06:46 Iñ soñky / hekaýa | |
IŇ SOŇKY
Hekaýalar
Her elinde agyr sumka göterip bazardan gelen Ogulbibi eje zatlaryny hazzar göterip durşuna: – Merjenim, ýagdaýyň nähili? – diýip, gyzyna habar gatdy. Düşekde ýatan gyz solgun ýüzüni ejesine tarap aýlady. Gyzynyň gözlerinden ýagdaýyň gowulaşmandygyny aňan ene açyk işikden içerä guýulýan ýagtylygy saklamazlyk üçin bir gapdala çekildi. Nur Merjeniň keşbini ýagtyltdy. Ýalkym onuň ak ýüzünde döwlen ýaly boldy. Merjen owadanlaşypdy. Ol öňem owadan gyzdy, toparynda oňa taý geljegi ýokdy. Onuň görküni Ogulbibi daýza daşdan-içden dil bilenem birnäçe gezek duýdurypdylar. Göz boldumy-dil, ýa Allanyň inderen derdimi, şol owadan gyz düşege baglandy galyberdi. Ine, indi ol has beter owadanlaşan ýalydy. Agarypdy, gözleri ulalan ýalydy, boýny uzyn görünýärdi. Ösgün kirpiginiň her taýy aýry-aýry bolup durdy. «Eý, Alla, bu nämäniň alamatyka? – diýip, ene toba etmek bilen ýakasyny çäkleýärdi. – Keselliniň ýüzünden nury öçmezmi?! Bu näme üçin gün-günden owadanlaşyp barýarka? Ýa biziň ondan doýman galjagymyzyň alamatymyka?» – Ýagdaýyň nähili? – diýip, ene şol başky sowalyny gaýtalady. Merjen ejesiniň sowalyna näme jogap berjegini bilmedi. Ene muny aňan dek jogaba garaşybam durmady, ýap-ýaňyja bitirip gelen işiniň gürrüňine geçdi. – Gyzym, bazarda zad-a kän. Adyny tutan zadyň bar. Ýöne barysy ot bilen ýalyn, hiç zadyň nyrhyny sorar ýaly däl. Wah, puluň bolsa, bazary tutuşlygyna öýüňe göterip gaýtsaň! – Eje, bazary öýüne getirip nätjek? Bize artyk zat gerek däl-ä. – «Gerek däl» diýme, gyzym, gerek, örän köp zat gerek. – Maňa-ha hiç zat gerek däl. – Kesel ýatanyňdandyr bu. Ynha, diklenersiň, aýak üstüne galyp, ylgap başlarsyň welin, hemme zat gerek bolar. Bu zatlardan iýip-içip doýmarsyň. Owal-başda bu – doýulman, aç gidilýän dünýädir. Entek seniň görjegiň öňüňde. Hemme zada kem-kemden düşünersiň. Nebsiňem otugar. Ogulbibi eje bazardan getiren ir-iýmişlerinden ýuwup, mejimä almadyr injir salyp geldi-de, gyzynyň öňünde goýdy. – Munuň owadandygyny! – Merjen almalaryň birini eline aldy. Synlap-synlap, soňam mejimede goýdy. – Iý, gyzym, iý, ony gaýtarma. – Iýesim gelenok, eje. Enäniň göwnüne bolmasa, gyzynda bir ýetmeýän kemlik erjellikdi. Eger ol erjel bolup, janyna dözüp, et diýlenini edip gidiberse, derrewjik aýak üstüne galaýjak ýalydy. Merjen bolsa özüne artykmaç azar bermezliklerini soraýardy. Mejimäni bir gapdalda goýan ene ýene gyzynyň ýüzüne delmuryp bakdy: – Onda göwnüň näme isleýär, gyzym, adyny tutan zadyňy bişirip bereýin. – Hiç zat iýjek däl. – Bir isleýän zadyň bardyr-a seniň? – Birje islegim bar, eje. – Aýt, Merjenim, aýt. Bitireýin! – Bazardan gelşiňi görüp arzuw etdim... – Merjen nädip aýtjagyny bilmän ýuwdundy. – Çekinme, gyzym, aýybam bolsa aýdyber. Men öz ejeň-ä. Saňa düşünerin. – Bazardan gelşiňe seredip, gözüm gitdi, eje. Menem, sen ýaly, elim sumkaly bazara gidip gelsedim diýýän. Köpem däl, diňe birje gezek awtobusa münüp, iller bilen gyslyşyp, iki elimem dolduryp bir gelsedim. Ýekeje gezek!.. Soň ölsem armanym ýok, eje! – Merjeniň demligi tutuldy. Ullakan gözlerine ýaş aýlandy. Gara didesi balkyldap gitdi welin, ýaş aşak indi. – Beýle diýme, ondan arzuw