgalañyna gatnaşan weterinar Pýotr Şostakowiçdi. Atasy Boleslaw Şostakowiçem 1863-nji ýylda Polşada bolup geçen başga gozgalaña gatnaşdy. Maşgalanyñ "Ýer we azatlyk" sosialistik topary bilen ýygjam gatnaşygy bardy. Sibire sürgün edildiler. Şostakowiçiñ kakasy Dmitriý Boleslawowiç sürgünde dünýä indi. Onuñ syýasat bilen işi bolmady. Meşhur himik Mendeleýew bilen bile işleşen işine ezber himiýa inženeri boldy. Şostakowiçiñ ejesi Sofya Wasilýewa pianinoçydy. Şostakowiç pianino sapaklaryna dokuz ýaşynda başlady. Iki ýylyñ dowamynda Bahyñ doly sazlaşykly klawiaturasyndaky ähli prelýudalary we fugalary çalar ýaly ýagdaýa geldi. Adatdan daşary zehinlidigi belli bolup durdy. Birinji döreden "Rewolýusiýada wepat bolanlaryñ hatyrasyna ýas sazyny" şol döwürde ýazdy. Bu eser 1917-nji ýylyñ Oktýabr rewolýusiýasyny şöhratlandyrýardy. On bir ýaşynda rewolýusiýa bilen tanyşan Şostakowiç soñky ähli durmuşyny kommunist bolup ýaşady. 1960-njy ýylda partiýanyñ agzasy boldy. 1919-njy ýylda iñ gowy sazçylyk akademiýasy hasaplanýan Petrograd konserwatoriýasynda okuwa başlady. Gallawdy. Tutanýerlidi. Şopen adyndaky Halkara pianino ýaryşynda mansiýa baýragyny aldy. 1922-nji ýylda kakasy aradan çykdy. Sofýa Wasilýewna üç çagasy bilen dul galdy. Gyz dogany Mariýa on dokuz, gyz jigisi Zoýa bolsa on üç ýaşyndady. Öýleriniñ kireý töleginem berip bilmän, pianinolaryny satdylar. Dogany Mariýanyñ ýanynda işlemäge başlady. Birinji işi kinoda pianino çalmakdy. Okuwyny taşlamady. 1925-nji ýylda diplom işi hökmünde ýazan "Birinji simfoniýasy" diñe öz ýurdunda däl, bütin dünýäde meşhurlyga eýe boldy. ABŞ-da ýazgylary satyldy. 1927-nji ýylda Sowet Soýuzyny şöhratlandyrýan "Ikinjj simfoniýasy-da" uly üstünlik gazandy. Emma... 1932-nji ýylda ýazan “Msenskili leýdi Makbet” («Леди Макбет Мценского уезда»/«Катерина Измайлова») operasy ownuk buržuaziýanyñ jogapkärçiliginden doly bolmak bilen tankyt edildi. 1937-nji ýylda ýazan "Bäşinji simfoniýasy" örän halandy. Ol ölüp barýan simfoniýa žanryny täzeden janlandyrypdy. Leningrad konserwatoriýasynyñ kompozisiýasynyñ mugallymlygyna bellendi. Ikinji jahan urşunda nemes goşunlaryna garşy halkyñ göreşine bagyşlanan "Ýedinji simfoniýasy" ("Leningrad" simfoniýasy) uly joşgun bilen garşylandy. Ýeñşiñ simwolyna öwrüldi. Onuñ döreden sazlarynda döwürleýin üýtgeşmeler bilen bir hatarda Çaýkowskidir Mahleriñ yzlary bardy. Halkara derejeli birnäçe baýraklara mynasyp boldy. Çeper edebiýatyñ aşygydy. Gogolyñ we Çehowyñ eserlerini elinden düşürmeýärdi. Futboly gowy görýärdi, "Zenit" futbol klubynyñ janköýeridi. 1975-nji ýylyñ 9-njy awgustynda aradan çykdy. "New York Times" gazeti ol barada "Ynanjyna ygrarly kommunistdi" diýip ýazypdy. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 15.05.2016 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |