09:05 Iñ uly şeýtan Berlinde ýaşaýar! |
IÑ ULY ŞEÝTAN BERLINDE ÝAŞAÝAR!
Injil boýunça ýörite hünärmen Adela Kollinz iñ uly şeýtanyñ Germaniýanyñ paýtagty Berlinde ýaşaýandygyny öñe sürdi.
“Biblical Archaelogical Review” atly žurnalda öz pikirini beýan eden Kollinz XIX asyrda Türkiýäniñ Bergama şäherindäki gadymy Pergam şäheriniñ harabalyklarynda gazuw-agtaryş işlerini geçiren nemes arheologlary tarapyndan ogurlanyp Berline getirilen Zews altarynda ("Пергамский алтарь") iñ uly şeýtanyñ (Azazylyñ) suratynyñ bardygyny aýtdy.
■ Şeýtanyñ täji
Ybadathana diñebir haýwanlaryñ gurban edilmegine niýetlenmändigini ýañzydan Kollinz "Bu ybadathanada medeniýet bilen warwarlygyñ çaknyşygyny görmek bolýar" diýdi. Amerikaly taryhçy Zews altarynyñ ýüzündäki aždarhadyr ýylan suratlarynyñ şeýtany we onuñ sülsadyny alamatlandyrýandygy aýtmak bilen öz öñe süren pikirlerini delillendirmek üçin Isa pygamberiñ ölüminden 100 ýyl çemesi wagt geçensoñ onuñ hawarisi (egindeşi, sahabasy) Ýohanna tarapyndan ýazylan Injiliñ "Aýdyñlanma" bölümine salgylandy.
Professor Kollinz "Aýdyñlanma" bölüminde bergamalylara duýduryş hökmünde "Iki tarapyñam kesgir gylyç. Seniñ nirde oturanyñy bilýärin. Şeýtanyñ täji nirde bolsa senem şol ýerdesiñ" diýen jümläniñ bardygyny öñe sürdi. Kollinziñ pikiriçe "Ýohannanyñ habar berşine görä Şeýtanyñ täji iñ gözel künjek bolan Bergama ybadathanasyndadyr".
Şeýtany bir gapdala goýalyñ we habary arheolog diýilýän, taryhçy diýilýän kümsük ogrulardan alalyñ. Daşary ýurtly añsat baýamaga çalyşýan her tüýsli ogry-jümrüleriñ ýa-da jansyzdyr içalylaryñ taryhçy, etnograf sypatlaryna girip baran ýurtlarynyñ gymmatly taryhy tapyndylaryny, edebi gymmatlyklaryny, gymmatly taryhy kitaplary, altyn-kümüş şaý-sepleri, antikwar halylary, hatda tohumlyk ahalteke bedewlerimizi öz ýurtlaryna daşandyklary barada ýokarky Bergamaly wakany agzamanymyzda-da, näçe diýseñ faktlar bar. Bu gün Ýewropanyñ we Amerikanyñ dürli muzeýlerinde we kitaphanalarynda saklanýan şol gymmatlyklar muña aýdyñ mysaldyr. XX asyryñ başynda Orta Aziýa aralaşan iñlis jansyzlary watanlaryna dolanansoñ edinen oljalaryny satyp tütjar baýa öwrülipdirler. Bular ýaly faktlar türkmen ýazyjylarynyñ eserlerinde hem az gozgalmady. Ussat ýazyjy Sapargeldi Annasähet Iner oglynyñ "Ygrar" romanynda hereket edýän mister Horşid şeýle obrazlaryñ biridir.
Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.
Geň-taňsy wakalar
|
Категория: Geň-taňsy wakalar |
Просмотров: 682 |
Добавил: Нawеran
| Рейтинг: 5.0/1 |
Awtoryň başga makalalary
Geň-taňsy wakalar bölümiň başga makalalary