bolmaz. – Ynanaý, eje jan, Alladan ýeke dilegim şol. Ogulbibi ejäniň rahatlygy bozuldy. Ol gyzyny nädip köşeşdirjegini bilmän, alakjady: – Sen meni agyr güne saljak bolma. Seni satyp, inşalla, galyňyňy bazarçylara paýlaryn. Bazardan göwnümiň söýen zadyny aljak. Özüň bilýäň, Arslanyň ata-enesi gelip-gidip durlar. Biz ýüz bersek, ol bendeler aýdanymyza kaýyl geljekler. Olar seniň sagalaryňa howlugýarlar. Sagaldygyň – toýuňy tizlejekler. Toýuňa Tahyr bagşyny çagyrjak. Özüň islediň-ä şony. Merjen sesini çykarmady. Ogulbibi eje gyzynyň ýanynda ümsüm oturmazlyk üçin başga gürrüňe geçdi: – Bazarda bir bendäniň gapjygyny ogurlapdyrlar. «Garader saçyp gazanan pulumdy» diýip, bende hunybirýan aglady. Nebsim-janym agyraýdy bendä. «Gara bagtym» diýip, özüme käýinýän şol ýerde. Düýnki kakaň getiren pulunyň ählisini gapjyga salyp, ýanyma alan bolsam nätjek! Şol wagt meniňkini ogurlan bolsalar, elimi serip, boş galybermeli-dä. Bir hojalygyň bir aýlyk iýjegi-dä. – Olaram iýmeli-dä, eje. – Iýmesin. Ogurlap gün görenden, aç öläýsin! – Ony diýme, eje. Goý, ölmesin! – Ölmez, gyzym, ölmez. Onda-da olar ýalylar ölmez. Ölmeg-ä däl, wah, şol ýalaka hiç zadam bolanok. Iýenleri haram bolsun! Hudaý derdi-belany şolar ýalaka berse bolmaýarmy?! Hana, alkaşlar sowuk köçede özlerini bilmän ýatyrlar. Sowuk alaýjak ýaly olary. Eger-eger, hiç zadam bolanok. Ýamanyň ýanyndan keselem gaçýar. Ogulbibi daýza bu aladalardan dynmak isledimi ýa aslynda göwnünde baryndan boldumy, ýene gudaly gürrüňe dolandy. – Gyzym, dogrujamy aýtsam, men-ä seniň Arslanyňdan göwnüm suw içip baranok. – Gyzynyň: «Näme üçin?» diýip sowal bererine garaşdy. Emma ejesiniň meýlini bilen Merjen dillenmedi. – «Köp içýär» diýýärler. Bir agzyna degensoň, hiç doýdumy ýokmuş. Akylaryň toýunda entirekläp ýörenini özümem gözüm bilen gördüm. – Öň içenokdy ahyryn, eje. – Häzir çaksyz içýär. – Meniň kesellänimi içine sygdyryp bilmän içýärmiş ol, eje. – Şol gezek Akylardan öýüne ýetip bilmänmiş. Allamyradyň aýaly Tagangül ertir ir bilen: «Mallaryma ot bereýin» diýip barsa, agylyň işiginde bir gara ýatyr diýýär. Tagangül Allamyrady turzup gelipdir. Görseler, Arslan penjegini başyna büräp ýatanmyş. Allamyrat yralap turuzsa: «Meni bu ýere kim getirdi? Men öýde ýatyrdym-a» diýip goh edýärmiş. Gije nähili sowuk boldy şonda?! Hiç zadam bolmandyr oňa. Hüňürdenip turup gitdi diýýär Tagangül. Aýdýan-a, olar ýalylar gezip ýör, ogrular gezip ýör... – Essalawmaleýkim, Ogulbibi eje!.. «Gurt agzasaň, gurt geler» diýleni. Diňe gurt däl, agzasaň Arslanam geljek eken. Gapynyň agzynda Arslan direnip dur. Durmak-da nä durmak. Aýak üstünde zordan dur. Ogulbibi eje ony görüp, laňňa ýerinden galaýdy. – Ogulbibi eje, maňa sögmäň. Sögesiňiz gelse-de, şu sapar sögmäň... Aý... ý... sögmäň. Iň gowusy-ha, Ogulbibi eje, maňa sögüň. Sögüň maňa! Men öýde-de sögünji az eşidemok. – Arslan entirekläp içeri girdi. – Men gelmeli däldim. Özem içip gelmeli däldim. Içmesem, gelip bilmedim. Köp gezek geljek boldum, utandym. Soň utanjymyň üstüne arak eňterip, gaýdyberdim. Öwez aganyň işe gideninem gördüm. Soň: «Maňa, goý, Ogulbibi ejem käýesin» diýdim. Ogulbibi daýza Arslanyň haýyşyny nagt etdi: – Yzyňy ýel çalmanka, ugra! Bizi metdi-masgara etjek bolma. Onsuzam derdim özüme ýetik. – Daýza, men şol derdi çekişmäge geldim. Näzili derdiňiz bolsa beriň maňa, men çekeýin! – Sen çekişme, ol dert meniň egnimde. Alla ony meniň başyma salypdyr, bir özüm çekerin. Ugra! – Beýle diýmeseňizläň. Men derrew gitjek. Ýöne, Ogulbibi eje, Merjene iki agyz, bary-ýogy ikije agyz sözüm bar. Siz maňa düşüniň, edil öz gyzyňyza düşünişiňiz ýaly. Iliň diýjek zadam az bolmaz, onam bilýän. Men ýüregimdäkini aýdaýyn, soň göni uçup gitjek. Bolýarmy? Ogulbibi eje onça-munçany görüp ýören aýal bolansoň, serhoş bilen jedelleşmegiň peýdasyzdygyna düşünýärdi. Ýene şol wagtyň özünde bu ülhidiň gapyda gernelip duranyna nazary kaklyşandan gyzynyň gözleriniň uçganaklanyny-da görüp ýetişipdi. Eýsem-de bolsa, abaý-syýasat etmese, munuň gelşiksizdigini-de bilýärdi. Ene naýynjar dillendi: – Merjeniň ýagdaýyny özüň gowy bilýäň. Sen bir artyk azar berme. – Ýeke agyz sözüm bar. Aýtmasam, ynjaljak däl, Ogulbibi eje. Alla kessin, ýeke agyz söz. Ogulbibi eje hamana gyzynyň öňünde goýlan zatlary ýygnamagy unudaýan ýaly, öz işi bilen boldy. Bir zady aldy, bir zady goýdy, garasaý, çalt öýden çykdy. – Men senden hasabat soramaga geldim, Merjen! – Sora – diýdi-de, Merjen mylaýym ýylgyrdy. – Näme üçin gülýäň meniň sowalyma? – Dogrudanam, sen ýetik öýdýän? – Ýok, men ýetik däl, men asla serhoş däl. Meniň gara çynym. – Meniňem çynym. Sen hasap soranyňda, eýsem men aglaýynmy? – Sen bu derdi bir özüň çekýändirin öýtme. Seniň keseliň ezýetini men gijelerine çirim etmän çekýärin. Indi men ýadadym. Ýürege düşdi keseliň. Bes et indi! Men saňa kesellemegi gadagan edýän! Düşünýäňmi maňa?.. – Arslan bagyryp, ýere çökdi. – Özümem bizar boldum. – Sen maňa gerek! Düşün, sen maňa juda gerek! Men seni ömrümiň sütüni saýdym. Men indi öýlenýänçäm, beýdip size gelmeli bolmaýyn. Gepleşdikmi?! Merjen ýene ýylgyrdy-da, başyny atdy. – Men daşarda durup sygyraryn. Sen şonda bir bahana bilen daşary çykarsyň. – Çykyp bilmesem nädeýin? – Çykyp bilmeseň, onda men näçe gezek sygyrsam, şonça gezek baş at. Men duýaryn. Görmesemem, seniň baş atanyňy bilerin. – Bolýar, men baş ataryn. – Özüňem: «Men kesel» diýip, birjigem pikir etme. Bar pikiriň men bolaýyn. «Ynha, men sagaldym. Arslan janymyň ýanyna ýöräp barýan» diý. «Arslan jana durmuşa çyksam, mende hiç hili dert galmaz» diý. Galmazam! Gülşüp ýaşarys. Seni depäme göterip gezerin. – Goýsana, oglan. – Meniň çynym. Seni depäme göterip gezerin! Il näme diýse, şony diýsin! Seniň ýaly gowy bolsa, goý, illerem öz söýgülilerini depelerinde götersinler. Sen juda gowy, Merjen. Aý, sen ony bileňok. Ony men bilýän. Diňe men duýmagy başardym seniň ajaplygyňy. Biz garrarys, çagalarymyzy ýetişdireris, diňe şondan soň keselläris. Onda-da ilki men, soňra sen. Her zadyň öz wagty bar, Merjen. Häzir biziň başga aladalarymyz bolmaly. – Seni begendirip bilmezmikäm öýdüp gorkýan, Arslan. Ýogsam seniň bilen bolasym gelýär. Ynanaý. Saňa hyzmat edesim gelýär. Ýöne meniňki şol birmahalky gyzlaryň aýdýany boljak öýdýän. Men Ajal ikiňiziň araňyzda: ýa seniňki, ýa-da Ajalyňky bolmaly. Sen ýanymda bolsaň, ajal meniň depämde. Ol maňa senden has golaýrak. Onuň hökümi seniňkiden rüstemräk. Saňa ýetirmän, meni şol alarmyka diýýän. – Beýle diýme! Sen ol nejisiň adyny tutma! Ony ýüregiňden çykar. Sebäbi saňa ruhdan düşmek bolmaýar. Men gadagan edýän. Düşünýäňmi? Sen meni diňlemeli. Sebäbi men – erkek. Men seniň... – Ol «äriň» diýmegi gelşikiz saýan bolarly. – Men seniň hojaýynyň, eýäň bolmaly. – Seni diňleýän-ä, Arslan. – Gowy diňläňok! Diňleýän bolsaň, beýdip uzak ýatmazdyň. – Men ýatamog-a, otyryn. – Saňa oturmagam bolmaýar. Sen turmaly, ýöremeli. – Wah, turup bilemok. – Bilýäň. «Turup bilemok» diýip özüni ynandyrypsyň. Şol ynanjyňy ýok edip, hany, ýeriňden tur! – Mejalym ýok, Arslan. – Men saňa: «Tur!» diýýän. Men buýurýan! Merjen örän gorka, bütin durky bilen galdyrap turmaga synanyşdy. Ysgyn-deramatsyzlyk onuň aýagyna-da, eline-de göwnündäkini etdirtmeýärdi. Arslan gelip, onuň turmagyna kömekleşdi. Turuzdam asyl. Öý goşlary, alnynda duran sarsmaz haýat Merjeniň daşyndan aýlanyp başlady. Ol duşundan geçip barýan diwardan ýapyşmak isledi. Oňa eli ýetmän, entirekledi. – Başym aýlanýar, Arslan. Men ýykylýan! – Meniňem başym aýlanýar. Ýöne, gör, ýykylamog-a! Senem ýykylmarsyň. Men tutup durun! Baş aýlanmaň häzir galar. – Galar... – diýip, Merjen dodagyny çalaja gymyldatdy. – Men aýtdym-a, sen hökman sagalaýmaly. – Edeniň bar bol-a! – Ogulbibi eje hasanaklap gelip, olaryň arasyna girdi. – Ogulbibi eje, Merjene degmäň. – Hany, güm bol şu ýerden! Heý, mysalaň gursun, porsap ölmüş. – Ogulbibi eje Merjeni haýdan-haý düşegine tarap çekdi. – Wah-wah, näme üçin turduň, balam? Eýýäm ýüzüňe der inipdir. Näme üçin beýtdiň? – Arslan isledi. – Ylahym, Arslan gursun! Sen entegem gideňokmy, bisyrat? Indi men seni nätsemkäm? Başda gümüňi çekmelidim seniň. – Men gideýin, Merjen. Ejeň gaharyny getirmäýin. Sen maňa sagaljagyňy söz ber. – Söz berýän, Arslan. Inşalla, sagaljak bolaryn. – Men geler duraryn, Merjen. Sen meniň kişmişimsiň. Sen meniň üzümimsiň. Bilýäňmi şony? – Öň aýdypdyň-a. – Merjen çala ýylgyrdy. – Ine, bolýar, ýylgyrdyň. Meniň dünýäm açyldy. Mydama ejeň gözüniň öňünde duşuşyp durmarys, kişmişim... – Bu zamanyň ýaşlarynda utanç-haýa galmandyr. Ine, öýüňe gelip, diýjegini diýip dur. Ýok bol-a, masgara! * * * – Mendenem göwnüň garalýan bolaýmasyn seniň? – Öwez aga otagyň içini bulam-dölem eden aýalyna habar gatdy. – Seniň puluň bilen işim bolan däldir. – Eý, toba! – diýip, Ogulbibi eje ýakasyny tutdy. – Men senden näme üçin göreýin?! Ogurlajak bolsaň, ol puly maňa bermezdiň ahyryn. Ogulbibi eje pulunyň ýitenini ilki hiç kime aýtmandy. Boş gapjygyny telim gezek açyp-ýapypdy. Oturan-turan ýerlerini telim gezek barlapdy. Edil jyn kakan ýaly, hiç ýerde ýok. Ýoklugam hiç, onuň bilen oňşup bolsa. Ol köp oýlandy, ahyry-da pulunyň ýitenini boýun almakdan başga çäre tapmady. Ogulbibi eje bazardan çykyp gaýdanyny indi, gör, näçinji gezekdigi näbelli sapar ýatlaýar. Onuň bazarda artyk-süýşük alan zady ýok. Bir ýerde güllüje owadan ştapel bar ekeni. Şondan bir geýimlik alasy geldi. Emma puluna dözmändi. Merjeniň iýjek-içjegine gidip dur, derman üçin gidip dur. Doktor-tebibe-de bir aklyk emlemeseň, ýüzüňe seretjek däller. «Merjen jan bir aýak üstüne galsyn, soň geýeýin köýnegi» diýipdi. Ine, bolany. Hawa, ýene bir geň zat, ol pulunyň ownuklaryny harçlanypdy-da, irisini saýlap goýupdy. Ol pullaryň ählisi diýen ýaly ýüzlükdi. Ogulbibi eje bazardan çykyp, awtobusa mündi. Awtobusda adam o diýen kän däldi. Onsoňam gapjyk Ogulbibi ejäniň elindedi. Ol golaýyna hiç kimi getirmändi. Iki sany degenek ýigit onuň beýle ýanragynda durdular. Ýöne olaryň bolşy ogurlyk etjege meňzemeýärdi. Olaryň biri «Goşuňyzy göterişeli» diýdi welin, şol mahal bir işler edäýdimikän? Awtobusdan düşmekçi bolanda, bilet üçin pul çykaranda gaçan bolaýmasyn?! Sürüji ony howlukdyrypdy. Ogulbibi eje-de howlukma bolanok. Howlukdyrsalar aljyraýar. Pulunyň ýitenini ol iki ýigitden görjeginem, awtobusdan düşjek bolanda gaçyranynam bilmän kösenýän Ogulbibi eje aýdara söz tapmady. – Ol iki ýigit jadygöý bolaýmasa senden pul alyp bilmez, sebäp senden büre sypsa-da, pul sypmaz – diýip, Öwez aga kesgitledi. – Seniň gapjygyň eliňdedi ahyryn. – Hawa, elimdedi. – «Elimde» diýmek – demir seýfiň içinde diýmek. Sen puluňy gaçyransyň. – Gaçyraýdymmykam? – diýip, Ogulbi bi eje böwrüni diňledi. – Aý, ýok, muňa-da ynanyp biljek däl. Kimden gaçsa-da, senden pul gaçmaz, keýwany. – Wah, eger-eger kelläme saňsar daşy degen ýaly-da, hiç oýlanyp ýetirip bilemok. – Nirede goýanyň ýadyňa düşýän däldir. – Wah, men gapjygyň içinden pul çykarmasam näme?! – Ogulbibi eje gözlerini süzüp, oýa batdy. – Arslan ýerçekendenem göwnüm garalman duranok. – Bukara ol nädip girýär? – Wah, ol haýasyz öýe girdi-dä. – Gelende näme? – Alla bilýär onuň näme edip, näme goýanyny?! Her bir hereketini synlap durup bolýarmy näme? Içgili erkeni özem. Şondan her zat çykar. – Ine, munyňa «Hä!» diýjek. Ejesiniň gürrüňini diňläp ýatan Merjen dyňzap gelen gözýaşyny saklap bilmedi: sojap aglamaga başlady. Muňa her kim özüçe düşündi. Eger şu dert-alada bolmadyk bolsady, Öwez aga-da, Ogulbibi eje-de gyzyny Arslana rowa görmezdiler. Itiň hory bolup ýaşaýan, entek bir bişen kerpiçden jaý-beýlekem gurup bilmedik Arslanyň hossarlaryny olar öz deňleri saýmaýardylar. Diýenleri bolsa gyzlaryny has barjamly, daşarysy-içerisi gurat bolan derejeli ýere çykarmakçydylar. Emma Merjen edil dogalanan ýaly bolup, diňe Arslan diýip durdy. Ene-atanyň bolsa bu ýagdaýda gyzynyň göwnüni görmekden başga çäreleri ýokdy. Ýiten puluň Arslandan görülýändigini eşiden Merjeniň horkuldap-horkuldap aglamasyna Ogulbibi eje-de, Öwez aga-da oňaýsyz ýagdaýa düşdüler, gyzynyň göwnüne degendiklerine düşündiler. Öwez aga aýalyna närazylyk bilen äňetdi. Olar näme etjeklerini, gyzyna näme diýjeklerini bilmän kösendiler. Ahyry-da Öwez aga erk-ygtyýaryny jemlemeli boldy: – Hany, goýuň indi şu gürrüňi. Ýiten pul bolsun! «Başyma geleni sowsun» diý-de, sadaka aýt içiňden. Taparyn men ýene . Karz-kowal alaryn. Hudaýa şükür, bizem ýeke däl. Gürrüň pula galsa, bir hasaby bolar. Şonuň bilen gürrüň tamamlandy. * * * Merjeniň haly gün-günden beterleşýärdi. Öňler turmaga ýaramasa-da, käte enaýyja ýylgyraýmasy bardy. Indi şol ýylgyryşam galdy. Horlukdan ýaňa gözleri içine çöküpdi. Hamy süňküne ýelmeşäýipdi. Mundan beter horlanmak mümkin däl diýdirse-de, ýene gün-günden gurap barýardy. Ol ala gözlerini petige dikip, doňan dek ýatýardy, ne gürleýärdi, ne bir sowalyňa jogap berýärdi, ne-de bir zat soraýardy. Ogulbibi eje gyzynyň nämedir bir zat diýmegini isleýärdi. Ol nämedir bir zady höwes etsedi, bir zada güýmensedi, onuň derdiniň ýeňilleşjegini bilýärdi. Halap barmasa-da, indi Arslanyň gelip-gitmegine-de kaýyl bolupdy. Dert agyrdy, onuň garşysyna durara bir adamyň güýji ejizdi. Indi diňe Merjen däl, Ogulbibi ejäniň özem göwünlik isleýärdi, kimdir biri gapdaldan goltgy berse, kem görjek däldi. Ol gyzynyň ýanynda Arslan barada diýen sözüni welin nädip ýuwmarlajagyny, teý, bilenokdy. Ýogsam ol ähli zada kaýyldy. Goý, ol doňuz serhoşluk bilen şol puly alanam eken-dä, muny bilmezlige salmak, hatda bagyşlamagam mümkindi. – Gyzym, göwnüň näme isleýär? – diýip, Ogulbibi eje indi, gör, näçinji gezek soraýar. – Hiç zat gerek däl, eje – diýip, Merjen öň ençe gezek gaýtalan sözlerini ýene ýaltanman aýdýar. – Ýaňy sawçylaň geldi, gyzym... Merjen ejesiniň ýüzüne gözlerini süzüp seretdi: – Agyr zat diýme olara. – Wah, ýok-la, aýdýanyň näme, gyzym?! – Agyr zadam salma, eje, bolýamy?! Olaryň eli ýukadyr. – Wah, jan balam, zat niräň gürrüňi... Toýy özüm ederdim. – Ogulbibi eje ýüzüni gyzyna görkezmejek boldy. Birhaýukdan özüni dürsäp, mylaýym dillendi. – Olar aýdýa: «Toý bir gowy zat. Toýa başlasak, Merjen jan sagalar ötägider» diýýärler. – Häzir gyssanmasynlar. – Menem: «Siz «Gyz gerege – tiz gerek» edýäňiz diýdim. Olar aýdýa: «Ýagdaýyňyza düşünip durus, ýöne Arslan günümize goýanok» diýýärler. Merjen ýene petige seretdi. Özbaşyna seslendi: – Düşünäýmel-ä... – Gowusyny etjek boluşlarydyr olaryň. Arslan, göz degmesin, ýaman ýigit däl. Merjen ýuwdundy: – Eje, Arslan arassa ýigit. Ol ogurlyk etmez! – Kim oňa «ogry» diýdi, gyzym?! – Diýmeseňizem, şeýleräk pikir boldy sizde. – Wah, akyly çaşan ejeň sözüne üns berme, gyzym. Sen perzendiň derdini çekip göreňok. Meniň derdimi Alla hiç kimiň başyna salmasyn! Merjen gaýtargy berip bilmedi. Ol ejesiniň ýagdaýyndan habarlydy. Onuň gijeler aglap çykýanyny-da bilýärdi. Alladan dileg edýänini, öwlüýälere sygynýanyny, her bir tebip men diýeniň sözüne ynanyp, aýagyna ýykylýanyny-da bilip ýatyrdy. Emma Merjeniň bulara hem özüne deramaty ýetmeýärdi. Ol nähilidir, ejesiniň derdini ýeňilleşdirjek bolup, ýene Arslana ýüzlendi: – Bilýäňmi, eje, men nämä begenýän?! Ýanymda Arslanyň baryna. Eger ol bolmasa, meniň ömrüm manysyz bolardy. Meni Alla gadyrsyz goýmandyr, ol gowy ýigit, eje. – Heý, Arslanam ogurlyk edermi?! Men başda pulumyň ýitenine aljyrap aýtdym goýberdim. Mende huş barmy näme? Arslan ýaly gowy ýigit tapdyrmaz. Ýiten puluň pikirinem etme, gyzym. Kim ogurlan bolsa, goý, onuň ýasyna ýarasyn hernä! Başga näme diýeýin? Halalja pulumyzdy. – Kime gargynýaň, keýwany? – Öwez aga işden geldi. – Kime bor öýdýäň, pulumy ogurlan näletkärde gargynýan. «Ýasyna ýarasyn» diýýän. «Halalja pulumyzdy» diýýän. – «Arslan ogurlandyr» diýmediňmi näme? – Arslan alan däldir, kakasy. Seniň diýýäniň näme?! Arslan onuň ýaly peslik etmez. – Arak içýänden her zada garaşyber. Olarda messep bolmaz. – Beý diýme, kakasy. Soňky döwürde ol zährimary agzyna almadyk barmy?! – Onda kim alsyn puluňy?! «Öýe getirip sanadym» diýmediňmi näme. Ony pişik iýipmişmi? Öýde Merjen ikiňizden başga adam ýok ahyryn. – Men alamok. – Merjen aljyraňňy gürledi. – Goýsaňyzlaň, kakasy. Merjen jana onuň ýaly mojuk söz aýtmaň. Heý, Merjen jan beýle iş edermi? Puly awtobusda galdyrdym. Indi ýadyma düşýär, pul tölejek bolup, gaçyran bolmaly men ony. – Keýwany, saňa-da düşüner ýaly däl. Haýsy sözüňe ynanmaly seniň? – Soňky aýdanyma ynan. «Güman imandan aýrar» diýipdirler. Şol pul diýip biz adamçylykdanam çykyp barýas öýdýän. * * * – Näme üçin: «Kişmişim!» diýmediň? – Kişmiş onsuzam gurap galan zat. Sen – üzümim! Saňa üzüm diýjek. Özem montyja üzüm sen. Ogulbibi eje gyzy aýna ýüzüni öwrüp samrap ýatandyr öýtdi. Käte ol halys ysgyndan düşende öz-özi samraýardy. Emma häzirki bolşy samrama çalymdaş däldi. Gürrüňi örän akylly-başlydy, üstesine-de, daş ýüzden ýene bir erkek adamyň sesi-de eşidilýärdi. Ol ýuwaşlyk bilen ýerinden galdy. Emma gyzynyň sesi ony aýak çekmäge mejbur etdi. – Gel-dä, beýleden. Näme gaçyp ýörsüň? – Ejeňden çekinýän. Men oňa söz beräýdim-dä: «Indi gelmäýin» diýip. – Diýeniňde näme?! Hany, şol gaýtalaýan sözüň? – «Erkegiň sözi müň bolar» diýenimmi? – Hawa, şol akylyňa eýeräýerler. – Aý, ejeňi ynjytmaýyn. Onsuzam aladasy ýetikdir özüne, men bir azar bermäýin. – Senden bize azar bolmaz. Gaýta, biziň azarymyz saňa ýetýär. – Beýle diýme, Merjen. Heý, seniň azaryňy men ýüksünerinmi?! Olar dymdylar. Bu süýjüligi bozmaga Ogulbibi eje ýürek edip bilmedi. Olaryň gürrüňini diňlemegi özüne peslik bilse-de, ondan gulagyny aýryp bilmedi. Olardan bir hoşluga, nähilidir ýeňillige garaşýardy. – Meni köp garaşdyrýaň, üzümim – diýip, ýene Arslan dillendi. – Çäräm ýok, men ýaşamak üçin, elimden gelen zadyň baryny edýän, Arslan. – Sen ondanam artygyny et. – Ine, eşidersiň, meniň nämeler edenimi, ýöne ölenimden soň. Haýran galarsyň meniň ýaşajak bolup çytraşanyma. – Sen beýle agyr sözi aýtma! – Meni diňle, Arslan. Meniň ýeke mümkinçiligim – gürlemek. Şol mümkinçiligimem sen bir elimden alma. – Bolýar, meniň monty üzümim, arkaýyn gürläber. – Saňa ýüregimdäkini aýdaýyn. Indi aňýan, men sagalmaryn. Sagaljak bolsam, bäş aýlap keselhanada ýatanymda sagalardym. «Däri-dermanyny öýünde içibersin» diýip keselhanadan ugratdylar. «Öýünde ölsün» diýmek bu. Men seni nähak özüme bagladym. Ejemiň aýdyşy ýaly, şol başda ýüzüňi dalap kowup goýbermeli ekenim. – Kowanyň bilen gidiberjek Arslan barmy?! – Giderdiň. Näme gitmän, ýüzüňi dalasam ýa kemsitsem, giderdiň! – Onyň dogry, kemsiden bolsaň, golaýyňa gelmezdim. – Ine, indi diňle. Men seni nähak özüme baglaýan. Men seni begendirip bilmen, diňe garabagt ederin. Bu derdiň talaby şeýle. – Onda senem meni diňle, Merjen. Men seniň keseliňe öňräkden ýolukdym. Eger ýetseň, sen meniň perizadym bolarsyň. Eger... – Hawa? – Aýtmaýyn. – Aýtmasaň, senden gaty görerin! – Bolýar, boýun alaýyn. Eger perizadym bolmasaň, sen meniň hüýrüm bolarsyň. Depämiň täji bolarsyň. Ynan, mende soňky günlerde şeýle bir pikir döredi: Merjenimi bir gezek bagryma bassam diýýän. Soňundan ölmäge-de kaýyl men. – Men seniň şu sözüne garaşdym. Ony özümiň aýtmaga gaýratym ýetmedi. Men seniň hüýrüňdirin. Şu yhlasyň üçin, o dünýäde bar hyzmatyňy ederin... – Kim bilen gepleşýäň, gyzym? – Mundan artyk saklanyp bilmedik Ogulbibi eje ýerinden galdy. – «Kim bar ýanyňda?» diýýän? Merjen sesini çykarmady. Onýança-da o ýüzden Arslanyň sesi eşidildi: – Men sygyraryn, üzümim. Meniň sykylygyma başyňy atgyn. Ogulbibi eje gyzynyň ýanyna gelende, o ýüzde hiç kim ýokdy. * * * – Keýwany, şu ýakynda göwnüňde kimdir birine ýagşylyk etmek bar bolsa, meni naharla. Özem nahary Merjen janyň ýanynda iýjek. Şu günkim ýaly hiç mahal ajygyp göremok. – Iýjegiňiz nahar bolsun! – Ogulbibi eje süňňüýeňillik bilen aşhana ugrady. Nahar bişirişinden onuň mydama göwni hoşdy. Adamsyndan iň öwgüli hem taryply sözleri bişiren naharynyň ýüzünden alýardy. Sähel salymdan Merjeniň ýanyndan saçak ýazyldy. Onuň üstüni iýr-iýimşden, ak-gökden doldurdylar. Aňrysy zat almasa-da, ejesidir kakasynyň yhlasyny syndyrmajak bolup, Merjen çörege elini ýetirdi. Ýaňy bir nahara başlapdylar welin, daşardan biri yhlas bilen sygyrdy. Ogulbibi eje göz astyndan gyzyna seretdi. Merjeniň ysgynsyz bedenine kuwwat gelen dek boldy. Ol diňşirgenmäge başlady. Sykylyk gaýtalandy. Merjen kakasynyň bir zat diýerinden ejap edýän ýaly, çalaja baş atdy. Sykylyk ýene gaýtalandy. Merjen ýene baş atdy. Onuň ýüzünde birgeňsi ýylgyryş peýda boldy. Onuň ýylgyrmasyna Ogulbibi eje begenmek begendi. – Bimahal wagt sygyrýan bu biedep kimkä? – Bimahal däl, aýny wagty, kakasy. – Ogulbibi eje begenjini içinde ýaşyryp bilmedi. – Pasylyň şu döwründe oglanlar sygyrar, gyzlar baş atar. – Biz-ä ugrama sygyrylýanyny senden eşitdik. – Kakasy, senem ýaşkaň az sygyran dälsiň! – Biz sygyrsak, ýönelige sygyrmazdyk. – Bu sygyrýanam ýönelige sygyrýan däldir, kakasy! Sen çöregiňi arkaýyn iýiber. Nämäniň nämedigine Öwez aga düşünen bolarly, ol başyny galdyrman, nahary bilen boldy. Merjeniň işdäsi açyldy. * * * Gün geçdigisaýy Merjen tapdan düşdi. Kesel öýdäkileriň, köçede şöwür çekýän Arslanyň yhlasynyň ýüzüne urdy. Öwez aga-da, Ogulbibi eje-de kysmatyň agyr çözgüdine kaýyl bolupdylar. Merjeni gelen-gideniň gözüniň astyndaky naýynjar bolup ýatmakdan halas etmelidi. Onuň indi özüni dürsäre, açygyny örtüp, aýybyny ýapara mejaly ýokdy. Onuň perişanlygyny gelen-gideniň görmezligi üçin, törki otaga geçirmegi makul bildiler. Ogulbibi eje içki otagdan gat-gat edip düşekçe ýazdy. – Gyzym, seniň aýdanyňy etdik. Seni özbaşyňa – aýratynja, törki jaýa geçireli diýdik. Hany, diklen – diýip, ol gyzynyň şamar saçyndan sypalady. Gyzynyň garysyna galmagyna tekge berdi. Ol gyzyny içki jaýda ýatyryp, onuň düşegini ýygnamaga geldi. Goşa ýassygyň aşagyndan ýüzlük pullar pytrap gitdi. Ogulbibi eje ýitiren pullaryna ýylan gören ýaly tisginip seretdi. Gözlerine ynanman, haýygyp, yza tesdi. Merjeniň ejesi depesinde direnip durdy. Merjen soragly nazaryň öňünde ejiz geldi. Onuň gözlerinden paýrap ýaş döküldi. – Gyzym, pul gerek bolsa, aýdaýmaly ekeniň-dä! Men saňa janymy bermejekmi?! Merjen agysyny goýup bilmedi. Ahyry tapdan düşüp köşeşdi. Günäli başyny ýaýkady. – Eje, «Ogrulara hiç zat bolanok» diýdiň-ä. Iň soňky umydym... Daşardaky sykylygy içerdäkiler eşitmedi. 1992 ý. Osman ÖDÄÝEW. | |
|
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Ýazyjynyň durmuşyndan bir parça / hekaýa - 25.11.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |